09:53 Çarh / 1-nji kitap -18 | |
Öz saýlan ýolunyň oklaw ýaly gönüligine ynanyp ugran, Nedirguly mojugyndan mojugyny tapdy. Ýöne geň ýeri arasynda edýän herketleriniň käsi maňza batmanam duranok, kä gürrüňleri diňlemek üçin biçeme-de däl. Hälki murtlak ýaly biri tahýasyny kellesine gyşyk geýýär. Nedirguly märekänň içinde oňa düzüw geý diýip, aýtdy. Üçünji gezegem şol ýagdaýda duşanda, tahýa ýene gyşyk.
Taryhy proza
--Tahýaňy şahyňa geýme diýip aýdylmadymy? Näme meniň sözüme düşüneňokmy ýa äsgermediksireýäňmi? Ýa aýdar-diýer, goýar öýdýäňmi? Öň iki gezek duýdurdym, sylagyňy bil ahyry, häzir kelläňi pyzlawuk kädi ýaly kakyp goýbersem, şu oturan mähelle meniňkini dogry tapar, mähelle näme, öz dädeňem menden aýp tapyp bilmez. Şu sözüme dünýän bolsaň, näme üçin bir sözi gaýtalatdyryp dursuň? Ýa gazabymy görme sapaň barmy, bidöwlet? --Aý, agam, bu kelle guzulygyna gyşyk, tahýamy näçe düzetsemem, ýene gyşaraýýar, hiç alaç tapamok. --Guzulygyna gyşyk bolsa, işşek çykaryňa garaşyp durjak däl, halallaýjak – diýip, gylyjynyň gadal ýüzi bilen iki öwran saýdy welin, ýaňky ant içip, awy ýalaberdi: --Gulluk-ow, aga, gulluk, indi tahýamy şahyma geýenimi görmeg-ä däl, eşitseňem, kellämi al-aý! --Meniň demim düşýän jelegaýynda adam şekilli gez! --Hoş bolgaý, aga! Bul-a bir, ikinjidenem, il içinde şer gözläp, yrsarap ýörenlerem azaldy, ökde ökdäni görende aýagy tibirdäre bardy, imi-salalyk. Tokaýa şir giren ýaly. Adamlaram “Bir ýamanyň bir ýagşysy olmazmy” diýişdiler. Abywerde ýerli ilat Bawerdem diýýär, onuň hanam Babaly Gypjak, il içinde ýörgünli adam – Köse beg. Bawerdiň hanyna arz düşüp ugrady, yz-yza: --Iki galtaman ile ot ýakdyranok, salgydy uludan salýar, biz saňa tölälimi ýa oňa? Bawerdiň hany gazap donuny geýip, nökerlerini iberip, Nedirgulyny ýanyna çagyrtdyrdy. -- Beýewwar getiriň ol tüýsibozugy! Köp garaşdyrman, Nedirguly han gaşyna geldi, Babaly Gypjak ony depesinden dabanyna çenli bir laý synlady, görse, gözüňi dokundyryp duran tegelek ýüzli, balkyldap duran goçak gözli, şar gara saçly, daýanykly, çiginlek, giň maňlaýly, babyrbilek, sesi güňleç, edrenç bir dogumly jigit – Ärmämmet diýilýänleriň hilinden. Ol hakda eşitmesine-hä öňem eşidýärdi, pylanmyş-pismidanmyş, eýdipmiş-beýdipmiş, urupmyş-öldüripmiş... diýip. Emma wagty geler-dä diýip, baş galdyrman ýördi, “Alma bişer, teýine düşer, menem şonda bokurdagyndan basaryn” diýip, ine, wagtam geldi, özem geldi, ol hakda aýdylýanlaryň ondan birine gulak gabartsaňam, bu ganojak bidöwleti duran ýerinde boýnuna syrtmak atyp, dara çekseňem, az. Ile-güne ezýet berse, geçip barýan kerweni talasa, adamlaryny öldürse, özüňem şol ýeriň hany bolsaň, ol tetelliniň janyny gabyz etmän, näme, tersine ýüzüni sypajakmy? Köse beg ikinjini saýlady. “Päh-päh!!! Tüýs menim diýen zaňňarym eken-ha – diýip, Bawerdiň hany içini gepletdi – Derhal ýanyma alaýyn, eglemäýin, bu tetelli edrençler garadan gaýtmaýar, selle getir diýseň, kelle getirýänlerden, şunuň eli bilen ot gorsaýyn, kim etdi – Nedirguly etdi, peýdasy kime – maňa. Gaňryşyma gidenleň üstüne küşgürerin, bu – syrtyny çöpe diräp, ilden hyltyny çykýanlardan. Sähelçe ýel bersem, tüweleý turuzjaklardan. Arkasynda dursam, goltugymyň aşagyna goýbersem, meni hudaýy saýyp, öňümde büküler, tersine halkam ýer garbatdyrar. Onsoň hanlygyň içinde ol-a ýaman atly, menem ap-ak jüýje. Munuň ýalyda ilim-günüm, halal-haram, adalat, rehim-şepagat diýen düşünje bolmaýar, agzynyň ýeten ýerini goparýar, uly ýoluň ugrunda oturdyp, geçene ulukjyn açdyr diýseň, aýdanyňdanam bäşbeter berjaý edýär, ony gören raýatlarym ýumjugyny ýumar, ýuwaşar, maňa begligi ýöretmek aňsat düşer. Ol-a meniň adymdan ýyksyn-ýumursyn, çemgelen ýeriň çamalagyny çaşyrsyn, menem bihabarsyrap oturaýyn galamda öz keýpim-sapam bilen”. --Dabaraňy eşitdim, ýaman däl. Özüňi gördüm, synym oturdy. Seni özüme nöker edip alýan, hünäriňi-yhlasyňy görkez, arkaňda özüm duraryn, bakaýyn-synlaýyn, bahaňy soň bererin, şu günden başlap, näme etseň, meniň adymdan eýläp-kylyber. Nedirgula-da geregi şol, asmandan arany ýerde gowuşdy. Indi gör gurt oýnuny, indi gör tomaşany, synlap ýetişseň, zor boldugyň. Ertekidäki hatly tilki ýaly Babaly Gypjagyň beren tarhanlyk haty maňlaýynda, sytynda-da “Sen dur, men öleýin” diýip duran birgiden dişlerinde et galan garadan gaýtmaz ýaragly nöker. Halky birýanyndan pyr-pyr pyrlandyryp, göýä goýun sürüsine böri daran ýaly ediberdi, geregini iýdi, gerekmejeginem parçalap-ýaralap, ysgynyny alyp goýdy. “Sakla samany, geler zamany”, haçan ýalmap-ýuwudaýyn diýse, taýyn aş. Köse begiňem namartlygy onuňkydan peslär ýaly däl, öz gözüne ýek görünýänleri “Pylanylar-pylanylar üstüňden arz etdi, ýöne men seni dogry tapýaryn” diýip, olaryň atlarynyň kimlerdigini ýeke-ýeke sanap berip, üstlerine öjükdirdi. Han nökeri Nedirgulam olary tapyp, başlaryna itiň derisini geýdirip, ýurtdan göçüp gider ýaly etdi, göçüp däl – gaçyp, biçärelere ömriboýy toplan mal-mülküni, öýüni-öwzaryny taşlap, sopaş gara başyny gutarsa, toý berer ýal edip. Nedirguly her gün bir hokga çykarýar. Onuň ogry-jümri bilen kän seri ýok, aý, näme, gaty gidiberse, özüniňem şolar bilen süýekdeşligini ýüregi syzyp dur. Iliň malyny ol ogrular ýaly gijede-girimde aňtap, bukulyp aldyň näme ýa-da ýurt begine arkaňy diräp, Nedirguly deý halkyň iki gözüne basyp aldyň näme? Ikisem şol bir poh! “Ondan ýene şu ganymat” diýer ýalysy ýok. Goňşa-golama, ile-güne yrsarap, azar berip ýören pidullar bilenem onuň işi ýok, çünki, özem şolardan. Galyberse-de, ýamanlar öz hyýanatyny, garaz, gizligin edýär, beg nökerlerine bildirenok. Onsoň Nedirgulynyň gözi işläp, gazanç etjek bolýan, hak diýip, dogry ýöresem diýýänlerde, olardan kän zat ýok, olar gizlenmelidirem öýdenoklar, arkaýyn öz işleri-günemalary bilen gümrä bolşup ýörler. Nedirguly welin bahana tapýar “Şu işi etmegi kimden soraşdyňyz? Kim rugsat berdi?” Aýdaly, tamdyrda çörek bişirip satýan kimden rugsat almalymyş? Gaýta tomsuň yssysynda gyzgyn tamdyra boýnuny sokup, gyzyl oduň içinde işläp durana sag bol aýtmaly dälmi? Nedirguly ol zatlara düşünenok, düşünesem gelenok, biçäre halky halys öz gününe goýanok, baran ýeri şer-gopgun. Köse beg ony başda onbaşy, sähel salymdanam ýüzbaşy edip belledi, wezipesiniň ýokary göterilmegine görä, Nedirgulynyň ile berýän ezýet-hupbatam ýüz esse artdy, halkyň gerşinden näçe aşak basylsa, ýerden başyny galdyrýanlar azalýar, onsoň Babaly Gypjak üçin begligi dolandyrmagam aňsat düşýär. Her kimiň derdi özüne ýetik, äwüp-säwüp, birden gaýgy-aladadan dynyşaýsaňam, gözagyrysy ýaly bolup Nedirguly ýetişýär, ýetişýärem-de, başyňy gora sokup gidýär. Başga bir ganym döwlet goşun sürüp gelip, ýurdy basyp alyp, öz baknalygyna geçiräýende-de, ilata onça sütem etmez. Sütem bermekde begiň birehim nökerleri duşmanlardan kän geçiren. Edil ýer urup, ýerde galan halkdan ýaman algylary bar ýaly, ýogsa şol nokerlerem şol halkyň ogullary ahbeti! Çydaman, nirä gidersiň, arzyňy diňlejekleriň özleri sütem etse, sen onsaň kime arz etjek? Begiň aýagyna ýykylsaň-a, Nedirgula tabşyrýar, onuň näme etýänem düşnükli. Öňki arz eden pakyrlaryň nä güne düşeninem bilmeýän barmy, ýer gaty, gök yrak, arkasynda-da Bawerdiň begi dur, abanyp. Öňem çekinýän-eýmenýän adamy ýogam welin, Köse begden gylaw tapansoň-a, Nedirgulynyň gypynç edýän kişisi ýok, edýän karamlygyny-haramylygyny hiç kimden örtjek-gizlejegem bolup, azara galanok. Hemişe para-peşgeş gizlinräk alşylyp-berşilýän zatdyr öýdýän halk haýranlar galdy, ylla gyzan bazaryň orruk ortarasynda söwda eden ýaly, ýogyn sesini edip, Nedirguly ilatyň boýnuna arkaýyn şert goýup, aç-açan gepleýär: --Adalat gerekmi size? Men şol adalat! Ak diýsem ak, gök diýsem gök. Pylança getirseňiz-ä, günüňize goýýan, tapmasaňyzam, siziň ýakaňyz, meniň elim. Syparys öýtmäň! Eger päliňiz azyp, birden üstümden arz-şikaýat edip, begiň işiginden barsaňyzam, öňünden aýdaýyn, ikä düşersiňiz. Ilçilik-dä, garaz, çekýän jebirleri etden geçip, süňke ýetensoň, süňkden geçibem, ýilige baransoň, halk içinde ikujyny deňläp, näme bolsa, şol bolsuna salyp, demiň bilen dag ýarýan haýbatyňdan çekinmän, dogry gepi bäbenegiňe bakyp, mertlerçe aýdyp bilýänlerem tapylaýýar, şolaryň biriniň aýdan awuly sözi otursa-tursa, Nedirgulynyň içinden çykmady: --Gaýtawul göremok diýmegin, Nedirguly ýüzbäşy, her gymyldyňda halky ýeňýändirin öýdýänsiň welin, sen öz geljekki nesliňe zeper ýetirersiň. Ýedi arka, Kyrk arka diýen zat bardyr. Şu edişiňe görä senden ýaýrajaklaram syrtyny hana-soltana diräp, halka gan gusdurarlar, gargyş iýerler. Hudaýam olar ýalynyň soňuny ýitirip goýberýändir. Seniňki ýitse, jähennem, ýöne Ymamguly possunçynyň neslini ýitirersiň, kakaň iliň gözünden düşen adam däldir. Sen nireden beýle zalym doguldyň? Unutdymmykam diýse-de, aýlanýar-dolanýar-da, ýadyna düşäýýär ýaňky içiýangynlnyň sarnan sözler. “Sen nireden beýle zalym doguldyň? diýip, nämä kakdyrýarka? Özümi şu jelegaýyň iň epeý kişisi hasaplap ýörün welin, meni çöp düýbä ýanap dur-la. Ol işigaýdany indi öldüreniňden ne peýda? Ol eýýäm diýjegini diýdi, ol meni öňürdip, hanjaryny gursagymdan saldy” diýip, gazap atyna atlanýar. Hasam onuň nesli barada aýdanlary agzyndan gan gusdurdy. “Men munça maly-baýlygy toplap, yzymda-da nesil galmajak bolsa, bar azabym ardurja köýjek-dä. Ýöne ömrüne haram iýýän ýeke menmi? Olaryň-a nesli bösňäp-ýaýrap gidip otyr. Ilden meniň nämäm kemmiş? Ýogsa-da, men haram iýsem, neslimem şony iýer-dä! Aslynda, bu dünýäde halal-haram men jahana inmänkäm garym-gatym edilen. Indi ony nätseňem, seçip bilmeýäň. Men öz doglan dünýäme görä ýaşaýaryn. Nesillerimem näme, her poh iýsinler, hor bolmasa, bor. Horlugyň nähili aýylganç zatlygyny men kişiden sorap bilmeli däl, aýagym-golum gandally, gul bolup, başymdan geçirip bilendirin” diýen ýowuz netijä geldi. Begiň başyna giden nökerleri bilen ýakalaşaýyn diýseň, güýjüň asgyn, kazylaşaýyn diýseň, kazy öz bellän adamy, eýläk ýatsaňam-beýläk ýatsaňam, olaryňky mamla. Olar tarapyndan berilýän tükeniksiz ezýete-de çydar ýaly däl. Üstüňden dökülseler, gep düşündirjek miltiň ýok, rehim ederler öýdüp, perişan ýagdaýyňy aýtdygyňça olaryň göhi gelip, has beterine tutýarlar. Jebirden dagdy halkyň pygan-perýadyny Abywerdiň begi Babaly Gypjagam eşidýär, näder öýdýäň, murdar syrtaryp, ýyrşarýar, oňa geregi şol. Süteme döz gelmeseň, arz edere ýeri ýok bolsa, galyň bende uwnup-çydaman, teý, başga alaç galmansoň, haýsydyr bir duşman döwletiň çozup, özlerini basyp alyp, öz tabynlygyna geçirse diýip, dileg edip ugradylar: --Iň zalym ýagam şulardan ýüz paý gowudyr. Eliňde-aýagyňda baryňy-ýoguňy berip, öňünde iki bükülseň, aman dileseň, hasratyňa ganym kapyryň dözmezçilik etmegi, muşakgatly ýagdaýyňa düşünmegi mümkin, garaz, olaram ynsandyr-a, ene süýdüni emendirler-ä. Nedirguly başlyklaýyn, begiň nökerlerinde welin rehim-şepagatdan nyşana-düşnük ýok, olarda adamçylygyň ysy galmandyr. “Köpüň dilegi – köl” işsizmi-işlimi perişdeleriň biri bu dilegleri eşidip, bilmezlikde el galdyryp, ämin etdi, onsoň dileg kabul bolmazmy? Öň ençeme gezek Hywa hanynyň ýagly omaça çeýnäp, dişinde et galansoň, ýene ýüregi syrylyp, işdäsi açyldy, aşgazany edil üstünden ýedi ýyl aşan köne esgi bilen süprülen kibi, talaňa tamşandy, üstesine-de içalylary oňa ýararly habaram getirdiler: “Abywerdiň halky beglerinden juda närazy, öň bizde gul bolan bir bidöwletem oňa syrtyny diräp, ilata gan gusdurýar, eger häzir üstlerine goşun sürlüp barlaýsa, begiň arkasyny aljak adam ýok, aňsatjak ýeňiş gazanyp bilýärsiň. Abywerdiň ilatyny ählijesi Hywa hanlygynyň tabynlygyna geçmäge döwtalap. Hem birgiden oljaň bar, hemem ýyl salgydyňy salyber, içi zerli huma el urýarsyň, han aga, basyp alyp, galasyny ýumurmak üçin, keliň saçy ýaly sanlyja serbazly begleriniň kellesini aýagyň aşagyna togarlamak üçin häzir iň amatly pursat”. Hywa tarapdan Abywerde atly-ýaragly 8 müň goşun bulut süýşüp, doly ýagan kimin eňterilip, çozup geldi: “Atyşyňam bolsa, tutuşyňam bolsa, Alynyň ala meýdanyna gel, çyk!” diýip. Gorkusyndan ýaňa ýüregi ýarylara gelen Babaly köse gyssagly ýagdaýda serbazlarynyň hemmesini öz galasynyň töweregine toplap, goşunyna Nedirgulyny baş etdi, halkam “Indi-hä bu zalymlaryň burnundan geläýmezmikä? Aý, şul-a bolaýdy, pällerinden tapmazlarmyka?” diýip, diňşirgendi, emma ilatyň bu tamasam tala daňyldy, eden çaklary çykmady. Tersine Nedirguly goşunbaşy halkyň burnundan getirdi, garry diýmän, ýaş diýmän, hemmäni birýanuçdan gylyç-naýzasyny somlap gelýän ýagynyň agzyna tutdurdy, gaýgyrman, ajalyň öňüne sürdi, “Ýarag tapsaň, ýaragyňy al, tapmasaň, kelläňi ýalaňaçlap çyk, ol öz işiň!” Ine, Nedirguly tarapyndan berlen perman-a şu. Götinjeklänlerem ýaga galdyrman, özi çapdy, beýlekilere göz edip. Halk galdy iki oduň arasynda. Öňe gitse – hywalylar, yza gaýtsa – öz begleriniň serbazlary boýunlarynyň çykan ýerinden gylyç salyp durlar. Ilat janhowulyna bosup, eline ilen zady – gylyçmy, çarşakmy, pilmi, palta alyp, duşmana tarap çozdy. “Ýeňjegimiz ikuçsyz, oljadan paýymyzy bolja alarys” diýip, gaty ynanyp gelen hywalylar garpyşykda it masgarasy bolup, ýeňildiler, “Halk begiň arkasynda durmaýar” diýlen gepe bil baglan ýagy beýle gaýtawula duçar bolaryn öýtmeýärdi. Jany karkara gelen millet ölsem-öleýine salyp, talaňçylaryň dogry maňlaýynda çykyp, döş-döşe diräp, maňlaýy maňlaýa urup, jan alyp, jan berip söweşdi. Maňlaýy maňlaýa süsenlerinde abywerdlileriň maňlaýy hywalylaryňkydan kän gaty geldi. Duşmanlaryň gaçyp ýetişenleri janyny gutardy, galanlaram, näme, basyp almaga gelen ýerlerini bagyrtlap-guçup, hamala “Maňa şu süýnen ýerim aňryýany bilen ýetýär” diýip, butnaman ýatan ýaly. Abywerdlilerem “Geregiňiz şol ýer bolsa, alyň, nesip etsin!” diýip, ol jesetleri gyrgynçylygyň bolan ýerinde jaýladylar, köne dünýäde täze mazarystanlyk döredi. Iki tarapyň merhumlaram ýer teýinde ümsüm ýatyberdiler, halkam ýarasynyň ganyny sarkdyryp, öýli-öýüne dargady. Körabraýam Nedirgulynyňky “Kim ýeňdi? Nedirguly goşunbaşy ýeňdi!” elmydama giden milletiň bitirýän işi, gahrymançylygy başga bir adamyň adyna gidýär, iň bärkisi, Abywerdiň beg-ä bu ýeňiş Nedirgulynyňky diýip hasaplady. Içigargalan, ýeri, ölermiň-ýitermiň, ýagy çozup, ýurt başyndan betbagtçylyk-külpet inmegem ýene ol dowzah nyşanaly zalymyň peýdasyna-la! Indi haýsy zamanlardan bäri Abywerd Eýran döwletiniň gol astynda-tabynlygynda, Hywadan gelen ýagynyň täk öz güýçleri bilen peýkun edilenini Yspyhandaky patyşa Soltan Hüseýine gyzgyny bilen buşlamaly hemem iş bitiren hökmünde, onuň dergahynda gowulykda görünmeli. Babaly begiň üç ogly bar, patyşanyň gözüne gowy görünmek üçin amatly ýagdaý, ogullarynyň haýsam bolsa birini iberäýmeli. Soň öz ýerine beg bellenende-de abraýly bolar ýaly, ýagşylykda soltanyň gözüne ilse gowy. Beg bellenişikde “Şol ýanyňyza ýeňşiň buşlugyny elten-dä” diýip, ýatlaýmaly. Şeýdip, taýýar aşyň eýesi edip, giden halkyň azabyny öz ogluň adyna geçiräýmegiň müddeti geldi. Aw atymda dur. Emma Babaly Gypjak Nedirgulyny iberdi, ony öz ogullaryndan ilerde goýdy, öňem-ä ondan ýaňa göwni bitindi, şu söweşden soň-a hasam. Yspyhanda şa köşküne baranda Nedirgulynyň çagalykda gören şol düýşi ýadyna düşdi, köşkem owadan welin, düýşde göreni has üýtgeşikdi – şugla saçalanyp duran. “Köşküň hyzmatkärleri bütin gije gözlerine çirim etdirmän, içini ýuwup-ardýarmyşlar” diýip eşidýärdi, Nedirgulynyň eşdişindenem bäş-beter eken. Lowurdy gözüň ak ýagyny iýip gelýär. “Hernäçe tämizleseler-de, bu ýere arassa ýol bilen gelinmeýär, kim näçe nejislik edip bilse, bu ýer şonuň orny, şulardan gaýdan enesinden dogmasyn! Ýüzüme sylaýyn, soň gelip oturmaly ýerimdir” diýip, metjide giren deý, sag aýagyny basyp girdi, ellerini ýüzüne syldy. Ýöne wagt Hudaýyny tanamaýan kişi şunuň ýaly ýerde Allanyň adyna hamd aýdyberýär. “Ýa bismylla! Ýä Jelle Jelil Jelalyhu! Tyla tagtda oturmak bize-de nesip etgeý?” Iki gözem töwereginde. Gören zatlaryny ýat bekleýän kibi. Soň ymykly gelende, baryny birme-bir sanap alar ýaly diýýän deý, hamana. Bu haýbatly ymaraty ilki görende daşyndan o diýen bir haýrana galmasa-da, girensoň, köşküň içi onuň başyny aýlady, aýlanmaz ýalymy – sap altyn-zümerret. Nedirgulynyň haçan gören zady? Aýaklaryndan ysgyn-deramat gaçyp, tas göwresi bir gapdala agypdy, hernä gyssanjyna elini diwara diräp ýetişäýdi, birküç gezek uludan dem alyp, ýürek urgusyny dürsedi. Häzir ol soltanyň ýanyna girmeli ahbetin, saňňyldap, agzy gowuşman dursa, nädip bolar? Sözüňi ýeke-ýeke jaýlap-tükelläp aýtmasaň, başyňda ne gopjagyny näbilýäň? Şu mahal ýa eýläk, ýa beýläk ýatylmaly müddet. Mundan bu ýanky takdyryň soltanyň gaşynda özüňi alyp baryşyňa bagly. Gyzyl görse, Hydyr azýan bolsa, Nedirguly näme azmazmy? Ol köşke gelmezden öň azgyn kemi ýok. Ömrüne ýeke gezegem ine-gana doýup-dolup görmedik açgöz bakyşlary köşküň içindäki baýlyklaryň baryny birdemde ýalap-ýuwdaýsam diýýär, bardy-geldi, baryny ýuwdaýanda-da, doýjaga meňzänok. Soltanyň baýlygy uly döwletiň dört künjünden derýa ýaly özi akyp gelýär, Nedirgulynyňky deý urşup-ýakalaşyp almaly däl. Patyşanyň içi gymmatbaha daşlardan hyryn-dykyn doldurylan köşki Nedirgulynyň garaçygyny doýurmaýan bolsa, onda onuň nebsi dagy nähilikä? Çaky aňrysy gorp atyp ýatan bolmaly. Bir mahal çagaka gapylaryndaky näme berseň, hapyr-hupury bilen baryny dannaman, ýuwdup duran gara öküzleriniň nebsi munuňkynyň ýanynda hiç zatdyr. Nedirguly köşküň içine ýene bir öwran göz aýlady-da: “Eý, sen, mundan ýüz ýyl ozal dünýä meşhur şa Apbasyň besläp-bejeren tylla köşki, nesip bolsa, sen maňa galarsyň!” diýip, işdämenlik bilen yz-yza ýuwdundy. Ilki ony bir bezelen otaga salyp, şu ýerde garaşmagy buýurdylar, otagyň içinde özünden başga hiç kimse ýok. Nedirguly esewan etse, çüňkde gapagy açyk kiçijik sandyk dur, içem durşuna lagly-zeberjet, zeberjet diýilýäni altyn öwüşginli sarymtyl-ýaşyl öwüsýän gymmatbaha daş. Ýekeje dänesini ele salyp bilseň, bütin ömrüňe sowalgalyga ýetjek. Kimdir biri bärde galdyryp, sandygyň gapagynam ýapmagy ýadyndan çykaryp gidipdir. Nedirgulynyň birçakky ogrulyk damary tyrsyldap-tisginip, oýandy, “Sandykdan bir gysymyny alyp, kisesäme ataýanym-da, bilip durjak barmy? Baýlygyň üstünden gelip, boş çyksam, günä özümde. Şeýdenim bilen patyşanyň baýlygy egsilip durmy? A meniň bütin ömrüme ýetjek”. Emma birden birmahalky eden ogrulyklary ýadyna düşdi, her gezegem ogrulyyň üstünde gapjaldy, olardan şapbat-ýumruk iýip sypdy, bärde welin sähelçe etmişiň üçin kelläňi pyzylawuk kädi ýaly kakýarlar. Gorkak eli batyr eliniň üstünden basyp saklady: “Gorkajyk olam – sagja olam”, “Bir emmasy bolmasa, guýruk munda nä ýatyr?”. Bu sandyk däl – duzak, kement, barmagyňy batyrsaň, gapana düşýäň, boýnuňdan dar agajynyň syrtmagy iler. Ýörite çakylykdan soň Nedirgulyny iki taraplaýyn ara alyp, soltanyň kabulhanasynyň agzyna eltip, garaşmalydygyny aýtdylar. Birsalymdan kabulhananyň gapysy açylyp, içinden peşeneli adamlar çykyp ugrady, Nedirguly olaryň daşky sypatlaryndan çen tutup: “Şular-a alym kişilerdir” diýip çaklady. Soltanyň bir weziri gelip, Nedirgulyny soltanyň kabulhanasyna saldy. Içerde soltan bilen ýene biri bar eken, ol çykyp giden ýoldaşlaryndan yza galyp, ýetişip bildiginden soltany mahabatlandyrýar: --Soltanym, siziň diýjek sözleriňiz kalbyňyza asmandan inýär, edil pygambere Jebraýyl eminiň üsti bilen Hudaýyň wahylarynyň inişi kimin. Eger siziň aýdan sözleriňizi kitap etseň, asmandan inen mukaddes dört kitabyň bäşinjisi bolýar. Rugsat berseňiz, şol kitaby siziň adyňyzdan men ýazyp taýynlaýyn. Muhammetden soň pygamber bolmaýar diýýärler, eger ýene bir pygamber döremeli bolsa, siz şolsuňyz, siz beýik Taňrynyň ýerdäki wekilisiňiz. Äl, munuň ýaramsaklyga ezberligini, bir gözi soltana gülüp, seredýär, beýleki çaşy gözem sermenip, töwerekden indi aýtjak sözlerini gözleýän ýaly, iki ýana elek-çelek. Soltan barmaklary bilen bir yşarat etdi welin ýaňky alym götinjekläp çykyp gitdi. Soltan Nedirgulyny alyp gelen wezire ajysyny pürkdi: --Ýaňky Aşur Paltaçyny gaýdyp meniň ýanyma salmaň, ol tök çaşy köşke-de aýagyny sekäýmesin! Indi ýigrimi ýyldyr şol bir sözüni gaýtalap ýör, ondan bizarym çykdy. --Lepbeý, soltanym – wezirem Nedirgulyny patyşanyň gaşynda galdyryp, çykyp gitdi. Nedirguly geplemäge ejaza berilýänini aňyp, iki bükülip, öň içinden taýýarlap goýan, ýat tutan sözlerini birdemde wazyrdadyp, aýdyp berdi. Soňundanam soltanyň bir zat diýerine garaşdy, eger gürläp ugrasa, her sözüne, her harpyna başyňy silkeläp, “Rast aýdýarsyňyz, belent mertebeli soltanym!” diýip, tassyklap, bardy-geldi degişme söz dagy aýdaýsa-ha, onda böwregiň böküp, gözleriňi ýaşardyp, gülkiňi agzyňy tutubam saklap bilmedik bolmalydygyny Nedirguly bilýär. Habar Soltan Hüseýiniň göwnüni galkyndyrdy, habary getirenem, ine, gözüňe söweýin, Rüstem pisint gerçek. Patyşanyň sowalyna pert-pert jogap berýär, asyl-asyl gypynç edenok. Türkmen milletindenligine garamazdan, başga halkyň dilinde hiç hili ýoýman-etmän, pars diliniň Yspyhan şiwesinde suw içen kibi saýrap durmagy soltany o diýen geň galdyrmasa-da, onuň berýän jogaplaryna welin içinden geň galdy, ýene gürleşesi geldi. --Sen begiň nämesi? --Serkerdesidirin, gözel şahym, söweşe özüm baş boldum, duşmana gaýtawul berdim. --Babaly beg bilen näme garyndaşlygyň bar? --Babaly bege hemem size diňe wepaly hyzmatym bar, men siziň guluňyzdyryn, gözel soltanym, ur diýseňiz, uraryn, ýar diýseňiz, ýararyn. Siziň duşmanlaryňyzyň gözüni çykararyn. Siziň öli ýeriňizde öli, diri ýeriňizde diridirin, öňüňizde bükülip durmak, meniň üçin aly bagt. Ýaňam keýerlibräk duran bu serkerdäniň dem salymyň içinde birden aşakişik ýaly müzzerip bilşini görende Solatan Hüseýin içini gepletdi “Hünäri kän-ow, bu eşek ogrusy zaňňaryň, eselibem biljek, peselibem, ikisinem aňryýany bilen başarýar. Ýogsa eselmek bilen peselmegiň arasynda top okuny geçirmejek galyň-küti diwar bar, bu peläket şol diwaryň içinden arkaýyn iki ýan geçip dur, arwahmy-jynmy, jadygöými, ne bela?”. Soltan öz içki pikirlerini gizlemek üçin hemem patyşalara ýaraşa başga tarapdan ýel öwüsdirdi: --Raýatyň ýagdaýy niçik? Mydarasy nähili? Nedirguly bu sowalyň häki bir gözboýagçylyk üçin kiçi dilden bärde soralýanyny bilip dur, soltanyň gara gaýgysy raýat däl, bu sowaly bermek bilen ol, birinjiden-ä, öz tabynlygyndaky Abywerdden gelen çaparyň gözüne raýatyň gaýgysyny edýänden bolup görünjek, ikinjidenem, ýurduna baransoň, Eýranyň patyşasy Abywerdiň ilatynyň hal-ýagdaýyny sorady, içgin gyzyklandy diýen gürrüňiň ýaýramagy üçin edýär. Nedirgulam ýalan söze suwara, ýalan sözüň jogabam ýalan bolar-da, ol şa köşkünde aňsat-aňsat çynyň aýdylmaýanyny bilýär: --Raýat siziň saýaňyzda bagty guçýar, ilimiz öz merhemetli soltanyny alkyşlaýar. “Häzirkimiz ýaly bolelin durmuşy hiç haçan görenem-eşidenem däldiris, üstümizde häzirki soltanymyz durawersin, Alla onuň ömrüni uzak etsin!” diýýär. Bu jogabam makul. Soltan ozi mes ýaşansoň, raýatlaram mesdir öýdýär, dokuň açdan habary ýok, aý, onsoňam, hor-homsy ýaşaýanlarynda hem “Biz bagtly” diýseler, nä kemiň bar? Umuman, jogap ýaman däl, nyşananyň gözünden urup dur, hany, ýene biraz onuň taryna kakyp görsün. --Abywerdiň raýatyna şalyk tarapdan nähili ýardam-goltgy gerek? At tezegini guratman, häli-şindi gaşyma gelip durmuň, külli Eýranyň soltanynyň özi aýt diýip durka, sora şu mahal gerek-ýaragyňyzy. Erteki gün ahmyr çekip, “Aý pylan zady soraýmaly ekenik şonda” diýip, hyrçyňyzy dişleşip ýörmäň. Nedirguly köşkde edýän ýaranjaňlygyňy gizlejegem bolmaly däldigini hiç kimden soramasyz bilýär, düýä münüp, hataba bukman, gaýta tersine göz-görtele ýaramsaklyk etmeli, ýüzüň-gözüň çydamaz derejede, hökümdaryň dergahynda öz desmalçylyk-gylçylyk sungatyňy ussatlyk bilen açyp görkezmeli, sebäbi, saňa-da, soltana-da geregi şol, olam “Näme meni oýnajak bolýarmyň?” diýmez, diýäýse-de göz üçin kiçi dilden bärde sada göwünsirär, kalbyndan welin içi pak-pöňlek sözlerden lezzet alýandyr. Şonuň üçin pursatdan peýdalanyp, ýagdyr depesinden patarrakyny! Solatany ýerde-asmanda goýma, ýürejiginiň küýseýän sözlerini bat kimin öwüsdir, goý, birsalym ýelejiresin, seniň del öwgüleriňden ýüzüne sergin şemal ursun! Haltasyndan çykaryp, buz ýaly ýogyn lors ýylana raks oýnatdyrýan hindi tüýdükçisi kimin Nedirguly soltanyň öňünde owsun urdy: --Raýat hemme taraplaýyn üpjün, eziz soltanym! Olardan güni gowyň öýi ýykylsyn! Olara diňe siziň saglygyňyz, rowaçlygyňyz zerur, gije-gündiz dilegleri siziň saýaňyzda ýaşamak. Ýalan gepi ikisem bilip dur, ikisiniňem gaçgyny çyn-hakykat. Köşk derejesinde muňa ata-baba endik edilen. Ýalan bilen dolandyrylýan ýerde çyna ýer ýok. Çyn ýalany ýigrenýär, ýalanam çyny. Ikisi gyr duşman. Nedirgulynyň içinden kän gezek gaýtalaýan-zynharlaýan sözi şu “Ýalňyşyp, dogryňy aýtma! Ýalňyşyňy ýalan bilen düzet! Boýnuňy oňurjak dogrudan, bagtyňa abandyrjak egri ýeg” Dogruçyllaryň ýalany görse, gazaba galşy ýaly ýalançylaram çyna duşsa, ýylan gören ýaly howpurgap, arkan serpilýärler. Soltan Hüseýiniň Nedirgula syny oturdy “Tüýs köşke gerek adam eken, ýörite okudylyp, tälim berlip goýberlen ýaly, beýle ezber zypdyruny elden sypdyrmaly däl, tüýs köşke ýarajak adam. Ýöne başga tarapdan şu tetelliden gaty seresabam bolmalydyr. Oglum Tahmaspy herhili jogapkärli wezipelerde işledip, barlap, öz ýerime tagta taýynlap ýörün. Ýöne muny golaýyňa getirip, öwrenişdirseň, seniň lellim ogluňy eşege ters mündürip, aňňalak gapdyrar”. Nedirgulam özünden ökdäniň öňünde desmalçylyga ökde – ýylgyryp-ýygrylyp-egrerlip-bükülip-sandyraklap-galpyldap-ziňkildäp, güzüni ýerden galdyryp bilmän... Garaz, şu usullar bilen soltanyň içinden özi hakda edýän pis pikirlerini pytradyp otyr. Öňem bir ýatlanylyşy ýaly, Nedirgulynyň gowy görýän nakyly “Köprüden geçýänçäň doňuza daýy diý!” Dünýä ozalynda şeýle paýlaşylan – kimler-ä mydam gorkuda ýaşamaly, kimlerem mydam gorkuzyp ýaşamaly. Nedirguly ikisinem başarýar. Häzir soltanyň gaşynda özüniň gaty gorkýanlygyny-eýmenýänligini-ýöwselleýänligini sandyraklap, göz-görtele açyk äşgär edip otyr, çünki, şeýtse, soltana ýaraýanlygyny bilýär. “Häzir-ä bu wejaralygyňy diňe soltan görýär, ýöne eger gerek bolsa, bütin halkyň öňüne çykyp, şanyň üzeňňisinden üç geçmäge taýyn bolup durmaly, şeýdip, gün görüp ýörenler kän-ä, maýmynam öz erkine oýnamaýar-a”. Nedirguly eli bilen ýüzüni sypalaşdyryp, öz içinden edýän pikirlerini soltandan gizlemäge çalyşdy. Soltan Hüseýin ýene eçilýänden bolasy geldi, öňünde ýedi eplenip duranyň agzy bir zat geplese, näme dilese, sahysyrap, tyllaly gaznasyny açjaga, näçe soralsa, şonça zer seçelejege meňzedi, ýöne Nedirgulam “Soltan bir zat sora diýse, hiç zat diläýmegin” diýip, öňünden ýörite öwredilip-tabşyrylan deý dokmädesiredi. --Alyp gelen hoş habaryň nyrhy näçe? Tylla-tümenden diýseňem, lagly-zeberjetden diýseňem, aýt, töläýin. Heý, eliň dagy gijemeýärmi, utanma-da, aýt! Üstüňi puldan gömüp, aşagyndan aňsat-aňsat çykyp bilmez ýaly edeýin. --Gullara hak tölenýän däldir, merhemetli şahym! Menem siziň sadyk guluňyzdyryn. Siziň kibi alyjenabyň gululygym meniň ululygymdyr – bagtymdyr. --Ýüregiň näme küýseýär? --Çawup, Size tarap ýönelen okuň öňünde durmagy! --Çawup? Ol näme diýdigiň, açykla? --Hawa, çawup diýýänimiň emmasy, size çenäp, ok atyp biljek kişi ganym duşmanlaryň içinde-de ýokdur. Ataýyn diýse-de, eli şel açar, oky yzyna öwrülip, özüni parçalar. Bardy-geldi äwüp-säwüp, çawup bir akmak ok süýnäýse-de, öňünde kükregimi gerip durmak, biz asy gulnuň takdyrdan dileýän baş arzuwy. Soltan Hüseýin öňünde çöke düşýän her hili ýaranjaň-gylçy desmalçylary görüpdi, ýok görüpdi däl, her gün, her sagat görýär, ertirden-agşama çenli, emma muňa taý geljek azdyr diýen netijä geldi, eýsem-de bolsa, patarraky öwgülere ram eden, şöhratparazlygyň neşesine eý bolan soltan-da, nedirgulynň magtawlary gulagyna hoş ýakdy, oturan tagtynyň üstünde kersen ýaly syrty bilen oýkanjyrady, öwgä imrinip, erninden tas sülekeýi sarkypdy, aşaky-ýokarky dodaklaryny ýalaşdyrdy, burnunyň gijilewügini gaşaşdyrdy. Içki pikiriniň düýpgöter tersine gürlemäge soltanam ökde. Haçandan bäri “Abywerdiň ilatyndan ýygnaýan salgydyny agraldaýsam, näderkä?” diýip ýören soltan ýüreginiň tersine gürledi: --Hywa hany üstüňize goşun sürüp, çozan bolsa, ýitgiňizem köp bolandyr, zaýaçylygyňyzam, özüňizi birneme tutýançaňyz, salýan salgytlarymyzy ýeňledäýsek näder? --Gözel göwnüňiz, ýöne biz dilegçilige gelmedik, ýeňiş bilen sizi şat etmek isledik. Zaýaçylygy-zyýany özümiz çekeris, bize siziň mübärek saýaňyz ýeterlik, üstümizden siz kölege salsaňyz, biziň ýaralarymyz öz-özündenem biter. Älhepus, tüýs Soltan Hüseýiniň içine girip-çykan ýaly, öz eşdäýsem diýýän, küýseýän sözleri, ne artyk, ne kem, neşepurşuň terezisinde çekeniňde-de, beýle saz getirip bilmersiň. Nedirgulynyň häzirki tapýan sözlerine özem geň galdy, öň beýle-beýle dilewardyryn-suhanwerdirin öýdenokdy ahbetin. Basyrylgy ýatan eken-ä ol. Birden dil açaýdy-la, nämedenkä? Özünden güýçliniň zarbyndanmyka, gorkudanmyka, köpbilmişlikdenmikä? --Ýeňşi buşladyň, ýagşy gepi senden eşitdik, serkerde. Babaly beg adam tanaýar eken. Sen barada hat bererin, eliň bilen eltip berersiň, seni ýene öňküleňdenem has beter derejelär. Saňa ýüz tümen pul bilen halat-serpaý ýapýaryn, tä yzyňa gaýdýançaň, köşkümde ýaşa, dem-dynç alarlyk iş bitiripsiň. Seniň kibi işbitirenler köşkde bolmaga mynasypdyr. Gaýdanyňda-da, göterip bilen ýaragyňy ýanyň bilen alyp git, birzamanlar siziň Göroglyňyzam öz göterýän ýaraglarynyň hemmesini ýalaň Yspyhandan ýüklenip gidendir, seniň kibi gazanfara ýüzi gaýtmaýan, ýalawy kütelmeýän Yspyhan ýaraglary ýaraşar, saňa menden bagşeş-sowgat, ussalaryň hakyny patyşalyk gaznadan tölärler. Görogla kyrk galandarlar sowgat beren bolsa, saňa soltan hezretleri serpaý ýapýar, bar, nesip etsin! --Lepbeý, gözel şahym, lepbeý! Ömrüm ýoluňyzda paýandaz – Nedirguly Soltan Hüseýiniň gaşyndan götinligine bükülip çykdy, depesinden çekilip oýnadylýan gurjak ýaly, ýeňil gopýan bazygär ýaly. Zalymlar bükülende, beýlekileriň çeni-çaky däl, maňlaýyny ýere degrip-degrip alýar, edil gamak ýaly, işikden göni çykyp gitdi, yzyny eglip barşyna, satanynyň arasyndan görendir-dä barýan ýoluny. Halkyň salgydyny ýatyraýyn diýende ýeke haram tüýi gymyldamadyk Nedirgulynyň ýüz tümen bilen serpaýa şatlanaýşyny! Heýhat, ýurduň-halkyň bähbidini ýüz tümen-ä beýlede dursun, ýeke şaýa satýanlar – onuň depesinde oturýanlar. Birden garaşylmadyk ýagdaýda Goltan Hüseýiniň ýolbars arlan ýaly gazaply sesi çykdy, köşk sandyrap gipdi: --Saklan!!! Durup-dur! Nedirgulynyň ýüregi ýarylara geldi, duran ýerinde doňňaradaş-saňgaty, bar alan begenji burnundan geldi. --Saklan, ýene bir sowalym bar, türkmenler boýnyýogyn millet, Hudaýdan başga hiç kimiň öňünde epilmeýärler diýip eşidýärdik-le. Sen-ä ýedi bükülip dursuň. Ber jogabyňy? --Bu dünýäde tebigatyň, ähli janly-jandaryň patyşasy hasaplanýan şir-peleňem bükülip gezýändir, men-ä epilsem, öz gözel patyşamyň öňünde bükülýän. Bükülenime-de, begenjimden iki bolup bilemok. Galyberse-de, elmydama gerşinde agyr ýük göterýän adam ýegşerer-dä, epiler-dä! --Gerşiňde nähili agyr ýük bar? --Öz patyşahy älemim beýik Soltan Hüseýin hezretlerine wepadarlygym. Meniň agyr ýüküm – Size wepadarlygym. --Ýagşy gep tapdyň, ötägit! Öň seniň arkaňda Abywerdiň begi Babaly Gypjak durýan bolsa, indi Eýranyň soltany, ýagny, men durýaryn. Bar alan galaň özüňki. Meniň demim düşýän ýerde öňüňden çykjak tapylmaz. Sen meniň tarhanym. Nedirguly çykyp gidensoň, Soltan Hüseýin onuň yzyndan gözügidijilik bilen garap galdy: “Meniň Tahmasp oglumam şunuň ýaly meniklije bolaýmal-a. Her hili wezipä belläp, tagta höweslendirmäge çalyşýan. Onuň welin küýi-köçesi meý içmek, tirýek çekmek. Haçan görseň, jübüsinde Maşadyň daşy pürçükli tirýegi, maý tapsa, keýpi-sapa diýip, ýykylyp ýatyr. Munuň düýp sebäbi nämekä? Ýa öýümde-maşgalamda-da özümi gazaply alyp baranym üçinmikä? Men öz çagalaryma-da mährimi siňdirmedim. Mydam ýüzüm awynyň sapy ýaly. Näme men mährimi gabryma alyp gitmelimi? Indiden beýläk bir gygymy ajydyp ýörmäýin. Soltan soňky döwürler öz ýanyndan birneme mylakatlyrak bolaýyn diýip karara gelipdi, onuň ýaňy Nedirguly bilen adam şekilli gürleşmegem şol sebäpden. Häzir ýedi eplenip, dostdan-dogandan eý görnüp, alkymyňa dykylyp gelip, arkaňdan uly derejelere ýetip, goçak wezipeleri eýeleýänler, mürdüňi iýýänler soň ellerine gola ýetse, gola diýilýäni möhür, şalyk gola ele gelse, öz edenjäňi egniň bilen çekdirýärler, aýaklarynyň aşagynda maýmyn edip oýnadýarlar. Uly diýmän, kiçi diýmän, gyryp-gyrçanlaryň seni bagyşlasalar-da, ýaranjaňlar edeniňi ýöne şeýle geçirmeýärler. Öňünden aýdýar diýmäň welin, wagty gelse, Nedirguly Hüseýin şanyň öz gezeginde öňünde epleneni bilen oňman, kellesini togalar. Bir özüniňkini däl, dogan-doganoglanynyň, daýy-ýegeniniň, ilen-çalanynyň – hemmesiniň. Ýallaklap, alkymyňa gelýänleriň kadasy bu. Häzir sen, soň olar “Indi saňa gezek ýetdi, bükül!” diýäýýärler. Nedirgulyny ýene hälki sandykly otaga salyp, bir salym galdyryp, “Şu ýerde garaşmaly” diýip çykyp gitdiler. Sandygyň öňki durşy, daşyna şöhle saçylýar. Şamçyrag diýilýändir şu. Nedirgulynyň endikli eli lagly-zeberjede tarap uzaýsam diýýär. Şanyň beren üýz tümeni nämejik, mundan bir gysymyny elläp bilseň, set müň tümene barabar. Nedirgulynyň gözi birden diwardaky kiçijik deşige iläýdi, asyl ol gizlin deşikden seredilip durlan eken-ä. Nedirgulyny şol bir mahalky ogrulykda tutulyp, urlan şarpyklary, iýen taýaklary beladan sowdy, başyny aman saklady. Soltan diýdi, gutardy, Nedirgulynyň hezzet-hormatyny ýetirdiler – jüýje kebapmydyr, gaýnadylyp bişirlen tüwi, nar şerbetimidir keýigiň ýiligi... ýukajyk labaş bilen bas murtuň aşagyndan. Hälki wezirem bir eýlesine, bir beýlesine geçip, ýanyndan aýrylanok, Nedirgulyny gyzyklandyraýjak gürrüňleri tapyp otyr: --Hälki soltanymyzyň gaharyny getiren Aşur Paltaçyny serbazlara goşup goýberdim. --Oňa näme üçin Paltaçy diýýärler? --Aý, ol öz dostlarynyň-tanyşlarynyň birnäçesiniň üstünden şanyň gizlin gullugyna ýamanlap, ýazmaça görkezme berip, töhmet atyp, olaryň başyna ýetdi. Onuň ady şondan galan, dostlaryny paltalap ýören diýen manyda. Ine, görersiň, köşkden aýagy kesilse, öýünde galman ýatan meýhora öwrüler, sümügini ýeňine çyrşap ýatan. Yspyhan şäherine aýladylar, şol mahal Eýran bilen Horasanyň aralygy bolansoň, paýtagtam Yspyhandy. Şa Apbas zamanynda rejelenen köşküň “Meýdany-şah” meýdançasynda at goşulan paýtunly gezdirdiler, Maderi-şah medresesinde namaza durdy, Aly, Hoja Alam, Saraban minaralaryna baryp, ýakasyny tutdy, emma iň täsir eden zat Seljuklar döwletiniň meşhur patyşasy Mälik şanyň, onuň doganoglan inisi Süleýmanyň hem baş wezirleri Nyzamyl Mülküň Yspyhanyň iň hatyraly ýerindäki ýanaşyk ýatan mazarlaryna eden zyýaraty boldy, türkmen patyşasynyň mazaryna yspyhanlylaryň nähili hormat goýýandyklaryny görüp, haýran galdy. “Mälik şa, Alp-Arslan, Soltan Sanjar dagy bärde höküm sürüpdirler, olardan soň türkmenlerden “Şalaryň şasy” diýen at alan Şa Ysmaýyl Hatýyny bilýän, başga-da bar, meniň nämäm kem, maňa-da döwran dolanar, olar türkmen bolsa, menem türkmen, gyzylly halka bir elimi ildirip bilsem, ömrüm ötinçä sypdyrmaryn, soňam neslime goýup giderin, seljuklaram nesilden nesle geçiripdir-ä, il näme bolsa, şo bolsun, depäňe gonan bagty sypdyrmak akmaklykdyr” diýip, arzuw kölüne çümdi, gören düýşi ýadyna düşüp, hyýalynda tagta mündi, täç geýdi, indi, göwün guşy, pel-pelläber külli Eýranyň depesinde. Az ýöräp, köp ýöräp, Yspyhandan Abywerde gaýdyp geldi, hä, indi durup bilseň, dur öňünde. Eýranyň şasyndan gelen minnetdarlyk hatyny alansoň, Babaly Gypjagyň iki erni bir ýere gelmedi, serkerdesini ýerde goýsa, poslajak, gökden assa, yslanjak, edil owurdynda saklaýasy gelýär, onam etse, sorup gutarjak, ol begmi ýa Nedirguly begmi? Bularyň şatlygy – iliň-günüň betbagtlygy! Beg tarhanlyk hatyny serkerdesiniň maňlaýyna ýelmäp, galyň bendäni depirjik ärä berdi, ol raýatyň göwnüni tapmaly welin, indi raýat onuň göwnüni tapsyn. Her kim Nedirgula ýaranyp, gününi görüp bilse razy. Nedirgulam öz begine her edýär, hesip edýär, gowy görünýär, ol zaňňar ikisinem başarýar – sütemem, ýaramsaklamagam. Ähli zat bir gün başlanmaly, bir günem tamamlanmaly, dünýäň kanuny mundag. Öňki gezek it ýaly ýeňlip, ahmyr aşagynda galan Hywanyň hany gaýtadan ýene bir ýerde goşuny bar bolsa, hemmesini jemläp-tükelläp, iş bitiren serkerdesinem ýygynyň öňüne salyp, “Iki barmagyňy burnuňa sokup, boş geläýseňem, başyň ölümli, malyň talaňly” diýip, ýowuz şertini onuň boýnuna ýükläp, Abywerde tarap sürdi, geçen gezek goýberen säwlüklerini ilik-düwme düzedipdir, atlary ýörgür, ýaraglary ötgür, goşunynyň sany köp. Bu gezek öňki gelişleri ýaly öňünden habar edip gelmediler-de, nägehandan üstlerini basdylar. Nämäniň-näme bolanlygyny hiç kim aňşyrybam ýetişmediler, güpürt-tapyrt. Hany, indi Babaly Gypjakdyr, Nedirguly başlyklaýyn başyna giden serbazlary öňküje gününi tapaýarmyka? Nädersiň, syçanyň hinini müň tylla bahaladaýsalar, gyssananyňda hinem-deşigem ýok, jygba-jygda seniň tyllaňam-kümşüňem eltip jara dök, hiç kime gerek däl, “Niçesi bir pul?” diýilýäni. Baş-başa-da, jan-jana, her kimiň öz gara başy – gara gaýgysy. Hywalylar bu gezek zor urşup, geçenki ahmyrlaryndan çykdylar, ýeňdiler, oljaladylar, Nedirgulynyňam elini arkasyndan daňyp, beýleki ýesirler bilen Hywa tarap haýdadyberdiler. Olaryňam gorkusy özlerine ýetik – “Birden Eýranyň patyşasynyň agyr goşuny kömege geläýmesin, ahmal galyp, üstümizi basdyraýmalyň, kör abraýymyz barka, öňürdip gaçalyň” diýip, gyssandylar, atlaryndanam beter ýesirleri gamçyladylar. Eýrana habar ibermeli, pajyganyň alajyny gözlemeli Babaly beg welin goşuny Nedirgula tabşyryp, ýurduny-halkynam başyndan aýlap urup, ogullaryny maşgalalary bilen alyp, uzakdaky galalaryň birine gaçyp gitdi, elbet-de, jan diýilýän zat ardan-namysdanam süýjüdir-dä onuň üçin. “Erteki gün halkyň ýüzüne nädip serederkäm?” diýenok. Beýle sowal merdi-merdanalaryň kellesine gelýär. Köse beg tetelli häkimleriň welin gyzza-gyzzada bar başarýany halkyny-galasyny taşlap, zut gaçmak, bir ýerlerde bukulyp, ýüzüni ýerden galdyrman, demini çykarman, hany, neneň-niçik bolarka diýip, ümsüm ýatmak. Duşmanlar ýeňse, diri galjak, eger öz goşuny ýeňse-de, ertesi galaňa hekgerilip, iş bitirenden bolup barybermeli. Hywalylar – eline olja düşüp, ýesir sürşüp, ýürekleri suwluja zaňňarlar ulaglaryny gyssap, haýdaşyp barýarlar. Munuň ýaly ýagdaýda depegenden daşrak durulsa, işiň oňan ýerinden arany näçe açyp bilseň, kem däl. “Iýen ýeriňde doklugyňy siňdirme!” diýilmeýärmi? Yzlaryndan kowgy ýetäýmesin diýip, ätiýaçdan garşy arkan-arkan garanjaklaşyp, eňterilişip barýarlar. Niredesiň Hywa diýişip, olaryň howlukmaçlyklary özleri bilen. Alan üç ýüz çemesi paý-pyýada ýesirlerinem atyň öňüne salyp, mal süren ýaly edip, daş-töweregini gallaşyp-goraglap barýarlar, “Tiz bol-da tiz bol!”. Ýesirlere Hywanyň gul bazary gözüni dikip garaşýar. Gul-gyrnak söwdasy Hywada iň rowaç alan haryt. Satýana-da-alýana-da berýän peýdasy kän. Ol taraplarda mal söwdasyndan gul-gyrnak söwdasy ýedi esse köp girdejili hasaplanýar. Satsaň, dünýniň puly. Alsaň, mugt işgär, hak tölemesiz. Seniň baýlygyň-goly ýukalygyň eliňdäki gullaryň sany boýunça ölçelýär. “Pylan baýda, pylança gul-gyrnak bar” diýip, mahabatyny ýetirýärler. Sürekçiler özlerine düşjek puly içlerinden sanap, başagaý. Tejeniň gaýrasyndaky Tersakan diýen ýere eltip, ýesirleri bir giňiş oýa gabadylar, gije düşläp, dem-dynç almak üçin, haçandan bäri haýdap gelip oturyşlary. Ýesirlere-de, garaz, iýmäge oduk-buduk, içmäge-de suw berdiler. Bularyň içinde iň howuplysy Nedirguly diýip, ýeke özüni aýratyn bir ýerkümä dykyp, ellerini arkasyndan gaňryp daňyp, gapysyny petikläp, ind-ä sypaýmaz-da diýip, daşyndanam ýogyn zynjyr bilen daňdylar. Işigiň agzynda-da goýdular eli ýaragly garawuly, adamçylyk, birden esger ýatyp galaýmasyn diýip, hälisi ýok, şindisi ýok, gijäniň bir mahalam çalşyp durlar sakçysyny. Ýerkümäniň içinde Nedirgulam dek ýatanok, garaňkynyň içinde elindäki tanapy çözjek bolup hars urýar, goşarlary çişip, ganjaryp dur. Ganasa, ganap geçäýsin, goşaryny ýolar welin, ellerin-ä boşadar. Gul bolup barsaň, Hywanyň muşakgatyny ol ilden sorap bilmelimi? Çeken sütem-ezýetiniň azary heniz bedeninden çykanok-a. “Eger boşanyp bilmesem, ýene öňki gullugymdyr. Bitiňi şänik ýaly edip, kebzäňde gamçy oýnadyp, itiň art aýagyndan suw içersiň. Şonuň üçin häzir näme alaç tapýan bolsaň, eglenme! Eliňden gelenini aýama! Ýok eliňden hiç zat gelenok, sen mümkin däli eýle!” Özi özüne igenip, özi-özüni gylawlandryp-öjükdirip dur. “Şa boljak diýip, uly pälledim, pälim tutdy meni, men-ä “Şa boljak” diýdim, pelegem meni gul etdi, maňlaýyma ýazylany şol, ondan çykma ýok, öňem gul, ýene gul, Nedirguly diýip, adymam bilip dakypdyrlar. Onsoň şalygam nesil yzarlamalymyş. A meniň atam-babamam, ondan aňyrdaky arkalarymam gul, oglumam gul. Şondan düşünäýmel-ä-ybrat alaýmal-a men. Haý, akmak, düýşde şa tagtyna müneniň, täç geýeniň bilen oňaý-da. Düýşden aňryk gerjeşme-dä! Her öňýeten salpaýaga şalyk ýetdirjekmi? Ne beýle üýşüp ýatan boş tagt, geçip oturyberer ýaly?! Düýşde şa, huşda-da geda, ýok geda diýmäýin, gedaýyň güni guluňkydan elhal, ol erkin, nirede el serip, gedaýçylyk edeýin diýse, öz ygtyýarynda. A men gul, onda-da haram gul, indi ýat üstüňden güldür-de, öň-ä, garaz, bir Hudaý diýen bende meni azat edip goýberdi, indi gitsem, gitdigimdir, yza ýol ýok” – diýip, Nedirguly serkerde özüne gyjyt baryny berýär. Gije itler uklady, Nedirguly hysyrt-hysyrt dyzanyp ýatyr, towlanýar, urunýar. “Çözerin-çözerin” diýip, ahyry bir ugruny-alajyny tapyp, ellerine daňlan ýagly tanapy çözdem. Goşarlaryna gara gan öýüp, güp ýaly çişip gidipdir, durşuna awy-zerzaw, bu eller häzirki ýagdaýynda hiç zada ýarajak däl. Ýeri, tanapy çözenem eken-dä, gapy petik, şondan başga-da daşyna çykara hiç hili deşik ýok. Bagly gapyny hiç kime duýdurman, nädip açarsyň? Bar, aýdaly, açyp, ondanam çykaýsaň, daşynda eli ýaragly garawul gözüni çirim etmän, häzir bolup dur, kelläňi ýerkümeden daşyna çykardygyň, kakyp aljak. Gylyç bilen kelläňi kakmaýanda-da, gykylygyna beýleki hywalylar üýşüp-bosup gelip, daş-töwergiňi gabajaklar. Garaz, melamatlar üsti-üstesine-dä, birinden dynsaň, beýlekisi, hut iç-içinden çykyp ýatyr. Nedirgulynyňam şeýle boljagyna akyly çatýar, şonuň üçin naýynjyrap, göz okaralaryny ýaşdan dolduryp, sesini aglaýan ýaly endiredip, daşyndaky garawula weýran dilegini salyp, ýalbardy: --Aý, gardaş, Allaň haky üçin, gapyny aç, köýnegimiň içine içýan girdi, haram ölmänkäm, aýryp bersene, menem ýat adam däl, öz hywalyňyz, birçak bagtym ýatyp, şu ýerlere düşdüm, häzir yzyma alyp barýanyňyza sizden bäş beter begenýärin. Hywa eltseň, hosdarlarym gadryňy biler, sylagyňy ýetirerler, pesinden bäş guluň bahasyny tölärler, olara seniň meni ölümden halas edeniňi aýdaryn, bir ýagşylygyňy kyrk gezek gaýtararyn, a häzir şu ýerkümniň içinde haram öläýsem welin, oljaňdan boş galýaň. Başyňy etegiňe salyp, şondan şuňa gelip, öýüňe boş barjakmy? Seniň bar etmeli işiň – boýnumdaky içýany aýryp berýäň, şeýtseň, giden baýlygyňam aşagynda galýarsyň. Seniň gazanjyň beýlekileriňkiden köp bolar, bir rehim et gardaş jan? Arassa öz dillerinde geplänsoň, öň Hywadaka suwara öwrenen-dä, öz biri-birlerimikä öýdüp, ýesir bilen gepleşmek gadagan edilenem bolsa, “Näme diýýäň? – diýip, garawul sorady, Nedirgulam ýaňky aýdanlaryny ýene gaýtalady. Serbaz Nedirgulynyň hywalylygyna şeksiz ynandy, ikinjidenem, bäş guluň bahasy diýen sözem gulaga hoş ýakdy, aslynda, ol bu ýere olja tamakinçiligi bilen gelmedimi näme? Garawul ýigit Nedirgulynyň “Hywalydyryn, öz biri-biriňizdir” diýen sözlerini barlap gördi: --Hywada kimlerdensiň? --Soltan beçelerdendirin. Beçe bolsaň, tanamaýan barmy? Garawul “Hywalylygy-ha çyn eken” diýen netijä geldi, ýumşady. Galyberse-de, olarda-da adamkärçilik diýenem bir zat bardyr-a, ýesir bolanda näme, eli arkasyndan daňlan biçäräniň köýneginden içýany aýrany bilen boýy kiçelýärmi? Ýöne musurman musurmana eliniň-gözüniň haýry üçin, sogap üçinem etse bolar-a şol işi. Belki, günäsem agyrdyr, magşar günüň sorag-ideg mahaly ruýsyýa bolp otursaň, kim bilýär? A biçärä sähel ýagşylyk etse, meger, ýalkawam bardyr. Ýarymukuly garawul işigiň kiligini açdam welin, bokurdagy aran ýaly gysajyň arasynda galdy, ne demi çykdy, ne düýdi. Ýaňky göwnüne getiren magşar güni başyndan iýndi duruberdi. Nämäniň nämeligine düşünmän galan etmek islän ýagşylygy üçin amanadyny tabşyran sakçynyň gylyjyny, hanjaryny alyp, Nedirguly pişik basyşyny edip, assyrynlyk bilen ýesirleriň ýatan ýerine bardy, usullyk bilen öz abywerdlilerini birýan ujundan oýaryp, gulagyna pyşyrdap, daňydan boşadyp ugrady, eli çözlenem, ýoldaşyna kömege bardy. Hamala, öň duýşukly ýaly bu iş göz açyp-ýumasy salymyň içinde amala aşdy. Soňlugy bilen uklap ýatan hywalylaryň birnäçesiniň daşlaryna geçdiler, ýatanyň daşyna üç bolup aýlanýarlar, biri elini, beýlekisi aýagyny tutup, üçünjilerem bogup, duşmanlarynyň janlaryny gabz edip durlar. Bogmaga gezek gelende oňa Nedirguly höwesek, duşmanyň hähini bermän, demikdirip alaýýar. “Çalşykly çemçe” diýilýän gürrüň ugrunda bar zat eken, edil ýaňyja-da eýemsiräp barýan talaňçylaryň takdyryny indi ýesirler çözýär. Ýok, çözenok – bogýar, aňsat ölüm – olar ýatan ýerlerinden ukudan açylman, jan berdiler, hasaply ukularynyň hasaby ýitdi, müdimä öwrüldi. Abywerdliler talaňçylaryň öldürenini öldürip, galanynam gollaryny baglap, öňlerine salyberdiler. Nedirguly bu wakalardan bihabar Hywa goşunynyň serkerdesiniň ýeke özi ýatan çadyryna kürsäp girip, bir wagtlar gul çagy ýer sürýän öküzlerine gygyranda edýän aýylganç sesi bilen “Tur, harramzada mynapyk!” diýip, bir haýkyrdy. Ýüregi ýarylara gelen serkerde öz çadyryna ýolbars girdimikä öýdüp, imany göçdi, şol barmana-da ýazzy maňlaýyndan degen küdüň ýaly ýumrugyň zarbyna honda atylyp düşdi, çadyry bir gapdala agdy, özi beýleki gapdala. Nedirguly serkerdäniň ýakasyndan tutup, içki eşikleri bilen gollary bagly hywalylaryň öňüne salyp, ýarym-ýalaňaç gerşindenem bäş-alty gezek dürre bilen daglap, Abywerde sary sürüp alyp gaýtdy. Öň-ä iş bitirenden bolup, Hywa barsa, handan uly derejelere tamakin bolup, tamşanyp barýan serkerde Pelegiň agyp-dönmesine haýran galyp, nämäniň nämeligine düşünjek bolup, ýasy ýeňseli kellesine agram salýar. Ol häzir bir ýol bilen bularyň elinden sypyp yzayna barsa, Hywanyň hany öldürjek, Abywerde eltilensoň, başyna nä günleriň injegini bilmän barýar. Takdyrynyň haýsy ýana taşlanynda özi üçin gowy boljagyny bilmän barýar. Nedirguly welin bilýär, bu serkerdäni Yspyhana eltip, Soltan Hüseýiniň öňünde süýndirip taşlar. Ondan beýlesinem soltan bilýär – basmalymy-asmalymy? Diri galan hywalylary ýesir aldylar, ýüz töweregi bar, olaryň birini azat edip özleriniňkileriň yzlarynda iberdiler. --Bar gören-eşdeniňi aýt, alyp giden olajalaryny iki esse artygy bilen yzlaryna getirseler, ýesirlerini gaýdyp berýäs. Nedirguly serkerde söz berdi diý. Ýarym aýa çenli garaşýas, gijä galsaňyz, maslyklaryny alarsyňyz. Biz siziň üstüňize däl, siz biziň üstümize çozup geldiňiz, günä özüňizde. Habar ýetip, öňden gidenler yzlaryna dolanyp gelip, jaýlaýmasa, ýüpden boşanan bawerdliler-ä jesetleri taşlap-taşlap gitdiler, hywalylaryň atlaryny münüp, ýüzleri Abywerde tarap. Mekana baraýan batlaryna Nedirguly sorag-ideg bilen Babaly kösäni tapyp, yzyna alyp gaýdyp, galasynda oturtdy, serkerdesiniň edermenligine guwanan Köse beg öz uly gyzy Aýşady Nedirgula berip, nikalap, şahana toý tutdy, döwran ýene Nedirgula dolandy, ýöne bu gezek onuň derejesi has artdy, kylanyny kyldy, eýlänini eýledi, towuguna tok diýjek ýok. Aýtmaklaryna görä, bagt guşy her kimiňem başyna üç gezek gonarmyş, mesele şony tutmada, jaý mahaly ahmal galsaň, soň bagt ýok. Nedirguly gonan bagty sypdyrjak adam däl, ine, ýene bagt geldi, olam tutmagy başardy. Ýok ol bagt ilki betbagtlyk görnüşinde geldi, eýmenç ýaga öwrülip, depesinde gylyç parladyp, üstüne döküldi, goluny daňyp, ýesir eýledi, ol welin şony bagta öwürdi. Belki, bu Pelegiň işidir, emma onda Nedirgulynyňam goşandy bar. Olam zerur çagy arslana-şire öwrülip bilýär. Ýöne bagt diýlen düşünje onuň üçin diňe özündekä düşnükli, öz işi rowaçmy, güni şat geçýärmi, wessalam. Il näme bolsa, şol bolsun, onuň nä gaýgysy, ajyndan aglap durany görende, onuň işdäsi tutulanok. Watan diýilýänem haçan diňe onuň özüniňkikä gerek. Bar maksady – Eýranyň şasy boljak, eýranlylylary bagtly etmek üçin däl, öz bagty üçin. Şol bagtyna ýetmek üçinem set müň-set müň adamlary ýok güne sokup, gyrmyzy ganyny dökmäge asla gypynç edenok, sen öldüňmi, galdyňmy, oňa bildirenok. Nedirguly Abywerdiň hany Babaly Kösäniň Aýşat atly gyzyna öýlendi, aýp görülse-de, Köse begiň özi hödürledi gyzyny. Beýle etmeginiň iki sebäbi bar, birinjisi, giýew edinse, Nedirguly oňa has golaýlaýar. Ikinjidenem, birden päli azyp, garşysyna baş göteräýse-de, garaz, gaýynatasyna eli galmaz öýdýär. aýy-güni-sagady dolup, Nedirguly bilen Aýşatdan bir ogul dogdy, adyna Ryzaguly diýdiler. Ryzaguly ýaňy bir dil çykaryp, aýak bitensoň, ejesi ölüp, ýetim galdy. Babaly Köse Nedirgulyny özünden sypdyrmazlyk üçin ikinji gyzy Göwherşady Nedirgula nikalap berdi. Bu gezegem Babaly Gypjak ikinji gyzynam özi hödürledi. Başga biri bolanlygynda “Aý, gelnimiň jigisi – meniňem jigim, öz jigiňe öýlenen ýaly, meniň-ä ýüregim edenok” diýer. Nedirgulynyň welin mädesi iri. Babaly kösä-de, Nedirgula-da näme etseler, bolýar, olaryň hiç zatdan gaýdymy ýok. Nedirgulynyň Göwherşatdanam iki ogly bolupdyr. Pelegiň çarhyndan gürrüňe başlapdyk, çarhyň oky ik bolsa, zemin şol igiň tegelek ikbaşy. Taryhda çarh köplenç Nedirguly tetellileriň eline düşäýýär, olaram çarhy öz hususy haram şöhrada beslenen bähbitlerine tarap pyrlaýarlar. Nebislerinde doýdum-doldum ýok, mülkdenem, altyn zeberjetdem, şöhratdanam, ynsan ganyndanam. Pelek – çepe aýlanýan diýmek, ony çepe aýlaýan ellerine çarh ýeten gözi gyzaran muhannesler. Biz welin “Çarhy-Pelek-dä” diýip, bar günäni dünýäniň boýnuna ýüklemäge synanýarys. Merdiwanyň ýokarysyna çykmak hyllalla, emma aşak – gaty ýere ýykylaňda dem salym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |