09:52 Çarh / 1-nji kitap -17 | |
Aslynda töhmet atylmaýan adam ýokdur, emma iliň-halkyň öňüne düşýänlere dag maýyrýan töhmetler atylýar. Hojanepes batyr “Men dünýeden ötemden soň atyljak töhmetden gaty gorkýan, ýöne özi ölensoň, töhmet atýanlar welin has aýylganç. Ölini gepledip, töhmet atdyrýanlar merhumyň tümmeginiň aňrysynda gizlenýän gurrumsak diriler. Ine, şol aýylganç, sebäbi ölä etjek zadyň ýok. Gutly Petik dagy olaryň ýanynda deňeşdirseň, ýüzüňe sylaýmaly. Ol gizlenip, atmandyr, göni aýdypdyr, sataşsam, gerşini sypalaryn, olam bir hasapdan gahrymançylyk, ýöne hapa gahrymançylyk” – diýip, Gutly Petik hakdaky gürrüňi petiklemeli etdi. Keýmirem şol akyla gulluk edip, gepi başga ýana sowdy. Ataly-ogluň bu edişi göwne makul, çünki, dymmagam töhmetiň garşysyna ulanylýan bir ygtybarly serişde. Köneden gelýän “Döwletli arsyz gerek” diýilýän sözüň hakyky manysynda ulanylýan ýeri şu. Dörjelemediňçe, utýarsyň. Gepi yzarlasaň bela eltýär. Dymsaň, seniň bilen biderek ýere öjügişjek bolýan pälazanyň badyny ýatyrýarsyň, ysgynyny gaçyrýarsyň. Ol eden tamasy çykmansoň, öz etini özi çişe çekip başlaýar.
Taryhy proza
Şeýlelikde, Gutly Petigiň Hojanepes batyrlaryň başyna atan birgiden şyltak-töhmetleriniň garşysyna jogap hökmünde ýekeje söz tapyldy – olam “dymmak”. Kakasynyň daýy gapdaly diýýäni ugrunda bar gep, Gutly Petigem ilki öýünde öýlänligi ýokka, aç owurdyny-dişiniň kirini sorup ýörkä daýylaryna zygyr-zygyr gatnap, iş salyşýanyň bilen dostlaşyp, ol biçäre-de ýalanyňa ynanyp, golaýyna goýberensoňam, hile bilen ähli emlägini elinden almagy-namartçylygy öwrenip, kemsiz tälim alyp geldi, daýylarynyň kesb-ä – şol, Petigiň melgunlyk okuwy şol tarapdan. Sen hernäçe köpbilmişdirin öýtseňem, durmuşda saňa nämälim närselerem köp. Ile atýan töhmetiň-şyltagyň ahyrsoňunda özüňe gaýdyp gelme häsiýetem bar, indi Gutly Petige hajyk-hujuk edip, garynlaryny mugtuna ýasylanlar, soňam bir bahana bilen ýanyndan kowlup, göwni galan hemşerileri obanyň içnde “Gutly Petik şu jelegaýyň iň baýy men, uzagyndan hemmäňiz meniň gapymda gul bolarsyňyz diýip, gürrüň edýär” diýip gep ýaýratdylar. Keýmir bu sözleri eşdip, eşden ýerinde gömdi-de, çalaja ýylgyrdy “Şeýtanyň boýnunda towky! Her kim eder-eder özüne eder, entek nämäni görýäň, haram baýlyk hökman bir ýeriňi ýaryp çykar, özüňde bolmasa ogluňda-gyzyňda, olarda-da bolmasa – kowmuňda”. Keýmiriň öz kakasy Hojanepes batyr bilen öňem beýleki adamlar ýaly gürleşesi gelipdi, habaram gatypdy bir näçe gezek. Ýöne kakasy gysga sözler bilen sözüne nokat goýaýdy, ýogsa ol dymma adamam däl, ýanyna gelýänler bilen baý gepleşýär-ä. Keýmir bu barada şeýle netijä geldi “Ataly-ogul arasynda göz bilen gürleşip bolýarka, ol ýerde sözüň nä geregi bar? Şeýle-de düşünşip bolýar-a, gaýta başgalar bilenem köp ýagdaýda sözsüz düşünişmäni öwreneýin”. Dil ýarasy hergiz bitmeýär, awşap-sojap dur. Keýmir ätiýaçdan öz böwrüni diňläp gördi, aý, ýok onuň öňde-soňda “Men külli türkmene han bolaryn” diýip heniz aýdan adamy, gürlän ýeri ýok, ol sözi heniz kemtersinden öz içindenem aýdanok, eger-eger, göwnüne-de getirenok. Kakasy Hojanepes batyrdan-a asla beýle bimany söz çykmajay düşnükli. Heniz köpçüligiň içinde Hojanepes batyryň aýdýan gepiniň bijaý çykan, nyşanadan sowa geçen wagty ýok, ol geplemegiň ezber ussady hasaplanyp ýören adam-a! Ýeri, nireden çyksyn ol boş gürrüň, ol pikir Keýmiriň niýetinde, ýadynda-oýunda-da ýok-a. Baý, ýeteşiklidigin-aý, ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese, syzýan Gutly Petik zeýilliler seniň heniz öz ýüregiňe-beýniňe gelmedik, diliňe çolanmadyk niýetiňi-matlabyňam özüňden öňürdip bilýärler. Ýalan sözlemekden gaýtmaýan adam, hiç zatdanam gaýtmaz, onuň üçin sen diý-diýme, gyldyrgança parhy ýok, gepleder goýberer. Çyda onsoň jyzaryna! Teý, ýatyp bilmeýän gijeleri bar, ine, bu günem şeýle. Gutly Petigiň dil ýarasy beýle bir ölhä aýylganç hem däl, näme, didipdir-diýipdir-dä, indi şonuň üçin özüňi öldürjekmi? Ýa ony öldürip gaýtjakmy, “Iki dogan uruşdy, biri gana bulaşdy” edip? Hiç haýsysam dogry däl. Haýsy bir ýel ugruna aýdylan akmak gep üçin hanjar çeneşip durjak? Diňe ejiriňi çek-de, ýat! Ýok, ejirini çekme-de, unutmaga çalyş. Arman, unutmak dilde aňsat. Durmuşda her hili pikirdäki adamlaryň gabat gelşi kimin, ynsanyň serine-de, her hili pikirler gelip durýar. Mesele şolaryň çäjini-harpygyny, mamlasyny-tersini saýlamada. Şolary saýlap-seçip bilşiňe görä, il içnde seniň mertebäň emele gelýär. Keýmir beýle gijelere “ýatmazlyk üçin berlen gije” diýip at berýär, gözlerine çiş kakylan ýaly, tä daňdana çenli içini gürledip, çirim etmän geçäýýär. Edeýin diýip, edenok, tersine uklap, dynjyny almak üçin näler dyrjaşýar, jan etdigiçe-de, uklap bilenok, gije ýatyp bilmeseň, ertesi gündizem saňsar ýalysyň onsoň. Isleseňem, islemeseňem, onda şeýle gijeler bar. Bolmalysy şeýledir-dä diýäýmeseň. Keýmir-ä “Bir gözüm ýatmaýanda näme, beýlekim ömür ukud-a – gije-de, gündizem, ýatmak paýymy kör gözüm dolýar, hutma-hut” diýip, özüni köşeşdirýärem. Ine, häzirem şol “ýatmazlyk üçin berlen gije”, Keýmirem bu ýagdaýa boýunalyk-kaýyl, içini hümledip ýatyr, özi bilen özi, tükeniksiz soragam özünden, jogabam. “Eger öňi-soňy bu gije ýatylmajak bolsa, onda pikirimi peýdaly tarapa sowaýyn, ilimiň-günümiň derdi bilen köýeýin”. Onuň derdiň başam şol öňki – Watan derdi, ýurda dolanmaly, düýp goşa eýe çykmaly, iliň-halkyň agzyny birikdirmeli, dogry ýoldan ýöretmeli, ýöne nädip? Bu sowal diňe akmaklar üçin örän ýöntem, olar näme diýer? “Döwlet gurýan bolsaň, bar-da gur-da, sähet soraýaňmy, näme bar bärde düşünmez ýaly?” diýer-de, ap-aňsat eder goýaýar. Olaryňky dilde aňsat, iş ýüzünde welin... Bu işlere baş goşmak isleseň, ilki sen öz kimligiňe göz ýetirmeli – sen kim? Muny bilmek üçin halk arasynda bir gep bar: “Ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýilýär, ýöne sen iliň-halkyň, Watanyň derdini ýanar ot hasaplap, onam ilki sen öz teniňe bassaň, olam birden saňa ötmese, kär etmese, onda sen kesekisiň! Hawa, sen öz halkyňa kesekisiň! Eger sen Watanyň, halkyň derdine düýrmegiň bilen ýanýan bolsaň, Ybraýym deý, seniň tütäp-burugsap ýanýan oduň gyzyl güle öwrüler! Öwrenip bilseň, durmuşdan uly medrese ýok. Sen isleseňem-islemeseňem, şol mähnet mekdepde okaýmaly-ýaşaýmaly, özi-de ýalňyşlaryň bilen dogrulygy öwrenmeli. Ýalňyşam tä dogry netije çykarynçaň, “Agyryňa çydasaň, müň ýaşa!” diýip, tükeniksiz gaýtalanyp durýar. Keýmiriň ýaşlygyndan düşünen zatlarynyň biri şü, başyňdan geçýän wakalary öwrüp-çöwrüp barlabermeli, beýniňde haýry-seri seçip-saýlap başarýan aň bar-a, nämäniň-nämedigine sähel aň salsaň, gözüň ýetýär, ybrat alýarsyň. Ýöne Watan, döwlet gurmak meselesi juda agyr-irnik mesele, adamyň kelleçanagy ondan ejiz geljek bolup dur, ýarylara gelýänçä işletmeseň, uçlyp çykanok, ol bir pikirde-iki pikirde çözülýän zat däl, wagt gerek, ömrüň boýuna ol hakda kelle döwmeli. Kimler adamzat, Watan, il-gün hakynda-ha däl, öz hojalygy hakda-da pikir edip bilmeýär, ne gopsa, topugyndan. Garny doýsa, güni geçse, ýetik. Ol tetelliniň az bolaryny dilemeli. Ýöne Watanyň ykbaly köpüň meselesi, a köpüň melesi köpe-de degişli. Watan meselesi boýunça köpe sala salynýanlygam, garşy bir ýere üýşülip-çaşylyp, geňeş edilýänligem, bir çukura tüýkürişilýänligem şonuň üçin. Milletiň özi birleşmegi üçin ilki maksatlary-matlaplary-pikirleri birleşmeli. Olam birgiden çekeleşiklerden-geleşiklerden soň emele gelýär. Hany bir agyz aýdaýan badyňa hemmeler tarapyn rastdyr diýip, biragyzdan makullanyp, kabul ediläýer ýaly aýdyň pikirem kimde bar? Häli-şindi başyňdan geçip, werzişi çykan zadyňam-a däl, garaňky mesele. Näme etmelidigini sen hem-ä halkdan öwrenmeli, hemem halka öwretmeli. Öwrenmegem gowy, öwretmegem. Ikisinem etmäge doga-bitdi başarnyk zerur. Halk bilen aragatnaşygyň garyşdanam-seredenem golaý bolmaly, ýüregiň deň urmaly. A özgeleriň aýdýan düpgöter garşylykly pikirleri näme? Biri-beýlekisinden üýtgeşik-ters, olaryňam hersi öz ýerinde dogrudyr. Sen ýöne saýla-da, içinden geregiňi alyber. Ýogsa-da, hemmesini dogabagy edinip bolasy ýok. Esasanam, öz diýen pikiriňe garşy aýdylan sözlere kejigip-darykmaly däl. Belki, seniňem gözleýän hakykatyň şol gaýry garaýyşlardadyr? Perwerdigär adamy özüne meňzedip, ýaradypdyr diýýärler, eger şeýle bolsa, onda ol keşbiny-şekilini däl-de, adamy öz häsiýetine meňzedip ýaradandyr. Hakykatdanam, özüne mahsus häsiýetleriniň birnäçesini adama-da beripdir. Mysal üçin, beýleki bir adamyň içki pikirini okamak, Taňry biziň içki pikirlerimizi okap otyr, hatda, indi aýtjak sözlerimizem eşidip bilýär, adamda-da şol ukyp bar. Aňly-halatlylar hakd-a gürrüň edesi işem ýok. Olardan has bärräkdäkilerem garşysyndakynyň gözüniň garaçygyna seredip, içki pikirlerini görüp otyrlar. Adam sähel üýtgeşiklik bolsa, gözi kaklyşanyndan düşünýär. Eger duýup başarsaň, diňe ýüzüne-gözüne seredip däl, göwün matlaby ynsanyň ýeňsesindenem görnüp dur. Garşyňdaka däl, hatda müň menzil daşdaky adamyňam pikirini bilip bolýar. Adamlaryň birenteginiň dili bir zat gepleýär, ýüregi başga zat, sen halk bilen iş salyşsaň, halkyň öňüne düşseň, onda şol ýürekdäkilerni edil aýnada gören ýaly duýmalysyň. Keýmir edip oturan pikirlerinden dürli-dürli uşlyp çykarýar: “Köp bilen iş salyşsaň, köpüň içinde gezmeli. Köpçülige baranyňa begenip, baryp bilmäniňe gynanylmagy ikisem des-deň duýgy, deň derje”. “Bagşynyň sesine göräräk dutaryň kirişleri düzülýär, halkyň öňüne çykyp geplejek bolsaňam, aýdýan sözüň bilen äheňiň sazlaşmaly”. “Durmuş-da bu, saý-sebäp bilen, aralaryňyzdan gysyr çybyn gysylyp geçýän iň gowy görýän ýegre dustuň bilenem duşman bolup bilersiň, ýöne hergiz-hergiz öz halkyňa çep bolup bilmersiň!” “Diňe tire-taýpalarymyz däl, gaýry ýurtlardaky, Yrakdaky, Siriýadaky, Eýrandaky, Owganystandaky, Çyn-Maçyndaky... türkmenlerimizem birleşseler, şonda has uly döwlet gurup bolar”. Keýmir bu çykarýan uşlyplaryny biri-biribe çolap, mäkäm işip-nogtalap, ýogyn urgan-tanap ýasap, göýä gaýa çykýanlar kibi Geljek diýilýän belent dagyň gerşine syrtmaklap oklaýar, ýapyşyp, galybermeli. Ýok bir özüňi däl, halkyňy-il-ulusyňy bile galdyrmaly! Şol belentlikde halkyň nijeme asyrlar bäri arzuwlan bagty-döwletli döwrany garaşýar. Keýmir öz milletiniň geljegi-geçmişi barada kän oýlanýar, kelle döwýär, biziň Çyn-Maçyn, Taklamekan, Täterim, Owganystan, Buhara, Hywa, Garagum... baradaky gürrüň beren hekaýatlarymyzyň-rowaýatlarymyzyň hemmesi Keýmiriň beýnisinde-aňynda ýatlanylyp, gaýtalanylan wakalar – türkmenleriň geçmiş taryhy. Taryh diýilýänem geljek üçin gerek. Geljek – geçmişiň dowamy. Geçmiş şu duran ýeriňe gelip gutarýar, alan demiň daşyňa çyksa, ol eýýäm geçmiş. Adam welin geljege tarap ýöremeli. Ýöne ol nirede, oňa ýetmek üçin haýsy tarapa ýöremeli? Ugramaly wagtyň haçan? Nirede gonmaly, nirede düşlemeli? Keýmir esasan diýen ýaly kakasynyň baştutanlygyndaky wekilleriň düýp Watan barada getirýän habarlaryna esaslanýar. Hojanepes batyryň wekiller toparyna baştutanlyk etmegi körpe oglynyň ýaşyna deň, ol wekilçilige başlanda körpe ogly doglup, şol sebäblem onuň adyna Wekil diýip dakypdylar. Ýeriň ujunyň tükenen ýerinden tekeleriň tükeniksiz möhletli sürgünden yza dolanyp gelşi indi üç ýüz ýyla basalykly çeken uzyn göç – dagdan, düzden, çölden, kölden, ululy-kiçili döwletleriň-memleketleriň içinden. Hälisem ýok, şindisem ýok, Hudaýy çagyryp, şol ata Watan diýlip, eňlip-eňterilip gelinýändir. Şükür, bu jepaly menzilde halkyň öňüne düşýän, howuply-hatarly ýollarda aldyrman-ýoldurman, her hili belalardan sowup, ýagdaýdan dogry baş alyp çykmagy başarýan parasatly-dana gerçekler bar –ýalňyşyp-ýaňyldyrmaýan, dogry ýoldan alyp barýan. Olar – iline hosdar. Kimdir biri başyny çekmeli-dä, baryp-ha haçanlardan bäri Döwletmämmet Düýegöz han Orazmämmet ogly halkyň garamatyny öz gerdenine ýükläp, keşigini çekip gelýär, indi Keýmirem onuň ýanynda, mesele çözüşýär, geňeşe gatnaşýar, düşünişýär, öwredýär, öwrenýär... Bäş günlük diýilýän ýaşalýanja ömrüň dowamynda adamyň başyndan nämeler geçmeýär? Ýagşy-da, ýaman-da, şatlyk-da, hasrat-da... Ýöne nähili güne düşse-de, nähili otda ýansa-da, bu Watan pikiri, diýar yşky Keýmiriň içinden-ýüreginden çykmady, köpelse, köpeldi, emma hiç egsilmedi, hak aşyklaryň ýar pyrkatyny çekişleri kibi. Her gezek Garaguma bisimylla diýip,ilki sag aýagyny basanda “Menem Mejnun, menem Mejnun deý özümi çöle urýan, ýöne meniň Leýlim – Watanym” diýýär. Düýegöz hanyň tabşyrygy bilen arasynda kakasynyň wekiller toparyna goşulyp, türkmen topragynyň çar künjüne aýlanyp ugrady, türkmenleriň gadym serhetleri nirelerden geçýär, nähili derýalary-kölleri, nähili dag-düzleri bar, türkmeniň taýpalarynyň nähili kowçumlardan-birleşiklerden ybaratdygyny, ol bileleşikleriň nirelerde ýerleşýändiklerini, hal-ýagdaýlaryny, bir-birek bilen oňşuklaryny, geçmiş taryhlaryny, göwün matlaplaryny öwrendi, öwrendigiçe-de bu pikirleri hasam bişişip ugrady. Özüň-özüňe maslahatçy-geňeşdar. Keýmiriň özüne diýip ýüzlendigi, gaýybana külli türkmen üçin aýdylýan pendi-nesihatlar, ol wesýetler adyna türkmen dakylanyň hemmesine degişli: “Türkmen taýpalarynyň esasy üç birleşen kowçumlaryny öwrenmeli, birinjisi – söýünhanlar kowçumy. Söýünhan diýildigi hormatly han diýildigi. Olar kimler – salyrlar, saryklar, tekeler, ärsarylar, ýomutlar, gökleňler”, jemi alty taýpa. Taryhda tekeleriň başyna nä günleriň düşüp ýörenin-ä Keýmir başga adamdan soramaly däl, edil eliniň bäş barmagy ýaly bilýär, häzir öz başyndanam geçirip ýör-ä şol günler. A beýleki taýpalaryň hal-ýagdaýlary, güzeran-günemalary, içi-daşy tekäniňkiden gowumy? “Söýünhanlaryň hersi bir ýerde, birleriniň bugdaý üwedýän degirmenleriniň sesi beýlekä eşidilenok, iň bolman, ilki şolary bir birikdirip-çugdamlap bilseň-dä. Hywanyň hany Abulgazy Bahadur hanyň öz kitabynda ýaňzydyp goýan Toýtutmaz hanynyň iki ogly teke bilen saryk taýpalary birleşse, ana, şonda sözüň hakyky manysynda olara agyrilliler diýip bolar”. Lebaba göçüp baran ärsarylar sakar, baýat, hydyrili, olam, esgi taýpalaryny, arap, garkyn, çendir, arabaçy, saýatly, bujakly, nesemli ýaly türkmen urug-tire, taýpa toparlaryny daşyna üýşürip, özüne birikdirip, sen ol, men bu diýmän, ýek-tük “Siz biziň gulumyzsyňyz!” diýäýjek pidullaryňam atasyny nazara getirip, gaýdyp ikini islemez ýaly edip, tutuş hemme halky oňuşdyryp, garyşyp-gatyşyp ýaşap ýörler-ä agzybir. Seni tutunyp, dogan diýip gelen ganybir taýpalara gulumyz diýerçe sen kim, belki, özüň gulça-da ýok bolaýma! Şol nusgalyk bitewiligiň hasabyna söýünhanlar kowçumynyň ilat sany hasam köpelýär. Duşmançylykly uly döwletleriň orruk-ortarasynda giden meýdany bölüp alyp, öz täze türkmen döwletiňi gurjak bolsaň, halkyň başsany kän-kän meseläni çözýär. Täze gurjak döwletiň güýji-kuwwaty, esesan, sanyňa bagly. Ikinji birleşme – ýazyrhanlar kowçumy, ýagny, alyli-garadaşlylar, ýemreliler, änewliler, mehinliler, nohurlylar, mürçeliler... bular Ahalda, Eýranyň gol astynda. Öň olaryň Ýazyr diýen meşhur paýtagtlary bolan, Çingiz hanyň baştutanlygyndaky çozuşlarda Ýazyr şäherini basybalyjy mongollar kül-peýkun eýläp, tutşlygyna tozduryp, üstünde ýumurtga togarlap oýnapdyrlar. Geçmişde öňem ýazyrhanlar tekeler bilen ýakyn goňşuçylykda-süýjülikli ylalaşykda ýaşan golaý taýpalar. Söýünhanlar bilen ýazyrhanlaryň agyzbirikdirip, bileleşip bildikleri eýýäm özbaşyna bir uly döwlet emele gelýär, tutýan meýdanlaram, ilat sanam, şiwe dillerem biri-beýlekä golaý. Biri beýlekisiniň gowzuny doldurýar. Nesibeli gün bärden gujak gerlip barylsa, olaryňam gujak gerip garşylajakdyklary görnüp dur, hemmesi bir dogan, hersi biri-birine arka-hemaýat. Seniň milletiň bileleşse, güýjüň köpelip, duşmanlaryň rowgaty gaçýar. Duşman döwletler tarapdan türkmen taýpalarynyň hersiniň bir ýere pytradylyp-dagadylmagy diňe şol maksatdan – bu batyrgaý milletiň güjüni gaçyryp, ysgyndan düşürmek üçin. Üçünjisem – esenhanlar kowçumy, olaram çowdurlar, igdirler, abdallar, bozajylar, burunjyklar, särär dienem birleri bar, haýsy eýýamlardan bäri bular bile-birbitewilik. Olar tekeler Hywa gelmezinden elli yl ozal Maňgyşlaga ymykly göçüp giden, göçüp-gonmak türkmeniň hemme taýpasyna-da mahsus, Lebapda, Türkmensährada oba bolup ýaşap ýören ýazyrhanlaram bar. Olaram uly güýç, içlerinde sowatlylaram, herhili hünärmenlerem kän, özlerem salyr-saryklar ýaly şahandaz kowçum, aýdymlary dillerinde, dutarlary gollarynda, toýlary dessansyz geçmeýär. Ýazyrhanlar şäher gurmaga-da ökde diýýýärler. Nesip bolsa, türkmen döwletiniň paýtagtyny guranymyzda ýazyrhanlary öňe tutarys, diýmek, ussalarymyzam-mimarlarymyzam taýýar. Ine, esenhanlaryň birikmegi türkmenleriň doly manyda halka öwrülmegi, özbaşdak türkmen döwletini gurmaga häzirligi. Hemmesiniň bir-biregine diňe gol uzadaýmasy galan. Bişen mesele, tenha çözäýmesi galan. Dördünji toparam bar olara ýaýylhanlar kowçumy diýilýär, daş ülkelere ýaýlany üçindir-dä, beýle at berilmegi, olar ilki garagalpaklaryň içine siňip gidipdirler, ondanam aňrylara – dünýäniň çar künjeklerine ýaýrapdyrlar, olara garagalpaklarda jaýylhanlar kowçumy diýýärmişler, olar barada üýtgeşik bilip bilen maglumatlary ýok. Keýmiriň eşidişiçe ýaýylhanlaryň ýary garaçy, ýaram türkmen öwlatlaryndan ybaratmyş. Olary öwrenmek-tapmak geljegiň işi, irde-giçde näbelli ýurtlarda ýitip-azaşyp giden öz doganlaryňy idemeseň, bolmaz-a. Mukaddes doganlyk borjuň dälmidir şol? A bu dört kowçuma girmeýän taýpalarymyz näme? Eýsem olar bize ýatmy-kesekimi? Olaram öz biri-birimiz ahyry! Hemmämiz bir höwürtgeden çykanlar. Keýmir içini gepledýär “Birleşipdirler-ä, öň nijeme döwletler gurupdyrlar-a. Olaryň pytramagynyň içki agzalalyk bolmagy mümkin welin, esasan, daşky duşmanlaryň kylan işi, töweregindäkileriň her haýsy ýeten ýerini goparyp, tüýt-müýt edipdirler, soňam bir-biriniň üstüne sürüp, gyrlyşdyrypdyrlar. Özleriniň türkmen diýilýän söweşjeň garşydaşlaryndan şu namart ýoluň üsti bilen üstün çykypdyrlar. Hemmesiniň asly welin bir garagöz türkmen, nesip bolsa, Watana bir gowşup, jaýlaşyp bilsek, ilki bilen etmeli işimiz türkmenleri bir desterhanyň başyna ýygnamak, kowçumlary jemläp, bir millete öwürmek, millet bolmasa döwlet ýok, döwlet bolmasa, millet”. Birleşmek türkmenleriň hemmesine gerek, ýek-tük garşylyk görkezjeklerem tapylar, çünki, ýagşylykdan edil otdan gaçan ýaly gaçýan adamlar bar. Ýöne olaryň azlyk bolanam bir gowy zat. Azlyk köplüge boýun. Seret-ä, bimahal çak üstüne ýapynan ýorganlaryndan boýnuny çala çykaryp, Şaperi näzirgäp-ýylgyryp, ýene “Gyýuw, gawun iýesim gelýär” diýip, Keýmiri edip oturan uzyn oýlaryndan aýňaldyrdy, häzir-ä hiç – indi öwrenişikli, ýöne bu sözi onuň dilinden birinji gezek eşidende geňler galypdy: --Aýdyp oturanyň nämä? O nämäniň gawuny? Aýnasaň, gaty aýnaýýaň, gelin baý! Daşarda dyzdan gar, bar ýer doň-buz, gawuny nireden tapjak? Gawun möwsümimi şu wagt? Seret, heniz daňam-a atanok, daşaryk çykar ýaly däl. Şaperi: --Saňa pekge diýerler -- diýip, mähirli-owadan gözleri bilen öz gursagyna ümledi. --Hä, indi düşnükli – aş saýlaýar, gelnim göwreli. Alla jan, sag-aman elimize alaly! Iýjegiň gawun bolsun, ynha, tapar geläýerin, sen yzyny oňarsaň, näçe diýseň gawunyň menden. Keýmir begenjinden turup, howlukmaç geýnip, bir ýerlere gitdi: “Pylanylarda satlyk garrygyz gawuny bolmalydyr öz-ä, men olara ýetýänçäm, turuşarlar-da” diýip. Ýylaşadan bimahal çak Şaperiniň gawun iýesi geldi, ýylaşadan Keýmirem bimahal çak, ýer ýykyp, gawun tapyp getirdi, şeýlelikde ýylaşadan olaryň bäbekleri boldy, goly dolduryp duran çül çagaly maşgala öwrüldiler. Häzir Keýmiriň ýadyna düşýär, bir ýola gyssagly bir ýere gidip, öýüne dolanyp gelýärkä, öňünden bir goňşy özbek çagajygy çykyp, öz dillerinde bir zatlar diýişdirdi: --Keýmir eke, ogluňgiz oldi. Keýmirem olaryň dilini suw içen ýaly bilse-de, birbada “Öler ýaly näme meniň oglum barmy?” diýip, allaniçigsi bolupdy. Gapylaryna barsa, kakasy daşarda ikiýan gezmeläp ýör. --Keýmir, ýaňky Rustamyň buşlugyny berdiňmi? Bar, öňünden çykyp, buşla diýip, men iberdim. Ogluň doguldy, ýaşy uzyn, berildigi bolsun! Meňjagazam barmyş. --Wiý, onuň aýdanyna ters düşünipdirin, bäbekdenem öňürti gidip, Rustamjygy tapaýyn, kisämdäki pulumdan buşluk haky bereýin, häk, pikie çümüp gelýärkäm onuň aýdýanlaryna doly düşünmän, kelte gaýdypdyryn-ow. Ylgaşlap diýen ýaly haýdap, Keýmir ýaňky çaganyň yzyndan eňdi. Keýmir bilen Şaperiden 7 ogul hem bir gyz bolupdyr. Annameňli serdar, Çarykly, Bilek batyr, Çary batyr, Penjeli – Ata batyr, wesýet boýunça bäşinji çaga Penjeli pälwanyň ady dakylan, Garagol – Orazdurdy batyr-serdar, Aýnazar han. Gyzy Aýlar – Hakylly. Garaýy (ogullyk), Batman (ogullyk). Olary ulaltmalydyr, adam etmelidir, öýlendirip-çykarmalydyr diýip, türkmen aga soňuny gaýgy etmeýär, näçe çaga bolsa, şonça çaga maşgala şatlyk getirýär. Türkmenlerde öňlerden bäri “Her çaga öz rysky bilen gelýär” diýen berk ynanç bar. “Nädip ekläp-saklaryn?”diýýän ýok. Köpelmeli! Keýmir-ä “Diňe özüniňki däl, kemally çaga iliniň ryskynam alyp gelýär. Çaga hem-ä ene-atasynyň, hemem öz milletiniň ogludyr! Saňa çaga gerek bolmasa-da, halkyňa gerek” diýip, ol sözüň üstüne goşýar. Kakasy Hojanepes batyrdam, atasy Penjeli pälwanam bir giden çagany ösdürip ýetişdiren. Olardan aňryky arkalaram şonuň ýaly. Gyzynyň adyna ertekidäkä ýanap, biragyzdan Akpamyk dakjakdylar, ýedi erkek dogany bar, iň kiçilerem şu gyzjagaz, tüýs gelşäýjek-dä, “Ady özi bilen bile geldi” diýişdilerem, emma Şaperi ol ada göwnemedi “Akpamyk agyr at, ony göterme kyn, hemme kişiniň ünsüni çekgiç. Öňden gyzym bolsa, adyna Aýlar dakaryn diýip, arzuwlap ýördüm, Aýlar diýäýiň!” diýdi durdy. Onsoň Şaperiniň aýdanyny makul tapyp, aýdanyny berjaý etdiler. Ýöne soňlugy bilen ol gyzjagazyň ady Akpamygam bolmady, Aýlaram. Hemmeler oňa – öýlerinde-de, köçede-de Hakylly diýdiler. Aýlaryň adynyň Hakylly bolmagynyň kiçiçiräjik gürrüňem bar, diňe Hojanepes batyrlar däl, olaryň çonaklar tiresiniň birhili aýlawlyrak-syrlyrak, göçme manyly gürleme häsiýetleri bar, daşyndan gelen näbeletleriň käsi olaryň özara näme hakda gürleşýänlerine oňly düşünmänem galaýýar. “Bu näme diýdigi-aý?” diýip, ýanynda durandan sorap, soň düşünýärler. Mysal üçin çonaklar tiresinde “Çaý içeli” diýmege derek “Çaý gülläli” diýýärler. “Çaý içip, keýpimizi gül ýaly açaly” diýen uzyn sözlemiň gysgalan görnüşi. Keýmir-ä ol diliň suwuny içen ussady, diline gelip dur, goşga synanmasam şondan, soňlugy bilen onuň şol hili gelişdirip aýdan sözleriniň birgideni halk içinde rowaýata öwrülip, ýaýrap giden. Onuň bu ukyby gyzy Aýlara-da geçen. Bir gezek Keýmir atynyň yzyna Aýlary mündürip barýarka, ýolda durup, bir nätanyş ýaşuly bilen salamlaşýar. Ýaşuly: --Öň seni ýeke görmesemem, tanaryn, özüň-ä Keýmirkör bolmaly, edil çakym ýalňyşam çykasy ýok, ýöne atyň ardyndaky gyzjagaz kim? – diýip soraýar. Ýaşulynyň bu soragyna kakasyna derek Aýlar soraga tapmaçaly jogap beripdir: --Bu meniň janym, men onuň jananasy, şunuň ejesi meniň ejemiň gaýnenesi. Aňka-taňka bolan ýaşuly jogaba geň galyp, bu sözleri birküç gezek Aýlara täzeden gaýtalatdyrandan soň, zordan manysyna düşünip galypdyr: --Özümi dana saýyp ýörsemem, zordan düşündim, sen-ä kakasy, olam gyzyň bolýar eken, Hudaý ýaşyny uzak etsin, örän hakylly gyzyň bar eken. Ýa öň öwredip dagy goýduňyzmy? Keýmir ýylgyrypdyr: --Ýok, özümem häzir eşidip otyryn. Atymyň syrtyna alyp gaýtmagymam şonuň üçin, ýol boýy şular ýaly gürrüňleri aýdyp gelýär, gülüp-ýylgyryp, hezil edip diňläp, dogrymy aýtsam, ýadanymy-aranymam bilemok, tüweleme, ýol kesip gelýär. Men-ä oňa Toty şeker şeken diýýärin. --Arapça şekerçiňrik çeýneýän totyguş diýdigiňmi? --Hawa, araplarda dili çeper adama şeýle diýilýär. --Bilseň, menem namazlykdan düşmän, Hak Tagala diýip ýaşap ýören agzy dogaly hajy aga. Şu gelşimem Käbeden haç zyýaratyndan. Onda şujagaz çaganyň ady Hakylly bolsun! Uzyn-uzak ömründe adyny ýitirmesin! Omyn, ýa Rebbil Älemin! Menden şu çaga ak pata! Ady menden, ömri Alladan! Şondan soň bu wakany eşidenler “Heý, dört-bäş ýaşly çaganyň agzyndan şeýle sözler çykarmy, ynanyljak zatmydyr?” diýşip, geňläp, Aýlaryň adyny Hakylly diýip, tutup ugrapdyrlar. Ýörite ýanyna gelip, ugruny tapyp, gürledip, ojagaz akyllyja çaganyň enaýy sözlerini diňläp, hezil edipdirler. Karam – pesden ýokaryk döwüş Öz ýanyndan göwnüne taňkyrap ýatan adam-garasyz boş howlyny görerin öýtdi, emma öýde inisi bar eken. Ybraým ýortmaç ýigdekçe çykyp gidipdir. Daýylarynda ýerlemän, öz öýlerine gaýdypdyr, daýylaryna-da aňsat däldir-dä iki ýetimi saklamak, özlerinde-de çaga gyt däl. Uýasy Gyzsoňy olarda galypdyr, Ybraýym sygyşmansoň, öýlerine gelipdir. Çagşan tüneklerinde öňküliginden derek galmandyr, ne öý goşlary, ne mallary. Diňe betbagtlyk dur, dişlerini syrtardyp, şol öňküligi, mizemändirem. Ählije zadyň ýitip gidip, tenha betbagtlygyň galmagy juda täsin. Betbagtlyk otda ýanmaýar, suwda çüýremeýär, megerem, onuň ýerligi-gönezligi Ýere Myrryh ýyldyzyndan gelendir. Baý, onuň poladynyň berkligini. Uýasy Gyzsoňynam onbir ýaşan güni daýylarynyň obasyndan aýaly ölen biri nikalap, ýygnapdyr, ol indi özbaşyna maşgala, güni gowy geçýärmiş, düşen ýeri barjamlyrakmyş. Bu ýagdaýa begenmelimi-gynanmalymy, kim bilýär? Nedirguly-ha entek nämäniň-nämeligini oňly seljerip ýetişenok, ençeme ýyllyk aýraçylykda, agyr günlerde hum ýaly çişen-çaýkanan çal beýnisi dumanlap-ümezläp dur. Ybraýym günlükçilik edýär, enesiz-atasyz ýetim oglan-da, öz göbegini özi kesmeli, alma sapagy ýaly boýnunyň gyşaran ugruna tarap gyrbydyklabermeli! Kim näme buýursa – lepbeý, aga, hoş bolgaý, aga! Üýtgeşik nyrhly haky ýok, gara bokurdak üçin. Petekä bir lukma düşse, ýeterlik. Beýläňe az-maz süýşürinmek, goş basynmak ýadyna-da düşenok. Bir bilýäni – aç ölmeli däl! Ondan beýlesine Ybraýymyň akly çatyp baranok. Halys iş-talap tapylmasa, dagda gezen çekene çopana goşulyp, mallary kowuşýar, çopanam döwüm owkadyny paýlaşýar. Onuň bir bol zady – ýatara ýeri, Günüň ýaşan ýeri şonuňky, samanhanamy, dölemi, parhy ýok, kelläni ýerden sähel saýlanan bir zadyň üstünde goýdugy – uky. Juda hemme ýer gapyşsa, syňsyraklap, öýüne-de gelýär käýarym. Göresi gelip, ýüregi üzlüp däl-de, ýöne şeýle. Hawa-da, näme öýlerindäki şol betbagtlygy görmäge gelsinmi? Ol öýde şondan başga göze ilýän zat ýok. Agşamara Nedirgulydyr Ybraýym howlynyň içini bolşuna görä tijäp, dynç alaly diýip durkalar, duýdansyz bir çasly ses geldi –ýaremezançylaryň sesi. Remezan aýynyň gelenini buşlaýarlar. elleri torbalyja sanawaç aýdyşyp, köçeden geçip barýan çagalar olaryň howlusyna sowulmady, ýöne Ybraýym öýden bir köne, sary giden ýaglyjak tapyp, ylgap, olaryň arasyna goşuldy. Men indi ýaremezan gezilýän ýaşdan geçdim diýenok, özünden kän kiçi çagalara tirkelip gidiberdi, çolpa bir zat ilenine bakmaly. Ýognan sesi bilen sanawaja-da goşuldy, baran gapylarynda ony-muny eçilseler, olam ýaglygyny açyp, tutup durdy. Birsalymdanam düwünçejigini dolduryp gelen Ybraýym ýaglygy orta atyp, içindäkileri agasyna hödürledi, erik kişdemidir, gurtmy, kökejikmi, ep-esli bar. --Aga, murtuň aşagyndan basybermelidir, öýde şundan başga daşyň gatysam iýmit tapylmaz. Düwünçekdäkileriň ýarysyny bir gapdala aýryp goýup, Nedirguly inisine ýüzlendi: --Bar köçede dur-da, aýlanyp ýören çagalary çagyr, biziň gapymyzda-da sanawaç sanalyp, ýagşy dilegler edilsin! Biziňem öýümiz illeriň öýüne meňzesin! Aýdylyşy ýaly, oba içine aýlanyşyp ýören ýaremezançy çagalar üýşüp gelip, dileg baryny etdiler, iki doganam olara bir sanawajy gaýtadan iküç gezek täzeden aýtdyrdylar, “Ýene gaýtalaň, gatyrak gygyryň, hemmelerem eşitsinler, bizde-de, sanawaç sanalýanyny!” diýdiler. Çagalaryň sanawajyndan asmandan üstlerine bereket dökülmese-de, hiç-ýok, öýleriniň töründe goş basyp ýatan zannyýaman batbagtçylyk-a gorkup çykyp, nirädir bir ýana sumat boldy, häzir öýlerinde toý tutulýan ýaly gab-da-gaýmalaşyk. Çagajyklar ala wagyrdy, olaryň sesine köçeden geçip barýan başga toparlaram gelip goşuldylar – ala hümer. Pygamberiň saçagynda Bize goýlan paý bar. Nedirguly çagalaryň hersine öz pygamber saçaklaryndan – ýaňky ýaglykdan çykaryp, ýetdik paýlaryny gowşurdy, ýetimek doganlaryň ikisem bu ýagdaýa monça. Düýnki el serip, dileg edip ýören gedaýlar häzir işiklerinde zat paýlap durlar, saňa ýetdi-de, maňa ýetmedi. Bu tünekde diňe şer-dawa-jenjel däl-ä, azam welin, öň mähir-de bardy ahbetin, meselem, ejeleri olara ak süýdi bilen mährinem siňdirip-dä. Ine, şol mähir oýandy olaryň gursagynda. Öz öýleriniňem illeriňkä meňzänini göresleri geldi, gördülerem, çagalar “Biz-ä sizi baý gördük” diýip, köp-köp ogullarynyň dogulmagyny dileg etdiler, neresse çagalaryň dilegem köldür-kabuldyr. Ene-atalaryndan aýrylanlaryndan soňra birinji gezek haçandan bäri del adam aýagy sekmedik işiklerini giňden açyp, öz elleri bilen sadaka paýlap gördüler, baý-baý-baý, onuňam lezzeti-keýpi bar, dessalymyň içinde bir gysym kişde, bäş-alty sany köke bilen baýa öwrüldiler oturyberdiler. Arman, öýlerinde şondan başga paýlara zatlary ýok, bolsa doganlar hiç zady gaýgyrjak däller, kelle gyzdy, Karunyň baýlygam bolsa, eçiljekler, olar gysymlaryny açyp, çykym diýilýän sahawatyň tagamyny aldylar. Birinji gün-ä şeýdip bolşuna görä şagalaňly geçdi, azajyk şatlyk olam şatlyk. Ýöne indi ýaremezan aýdyşlyk gutardy, indiki ýylyň şu gününe çenli şeýle eliňi serip, gedaý gezäýmeseň, işigine baranyň bilen seniň torbaňa zat taşlajak adam tapmak kyn. Ullakan gyzyl köz bolup dogan täze Gün Nedirgulynyň öňünde günemanyň ullakan sowalyny kesertdi: “Ýeri, indi näderin, dädemiziň ýeke hünäri bardy, onam düzüwli öwrenmändirin, biläýenimde-de şol işi ýigrenýän, esbaplarynyňam hersi bir ýere pytrap, ýitip gidipdir, deri eýlenende guýulýan gatygyň porsusyna, demim tutulýar, ýa inim ýaly günlükçilige başlaýynmy, kim näme buýursa, lepbeý, hojaýyn, diýip. Gulçulykdan ölüp sypdym ozalam. Ýene öz aýagym bilen şoňa baraýynmy? Aý, bu sowal bir gün, iki günde çözülmez. Görüberýäs-dä. A gara bokurdak näme? Ýa uýaň öýüne dilege baraýjakmy? Öç ölsemem, etjek işim däl bulam. Neneň-niçik bolýança toý bar, sadaka bar, aýlanybirin-dä, ýüzübeklik ederin-dä, çagyrylsam-çagyrylmasam, toýda-sadakada iýmitlenip, gününi görüp ýören ýeke men däldirin-le”. Obanyň üýşmeleňi-geldebärisi gytmy? Toýa-sadaka bardy, özem kömek etmek üçin garadaňdandan bardy, toý eýelerini oýardy, ojaga ot salyşdy, et dograşdy, gazanlary ataryşdy hem garnyny doýurdy, wah, toý edýänler şeýle gün kömege barsaň, gözlerine sürme edýärler-le, seniň iýip-içeniň gözlerine görnenok. Gaýtyp iýilmän, artyp galan naharlaram öýüne gaýdanda gaba salyp, eline tutduryp goýberdiler. Onsoň öýem hezillik, iniň bilen ýyladyn-da, iý-de otur – bolçulyk, toýuň bal ýaly nahary. Haçan gören zatlary? Ol gutarsa, ýene bir toý. Iki-ýeke toýda göreşem tutulýar, olam orta çykdy, garaz, Peleň pälwanyň ýegeni diýen ady bar. Ýeňdi-ýeňildi, bir gezegem dawada-şerde ýakasyny tanadan, göreş tutulsa, orta çykýan, emma depegenden daşrak edip, hiç kim oňa ýanaşmansaň, göreşmän, şeýle baýrak alyp ýören bir ejize ganym bilen tutluşdy, Nedirgulynyň maňlaýy işläbem ýeňäýmezmi? Turdy bir dawa. Ikinji gezegem atly pälwan ýerde ýazlyp ýatyr. Bir söý bilen geldi Nedirguly abşara kör abraý. Dawa welin çözülmedi, ýeňlen pälwan garaýapyşak ýaly tutaklap, Nedirgulynyň ýakasyny ebşitläp, çekeläp-sypdyrman dur, mysalasy asyl goýberjege-de meňzänok. “Çyk ýamaşgan-da, çyk ýamaşgan!” Bu dawanyň öňüni almak üçin ýaşulylaryň biri gelip “Toýy bulamaň, goçaklar, baýragyňyzy alan bolsaňyz, ugraň şu taýdan tizräk!” diýensoň, biri-birlerini südenekleşip, toý ýerinden bir gyra çykdylar, daşlaram durşuna jahyl-ýaş ýeleň. Egele. Olaram gykuwlaşyp, şüweleň berýärler. Her kim dawanyň soňuna garaşýar, neneň-niçik bolarka, haýsysy zor çykarka? Günde-günde gopup durmy beýle gyzykly waka? Her kime mugt tomaşa gerek. --Hiç kim meniň bilen göreşe çykanok. Munuň şeýledigini näme sen eşitmediňmi? Men göreşmän alýan baýragy. Göre sokulyp gelýäňmi, soňunyň zowalynyň boljagyny aňaňokmy, haýwan? Indi basdyň gerek ýatan itiň guýrugyndan? --Çykdymam, erkek ýaly ýeňdimem, gadaý. Indiki nagaraň näme? Armanyň galan bolsa, indiki toýda täzeden güýç synanyşaly. Senden gaýdan enesinden dogmasyn! Dawany Alynyň ala meýdany çözýär. Goýber ýakany! --Senmi meni ýeňjek? --Iki gezegem men ýeňdim! Ara-çäre dagam däl, bahana edere ýer ýok. Aý dogan ýaly aýdyň. --Pohuňy iýme! --Pohy çeýnäp berseňem, iýmen! --Men welin seni iýsemem, doýman! --Iýeňsoň, syrtyňdan çykaryp bilerin öýtseň, hälä galdyrman, ýuwut, gardaş! Wah diýsem, namart boldugym! --Urşup bilermiň meniň bilen? Gözüňe görkezeýin, şu duran ýeriň-de ýalmap-ýuwdaýyn. Depäňi deşip, içine çörek batyryp iýeýin, seniň ýalylary iýsemem doýman, üstesine iniňem ýençdirersiň maňa, gowsy guýrugyňy ýamzyňa gysdyr. --“Soň elime düşäýseň bolýar” diýme. Nesýe-nowgan däl, nagt-şu wagt, näme başarýan bolsaň, näme gaýratyň bolsa, eglenme-de, görkez, eliňden gelse, asman paýyňy çek! --Haramzada – myhman döli! Eý-ho!!! Nedirgulynyň gulagy nämeleri eşidýär-ä? Ýok eşidenok, gulakalry gum guýlan deý gapyldy, tupan turýan ýaly, şaňlap-güwläp dur. Gany birdemde lasyrdap-gaýnap, depesine urdy, tas gözleri hanasyndan çykyp, pat-t-t edip, ýere gaçypdy, çür depesinden dabanyna deňiç titreýär, saňňyl-saňňyl. Diňe öýlerinde hiç kim ýokka ejesi bilen kakasynyň arasynda aýdylýan ýaşyryn-pynhan sözmükä öýder ýörerdi, nirelere ýetipdir ol? Il diýeniň bilmeýänden bolup, gulagyny basyryp ýatan oguşýa. Dünýede bir mydyrt bolsa, ony hökman il eşidýär, tamda gulak bar, şemalda – dil. Olardan başga-da, adama näbelli ýollar bar bolmagam mümkin. Maşgalalarynda atam döwründe bijaý urlan betgümanlyk gylyjynyň ujy bu gün gel-gel arapda-da şaňlaýar-la. Nedirgulynyň öňem ýagyry çykan gerşinden düňderilip, gök asman iýndi, duran ýeri çöwrüldi, ýer-ä ýaryldy, indi girip bilermiň? Ölermiň-ýitermiň, derhal ber habaryňy! --Siziň öýüňizde alynsa-alynýandyr, bizd-ä myhmandan döl alynmaýar, häzir saňa görkezerin kimiň myhman dölüdigini. Ikisi iki ýerden girdiler gyzyl ýumruga. Hytda-da-mytda. Asyl, Nedirguly arslan ýaly agyz salyp, gemrişýän eken, bu tomaşa edip duranlar-a baýaky, özüniň kimligini özem şu mahal bildi, garşydaşynyň etini iýse-de, doýjak däl. Iliň howuny basyp ýören ol edrenjem boş-pöwhe eken, bar elinden gelýäni gerşini tutup bermek, üstesine-de it ýaly ses edip, çyňsaýar. Dogry, Nedirgulynyň küdüň ýaly ýüňli ýumrugynyň öňünde duraýmada-da iş bardyr. her zadam bolsa häzir şol dur ol ýumruklaryň aşagynda, bir meýdan suwa-salma ýenjildi, gara gana boýaldy. Nedirguly kakasynyň öldürülmegini, Hywa sürlüp, ejesidir özüniň gören görgülerini, yzlarynda ýetim galan jigileriniň çeken muşakgatlaryny aşagynda burlup ýatan pälwandan çykýan ýaly dergazap bolup, eline tüýkürip, saldy muşty, saldy muşty, basylanyny boýun alyp, ýalbarsa-da, rehimsizlik bilen ýenjip, ahyry öldürdim edip, göterip, içini tiken tutup ýatan gorpuň içine taşlady, töweregindäkiler ony görüp, amana geldi “Päh-de-päh”, “Bilip goýalyň, biziň gorkmalymyz bul eken-ha”. Şol jenjelden soň agzy ýelli dowulçylar, baý, dow-dow ýaýratdylar-a, artdyryp, üstüne goşup, ulaldyp. Ýolda-yzda öňünden çykanlar-sataşanlar, gorkularyndan ýaňa, Nedirgula ýol berip ugradylar, garasy göründigi, yz-yza götinjekläp, bir gyra çekildiler, patyşa ýol berýän ýaly. Bu üýtgeşikligi, heý, Nedirguly duýmazmy? Duýdam, göterildem, nilem azyp ugrady, yrsarap, üstlerine süründi, degene-de-degmedige-de. Aý, näme, görse, garaw ýok, garşysyndan çykyp, edýäniň nä diýýän ýok, dişinde et galdy, persiüýtgäp, gün-günden Nedirgulynyň gadamy gedemleşip başlady, sesi ýognap, dag ýaryp barýar. “Asyl bu dünýede edeniňi edibermeli eken-ow, hiç kimden rugsat almaly däl, ýumrugyňa tüýkür-de, ýap kellepoşuna, gopar gapyrgasyny ýeke-ýeke, öňki il içinde düwläp ýörenlerem bolup bilse meniň ýaly adamlardyr-da” diýen netijä geldi, hasap soraýan ýok. Beýle warhan-tarhanlykdan, eden-etdilikden Nedirguly kem galjakmy, ölende hakyny giderjekmi? Belli-belli humar oýnalýan öýler bar, ol ýere puldarlar, barlylaryň mesçilik edip ýören ogullary barýar, iýýärler-içýärler-çekýärler, keýplerini mazaly köklänlerinden soň, orta ullakan gyraly ýaglyk ýazyp, ýaglygyň üstüne pul üýşürip, tä daň agarýança humar oýnap, gidişiberýärler. Häzirem oýun mazaly gyzdy, orta üýşen pul çişip, tümmek tutdy. Ine, olaryň üstünden gökden aşak gaçan ýaly bolup, Nedirguly geldi, içerik, ylla, suw sepilen ýaly, şol bada goh ýatdy, dymdyrslyk. Häliden donuna sygman, arlaşyp, öýi başalryna geýip oturan lotular – doňňaradaş, birinden dagy dem-düýt çykaýsyn-da. Olar lal-jim-sülmüreşip oturansoňlar Nedirgulam sesine bat berip oturmady. Käşgä biri-ýarymy çalarak agzyny açan bolsa, onda başga gep, ikini islemez ýaly ederdi. Iki tarapam sessiz düşünişdiler. Nedirguly tümmerip duran pullaryň hemmesini iki eli bilen syryp, köýneginiň ýakasyndan içine goýberdi, ýaglygam ýene orta taşlap, oýnaberiň diýen yşarat etdi, humarçylar begenişip, öz oýunlaryna başladylar, bir salymdan orta ýene birgiden pul üýşdi, Nedirguly ýene syryp aldy, köýnegi tümmerip dur, ýene dykalasaň, sygjak. Üçünji gezegem orta üýşen puly ýeke-ýeke ýygnap, lotularyň gözüne basyp, syryp-süpürip, ýerde hiç zat galdyrman alyp, Nedirguly olaryň ýanyndan turup, yzyna gaňrylybam, oýunçylaryň her haýsynyň garaçygynyň içine ýiti-ýiti seredip, öýden çykyp gitdi: --Men gitdim. Nedirguly sag-aman çykyp gidensoň, oturanlaryň ýüzi ýagtyldy, aýylganç beladan sowlan kibi haşlaşyp, uludan demlerini alyp, ýüzlerinden joralanyp akan ajy derlerini syldylar. Ýaňy Nedirguly barka kemtersinden bu loty humarbazlaryň biri dagysy ýalandan-çyndan çalarak yňňyl-çyňňyl edäýsin-dä, eger-eger! Edil burunlary deşilip, bitleri ojar oduna daňlan ýaly. Gaýta aýlawda atlary çykan deýin ýyrş-ýyrş edişip, begenişip, täzeden basdylar oýna, ellerinden aldyran pullary gözlerine görnenok, gitse, kakalarynyň hasabyndan gidýär, olara bildirenok, kiselerindäki pul gutarsa, öýlerine baryp, ýene susup, alyp gaýdybermeli geregiçe, olara nämüçin alýaň diýýän barmy? Ol pullar Nedirgulynyň kakasy ýaly eliňi-barmagyňy iňňä-temene deşdirip, porsy derini çekeläp, gazanylan däl. Düýbi gümürtik, bir ýerlerden mugt düşen, hasapsyz harwar-harwar pullar. Ýaňky bidöwlet barka dymanlarynyň öwezini dolýan ýaly, humarbazlar täzeden möwüç alyp. urdular galmagaly, turuzdylar ala-gohy tä daň agarynça. Nedirguly bimahal çak öýüne gelip, oýaly-ukuly ýatan Ybraýymy dabara bilen ardynjyrap, turzup, inisi bilen hälki girisine düşen boldumlyja oljany – penje-penje pullary barmaklaryna tüýkürip, işdämenlik bilen ýeke-ýeke sanap ugrady. Onça pul bu tünekde haçan görlen zat? Ybraýym gözlerini elek-çelek edip, düýş görýändirin öýtdi, ýöne agasynyň jany sag bolup, şu kesbini ýöretse, ol bu ýagdaý bilen tiz öwrenişer, çünki, agasy, bol gazanç-düşewündiň gözüni gördi. Indi bu urdumşalygyň yzy tükenmez. Nedirguly il bilen hernäçe muştuny düwüp, gygyny ajydyp, murdar sesini edip arlasa-da, inisi bilen juda gagagadyr, neressäniň öň ene-atasyz, ýetimçilikde çeken görgüleri-ejirleri azmy, indi bir üstüne abanyp duran gara dag ýaly agasynyň idi-yssywatyny duýup, “Agam bar – ne gam bar!” diýsin-ä, arkasyna şemal çalsyn-a. Aýny ýaşynda enesinden-atasyndan görmedik nähir muhabbetini garadangaýtmaz arkadagyndan tapsyn-a. --Al, inimbatyr, gara zähmet – gury görgülik. --Hak aýdýaň, aga, özümi bilelim ertirden-agşama iki egnimden gum sowramda-da, bir teňňäm artmady, ýanyň bilen menem alyp git. --Seniňem geregiň çykar. Dogrudanam, oljalary ganymat oňan eken, weşeň-weşeň pul, basyberdiler beýlelerine, daşyna köne-küşül mata çolap. “Garyp galla tapsa, gap tapmaz” etmediler, törde ejeleriniň köne boş sandygy dur-a, gulpy bolmasa-da, abat gapagy bar. Puluň bolsa, başga-da satlyk sandyk gyt däl, ol dolsa, ýene biri, getir öňkiň gapdalyna söýe-de! Gulp hökmanam däl, indi bulara batyrynyp, ýüzüň üstünde burnuň bar diýip biljäk kişi şu jelegaýlardan-a tapylmaz. Özleri üstlerine sürünmeseler, galyň bende olardan bizar. Tapan-tupanyňy ýygyp-düýrüp, getirip, basyber. Öň içeriniň bor-bolgusyz alamahry goşlaryndan dolup görmedik sandyk janawar bahym puldan, altyn-kümüşden kekirdekden dolup, ýarylara geler. Indi Nedirgulynyň aşakdan ýokarylygyna tarap karam döwüşli ýörişi başlandy, Pelegiň çarhyny merdiwan edin-de, galyber ýuwaş-ýuwaşdan, çür däpä deňiç. A ýokaryda ölçeg barmy, serhet barmy? Näçe isleýşiňçe, göteriliber ýokarylygyna, kelläň asmana deger howpy ýok. Hamala, kazynyň işiginden dat eýläp baran ýaly, Nedirgulynyň üstüne arz-şikaýat edip gelýänlerem tapyldy, “Köplenç irden öýünde bolýarmyş” diýip, howlularynyň daşynda güýmeň-samaň edişip, garaşyp durlar, haçan bir içerden gel-le bäri diýen ses çykarka diýşip. Ahyry öýden ardynjyrap, Ybraýym çykar: --Baryber, agam öýdedir. Nedirguly aňrydan geleniň arzyny ünsli diňläp dur. --Pylanyda arym köýdi, äsgermezçilik edip, köpçüligiň içinde maňa agzyndan gelenini sögüp, masgara etdi, gaýrat et-de, onuň petigulysyny bersene, serpaýyňy ganymat ýetireýin, Gapyda bakyp oturan üç ýarym batmanlyk öwejim bar, ene süýdünden halal, boýunbagy bilen getirip, işigiňde daňaýyn, ýör eltip, şol haramzadanyň gapysyny görkezeýin, gaýdyp meni görende ýeňini dişläp, sülmürär ýaly tumşugyny owradyp ber şol it oglunyň? --Ýör! Ýene biri: --Algymy alyp bilemok, ilki söwer dostumy öňüne salyp, az-owlak pul karz alyp, onam aýdan wagtyndajyk taňryýalkasyny bilen yzyna dolap getirip, birküç gezek ynamyma mazaly girdi, soňam Başyma bir agyr iş düşdi, bir aýdanjyk artygy bilen getirip bereýin” diýip, has lomaý pul sorady, aý, menem şu sözüne bütin, synagdan geçen adam-la, arkasynda-da öz jana-jan dostum bar diýip, ynanaýdym-da. Dilegçilige gelende ýedi eplendi, indi barsam, gapysyndanam salanok, üzmeli wagtyndan ýyl aşdy, alyp berseň, dörtden biri seňki... --Dörtden biri azlyk edýär. --Ýary seňki! --Ýör! Haýdap, öňlerine düşüp, gidiberdi, nirä diýseler, garaw görýän-gypynç edýän adamy ýok, hakmy-nähak, garşysynda duranyň kimligi oňa parh edenok, asla perwaýyna-piňine däl. “Ynha, şu” diýip, görkezen adamlarynyň dykylyp bardy alkymyna. Äl-aýt onuň ýüreginiň sarsmazaklygyny! Gorkyny-ürkini dagam bilenok. Sen şeýdip, gorkman, golaý baryp bilseň, garşydaşyň eýmenýär. Nämäniň nämeligini aňşyryp ýetişmänkäň, ine, bir gözleri gan guýlan aýylganç biri üstüňe abanyp dursa, heý, tisginmezmiň, zähraň ýarylmazmy? Duýman durkaň gelip, “wäh” diýlen ýaly-da. Onsoňam, hemişe bärden barşyňa hökman ýakalaşyp, muştlaşybermeli diýlen zadam ýok, esasan, abaý-syýasatyndanam, eýmenýärler, onsoň dawa ula turmanka ýer ýykýarlar welin, alan karzlaryny dolap berýärler. Ondakga-mundakga boldy diýip söz guzladyp, hykgy-çokgy edip, gepini köpeldene-de ilki adam dilinde kemsiz-köstsüz mazaly düşündirýär: --Soňaraky gün eşitdim-eeşitmedim diýme, häzir duran ýeriňde gaňryp, biliňi oňraryn, baý, onsaň taparsyň-a, iki bükülip. Bergiňi onda-da tapmasaň, burnuň deşiklerine iki barmagymy sokup, boýnuňy arkan gaýşardyp, gapyňda damagyňy garladyp çalaryn, kimiň – piliň-pilkerdanyňam bolsa geläýsin! --Wah, bolsa, özüm eltip bermejekmi, hiç zadym ýok-da, puluň deregine şuny al-aý diýere. --Puluň ýok bolsa, iki sany bäbenegiň bar-a, şony goparyp alaryn, tapdyň bärde oýun etjek adamyňy. “Berere zadym ýok” diýen oýnuň geçmez meniň ýanymda. Öňünden düşnükli dilde aýdýan, häzir seniň üçin iň amatlysy, alan amanadyňy yzyna-eýesine sagbolsuny-taňryýalkasyny bilen gaýtarmak, şeýtseň, bäbenegiňem-biloňurgaňam bitin galýar, demligiňe-de degemok. Ýene bir bagtyň getiren tarapyň, meniň hakymy şu zat eýesi töleýär, gaty gitseň, onam seniň boýnuňa ýükläp bilýän, emma dözemok, adamçylyk edýän, ýagdaýyňa düşünýän. Kişiniň gapysyny birinji gelemde adamçylykly açýan. Ikilenç gelsem, menden adam ysyny almarsyň. Özem şu aýdýanlarymy ýagşylyk diýip düşün! Gitse, menden gitsin, saňa namartlygyňy düzetmäge maý berýän. Artykmaçlyk menden galsyn, minneti menden çekiber! Giç galsaň, şu gün agşama deňiç puryja. Ertir iki esse edip eltseňem, meniň elimden aman galmaýaň, galamasynam özüň çöz, agyryňa çydasaň, müň ýaşa. Sözüm welin sözdür, işigiňe täzeden gelmeli etseň, beýdip seniň bilen gep nokatlaşyp durman! Gyssagyň özüň bilen, birden eçilen altyna barabar müddetim tamamlanaýmasyn. Juda hudaýuran akmak-samsyk ýa dikdüşdi bolaýmasaň, Nedirgulynyň bu aýdýany örän düşnükli gep, kölegelei-sölegeli dagy däl. Geregiň üçin deregiň ýykylmaýarmy, bir zadyňy, ýokmy, öýüňi sat, öýüňem ýokmy, onda gul bazara bar-da, özüňi sat, ýöne ilden alan bergiňi üz. Alanyňda hezil-de, bermeli bolanyňda ajymy? Bijaý gep däl-ä şü. Il içinde üzeňňiňden üç geçip, gowy görýän, sylaýan adamyňy öňüne salyp, daşyňa kerep çolap, pylança wagtdan yzyna dolaýyn diýip, aldap, karz alyp, şol öňüne düşüp gelen dost adamam duşmanyňa öwrüp, soňam gaçyp ýörmegi özlerine kesp-kär edinen süňňiharamylaram köpelip barýar. Munuň ýaly meselä Nedirgulynyň göhi gelýär. Hany, bermäbilişindenem bir bermesin! Bardy-geldi, biri arkaňda duraýanda-da, onuňam dili kelte geler, sebäbi, bergiň barlyga çyn, töhmet atylanok, onsoň berjek däl diýip bilermiň, onda-da ikibaşyny deňlän Nedirguly kimin ganojaga? Hakykat onuň tarapynda. Haky nähak edip bilýän halyna ol senden on dördi gijäniň Aýy deý ýalpyldap-lowurdap duran hakykaty talap edip bilmezmi? Il içinde “Begiň-kazynyň bitirmeýänini şü bitirýär, araňda şunuň ýaly gözsüzbatyr-gaýduwsyz adam bolsa, kemem däl-le, mesele çözýän” diýýänlerem, oňa guwanyp, arkasyny çalýanlaram, onuň turuzýan tüpgenlerini aklaýanlaram tapyldy. Kaza birneme emläp bilseň, arz edýäniň özüni günälem edip bilýär, onsoň ýüz tutanyňa puşman et-de, öz buduňy bur-da, ýat çygly zyndanda. Herniçikdir Nedirguly olara garanyňda adalatly, ol beýle haramhorlyk etmeýär, şonuň üçin oňa ýüz tutanyny kem görenok her kim. Emma Nedirgulynyňam hakynyň köýýän mahaly hem kän, ýagny, algydar bergidaryň üstüne barýar-da, üzlüşmese, Nedirgula arz etjegini aýdyp, haýbat atýar. Her kimem onuň adyndan gorkusyna, eneň-ýagşy, ataň ýagşy, sen ikisindenem ýagşy diýip, ýalbar-ýakar bilen derrew üzlüşip ugraýar. Aralykda Nedirgulynyň haky köýýär. Bul-a algy-bergi meselesi, ýöne Gutly Petik ýaly agzyny salajyn goýberýänleriňem, ernini ýyrtyp, dyman çagam agzyny iki eli bilen tutup gezer ýaly edäýýär. Bir tarapdan seretseň, birýanuçdan ol düzgüne-de salýan ýaly. Üstesine-de, özüne sataşmaýanlara-da kömek edýär, hawa-hawa, munuň ýaly ganly tulum öňüňden çykmasa, ýagşylygyň barypýatany dälmidir?! Aý, näme, kişi iş bitirdi, harçlandy, gorlandy, iliň ýetip bilmeýän şahana bedewi– şabaz aty satyn aldy, böküp münüp, böküp düşdi, ýarag edindi, her kaýsyndan. Öýlerindäki sandyklaryň sany artdy. Düşewündini has kän görüp, talaňçylara goşulyp, bezirgenleriň buljumrak ýolunda oturyp, kerwenem gyrdy, Nedirguly halal-haramy saýlap duranok, çolpusyna ilenini bilýär. Ine, tüçjar baýa öwrülsün, onsoň görerler tomaşany. Bu dünýäni dolandyrýan baýlyk dälmidir, ondan ýokarda güýç barmy? Kimiň puly kän bolsa, ol şonça-da ýokary derjäni eýeleýär, iň ýokary dereje üçin iň köp baýlyk sende bolmaly. Şonuň üçin gorkuzyp al, urup al, garşylyk görkezseler, gerek ýerinde soňuny saýman, damak çaldy garladyp. Iki elinem goşarlaryna deňiç adamyň gyrmyzy ganyna batyrdy, nili azdy, gözi gyzardy, ýüzi gyzarmady, ýöne tikenekledi – syh-syh. Ady – Nedir galtaman, soňlugy bilen –galtamanbaşy, beýleki döwletlerden gelýän bezirgenler-ä ony Nadir Kurbaşy diýip tanadylar. Ilçilik-dä, haýsy ýol, haýsy ugur bolaýsyn, seni ýeke çykaranoklar, hökman gapdalyňdan atyny ýanynlap çapýan bäsdeş tapylýar, tapylýaram-da, köplükde-mähellede senden öňe geçjek boluberýär, gürläp durkaň äsgermän, sözüňi bölýär, aýdýan sözüň ýalňyşyny tapyp, düzediş berýär, özüni kimkäm öýdüp, arasynda sesine bat berip, jedelleşäýýärem. Nedirgulymy ol tetellä ýol berjek, mazasyny gaçytdyrjak? Gözüniň gyýtagyny aýlanda sähel ekezlenip ugran görejine sataşsa, ara mahal salman, olar ýalyň petigulysyny berýär. Ilki düşünse dil bilen, düşünmese, soň el bilen. Bir eline düşseň, haýsy dagdan aşyryljagyňy bu jelegaýlarda bilmeýän barmy? Nedirgulynyň köp gaýtalaýan sözüniň biri “Bilmedige bildirin, bilenlerem öldirin”. Soňky günler töwerekde biri gara murtuny çowlap ugrady, burum-burum bolup, ýokarlygyna jaýtarylyp, galyp barýar. Nedirguly oňa köpçülikde duşup, birinji duýduryşyny berdi. --Düşür murtuňy! Aradan mahal geçip, Nedirguly ýaňkyny ýene bir köplükde görse, murtuny öňküsindenem bäş beter – dag goçunyň şahy ýaly edip otyr, ýene şol öňki buýruk. --Düşür murtuňy! Akmaga alaç ýok, Nedirguly üçünji gezegem şol pişge murtlagy mähelläniň içinde göräýdi, murtam öňki ýagdaýynda. Märekede “Indi yzy näderkä?” diýşip garaşap dur, hiç kimden dem çykanok. Nedirguly hanjarly gynyna ýapyşyp, murtlagyň ýanyna ýöneldi --Düşür murtuňy diýip aýdylmadymy, küspuruş? Ýaňky rejäniň geň däldigini duýup, sähel gijä galsa, gan gusjagyny aňyp, gorkusyndan ýaňa, iki eliniň aýasyna tüýkülikläp, haýdap, towly murtunyň çowlaryny aşak ýatyryberdi: --Ynha, düşürdümdä-raý, näm-aý, ýöne nemedip dursuň-la. Oturan märeke pakyrda berdi, gülüşdiler gyzyl-gyran. Türkmençilikde geň görülse-de, halanylmasa-da, ilki inisini toý tutup öýerdi, näme gyz uýalary Gyzsoňy özünden öň durmuşa çykmadymy? Durmuş-da bu, hasap edeniň däl, nesip edeniň bolýar. Ybraýym Abywerdiň Harçinýan diýen obasyndan biriniň ýetişip ugran gyzyny haýyna-waýyna seretmän, urup-ýenjip, sütem edip, süýräp gelipdir. Gyzyň hosdarlary gohy ula ýazdyrjakdy, ýöne Nedirguludan eýmendiler, onuň bilen ýakalaşsaň, derdiň has artjak, nalaç oňuşdylar, Nedirgulam öz gezeginde gyzyň galyňyny iliňkiden iki esse artyk töledi, zat bilen gözlerini gapyp, razyçylyklary bilen toý tutdy, onda-da nä toý? Älemi haýrana goýan uly toý. Galtamanbaşa ýaramsaklyk edip, gurply baýlar toý goşandy diýip malmysyň-pul getirdiler, arasynda öküz süýräp gelenlerem bar. Nedirgulynyň toýy uludan tutmagynyň sebäbi birçak gugaryp galan garyp tüneklerine kemsinenleriniň hakyndan çykmak, olaryň gallaç halyna dodak çöwrüp, jort atanlaryň gözüne öz häzirki derejesini mazamlamak. Indi inisi gelni bilen agzybir oturyp, öýi abat saklasalar, bolany, gerek-ýaraklaryny Nedirgulynyň özi üstlerine lomuladyp döker. Hasabynam ýöretmez, pylança getirdim, pylança sowduňyz ýok. Öými-öý. Näme onuň inisi şol humarbazlardan kemmi? Hemme zat umumy. Şa bolaryn diýýärdi welin, ugrunda bar ýaly-la, şol tarapa dähedemläb-ä ugrandyr, düýnki salpaýak gul nire, bu warhan-tarhanlyk nire? Ybraýymam ynha, iýse, alnynda, iýmese, arkasynda, öýünde bal akýar, ýaşajyk gelnem düşen ýerine begenip, bagtym açyldy diýip, düýnki özüniň goluny towlap, süýräp gaýdan Ezraýylynyň hyzmatynda, açylan bagtyna guwanjyndan hut bir barmagynyň üstünde pyrlanýar. Ybraýymyň ýaňy dälmidi agyzdan galan sarkyndyny tapsa, hezil edip, iýip ýöreni? Bu dereje onuň nirede gören zady? Näme üçin beýlekä diýip, kän bir kellä-de agram salanok, mes ýaşaýarmy – ýaşaýar, başga merk gerekmi? Agasy bar-da kişiniň! Ýat ýedi eplen-de öýüňde, sowup-sowrup, artyk iýeniň aşgazanyňda siňdirjek bolup, sepeletdir garnyňa sowuk suwy! Nobatyň ýetdimi, oýmuş bagtyň çüwdümi, sür döwrany! Adam aňsat üýtgemezmiş diýilse-de, Ybraýym gaty bahym ýalmana dönüp ugrady, indi öňki gapy guly ýok. Olam dek ýatmady, men pylankesiň inisidirin diýip, uruberdi çaňňaly, salyberdi salgydy sataşan agzy gowşakdyr öýdenine. Agasynyň “Seniňem geregiň çykar” diýen zamany geldi, indi ikiň iki ýerden haýdabermeli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |