09:55 Çarh / 1-nji kitap -19 | |
• Watan sary öňe!
Taryhy proza
Hawa, başda aýdyşymyz kimin, tekeler Hywa göçüp baranlarynda olaryň esasy köpçüligi ilki şäheriniň 3 çykarym namaz ugrunda Düýesyçdy gumundan başlap, maljanly adamlar bolansoňlar, öz islegleri boýunça, tä Ysmamyt ata gonamçylygyna deňiç gumuň ýakasynda-kölleriň gyrasynda gyrak-çeträklerdäki ata-baba boş ýatan ýerlere ýaýraýarlar, otluk-suwluk ýer bolsa – olara bes. Tekeler han-begli taýpa, şonuň üçin kim nirede düşlemeli, haýsy öri kime degişli ýaly meseleleriň üstünde hiç hili dawa-jenjel turmazdan, ähli ýerler imisala paýlaşyldy, her kes öz hakyna kanu. Olaryň bir agza bakyp bilýänligine, agzybirligine ýerli milletem begendi. Çarwalar özlerinden beter mallarynyň gaýgysyny edýär, mala ýaran – özlerine-de ýarar. Öz ýöredýän hünärlerine, söwda-satyklaryna gabyl hasaplap, Hywa döwletiniň başga oba-kentlerinde düşlänlerem kän. Olaryň giň ýaýrawda pytramaklaryna garşylyk görkezilmändir. Baran ýyllary Hywa hanydyr ilaty tarapyndan ylla, öz doganlary – biri-birleri ýaly köp kömek-ýardamlar berilýär. Olara halan ýerlerinden ýurt tutmaga, islän gurluşyklaryny gurmaga rugsat-ygtyýar berýärler. “Müňelen – Käbä”, tekeleriň Käbesi – Garagum çöli. Bir ädim – bir ädim, ýuwaş-ýuwaş süýşüberdiler ata Watanyň jümmüşine tarap, “Gyrmyldan gyr aşar” diýip. Hawa, ýuwaş-ýuwaşdan, çünki, seniň howluganyň heniz ýeterlik däl, wagt diýilýän zadyňam ýagdaýlara görä öz tizligi bar, wagtam öz kelebini çolap-sökläp, wakalaryň amala aşmaly müddetine ýetmeli, herki işiň öz möwriti bar. Kem-kemden tekeler Ýylanlydyr Köneürgenç aralygyndaky Täze Wasa süýşüp barýarlar. Wasyň bir gapdaly aňrysyna göz ýetmeýän gumluk-giňişlik, ýagny çarwalara mallaryny bakmak üçin amatly. Wasyň ummasyz giňişligini göz öňünde tutup, hamala, kyýamatahyrda hemme musulmanlar şol ýerde jemlenişmelimiş diýip, gürrüň edýärler. Ine, şol diýilýän ýere tekeler-ä doldular. Emma olar üçin Was kyýatahyr-ahyrzaman däl-de, bismilla diýip, düýp mesgene dolanmak üçin ädilýän mübärek başlangyç gadam, owwalky örk. Ata-baba şejerleriň göbek ganynyň daman, baky uka batyp, gujaklap ýatan diýarlarynyň başlanýan nokady, köp ýyllaryň aýraçylygyndan soň, bagtyň işläp, dolanyp gelip, Watan topragynda ýüzün ýatyp, guçup, öpülýän, ganly ýaşalryňy seçeläp, tozuny gözüňe sürtülýän ýer. “Haýyr etseň, bitin et!” diýip, Şirgazy han tekeler Wasa göçüp baransoň, döwletiň hasabyndan uly çykdajylar edip, birnäçe gazy gazdyryp, bol suwlary eltipdir, hem-ä mallary suwa ýakar ýaly, hemem ekerançylyk üçin. Durmuş bu çarwa halka öň ekerançylygy hem öwredipdi, indi görmeli zatlary däl. “Gedaýçylyga-da gurp gerek” diýlişi ýaly, daýhançylyga-da maýa gerek. Bir göç – iki talaňdan gelýän garyp millete Şirgazy hanyň permany bilen azda-kände harajat ýardamy hem berilýär. Işiň abyny-tabyny alýançalar ýerli milletiň işewür adamlarynam tekeleriň ýanyna goşupdyrlar. Esasy ekinleri gowaça. Hasyl ýygnalansoň, önümiňi satmak hyllalla däl, Hywa döwletiniň özi daýhanlaryň üstüne baryp satyn alýar, düşýän puluňy eliňe ýeke-ýeke sanap berýär. Birki ýylyň içinde tekeleriň ezeneginden galdyrylana döndi, garyplykdan-gallaçlykdan ýaňa lagar düşen hojalyklaryny galyndyrdylar. Tekeleri iki beglige böldüler, begligiň işini ýöretmelem özleri, kimi haýsy wezipä belläsleri gelseler, saýlabermeli. Beg, wekil, serdar, kazy, atalyk, onbegi, töre-aksakal, mirap-müşrüp... Iki taraplaýyn dostlukly gatnaşyk, edenleri ugruna düşüp, mal-garalary, ekinleri bolsady eken ýaly ýagdaýda ep-esli ýyl bol-elinçilikde ýaşasalar-da, soňa baka olaryň günemalary kem-kemden juda ýaramazlaşyp ugraýar. Bu pese gaçmanyň mesaňa-göze görnüp duran sebäbi kän, ilki bilen-ä Wasyň suwy azalýar, azalar-da, betniýetlik bilen düýbünden bogsalar, ýaplar arçalmasa, suwsuz ýabam kim arçajak – gury emgek. Ýurduň syýasatlary üýtgeýär, salgytlar artýar. Hywanyň hany häli-şindi tekeler bilen ilki-başky baglaşan şertini-ähtini syndyryp dur. Beýle har düşülen ýagdaýda her kimiň işden-güýçden eli sowaýar, zähmet çekýän bilen işlemeýäniň ýagdaýy-aratapawudy deňleşýär, işlediňem bir, işlemediňem. Ahyrynda-da Wasyň suwlary çekilip, gurap-tozap galýar. Suwsuz ýerde-de ýaşaýyş ýok. Tekeleriň arasynda närazyçylyk artýar. Öň hiç hili gürrüňe goşulman, hatda diňlemäge ýaramaýan düňlelere deňiç etden ötüp, süňke ýetensoň, nalajy ýagdaýda dil çykarýar. Ýogsa nä, her kim agyryly ýerini tutar-da! Çärýek asyr ýaşalan mekandan indi najadyňy garamaly wagty ýetdi. Öň “Eger döwlete arkasyny diräp, emeldarlar halkdan para ýygnaýan bolsalar, onda bize şeýle döwlet gerekmi?” diýip, häkimiýet başyna geçensoňam şol para-peşgeşiň çür depesinde oturan Şirgazy hanyň gözi gyzardy. Köşke ýygnanýan emeldarlaryň içinden öz ornuna dalaş edýänleri çaklap, assa-ýuwaşdan ýoguna ýanýardy, bahana gytmy, näme diýeniňde bolmaýar? Ilki aýdýan sözüne yrsaraýar, soň eden işinden kem tapýar, köpçüligiň içinde ençeme gezek agzyndan gelenini diýip, sögünýär. Soňam näme – zyndan. Ýat gözüňi zäk ýaly et-de, tä çüreýänçäň çykjak miltiň ýok, sebäbi saňa ýöňkelen günäler bäri-bärleriň çeni däl. Şolar ýalylaryň birem özünden öňki Şanyýaz hanyň ogly Ilbars. Ol 16-njy asyrda Hywa döwletiniň düýbüni tutan Ilbarsyň ady dakylany, ol Ilbars ikinji diýlip tanaýar. Onuň hem-ä öz kakasynyň ornuna ymsynýan bolmagy ahmal, hemem ol juda içimtap, kalbyndaky niýetini daşyndan aňjak miltiň ýok, ýeke gezegem Şirgazy hanyň gözüne dikan seredenok, mydama ýüzüni aşak salyp durýar. Türkmenleriň “Ýere bakandan gork!”, “Ýere bakandan ýer gorkar” diýen nakyllaryny Şirgazy hanam bilýär. Şonuň üçin Hywa hany Ilbarsdan garaçygynyň didiwanyny başga ýana sowanok, bir bahana bilen öldürdip, onuň ýoguna ýanmak üçin, ýer astyndan amatly pursat peýläp ýör. Şirgazy han öz başyna ne bela inse, köşke – öz töwergine ýygnanýan sülsatlardan, öňünde bükülişip duran, agzy senaly ýaranjaňlardan geljegini aňýar. Ylaýta-da, Ilbars howuply. Özüniň pitige mündüriljek bolýanyny, gönüläp aýdylsa, dar agajynyň syrtmagynyň boýnuna atyljagyny Ilbarsam duýýar, “Şir balasy şir bolar” – olam han ogly, içinden ot bilen ýalyn geçen, müsmüinsokarlyk ganynda bar, her zat edýär, atyny oka salmazlyga çalyşýar. Eden işine – müti, agzy – mumly, başy – aşak, hatyrjem. Otursa-tursa, Şirgazy hany magtaýar, onuň adyna alkyş aýdýar. Ýer astyndan welin... Ilbarsam, Şirgazy hanam gowy düşünýär, kim öňürdip, garşydaşyny gelmez ýola gönderip bilse, köşkem-tagtam, tylla täjem, han gaznasam, elbet-de, şoňa degişli. Gijä galan günäni özünden görsün. Köwşüň apgyrdyna basyp gezseň, erteki gün burnuň maňkasyny ýeňiňe çyrşap ýörjek özüňsiň. Dogry, öňürtmek Şirgazy han üçin itiň aňsady, näme diýip, aýp ýöňkände, gelişmeýär? Ýöne ol pişigiň tutan syçanyny sypdyran bolup, oýun edişi deý, Ilbarsyň gorky astynda dygdanaklap-gorkup ýaşamagyndan özüçe lezzet aldy. Süýji-süji iýmäniň ajy-ajy gägirmesiniň barlygyny welin, deslap ýadyndan çykardy. Şirgazy han üznüksiz söweşler alyp baryp Hywany guldur-gyrnakdan gyra-gyrma doldurypdy. Ilbarsyň ynamdar gizlin adamy bar, şol gullar bilen garynja gatnawly, yzygider aragatnaşyk saklaýan, olam “Eger siz köşke çozup, Şirgazy hany şakgalasaňyz, ornuna geçjek han günäňizi geçip, hemmäňize azatlyk berýär, öýli-öýüňize gaýtmaga rugsat berýär” diýip, assyryndan gullary pitnä taýynlap ýör. Köşke çozuşlygyň haçan amala aşmalylygyny Ilbarsyň özi duýdurmaly. Ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de, bilýän Şirgazy han bu dildüwişigi aňmady, özüni gel-gel el-aýagy gandally biçäre gullar öldürer diýip, hergiz kellesine getirmedi. Bela welin hemişe diýen ýaly garaşmaýan, güman etmeýän tarapyňdan gelýär. Dost bolup, dogan bolşup ýörsüň welin, ine, birden geň ýagdaý ýüze çykýar oturyberýär, derýanyň suwy yzlygyna akmaýar, adam diýeniňde beýle däl, alýar-da ters tarapa tutduryberýär Şirgazy han birden ýeňsesini tüňňerdip ugrady, ne sebäpden, näme üçin? Özi dil ýaraýmasa, biljek gümanyň ýok, kölegesinden öýkelän ýaly bolup ýör, syrty bilen salamlaşýar. Belli bir gep aýdanogam, diýenogam. Otur onsoň içiňi hümlet-de, näme etdimkäm diýip. Her hili betgümanlyk göwnüňe gelýär, assyryndan töhmet atýan barmyka? Kimkä ol? Näme tosladyka? Arada gep gatnadýanlayň ukyb-a zor, olar dogany dogana, dosty dosta duşman edip bilýärler ýeke agyz söz bilen. Olar hana haýyr bolsun diýip edenoklar, onuň ýüregini çişirip, şol pursadam özleriniň bet pygyllaryny amala aşyrýarlar, olar üçin şeýle pursat gerek. Ýöne Şirgazy han tekeleri bu gün tanamaly däl, gepe-de gitmeli däl, mesele başga zatdadyr. Sylaşyk iki tarapdan gerek, han ýüzüni öwürse, tekelerem üstüne sürnüp-atalap durmadylar, çagyrylsalar-a, barýarlar, geňeş soralsa-da, bildiklerini aýdýarlar. Döwletmämmet Düýegöz bu ýagdaýy özüçe çözdi, gelen netijesini ýoldaşlaryna-da aýtdy: --Sebäpsiz däldir, emmasy bardyr, hanyň päli azýar, bir pohgömdüjilik etmegiň netinde ol, eşek näzini satyp, halymsyran bolsa, bizem öňünde büküler, arany sazlamak üçin, näme diýse kaýyl bolarys öýdýär. Görüberýäris. Etsin, bakaly, her kim eder-eder, özüne eder diýilýändir. Ýigitleriniň biri söze goşuldy: --Aýtsa-da nämeden küsügip-bulanýanyny! Bilsek-dä. Han halky açyk bor-da, ýer astyndan işlemesin-dä, gömülgene meňzäp. Iki jahan awarasy edip goýdy bizi. Küşt oýnanok-a biz bilen, näme çöçjegini aýtmaz ýaly. Içine salyp ýörmegi ýüreginiň biziňki bilen deň urmaýanlygyny görkezýär. --Hanym, o tetellileriň bir ýaragy içimtaplyk, igledip alaryn öýdýär, ol aýtmasa, wagt aýdar. Güni-sagady belli däldir, üsti açylar. --Düýegöz aga, han aýal ýa oglan-uşak däl-ä, näzirgär ýaly, aýtsyn-da pylan-pismidan diýip. Ýene biri söz gatdy: --Ýa biri bizi ýamanlaýdymyka? Kimkä ol? --Kim näme diýse-de, bize gyzygy ýok. Hany öz kellesi? Ýogsa-da, diýenem tapylar, aýdanam. Gepe gitse, öz günäsi. Aldanasy gelýändir. Emmasy bardyr... --Emmasyny bilsek-dä. --Emmasy şol – şalykda, hanlykda-beglikde, başda perişde, soňlugy bilen aždarha öwrülýärler. Guýrugyny çapanyň haýry ýok, ýene täzesi çykýar. Döwletmämmet Düýegöz han ýene bir zatlar aýdaýjak ýaly etdi-de, soň iki elini serip, oňdy, ýöne ahyry ýüp syryldy, toýnukdan geçdi, hanyň ne sebäpden guýrugyny bulany belli boldy, uruşlardan-çozuşlardan işi rowaç alan Şirgazy han alanyny az görüp, nebsini şagladyp, her bahanalar bilen ýomutlaryň, ärsarylaryň üstlerine-de çozuşlary ýola goýýar, maslahatda Döwletmämmet Düýegöz Şirgazy hanyň bu niýetine düýpgöter garşy çykýar: “Heý-de, öz raýatyň üstüne goşun sürlermi? Salgydyňy töläp durlar, aýdanyňdan çykanoklar, ne sebäpden çozjak üstlerine?” Han tekelerden öňküsindenem beter öýkeleýär, baýaky endik boýunça birküç gezek geňeşe çagyrsa-da, barmysyňyz, geldiňizmi ýok, ýüzüni kese sowup, ary köýen ýaly, kän bir pitwa bermeýär. Şeýlelikde, aralar gitdikçe sowaşýar. Han ýüzüni sowsa, beýlekilerem terse öwrülýärler, soňlugy bilen tekeler “Saňa bäş bolsa, bize ýigrimi bäş!” diýip, geňeşe barmasynam goýbolsun edýärler. Herhal, çiglik goýbermäýin, matlabymam beýan edeýin, özi bilen deň bolmaýyn diýip, şu ýoluňdan gaýt diýip, Döwletmämmet Düýegöz ýöriteläp ýanyna baryp, Şirgazy hana aýdybam gördi, onuň bu sözem hana ýaranok, dogry söz hiç kime gerek däl bolarly. “Dost gepini senden eşitdim” diýmeden geçen, gaýta türkmen gojasy bilen arasyna hiç doňy çözülmejek sowuklyk düşürdi, dogry söz beýle ýokuş zatmyka? --Dogry, biz tekeler sizi tutunyp geldik, siziň edim-gylymlaryňyza-da boýun. Ýöne türkmenleriň üstüne gan döküşikli çozuş etseňiz, onda biziň ýolumyz aýrylyşýar. --Jigitleriňiz durar-a sapymyzda? Öňki şertimiz-ä şeýledi. --Tekelerden bir esgerem bermeýäs. Doganyň dogana eli galmaýar. Ine, däliden dogry habar. --Onda najadyňyza gararsyňyz-da. --Awçyň dony dyzyndan! Başa herne gelse, biz kaýyl, atlarymyzyň guýrugy düwülgi. Indi Şirgazy han ýaýallady, şu müddet säginmese, ula turjagyny aňdy, ýene syrly dymmak usulyny saýlady, ýeňsesini tüňňerdip oturyberdi, tamam diýildigi şol. Ýerem almaýan, ýerde-de ýatmaýan dogry sözden otdan gaçan ýaly gaçyp, Şirgazy han ahyrynda ajalynyňam üstünden bardy. Tekeleriň üzül-kesil garşy çykmagyna seretmezden, Hywa hany lebaply, şabatly türkmenleriň üstüne ençeme sapar gan döküşikli çozuşlar edýär. gul-gyrnak edip, müňlerçe adamlary sürüp getiripdir, olaram näme, pursat arap ýatar-da. Belanyň körügi diýen söz bar, Şirgazynyň Hywa han bellenmegnde onuň alym-berime ökdeligi sebäp. Öň ýer astyndan alyp bilen para-peşgeşini ýygnap, birneme gorlandy, soňam han bellenşikde degişli ýerine emledi – lükgeje. Hana, han! Ýöne öwrendikli gylygyny hanlyga baransoňam örkläp bilmedi, aşagyndakylardan alyberdi, şeýdip şäherde alym-berim rowaçlanyberdi. Güýç güýç ýeteniňki, gowurga dişliniňki, emel ýeten-ýetmedigiň her haýsy el ýeten ýerini goparjakdan, kirt etse, kireýli diýilýäne bardy, parasyz-peşgeşsiz bir işem bitenok. Ululardan başlap çagalara çenli, baýlardan başlap gullara çenli, baryň-ýoguň diňlenenok, ýer ýykmaly, tapaýmaly. Bar ýeri para doňdurdylar. Hatda donunda namaz okaýmaly halalhonlaram bu haram işe mejbury ýagdaýda goşuldylar. Sen ýa-ha alaýmaly, ýa-da beräýmeli, boşga ugur-ýol ýok. Halkyň-a bu ýagdaýdan hanyň habary ýokdur öýtdi, hanam öz pyssy-pyjurlygyny halk bilmeýändir güman etdi. Gul bilen gedaýda parh barmy, olar parany nirden alsyn, olaryň öýlänligi gaýgy. (1728-nji ýyl) Bir günem gullar gozgalaň edip, köşke çozup, hany şakgalaýarlar, öz gazan çukuryna düşürýärler. Onuň parasyndan-peşgeşinden bizary çykan halkam arkasynda durman, ýüzüňi babaly görsün etdiler. Şeýdip, paraharbaşyny paraladylar. Ornuna-da Ilbars geçdi, hanlyk tagta mündi, başyna täç geýdi. Hemme gullary däl, diňe Şirgazynyň üstüne çozanlary bir gijäniň içinde şol öz adamynyň üsti bilen ýurtdan çykaryp goýberdi. Düýegöz aganyň bir aýdan sözi Keýmiriň gulagynda galdy: “Para külli günäniň enesidir, para alýan hiç hili kaşlykdan gaýtmaz, ýedi arkasynda döl haramylygy ýok adam bu kesbe başam goşmaz, arassa adam ýalňyşyp baş goşaýsa-da, derrew toba geler, çekiler. Şirgazynyň süňňi haramy, özi ýalylara-da doly ýol açdy, şol sebäplem öz başyna-da ýetdi, ýöne öz başyna ýetse-de, indi bu ýurtdan parany aýraýjak bolsaň, nijeme ýyllar gerek, özi gelende birdi, soň olaryň sany müňlerçä öwrüldi, indi ol hapa işi geňleýänem ýok, bolmalysy şeýledir-dä öýdüşip ýörler...” Başda özüni gowy ýaly görkezenem bolsa, gitdigiçe bujurygy artan han öz oturan şahasyny özi byçgylady, beterinden beterini tapdy, nädende halkyň aşyna awy gatjagyny bilse, şonam etmäge dyrjaşdy. Raýatlar ýurtda şondan akmak adam ýokdur diýen netijä geldi, ýerine iti goýsaňam, şondan gowy alyp barar öýtdüler. Emma aklyň ýokary çägi bolsa-da, akmaklygyň serheti ýok eken. Ýerine geçen onça-da bolmady. Han çalyşýar, tekeler Wasda 25 ýyl ýaşaýarlar, Şirgazy hanyň ölüminden soň syýasat üýtgeýär, suw azalyp, soňlugy bilen kesilýär, durmuş kynlaşýar. Şol töwerekde bolýan gizlin jenaýatlaram tekeleriň üstüne ýüklenip başlaýar. --Pylan obada ogrulyk bolupdyr, kim etdikä? --Gelmişek tekeler bolaýmasa. --Pylan kesiň gyzy süýrelipmiş, kimiň alyp gideni nämälimmiş. --Tekeleri gyssasaň, tapylaýar. --Ýabyň içinde öli ýatan eken, kimiň işikä? --Tekelerden başga kimiň işi bor!... Tekeler Hywada üç gala salýarlar. Mazaly ornaşansoňlar, salgyt köpelip ugraýar. Jähennem, kyrkyna çydan kyrk birine-de çydar. Halk göçüp-tezmeden bizar. Hywanyň hany bolmajagyna tutýar – gyz salgydy! Ursaň, ur, ýöne bäbenege urma-da! Tekeleriň bir maslahatynda Döwletmämmet Düýegöz han Orazmämmet ogly garrap, öz ýerine Keýmiri serdarlyga hödürleýär: --Men 80-e golaýladym, eger unasaňyz, öz ornumy ýaşam bolsa, Keýmire tabşyrmakçy. Dolageldi Baba, Annameňli serdar, öz oglum Amandöş serdar, Zaman beg, Osman beg, Naýman beg, Pürnazar Atalyk, şolaryň maslahaty bilen boluberer. Ýöne meniň han bellemäge hukugym ýok, türkmenlerde han bellenmeýär-de, saýlanýar. Eger siz başga adamy göz öňünde tutýan bolsaňyz, onda keýpiňiz kelläňizde. Erteki gün onuň yzyna düşüp, aýdanyny etjek özüňiz. Men size diňe öz pikirimi aýdýaryn. Maňa “Sen togtamyş, Keýmir utamyş, näme üçin hanlygy utamyşa geçirýäň? Tüweleme, ogluň Amandöş serdar kimden kem?” diýenlerem tapyldy. Meniň utamyş bilen togtamyşy bölüp, biri-birine duşman etmäge dyrjaşýan mynapyklar jezalandyrylmalydyr diýen kararym öz güýjünde durýandyr. Oglumy ornuma goýsam, onda yzymdakylara ýaman görelde görkezdigim bolar, soňlugy bilen däbe öwrüler, ilde bizçe adam kändir. Saýlaň-da, tutuň birini. Halkyň saýlany biziňem göwnümize jaý. Dogrusy, Keýmirem meniň daşym däl, olam gyzymdan bolan agtygym, ýöne ol utamyş, men togtamyş, şondan beýlesinem özüöiz çözüň. Döwletmämmet Düýegöz hanyň bu gepini maslahatda rast tapdylar, hakykatdanam, bir adam hernäçe akylly-danyşment bolsa-da, hemme zady bilmeýär, hemme zady diňe il bilýär. Hakykat diýilýän zat az-köpden ülüşlenip-seçelenip, halka paýlanan, her bölegi bir ýere düşüen, ony ýygnap, bir ýere üýşürseň, ýene ilkibaşkysy deýin bitewi hakykat emele gelýär. Hergiz mesele çözmäge baş goşanyňda ili diňlemäni, olaryň pähimini bir ýere jemlemäni öwrenmeli. Aýdylan söze garşy çykyp, ýalňyşyny tapansyrap, birýanuçdan kyhlap oturmaly däl, il içiniň dälisi-depegem ýetik, ýöne “Akmagyňam elli gepi telek, bir gepi gerek” diýilmeýärmi? Däliniň aýdanam bolsa, gerekli gepleri jemläp, şol boýunça-da iliň ykbalyny çözmeli. Agyrilli taýpanyň hany saýlananda şu parasatdan ugur alyndy. Tas hemmeler diýen ýaly ol wezipä Hojanepes batyr ogly Keýmiri müwessa bildi – hem ylymly-parasatly, hem han ýanynda gezen, hanlyga degişli ýagdaýlary gowy bilýär. Indi öz gezeginde onuňam baş ýörelgesi ile akyl satmak däl-de, ilden öwrenmek, halkyň islegini bilmek, ýürek urgusyny duýmak. Akyl hem ilde bar, nakyl hem. Iliň pähimini-güýjüni bir ýere jemläp bolsa, üstesine-de erkana Watanyň bolsa, ýaşasaň-da aga-ýana, agzybirlikde sürseň döwrany. Keýmirkör serdar üçinem, ine, hakyky bagt diýilýäni şol. Hanlyk wezipä geçeninden soň ol şu bagta ýetmek üçin edilmeli işleri ili-güni bilen maslahatlaşyp, edilmeli işleri, görülmeli çäreleri tükelläberdi. Öňki gelinýän ýoly dowam etjek ýa etjek dälem diýmedi-de, az-azdan täzelikleri giriziberdi. Keýmiriň girizýän täzelikleri öňki ýol-ýörelgeleri inkär etmek däl-de, üstüni ýetirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek. Onuň birinji gelen karary – sany azam bolsa, diňe goranmak maksady bilen ýaragly goşun edinmeli, halkyň daşyndan göz-gaş bolup, aýlanyp duran. Agyr goşun hökman däl, onça goşuny harajat bilen üpjün etmegem başartmaz. Iki ýüz-üç ýüz esger ýeterlik. Soň nesip çekip, ýurda aşylsa, onda başga gep, elbet-de, köpeler. Aslynda türkmenleriň hemmesi söweşiji, ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna deňiç elinde gylyç oýnadyp bilmeýäni ýok. Ýagy çozsa, halk tijenýänçä-jemlenýänçä duşmanyň öňünden çykjak goşun toplanyldy. Zerurdyr öýdülen ýere ýüzüniň ugruna atlanybermeli. Bu goşuna Hywa hanam ala göz bilen seretmedi, elbet-de, taýýar goşun artykmaçlyk etmez, kim bilýär, belki, özleri üçinem geregi çykar. Esgerler boş wagtlaram türgenleşik geçirip, söweş tälimlerini almaly. Ýörite taýýarlyksyz at üstünde söweşmek juda kyn, emma tekeler elmydama at üstünde gezensoň, söweşiň bu usulyna ökde, ýöne adam başyna nämeler gelmeýär, ýerde pyýada gylyçlaşmagam öwrenip goýmaly. Iki taraplaýyn garpyşyk mahaly, goç, öküz, gaplaň, ýolbars topuluşlary bar, ökdeden öwrenibermeli. Bir tälimi beýläňe oklap bilseň, ýene biri. Tilki sapalagy, laçyn kakyşy, iner serpişi, it urşy, aýlantabak... Jigitleriň türgenleşigine Keýmir serdaryň özem deň gatnaşypdyr. Ol türgenleşikden galan wagtlaram aýak üstünde gezmelemgi gowy görüpdir, ol “Gezmeläňde her ädimiň ugry saglyga tarapdyr!” diýýär eken. Dawaly-gohly-çaknyşykly ýerlere Keýmir serdar goşun bilen gitmeli bolýar. Goşunynyň içinde-de Jepbi diýip beýlekileriň kän bir göwni ýetmeýän bir nokerini aýratyn sylar eken. Näme üçin beýle edýänine düşünmän, Keýmirden sorapdyrlar: --Näme üçin Jepbini ala-böle öňe tutýaň? --Birinjiden-ä, Jepbarmuhammet müçesi siziňkiden kiçi, ejizje, ýöne oňa seretmezden, ganym bilen garpyşanda ilden galanok, öňe zomaýar. --Güýçlüligi üçin öwmeli dälmidir, a sen onuň ejizligini mazamlaýaň, sebäbi näme? --Güýçli gara güýjüne baýrynyp, dogumly söweşýär, Jepbarmuhammet men ejiz diýip, yzrak gaçgaklanok, batyrlygy üçin hormatlaýan. Ikinjidenem, ol örän düşbi ýigit. Edil şol mahal hol garagörnümden biri görünýär, gapdalyndan giň ýol geçýärem welin, ýoluň daşyndan – ýandaklykdan üsti-başyny tikene çümdürip, ýöräp gelýär. Keýmir ýaňky sorag berýänleriň birine buýurýar: --Bar sora, näme üçin beýdip barýar? Noker atyny çapyp gidip, habar alyp geldi: --Gözi şowa eken, oňly görenok. --Nireden gelýär eken? --Soramandyryn. --Bar, bilip gel! Noker ýene ýolagçynyň ýanyna baryp geldi. --Pylan obadan gelýär eken. Keýmir serdar ýene sorag berýär: --Nirä barýar eken? Bilmeýän bolsaň, bar ýene sorap gel. Noker ýene bilip gelýär. --Biziň obamyza gelýär eken. --Kimlere? Nöker jogabyny bilmänsoň, ýene atlanyp şol tarapa ýönelmekçi bolýar. Bu gezek Keýmir ony saklap, ýerine Jepbarmuhammedi iberýär. Jepbarmuhammedem şol ýolagçynyň ýanyna ýetip, habar alýar-da, ony atynyň ardyna mündürip, oba tarap alyp gidiberýär. Onuň näme edýänini hiç kim düşünmeýär. Ep-esli wagt geçensoň, Jepbarmuhammet atyny çapdyryp gelýär, hemmeler onuň näme aýdaryna garaşýar. --Ol pakyr ogluny öýerjek bolup gymmatbaha zatlaryny satypypdyr, Gutly Petigem “Indiki aý gel, soňky aý gel, puluňy soň bereýin” diýip, zol gatnadyp ýören eken. Öýlerine bardym welin, meniň han nökeriligimi bilip, güles-ýalas edip, ol bendäniň puluny çykaryp beräýdi “Öz aýagym bilen eltip gaýdaýyn diýip ýördüm, geleniň gowy bolaýdy” diýdi. Pullaryny ýeke-ýeke sanap alansoň, algydar ýolagçy “Ýeke gözli Keýmirkör serdar meni garagörnümden gördi, iki gözli Gutly Petik bäş gezek gapysyndan gelemde, görmedi” diýip, adyňyza alkyş okap gaýtdy. --Gördüňizmi? Indi bildiňizmi näme üçin Jepbarmuhammedi beýlekileriňizden höreli hasaplaýanymy? Bir baranda hemme maglumaty alypdyr, dogry netije çykarybam, meseläni çöp döwen ýaly edip gaýdypdyr. Galyberse-de, müçesi kiçi-ejiz bolansoň, ol beýlekileriňize garanyňda, berekella sözüni eşitmäge has tamakin, şoňa-da mynasybam. Ine, size görelde almaga adam. Keýmiriň ýene bir girizen täzeligi – öz golastynda il içine ýörite aýlanýan pähimdar, köpçülige girgir, dil tapyşyp bilýan adamlary bardy, şumluk gözleýän däl, halkyň gepini, arz-şikaýatyny diňläp başarýan, gerek bolsa, ýüze çykan meseläni ýerinde çözüp bilýän. Olar heran-haçan il içine ýola düşüp, bilip-öwrenip gelen zatlaryny Keýmir serdaryň maslahat jaýynda birin-birin gürrüň berýärler, köplenç-ä meseläniň çözgüdinem tapyp gelýärler. Nädeniňde näme boljagyny ilden gowy bilýän barmy? Halk iň dana kişidenem danadyr, halkdan ýokarda Hak bar. Şeýlelikde, her gezek iberen adamlary köp gowy pikirler bilen dolanyp gelýär, bitiriber birýan ujundan. Keýmir han saýlanansoň, ony Hywanyň hany Ilbars kabul edýär, sowal berýär: --Seniň hanlygyňy Hywa döwletem ykrar edýär. Ýöne eýýäm seniň üstüňden arza-şikaýatlar ýagyp başlady, hamala, sen goşun döredip, Hywa döwletine garşy uruş yglan etjekmişiň. Şirgazy hanyň öldürilişi ýaly, meniň köşküme zabt etjekmişiň. --Başga näme diýýärler? --Başga-da söz gyt däl. Sen halkyň içine ýörite adamlary iberip, biziň garşymyza dildüwşük gurnaýarmyşyň. Şu aýdýanlarym boş gürrüňler däl, hatlaryň yzynda anyk adam dur. Ynanmasaň, alyp, oka-da gör-äý. --Ýok, men ol myjabatçynyň kimligini gowsy bilmäýin, onuň adam gerek däl, hatam. Men Hudaýa uýýan adam, ol töhmetçiniň jezasyny Repbim Jeliliň özi berer. --Saňa gerek bolmasa-da, maňa gerek, ol haty ýazan şugulçynyň ady – Ödeguly! Sen ony öýüňde saklap-iýdirip içirip ýörsüň. Ol welin bize hyzmat edýär. --Beh, ol öň bu kärine puşman eden ýaly-da. --Bilip goý, Keýmir han, “Töwratda” ýazlanmyş “Bi gezek adam satan ikinji gezegem satar” diýlip. Ýöne men oňa düzediş girizýärin “Bir gezek satan müň birinji gezegem satar”, öldürseňem durup bilmez. Bir gezek ýalan sözlän, ogrulyk eden müň brinji gezegem şol işini gaýtalar. Ömründe bir gezek adam satmadyk kişini tapyp bolar, emma ömründe ýeke gezek adam satany tapmarsyň. --Han hezretleri, indi siz şolar ýala ynanýarsyňyzmy ýa maňa? --Elbet-de, saňa! Biz medresede-de bileräk okadyk ahyry, bir ýyl aratapawudymyz bar. Men seniň dogruçyllygyňa öňden belet. --Ýaňky goşun diýilýän-ä dogry. Kän esger däl, bary-ýagy üç ýüz töweregi. Diňe goranmak maksady bilen toplanan esgerler. Görüp dursuňyz-a, häli-şindi eýlämizden-beýlämizden çapawullap ýörler. Ýagynyň öňünden çykar ýaly diýip, ol goşuny döredişimiz. --Aý, üstüňden şugullansoňlar, aýdaýdym. Siz-de goşun bolsa, bize-de peýdasy deger. Bize gelýän çawuşlara görä, Eýran Hywanyň üstüne çozmaga taýynlyk görýärmiş. --Siziň duşmanyňyz biziňem duşmanymyzdyr. Biz diňe öz türkmen taýpalarymyz bilen edýän çaknyşyklaryňyzda siziň arkaňyzda durmarys. Bu biziň Hywa döwleti bilen ilkibaşky şertleşigimizde-de aýdyşylandyr. Onsoňam ýaňky il içinde aýlanyp ýören adamlarymyz barada aýtdyňyz. Hawa, olar halkyň halýagdaýyny, zeruryýetini öwrenýär. Biçäre halkyň halyndan häli-şindi habar alyp durmajak bolsa, olara han nämä gerek? Ýeke özüm ot bolamda, niräni ýakaýyn? Baryň halkyň arzyny diňläň diýip, iberýänim şondan. --Aýdýanlaryň müň mertebe dogrulygyna ynanýaryn, ýöne taryňa kakyp göreýin diýdim hemem şol Ödeguly tetellilerden seresap bol diýdigim. Menem han bolsamam, gorkym az däl, güýçli döwletiň duşmanam güýçli bolýar. Biziňkileriň Eýrana beren hypbaty az däl, eýranly gul-gyrnakdan Hywanyň içi dykyn. Ýöne günleriňbir güni Eýranam güýçlenip, üstümize goşun çekip geler. Menem öz köşkümiň içinde dardan asarlar diýip, göwnüme güman getirip ýörün. Arkamda-da siziň durjagyňyza ynanýaryn. Ýöne, hany, sen aýt, han saýlanmakdan esasy matlabyň näme? --Han hezretleri, biz tekeler Hywa gelenimizde ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda geldik, öz tarapymyzdan henize deňiç şol şertleşigimizi bozan wagtymyz ýok. Biz sürgünlikden dolanamyzda, kyn günümizde sizi tutunyp geldik. Ýol berip, üstüňizden geçirdiňiz, ýer- mülk-öri berdiňiz. Sizden görsek, ýagşylyk gördük, bizem elimizden gelen haýrymyzy aýamadyk. Indi biziň Watana dolanmaly müddetimiz gelip ýetdi. Biz urşup, gaçyşyp-kowşup däl-de, süýjüligi bilen hoşlaşasymyz gelýär. Daşa gidemzok, Garaguma siňýäris. Siz bilen goňşuçylykda ýaşamaly. Biz hemişe-de Hywa bilen düşünişip ýaşap bilipdiris. “Kyýamat güni goňşudan” diýýär, arkalaşyp ýaşabereris. Siz tarapdan bize zelel ýetmese, biz tarapdanam ýetmez. Gaýta söwda-satyk diýer, alyş-çalyş diýer, oňşup, gatnaşybereliň. Hanlykdan esasy matlabymy soradyňyz. Esasy matlabym – alkymy düýp Watana eltmek, ýerleşdirmek, türkmen taýpalaryny birleşdirip, döwlet döretmek. Gapdalyňyzda size dostlukly-doganlykly Aly Türkmen döwleti dörese, size-de hoş ýakýandyr-a? --Gitseňiz, ýaňky Ödeguly diýilýänem ýanyň bilen alyp gideweri, öldürseňem, aňryda öldür. Bärde gylyçdan geçirip, ýere gömüp, Hywaýy Şerifiň mukaddes topragyna hapalaýma! --Ol tetelliler siziň araňyzda-da gyt däldir. Biz-ä, Alla saklasyn, Ödegulyny öldürmeris. Onuň Hudaýyň öňünde ýalkanmagy üçin toba gelerini diläris. Ahyry bir gün ýalňyşyna düşüner diýip, umyt edýäris, olam enesiniň arassa süýdüni emendir-ä, onki süňňünde adamçylykdan, heý, nyşan galmadymyka? Oňa düzelmäge pursat bereris. --Halklar içinde bir pähim bar “Küýkini gabyr düzeder” diýýär. Emma Ödegulyňyzy gabram düzetmez. Ol öz ýalan töhmetleri bilen diňe seni satanok, tutuş taýpaňyzy satdygy, hemmäňizi bize garşy goýýar, ol bizem aldap, pikirimizi garjaşdyrýar, dostumyzy azaldyp, duşmanymyzy köpeldýär. Bolýar menem, Hywa döwletem tekeleriň Garaguma dolmagyna kaýyl, size salýan salgytlarymyzyň hemmesini ýatyrýaryn, göçüp bilmän galanlary aköýli edip alyp galarys, olaram öz bir-birlerimiz ýaly ýaşarlar. Şertleşigem şeýle – tekeler Garagumda ýaşabersinler, ýurt özleriniňki, ýöne Eýran tarapdan gelýän ýagyny gaýtarmalydyr, ok-ýarag kömegini, başga-da nähili ýardam gerek bolsa Hywa hanlygy eder. Türkmeni tozap ýatan çägäniň üstünde oturtmajak bolýarlar. Emma biz size tekge bereli, sizem bize. --Meniňem bir towakgam bar. Siziň Aly hezretleriňiz tagta münen müddetiňiz bir gijede türkmenlerden bäş ýüze golaý guly boşadyp, ýurtdan çykaryp goýberdiňiz. Şonuň üçin halkymyz size biçak minnetdardyr. Ilbars han Keýmir serdaryň bu sözünden tisginip gitdi, Şirgazy hanyň öldürilmeginde öz eliniň barlygyny diňe bir adam bilýärdi ahyry, ony tekeler nireden eşidip ýörkä? Ýaňy Keýmir “Ödeguly tetelliler siziň araňyzda-da gyt däldir” diýende gaşlary bürüşjek bolan Hywa hany ol sözleriň ýöne ýerden aýdylmanlygyna düşünip galdy. --Towakgam bar diýdiň, aýt, eşideli? --Siziň tagta münmegiňiziň hormatyna bärde gulçulykda ýören türkmenleriň galanynam boşadaýsaňyz, özüm elin öýli-öýüne elteýin. Eçilseňiz, Hywadan çykyp gitmänkäk han hezretleriniň bize eden iň uly sowgady bolar. --Hemmesini diýme, Keýmir serdar, ýene siziňkilerden gul-gyrnagyň bäş ýüzüsini boşadaýyn, haçan gitseň, al-da ötägit. Galanyny sorama. Gul-gynak kän pula durýan zat. Hemmesini boşatsam, bärde mendenem närazylar köpeler. Ertir permanymy eliňe gowşurarlar, ýesirleriňi sana-da, ala-aý. Dürli sebäpler bilen göçe-göçlüge ýaramajaklar, garyp-pukaralar Hywada ak öýli bolup galdylar. Ilbars han olara-da göz-gaş bolmagy wada berdi, “Üstlerinden guş uçurmaryn. Eger bardy-geldi soň olaryňam haýsy Watana gaýtjak diýse, rugsadyny bererin” diýdi. Hemem tekeleriň öňünde Garagum tarapdan gelen Eýran we beýleki çapawullara berk gaýtawul berip, olary Hywa tarapa goýbermezliklerini şert edip goýdy. Meýletinlikde Hywada galmaly diýen karara gelenlerem bar, şolaryň birem Gutly Petik, Keýmiriň doganoglan agasy. Ol ilki bilen-ä Keýmiriň serdar saýlanmagyny ýokuş gördi, ikinjidenem, “Şu batylyň yzyna düşüp, men-ä köşk ýaly öýümi-öwzarymy taşlap, hiç ýere-de gitjek däl” diýen karara geldi. Birden han bolan inisi öňki kitiwlerini üzlüşmek üçin, özüniň Hywada galmagyny bahanalap, ar alaýmasyn diýen niýet bilen ýalym-ýulum edip, Keýmir serdaryň ýanyna bardy: --Inim, men-ä iki göç bir talaň etjek däl. Bärde galjak. Tozap ýatan çöle baryp, öz başyma dert satyn alasym gelenok. --Keýpiň kelläňde, agam, biz-ä ata Watanyň derdini çekişmäge gitjek. Gitmek-goýmak her kimiň özüne bagly, gitseňem-galsaňam, meýletin. Hiç kim ýagşydan-ýamandan adyňy tutmaz. Gidene-de-galana-da ezýet bermeýäris Öz meselesiniň biragyz sözde beýle aňsat çözlenligine begenip, kellesine at depen ýaly bolup, Gutly Petik iki bükülip, alkyş baryny okap, çykyp gitdi. Ýolda inisinden hoşal bolup, näme sarnaýanyna özi düşünmän, içini gepletdi “Dogry edýäň, inim jan, meniň ýaly haramyny ýanyň bilen alyp gitmän, bärde galdyryp, taýpanyň tämizligine, ata Watanyň päkligine goşant goşýaň. Görýäňmi siziň bilen gitmän, menem halka kömek-ýagşylyk edip bilýändirin.” Ilbars han sözünde tapyldy. Azatlyga çykan bäş ýüz ýesirem alyp, türkmenler niredesiň ata Watan diýip, Hudaýy çagyryp, bir ýere jemlenişdiler. Bir ýerden atly ses çykdy: - Ata Watan sary öňe!!! Ol ses – Keýmirkör serdaryň sesi. Birinji kitabyň soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |