21:42 Tünüň ýary / filosofiki poema | |
TÜNÜŇ ÝARY
Poemalar
Her gün şeýle, gijäň adyl diwany Derňeýär günuzyn gaýyranlarym. Haýyrlarma görä, özümi özüm Ýalkaýaryn ýa-da gaýgyrmaýaryn. *** Yrymçyl men, her gün gara pişik deý, Ýolum kesýär gara gije ýassyda. Ötmän, sakga durup, girip işikden, Ýatýan gije, başym goýup ýassyga. O diýen azam däl ynsanyň ömri, Myrada ýetere munda pursat bar. Şu ýaşymda näme gördümkäm oňly? (Nämeler görmedim?) ...Ýanýar gursakda Bal guýulan dünýäň, ýaşaýşyň zowky. El-aman, dünýäni!!! Misli düýşümde!!! Nega ýada düşýär ajalyň howpy, A günler tiz akyp barýar duşumdan. *** Imrinýän ötülen ýyllary ýatlap, Çaglydyr kyn günem, geçse deňiňden. Geljegimem çagly. Ýöne häziriň, Şu wagtyň hözirin duýmak ýeňil däl. Ýogsa öňler şu günlere ýetilse, Sapa bolar diýip, ynandym mäkäm. O nämüçin beýle, geçensoň hezil, Hem lezzetli günler heniz gelmäkän? Özündekäň welin, adaty durmuş, Ýatan bolýaň, turan bolýaň – şol bir zat. Ömrüm – genji-känim çeşme mysaly, Bir owazda akyp ýatyr şilliräp. - Nämedenkä, janlam??? - Günler şypaly!!! Gurgun ýaşaýarys, erbet ýeri, ine: Günleri gül deýin üznüksiz ysgap, Uýgunlaşaýýarys lezzetlerine! *** Synlap saçlaryňy penjeläniňi, Gapyşdyryp oturanyň magşary, Tyrk-tyrk, sagat kakýar penjiräňizi, Elin bulap, çagyryp dur daşary. Geçmişi geljege sepläp ýör Wagt, Sekundy, minudy... sanadym ýyly. Hem hemmä düşnükli gepläp ýör Wagt, Hawa, esperanto – sagadyň dili! *** Ömür diýmek – Enar bolup gögermek. Kynçylk. Şaty. Ýeňmeli! Zynç ýalak gaty ýerleri. “Adam başy – Daşdan gaty”. Danarlar kök urýar, Ýaýraýar. Pyntyk bolup pikirler Ýarylýar. “Adam eli – Gyzyl gül”. Güller düwýä, A men, a men Kelle döwýän, Güllerimi – Ellerimi Açmaga ýetmez ysgynym. Gorkýan, gorkýan, gaty gorkýan, Boşdur öýdüp gysymym. *** Özüňi asmandan asma, Durmuşa çen düş aşaga! Ýogsa ät galmagyň ahmal, Binesip galdyr daş ara. Kelebiň ujun ýitirseň, Pelek – telek! Kerep-kerep! (Şahy kelek Çarhy-pelek!) Soň tapyp Hem sapyp, (Iňňä sapak sapan deý) Bagta ötürseň, Pelek – kelep! (Tegelek), Gerek-gerek! *** Ýumup gözleriňi, girilýär göwne, Suwa çümen ýaly, demiňi alman. Göwün içre nädip girýärkä göwre? Düşünýän däldirin, gudratly Allam. Herhal kalbda henizler-ä hyjuw kän, Çarp uruber, Täleý atly alaşam! Ýatamda bir çümäýmel-ä süýji uka, Üzük-ýoluk düýşlerimem eleşan. Agzy durmaz, dynuw barmy sam-samda, Ýalamaly edäýmeseň bulamak. Düýşüň hakykatlygyny aňsam-da, Hakykatyň düýşlügini bilemok. Täri bu ýaýmagyň pikirjiklerin, Ellerinde müşdük, öňünde çüýşe, Tiz-tiz üfläp sabyn köpürjiklerin, Çagajyklar huşy öwürýär düýşe. *** Ýedi däl, ýüz gezek Ölçäp-kesseňem, Ömür geçýär telek- ligiň üstünden. Käte dymypdyryn, kä joşupdyryn, Dyman mahalymam ýalňyşypdyryn, Joşan mahalymam ýalňyşypdyryn. Ynanyp ýörme bar aýdylanlara, Uýmazdan öň geçir elegiňden sen. Hatalaryň zol-zol gaýtalandy-la, Bir uşlyp çykar-a telegiňden sen. Ökünýän, ýüzümiň nury dökülýär. Görüp, kem-kem ötüp barýanyn ömrüň Diwardan asylgy sagadyň daşy, Bu hala ýürekden gyýylyp, görüň, “Juk”, “Juk” diýip, ýaýkaýar başy. (Ha-ta – Sa-pa-k!) Hatalarymdan çoh ýenjilipdirin, Çäjimi saýlaýyp, harpyk saçdygym. Netijede, kiçi kemçiliklerim – Meniň iň ullakan artykmaçlygym! Heniz ýeterlik däl, az ýalpyllanyň, Durmuş biler birje gezek dadanyn. Çynlygyny tanalşy deý tyllanyň, Özüme dişledip gördi dodagym. *** Laýygna düşürmek hyllalla, büw-w-w, kyn, Çirim etmän gije, hunaba iýseň. Irkileýin diýseň, tutanok ukyň, Ýumlup barýar gözüň, ýatmaýyn diýseň. Ertir ir gitmeli, işim kän zerur, Irgözinden başym goýsam, gönensem. Tüýs, gum dykylan deý, gözümem melul, Içýakgyç karara geldim men onsoň: “Ýatmaly däl” diýdim, uklamak üçin, Şeý diýsem, düýşüme çümerin derhal. Haby-gaflat sary eýledim hüjüm, Birden... uky sumat, habaryň ber-hä. Ýatyp gije, ganmadyklar kejiger, Ýellenipdir gözüm, ýüzlerim besse. Wah, amala aşaýdy-da, içigar, Dürs däl eken, hemme aýdanyň bitse. *** Batyl ýöräp barýar aýagy bilen, Hasa dürtýär, büdränok ýap-kerte-de. Ýurdy tapyşy deý, taýagy bilen Jugrafiýa mugallymyň kartada. Ýok geljegin gören, bolmagyl nadyl, Öňde ne bar? Kim çykypdyr hasabyn? Seret, wagtyň özem bilenok, batyl, Dürtekleýär sagat dilin – hasasyn. *** Indiki menziliň ady “Gojalyk”, Tiz baryp ýetmäge ýokdur howlugy. Entek senden gözigara hojalyk, Işe ugrukdyrmalysyň ogluňy. Meşgullansa herkes öz işi bilen, Kesbi bilen güňläp dursa kellesi. Ahyrky netije, ösüşi bilen Kesgitlense hötdesinden gelmesi. Ömrüm ötdi gyssanmaçda, howlumda, Çoh işe baş goşdum – urbama ýetne. Çydamaryn, gaýtalansa oglumda, “Mollaň aýdanyn et, edenin etme”. Durmuş geplär dili bilen ýazyklaň, Öwran-öwran, tä beýniňe ýetinçä. Irmän tekrarlar ol. Tazykman, Düşüninçäň, gelinçäň bir netijä. *** Kän-kän uýada galdym, Nädip? Bilemok! Çendan ot alýar kalbym, Undup bolanok. Gömýan, dömýa, gömýän, dömýä... Hernä, Beýnimi iýen – Näden nä borka diýen Hasapdan-ha saplanýan. Şol hasaby Inkär etmek – Gül ynsaby Ykrar etmek! Kämillik – Tämizlik! *** Bir nowgüle oglan mährim gidipdi, Onuň ýok ýerinde etdim betligi. Köçeden zor bilen öýe ýygnadym Özümi – kakabaş ýetginjekligi. Zor bilen ýygnadym. A indi bolsa Taşlamak kyn öýüň çolalygyny. Özüm bilen özüm galýan ikiçäk, Çöşläp pikirleriň çolaşygyny. Söýgi bilen girdim ýigitlik pasla, Ilenok gözüme özge hiç gyz-pyz. Daş asylanmydyr, süýşenok asla, Sagadyň dilleri seretseň tiz-tiz. *** Ýene-de geçýärin men öz daşyma, Birin-birin barlaýaryn, gerňeýän. Elim bilen awy gatýan aşyma, Sykajaga salýan, gysýan, derňeýän. Megerem, sen suw meýilli gurbaga, Çendan gidýäň hut ynsabyň tersine. Tapaňok güýç öz garşyňa durmaga, Delil tapýaň şum kylmyşyň hersine. Kim bilýär, wezipä çekilse ertir, Oňa günüň galsa, şonda neýlärsiň? Öňräginden gozgan, salamyň ber tiz, Ýöne nirde? Durjak ýeriň peýlärsiň. Şeýtana aldyryp ygtybaryny, Çöp-çalama siňip gider gadamam. Allaň gökde beren ygtyýaryny Adam ogly ýerde eýlär gadagan. Ýaradylşym şeýledir-dä, elbetde, Ilki maňa degýär zyňylan kesek. Tutyň aňyrsynda galýar erbetler, Ak reňke gara tiz ýokýar, eset. Kemrysgal-da edähedi gagalyň, Aglaýan gülmeli ýerimde, seret. “Derňewçide” aýdan sözi Gogolyň: “Nämä gülýärsiňiz, aglama derek?” *** Usurgaýaň, çyka bilmän girdapdan, Şol bir pikri gaýta-gaýta ýenjib-ä. Şygyr ýazýaň, beýniň için gyrdaplar, Habaryň ýok daşyndan öz penjiräň. Ahyrna çen ýetmän gaýdan pikirlem, Wah, ýekirlip, başlaryny ýaýkandyr. Orta ýoldan yza dönen setirler Çawuban, özüme çümen peýkamdyr. Atalaryň däbi dowam, bäş-üç däl, Öň ýassanyp ýatan gyljyn, bu kyny. Şindizlerem hanjarymy başuçda Ýatýan goýup, goraýar ol ukymy. *** Ýeke sözden tanatdyrar kimligiň, Unutma sözleriň gözgüligini. Hiç kimdenem görüp ýörme kemligiň, Özüň düzetmeli öz glygyňy. Soňsuz aladalaň arasyn kesiň, Garaçowlamlyga öwrenşäýmäliň. Eşdip ýaşaýarmyň guşlaryň sesin, Sesin alkymyňdan öwsen şemalyň. Geläýdiňizmi diýp, edýärmiň hezzet? Üýşürlenje oýnawajy seçeläň! Agtyklaň oýnundan alýarmyň lezzet? Ýa gohundan daralýarmy kejebäň. Barha göýdügýärmi ýa-da parlasa, Ösdürşiňe bagly, özüňde däne. Eger oňarmasaň, başa barmasa, Degşensiräp ýörmek hökmanmy näme? Sürüjimiň, onda bilmegiň gerek: Swetafor. Garaş-da dur, düzül-de, Durman geçen, göre-bile, bir gezek, Soň on gezek durup bilmez gyzylda. Aýt, keramat ýetişermi daşardan? Ýa akyl käsäňi doldurjak ahwal? Kimdir birin terbiýeläp başarsaň, Megerem, şol seniň özüňsiň, ahmal. *** Birden-birden geçýär özüňden göwnüň, Düşünýäň ýeriň göbegi gäldigňe. Maňlaýyň ýumrukla, kelläňi döw müň, Ýetýär aklyň diňe däliligiňe. Başyňy alyp git ruhuňdan çendan, Gyrpaklasa, möwç urmasa lemmeriň, Ýersiz-ýere gam oduna göwreseň, Rowana bol – ýollardadyr emleriň. Sykyldyň – gözleriň derýa düýbünde. Zelil göwün gülşenlere seretmez. Ýöne dünýä aşyk ýürek bar sende Güller – şahalara gonan melekler... Küren tutan il-uluslar ýaýlypdyr, Ile garyl, garyl baýramlaryna. Algyrdyr saçakly gatnalan ýollar, Bar, şatdyr gardaşlar aýlananyňa. Derde dowa, uzyn ömre teperrik Bugdaý sözli eneleriň alkyşy. Matal ahyr bütin ömre ýeterlik Lälemeňiz şapaklaryň galkyşy. Käte duman alar köňül raýatyn, Başyňy belent tut, eý, haly zebun. Dünýä çyk. Ruhuňy öz gününe goý, Şeýle günler oňa rahatlyk zerur. *** Sary ýaýa gaty oky dolduryp, Atylan peýkam ol, süýnýär ömrümiz. Nyşanasy – gursagymyz, solduryp, Ahbetinde, heýhat, synýar ömrümiz. Oňa mälim giren-çykan gapylaň, Ol saňa beletdir özüňden beter. Ajal – peýkam, doglan günüň atylan, Ýortup, ahyr bir gün yzyňdan ýeter. Bu Älem deň ikä ýarylan enar, Süre-sokma ýyldyz, baý, köp-ä, al, bü. Enaryň ikinji ýüzünde ne bar? Beýleki bölekde – ynsanyň kalby. Dahylly sen barça zadyň özenne, Oýlarymda, hyýalymda idärin. Ýok getirmek, Allam, seni göz öňne, Düýşümde-de görkezmediň didaryň. Atýar ökünç tolkunlary hallançak, Bent baglatmaz kenaryndan agyb-a. Kükrek häzir boş üwrelýän sallançak, A köňülde sojap duran agy bar. Pelek çarhyn pyrlar, dolup gün-aýy, Parlap çykar mazy, alça, sözen gül... Herkes saýar bir güli has enaýy, Emma gülleň hemmesi-de gözeldir! Damarlarda köreýän gan ataş ýa, Ýalňyzlykda otly köýnegi geýýän. Ýeke galsam, öz-özüme sataşýan, Elbet, iki kişi köplüg-ä eýýäm. Kämilleşip barýas düýn, şu gün, ertir, Biz özara gatnaşygyň üstünden. Bir-biregi eşdip duralyň tiz-tiz, Bilenjämi özgelerden susdum men. Pelek ömrümizi sarap, naýçalap, Dokamakçy parçalaryň ne kaýsyn? Sagadyň dilleri wagty gaýçylap, Geçmişdir Geljegiň gyýýar nikasyn. *** Daşym çolarypdyr gadym hemdemlem Öz-özlügne siňen şahyrlar kileň. Nazyma ysnyşyp galdym kem-kemden, Başagaý ykjaýan duýgulam bilen. Uzak ýola düşdüm, iýdim tozan-tot, Döretjekdim kagyz-galamym bilen. Dolandym yzyma, kylan zadym ýok, Ýöne näme utýan galanym bilen? Ýazanlarmyň ençemesi saralyp, Çap edilmän, başyn ýere egendim. Hol gün okap gördüm, elhal, aralyk, Şol kitabyň çykmanyna begendim. Ýok gün tertibimde diýdirmek zor-ow, Ýa doldurmak nazym atly şo gabym. Kimligim babatda ullakan sorag, Berilmedik sowallara jogabym. Şygyr bilen ýaşamagy öwreniň, Kükregiňde ýalkym saçar zerli hum. Jüňk sözlere böker durar böwregiň, Aşyk tapar aýra düşen serwisin. Akyl satmak netimde ýok deregi, Her kimiň akyly özüne ýetik. Oýlandyryp bilsem, maňa geregi, Beýlesin galamma eýledim petik. Aýdyp bilsem zat galdyrman aňrymda, Şahyrlyk – sahylyk Hatam mysaly. Düşünýärin gönezligi taňrymda, Beýan kylmak menden adam mysaly. Ýazan kä setirim gaýtadan okap, Daşymdan gygyrdym “Eý, men şahyr-eý!” A içimden diýdim:”Goýaýyn nokat, Diýmek, zehinimiň geldi ahyr-eý!” Poeziýa bar goşandym damjadyr, Müddetinden has giç goçalaýdyk-da. Işiginden garap gördük ýaňja bir, Indem näme, arman, gojalaýdyk-da. Jan damardan okan çeke-çekäm-ä, Şygyrlam ýüregmiň jümleleridir. Bar goýup biljegim ýekeje däne, Ýöne soňlugynda müňlemelidir. Deň däl küýze döwen hem suw getiren, Döredijilik bu – söýýär galjaňy. Ýzmaly men, tapsam birje setirem, Öňi-soňy şoldur menden galjagy. Ol setirem ýülnüp ýanar, ýylynyň, Çyzyjaga döner, soňy gyzykdyr. Doglan ýylym bilen ölen ýylymyň Arasynda durjak kese çyzykdyr. *** Ýetmişiň onundan gädip ugradym, Direnäýýär turan çagym ellemem. Menmikäm-aý aýnadaky suratym, Ýa tanyş gojamy ýüzi ýellenen? Elbet, menem herkimçeräk urnupdym, Ynanypdym ile gerekligime. Indi diňe başarýanym turnikde Ýapyşmagy, galyp daraklygyma. Tiz unudaýýaryn, hakydam köse, Ýatlaýan geçenim, gabagym gatyp. Öň ýatmazlyk üçin içerdim kofe, A indi içmesem, bilemok ýatyp. Bahym zaýalanýan önüm – garrylyk, Munda bu günkiňi goýmarsyň ertä. Daýan-a garyňa, ýörmän gargynyp, Etsem-goýsamyňa iň soňky şert-ä. Ýanýoldaşym, gaçýarynmy ysgyndan? Ukyň arasynda yralamadym. Bimahal çak jaň geläýse, tisginýän, Bu-da gartaňlygyň bir alamaty. Kä magtansaň magtan, ýom bersin Gorkut, Ýöne öz hetdiňden teý geçäýmegin. Çaga ilki-başda bişinden gorkup, Soň öwrenşýär sowuklygna çäýnegiň. Şol durşuna kabul etsek haçanda, Durmuş – gözel, däl näkämil-şikeste. Boýun alýan, gorkýaryn şum ajaldan, A ömürden eýmenýärin iki esse. Durmuş ýoly kä direýär petige, Kösenýän, düşünmän emmasyna men. Bähbidi bar gar ýagmyşyň petine, Has soň göz ýetirdim dymmasyna men. Diýýärler köp bilseň, garrarsyň sen ir, Ýok üýtgeşik bilýän zadym-a çenden. Özüm ilden galan saýamok heniz, Ýek-tük gerekleýän tapylýar şindem. Öňe barýan , göz ýetire, aňlaýa, Wagtal-wagtal gelýärin bir netijä. Nota kimin ýazylany maňlaýa Yzarlaryn soňky deme ýetinçäm. *** Yşkyň ody bilen saçjakdym şugla, Lowlap ýanar ýaly nary tapmadym. Men tutuş ömrümi uladym şygra, Ýöne sözlerime zary tapmadym. Baýak aşak bakyp gördüm uçutdan, Tas ýüregim ýarylypdy gorkymdan. Birçak şöhrat neden meni guçupdam, Zordan sypdym, aýrylmadym örkümden. *** Ömür balyk ýaly – götin ýüzenok. Balyk şondan üçrin ilişýär tora. Hergiz Wagt bizden elin üzenok, Ökje basyp gelýär, ahyr tutar-a. Ejaza ýok yza öwrülermize, Saňa berlen diňe öňe eňmegiň. Suw deý süýnüp barýan ömürlermize, Sagadyň dilleri atýar çeňňegin. *** Ömür – beýniň syrly çuňlugna ýöriş. Berlen möhlet öz-özüňi tanara. Oýlanar ýörersiň... Çözersiň, ýene Sowal, sowal, sowal... ýetmän tamama, Gojalarsyň, elip kaddyň egrele, Kem-kem sorag belgisine öwrüler. *** Asman - mähnet bilýard, milýard ýyldyrlaň Zerli şaryn pytratsyn, kemmesin. Sagadyň dilleri kiý deý ýyldyzlaň Daňa golaý kakyp urdy hemmesin. Başlaýar Gün şöhlelerin serpmekden, Tä batynça mundag kylýar işleri. Sagat degresinde syh-syh kertmekler Daň saz berýän Wagtyň klawişleri. Ýylgyrýar daňdan, Ýyldyzlar damýar. Ukuda - ýer diňläp ýatyr adamlar. Wagt sagadyň dili bilen gepleýär, Sowallary sowallara sepleýär. Heni-zem Meni Demi-r sowallar Gemi-r-ýärler. “Näme bitirdiň?” “Näme ýitirdiň?” “Barmy azaryň Şu durmuşdan? Ýa razymyň Şu durşundan?” “Ömrüňde Many Bamy? Hany? Hany? Hany? “Ýa-da oýakam Ukudamykam?” Demir sowallar, Şo bir sowallar Sowulmaýarlar. Guldurdy SÄHETDURDYÝEW. | |
|
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |