09:50 Çarh / 1-nji kitap -16 | |
Keýmir bir zada düşünýär. Bu sözler gelni Şaperiniň sözleri däl, bu sözler güzeranyň sözi, günema diýilýän zat öz gelniniň dili bilen Keýmir bilen gepleşýär. Hernäçe hatyrjemem bolsaň, garda-buzda-sürçekde käte adamyň aýagy typyp, ýykylaýmasy bar. Ol-a düşnükli-le, ýöne gapagyň üsti ýaly tekiz ýerde aýagyň burkmaýarmy näme? Är-aýal arasyndaky düşünişmezlik her kimde-de bolsa bardyr, bularda welin ör boýyna galdy, sen eýläk-de, men beýläk bolmak galdy. Şaperi üzül-kesil aýrylyşmagyň tarapdary, hiç soňuny saýmazdan, başyny alyp, atasöýüne şol gitjege tutup otyr.
Taryhy proza
Wysalyň gadry aýralykdan soň, saglygyň gadry bimarlykdan soň bildirýär. Bagtam diýen wagtyň tapylyp duranlygynda, bagtyňam gadry galmazdy. Arzuw eden badyňa, bitenliginde, onda hiç kim arzuw etmezdi, arzuwam süýjüdip, soňra amala aşýar. Gahar-gazap güýçli gelende adamym beýnisinde akla ýer galmaýar. Ol özünden çykýar. Şaperi bilen garpyşdy, arasynda tas birdir ýarym gezek şarp-şurpam bolupdy, olam çagasyny eline aldy-da, “Men atam öýüne gitjek, yzymdan baraýmagyn!” diýip çykdy, oglan jigisem edil öňden habarlaşykly-dilleşikli ýaly yzyndan geldi-de, aýal doganyny aldy-da gitdi. Söýgi näçe güýçli bolsa, onuň beýleki tarapy – ýigrenjem şonça güýçli bolýar. Şaperiniň gargynçlaryny gulak eşider ýaly däl. Adam ýaş wagty töwereginde dosty köp, olaryň içinde-de has aýrylyşmazy – maňlaý çakyşdyryp ýöreni bar, şoňa jan ýaljak ýegre dost diýilýär. Keýmir söýgüdenem, ýanýoldaşlykdanam daşgary Şaperini özi bilen deň derejeli söwer dost-ýegre dost hökmünde-de ýüreginiň törüne salmak isleýär. Gelni welin bile bir ýorgana girip başarsa-da, nämüçindir dost hökmünde ýürege girip bilenok. Dostluk ýanýoldaşlykdanam aýry düşünje. Ýürege olaryň haýsy golaý – söýgümi ýa dostluk diýlen sowal orta atylsa, oňa kesgitli jogap bermek kyn. Olaryň ikisem ýürege barýar, ýöne aýry-aýry ýollar bilen. Emma köp jübütlerde şu ikisi bile jem däl, biri söýüşýär, emma dost däl, biri dost, emma söýmeýär. Şaperi äriniň söýgüsini kabul etse-de, dostlugyndan ýüz öwürdi. Edeýin diýip edenok, düşünjeleriniň derejeleri başga-başga. Türkmen milleti tutuş bileleşip, bir dosta öwrülip, ýegre dostdanam beter Keýmiriň ýüreginiň has çuňunda ýerleşýär. Onda näme üçin gelni bu dostlukly bileleşige girmek islemäýärkä? Hakyky dostlukmy-dälmi, ony bilmegiň bir usuly, ýagny, seniň dostlygyň ahyryna deňiç gidýärmi ýa ýol aýyrdynda bir ýerlerde üzlüp galyp, dostluk duşmançylyga öwrülse, onda ozalky dostlugyňam çyn aşnalyk däldir. Hatda özüň üçin kyljak işiňdenem has artygyny dostuň üçin etmeli. Keýmiriň maksady Şaperi bilen ömürleriniň soňky günlerine deňiç wepaly dostlaşmak. “Owalynda Şaperi maňa tutuş ykbalyny ynanyp geldi ahyryn, ýagşy günümizde-de, ýaman günümizde-de indi men onuň hemişelik hemrasy, meniň borjum – ony aýamda saklamak, alajyny tapyp, ýag iýdirip, ýüpek geýdirmek, ol diňe meniň nesibäm, maňa Hudaýyň “Al, gulum!” diýip, eçilen bagty, öz bagtymy gorap, gaty şat ýaşatmaly, maňa duşanyna begenmeli, şony edip başarmasam, günä özümde”. Şaperi öýlerine barybam, perişan halda aglap-eňräbem, jan-dilden syzdyryp, ýamanlady Keýmiri. Göýäki diýersiň gyn-gyssagda galan ýaly “Günüme goýanok, azar berýär, çydamok, gaýdyp şolaryň işiginden ätlejek däl, her gün agşam öýlerinde it uruşdyrýan ýaly adam köki üýşüp, ala-gopgun, ondanam bir ýaşaýyş bolarmy?” diýip, ugrunda bar zatlaram-ýok zatlaram tirkäberdi yz-yza. Ejesi uly oguny giden ýerinden çagyrdyp, getirtdirdi. Gazaba münen eneli-ogul sorag beýär, Şaperem jogap. --Aç saklaýarlarmy? --Bokurdagyň dawasy üçin gelemok! --Urýarmy-sögýärmi? --Dagy indi urup-sögsünemmi? --Onda nämeden nadyl? --Men-ä oňşamok, yzyma-da gitjek däl... Belki, ejesiniň ýüregi nämedir bir zatlar syzsa-syzýandyr, herniçikdir öz gyzy, emma agasy uýasyndan suwytly bir gep alyp bilmedi. “Öz ýanyndan özi çişip ýör” diýen netijä geldi. Onsoň agasy, ejesi artykmaç gowy adamlar, “Gerekleseler, özlerem idäp, alyp giderler” diýäýmän, ara kän mahal salman, baran gününiň ertesi ile-güne gürrüň bolmankalar, gyzgyny bilen Şaperini çagasy bilen yzyna alyp geläýdiler. Hojanepes batyr-a şol wagt öýde ýokdy, bolaýanlygynda “Bärde urşup almaly zat ýok, özleri düşünişse gowy bolar” diýip, kän bir goşulyp durmazdy. Myhmanlary Altyntäç garşy alyp, öýe saldy, Keýmirem çagyrdy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň esasy meselä geçilmeginiň öňüsyrasy içerini ümsümlik gaplady – dym-dyrslyk. Ümsümligi Şaperiniň ejesi böldi, Keýmire ýüzlendi: – Näme bereniňi iýenokmy?” Keýmir dymyp oňaýdy. Gowy adamlar dymanyňa-da düşünýär. Aslynda, şeýle ýagdaýda dymmagam jogabyň sypaýyrak bir görnüşi, belki, dymmaklykda many sözüňkiden köpdür. Ejesiniň gepini mortarak görüp, agasy sypaýy gepledi: --Näme paýlaşyp bilmeýän, oňuşmaýan zadyňyz bar? Keýmir ýene dymdy. Onuň dymdygy – gaýynlaryna sarpa goýdugy. Şaperi gelin welin ýaşmagyny bir gapdala syrdy, ol bir başlasa, tä soňuna çenli ýürgindäki düwürleriň baryny ýeke-ýeke, ýanjap-ýanjap, aýdyp, içini boşadaýmasa, ynjalanok, ýarym-ýaş, eýýäm endik eýlän gylygy boýunça Keýmire sesini gataltdy, öň endik edinensoň, beýle etmegi aýp işdirem öýdenok, indi onuň sözüni bölübem bilmersiň, saklabam, teýeneli-kineli-awuly sözleri öz-özünden agzyna gelip durandyr, eger-eger sakynanogam, säginenogam, içi doly torbanyň erňegini aşak tutup, silken ýaly. Elbet-de, ol häzir ýanynda oturan ejesine, ýüzi tikenekläp duran agasyna arkalanyp, baýrynsa, baýrynýandyr, ýöne ikiçäk galanlarynda-da küpürsäp-sürnüp, haýbat-dyzmaçlygy häzirkiden peslär ýaly däl. Kesesinden tanamasaň-bilmeseň, “Wah-wah, bu naçar ýaman kyn günüň aşagynda galypdyr-ow, içi-bagry tütäp dur” diýdirjek. --Tap-da, aýt-da diýenje gepleriňi! Burnumdan buran getirensiň. Geple-dä, agzyňa suw alan ýaly bolup durma-da, diliň şel açyp, ysmaz keseline uçramadyk bolsaň? Ynha-da, geplemän, içiňi ýakýar-a bul ýaşykesilen! Şaperiniň Keýmir bilen baş dawasy-ha halk içinde gepleýänligi üçin. Häzirem gepläňok diýip, teýene edýär, düşün-dä düşünip bilseň. Uýasynyň äheňinden agasy utanayp, başyny aşak sallady. Şaperi ýene özüne özi garşy çykdy: --Munuň gürläninden gürlemäni gowy. Batnyksyz sözlerinden men bizar... Şaperiniň özi degşip bilýär-de, Keýmiriň degişmesine çydanok. Batnyksyz sözler diýýänem äriniň degişmeleri. Aslynda Keýmir ili gülüşdirjek bolup wäşisiräp, azara galyp ýören adamam däl, ýöne näme gelniň bilen oýnap-gülşesiň gelýär-dä. Degişmelerem birneme aýlawlyrak bolansoň, Şaperem ol sözleri göni manysynda düşünip, öýkeläýýär. Adamyň bar ýerinde hemişe garşylykly pikirem bar. Şaperi öýlerinde hosdarlaryna öň ýanjap-ýanjap aýdan geplerini başdan-aýagyna ýene dolulygyna gaýtalady. Ol içini döküp bolansoň, öýe ýene dymyşlyk aralaşdy. Şaperiniň ejesi oglunyň ýüzüne seretdi, ol bakyşda “Hany, bu gürrüňi nähili jemlärsiň?” diýen sowal bar. --Uýam, saňa öýe baraňda-da aýtdym, häzirem aýdýan. Urşup-garpyşyp ýören ýok-a diýjek däl, ýöne çagasyny goltugyna gysyp, aýrylyşyp ýören biziň tohumymyzdan-a däl, obamyzdanam tapmarsyň. Şu häsiýetiň bilen hiç ýerde-de ýerlemersiň. Biziň öýümiz-ä gaýdyp, barayjy bolaýmagyn. Bar, gülüp bar, gülübem gaýt. Şu aýdyp oturan gepleriň ýeke şaýa degenok. Gelni bolup aýdýan sözleriň onuň ganym duşmanynyňam agzyndan çykmaz. Meniňki bolsun diýip, ýakasyndan tutar ýaly ýeke gepiň ýok. Boş gykylyk. Saňa mes diýerler. Aýal adamyň goşulmaly-goşulmasyz meseleleri bar, sen nirelere burnuňy sokup ýörsüň? Maslahata üçşýän bolsalar, gowy zadyň alajyny gözleýändirler-dä, halkyň aladasyny edýändirler-dä. Begen-dä gaýta! Nämeden nadyllygyňa düşünemok. Honha, barmajygyny sorup ýatan oguljygyňy görýäňmi? Näme şonuň gününi bulamakmy maksadyň? O diýeniňi etdirmeýäris. Şaperiniň ejesi öz çagasam bolsa, oglunyň gepinden çykmaýan eken. Gyzy dalda gözläp, ýüzüne naýynjar baksa-da, oglunyň sözlerini tassyklap, baş atdy. Öýe Eýmiriň gelni nahar alyp geldi. Altyntäç: --Keýmir, sizem öz jaýyňyza geçäýiň, nahar-şor eltilendir. Keýmir gaýnagasy bilen öz öýüne saçak başyna geçdi. --Keýmir, biz öz uýamyzy ilden gowy tanaýas, gagalrak-da betbagt, soňam ýok welin. Deň bolup ýörme-de, sen artykmaçlyk ed-äý! Sen erkek kiş-ä. Keýmir içinden “Ine, akylly-başly adamyň mesele çözüşi şeýle-de bolmaly! Heran-haçanam döwlet tapjak adam şu” diýip, özem gaýnagasynyň hörpünde gepledi: --Uly gepe toba-tagsyr, ýöne gaýdyp Şaperi öýüňize aglap barmaz. Şu dawalardan ikimizem it iren ýaly bizar. Ýaňy “Barmajygyny sorup ýatan bäbejik” diýdiň, dogrudanam şol neresseje çaganyň hatyrasy üçinem diş gyssaň, bolar. Düşen ýagdaýymyza özümem gapyrga edýän. Aýaldoganyň ugruny taparyn. Arkaýyn bolaýyň. Maşgalada Şaperi dutaryň çeküwli kirşi bolsa, men holpugrak kirşine öwrüläýerin, esasy zat sazlaşsak, kaýyl. Keýmiriň bu söz urşam Şaperiniň agasynyň göwnünden turdy, hemme zat gowluk bilen gutardy, agzybirlikde dawa edere kän bir üýtgeşik mesele ýok diýlen netijä gelindi. Ýöne maşgala meselesiniň hiç meseleden pes dert däldigini başyna düşenler bilýändir, ýöne şol dert başyna düşmedigem ýok bolsa gerek. Gaýtjaklar gidişip, öýde ikiçäk galansoňlar, Şaperi öz öýkelerine basalyk edip, ilki dil ýardy: --Agşamlyga näme nahar edeýin? Şaperi özüne tarap bir ädim ätse, elbet-de, Keýmirem oňa tarap on ätmäge taýýar, olam arada hiç hili gep-gürrüň, öýke-kine bolmadyk ýaly, parahat äheňde mylakatly jogap berdi: --Näme bişirjegiňi özüň bil, men-ä seniň eliňden näme iýsemem, bal gatylan ýaly. Ýuwup, çagyl gaýnadyp berseňem, iýip biljek. Seniň eliň süýji. Tä öňüme getirýänçäň, näme bişireniňi maňa aýtma, bilmäýin. Seniň her naharyň meniň üçin – sowgat. Sowgadyň nämeliginem duýdansyz bilseň, şonda gowy. Dogrujamy aýtsam, uzagndan men-ä başga ýerde bişen nahary iýip bilmezmikämem diýip gorkýan. Seniňki ýaly tagama hiç ýerde duşamok. --Aýtman näme? Aýtjak. Akýüwrük gaýnatjak häzir. Äriniň şu gezek, hamala, hiç hili öýkeleşik-gep-gürrüň bolmadyk ýaly, hälki ejesi bilen agasynyň ýanynda agzyna agam gelse, gara-da gelse, soňuny saýman, aýdan ýangynly sözlerini eşitmedik ýaly, aňrysynda jinnek deý bir düwür kitüw saklaman, özi bilen ak göwünli gürleşip oturmasy Şaperä hoş ýakdy hemem özüni gaty utandyrdy, “Sen şeý diýdiň, beý diýdiň” diýip, gepi guzlatmaýşyna guwandy, Keýmiriň geçirimliligine geňler galdy. Aslynda-ha, onuň düşünjesi boýunça erkek adam şeýle-de bolmaly, aýal bilen hergiz deňleşmeli däl diýip düşünýär. Dogrusy, Keýmiriň geçirimlligine, çydamyna öňem haýran galardy, ýöne bu gezek onuň çaky boýunça, hosdarlary çykyp gidensoň, ýene bir çaknyşyk-garpyşyk turar öýdüpdi, ol hasabam çykmady. Hawa, äriniň giňgöwrümliligi-geçirimliligi Şaperini geň galdyrdy diýdik, megerem, şeýle geň galdyrmalar maşgala söýgisiniň başlangyjydyr, eger şeýle bolsa, onda Keýmir, nesip etse, gelnini entekler kän geň galdyrar, çünki, onuň öz ýanýoldaşyna ýürek mähri gidipdi ahyry, gezeginde gelniniň mährem ärine gitmelidir-ä! Ine, häzir Şaperiniň öz ärine göwni ýetdi, özüniň öňki boluşlaryndan utandy a göwni ýetmek bilen utanmak – söýginiň başlangyjy. Şaperiniň aküwrük diýýäni ýeňil nahar, mazaly gaýnadylyp, suwy çekileninden soň sowadyp, üstüne gatyk garylyp iýilýän tüwi, ady tiz bişýan diýen manyda, türkmenleriň Çyn-Maçyndakalar bişirmegi öwrenip gelen tagamlary, bir endik etseň, agzyňy aýrasyň gelmez. Ol herniçik-de bolsa, aýal adam-da, bilýär-dä, nämäni äriniň göwnüniň küýseýänini. Keýmiriň özi aňmasa-da, Şaperi syzyp dur häzir delräk naharyň artykmaçlyk etmejekligini. Bir maşgalada ýaşasaň, ikiňem, garaz, gerdişiň başa salan oňaýsyz ýagdaýlaryndan eýdip-beýdip, baş alyp çykmaly-da! Ýeňiljek nahardan ýürekse edinjegini eşidip, Keýmiriňem tutuk şähti açyldy, içden çykan öýke-kineleriň ornuny nämedir bir peýdaly zatlar bilen doldurmalydyr-a? --Onda üstüne aşyk ýalyjak saryýagam ataweri? --Öwretme, aýtmanyňda-da bilýän näme etmelidigini. Ýirendigim erkek kişi aýal adamyň işine goşulsa. Hawa, Şaperiniň häzirki äheňlerem dawalaşýan ýaly, ýöne oňa dawa-jenjel däl-de, mylakatly näz-kereşme diýip aýdylýar. Şol ikisini seçip bilmän ýören perizadyň eden näzine degmeýän nalajedeýinlerem bar il içinde. Öýkeleşikden-gowgadan soň ilki başda habar gatanynda özüni ýeňlen adamyň ornunda goýup, biraz mürrelse-de, äriniň bu gulaga ýakymly sözlerinden soň Şaperi özüni ýeňiji hasaplap, ýene eginleri dikgerdi, ýöne horazsyrap, “Ýagşy söz ýylany hiniden çykarar etjek bolýaň” diýip, agzyny-burnuny towlamady. Keýmir welin ejizden, onda-da aýalyňdan ýeňlensirän bolmagyň aňrybaş ýeňişligini bilip dur. Ýalňyz özüniňkini mamla edip, sürüp otursa-da, garaz, özünde-de müýnüň barlygyny duýup duran Şaperä bu sözler hoş ýakyp, çalaja ýylgyranyny-da duýman galdy, ol ýylgyrsa, diňe içerik däl, bütin dünýä gül-gülälekli baharystana öwrülýär. Olaryň jübütlikdäki takdyrlary ilki bulanyp, soň kem-kemden durlanyp ugrady. Ikisiniň aratapawudy – Keýmir hakykatyň, dogry çözgüdiň peýdaly tarapynda, ýagny, herki iş ara düşse, öňki endigine görä içinden “Nätse bolar?” diýip, şol işi aňyndan-gözünden eýläk-beýläk birküç gezek geçirip, gorduryp-gopduryp görýär, tapan çözgütleriniň laýygynam saýlap alyp, soň gutarnykly netijä-karara gelýär. Şaperi welin dürs-u ters – tüweleýlän pikrleriň haýsy biri öňürti kellesine gelşine görä, öz diýenine tutýar. Beýleki pikirlerini seljermek endigi ýok, kanagaty ýetenok. Bir pikir geldi – gutardy, şonusyny sypdyranok. Ol adamsy bilen jany jana gatmajaklygyndan däl, onuňam ärinden aýry urýan ýüregi ýok, ýöne öz diýenli adam, öz diýenini etseň, ondan gowy adam tapdyrmaz. Onuň pikiriçe, meseläniň özüniň tapanyndan başgaça oňyn çözgüdi bolup bilmejek ýaly – ýeke-täk çözgüt bardyr, onam diňe özi bilýändir öýdýär. Öz diliniň diýýäni bilen gulagynyň eşidýäni sazlaşsa, ol pakyra şondan başga zat gerek däl. Adam häsiýetini üýtgetmek kyn, edil şonuň ýaly, özüňkinem. Ýöne, garaz, özüňe özüňden golaý adam barmy, düşünişmek, çekeleşmek, ara gelişmek mümkin, pylan zeýilli bolaýyn diýip, içiňden gaýtalaberseň, gelen netijäňi ahyry zor bilen südenekledibem bolsa, garaz, aňyňa salmak başardýar. Keýmir ahyry bir zada doly-gutarnykly göz ýetirdi, gelniniň ugry bilenräk bolsa, şonuň öz äheňinderäk, öz gylygyndarak bolsaň, ugurdaşyrak gopsaň, şondan gowy adam ýok. Onda Şaperem gatap durman, biraz ýumşaýar, ýazylyp-ýaýrap, gül-gül açylyberýär soňundan, hezil edýär, degşip-gülüşýärem arasynda, zalym içerini alaýaz edär. Keýmir “Eger ýagdaý şeýlemi , onda näme üçin men onuň gaňryşyna gitmeli? Men öz hakykatymy özümde alyp galaýyn, ýöne öýüm rahat bolsa, maňa geregi şol!” diýen netijä ymykly geldi. Ol diýşi ýalam etdi, soň kem-kemden är-aýal arada, tötänden emele gelýän sähelçe tersiräk düşmeleri hasaba almasaň, onda pylan zeýilli gohly mesele döremedi diýen ýaly. Başga bir ölçegdenem, gelen karary Keýmir üçin bir tarapdan kemem bolmady, adamyň içki ahwaly, ýagşy-ýaman keýpi ikinji adama-da tiz geçgiç. Ol işinden-güýjünden ýadap-aryp, atyny örkläp, sulbuny öýüne zordan atansoň, kellesine agram berýän, aňsat-aňsat serden çykmazak, tükenmezköne, ýaryp gelýän agyr pikirlerden sabap, birsellem argynlykdan dynç aldy, özüne geldi. Öýüniň içi mele-messan, uçmah-behişt-jennet... Şaperi gelin al-howa göterilýän ýelgamak kimin bir barmagynyň daşynda pyrlanyp, yhlasly hyzmat edýär, adamsynyň göwnüniň näme küýseýänini bilip dur. Ikisem şat, ikisem bagtly. Aralaryndaky bäbejigem sallançak uçýan ýaly, ol gujakdan beýleki gujaga geçýär. Çünki, bu “sallançagyň” bagy söýgüden işilip ugrady. Bu ynanmasy kyn özgerişmeler nämäniň hasabyna? Bir-birege bolan mähir-muhabbetiň hasabyna! Maşgalada bar zatdan ozal şol mukaddes-jadyly duýgy, edil, howa deýin zerur. Keýmir şondan soň kellesine gelen hemme pikiri alyp, gyzgyny bilen şapladyp, Şaperä aýdaýman, içinden gelniniň düşünäýjeklerini, kabul edip biläýjeklerini saýlap, soň, wawwasy bar ýaly öz ebeteýi-usuly bilen aýtdy. Şaperem bu ýagdaýdan bihabar, öňki öwrendikli endigine görä, birki gün bor-bolgusyz bahana tapyp, kakynjyrap-siltenjiräp, ikiýan tasajagam boldy, görs-ä, hiç hili esas ýok, diňşirgendi, geň galdy, oýurgandy: “Eý, waý! Imisalalyk-la! O nähili beýle?” Onsoň olam çäresiz, ýuwaş-ýuwaşdan atynyň başyny deňläp, araba goşup ugrady. Ýöne elmydama şowuna düşüp, hemme zat laýyk gelip durýarmy? Bir ýerden zomp edip, şumlyk çykaýýar, şeýle ýagdaýda Keýmir “Ine, ýene kyn ýeri geldi, indi sowulmasaň ýa üstünden böküp geçäýmeseň, ýene öňki günüňdir, hökman çaknyşjagyň-garpyşjagyň görnüp dur, bir alajyny tapaýyn-da, bu ýagdaýdan baş alyp çykaýyn” diýip, berýär kellä agramy. Çykalga-da tapylýar. Asyl, dilini tapsaň, etjek diýip, ugrunda jan çekseň, biri beýlekisine ters-çapraz gelýän häsiýetlerem assa-ýuwaş oňşup-ysnyşyp, jüpleşäýýän oguşýa. Ýöne onuň üçin haýsam bolsa bir tarap, parhlylyk-geçirimlilik edip, maşgalanyň döwletliliginiň-rahatlygynyň bähbidi üçin Keýmiriň gelen şol aklyna-kararyna gelmeli – eger öz ýanýoldaşyňy üýtgedip bilmeseň, onda şoňa ýaraşa özüň üýtgäýmeli, wessalam. Bu juda düşnükli emma berjaý etmesi müşgil mesele. Şony başarmasaňam, ömrüň ahyryna deňiç ýanýoldaşyň bilen zol tut-da-bas bolşup, ters dawa salşyp-eňekleşip ýörmeli. Üstesine-de, Şaperiniňem öz ärine, onuň derdi-aladalaryna düşünesi geldi, Watan hakda, halk hakda, döwlet gurmak barada düşünibem ugrady azda-kände. Asyl ýanýoldaşynyň bagryny paralap, aýdýan zatlary şirin janyňdanam zerur zatlar oguşýa. Gaýta indi Şaperiniň özi Keýmirden ol-bu zatlar barada her hili soraglar berip ugrady. Keýmir gelnine laýygyna-makaşyna salyp, labzyny süýjedip, “Mähriban!”, “Mähribanym!” diýip ýüzlenmäni çykardy, başda suwjuklyk ýaly hasaplasa-da, soň gulagy öwrenişip, şol söz Şaperä ýaramanam durmady, hakykatynda häzir-ä onda ol diýen alyp-ýatan üýtgeşik märibanlyk ýok, ýöne ýuwaş-ýuwaşdan döräberer-dä. Mähir-muhabbet bir bakyşdanam lowlap, ot alyp-tutaşyp, döräp bilýär, uzagyndan – kem-kemdenem. Keýmir arasynda çolada – ikisinden başga hiç kim ýokka, göterjegini-çekjegini aňsa, usullyk bilen arasynda “Janym, jana-janym, mähribanym!” dagam diýip, joşup-tirkäberdem. Näme haýsy jenanyň özüne “Mähribanym-jana-janym!” diýdiresi gelenok? Kemiriň Şaperisi kimden kem? “Mähribanym!” diýilýänlerem ondan artyk peri-peýker däldir-le. Hamala, suw sepilen kimin, soň olardan sesem çykmady, üýnem, bile garyşyp-gatyşyp gidiberdiler, ylla, alaçaly-ýag dek. Çendanlar ýalňyşyp-ýazyp, ýadyndan çykaryp, köne endigine görä Keýmir öz goýan gadaganlyk çelgisinden biraz daşyna çykaýsa-da, Şaperem öňküsi ýaly şol bada tutup-ýapyşyp, salşyberenok-da, duýmazlyga çalyşýar. Emaý bilen gürrüňiň ugruny başga tarapa sowup ýa-da bijaý sözi eşitmediksiräp, maşgalanyň imisalalygyna öz az-köp goşandyny olam goşýar. Hany, mydam beýle bol äbe-de-jüýjelik tapdyraýýarmy? Şaperem edil Keýmiriňki meňzeş käte, özünden bidin öňki gylygyna eýerip, birden-birden ýeňse damary çekip, gözüniň agyny köpeldip, garpyşmaga bahana agtaryp ugraýar. Keýmir welin indi ahmala galyp, onuň oklan çeňňegine iläýenok, gelniniň tutjak guşy ütülgi, öň munuň okuwyny-sapagyny ganymat geçen, alagarga ýaly, aňsat atyny oka salaýanok. Sowluberýär garagörnüme. Maşgalada arkalaşyp-ýaplanyşsaň, ikiňem birek-birege direg. Öýlerindäkilerem indi bular äbe-de-jüýbe ýaşap ugradylar-ow diýip, begenişip, uludan demlerini aldylar. Hudaýam bu dünýäni är-aýal diňe bir-birege mäkäm gatylyp, bir-biregi ýürekden söýen çagynda bagtly ýaşalýan edip ýaradypdyr. Aslynda, söýgi bilen bagt diýilýänleriň ikisem bir bitewi düşünje, ýöne soň adamlar ony öz ýanlaryndan aýry-aýry düşünjä, aýry-aýry söze bölüpdirler. Keýmirde özgeleri özünden ilerde goýmaga ukyply ýürek bar, ol gelninem öýünde-hojalygynda özünden öňde goýar, sebäbi Şaperiniň ýaradylşy şeýle, adynyň öňüne şa sözüni bilmän goşmandyrlar. Gowam-da şol. Täze wezipesinde Keýmiriň käb bir öz hojalygynyň işlerine elem degip duranok, onsoňam onuň ejesi Altyntäjem şeýl-ä, Hojanepes batyr-a mydam ýolda, hojalygam aýaly ýöredýär. Şaperä-de geregi şol. Keýmir muňa gowy düşünýär, gelniniň isleýişi ýalam bolar, hökman ony bagtly eder, ol şony özüniň borjy hasaplaýar. Tekeseňňer diýilýän tarapda bir teke-türkmen obasy doly salgyt tölänok diýip, Hywa hany pajymanlaryň ýany bilen birgiden ýaragly serbazy üstlerine sürüpdir diýip, habar gelýär. Düýegöz han iki jigide Keýmiri baştutan edip, şol ýere iberýär. “Parahatlyk bilen çözlüşiň, urşup almaly zat ýok” diýip. Keýmirem şol maksat bilen ala-gowurdy bolup, üýşüp duranlaryň ýanyna bardy, jibrinişip duranlardan nämäniň nämeligi barada maglumat alyşdyrdy: “Bular almaly salgytlaryndanam daşgary artyk soýjaklar, diňe Hywa hanlygy gaýgy däl, özleriniňem syrtlaryny ýaglajaklar, haram iýip öwrenenler-dä. Olara haramam ýokaýýar. Mürrük diýýärler welin, mürrük dagy däl, bu pajymanyň garny alaň ýaly, oňa Böwen pajyman diýmeli ekenler, obamyzy tutuş ýuwdaýsa-da, şun-a doýrup bilmeris...” Mürrük pajyman Keýmiriň al-petinden aldy: --Sen kim bolarsyň-ow bu işe burnuňy sokarça? Burnuňy ýolduraýma häli. Öňem-ä bir gözüň çöwrülip ýatyr. Ýoýul şu töwerekden desbi-dähel. Pajyman gürläp durka ýüzüni myrtar bürüşdirip, gemmik-semmik dişlerini bir hili haýasyz syrtardýar welin, onuň ýylgyryşmy-gaharlygyny birbada aňşyrmagam mümkin däl. Eger ýylgyran ýaly etse, ol gaharynyň geldigi bolarly. Gaharlansa-da – ýylgyrdygy. Bu endigini häzirki wezipesine ýeteninden soň tapyndy diýişýärler, onuňam manysy “Menniň arkam güýçlüdir, pikirem etmäň, zyk etdirmen, oýnuňyz deň gelmez” diýdigi. Keýniriňem gürläp durka gepini tassyklanda ýüzüni asmana tutup almasy bar, onuňam manysy “Hakykatyňam arkasynda Hak Tagala bar!” diýdigi. --Men tekeleriň hanynyň nökeri, bu işe goşulmaga hakym bar, menem edil seniň ýaly tabşyryk bilen geldim. Ara gelşip, düşünişip bolmaýarmy? --Sen Düýegöz hanyň nokeri bolsaň, men Hywa hanynyň pajymany. Meniň hanymyň ýanynda seniň hanyň nämejik? --Hanyň beýikdir, ýöne senem hana ýaraşa beýiklik et-dä. Garyp biçäre artyk berere zadym ýok diýip-elewreýär, näme sen ýoga düşüneňokmy, ýok zady nireden alyp bersin? Ýyl gurak gelip, şu oba bihasyl galdy. Bularyň ekinleri gurap ýatyrka-ha, han size suw getirip berdi diýip-ä, ýap çekdiräýmediň ýa başga alaç tapaýmadyň. “Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja”-la sen. Siz diňe alynýan ýerinde bar. Pakyr gysymyna ilenjesinem saňa iýdirsinmi ýa çagalaryna? Hanyňyzyň bar gaýgysy halkdan salgyt çöpleme däldir-de, öz raýatynyňam gaýgysyny edýändir-ä! --Meniň işim suwçulyk däl, pajymanlyk. Her kim öz gaýgysyny özi etsin! Salgyt tölemäge ýagdaýy ýok bolsa, häzir goluny towlap, eltip zyndana taşlaryn, ýatar şol ýerde aç-suwsuz, gözüni gögerdip. Onsoň-a hosdarlary boşatjak bolup, baý, tapyp elterler-ä! Halkyň tarapyny çalýandan bolup, öňümde gazarylyp durma-da, sowul, hol, beýläk! Gury iki çykdaýja galar ýaly edersiň bulary, seniň ýalyň elinden bar geläýjegi şoldur. --Şonda-da tapmasalar, näme hamyny alaýjakmy onuň? --Hawa, hamyny aljak, oňa-da hakym bar. --Eger sen onuň hamyny alaýsaň, onda seniň janyňy almaga meniňem hakym bar. Menem seniň hamyňy sypyraryn. Beribiljekmi hamyňy? --Men özüme buýrulanyny edýärin. --Ýöne sen bilgin, Mürrük pajyman, magşar günüň soralanda “Aý, maňa han etdirdi, hojaýynym buýudy” diýip, eden etmişleriňden sypyp bilmersiň, ol ýerde goýnam öz aýgyndan asýarlar, geçinem. Öz günäňi kimdir biriniň ýa “Döwür şeýledi-dä, biz nädeli-dä?” diýip, ýaşan döwrüň üstüne atyp bilmersiň. Hatda, Alladan buýruk gelse-de, ilki etjek işiňi öz kelläňde aýlamalysyň, ynsabyňa deňäp görmelisiň! Bu dünýede eden günä-etmişleriňe näme jogap berersiň sen şonda? Heý, o dünýäňi ýatlaýarmyň sen? Unutmagyn, senem gidejeksiň. Pajyman alaryny bilip, Allasyny tanamasa-da, garşysynda duranyň külli tekäniň hanynyň adamylygy üçin, içinden “Irde-giçde şu peläket meniňem öňümden çykyp, alkymymdan alaýmasyn” diýen gorkusam bar, iki tarapam elden beresem gelenok, gerek bolsa on tarapa-da ýapjalyk edip bilýän adamlaryň hilinden-dä, durmuşda şolar ýalylar aşa gyraýmal – köp-ä! Esasanam, uly wezipeli ýerlerde. Hanlyga-da şu tetellileri işe alýarlar. Şondan üçin munuň häliden bäri Keýmir bilen gep nokatlaşyp oturyşy, başga biri dagysy bolanlygynda, hälä goýman, ýaragly serbazlaryň öňüne salyp, possuntoza ugradyp goýbererdi, çünki, onuň elinden gelýär. Pajyman ýene haýsy-haýsylygyny tanatman, ýylgyryşy bilen gaharyny garyp gepledi: --Haýry-şeri, halal-haramy sanaşmaga gelemok, men iş adamy, öz işimi edýärin. Gowulyk bilen sowul ýolumdan! --Näme sizde ýoksula geçirim bolmazmy? Hywanyň hanynyňam şu pakyryň ýok zadyna güni galan däldir-ä. Ä-hä, Mürrük pajyman häliden bäri garaşyp oturan sözüniň guýrugynyň üstünden basylan kibi, özüniň bijesi çykan kibi, guşy uçdy, agzyny-burnuny towlady, ynha, indi onuň ýeňjek ugry-ýeri geldi, Keýmire has mojugragyny aýtdyrmak üçin öjükdiriji gepleri tapyp, ýanjady, ol muňa ezber: --Näme Hywanyň hanyna şekiň barmy, oňa at dakýarmyň? Aly hezretem äsgermediksireýärmiň? Oh-oh-ow, ýaman demiň şah çykýar-la! Eşidýäňiz dälm-ow, serbazlar. Soňraky gün sorag-idegde sözüme şaýat durarsyňyz. Men-ä ýetirmeli ýerine bejit ýetirerin, senem diliň-başyňy çeýnäp aýdan şu gepiň syrtynda durup bilermiň onsoň? Ýakaňdan ebşitläp tutup, idenekläp äkidilip, çapgy ýassygynda soraga çekilseň, ýene-de gaýtalap başararmyň ýaňky sözleriňi? Mürrük salgyt töläp bilemok diýip, kibtini gysyp duran müji aşyk ýaly mor sakgal biçärä-de dazaryldy: – Sen-eýt, ýerbiti, başga birini öňüňe tutup, salgydyňy bermeseň, hälä goýman, özüm bererin jezaňy. Adamçylyk edilýär welin, gaýşansyrap dursuň. Dawalaşyp almaly däl men salgydy, bäbenegiňe basyp almaly. Mor sakgalam müçesi kiçem bolsa, arkasynda Keýmir duransoň, sähel tekgä garaşyp duran deý, dogumlanjak ekeni, olam donunyň synyndan çekip, gazap bilen ýerinden turdy: --Asman paýyňy çeksen-ow sen, Mürrük! Edenine däl diýilse, hiç kime-de ýaranok welin, ýöne bu gep nokatlaşma Mürrügiň welin gaty gaharyny getirdi, ol raýyndan gaýtmady, ol näme, syrtyny çöpe diräp, hyltyny halkdan çykyp ýören başyna giden gende, onuň arkasynda Hywanyň hany dur, eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam, onuňky dogry ediljek. Onsoňam “Ilki biriniň şahyna kakyp, gözüniň oduny alaýyn, beýlekileriň endamy syzlar ýaly” diýen niýet bilen arkasynda duran Hywa hanyna arkalanybam, ýaňky mor sakgal garybyň böwrüdir-dä diýip, saldy elindäki hanjary. Keýmir ara girip, hanjaryň öňüne goluny tutup ýetişäýdi, ýöne nä ýetişmek? Batly urlan hanjar Keýmiriň çep goluny joýalap-dilip gitdi, düýbüniň süňki görnüp dur. Hernä Hydyr ata ýaly bolup, şol obaly bir tebip däri-dermenly torbasy bilen köpçüligiň arasynda duran eken, tebip Keýmiri öňünde oturdyp, ýuwup-daňyp, bejerip ugrady. Keýmiriň ýany bilen gelen iki jigidiňem gaýtawul berjek bolan badyna daşyna serbazlar aýlanyp, ellerinden ýaraglaryny gaňryp alyp, daşlaryna aýlanyp, gollaryna tanap daňyp, duruberdiler, naýzadan ýasalan kapasa düşüren deýin. Köp bilen azyň oýny deň gelenok. Olara ozal Keýmiriň beren tabşyrygam “Tüpbzarlyk etmek üçin öjükmäge bahana gözlärler, siz goşulman, duruň!” Jigitlere häzir diňe ýagdaýa kaýyllyk galýar. Ýeňilaýak düşbi ýigdekçeleriň biri ýyldyrym çaltlygynda boz gunançasyny aldygyna çapdyryp, Hojanepes batyrlaryň öýüne ajy habar alyp geldi. “Keýmir pyçaklandy” diýlen şum habara öňem Buharada bir ogluny – Gyzyl neressäni şeýle ýagdaýda aldyryp, jigerine dag basylansoň, Hojanepes batyryň ýüregi sarsyp, dergazap bolup, gazap atyna atlandy, göýä öňden häzirlenip duran deý, uly ogly Eýmirem aýtdyrmasyzdan, kakasynyň ýany bilen atynyň başyny deňläp, eňdi. Hojanepes batyr häzir nämäniň nämeligini doly bilenok, wakanyň gopan ýerine barlansoň, gözi bilen görüp, gulagy bilen eşidensoň, näme etmelidigini görüberer. Ýöne bir zada welin ol berk ynanýar – hakykat Keýmiriň tarapyndadyr, hökman şeýledir. Ol öz ogllaryny eliniň bäş barmagy ýaly tanaýar. Hak iş üçin bolaýmasa, Keýmir bozgaklygyň gyrasynda hergiz görünmez. Batyrlygyň bir şertem şonda – gitjek ýeriň howuplymy-dälmi, gaplaňyň-şir-peleňiň agzam bolsa, dagyň uçudy ýa ýanyp duran gyzyl oduň içem bolsa, hiç zada seretmezden, ýüzugra ata atlanyp, gamçyny şol tarapa basmak. Ine, şony başarsaň, adyň yzyna batyr lakamy tirkelýär. Şir görse, tilkileriň guýruklaryny ýamyzlaryna gysyşy ýaly, Hojanepes batyra gözi düşen han serbazlary götinjekläp, arkan-arkan gaýyşdylar. Hem-ä Hojanepes batyryň tüweleýläp gelýän haýbatyndan eýmenenleri üçin, hemem Keýmiriň bigünä ýerden ýaralananlygyny ýanynda gözleri bilen görüp duran serbazlar batyr aga batyrynyp bilmediler-de, gaýra-gaýra süýşdüler. Wakanyň mundan beýläk neneň—niçik bolaryna garaşdylar. Bir tarapdan, mydam dawa-şeriň içinde gezip ýören serbazlara-da tomaşa-hezillik gerek, Mürrük pajymanyň ýenjilmegi-öldürilmegi serbazlaryň gaýgylaryna-perwaýlaryna däl, öňem onuň ýygnaýan salgydyndan-pulundan olara şeýtel ýok, üstesine häzir olara eýdiň-beýdiň diýip, depelerine abanyp, buýruk berip duranam ýok, şonuň üçin nämäniň nämeligine doly düşünmediksiräp, ajym-ujumlykda peýdalanyp, gözüňi mäzert-de, keseden synla-da dur, soň özgelere gözüm bilen gördüm diýip, süýjüdip, gürrüň berer ýaly. Hälä galman, Mürrük pajymanam eden hyýanatynyň gaýtargysyny egni bilen çeker-dä. Tebip Keýmiriň ýarasyny daňyşdyryp duran eken, salgytçylaram, halkam heniz dargamandyr. Bärden barşyna Hojanepes Keýmiri kimiň pyçaklanlygyny sorady, Mürrük pajyman “Men” diýip, özünde gyldyrgança günä duýman, boş haýbat atyp, gaýşarylyp öňe çykdy, soňundanam: --Men ony pyçaklamok, özi gelip sokuldy öňüne, ine, şu duranlaryň hemmesem gördi, hemmesem sözüme şaýatdyr, ogluň özündenem sorap gör-äý! – diýip, öz sözüne düzediş bermäge howlukdy, Keýmirdenem hemaýat gözledi. Hojanepes batyr beýleki üýşüp duran salgytçylaryň gözüniň alnynda Keýmiri pyçaklan Mürrük pajymany urup, ýenjip, aşagyna salyp, düýrläp, muştlary bilen ýumruklap, gyrmyzy gana boýady, gurt goýny iýende, doýjakmy? Şu ýerde bir zada haýran galaýmaly – hiç kim oňa edýäniň näme diýip, öňüne taýak atyp bilmedi. Pajymanyň arkasyny çalmaly han serbazlarynyň häzir goşulyşman durmagyny mertlige ýorsaňam bolar, namartlyga-da. Ol ýorgutçynyň islegine bagly. Hojanepes batyr elindäki hanjary pajymanyň depesinde ikiýan kelemenletdi: --Ine, meniňem hanjarym bar, häzir güýlüp, damagyňy çalyp bilýän. Ýöne özüň bilen deň bolmaýyn. --Jan aga, pohumy iýipdirin, gaýdyp şeýle işiň gyrasynda görünmäýin. Mürrük pajyman amatyny tapyp, rehmi inip, biraz gowuşgynlyk beren Hojanepes batyryň elinden sypyp, myrtar sögünip gaçdy. Onuň yzyndan Eýmir atylyp baryp, ýakasyndan tutup, gulak çekgesine bir ýapdy welin, Mürrük pajyman huşundan gitdi, Eýmir ony gapdaldaky hennege oklap, üstüni aýagy bilen gum sürüp gömjekdi welin, kakasy yşarat edensoň, ony taşlap gaýtdy. Hojanepes batyryň depesinden inderen ýumruklary Mürrügiň hähini alsa alandyr welin, Eýmiriň aýasyna tüýkürip, gulakçekgesine gonduran ýüňli şelpesi welin, gulagyna bir gapdy, indi bulamak ýalap, on-ýigrimi günden bäri-bärilerd-ä öz adynyň kimliginem aýdyp bilmese gerek. Keýmiriň halk bolup, döwlet gurup, Watana aşalyň diýýän adamlarynyň arasynda şu Mürrük tetellilerem bar. Mürrük pajymanam öz garagöz türkmeniň-dä, Hywa hanynyň gullugynda gezip ýören. Şoňa berlensiräp-wepadarsyrap, etdigi şol gabahçylygy. Gany gataşansoň, tebip gelip, Keýmiriň ýaralaryny täzeden ýuwup daňdy: --Hernä golunyň süňki berk eken, ýogsa hanjar içinden parran geçip gitjek oguşýa, ýogyn damaryn-a üzmändir, golunyň bir garyş ýaly ýerini welin dilipdir, süňki çykyp ýatyr. Häzir ýuwup-ardyp daňyşdyrdym. Öýüňize eltip, ymykly serederin. Geljek gelip, çykjak çykyp, öýde Şaperi Keýmir bilen ikiçäk galansoňlar, äriniň gan-tozan siňen eşiklerini bir laý çalşyrmaga kömekleşdi, tutuş gijesi bilen çaý diýse, çaý berip, owkalap, ýanap ýatdy, sähel iş üçin gygyrdyp-çagyrdyp duranok, özünden bilýär näme etmelidigini. Ýaradan gan ysy, däri-dermanyň porsy ysy gelýär diýip, seňrigini ýygranok, hamala, burny ys almaýan ýaly. Hatda, ärini pyçaklan kezzaba-da ýaman gargyş edip, sögüp-gargyş edip, elden-aýakdan çykanok. Gelniniň öz daşynda kökenek gerşi, perwaz urşy, hassanyň ynjyklygyna ýararly mähirli-parahat söz tapyşy Keýmiri haýrana goýdy, gelniniň özüni nähili gowy görýänini şonda bilip galdy. Söýmegem bagtdyr welin, jana-janyň tarapdan söýülýäniňi duýmak iki esse bagtdyr! Keýmir şu halda ezýet bilen lezzet arada galdy, hem-ä tyg ýarasynyň azary, hemem söwer ýar mähri, idi-yssywaty! Aslynda, durmuşyň özem asal bilen zakgundan ybarat. Iş başa düşende, kimiň kimligi has oňat tanalýar. --Men saňa näme diýýänem bolsam, näme aýdýanam bolsam, ol diňe seni gowy görenim üçindir, Şaperi! Kä gylygym saňa ýaramasa-da, diş gysaweri, bir kemçiliksiz gözelem ýokdur, erkek kişem. Arkalaşsak, dag aşarys. --Dagy näme, Watana aşarys. Şaperiniň Watan sözüni asal batyryp, süýjüdip-labyzly aýdaýşyny! Şol sözüň özem owadan welin, aýdylyşyndanam gerek. Diýmek, Keýmiriň ýassykdaşyna ýürekden eden yhlas-tagallasy laýyk ýerine düşüp ugrapdyr-da mazaly? Bir gudrat bilen, gelni Watan diýlen belent derejäniň deňesine çenli ýokary ymtylypdyr. Indi Keýmiriň il-ýurt hakyndaky beýik arzuw-matlaplary oňynyna tarap ugrugyberer. Şaperi bir jadyly söz bilen Keýmiriň goşa kümüş ganatyna öwrüldi. Ýaşynyň näçeligine, ylym-bilim derejesine, eýeleýän wezipesine, jynsyna... garamazdan, Watan sözüniň derejesine göterilmedik adam heniz kämil däldir! Ynsanperwerligem Watan diýen düşünjeden soň öz hakyky manysyny eýeleýär. Watanyny söýen adam dünýänem söýüp bilýär. Watanyň adyna aşyk bolan kişi edil şol mukdarda Hudaýa-da ýakynlaşýandyr! Şaperi ýylgyryp, Keýmiriň ýaraly elini ynjydaýman, öz ýanýoldaşyny usullyk bilen bagryna basdy, onda-da oýun-baz-kereşme kän eken. Häzir Keýmir üçin şondan gowy melhem ýok. Aramy-jan! Toşoply sözler. Ýyly dem, çogly mähir-muhabbet... Hany agyry? Hany ynjy? Hudaý bilsin! Aýal adam erkek kişi üçin elmydama ilki-başky jadygöýligine galýar. Aýal adam erkek kişi üçin hiçmahal tükenmeýän syrlar kitaby. Kalbyna giňlik ýaýran Keýmir içinden özi özi bilen degişdi: “Şaperini şu ýagdaýda görjegimi bilenligimde birmahal özüm-özüme meýletin tyg ýarasyny salmajakmy?” Adam diýeniň üç hili bolýar, biri öýünde gowy, ile erbet, ikinjisi, ile gowy, öýünde erbet, üçünjisi öýünde-de gowy, ile-de gowy. Üçünji topar göze gelüwlidir, saýlanyp durandyr, halkyň içine çyksyn, öýüne dolanyp gelsin, her kim şonuň daşynda kebelekdir. Elbet-de, her kimiň üçünji topara degişli bolasy gelýär, näme erbet bolaýyn diýýän adam barmy? Şaperi bilen Keýmiriňem kalblaryndaky höweslän islegleri şol. Bu çatynjalar üçin öň öý-maşgala meselesi kösençlidi-garallady, emma “gawun gawundan reňk alyp”, reňkini alansoň gawunlar süýjeýärem, indi wagtyň geçmegi bilen, ol iň süýji meselä öwrülip barýar. Indi olara-da, elbet-de, şu gidişine dowam edip başarsalar “Öýünde-de gowy, il üçinem ýakymly adamlar” diýip ugrarlar. Eger bu dünýäde atly-abraýly ýaşaýyn diýseň, hemmeler tarapyn hormatlanaýyn diýseň, gowulyk özüňden başlanmaly, gowulyk öýüňden başlanmaly, sen iliň içine özüňdäki-öýüňdäki apalan iň gowulyklaryňy eltmeli. Öňden aýdylýan bir gep bar – “Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez”, Keýmiriňem goluna düşen tyg ýarasy bu gün bolmasa, ertir biter, ertir bitmese, birigün biter, ahyry soňy geler, ýöne agýarlaryň töhmeti-tagna gepleri, zähere batyrylyp çykarylan söz ýaralary magşar günüňe deňiç seni gapdallap, sypdyrman gelýär. Gapdallap diýilse, heniz bärden gaýdýar, ol dert ýüregiň iň jümmüşinde oturýar, heran-haçanam ýadyňa düşüp, öz etiňi özüňe çigligine iýdirip, gara bagryňy para-para eýleýär. Maňka çykýar diýip, burnuňy kesip taşlap bolanok, Keýmiriňem balagyny guşaklygyndan geýse, injikleri taýzaryp-çykyp duran, aşagrak halpardyp, injiklerini ýapsa-da, syrty açlyp duran, tagaşyksyz, atan-satan, satanyndan köşek geçiräýmeli diýilýän şilliň Gutly Petik diýen doganoglan agasy bar. Penjeli pälwan ikisine-de deň ata bolýar, Keýmir-ä Hojanepes batyrdan, Gutly Petigem Penjeli pälwanyň uly oglundan. Garaz, daşy däl-dä. Gutly Petik goňşy obadan gümürtik ýoldan agyr baý bolan biriniň işigine hyzmata bardy, gümürtik diýilýäni, ýagny, ol gijede-girimde ogry-jümrüleriň öýüne eltýän gaçakçy-ogrulyk malyny ondan bir bahadan arzan alyp, soňam başga näbelet ýerlere alyp gidip, öldürip-ýere degrip alanlaryny gymmat bahadan satyp, baý bolan. Gutly Petik hajyp-hujuk edip, şol baýyň ynamyna giribem, ýuwaş-ýuwaşdan onuň emlägini dolandyrmaga başlady. Bar meseläni täk özi çözýän iň esasy adama öwrüldi. Aldy-satdy. Baý aganyň hasap bilmeýänliginden, biperwaýlygyndan peýdalanyp, üç-dört ýyl zygyr-zygyr gatnap, öz öýüne çekip, onuň hojalygyny halys guratdy, ýer urup, ýerde galan garyba öwürdi, baý ozüniň syrtyny nädip ýere goýanynam bilmän galdy, görse, syrty kül üstünde. Uly hasapdan alanyňd-a, ýetim-ýesiriň, halkyň söbüginden akdyran hakynyň üstünde oturandan-a kül üstünde oturanyň müň paý gowy. Indi Gutly Petik baý, Kap dagynyň üstünde ol otyr, ol indi öňki hojaýynynyň emlägini alsa-da, salamyny alanok. Gutly Petigiň köp gaýtalaýan sözi – “Ogrudan ogurlamak halal!”. Ol bir özüni däl-de, tutuş hojalyklaryny zaýalady, onuň saýlap tutan ogrulyk ýolundan rysk taparys öýdüp, özünden aşakdaky dört-bäş inilerem gidip, tutulyp-gapylyp, iliň gözünden düşdüler. Gutly Petigiň öňki tozan hojaýynynyň hasabyna, has takyk aýdylsa-ha, aňňalak gapyp, malyny aldyran galyň bendäniň hasabyna, depseň-deprenmez baý bolanlygy magat çyn, malynyň-mülküniň-pulunyň doly hasabyny bir özi bilýändir-dä. Ol köp bilýär, emma özüniň nämäniň üstünde duranyny bilmediksireýär. Nämäniň üstünde bolar – haramlygyň, ogrulygyň, kişi malynyň. Her kim özi ýaly bilen gatnaşyk açýar – pes pes bilen, beýik beýik bilen. Olam her ýerde-her ýerde özi ýaly tutumly-loty baýlar bilen saçakly gatnaşyp ugrady. Toýunda-beýlekisinde olar maşgalalary bilen myhmançylyga gelip, ilden aýratyn ýerde üýşüp, iýip-içip, keýpi-sapa gurup, şady-horramlyk edişip oturýarlar. Aýallaram özbaşdak aýratyn ýerde üýşüp hezzetlenýärler, olaryň boýunlaryna dakynýan lagl-zeberjetleri göreni haýran galdyrýar. Gutly Petik baý myhmanlaryna Keýmiri görkezip, “Ine, meniň inim jan” diýip, Keýmiri olaryň ýanynda beýikläp-derejeleýär. “Daşyndan ýuwaş ýalydyram welin, bu inim juda zordur, medrese gutaran sowatly kişi, iliň öňüne düşjek adam şudur, meniň inimdir, han ýanynda gezýändir”. Baý-barjamlylar bilen gatnaşsa-da, her kim toýunda-sadakasynda Gutly Petik görünmese, begenýärler, gelse, bir ýürekbulandyryjy-bolgusyz gepini atyp gidýär. Gelmese, ýagşylyk etdigi. Gutly baýa düşüner ýaly däl, bir görseň-ä, Hojanepes kakasynyň ogullary bilen garagadyr, içine-daşyna girip, degşip-gülşüp, özüne allanäme kişi diýdirýär, bir görseňem, Keýmiriň ýüzüne müň ýyllyk ary köýen ýaly, aşagyndan çykyp bolmajak agyr ýamanlyk gören kibi, gözlerini alardyp, ýigrenç-öç bilen seredýär. Garagadyrlygynyňam, garasöýmezliginiňem düýp sebäbini welin aňdyranok. Ýogsa Keýmir ýagşydan-ýamandanam ol agasynyň adyny tutanok, diňe salam berýär, salamyny alýar. Ilki garyp bolup, soňra baýanlaryň “dil” çykaraýmajygam bar. Gutly Petigem köpçüligiň içinde dilini aýnadyp, gepläsi gelýär, onam başaranok. Keýmirem ýeke gezegem onuň sözüne düzediş bermedi. Adamçylyk adamyň adama işi-derdi düşmänem oňanok, ýöne her kança zerura düşselerem, Hojanepes batyrlar Gutly Petigiň gapysyndan dilege baranoklar. Bir ýola Gutly Petik Keýmire duşanynda “Gelniňi gaýdyp almaga ýagdaýyň ýok bolsa, baraýgyn öýe, näçe pul gerek diýseň, öýde bardyr, inim!” – diýdi, emma Keýmir olara pul diläp barjakmy? Edil zat damanok-a diýmeli däl, Gutly Petik eli çykymly baý, ol tarapyna zor. Sahawatly. Özem häli-şindi il üýşürip, toý-sadaka-hudaýýoluna aýdylan edip, gaýdanlarynda toýpaý-sowgat paýlaýar, boldan-bol aş döküp durýar. Gapysyndan dilege barany aňsat boş-a goýberenok. Her remezan aýynda obanyň tarawa namazyna durýan agzy bekli ýaşulularynyň segsen-togsan sanysyna her gün gapysynda janly soýup, gojalaryň düýşüne-de girmejek dürli nazy-nygmatlary supra çykaryp, agyz açdyrýar. Bu işi ak ýürekden edensoň, özünden başga beýle warhan-tarhanlygy edip biljek ikinji bir adamyň ýoklugy üçin, onuň edýän sadakasy halal maldanmy, haram maldanmy diýip seljeribem duranoklar. Tarawaçylaryň ymamy bolýan hojam aga-da “Il-güne, mömine, aja-ýalaňaja berilýän sadaka, öz-özünden tämizlenýär-päklenýär, sadakadan beýlesin-ä biljek däl, emma öňüňizde goýlan sadakany arkaýyn iýiberiň!” diýýär. Bir aýda otuz işşegiň hamyny soýdurýar, az däl-ä! Özem her ýyl şeýle. Birki sany ýetimegi öz hasabyna öýerip, toýunam sowdy. Obanyň öwlüýäsi, metjidi üçin çykdaýjy çykarmaly ýerinde-de ol öňe düşýär, gysymyny giňden açýar. Ýöne näme halk Petik diýse, senem sahy-da bolsaň, şoňa kaýyl-boýun bolup ýörmelisiň. Diýýändirler, emmasy-da bardyr. Emmasam şol sözüň näme üçin aýdylýanlygynda – Gutly çonagyň halallyk tarapy petiklenen diýildigi. Oňa diňe haram düşýär diýen manyda. Onuň Petik lakamynyň gelip çykmagynyň ene bir manysam bar, Gutly Petik şol öňki talan hojaýynyň diňe mal-mülküni, pul-baýlygyny däl, ýöreden pişe-kesbinem özüne hünär-ýörelge edip aldy. “Il ogrusyz bolmaýar...”, Gutly Petigiňem gün batanyndan tä daň atýança gapysynyň mähellesi, gatnawy kesilenok, zygyr-zygyr. Ogry-jümri iliň gözüne güý düşüp, girisine-çolpusyna ilen zady ýüzüni garaňka tutup, gizlinlikde eltip tabşyrýar, deregine-de bäş şaýy hakyny alýar. Boldy, onsoň şol ogrulygyň yzy petiklenýär. Az mahaldan şol ogrulyk mallar başga şäheriň gyzan bazarynda saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi edilip, bazaryň göteren ýerinden satylýar, daşy durşuna gyzyl el. Birneme arzanrak welin, bolanda näme, Gutly Petik olary bilini agyrdyp gazanypmy, iň esasy zat – söwdasy rowaç. Galyň bendäniň halalja zadyny harama çykaryp, haýyrlandy, şonda-da özüni ogry şärigi hasaplanok. Aýak yzy ýok, petik, göçenini ýel bildi, gonanynam gol. Hiç kim hiç zat bilenok. Ýok, muny hemmeler bilýär – Gutly Petik ogrularbaşy. Pul karz bermek bilen onuň bar gaýgysy Keýmiriň gelnini atasöýünden yzyna gaýdyp almagy ýa almazlygy däl, birinjiden-ä, ol eçilýänden bolasy gelýär, ikinjidenem, Hojanepes batyrlary öz öňünde pul diletdirip, kiçeldesi gelýär. “Ynha, kyn günüňizde mendirin arkaňyzda durjak, atamyz birem welin, rysgymyz üýtgeşikdir” diýdigi. Dili bilen diýmäýende-de, gözi bilen diýjek. Onuňam sebäbi, Hojanepes batyryň maşgalasy-hojalygy il içinde özüniňkiden gözgörtele abraýly, uly il şolary götergileýär, özi halk üçin şunça eli açyklyk etse-de, ýene Keýmirler has höreli-sarpaly. Meýletin öz ýardamyny hödürleýänliginiň emmasam şol “Siz obada hernäçe sarpalansaňyzam, ýene günüňiz maňa galandyr” diýdigi. Hemem ýagşylyk edýänden boljakdan. Bu aýdylýanlar meseläniň diňe suwuň ýüzüne çykýan görnüşleri, ýöne suwuň aşagynda görünmeýän bölegem bar, ol, ine, şundan ybarat “Siz her näçe halalsyraberiň, emma haramyň baýdagy belentdedir!” diýdigi, onuň öz babadaşlary bilen edýän urşy halal-haramyň söweşi. “Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?” diýilýän, öz doganglanlarynyň iliňkiden tapawutly alypýatan hiç hili üýtgeşik günem ýok welin, Gutly Petik şonam görüp bilmän, şoňa-da basdaşlyk edýär. Näme üçin il-gün her meselede özi kimin döwletment kişä däl-de, ol gelinlerini yzyna gaýdyp alyp bilmän ýören, ýer urup, ýerde galan salpaýaklara sala salmaly? Hany adalat? Gutly Petik köplenç il içinde gürleýänden-dilewarsyraýandan-suhanwersireýänden bolasy gelýär diýip aýdypdyk, olam zandyňda bolmasa, başardanok, onuň aýdýanlarynyň soňy haňk-huňka, çöpe-çalama uruberýär, çünki, onuň aýdýan wakalarynyň düýbi ogrulyga-jümrülige, çylkasyzlyga diräp duruberýär, onsoň onuň-munuň gybatyny edip, ýamanlap, sübse başyny bogup bilmän, gürrüňini başga tarapa sowýar. Ol ýa-ha çala eşidip, çatma ýykýar ýa-da özünden toslaýar. Özünden toslamak nämä gerekkä? Keýmir bilen basdaşlygy – ol nirä barsa, daşynda mähelle egele, häh-de, häh diýşip, şony diňleýärler, ine, bu-da bahylçylyga esas. Dogry, ondan çallyk geçi tamakinler Gutly Petigiňem daşyna üýşüp diňleýärler, gülesleri gelmese-de gülen kişi bolşup-syrtaryşyp, haýran galansyraşyp... Ogry-jümrem ogurlan zadyny, pylan ýerden tapdym, pylan bazardan satyn aldym diýip, toslap-edip, delile getirmäge, haramyny hallamaga çalşar, emma Gutly Petigiň özünde-de, inilerinde-de näçe diýseň, aýp bar, eger sen haýry-şeri seçip bilýän bolsaň, başla-da özüňden, inileriňden! Ýöne ol öz ýere-göge sygmaýan baýlygyny nädip gazanandygyny hiç kime düşündirjegem, özüni aklamagam bolanok. Hatda öz içindenem özüniň kylmyşlaryny derňäbem, azara galanok. “Zat meniňkimi – meniňki” gürrüň gutardy, emma özgelerde gyldyrgança bir kemçilik görse, özüni ýurduň baş kazysy ýaly, köpçüligiň içinde şol adamy aldarladyp barýar. Gutly Petik mähelläniň içinde öz doganoglan inisi barada şyltakly gürrüňi edip durka, Keýmir onuň üstünden baraýdy. Töhmet atýany bes-belli, ýüzi allaniçigsi bolup, güles-ýalas etdi: --Ine, inim janyň özem geläýdi. Sen türkmeniň hany boljak diýýäň gerek, dogryňdan gel? Keýmir agasyna gazap bilen seretdi. Gutly Petik etmişiniň üstünde tutulyp, Keýmiriň kör gözüni görüp, beter eýmendi. Keýmiriň “Sag gözümiň ýetýän ýerinden aňryny kör gözüm görýär, batyl gözümiň görýäni sag gözümiňkiden kändir” diýýäni ugrunda bar eken. Agasynyň şunuň ýaly gürrüňi öňem bir ýerde aýdýanyny Keýmire ýetiripdiler. Ol gep sözme-söz Keýmiriň ýadynda dur: --Hojanepes kakamyň kör ogly özüni Çar dagly Çandybiliň patyşasy Görogly däldirin öýdenok. Onuň Nedirguly abşar diýenem bir çoça gul hemşerisi barmyş. Ol-a Eýranyň şasy boljak diýen bolup ýörmüş. Biziň batylymyzam türkmeniň hany boljakmyş. Ýykyl, dünýe, bas meni! Hanlyga geçen günümem öz obama sütem berjek, hemmesi biziň gulumyz bolar diýenmiş... ine, Gutly Petik ýaňam şol şyltagyny gaýtalandyr. Ol Keýmir bir agyz söz aýtmasa-da, juda gazaba münenini aňyp, indi götinjeklese, gepinde tutuljagyny bilip, “Ölerem, Alla diýmerem” diýip, ýene öz doganoglan inisiniň üstüne bihaýalyk bilen sürnüp ugrady: --Hojanepes kakamyň öz dilinden eşitdim, biz indi siziň guluňyz bolmalymy? Hetden aşýan-a dälsiňiz-dä? Heniz dünýede ýok döwletiň ýok hanymy sen? Agasynyň bu hüjümi nämäniň alamaty? Nämäniň töhmeti? Dek gezeni gününe goýmajakmydyr bu? Mugt ýerden başyňa dawany satyn alyp oturmaly-la! Tekiz ýerde büdretmek isleýär. Adamyň başyna bela şunuň ýaly garaşman duran ýerinden gelgiç. Azgyna dawa gerek, daşyndakylara tomaşa. Beýnisine uran gaharyndan ýaňa, Keýmiriň kellesine başda atylyp, baryp, agasynyň ýakasyndan ebşitläp tutaýyn, duran ýerinde janyny gabz edip, temmisini bereýin diýen pikir geldi, ýöne edebi-terbiýesi muňa ýol bermedi, onsaňam agasynyň ýaşy özünden uly, sylady. Nätjek-dä, halk içinde olar tetellilerem bar – soňy nirä degse, şoňa degsin diýip, agzyna agam gelse, gara-da gelse, seljermän, samahyllap duran. Dünýäniň gurluşy şeýle. “Ýok döwletiň ýok hany” diýşine seret-ä, şu zeýilli nekdogdy-nekgende bilen nädip ýurtly-döwletli bolarsyň? Hammam görmän, tamman çykaryp, bahylçylyk edýär. Ýok döwletiň ýok hanlygyny gabanýar. Bu töhmetiň astynda bir kiçijik hakykat ýatan bolamagam mümkin, otsuz tüsse bolmaýşy kimin, ýagny, Keýmiriň il-ýurt barada edýän yzygiderli aladalary-janykmalary, türkmenleriň hemme tire-taýpalary birikmeli, ýurda eýe çykmaly, döwlet gurmaly diýip tekrarlaýanlary, Nedirgulynyň şa boljak diýeni, bir ýerden eşdendir-dä, ol sözem. Ondan beýlesi welin ýa-ha Gutly Petigiň öz tapýan çaklama-çypdyrma gepi, ýa-da onça-da ýok bir melgunyň toslamasy. Agasy hökmünde şeýle patarrakyny başga biri äwüp-säwüp, edäýende-de, petigulysyny bermeli adam halyna, ine, hezil edip, töwerege tomaşa berip, heşelle kakýar, özi aýdyp, özi hezil edýär. Onuň “Ogrudan ogurlamak halal” diýip, aýlawly-göçme manyly sözi göni manysynda düşünip, öz haram baýlygyny hallap ýöre bolşy ýaly-da, häzirki edip oturan gürrüňem. Heý, “ogrulyk” bilen “halallyk” sözem bir ýere sygyşjak düşünjelermi? Keýmir oýlandy “Ýa-ha ol akmak, ýa-da akmaksyraýar. Öjügişesi gelýär. Beýlesine basan emlägi oni dänjiredýän zat. Ýöne “Iliň haky – belanyň oky” diýenem-ä bir söz bardyr. Ol ahyry öz okuna-tirine özi griftar olar”—diýdi, emma içki pikirini daşyna çykarmady. Keýmir ýene içini gepletdi “Gutlynyň şu bolgusyz gepi tapmagynyň ýene bir emmasy barmyka diýýän, ol hemişe öz içinden “Şu obanyň iň baýy menmikäm ýa başga mendenem baý biri barmyka?” diýip, basga düşüp, oýlanýandyr. Eger özi bolsa, onda näme üçin hemmeler Hojanepes batyrlaryň daşynda? Onuň özüne-göwnüne osup: “Habaryňyz ýok, siziň bar gazanjyňyz ýer astyndan meniň kisäme dökülýär. Wagt geler, ählijäňiz meniň işigime dökülersiňiz – dilegçilige-gedaýçylyga!” diýdigidir. Oturyp-oturyp, haýran galýaryn, kesekidenem beter öz ýakynlaryňdan-jana-janlaryňdan seresap bolmal-ow, özüňkiň dili kesekiniňkiden awuly, ýalawly, kesgir. Naýynsap: “Kakaňdan eşitdim, özi gürrüň berdi pylanylarda” diýip, toslan şyltagynyň arasyna kakamam goşýar, özüme töhmet atylsa, çydajak welin, kakaňa şyltak atylsa, dymyp durma kyn”. Herniçikdir Keýmir öz-özüne basalyk berip, tüýsüýtgän doganoglan agasynyň myjabatlaryna ýeke agzam gaýtargy bermän, ol ýerden – köpçüligiň arasyndan kynlyk bilen turup gitdi. Turup gitdi, ýöne ýaralanyp gitdi, şol dil ýarasy diýilýän tygdan beter onuň kalbyny dildi, duzlady, burç basdy, tagna sözleriň awusy ýürege dökülýär, demligiňi daraldýar. Ýaralanan durnanyň pessaýlap, ýere düşüşi kibi, sulbasyny zordan öýüne atdy. Öýlerinde kakasam bar eken. Aýtmalymy-ýokmy? Bir tarapdan-a, öz ýüregini agyrdany azmy, kakasynyň ýüreginem çişirmek nämä gerek, ikinji tarapdanam, ol maşgalanyň abraýyna dalaş gurýan şyltakly sözleri kakaňdan gizleseň, oňa haýyr etdigiň däl, bilip goýsa gowy hemem kakaň bilen derdiňi paýlaşmasaň, ondan golaý kimiň bar? Gutly Petigiň aýdanlaryny kakasynyň birden gaharyny getiräýmän, ýaşuly adamdyr, birden ýüregi sarsaýmasyn gorkudan, birneme ýumşadyprak, usullyk bilen gürrüň berdi, “Senem gepledýär” diýdi. Hojanepes batyr inisumagynyň bu içiňden gan geçirýän şyltagyna asla sarsmadam-mizemedem, öň beýle-beýle çarşenbeler başyndan köp geçip, ýüregi polada dönen bolarly, ol juda sowukganlylyk-giňgöwrümlilik bilen gepledi: --Menem gepledýän bolsa, pyçagyň öz gynyny kesmejegini bilip, şoňa daýanyp-baýrynyp aýdýandyr. Indi inini-agany tanar ýaly bolan däldir, gyzarandyr – gözi ýer görmez ol inimiziň. Biziň çonaklar tirämiz-ä düýpden meňzemändir, elbet, şol ýelem-ýewlet daýy tarapyna çekendir-dä. Şol ýakasy gaýyşly daýy gapdaly il gözlügin hernäçe möminsireseler-de, namzlykdan düşmän otursalar-da, olar hakda nijeme ýakymsyz gürrüňleri öňem eşidýäris. Daýylaram ençeme ynanjaň-sada bendäniň ýagyrnişligini tütedendir. Gutly inimiziň haramdan ýygnan ogurlyk maly garagyny gapýandyr, injigi göterýän däldir. Näme diýse, şony diýsin! Ýanyndan dymyp gaýdan bolsaň, gaty dogry edipsiň, inerim. Poha daş atsaň, üstüňe syçraýandyr. Ýagşydan-ýamandan adyny tutmaly däl adamlar bar. Gowlukda adyny agzaýsaňam, “Sen pylan ýerde men hakda pylan zat diýipsiň” diýip, agzyny-burnuny çeýnäp duran, ana, Gutly Petik diýilýän şeýle iriňbaşylaryň biri. Onuň ýaly haramzada bilen agyz deňläp, gargyşymam dözesim gelenok. Ýalandan ýygnap-ýygşyrany toýuna buýursyn! Ol tetelli bilen biz däl, durmuşyň özi gep yzarlaşar – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |