09:45 Çarh / 1-nji kitap -13 | |
Ynha, bir töwra gürrüň, başlandy hezillik, jigitler bu gepe gyzygyp, öňlerinden çykýan depeleri ýeke-ýeke barmak büküp, höwes bilen sanap uradylar. Nedirgulam bulara garylyp-gatylyp, bu taň pişäniň ýene bir wakanyň üstünden eltjegini aňyp barýar. Ilçiler bilen bagly hemme zat onuň üçin gyzykly.
Taryhy proza
--Ýene bir alamat, how, ýigitler, guýynyň aşak gapdalynda basylyp goýlan ojardan ýasalan kömür üýşmegem bolmaly, üstem sazak bilen örtülen. Heniz ýanyna ýetmänkäk aýdaýyn. --Batyr aga, şu aýdýanlaryň hakykat çyksa, bizem desbi-dähel towşan bormy, sülgün bormy, tutup, bir ganlyja şara iýeliň. Guýynyň suwundanam çaý gülläliň. Çaý içgisini olar Taklamekanda-Täterimde sürgünlikdekäler ýerli milletden görüp-öwrenipdiler. Öň beýle içgini bilenokdylar. “Erkeklerimiziň bary şu çaýyň üstünde gyr-ýap, öýe aýaklaryny atyp bildikleri çaý getir diýşip, buýrup durlar, nähili içgikä, bizem dadyp göreli-le?” diýip, demlän çaýlaryny eltmänkäler ýaşmaklaryny syryp, ilki özleri owurtlap görüp, öň endikli bolmansoňlar, gelin bary bilmezlikden, baý, dodaklaryny çürüşdirendirler-ä gaýnaga. Indem näme ulusy-kiçisi, aýal-arkek birýanuçdan onsuz oňanoklar, çaýyň sähel wagty geçse, süllerişip, kelleleri agyryberýär. Täterimde çaýyň ençeme görnüşi bar eken – gara çaý, gök çaý, gyzyl çaý, ak çaý... Nämesindendir, türkmenlere gök çaý has gowy ýarady, şoldur-da-şudur, atymlyk gök çaýlaryny ýanlaryndan goýamoklar, gutaraçsa-da, ýer ýykýarlar welin, tapýarlar. Kalby durmuşyň aladalaryndan dolup dursa-da, içi dünýäniň gowgasyndan ala hasyrdy bolsa-da, daşyna çykarmaýan Hojanepes batyr geplän mahalam örän parahat. Aram-aram köneden-täzeden gürrüň tapyp, ýol kesýär: -- Çölüň pälwanlary, nämesindendir bilmedim, has güýçli bolýar, howasyndanmy, ot-çöpündenmi? Öň bir gezek biziň uly pälwanlarymyz göreşde ençeme gezek tutluşyp, bir-birini ýeňip bilmän, çar bolupdyrlar, onsoň gysymlary bilen sazak sykyp ýaryşmaly edipdirler. Sazak sykyp, pälwanlaryň bir-ä dört-bäş damja suw çykarypdyr, beýlekisem has güýçli eken, sazak sykyp, joralandyryp, bir käsäni suwdan dolduraýypdyr, şolam ýeňiji hasaplanyp, baýrak alypyr. Esen gürrüňe goşuldy: --Yzynam aýtsana, batyr aga? --Yzam barmy bu gürrüňiň? Meniň gulagymda galany-ha ýaňky aýdanym. --Hawa, yzy bar, ýaňky ýeňen pälwan ýeňlene maslahat beripdir “Inim, pälwanlygyňa sözüm ýok, ýöne indiki gezek sazak sykanyňda, ýogynragyny saýla, şonda suw köp çykýandyr” diýipdir. Jigitler gülüşdiler: --Haý, Esen-Esen tasma kesen, mojukdan mojugyny tapaýýarsyň-ow! Uçuranyňda, gaty uçuraýýaň, ýapa bir degir, how! Edil öňünden garaşyp duran ýaly, şu sözüňi ediljek häzir özüň toslansyň, gowsy, boýun al-aý, ýeser-aý sen! --Sözüň şojagaz ýerini Keýmirden eşitdim. Ýigitler ýerli-ýerden “Ýeser-haw şu Keýmirimiz, onda gep gyt däl” diýişdiler. Nedirguly: --Keýmiriň gürrüňlerinden ýene birini aýtsaňyzlaň? Esen: --Men aýdaýyn. Çagalaryň arasynda “Ýumurtga öň döräpmi ýa towuk?” diýen tapmaça bar. “Towuk” diýseň-ä, “Ol ýumurtgadan çykan” diýişýärler, “Ýumurtga” diýseňem, “Olam towukdan çykan” diýýärler, şu sowala ulularam jogap berip bilenok. Dünýe döräli bäri şu mataly çözen ýok. Hojanepes batyr: --Dünýäniň çözmedigini Keýmir nädip çözýärmiş? --Keýmir-ä horaz öň döräpdir diýäýýär. Eseniň bu jogabyna hemmeler gülüşdiler, Nedirgulynyňam maňzyna oturdy. Hojanepes batyr: --Ýöne horazam ýumurtgadan çykan-da? Esen: --Keýmir bir dini kitapdan okapdyr. Ýaradan Allanyň “Kün!” diýen permanyndan älemler peýda bolupdyr – Ýer, Aý, Gün, Ýyldyzlar hemmesem, ýerde önýän ekinleriň, bag-bakjalaryň miweleriniňem köpüsi ýumurtga şekillimiş-togalakmyş. Ýumurtga-da şol permandan dörändir diýilýär Keýmir. Hemmeler dymdylar, Nedirguly agzyny tutdy. Ara maý düşensoň, Esen burnuna salyp, eşdiler-eşidilmez samyrdap ugrady: --Çöl, çerkez-çeti, çarwa, çopan... Hojanepes batyr Eseniň nämä kakdyrýanyny derrew aňdy: --Suwda daş çakyşdyrýan ýaly eýläni-beýläni kesekleme. “Çaý-çörek” diý-de, gutar-da. Hany, şol ýedinji depedenem aşalyň. Dynç alarça bolduk, şol guýynyň başynda düşläýeliň. Hojanepes batyr gaty ynamly gepleýär welin, guýy diýýäni, hakykatdanam, ugrunda barmyka? Özi ynanmasa, şeýle – ýel ugruna sözüni seçelejek adam däl, onuň ýüpüniň üstünde odun çykap bolýar, ol ýedi ölçäp, bir kesýänlerden, heniz sözden biçen donunyň gysga bolan wagtyny, ýüzüniň nurunyň dökülenini gören kişi ýok. Diýdi – gutardy, daşa ýazlan ýaly, ol ýalňyşanyny mertlik bilen boýun alsa-da, sözüni yzyna almaýar. Sözi – güwälik, sözi – ähti-peýman. Hojanepes batyr çagalaryna-da şol terbiýäni berýär “Ilk-ä bilmeýän zadyňyzy geplemäň, geplän sözüňiziň syrtynda-da duruň! Bilseňiz, türkmeni türkmen edýän häsiýet şudur! Bu häsiýet ýedi däl, ýetmiş arkalarymyzdan aňrylardanam bäriligine gaýdýan, millet hökmünde nijeme asyrlarlap diş-dyrnak gazananymyzdyr! Türkmen öz sözi üçin başyny goýup biler, emma dänmez. Türkmen bilen türkmeniň arasynda ak kagyza gara syýa bilen resminama ýazşyp ýörülmeýär, sözi – resminama, şertnama, wesýetnama, ähtnama...” Gudrat! Hakykatdanam, ýedinji depeden soň toýun-çäge gatyşykly kiçiräk takyrlyk – beýikli-pesli adyrlygam çykdy, öňünden aýdylan tarapda tegeleklenip, mallary suwa ýakmak üçin gazlan guýy hem bar eken, gapdalynda çüýräp, çala sudury galan gowa çürşüp ýatyr, bir gabat gelmedik tarapy täze däl-de, köne guýy bar eken, içi oburylyp giden. Bu ýagdaý guýynyň töweregine bäri-bärilerde adam gara aýak sekmediginiň alamaty. Kömür diýenem depe tutup ýatan zat-a ýok, ýöne ýere siňip ýatan yzy bar. Nijeme mahal bäri ýatan bolmaly çaky. Näme maksat bilen guýy eýeleriniň bärik kömür üýşerlenliginiň sebäbini kim bilýär. Jigitler Hojanepes batyryň ýüzüne ýiti-ýiti seredişdiler, Nedirguly hem ýöne agzyny öweldip galaýdy – haýran-u serasima. Hojanepes batyram näme diýjegini bilenok, ol bu gepi ýaňzydanda “bilýän” diýmedi ahyryn, “duýýan” diýd-ä. Adamzatda ýüregi syzma diýen bir ýagdaý bar, megerem, geçen, unudylan taryh ynsan kalbynyň çuň bir ýerlerinde gizlenip galýan, hatda, nesilden-nesle geçýän bolmagy ähtimal. Has soň haýsydyr bir zamanlaram beýnisi däl-de ýüregi bilen syzýan şekilli. Ýogsa beýle takyk gabat gelmez-ä. (Häzirkizaman ylmy dilinde beýle hadysa dežawýu diýilýär). Ilki guýynyň içine otly kesindi taşlap gördüler, soňundanam içine sallanyp girip, dessalymyň içinde düýbüni arçap, suw aldylar. Bu toparda sen et ýa sen etme diýen gürrüň-igeşik ýok eken, öňünden-ýeriň giňinde hemme edilmeli işler ýeke-ýeke aýdyşylyp-bölüşilip goýlan ýaly, sessiz-üýnsüz kim düşekleri ýazyşdyryp, oturyljak ýeri taýýarlap ýör, kim daş-töwerege aýlanyp, gury odunlary çöpleýär, kim tüňçeleri suwdan dolduryp, ot ýakýar, kim nahar-şoruň ugrunda. Hojanepes batyr ýaşululugyny edip, ýaşlary işledip, ot başynda aýagyny uzyn salyp oturyberende-de gelişmän durjak däl welin, olam aýak üstünde – odun goparyp ýör. Nedirguly batyr aganyň ýanynda, onuň uzadan töňňeli odunlaryny gujagyny dolduryp, süýräp, täze goşa çekýär. Çaý gaýnadyp, nahar bişirjek bolsaň, birneme odun gerek. Hojanepes pälwan pilsiz, düýbüni köwlemän, çapman, guran çerkez agajyny şir penjesi ýaly barmaklary bilen şatyrdadyp gysymlap, düýpden sogruşyny synlap, “Ýaňky aýdýanlary biçeme däl, şular, hakykatdanam, sazagy sykyp, suw çykararlar-how. Hojanepes aga-da pälwan adyny güne ýatyp almanlygy düşnükli” diýip, Nedirguly gözigidijilik hemem göwniýetijilik bilen içinden gaýtalady. Nahar bişirmek işinem hemişeki edişi ýaly Hojanepes batyr öz üstüne aldy, tagamlam bişirýär. Her gezegem bişiren nahary öwülýär. Käte saý-sebäp bilen ýigitleriň başga biri nahar ataraýsa-da, iň soňunda duzuny özi dadyp görüp, sazlaýar, heniz bissimilla etmänkä-de: --Alyň, oglanlar, süýjem bişipdir – diýýär. Iýip oturanlaram hawa-da hawa bolşup, tagamy bişirini öwseler, kem galyp barýan ýaly “Duzuny atan özlemmiz-dä” diýip, gülýär. Onuň häzirki naharynam ýerli-ýerden öwdüler. Esenem öz wäşiligini etdi: --Aý, nätdiňiz-aý muny, Batyr kakam tagamly nahar bişirmäge ökde bolsa, bizem tagamly nahary iýmäge ökde. Senem bizi öweweri, Batyr kaka, bizem bihal däldiris görseň, naharyňdan ýeke çyrşak galdyrman iýeris, ynha görseň. Çaýdan-çörekden, dynçdan kemleri galmansoň, ilçiler topary ýene uzak ýola düşdüler, alan salgylary boýunça dogry gelýän ekenler, ynha, Gyzyljagaladanam geçdiler, ol galada Horasan bilen Horezm aralykda garynja gatnawly gadym ýoluň düşelgesi bar, düşelgede-de ullakan kerwensaraý, ýolagçylar üçin myhmanhanaly, aşhanaly, hammaly, atýatakly. Emma döwürler-döwranlar çalşyp, syýasy-ykdysady ýagdaýlar üýtgäp, wagtyň geçmegi bilen bärden adamlaryň aýagy çekilip, köne algyr ýollara ot bitipdir. Mundan beýlede sag tarapyňda Soltandeşt başlanmaly, onuň adam Soltansanjar bilen bagly, seljuklar döwletiniň iň soňky patyşasynyň söýüp, seýli-seýrana, şikara çykýan awlagy. Arman, ol aýşy-eşret, keýpi-sapa, bezmi-rowana kellesini aldyryp, ýurdy başdan aýlap urupdyr, şeýlelikde, beýik türkmen döwletiniň soňuna sogan ekipdir. Alnan salgy boýunça, dik öňdenem Kufen şäheriniň harabaçylygy çykaýmaly, Hywa bilen Abywerd ikarada gatnalan ýoluň ugrundaky kerwensaraýlaryň, galalaryň yzlary... ýeke-ýeke sanap gelýärler. Az ýöräp, köp ýöräp, eden çaklary boýunça Abywerdiň dik gaýrasydyr-da diýen ýerlerinden Kufen şäheriniň harabaçylygy göründi, ol Abywerd şäheriniň 6 fersah gaýrasynda ýerleşen. Nedirguly “Mundan ýüz-ýüz elli ýyl öňem Kufende ýaşaýyş bolupdyr, indi ol şäheriň erk galasy, şähristany, uzyn halkalaýyn iki sany diwary galypdyr. Kufeniň günbatar diwarynyň daş ýüzünde gurlan kümmete ilat Şugundyrbaba diýýär, alysdan-ýakyndan zyýarata gatnalyp, togap edip, dileg salynýan ýer” diýip, daýysy Peleň pälwandan eşidipdi bir gezek. Bu gürrüňiň özboluşly taryham bar, ýagny, daýysy Peleň pälwan Şugundyrbabanyň ýanyndaky gum obasyna Ugurly zäkçi diýilän baýyň tutýan toýuna göreş tutmak üçin ýörite çapar iberilip çagyrylypdy, olam ýegeni Nedirgulyny ýany bilen alyp gidýär, bir ata artlaşyp. Hem-ä ýoldaşlyk, hemem är – daýa, ýegeninden pälwan çykar öýdýär, bile gitse-görse, höweslener, öwrener. Zor pälwanlaram edil bagşy-sazandalar deý has tutumly toýlara derejeläp çagyrýarlar. Ugurly zäkçi diňe bir Şugundyrbabanyň däl, şol töwereklerdäki oba-kentleriň iň belli baýy, ol zäk satýar, zäk diýýäni turşy duz, ony özi bir zatdan öndürýärmi ýa başga bir ýerden getirtdirýärmi, ony bilýän ýok, ýöne ýüňden, ýüpekden edilen matalary zäklemeseň, boýag alanok, kümüşçi ussalaram onsuz oňanok, kümüş zäk bilen işlenýär, altynam simap bilen. Çümmükläp-çemçeläp, endurut ýaly ulanylýan jisim onda çuwal-çuwal ýükli kerwenläp aýlanýar, onsoň onuň nähili baýdygyny bilibermeli. “Mal eýesine çekmese – şumluk” diýleniniň tersine, Ugurly baýyň agtyklarynyň-çowluklarynyň birýanuçdan gözleri zäk guýlan ýaly bolup, doglop ugradylar, ýeri, muňa näme diýjegini hiç kim bilenok. Ähli baýagçylar, kümüşçi ussalar-zergärler Ugurly baýyň müşderileri, ýetişdirip bilseň, ýere degmän, geçýär. Hasam ýüpek zäklenende bäşden bir agramyça şol duz gerek. Ugurly zäkçi şol ugurdan ýekebazar, galan zäkçiler şondan alypsatarlar. Onuň golam giň, toýam tutumly. Bir ýerde lowuh eden bolsa toýa çagyryldy, Peleň pälwanam şolaryň naýbaşysy. Toý ýerine bir gün öňünden baryp, özi üçin öňünden ýörite taýynlanan otagda dynç alyp, Peleň pälwan ýoluň argynlygyndan-ýadawlygyndan açyldy, onuň çaý-suwuna seredýän hyzmatkärler “Ýurt pälwany gelipdir” diýip, begenişip, bir barmaklarynyň üstünde pyr-pyr pyrlanyşýarlar, bir nahar sähel iýlip-iýilmänkä ikinjini, üçünjini... çekýärler. Atly-meşhur adama goýulýan sarpa başgaça-da. Her kim çaý-çäýnek-käse getirip, golaýrakdan ýüzüni görjek, biragyz sözüni eşitjek. Nedirgulam daýysynyň öňüne geçip otyr, gurt arkasyndan guş doýmuş. Daýysynyň şonda bir aýdan gepem Nedirgulynyň ýadynda galdy “Pälwançylyk etjek bolsaň, ýegen, bir gün öňünden işşek etini iýip, gije ýatanyňda-da, ertirki ulanjak pirimleriňi kelläňde aýlap, mazaly bişirmeli, ýene bir zat – aýaklaryňy büküp-epläp, çugutdyryp uklamaly, tä daňa çen, uzyn salsaň, damarlaryň gowşaýar. Tutulýan toýlaryň baş baýragyny alyp bilseň, seni öýüňde oturdanoklar, daýyňa meňzeseň-ä, ýegen, senem ertir orta çyk, özüň ýaly bilen!”. Şugundyrbabalylaryň bir däbi bar eken, ilki horaz uruşdyrdylar, soň ýumurtga çakyşdyryp, ýaryşdylar, goç süsüşdirdiler, diňe şondan soň orta başda oba pälwanlary, soňundan ondan-mundan gelenler çykyp ugrady, her kim öz deňrägi bilen tutluşýar, başlandy has uly şagalaň. Baýrak yzyna baýrak. Nedirgulyny-ha pylçap urdular ýere, mähelläniň öňünde masgara bolanyna utanyp, garşydaşynyň guşagyny sypdyrmady, arman galmasyn diýip, ýene bir gezek saldylar. Bu gezek-ä öňki-soňkyň çeni däl, gumly pälwan zor eken, Nedirgulyny başyndan aýlap, bir ýere çaldy welin, tas depesi ýarylypdy. Indi ýüzüňi aşak sallap, demiňi çykarman, otur bir çetde burnuň deşilen ýaly. Peleň pälwan guşanyp, tokmak ýaly baldyryny çyzgap, baş baýraga çykdy, aýagy mermerden ýasalan ýaly. Ortada dabanynda çäge pürkdirip, iki baka moýmudyklap ýörände tomaşaçylaryň gözleri dokundy – bitäýen zat. Özüni görmek göreş tutuşyny görençe bar. Peleň pälwanda daýawlygyndanam ozal ilki gözüňe ilýän tarapy – boýny ýok-da, çogup duran çiginleriniň üstünde goçak kelle oturydylan ýaly. Onuň bilen bil tutuşmaga däl, gözüň bilenem eýmenýäň, gören badyňa howuň basylýar. Eger eneň uny tükenip, işiň gaýdyp, onuň bilen göreşe çykaýsaň, başyndan pyrlap, bir aşak inderse, ýer togalagynyň ters tarapyndan çykjagyň gümansyz. Nedirguly daýysymy göreş meýdanynda görüp, eýmendi, ol ýene ýagşy, kakasy Ymamguly possunçy welin ýeke gezek görmänkä-de eýmenipdi, daşyndan, dow-dowundan. Eger häzir jarçy “Indi siziň öňüňizde Peleň pälwan janly-jandarlaryň patyşasy ýolbars bilen tutluşyp, içiňizden ony sanaýançaňyz, ýere pylçap, janawaryň janyny jähenneme iberýär” diýäýse-de, tomaşakärleriň içinde onuň aýdýanyna ynanmajagy ýok. Dogry, ýaryşa gelen gumly pälwanlaryň içinde-de gabarasy Peleň pälwança deşli ýigitler bar, üstesine-de, has ýaş-gujurly. Peleň pälwanyň ady, dow-dowy uly, ýogsa indi ol pälwançylyk ýaşyndan çykdam, öňki bil, öňki dyz ýok. Ýöne mydam ýykyp ýörensoň, dişinde et galan, özüne ynamy uly. Moýmudyklap, aýmançanyň ortasynda iki ýan gezmeleýär welin, ýere basan ökjesinden çäge çogup çykýana meňzeýär. Garaçygynda rehim-şepagat ýok. Boş haýbatdyr öýtmeli däl, herhal garry töňňedir, ýeňjekdir, munça ýol söküp gelendir. Jarçy üç gezek gygyryp çagyrsa-da, birden maýraýmasyn diýip, onuň bilen göreş tutmaga milt eden tapylmady. Baş baýrak – köşekli düýe. Baýragam, ýeňseň, abraýam gowy zat welin... Peleň pälwan göreşe diýip gelen daýaw ýigitleriň birki sanysyna eli bilen ümläp, orta çagyrdam, olaryň zähresi ýarylan ýaly, ellerini kelemenledip, götin-götin süýşdüler. “Deň edip bilseňizem, baýraga dawam ýok” diýdi, emma bu sözüne-de hiç kim seretmedi, “Aýdyberýe-daý” diýşip. Uzak ýoldan Ugurly zäkçini sylap, toýa gelensoň, bil tutuşmasa-da ýeňdi hasap edilip, baş baýragy Peleň pälwana berdiler, olam düýäniň owsaryny ýegeniniň eline tutdurdy. Nedirguly şol gezek daýysynyň il içindäki abraýyna göz ýetirdi, özi ýaly oglandan ýeňlip, masgara bolanyna-da utanýar. Ýolda Peleň pälwan “Ýegen, süýtden aýrylan güni habar ibererin, bize gel-de, köşegi alyp gaýdyber, şol seniň şeýteliň” diýdi. Nedirguly içini gepledýär: “Ýoldaşyň güýçli bolsa, gep ýeňmek-ýeňilmekde däl, ine, bar edenimiz men iki gezek orta çykdym, ikisinde-de öldir ýaly ýeňildim, emma daýy-ýegen ikimiz Ugurly baýyň toýunyň baş baýragyny – köşekli düýäni öňümize salyp barýarys. Eýranyň şasy bolmak üçinem güýçli ýoldaş gerek. Güýçli ýoldaşam kim? Şol ýurduň patyşasy. Şony dost edinmeli, şonuň goltugynyň aşagyna sümülmeli, doganlaryndan beter ynamyna girmeli, gerek bolsa, kakam diýmeli, atam diýmeli, men senň ogluňdyryn diýmeli. Başyny-gözüni aýlap, mazaly golaýlaşaňsoňam, gara gylyç bilen tylla täçli kellesini pyzlawuk kädi ýaly kakyp, ornuna geçmeli”. Şonda görüpdi Nedirguly Kufen şäherini, ýörän ýollary çen-çak bilen ýadynda. Ilçileriň Kufen şäheriniň harabaçylygyny synlanlarynda alan täsirleri ýat ýurduň kaşaň şäherlerini görenden has güýçli. “Her kimiňki özüne, gül görüner gözüne” diýleni. “Mal eýesine çekmese, şumluk”, Garagumyň eýeleri ýat ýurtlarda sürgünlikde-bendilikde ýitip gitdiler, yzlarynda galan sähralarynyň galalary-kentleri, kerwensaraýlary, köne ýurtlary... hem ýere siňip ýatyr, çala sudur. Uzak geljege gitmeli Watan gadym geçmişe çümüpdir. --Başda gepleşen ýerimize-hä ýetdik. Indi mundan aňryňy özüň taparmyň? Tapmaryn öýütseň, häzir aýt. Eltip gaýtmanam kyn göremzok. --Taparyn agalar, gözüm daňylgyka-da taparyn, amanat taýparyňyzam alyň, öz derdiňize ýarar, başymy çararyn. Agyran-ynjan bolsaňyzam, geçireweriň. O dünýe, bu dünýe eden ýagşylygyňyzy ýadymdan çykarmaryn. Öýümize sowlalyň, söwüşläýin diýmäge ýagdaýym ýok, öýümiz ýerinde galandyram öýdemok, ýöne hemişe gallaçlyk başymy alyp durasy ýok. Enşallasa, galkynaryn, silkinerin. Ýagşylyga ýagşylyk boýnumda durandyr, agalar. Hiç adam oglundan görmedik haýrymy sizden gördüm, aşagyndan çykar ýaly etmediňiz, ýöne Keýmir dostum aýtdy niýetler amallardan ýokarydyr diýip, niýetimde bar, amalmda-da bolar enşalla. Tekeler Nedirguly abşary şol ýerde ýeke galdyryp, allaýarlaşyp, ýola düşdüler. Ugur – Ahala tarap. Näme üçin Ahala tarap? Öňki ýaşan ýerleri Maňgyşlak, Balkan daglarynyň etegi, Tüwer, Çagyl, Ýaýla obalary näme? Ol ýerlerde giden mazarystanlyklary galmanmydy näme? Ilçiler köp zatdan habarly, Amyderýanyň ugrunyň Aral deňzine tarap sowlup, öňki akymyndaky Uzboýuň gurap galanynam, ýagşy-ýaman günleri arkalaşan ärsary doganlarynyň kiçiräk taýpalaram ýanlary bilen alyp, Lebap gapdalyna il bolup göçüp gaýdanlarynam bilýärler. Üstesine-de, üç asyryň dowamynda agyr illileriň sany has köpeldi, öňki ýerlerinde suw bolaýanda-da ýerleşjek däller. Olar üçin Ahal layýyk – hem-ä öňki ýurtlary, örüsi giň, dag etekleri ekerançylyga-da ýaramly. Ahala ýerleşmeseler, Mary bar. Ilçiler Maryny öň Lebabyň üstünden gaýdyp, görüp gidipdiler. Galan taraplarynam Ahala baryp, gözleri bilen görerler-dä. Garagum çölem – ummasyz meýdany tutup ýatan deňiz, mähnet tolkunlary lemmerlenip duran. Alaňlar-depeler – tolkunlar, doňup galan tolkunlar-gomlar, aýaza-sowga däl-de, epgege doňan. Şonuň üçin, yssa eränok. Şonuň üçin düýelere çöl gämisi diýilýär. Bärde diňe deňiz däl, wagtam doňup galypdyr. Adam bilen wagtyň bir bitewilik bolmagy hem ahmal. Adamyň ýok ýerinde wagtam ýok, bolsa-da süýşenok. Wagtyň çarhyny adam aýlaýar. Garagum dünýe döräli bäri bir durkunda. Hamala, ondan deňiz ýaradylypdyr-da, “Joş! Tolkun!” diýlen ulug perman berlip, yzýanam “Şol durşuňa togta! Doň!!!” diýlen ýaly. Ol ýene “Möwje!” diýen buýruga garaşýan deý. Ýogsa ýeller-harasatlar ösýär, çägesini syradyp, emma şol ýatyşy-ýatyşy. Bäşdir-üçdür alaň-depeler süýşüp, jan geläýjegem ýaly edýär, emma soňy ýok, ýene bagryny ýere berip ýatyr. Bu deňizde iň gahat sat – suw. Rysk tamasy diňe bulutlara dikilen. Keçjal bulutlar ýagsa-ha heýjana gelýär, ýagmasa-da, ýanyp ýatyr. Hawa, bu deňiz ýanyp ýatyr, deňze ot düşüpdir, onda çäge ýanýar, suw ýanýar. Suwy näme bilen öçürjek? Çölem tolkun atyp, çaýkanyp ýatan mähnet umman. Pagşyldap duran suwy bolmasa-da, girdaby bar. Onuň nähili girdaplygy häzir beýanymyzdan belli bolar. Häli Kufenden Abywerd aralyk 6 fersah diýdik, ol aralygy jan edip ýöreseň, iki günde geçmek mümkin. Şol aralygy bir günde geçerin diýip, Nedirguly bütin gije haýdady, öýlerine howlugýar, näçe ýylyň aýraçylygy, alkymyna geleňsoň bir äwmel-ä, gijäniň salkynyndan peýdalanaýyn diýip, girdaba düşeninden habary ýok, hasanak-hasanak-hasanak. Soňky demine deňiç. Tä ysgyny gaçyp, aýaklary guraýança, arasynda ylgady, daljykdy, ýöredi. Çöl gündiz-ä köl pisint salgymy bilen aldaýar, gije-de pyrlandyryp goýberýän, ters aýlaýan girdaby bilen. Ýolda ilçilerden alan birgiden öwüt-pentli sapagy kellesinde galmandyr, ýogsa-da bir gürrüňçilikde beýläňe atylýan zat däl çölüň okuwy, towşany araba bilen tutan ýaly, ony bütin ömrüňboýy yzygider öwrenip ýörmeli. Nedirguly üçin Garagumda başyňy çaramak Eýranda şa bolandanam kyn. Daň atdy, ýagtyldy, ol aýagynyň aşagynda düýnki suwy taňkyrap, taşlan düpbesini görüp, öz gözüne ynanmady, asyl ol bütin gije başy aýlanyp, garagy gapylyp, döwek döwýän gözi bagly düýe deý, şol bir öwrümi torç edip, zygyr-zygyr gatnap ýören bolsa, nätjek? Çölüň girdaby diýilýäni şol. Howanyň girdaby – tüweleý, ýöne ol ýokardan aşaga däl-de, aşakdan ýokaryk sorýar. Adamyň kellesinde-de girdap bar, käte bir bolgusyz gussadan çykyp bilmän, zol serinde aýlap, özüni horlaýar. Aýlanyp duran Ýer, Aý, Gün, ýyldyzlar, hatda tutuş Çarhy Pelegiň özi girdaba düşüp, pyrlanyp durmanmy näme?! Ýa olam girdapdan çykyp blmän, horlanyp ýören bolaýmasyn? Gijeki suwsuz bikär öwrümler onuň başyny indi aýlady. Ederiňi bilmeseň, çöl seni bir barmagynyň daşynda pyrlaýar.Ýanynda suwunyň ýoklugyny bilensoň-a, ýüregine dowul düşüp, tiz bokurdagy gurap, ýuwdunyp ugrady, dodaklary kepedi, ýalap görse, dilem törpä dönen, süýkese, agzynyň içini ýyrtjak. Bedeni birden-ä ýanyp barýar, birdenem sowap, üşüdip dur. Dadyňy kime ýetirjek? Kim seniň ezenegiňden galdyrar? Adam ogly şeýle ýagdaýda jan alyp, jan satýan bazara öwrülýär, onda-da çekeleşikli bazara, haý, gitdi-de, haý, galdy, sen-ä amanat jany bermejekden, Ezraýyl perişde-de, gabyz etjekden, algyny almaga gelmeli-dä ol, aşa dogumly, onuň heniz garasy görünmänkä, adam pakyryň ysgyny gaçýar. Hawa, bir adamlyk bazar! Bazara satlyga çykaran harydyňam öz şirin janyň. Beýleki söwdalaryň tersine sen harydyňy satmajak bolup çytraşýarsyň. Çek otur-da, bek otur. Adam şunuň ýaly aljyraňňy ýagdaýa düşende ilki huşy garjaşýan eken. Adam şunuň ýaly aljyraňňy ýagdaýa düşende ilki huşy garjaşýan eken. Adam içmese-de, başy aýlanjak eken, özünden gidip, dik duran ýerinden serreljek eken. Meý içeniň tersine. Çölüň girdaby ýuwdup, bu umman şalygynyň teýkarynda suwsuz gatamaly, Gün dogup, ýakyp-gowrup başlansoň-a hasam. Ederini bilmeze zabun kanun bu. Derdem suw, dermanam. “Käşgä, myhman suw dilesedi” diýilýär, dileýär-dä, ine. Kän däl, ýekeje owurt gara suw. Garaşyp-garaşyp, zillezar-intizar boldy. Ýeriň dörtden üç essesi umman diýýärler-ä, hany şol bol suw? Burkutbaba, ýetiş! Köçä sygmaýan sygyr sürüsi ýaly gara bulutlaryňy kowalap gel! Ähli janly-jandaryň ryskyny ýetirip duran Subhan Rebbil Agla indi bu işigaýdandan bir owurt suwuny gysganýarmyka? Ýokardan ýagyş ýagdyraýanda elinden gelmän durmy nä? Ýagşyň dagy nämejik, islese, dem salymyň içinde gapdalyňdan börňüldedip, joşly derýa-da akdyryp biler. Elbet-de, özi gowy bilýändir nätmelidigini, bendesinden soramaly däl. Bir damja suwuň gymmatyny, çölde teşne galandan sora. “Suw damjasy – merjen dänesi” diýilýär, merjen dänesi nämemiş? Damja suw – ömür! Tapyp, gansaň-a, ömrüň uzalyp gidýär, tapmasaňam – tepbetiň okalýar, uzyn ömrüň kelebi söklenip-gysgalyp, bir sagada gelýär. Suwsuzlyk açlykdanam aýylganç. Aslynda, adamyň özi bir owuç suw dälmidir? Her kimiň bir ätjek ädimi bar, Nedirgulynyň ädimleriniň hasaby şu ýerde gutaraýdymyka? Aýak nire, gözüniň üstünde düýrlenip ýatan agyr gabagyny galdyrmaga rowgaty ýetenok. Özüne bir gelýär, bir gidýär. Edil şonuň ýaly, demem birde gelýär, birde gidýär. Äwüp-säwüp, üstünden gökden uçan erenler-ýagşyzadalar gelmezmikä, heý? Hany beýle bagt? Ylganyňda-ýortanyňda gelmedik bagt, düýrlenüp ýatanyňda gelermi? “Ýyldyz süýnse, kapyr başyna”, bazygär Pelek häzir Nedirgulynyň başyna oýun salýar, onuň oýanam ahy-perýatly. Birden aýaklary gymyldap, bagry bilen çala süýşen ýaly boldy, parhy näme bir seremi, bir garyşmy, gylyň iniçe bolsa-da, ol bagry bilenem süýşjek, eger şonda halas boljagyny bilse. Nedirguly aýtjak-diýjekleriniň iň soňkularyny samyrdady, soňam dilden-agyzdan galdy. Jandan öň adamyň dili, gulagy, gözi, akyl-huşy gidýär, umyt welin iň soňuna çenli galýar diýýärler. Nedirgulynyň kysmaty şu depä çekendir-dä, depe-de ony öz burgunynda pyrlap ýykyp, hiç goýberesi gelmedi. Şol depe Nedirgulynyň başyna ýeten. Şu depe onuň mazar tümmegine öwrüljek, geň galmaly öz tümmeginiň daşyndan dirikä togap edip aýlandy. Öz mazar tümmeginiň daşyna çykyp ýatan ýaly. Ömri gysylyp-düýrülip, bir garyşa geldi, ölmi welin ondanam has golaýa. Bogalaşanyňda ýeňilseň, ýeri eliň bilen patdatlasaň, ýeňildim diýdigiň, aman diledigiň, seni bogup duran garşydaşyň aýrylýar. Pelek welin Nedirguly hernäçe elleini patdatlatsa-da, rehim etmedi, bogalady ýatdy. Öz goşaryndan agyz urup, ganyny içmäge synandy, emma dişleri ötmedi.Ýesir-bendi düşüp, Hywanyň bazarynda gul edilip satylyp, nijeme ýyllaryň bendiwanlygynda adam şekilli ýaşap bilemedik Nedirgula indi adam şekilli ölümem ýetdirmezmi, kim ony ýuwup-ardyp, köpenläp, jynazasyny okap, ýere tabşyrar? Läşi şagallara şam, garaguşlara galjak. Ömür bermände, ölüm bir beräýmel-ä adam şekilli. Näme adamzadyň başyna nähili sütemleri saljagyny öňünden bilip, Allah-u Rebbil Azymyň buýrugy bilen Pelek Nedirguly abşaryň özüne şu telek oýunlary gurnadymy? Ezraýyl perişde-de şonuň üçin pyçagyny-aýpaltasyny çalyp otyrmy? Garagumam oňa bir damja suwunam rowa görmän, burup taşladymy? Gum alaňlaram gijelik bilen dilleşip, gözüni baglap, bir depäniň daşynda hajyk-hujuk edip, aldap, boş aýlap, ysgynyny alyp, ýykyp goýdumy? Tekeleriň ilçilerem ony doňzy batgada basylşy deý, şu ýagdaýda taşlap gidäýende bähbide çekmezmidi, set müňlerçe adamlaryň ganyna galjak zalym lagnatkerdeden aňsatja dynylmazmydy eýse? Ýok, birinjiden-ä, olar soňlugy bilen nämeleriň gopjagyny öňünden näbilsinler? Ikinjidenem, olar, heý, ýoldaşlaryny ýolda taşlap gaýdarlarmy? Bu türkmençilige, adamçylyga sygjak zatmydyr? Hojanepes batyr Nedirgula kesesinden baha berende göwnüne çiglik gidipdi, ýok, dile getirip, aýdan sözlerine däl, aýtmadyklaryna. Bir salkyn ýöränsoňlar, garaňky düşdi, ýatyp, dynçlaryny aldylar. Hojanepes batyryň welin, nämüçindir ýatyp, mazasy bolmady, gijäniň aşa tüm garaňkylygy göwnüne iňkis giderdi. Çalarak çig edilen iş böwrüňe sanjy bolup durýar, ini bir zatlary syzyp, binjalyk etdi durdy, haýsydyr bir sebäpden-ä, çalarak ymyzganananda iküç gaýra ogly Keýmirem düýşüne girdi, haýsydyr bir wajyp zat aýdyp, nämänidir ýatlatjak bolýar welin, Hojanepes pälwan hiç düşünip bilmedi. Oýanansoň-a ýaňky düýşden hiç zat ýadynda galmady, näme hakdalygam, näme diýenem. Düýşden diňe ýakymsyz bimazalyk galdy, kelleagyrdyjy çakyzasy tutan ýaly. Ilçileriň baştutany bütin gije düýnki eden işlerine ahmyr etdi: “Ýaş oglany çölde taşlap gaýtdyk, häk, çaldy-goýdyraklygyny aňdymam-la başda, haýyr etseň, bitin etmeli-dä, telek-ow, telek şu edişimiz. Ýogsa bärlerini daýym bilen öň gelip gördüm, belet ýerlerim, galjak diýenem özi, tapýan diýenem. Günäsi biziň üstümizden doly sowulýaram welin... Aý, näme her kim özüni aklajak bolýar, meniňkem şoňa barýar, emma külli günäleriň bir çetini hemişe ilki özüňden gözlemeli, garaz, bir çetinde senem barsyň. Günäsi menden sowulýar diýmek özüňi aklajak bolmak. Ýene yzymyza gaýdalyň diýsemem, oglan oýunjagyna meňzär, ýigitlerem halamaz, munça ýoly geçdik, indi yrymyna ýagşy däl diýerler. Hawa-da, ýene nägünlik bilen geçilen ep-esli aralygy yza ýöremek aňsatmy näme? Olaryň bar işi bir guly hülli-hülli edip ýörmek däldir-ä?”. Herniçsikdir, Hojanepes batyr böwrüne sanjy bolup duran bu ökünjini jigitlerine-de duýdurdy: --Bigüman ýalňyşaýdyk gerek, ýigitler. Taparyn diýenine ynanyp, Nedirgulyny paý-pyýada taşlap gaýtdyk, çakym-çak bolsa, azaşandyr şol. Dadyna biz ýetişmesek, kim ýetişsin? Dolanalyň! Adamçylyk diýilýäni şunuň ýaly ýerde tanalýandyr. Sowuk-salalyga-biagyrlyga salyp, ýolumyzy dowam edibersegem bolar, ýöne şol iňkis hiç mahal yzymyzdan galmaz, ynjalyk bermez. Ol dünýäde-de onuň eli biziň ýakamyzda bolaýmasyn. Bolsa-da, batyryň sözüni ýykyp, tykyraşyp durmadylar, ýoldaky adyrly-guýuly waka ýatlaryna düşüp, “Aýdýan bolsa, ugrunda bardyr, gaňryşyna gitmäliň” diýşip, döwtalap, bir agyzdan dolanmak hakda belli karara geldiler, hälä galman, atlaryň başyny yza öwürmeli, goýlup-gaýdylan ýere baryp görmeli, Nedirguly menzil aşypmy-aşmanmy, barlamaly, sag-aman giden bolsa, ne ýagşy, azaşan bolsa-da, tapyp, Abywerdiň bir çetine eltip, soň gaýtmaly! Özü-de ýagşylyk soň yzyna gaýdar tamakinçiligi bilen däl-de, ýoldaşlyk hatyrasy üçin ak ýürekden berjaý etmeli. Tekeleriň atlary Ezraýyl perişdeden öňürti gelip ýetişdiler, ýogsa ajal mydama ökjäňi sydyrdyp ýörendirem, göz bilen gaşyň arasyndadyram diýýärler Göwne getireniň alnyňa-da gelýär, görseler Nedirguly saňgaty ýatyr çägä bulaşyp, demi gelip-gidäýäne meňzänok, reňki garalypdyram, gögeripdirem. Hojanepes batyr ur-tut atdan düşüp, Nedirgulynyň boýun damaryna seredip, ýüregä urýan ýaly diýen karara geldi. Çölde bular ýay ýagdaýa az duş gelnenok, nämeden başlap, näme etmelidigini olar gowy bilýärler. Mysal üçin, aňzakly gyşda çölde gulagyny sowuk alany alyp, ot ýanýan ýyly ýere eltseň, ýa gyzgyn zat bilen kellesini daňsaň, gulak eräp, suw bolup akaýýar. Ilki gyzgyn çaý ýa gyzgyn süýt içirmeli, ýylylyk ilki üşän adamyň içinden gelmeli, soň salkyn jaýda gar bilen oýkap, assa-ýuwaşdan açmaly. Çölde özünden gidip, suwsuz ýykylyp ýatan teşnä-de, ylgap baryp, suw berseň, demligine dykylyp, ölmegi mümkin. Edil göwünlerine getirişleri ýaly eken. Ony yralap huşuna getirip bilmediler, ýöne çala demi gelip gidýäni bildirýär. Şu hili ýagdaýda çölde gezen türkmenleriň öz edýän usuly bar, tizden-tiz bir kesemen nany suwly tabaga dograp, gatňsyrak hamyr ýugurdylar, hamyrdanam halka ýasap, oglanyň göbeginiň töweregine aýladylar, mäkäm ýelmeşdirip, içine az-owlak suw damdyrdylar. Guzulygy gatan adamyň ilki göbeginden suw berýärler, soň dodagyna birki damja suw damdyrdylar, ýüzüne-gözüne öl esgi örtdüler. Endam-janyna suw sepelediler. Özünem göterip, çygly ýere geçirip, arkan ýatyrdylar. Damjalaryň damagyndan aňrylygyna kem-kemden geçýäni bildirip ugrady, Nedirguly dodagy bilen kümüş-kümüş edýär, çaky özüne geljekden. Huşuna gelensoň, Nedirguly birmeýdan nämäň nämeligini aňmady, assa-assa akyly çatyp, aýak üste galdy. Ony ýene ata – Keýmiriň taýparyna mündürip, Abywerde çenli ugratdylar. --Hyzmatyňyz Alladan gaýtsyn, garyndaşlar! Sözüme gülüşmäň, men hökman Eýranyň şasy bolaryn, bolan sagadymam siziň bäş ýüz ýesiriňizi azat ederin, her haýsyňyzyň hormatyňyz üçin ýüz ýesir. Ömrüm ötinçä haýrym deger size. Keýmir ulalsa, ony özüm taparyn, häzir onuň taýparynyň meni bärik getirmegi, Keýmiriň getirdigi. Hywaly Allabergen eke meni gulçulygymdan azat etse, siz meni ajaldan goradyňyz, müşgilimi asan edip, öz süýtdeş iniňiz deý mesgenime getirdiňiz, indi etjegim içimdedir, siziňem Alla ýaryňyz, maksadyňyza ýetiň, öýe elteýin, hezzetläýin diýip bilemok, öýümizi otladylar, malymyzy sürüp alyp gitdiler, dädemi işigimizde gylyçdan geçirdiler. Men – tumaýak. Ýöne, ine, görersiňiz, men dünýäniň eýesi bolaryn, bir edeniňizi müň edip gaýtararyn. Tekeler ýene çöl gurtlary kibi sary sähralaryna siňip gitdiler, çöl – bilmeýäne ýanar dowzah-tamug, olar üçin welin sekiz jennete barabar jana-jan Watan. Olar ata Watanyň arzuwynda, küýseginde, yşkynda, ugrunda... Aşygyň öz magşugynyň döwresinde aýlanyşy kibi, mesgenleriniň daşynda perwaz urýarlar, balarylaryň menzilleri söküp, güle gonşy kimin. Ýüzne saryýag çalnan ýaly sary sähranyň mele çägesi zerem däl, zeberjedem däl, ondanam has gymmatly – ol türkmeniň Watany. Iň ýakyn dostum – halkym Hojanepes batyryň aýaly Altyntäjiň Gyzyl neresseden başga ýene üç ogly, bir gyzy bar. Ogullary Emir, Keýmir, Wekil. Gyzynyň adam Äşe. Başga-da bir gyzlary bardy, olam çagajykka ýogaldy, bir dert tapynyp. Şu gapa durmuşa çykyp geleli bäri bu tünekde edilýän gürrüňler ýalaň Watan, il-halk, patyşalar barada, bäri-bäriň gürrüňi däl. Gyzka – atasy Döwletmämmet Düýegözüň öýündekä-de bu sözlerden gulagy ganypdy, öňem ýok-soňam, gije-gündiz şol gideleşip otyrlar. Altyntäjiň welin äri Hojanepes batyr bilen öz maşgalasy hakda derdinişesi gelýär. Eýmir ogluny gözli-başly etdiler, öz göwün beren gyzy bar eken. Söz aýtdylar – ikelläp razy. Ogul bäbejiklerem doguldy, Agajan diýip, Gyzyl neressäniň adyny dakdylar. Ynha, indi Keýmiri öýermegiň wagty ýetdi, ýetdi däl, ötübem geçdi, ol medresäni tamamlaýança diýlip garaşyldy, ýaşy ýigrimi dörde ýetdi, emma Altyntäjiň özünden başga bu meselä baş galdyrýan ýok. Şol Horasan, Turan, Çyn-Maçyn, Buhara ýene bir ýerleriň muşakgatly gürrüňi. Maýyny tapyp, adamsyna aýdybam gördi, alan jogabam şü: --Bular ýaly işde aýal öňe düşse, erkege yzyna eýermek aýyp iş hasaplanmaz. Näme diýseň, şol bolar. Näme Eýmiriň toýunyň kethudasy özüň dälmidiň? Gül ýaly, abraýly geçd-ä. Tüweleme, ol işleri sen gowy başarýaň, edeniň gelşip dur, näme etmeli, näme goýmaly, adamdan soraşman, bilýäň. Altyntäç baş ýaýkady, bujagaz sözleriňe per bermez, aňsat per berse, oňa aýal diýiljekmi? --Tutuş agyr illi taýpaň täleý-takdyryny çözýänleň öňüne düşebilmeris, il üçin ylgaýan adam öýi üçinem ylgamalydyr, öz öýüňem-maşgalaňam il diýilýäne degişlidir-ä. --Mazalyja otur-da, ogluň bilen geňeş, saýlap tutuň birini. Size ýarany, bize-de ýarar. --Size ýaranma barmy? Siziň ýurduň patyşasyna göwnüňiz ýetýärmi? Şol ýamanlaşyp otyrsyňyz. Bar gürrüňiňiz ol ýurt eýle, bul patyşa beýle... --Ýurduň meselesini özümiz bir zat ederis. Hojalygyň işini saňa goýýas, hanam sen, soltanam sen. Men howlukmaç, ýola düşmeli, düýp Watana. Şaýymy tutuş. --Bolmajagyna tutýaň, batyr! Häzir gitseňem, ahyr-a şu gürrüňe dolanmalysyň, eýläk ýatsaňam-beýläk ýatsaňam, gulak etiňi gurudaryn, tä birýaňalyk edýänçäň. --“Nika gaýyp” diýýä, nesibeli güni geler, şonda görübiris. Şindi başymyzda has uly meseleler bar, biz şol dertler bilen başagaý. Biz ata Watana dolanmagyň gaýgysyny edýäris. --“Toý-ýas bile geler” diýenem gep bar, birini kyhlap, beýlekisini saýlap bilmersiň. --Hemmesine ýetişeris, enşallasa. Aýdýanyňa garşy çykamok, gaňryşyňa-da gidemok, iki elim bilen goldaýan, döwletli işiň ugruna çykypsyň, senden az begenemok, başyny bir başlaň, yzyny ýetirme biziň bilen, il şekilli sowarys toýy. --Soňraky gün aýtdy-aýtmady diýme, biz-ä diňlänok şol ogluň. Haçan görseň, başy gowgaly, o diýýär, bu diýýär, bahana tapyp otyr, özüň bir alaç edäýmeseň. Şu sözden soň är-aýalyň maslahaty jemlendi, her haýsy öz işi bilen meşgullanyp ugrady, takygy, maslahat jemlenmedi-de, soňa galdyryldy wagtlaýynça. Ýöne Altyntäjiň soňa goýlan işiň üstüne gar ýagdyrmajagy çyny. Gagyldaberer. Onsoňam ogul öýerip, toý sowmany indi görmelimi, öň gelin edind-ä. Hojanepeseiňem ýagdaýy şeýle, ol hojalygyň işine kän bir goşulyp duranok, ol diňe çykdaýjysyny tapýar, galan iş Altyntäjiň boýnuna. Ol ärine degişýärem käte “Tüweleme, toýumyzyň iň hormatly myhmany ýaly, töre geçip, oturyp-a bilýäň, dünýäni sil alsyn, topugyňdan däl, senden şonam az göremzok, toýa gatnaşsaň, razy”. Altyntäç adamsy bilen ikiçäk bolan ýaňky gürrüňden imisala çagty many çykardy: “Hojanepesiň aýdýanam dogry, ilki oglum bilen – Keýmir bilen düşünişeýin, kimleriň gapysyny kakmaly? Başda özümiz bir belli karara geleli, beýlekilerem soň ýerli-ýerinde ýetişerler. Iň hezilem şundadyr-da, öz ýanymdan dünýäniň iki ujuny gapyşdyryp ýörmäýin-de, süýjüligi bilen çözeýin-le bu işi”. Keýmir doly bäş ýyllap Hywanyň Şirgazy han medresesinde yhlas edip okady, çoh-çoh kitaplary agdardy, danyşment damyllalary diňledi, dünýäniň dört künji barda habar-düşünje-ylym, okuwy tamamlabam, ak pata aldy, medresäniň tylla gapysyndan çykybam, ynha, indi ol özleriniňkileriň arasynda. “Medreseden soň näme iş ederkäm?” diýen sowal kellesinde öňden-okap ýören döwründen bäri, aslynda-ha kindiwan çagalygyndan bäri aýlanýar, emma belli jogap-karar tapyp bilenok. Haçan görseň, kündügini goltuklap, metjide gatnap, oba arada gezip, toýda-sadakada aýat okap, töwir galdyrsyn ýörsünmi, mollaçylyk edip, ýa çaga okatsynmy? Aý, hawa, ikisem bir zat-da – mollaçylyk-da! Goşgy-gazaldanam habary bar, dilewar-suhanwer diýip, herkimem öwüp ýör, “Leýli-Mejnuna” nezire ýazyp göräýsem diýen arzuwy haçandan bäri, böwründe sanjy. Bu höwes oňa eje tarapyndan geçenem bolmagy ahmal. Babasy Döwletmämmet Düýegöz han “Biziňkileriň ýüreginde öňden bäri çykyp bilmän ýatan bir hyşyrdyjyk-heser bar, kesäňden edýän gepiňi-sözüňi diňläp-synlaýan welin, megerem, Keýmirim, şol senden çykaýmasa” diýipdi bir gezek. Aşyk Mejnun magşugy Leýli perizadyndan aýralyp, çöle çykýar, Keýmir wysal gözläp, çöle barýar – ata Watanyna gowuşmaga. Mejnun Leýlisiniň aýagyny gujaklap ölýär, Keýmir Watanynyň başdan-aýagyny gujaklap, ýaşamaga barýar. Töweregiňdäkiler seniň görnüşiňi özüňden gowy bilýärler, Keýmire “Dilewar” diýip ugradylar, bu söz öz gulagyna-da eşdilip ugrady, dogrusy, diňlenlýänini bilip käýarym uzagrak gürleýän wagtam bar. “Köpçüligiň öňünde gowy gürläp bilýänligiňi, dilewarlygyňy duýmak bu seniň halkyň öňünde köp geplemeli däldigiň alamaty.Çendan aýtjak diýen sözüňi aýtman, sähelçe säginýäň welin, ýeri däldigine aklyň çatýar, aýtmanyň gowy bolupdyr diýip begenýärsiň” Gelen pikiriniň yzyny dowam etdi: “Köp geplemek birinjiden-ä pikiriňi bir gapdala alyp gaçýar, ikinjidenem ýalňyşlygyň üstünden eltýär, häzirden netije çykarmasam, soň bu endigimi örklesemem, saklatmaz”. Keýmiriň köplügiň içinde gürlemek diýýäni üýşüp oturan märekäni gülüşdirmek, geň galdyrmak, dilewarlygyňy görkezmek, köp bilýär eken-ow diýdirmek däl. Ol – il bähbitli meseleler ýüze çykanda diňläp oturanlar hakykaty-dogry pikiri kabul edip biler ýaly oňaryp-göwnejaý edip aýtmak. Ol – uzyn gürlemek däl-de, iň gerekli pikiri jaý ýerinde gysga-sada sözlerde aýdyp başarmak. Sowal: Adamlar näme üçin gürleşýärler? Jogap: Düşünişmek üçin! Ýöne şol bir pikire dogram düşünip bolýar, ýalňyşam düşünip bolýar. Nähili düşünseň, şol ol bilenem gidýärsiň. Şonda iliňe-halkyňa ýalňyşmaz ýaly dogry ýoly salgy berip bilseň, ana, şoňa gowy gürlemek diýilýär. Keýmiriň ündewi-wagzy millet bolmak, halk bolmak, bileleşmek, öz ýurduňa eýe bolmak, öz Aly türkmen döwletiňi gurmak. Köpçüligiň içinde gürlemelimi ýa agzyňy pugta ýumup, dymmalymy? Bu uzaga çeken sowalyň jogabyny Keýmir ahyry özüçe tapdy, eger köpüň içiçnde gürlän gürrüňiňden soň ýeke galanyňda, öýüňde, ýatlap, utanýan bolsaň, ýere girýän bolsaň, onda sen halkyň içinde gürlemeli dälsiň, oňarsaň, dymyp oturmaly. Ýöne diliňe guwanyp, daşyňa üýşüp, adamlar seni diňlemek isleýän bolsalar, senem dür saçyp başarýan bolsaň, onda bileniňi halka aýtmaly. Ýok, öwünmek üçin, bileniňi mazamlamak üçin däl, soraşa-soraşa, aýdyşa-aýdyşa, bir-biregiň gözüni açmak, haýyr etmek üçin. Pygamberimiziň mübärek hadysam bar “Adamlaryň iň haýyrlysy, ynsanlara peýda getirýänleridir!” diýip. Kimligine garamazdan, mazluma eliňi bermeli, adamzat bir-biriniň elinden çekip, bagta tarap öňe süýşüp bilýär, gawunyň gawundan reňk alşy kibi. “Bilenini aýtmaýan, öwretmeýän alym üsti kitap ýükli eşekdir” diýipdir Myraly şahyr. Keýmir ýüzüniň ugruna jagap bermäge ökde, hamala, öňden taýynlanyp goýan ýaly. Ýöne ol bu häsiýetine baýrynman, awçylar ýaly mazaly çenenmäni, küştçüler ýaly mazaly ölçerip-döküp, soň göçüşi deý bir söz diýmeden öň köp pikirlenmäni öwrenýär, elbetde, illerden. Keýmir şahyrçylyk ýolundanam gidäýjek ýaly diýip aýdypdyk ýaňy bir gepimizde, onuň özem şol hakda kän oýlanýar, şahyrana ýazlan köp kitaplary okady, şirin sözlerden hiç doýup bilenok, özem şolar ýaly ýazyp başaraýjak kimin, ýöne kitap ýazýan bolsaň, jemagatdan çekilip, öýden çykman, turman-basa oturmaly, Keýmir welin özünde başga bir täsin alamat duýdy, ol köplük hakda pikir edýär, özgeler hakda oýlanýar, jemagata goşulmaga howlugýar, tanaýan-bilýän adamlary bilen bagly wakalary beýnisinde öwrüp-çöwürýär, özgeleriň kyn günlerine gyýylýar, “Aý, maňa näme?” diýenok, iliň derdi – onuň derdi, iliň hasraty – onuň hasraty. Edeýin diýip edenok, tebigy ýagdaýda öz-özünden şeýle. Hakyky ilogly diýilýän. Bagt nirede? Bagta ýetmek üçin haçan, haýsy ýoldan, nireligine tarap ýöremeli? Ol hyýalynda köplük bilen ýaşaýar, soň şol köplük hakdaky pikirleri-oýlary millet-halk hakdaky beýik pikirlere ulaşyp-öwrülip gidýär, özi iliň öňüne düşüp, elwan geljege sary haýdap barýar, elinde-de döwürleriň şemalyna pasyrdaýan döwlet tugy. “Nedirguly men patyşa boljak, Eýranyň şasy boljak” diýýär, hamala, şa bolansoň, dünýe edil gülalagüllük bolar öýdýär, şonuň ýaly pikir köp adamlarda bardyr “Aý, tylla tagta özüm geçäýsem-ä, bilýän-le näme etmelidiini, salymyny bermän eýderem-beýderem” diýip. Tagta münmek, täç geýmek diýmek öňüňde birtopar ýaranjaňlary büküldirip, hak-u nähak edeniňi edip, kylanyňy kylyp ýörmek däl, halkyň öňünde-de, Hakyň öňünde-de uly jogapkärçilik. Sen sebäpli il itiň gününde ýaşasa, ol sorag gününde näme gogap taparsyň? Aýtmaklaryna görä, Sakar dowzahynyň aşagynda ýene bir mähnet gazan ýaly çuňluk barmyş, onda has güýçli otda halkyny betbagt ýaşadan patyşalar, han-begler ýanýarmyş. Şa bolsaň, halkyň bagtyny tapyp bermeli, bu dünýäde bir öz bagtyňy tapyp bilseňem, az zat däl, emma bütin halkyň bagtyny tapyp bermek bu herkimiň elinden gelýän iş däl, onuň üçin, megerem, Hudaý tarapyn dogulmalydyr. Pikirleriň, oý-hyýallaryň tiz-tiz çalşyp durmasy bir taň zat. Owganystanyň daglaryna siňip giden Ferzane jan Lagly Badahşan ýene ýada düşdi, on-a indi o dünýäden bärde görmek ýokdur, tamaňy tala daň-aý. Bir gudrat bilen sataşaýanlarynda-da, Ferzane birçakky Keýmiri tanajakmy, tanamajakmy, öz-ä bireýýäm durmuşa çykyp gidendir, il onuň ýaly owadan, salyhatly, göwni açyjak maşgalany ýetişensoň, ýeke gün gezdirjekmi, garbap alandyrlar. Keýmir birçaklar işbu dünýäden çykyp, ol näzeniniň dünýäsine dahyl olupdy, emma Pelek ony çykaryp, ilki Buhara, soňam Hywa topragyna getiripdi, a Ferzane niredekä häzir? Keýmiriň depesiniň täji nirelerde ýalkym saçyp ýörkä? Ol kimiň bagt guşuka? Her ýerde gezse-de, başy aman bolsun, her ýerde gezse-de, ruhunyň höwürtgesi Keýmiriň ýüregindedir, tä Keýmir soňky demini alynça hyýal atyna münüp, gözel Ferzane geler-gider durar. Bakyň bu dünýäniň ýasalyşyny, halan çagyň hyýalyňda duşuşyp duran bolsaň, söýgüli ýardan aýryldymam diýmeli däl-le. Öýlerinde “Seniňem öýlenmek nobatyň ýetdi” diýip, çalarak kakdyryp ugradylar, heý, ol söz kime täsir etmez, Keýmiriňem ýüregi gozganýar, ýöne toýda-üýşmeleňde keçe-keçe oýnaýanyň goltugynda gizlenen ýüzügi duýdurmazlyk üçin, sarsmadyksyraýşy kimin, äwmezlige saldy, içi welin giden tupan-harasat. “Öň-ä bir öçügsije umytjygym bardy, indi, diýmek, Ferzaneniň maňa gelýän tarapam ýapylmaly-da. Ol meniň kalbymdaka, başga bir gyza boş ýer tapylarmyka? Adamyň kalby – bir adamlyk köşk. Meniň kalbym Ferzane – lagly Badahşanyň köşgi. Köşgümiň Şasenemi şol, nirden orun tapylsyn özge gyza?” Bu sowallara durmuşyň özünden başga jogap tapjak ýok, olam möwritine garaşýar, wagty geler, wagtyň özem çözer, şolam çözgütleriň iň dogrusy-hakykysydyr, oňa takdyr diýilýär, her kim şoňa ten berip, şonuň beren ulug permanyndan çykmaýar. Keýmiriň özünde-de şu gyz bolaýsady diýen arzuw-pikir ýok, bir gyz bar, olam Ferzane ýa-da bir gyz ýok, olam Ferzane! Keýmir bir şonuň yşkynyň söwdasynda giriftar. Elbet-de, Altyntäçden täsir ýetendir-dä, toý barada aýdylanlara arkan serpip, gaýşyp duransoň, ahyry Hojanepes batyryň özi maýyny arap, Keýmir bilen gepleşdi: --Seni ogullarymyň içinde naýbaşysy hasaplap ýörün. Öýerjek diýlende gaýşyp durmaň nämeden? Ýa aýdyp bilmeýän derdiň-beýlekiň barmy? --Aý, ýok, kaka. Keýmiriň bu “ýok” diýdigi “bor” diýdigimi? Onda näme üçin ýene ýüzüni kese sowup, düşnüksiz manyda halyteň dymýar? Ol içini gepledýär: “Bäh, meniň ýagdaýyma düşen adam üçin “Öýlenmeli!” diýleninde-de, edil “Başky söýgiňden ymykly aýrylmaly!” diýen ýaly iniňi dygladýan many berýän eken”. --Beýdip durmazlar, oglum, her zadyň öz wagty bar. Iniňem ökjäňi basyp-ýetişip gelýär. Bu zeýilli gepleri biz saňa aýtmaly däl-ä. Özüň uly ile öwüt berip ýören adam. Ogul ýetişensoň, gözli-başly etmek ene-ataň borjy. Kimi diýseň saýla... Ejeň bilen aýdyşyber. Indi şu meseläni çöp döwen ýaly edip çözeliň, mundan aňryk uzaldyp-süýndürişip oturmalyň. Ataň pakyram seniň toýuňam göräýsem diýip, ýetişmedi, armanly gitdi bende. Hojanepes batyr ogluna aýdan şu gysgajyk sözlerini çözgüt üçin aňryýany bilen ýeterlik hasap etdi hemem toý tutmak meselesine soňky nokat goýuldygy diýen manyda çalarak baş atyp, ardynjyrap, Keýmiriň ýanyndan gitdi – bolany. Onuň nutuk kybap aýdanlaryna girmedik sözlerem şol ardynjyramanyň içinde. Türkmeniň öýünde ýaşulynyň ardynjyramasyna şol tünekde ýaşaýanlaryň uludan-kiçisi näme diýildigidigine anyk düşünýär, Keýmir-ä baýaky. Hawa, atasy Penjeli pälwanam Keýmir medresede okap ýörkä bu dünýälik işini bitiripdi, wagtyň boz-bulanyp, omman atýan tolkunlary hemişe adamlaryň arzuwlaryna görä akmaýarmy näme? Yzyndan şum habar baransoň, Keýmir baş damylladan jogap alyp, obalaryna gaýdyp baryp, zordan bir pil gum atmaga ýetişipdi, üçüni-ýedisini sowubam, ýene yzyna Bahara şäherine gitdi – medresä – okuwyny dowam etmäge. Kakasy bilen heran-haçan açykdan-açyk içgin gürrüň edişip ýörenem bolsa, bu gürrüňçilik Keýmir üçin oňaýsyz. Utanyp, boýnuny aşak salyp, aňrysyna öwrülip, düşnüksiz uzyn dymmasam şondan. Dogrusy, özüniň Ferzane bilen bagly düşen ýagdaýy barada kakasy bilen asla aýdyşyp biljek däl. Aýdaýanynda-da, kakasynyňam elinden geljek iş ýok. Diňe kakasymy? Hiç kim bilenem aýdyşyp bilmez, hiç kim bu derde çäre-de tapmaz. Asmanda Allanyň tapmadyk emini-melhemini Ýerde kim tapar? Ol dert – Keýmiriň kalbyndaky pynhan dünýäsiniň syry. Çarhy-Pelek diýilýäniň şu ýagdaýa düşürýäni ýeke Keýmirmi? Aýralykdan-pyrkatdan içini-bagryny tutup, jowranmadyk barmy? “Maňa diňe hä beräýmek galýar. Gör-ä, bu Pelegiň ediberişini – ilk-ä juwan aşyk-magşuklary uwladyp, jyda düşürýär, soňundan özlerine-de kaýyl-bolýar diýdirýär, ynha, görersiň, toýa howlugyp duranam eder bu meni. Mundan beýläk tykyraman, özgeleriň edişi kibi, menem takdyra ten bereýin, Perwerdigärimiziň edenine kaýyl bolaýyn. Iliň ýolundan, Hakyň ýolundan çykyp, nirä-kaýana gidersiň, dili duzlulara gury “Eşek näzini satýar”diýdireniň galar?” Keýmir gürläp bilýän adamlary il içinden tanaýar. Olar seniň içiňde gizleýän, basyp saklaýan duýgularyňy aýdyp goýberýärler, olary daş ýerden gözlemeli däl, öz öýlerinde-de bar. Bir gezek gyz uýasy özünden uly agasynyň gelni bilen nämedir bir zadyň üstünde oňuşman, ýaňkalaşypdyrlar, bir-birlerine her hili zatlary diýşipdirler, olaryň gykylygynyň üstündenem ejesi Altyntäç gelipdir. Bularyň öýlerinde bir däp bar – ogul bilen gelniň arasynda bolsun ýa gelin bilen baldyz arasynda dawa tursun, Altyntäjem, Hojanepes batyram gelniň arkasyna geçýärler, dogram-da, daşyndan gelen gelin biçärä şol ikisi arka durmasa, başga kim dursun? Keýmiriň uýasynyň aýdýany dogry hem bolmagy mümkin, ýöne şonda-da özüňkä käýýän bolmaly. Soň ejesi ol barada kakasysyna duýdurýanyny Keýmir beýleki otagdan tötänden eşidýär. Hojanepes batyryň gaty gahary gelipdir, onuň ýigrendigi öýüň gopguny. Ýöne Altyntäç ärinden hiç zat gizlemänsoň, öýde gopan harasady ärine aýtman bilmez. --Hojanepes, şol gyzymyzam ýetişipdir, çykaryp dynmaly, gyz diýilýäniňki oglanyňkydanam wajypmyş, ony çykarmagam biziň parzymyz. Ýeke gün yza tesdirmeli dälmiş. Öňem eşden habaryna ýeňsesi daş ýaly gatap duran Hojanepes batyr birden ýarylanyny duýman galdy: --Idäp gelmeseler, bazara salaýynmy? Ýa özüm körek gözläýinmi? Bu sözlerden Keýmiriň ýüzi çym gyzyl bolup gitdi, ýöne durmuşda beýle gazaply sözlerem bolýan eken, durmuş diýdirýän eken, Keýmir ybrat alyp otyr. Keýmiriň goýberen ýalňyşlyklarlary gytmy nä? Meselem, özgeler bilen gepleşmekde. Ýogsa ol çagalykdan özüne “dillije bela” diýdiren, edil şänik döwen ýaly edýär, gyzyl-gyran güldüribem bilýär, çuňňur pikirlendiribem. Ýöne diňe gürlemäni başaranyň ýeterlik däl eken, diňleýjiniňem duşmasy gerek. Köpçülik-dä, içinde her tüýsli iriňbaşylar bar, näme diýseň, gaňryşyňa gaýdyp duran, ýeri, olaryň hasabyny nädip çykararsyň? Ýelesinem tapdyranok, ygynam. Hut öz peýdasyna garşy gidip durana ne alaç edersiň? Herhal, awçular guşuny aljak mahaly awa salýar, uçuryp goýberýär, olam baryp bagyrtlap alýar awuny. Adamlar bilen gepleşeniňde-de edil awçularyňky ýaly, sözüň ýer aljak mahaly gürlemeli. Bu dogry! Ýöne muny başarmada iş bar. Tärini nädip taparsyň? Elbet-de, ilden-günden! Ine, öwrenmeli ýeriň seniň. Ýigdekçe döwri bir gezek ol köpçülikde iýip-içme hakda gürrüň gidip durka şeýle diýip gördi: --Horlanaýyn diýseň, dok mahalyň iýmeli, semräýin diýseňem, açkaň! Del gürrüň oturanlaryň hemmesiniň maňzyna batdy, emma hüňür-süňür edenem tapyldy. --Tersine-le, how, bu aýdyp oturanyň. Seniň ähli gepiň birtöwra. Nireden tapýaň-haw? Ynanyljak sözi geplesene? Hernä, oturanlaryň iň ýaşulusy kömege geläýdi: --Keýmir köp okaýar, köp bilýär. Onsoň Keýmirem “Ýok bu öz pikrim” diýip durmady: --Aý, hawa, kitaplarda hemme zat ýazlan. Nädeniňde, her sözüňe hä berdirip, gaňryşyňa gaýdylmaz ýaly gepläp bolýarka? Nädip uly ile rast aýdýaň diýdirmeli? Hemmäniň dilini, göwnüni nädip tapmaly? Medresede mantykdan, pelsepeden alan dersleriň ýa dilewarlygyň heniz ýeterlik däl, durmuşam, adamlaram mantykdan, pelsepe ylmyndan, owadan jümlelerden has çylşyrymly. Bu sowallaryň jogaplaryny tapaýn diýseň, durmuşyň özünden, adamlardan öwrenmeli! Jemagatyň içine girip, halkyň ýürek gürsüldisini diňläp öwrenmeli! Keýmir ýene bir gezekde şeýle diýdi: --Türkmenler Soltan Sanjardan soň bütewiligini ýitiripdirler, pytrapdyrlar. Şondan bäri biz döwlet gurup bilemzok. Öz döwletiň bolmasa, onda başga biriniň tabynlygynda ýaşaýaň, olam nä ýaşamak, mydam itiň art aýagyndan suw içýäň, kemsidilýäň, hiç hili hukugyň galmaýar, erki elden aldyraňsoň, hukuk neýlesin? Döwletiň bolmasa, öz Watanyňda gul bolup ýaşarsyň. Türkmenleri gaýtadan birikdirmegiň alajyny gözlemeli, öz döwletimizi dikeltmeli! Bu pikiri oturanlaryň köpüsi baş atma bilen goldady, emma pisindi oturmadyklaram bar. Her aýdylýan pikire garşylyk bar, ýagşa ýaman, ýamanlyga ýagşy garşy. --Iki adamyň başyny birikdirip bilermiň, sen nä türkmeni tanaňokmy, her kim özbaşyna bir kelle. Sanjar Soltandan bäri bäş-alty asyr geçdi, birleşjek diýseler, birigerdiler. --Ýene häzirkimiz kem däldir-le. Bar aýdaly, döwlet gurduňam-da, birgiden ketdeleri eklemek halka aňsat düşermi? Wezipe ýetensoň, olaryňam kylmyşlaryna-da bir seret, burnuňdan joralandyryp, buran getiräýmezlermi? Özüňkileriň zalymlygy iliňkiniňem çeni däldir, sen nä näbeletmiň bu millete? Hamyňy sypyraýmazlarmy? Ol ganymlar seniň halkyňy öz ýurdunda gula öwräýmezlermi? --Hywa hany biziňkilerden bäş-on sanysyna wezipe berdi, honha, görýäňiz-ä öz tekeleriniň başyna salýan günlerini! Hywalylardan bäş beter. Biziňkilere wezipe ýeterlik barmy? Derrew temegini göge tutýar. Alaryny bilse, öz millet-ä beýlede dursun, Allasynam tananok. Erteki gün ölsem, ýene meni jaýlajagam şular diýenok. Özbaşdak döwlet gursaňam, ýene şolar ýalylaryň elinde galarsyň. --Hiç zady bilmeýän adama mal ýaly diýilýär, biz şol malyňam yzyna düşüp ýören çarwa halk, bizden zady gaty görmeli däl. Keýmir ýaly ylymly-bilimli danyşment kişiler gözümizi açaýmasa, biziň haýwandan tapawudymyz ýokdur. --Gapyşdyryp oturmalyň-haw ýalançy dünýäni! Eger hemmäň bir çukura tüýkürip, adyllykda gyly iki bölýän adalatly patyşa saýlasak, adalatly ketdelerem tapylar! Gerşimize-de şemal çalar. --“Halk nähili bolsa, şonuň ýalam hökümdary balýarmyş” diýip-aýdýarlar. Halk ýagşy bolsa – ýagşy, ýaman bolsa – ýaman. Hemme zat patyşa bagly däl-de, halka bagly. --Halk gowy bolsa, akmak şa-da akyla gelermiş, ýa düýş görüp, ýa halkdan gorkusyna. Halk ýaramaz bolsa, danany şa saýlasaňam, gomaldyp, öwüp-oýnap, azdyrarmyş. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |