23:07 "Baha bermek hemişe wagt bilen halka degişli..." | |
"BAHA BERMEK HEMIŞE WAGT BILEN HALKA DEGIŞLI..."
Söhbetdeşlik
“Watan” gazetiniň işgäri şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň beren sowallaryna ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýewiň jogaplary: – Sözi, söhbeti şundan başlaýaly, Guldurdy aga! Meniň özüm Magtymgula uly bolsun, kiçi bolsun, gönüläp, Magtymguly diýip ýüzlenseler, känbir oňlamok. Ol meniň size Guldurdy aga däl-de, Guldurdy diýip ýüzlenişim ýaly bir zat bolýar. Bu hakynda siz nähili pikirde? Magtymguly işan diýenlerinde muny hem ýerine düşýär diýip hasaplaýaryn. – Belli bir derejede ylalaşýaryn. Onuň adynyň öňüne-yzyna geniý, beýik, akyldar, filosof, astranom, psiholog, pedagog, işan-ahun-ymam-pir, “Gurhan”-yň terjimeçisi, öňden görüji-halatly... diýseňem, gelşip dur. Bir şahyryň aýdyşy ýaly, oňa türkmenleriň içinde Hudaýa iň ýakyn baran adam diýseňem, dogry geler. Ýöne ýene bir ýagdaý bar, ýagny, şol epitetleriň hemmesi tutuşlygyna halk söýgüsi tarapyn onuň adynyň içine siňip gidipdir. Diňe Magtymguly diýseňem, şol sypatlandyrmalaryň hemmesi aňyňa dolýar. Onuň şol derejedäki adamlygyny milletimiziň içinde bilmeýäni bardyr öýdemok. Ferdöwsi, Jamy, Saady, Haýýam, Şekspir, Baýron, Puşkin... diýen ýaly-da. Eger seniň adyňy Nowaýy diýlenden hemmeler tanaýan bolsa, ol peseldigiň däl-de, gaýta beýikligiňdir. Adamlar Taňrynyň 99 adyny bilýär, ýöne Hudaý diýseň, onuň ekberligem, barça zady ýaradanlygam, bakylygam... düşünilýär. Ýeke adyny tutup, Alla diýseň, ony kiçeltdigiň däldir. Dile getireniň üçin öz adym hakda-da kelam agyz: Kerim Gurbannesow maňa “Seniň adyň-familiýaň goşgularyň üçin uly-uzyn gelýär, Guldurdy Sähetdurdyýew diýseň, sekiz bogun, hut, dört gatly jaýa meňzeýär. Gowsy, S.Guldurdy diý-äý” diýipdi, şol göwnejaý maslahaty aldym, indi öz elektron kitaplarymda men S.Guldurdy diýip ýazýaryn. Ýene bir ýagdaý: On bäş-on alty ýyl töweregi mundan öň Eýranda Magtymguly günleri bilen bagly dabara geçirilende Türkmenistandan baran hormatly alymlaryň biri ýygnakda doklad bilen çykyş etdi, onuň çykyşynda “Magtymguly birinji derejede – dindar, ikinjiden – şahyr, üçünjiden –filosof... “ diýen ýaly jümle bar eken. Bu juda ýalňyş pikir. Magtymguly birinji derejede – şahyr, sözüň doly manysyndaky şahyr. Soň onsoň näme diýip, taryplasaňam, gelşer. Edil şonuň ýaly-da, Mylly aga-da namazly-täretli, dini ygtykatly ýaşan adam, ýöne biz ony ilkiji nobatda beýik sazandalygy bilen tanaýarys. Ýa-da Gurbannazar Ezizowyň dünýeden ötenine ýarym asyr dagy wagt geçip barýar. Emma oňa Gurbannazar aga ýa Gurbannazar ata diýýän ýokdur. Poeziýa barada gürrüň giden mahaly ýöne Gurbannazar diýseň, hatda, familiýasyny agzamasaň-da, her kim mähirli baş ataýar. Çünki, şol adyň içinde birgiden beýik derejeler bar. – Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda, has takygy, 1990-njy ýyllarda men «Halk sesi» gazetinde işleýärdim. Şonda gazetimizde Annadurdy molla şahyryň Magtymguly atamyza bagyşlanan goşgulary çap bolardy. Onuň özi arman-ýadaman, redaksiýamyza gelerdi. «Magtymgulynyň syrly setirlerine düşündiriş» diýen at bilen çykyş ederdi, goşgular ýazardy. Men şonda onuň synanyşyklarynyň şeýle şowly çykýandygyna haýran galardym. Ýa onuň üçin aýratyn taýýarlyk, düşünje... gerek boldumyka? Şahyryň syrly setirlerine düşünmäge, jogap tapmaga synanyşanlar hemme döwürde hem bolupdyr ahyryn! Umuman, Annadurdy şahyrdan söz açasym geldi. Sebäbi ol, birinjiden-ä, şahyr bilen baglanyşykly kän iş etdi. Ikinjidenem, ony ýatlasym geldi... – Annadurdy molla-şahyryň familiýasy Eýeberenow. 1928-nji ýylda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Ögem obasynda doglan. Çagalyk döwri Mary welaýatynyň "Üçajy“ sowhozynda geçýär, çopançylygam edýär. Oňa molla diýseňem, mugallym diýseňem, matematikaçy diýseňem, şahyr diýseňem laýyk geler. Onuň aýratyn tapawutly ukybam – dilewarlyk-suhanwerlik. Şahyrlygam ýöne-möne däl, hasam ekspromt goşgulary düzmekde, ýagny, islän temaňda hiç-hili taýýarlyksyz ýüzüniň ugruna suňşuryp, şygyr düzmäge ezber. Toýlarda tamadalygam ederdi, kime söz berse, şonuň adyny-familiýasyny kapiýalaşdyryp, şol bada goşga öwrüp, owadanlap, derejeläp aýdardy. Adamkärçiligem içiňe-daşyňa geçip barýan, şahandaz, päli pes... Ol halk şahyry bolmasa-da – halkdan çykan şahyr. Nirä barsa, daşy adamdan hümer. Ýanyma gelip, Magtymgulynyň syrly sowallaryna şygyr bilen jogap berip ýazanlaryny aýdyp berip, maňa-da tassykladasy gelýär. Menem hoş sözümi gysganamok. Onuň jogaplaryna hä bermez ýalam däl, many tarapdanam, dini düşündiriş tarapdanam, çeperçilik tarapdanam göwne jaý. “Molla aga, adam oglunyň tapmajak jogabynam tapaýýarsyňyz” diýseň, hoşal bolar, ýene okap beresi geler. Şol döwürler onuň yzyna eýerijilerem döredi, olaram Magtymgulynyň syrly setirleriniň çözgüdini tapyp, şygyrlar ýazyp ugradylar, ýadyma düşýär Baýramalydan Aýdogdy diýibem bir ýaş şahyr Annadurdy mollanyňky ýaly goşgulary bilen metbugatda çykyş edýärdi. Başga-da bardy. Ol tanyş ýaşulymy ýagşylykda ýatlanyňyza menem hoşal. – Kakam okymyş adam däldi. Ýöne Magtymguly atamyzyň daşy saralyp giden kitabyny ýassygynyň aşagyndan aýyrmazdy. Obaçylyk-da. Ýanyna oturmaga gelýän adamlar «Hany, şol kitabyňy göräýeli!» diýseler, ilkinji sowaly «Eliň arassamy, hana, kündük, ýuwup, ondan soň ell-äý!» diýerdi. Bu meniň çaga dünýämi haýran galdyrardy. Belki, has uly deňeşdirmedir welin, keramatly Gurhana barabar görerdi. Kitaby diňe ini, imany arassa hasaplaýan adamlaryna rowa görerdi... Men çagalykda Magtymgula şeýle hormat goýulýan ojakda önüp-ösdüm. Kakam şahyra Annadurdy aga ýaly düşünmese hem özüçe hormat goýardy, özüçe söýerdi, özüçe düşünerdi-düşündirerdi. Ýatdan aýdýanlygy üçin kä setirleri ýalňyşragam aýdýan ýeri bolardy. Şonda men oňa kömek edip, kitapda ýazylyşyny okap bererdim. Düşünen bolsalar, men munuň üsti bilen, «Magtymgula her kim öz sowadyna, görüp-duýup bilişine görä düşünýär» diýmek isledim. Sebäbi meniň garaýşym bilen alymyň garaýşynyň deň gelmezligi ýaly bir zat ol. Deňizde ýüzüp bilşiňe görä ýol aşýarsyň. Asyl, durmuşda-da şeýle ol. Magtymguly atamyza hem her kimiň düşünip biliş ukyby bar. – Kerim Gurbannepesow maňa özüniň Peterburga bir ýygnaga gatnaşyşyny aýdyp beripdi, ýagny, şol ýygnakda bir garry professor ýanyna gelip: “Siz Türkmenistandan bolsaňyz, aýtsaňyzlaň, heran-haçan köne kitaplary dörýän welin, dünýäniň iň uly şahyrlarynyň ýany bilen Magtymgulynyň adam öňümden çykyp dur. Ol nähili şahyr?” diýip sorag beripdir. Kerim aga-da nähili jogap berjegini bilipdir: “Eger iki türkmen jedelleşýän bolsa, hersem öz delilini, subudyny aýdyp, ahyrda-da çözlüşip bilmeseler, biri Magtymgulam şeýle diýipdir diýip, bir setirini tutaryk getirse, dawa ýatýar” Bu jogap goja professory haýrana goýýar: “Men dünýäde heniz beýle derejedäki şahyry tanamaýaryn” diýipdir. Men “Çarh” atly 18-nji asyr Horasanyň taryhy barada üç tomluk roman-kolliziýa ýazdym. Ol epopeýanyň baş gahrymanlary Keýmirkör serdar, Nedir şa, Magtymguly. Taryh bu geljek hakyndaky ylymdyr! Şol trilogiýanyň Magtymguly bölümi boýunça Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasyna doly metražly çeper filmiň edebi esasyny ýazyp berdim, ol ssenarim eserleriň hilini kesgitleýän döwlet toparyndanam geçip, surata düşürmäge rugsat berilýänligi baradaky kararam çykaryldy. Ahal welaýatynda täze açyljak drama teatr üçin haýyş edileninden soň Keýmirkör serdarly bölümindenem pýesa ýasap, Medeniýet ministrligine tabşyrdym. – Çaga wagtymyzda gum içindäki obamyza göçme dükan gelerdi. Satlyk harytlaryň arasynda şahyryň heýkeli we suraty ýerleşdirilen diwarlyk hem bardy. Onda şahyryň «Zor bolar» goşgusyndaky: Magtymguly, sözle herne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň. Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkylara ýadygär bolar — diýen setirler bardy. Men o setirleri çagalykdan suw içen ýaly bilýärdym. Ýöne diwarlygam gowy görerdim. Iller diňe bir otagynda asyp goýsa, men ejemi gününe goýman, her otaga birini asmaga mejbur edipdim. Onuň üsti bilen şahyr bize her otagymyzda garap durdy. Bir gün muny gören mugallym daýym: «Seniň şahyry nädip söýýändigiňe indi ynandyk» diýip, hezil edip gülüpdi. Diýjek bolýan zadym, men çagakamam şahyry şeýdip söýýärdim. Sizde bu duýgy nähili? Ony kimdigi üçin söýýäňiz?! Özüm-ä şahyry goşgularynyň hemme adamlar üçin düşnüklidigi üçin söýýärin. Ýogsa-da, bir alym-a ony «Juda çuňdugy üçin söýýärin, öwrenýärin» diýipdi. – Geçen asyryň başlaryna gumdan birinji gezek şähere gelip gören iki ýaşulyny gepledýärler, olar ilkinji sapar demirýoly-otlyny görüp, haýran galypdyrlar: “Bäý-bä, biziň Magtymgulydan heniz okamadyk ýerimizem bar eken-aýt”. Olaryň ynanjy boýunça, hökman Magymgulynyň otly hakynda-da ýazan goşgusy bolaýmaly ýaly. Halk Magtymgulyda hemme zat barada ýazlandyr öýdýär. Beýik şahyrlaryň beýikligem şonda. Hakykatdanam, sen nähili ruhy ahwalata düşseň, onuň kitabyndan şol düşen ýagdaýyňa görä şygyr taparsyň, ol ýöne şygram däl-de, sataşan derdiňe dermandyr. Syrdaşdyr, gamhordur. Ogultäç, sen Magtymgulyny düşnükliligi üçin gowy görýän bolsaň, men ony hemme taraplaýyn söýýärin. Şu ýerde ýene bir zadam aýdyp geçäýeýin. 1966-njy ýylda kompozitor Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň şygryna düzen “Pygan eglenmez” diýen aýdymyny pessimizm diýen bahana bilen kabul etmän, aýtmagy gadagan edipdirler. Kompozitor şonda aýdymyň goşgusyny şahyryň kitabyndan alandygyny, ýeke sözünem, ýeke harpynam üýtgetmänligini aýdýar. Emma “Kitaba başga adamalar jogap berýär, biz aýdyma jogap berýäris. Bo-la-nok!” diýip, ýeň bermändirler. Şoň muny eşiden onuň dosty Gurbannazar Ezizow “Nadan bahyllar bilermensiräp, aýdymyňy kabul etmeseler, etmesinler. Magtymgulynyň sözi bilen Nury Halmämmedowyň sazy ýerde ýatmaz. Pessimizm däldir, düşünen üçin optimizmdir! Adyndan görnüp dur-a, pygan agy diýmek. Sabyr et, agy-pygan eglenmez, geçer gider diýip dur-a. Optimizm kemi barmy? Ine, görersiň, halk alyp göterer. Onsoňam şol pessimizm sözünden täze bir sözem ýasadym. Diňle: sussypessimizm”. Nury Halmämmedow bu degişmä ýylgyrypdyr, göwni giňäpdir. Şol gadagan edilen aýdymam ýarym asyrdanam gowrak wagt bäri ürç edilip, aýdymçylaryň repertuaryndan düşmän gelýär. Hemişe-de aýdylar. Özüm-ä radioda häli-şindi gaýtalanýan şol aýdymy Toýguly Jepbarowyň ýerine ýetirişini juda halaýaryn. Geçen asyryň ikinji çärýeginde galagoply, tutha-baslyk ýyllarynda uly töwekgellik bilen Magtymgulynyň şygyrlaryny toplap, arkasynda redaktor diýip gol goýup, neşir etdiren Berdi Kerbabaýewi, Mäti Kösäýewi... nesiller minnetdarlyk bilen ýatlamalydyr. – Meniň size şahyrymyz bilen baglanyşykly diňe durmuşy sowallary beresim gelýär. Ol döredilen aýdymlar hakynda hem bolup biler. Sebäbi käbir adamlar aýdym üçin sadadan ýönekeý setirler ýeterlik diýen pikirde. Akyldarymyzyň manyly goşgularyna düzlen aýdymlar welin, diýseň kän. Munuň özi ýokarky pikirimiz bilen çaprazrak gelýän ýaly... – Kompozitor Öwezgeldi Tekäýew öz döwründe Magtymgulynyň goşgularynyň agramly bölegine şirinden-şirin ilhalar aýdymlary döretdi, diňläp, doýup bolmaýan, müň öwüşginli sazlaram şygyrlara şaplaşyp duran. Şahyryň eserlerini halka ýaýratmakda şol meşhur aýdymçynyň bitiren hyzmaty abyrsyz. Şygry kämil okap bilýän zehinli artist hemem ussat aýdymçy çuňňur akýan ýaba oturdylan gadym suw jykyr kysmydyr, olar goşgynyň şiresini susup alyp, diňleýjileriň kalbyna akdyryp, teşnelikden gandyrýan täsin sungatyň eýeleridir. Umuman, biziň köneki gelýän ýolumyz boýunça, iň gowy goşga saz düzülmeli. Bu hökmany şert. Halk aýdymlarymyzyň haýsyny alsaň, alyp göräýmeli. Emma soň-soňlar kompozitorlar nirede bir öwrenje şahyrlaryň gowşak goşgusy ellerine ilse, şoňa saz ýazdylar. Pessimizm diýdirmejek bolup, ýeňil aýdymlary döretdiler. Görýärmiň, Ogultäç, şol Magtymguly bilen Nury Halmämmedowyň aýdymyny püçege çykaryp, gaýtaranlaryň soň-soňlaram müň ýerde kösti ýetýär. – Şahyr ýazypdyr, onda-da nädip ýazypdyr! Ýöne Aýhan Hajyýewiň ilkinji bolup çeken suratyndan başlap, şahyra bagyşlanan goşgularam, dürli eserlerem kän ahyryn. Şolardan kiçi, uly gowrümlidigine garamazdan, haýsy birini has gowy görýäňiz?! Belki, öz romanyňyz?! Ýa juda beýle-de dälmi? Ony okyjylaram aýdar-la! – Çeper filmiň ssenarisidir-romandan daşgaram Magtymgula bagyşlap, birnäçe goşgularam döretdim. Şolaryň diňe birini okap göräýiň. PYRAGY Namasy-aýdymlary, Her setiri, her bendi, Güwälik aýdanlary, Merdiň kasamy-andy. Tümlükde ýagty üçin, Söz mülküň tagty üçin, Türkmeniň bagty üçin Çyn nury çyrag ýandy. Humaýunmy-şeýdamy, Müň ýyldan bir peýdamy?! Edebiýat meýdany Sürüldi, galman manny. Ýalan söze busulman, Rast aýt, set müň usul bar. Ykrar kapyr-musulman, Parh ýok şaýymy-sünni. Dürler saçdy galamy – Perişdeler salamy. Uýýarys – bar kelamy Arşy agladan iýndi. Aýdyň, ylym o harda? Diýmeý “Ol eý, o horda”. Hywadamy, Buharda, Arap-ajam-u Hindi... Ne bar gördi jahanda, Beýan kyldy – şahandaz. Asal ezdi dahanda, Ezdi nabady-gandy. Ýunan bilen Kybrysdan... Gaýdan dessan-şygrystan. Magtymguly – Şygryslam, Kuran-Kerimden zandy. Peçan aýplar ýaşyrlan. Müň bir many basyrlan. Dişi ötmez asyrlaň, Elinde keser-syndy. Duýgudyr pikri ulap, Şygra siňdirdi gülap. Yz däl, öňden gol bulap, Kakýar geljegiň zaňny. – Romanyňyz bilen bagly şeýleräk sowaly beresim gelýär: Çagakak «Magtymguly şahyr» diýilse, dag, dag ýaly keşp göz öňümizde janlanardy. Ol siziň eseriňizde nähili? Asyl, halkyň ynanjyny, ýüreginde diken heýkeliniň hatyrasyna şahyryň daşky keşbine edebiýatyň hatyrasyna täzeräk öwüşginlik çaýyp bolarmy? Ýa ony nädogryrak hasaplaýaňyzmy? Meselem, «Kelte boýly adammy, şonlugyna galsyn!» diýýäňizmi? – 1957-nji ýylda neşir edilen “Magtymguly hakynda halk rowaýatlary” kitabynda Magtymguly Pyragyny gözi bilen gören adamyň sypatlandyrmasy: “Ortadan uzyn, siňirlek, pakgy gulagy otagaly (gulagynyň içinde gyly çogup, daşyna çykyp duran), ýaýlyp ýatan tüňňüräk maňlaýly, ýuka dodak, kak çekge (agaçet), oňurga burun, selçeň sakgaly döşüni ýapyp duran adam”. Edebiýat nazaryýetinde harizma diýen adalga bar, ony türkmençeleseň, keramata ýakyn many berýär. Magtymguly hakdaky ýazan eserlerimde birinji nobatda onuň keramatyny açmaly diýen wezipäni öz öňümde goýdum. Ony nädip edenimi aýdyp otursam, ol eserleriň gyzygy gaçar. Nesip bolsa, çeper film surata düşürilse, kitaplarym okalsa, şonda tomaşaçylaryň, okyjylaryň özleri göz ýetirerler, mynasyp bahanam özleri bererler. Men häzir eýle etdim, beýle etdim diýip durmaýyn. Baha bermek hemişe wagt bilen halka degişli. – Gürrüňdeşligiň bir ýerinde «Gurbannazar şahyr hakda roman ýazýan» diýipdiňiz! Oňuna bolsun! Şahyryň Magtymgula bolan garaýşyny bilesim gelýär. Ýa ony eseriňizde ünse çekmediňizmi? – Hawa-la. Magtymguly bilen Gurbannazary bir-birinden aýryp bolmaýar, olaryň biri türkmen poeziýasynyň tyla Güni bolsa, ikinjisi täze dogup gelýän altyn Aýydyr. Ol hakda täze romanda giňişleýin beýan ediler. Sözlükde pişge sözüne şeýle düşündiriş berilýär: Ýuwlup, darakda daralyp, egirmäge taýýar edilip goýlan bir düýrüm ýüň. Romanyň “pişgelerini” taýýarlap, dynyp barýaryn. Nesip bolsa, ýakyn wagtda ol eseriň daşyna çynlakaý geçerin. Niýetim boýunça, şu ýylyň ahyrlaryna “Hakdaniçen” atly romanymy ýazyp gutararyn. Ýöne kitabyň ýazylmagy geň galdyrmaly däl-de, onuň içindäki mazmuny, manysy haýrana goýmaly! Olam okalan çagy belli bolýar. – Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ondan soň döretjek uly eseriňiz hakda-da bir agyz aýdaýyň-da? – “Guly hyýal öldürer”, S.Guldurdynam. Türkmen döwletiniň düýbüni tutujy Gaýgysyz Atabaýew barada düýpli bir roman ýazmak arzuwym bar. Meniň ünsümi şol döwre çeken – akademik dostum Myratgeldi Söýehow, ol şol döwür barada köp gyzykly maglumatlary ýygnap, bir nugasyny maňa-da berdi. Dogry, öň Berdi Kerbabaýewem ýazdy ol barada. Çeper filmem surata düşürilipdi wagtynda. Ýöne şol döwrüň syýasaty zerarly, köp zatlar açyk aýdylman galdy, onsoňam olar kimin halk gerçekleri hakda näçe kitap ýazsa-da, köplük etmez. Täze eserimde esasan Gaýgysyz Serdarowiçiň türkmen ilim, azat Türkmenistan döwletim diýip urýan ýüreginiň söýgüsini, pynhan syrly matlaplaryny beýan edermikäm diýýärin. Romanyň häzirlikçe şertleýin ady “Gaýgysyzyň gaýgysy”, soňlugy bilen bu at üýtgemegem mümkin. Çünki, adyň içinden eser çykman, eseriň içinden at çykmaly. – Magtymgulydyr Gurbannazar barada gürrüň edip, häzirki zaman türkmen poeziýasy hakda agzaman geçmek kemlik bolar. – Halk arasynda erkin formada ýazylýan şygyrlara ak goşgy diýilýär, onuň ylmy adalgasy werlibr. Häzir dünýä edebiýatynda werlibre köpräk ýykgyn edilýär. Arada halkara Poeziýa gününde Russiýanyň telewideniýesinde bir gepleşikde 4-5 şahyr çykyş etdi, hemmesem ak goşgy ýazýan eken. Türk poeziýasy-ha eýýäm ýüz ýyldan gowrak wagt bäri tutuşlaýyn diýen ýaly şol ülňä geçen. Bizde-de Suraý Babanyýazowa, Has Türkmen tahallusly Wepa Çaryýarow, Sylapberdi Muhamow dagy bu ugra içgin girişip ugradylar. Olaryň biri Mary welaýatyndan, beýlekisi Nohurdan, üçünjisi Daşoguz welaýatyndan, muny ýörite nygtamagym az-azdan tutuş ýurdumyzyň çar künjüne-de ýaýraýar diýdigim. Werlibr ýöne bir öňki nusgawy ölçegleriň saklanmazlygy ýa-da kapiýasyz ýazmak däl, onuň many-mazmuny, owazy, tutuş modeli hem düýpden üýtgeşik-täzeçe bolmaly. Bu ýagdaý hyjuwy derýa deý çyrpynyp-lemmerlenip duran Sakarçägede hünärmençilik mekdebinde marketing boýunça sapak berýän mugallyma Suraý gyzyň batyrgaý ýazlan pafosly ak goşgularynda hasam göze ilerlikli, olarda öz-özünden partlap-ýarylýan, nyşana tarap ok bolup atylýan pikirler-duýgular bol. Ol ýaş şahyrlar maňa hormat goýup, halypa diýip ýüzlenip, internet arkaly eserlerini görkezip durýarlar, menem öz onlarça ýaş şägirtlerime guwanýaryn. Aýtmak ýerlikli, erkin formada şygyr ýazmaga türkmen edebiýatynda öňem käbir synanyşyklar edilipdi, K.Gurbannepesowam, A.Haýydowam, A.Atabaýewem, Y.Amangeldiýewem, özümem, emma o diýen ugrugyp gidibermedi, belki, bu iş indiki nesle başardar. Aldy-çaldy ýaly goşa işlik, garpyz-narpyz ýaly goşa at-isim kapiýalaryny özüm-ä rifma-da hasaplamaýaryn, gowşak, ýeňiljek, nalajedeýin kapiýalaryň bolanyndan bolmany eý, olar diňe gaharyňy getirýär. Ine, meniň şägirtlerimiň täze saýlap alan telwasly ýollaryna – ak goşgulara garaýyşym şeýle. Werlibre başda öwrenişmek kynam welin, assa-ýuwaşdan okasyň-diňläsiň gelýär, küýseýärsiň. Diýmek, bize ol hili şygyrlaram gerek. – Il bahbitli işiňizde üstünlik miýesser etsin, halypa! – Minnetdar! | |
|