09:49 Çarh / 1-nji kitap -15 | |
Ol döwürde öýleneňsoň, ilki bilen eglemän, üstüňe ak öý dikilýär, Keýmiriň öýüniňem gelim-gidimi ýetik. Ýa öz ýüziaçyklykgyndanmy-nämemi, belli däl, şolaryň işigi girim-çykymly. Şaperem hyzmat edip ýetişip bilse – boldugy. Kakasam, aga-inilerem Keýmiriň ýanyna tas her agşam diýen ýaly gürrüňçilige gelýär. Dogry, ilki bada kakasy Hojanepes batyr, doganlary, olaryň ýanlaryna oturmaga gelenleriň döwür hakda, beýleki döwletler hakynda, patyşalar hakda nähili bolmaly, näme etmeli diýip çekeleşikli gürrüňleri ýaş gelniň gulagyna geň eşidilip, ýaramanam durmady, öň haçan eşiden zady, bir hili gyzygýan ýalam, çaý-çörek äbermek üçin öýe girende diňşirgenip, diňledem. Batly sesleri daşardanam eşidilip dur-la. Ýöne uzagyndan şol bir aýdylýan gürrüňler Şaperiniň göwnüne bolmasa, zol-zol, öwran-öwran gaýtalanýana, her haýsynyň geplerini mamla-rast etmek üçin bogaza bat berip, çekeleşikli gidişmekleri tüpgen turzup, ýaňkalaşýana-dawalaşýana meňzedi – uly goh.
Taryhy proza
Ýok, Taňry gün berse, Hojanepes batyrlaryň öýünde üýşenoklar, arasynda alybam gidýärler, gezek-gezegine, ýöne üýşüp, öýüne gelenlerinde Şaperi çydanok. Käte bolsa-da, çydanok. Halk diýilýän zady öwrenmegiň iň kämil mekdebi halkyň arasyna goşulmak. Ýagdaýyny tapsaň iliň üýşen ýerinden galmaly däl. Köpçülige-jemagata gatnaşsaň, her gün bir zat tapylýar üçi-ýedisi-kyrky, jynaza, jumga namazy, gölegçi... Garaz, günde bir zat tapylýar. Keýmirem galmajak bolýar. Gürrüňçilikde her kim özüçe bilenini aýdýar, hälisem ýok, şindisem ýok, şol jedelleşip, gidişip otyrlar, uzagyndan Şaperi bu ýagdaýy halaman başlady, ýüregine düşdi, gursagyny daraltdy, oňa alagowur gopgun däl-de, imisalalyk gerek – öýüň imisalalygy. Üstesine, Keýmirem gelni bilen şu zatlary aýdyşjak bolaýmazmy? Ýaňy bir çynlakaý meseleleriň bir çetinden girip ugranyndan Şaperem “Men bizar şu gürrüňleriňizden, maňa aýtma, eşdesim gelenok!” diýdi. Gelniniň dilinden çykan bu gödek söze Keýmiriň gözi tas hanasyndan çykypdy, ýöne “Aý, bir zada gaharlanyp oturan çagtydyr, üns bermäýin, köşeşensoň gürleşäýeris” diýip, aýdyşjak zatlaryny ýene bir gezege galdyrdy: “Heran-haçanam ýetişerin-le diýşip-aýdyşmaga”. Hemişe diýen ýaly, ertekileriň soňy toý bilen gutarýar, durmuş welin toýdan soň başlanýar, Şaperiniň ýaňky gödeňsi sypaýyçylyksyzlygyndan, äsgermezçiliginden çen tutsaň-a, toýy şark-murk bolsa-da, gelni bilen düşünişmegi üçin gaty kän wagt gerek bolmagy ähtimal. Şaperi çopan gyzy, nirede görüpdir beýle-beýle gyzgalaňly-çekeleşikli jedelleri? Onuň gaharjaňrak maşgaladan çykanlygam magat bildirip dur, sähel zada ýeňse damary gatap, boýun damarlary üzläýjek bolýar, Keýmir bu ýagdaýa düşünmäge çalyşdy, munuň bilen gaharlanyşyp, etjek zadyň ýok, ugry bilenräk bolmaly, sabyr-çydam gerek muňa, özi gyzar-özi sowar. Halkyň içinde bir söz bar “Söýeniňi almasaňam, alanyňy bir söý!”. Aý, näme patyşalaryň aýalam iňirdärmiş, Şaperem beýleki aýallaryň biri-dä. Aslynda, gelniniň aýdýanyna-da düşünmek mümkin. Onuňam öz ýanýoldaşy bilen imi-sala oturasy gelýär, ümmüldeşesi gelýär. Ol dünýäniň gowgasyndan bizar, ol zatlardan daşdaky adam, onuň uzak örüsi öýi. Gaňryşyna gitmeli däl-de, ilki şol zatlar barada ýapy-ýagdaýy bilen ony öwrenişdirmeli. Keýmir şeýle hem eder, milletiň öňünde beýik işleriň garaşýanlygyny, onuň üçinem syýasatsyz-düşünjesiz bolmaýandygyny bir demde öwredip bilmersiň, ýöne azda-kände gözüni açjak bolmaly, birbada däl – assa-ýuwaşdan. Keýmir öz gelniniň mysalynda halkyň içndäki juda sada adamlary hyýalyna getirdi, ilki olaryňam gözüni açmaly! Är-aýal bolsaň, bir öýden girip-çyksaň, gep-söz alyşýaň, içki pikiriňi bölüşýäň, bularyňky käte düşünişip gidiberjek ýalam, ýöne şatlyk uzaga çekenok – ýassyk oklananda içindäki ýelekleriň uçýandyrys öýdüp, begenişi ýaly. Soň Keýmir duýdy, ikisiniň edýän gürrüňleriniň hörpi hemişe deň gelip duranok. Onuňam sebäbi olaryň çagalykdan alan terbiýeleri däň däl. Ömrüboýy şor suwda ýaşan balygam duzlaman, iýip bilmersiň, ynsan balasy kimiň maşgalasynda dogulsa-da, terbiýe gerek. Ýöne terbiýe bilen terbiýäniň az-u köp aratapawudy bar. Şol tapawudam aňsat oňuşdyranok. Keýmir “Şu belalar özümden bolaýmasyn?” diýip, hemişe diýen ýaly özüni kötekleýär. “Hany bir ugruna-da kowup göreýin-le” diýip, sähelçe çaknyşyga baş galdyrmady. Ýekeje mysal – Şaperileriň maşgalasynda çagalatyň ulusy bilen kiçisi dawalaşsa, soňam ulusy temmi berip, kiçisini aglatsa, onuňkyny dogry tapyp, üýşüp, kiçä käýeýärler: “Urupdyr – oňarypdyr! Belanyň körügi özüňden!” diýşip. Keýmirler-de kiçisiniň arkasyny alýarlar, hat-da günä ejizjesinde-de bolsa. Şaperilerde çagajyga lak atanlarynda üstüne gygyransyraýarlar, Keýmirlerde mylakatly gürläp, başyndan sypaýarlar. Aglap duran çagany diňdirenlerinde-de Şaperiler-ä käýýäp, Keýmirlerem höre-köşe, ýalbar-ýakar edip goýdurýarlar... Bular, elbet-de, dile çolardan ownujak zatlar, ýöne uly zatlaram şol ownuklardan emele gelýär-dä. Adam-da, aslynda çig süýt emen-dä, bir gezek düşünişilip, soň goýlaýanok-da, ýene aram-aram ýalňyşylýar, ýene ara ters söz düşäýýär, şeýtan ara girip, hatda, garpyşylýaram onsaň. Mahal geçip, bir tarap artykmaçlyk edensoň, ýaraşylýar, şeýdip gidiberdi bularyň arabalary jygyldap, tigirlenip. Soň ýene bir meselede çalarak sözleri azaşdy welin, Şaperi hiç tükedenok-tükedenok, ol gaharyny asla ýuwdup bilmeýän eken-ä, hamala, ary köýen ýaly, haky köýen ýaly nazar bilen seredýär. Şaperi hem özüni horlaýar, hem Keýmiri. Keýmir: --Maňa daş ýerden ýagy gerek däl-ow, birinji garşydaşym törümde nagt – aýalym, gymyldan ugruna çaknyşjak bolup duran. Taýak gelýänçä – ýumruk, häzirlikçe şeýle netijä geleýin – eger gürleşmän oturmak iki tarap üçinem peýdaly bolsa, onda näme üçin dymmaly däl, dymmak – özüň-özüň bilen gepleşmek. Onsoňam bar derdim aýalymmy näme, şonuň bilen sanaşyp oturmakmy, dünýäniň özge azary gytmy? Hany, bir meýdan duýmazlyga salaýyn-da, başga dert-aladalarym bilen meşgullanaýyn. Ýogsa kellämiň içi doňup, sorkuldylary beýnimi iýjek-guratjak. Eger adam şekilli gürleşip-düşünişip başarmasaň, dagy näme etjek? Men şu düşen ýagdaýymyň laýyk çykalgasyny tapýançam dymaýyn, juda zerur bolmasa, Şaperä ýagşydan-ýamandan asyl lak atmaýyn, agzymy pugta ýumup gezeýin-le – diýip, öz içinden berk karara-da gelip gördi: “Dymaýyn!” “Maşgala-da kiçiräjik döwlet” diýilýär, ýöne toý tutanyň, öýleneniň bilen, bir öýden girip-çykyp, ýatyp-turanyň bilen ol öz-özünden gurlaýanok, onuň üçin ilkinji nobatda iki taraplaýyn ylalaşyk gazanmaly. Är-aýalyň arasyndaky ylalaşyk. Häsiýetleri başga-başga bolsa, üstesine-de, biri-beýlekisine gabat gelmese, ol hojalykda ylalaşygy nädip gazanjak? Meseläniň kyn ýeri şonda. Ol meseläni, “Päh-eý, ownuk gürrüň!” diýip, äsgermezçilik edip, pitjiň atýanlar hakyky durmuşdan üzňe, juda daşdaky adamlardyr. Ýöne olaram bagtlary daş ýaryp, edil öz nikalarynda duş gelmeseler-de, oglunda-gelninde ol gowgany görüp, soň hökman ýakalaryny tutup, elheder alýarlar. Hawa, maşgala-da kiçijik döwlet, sen ilki şol döwletden elhal baş alyp çykarmany başar, görkez ukybyňy-zoruňy! Eger şonuň hötdesinden gelip başarsaň, belki, has çylşyrymly işlerdenem baş çykarmagyň ahmal. Şol kiçijik döwletde uly döwletiň uşadylyp-maýdalanan, edil aýaňda ýaly gözüňe mese-mälim görnüp duran birnäçe alamatlary bar. Bir näzeninden aýra düşüp, ýene bir edil özi başga näzenine öýleneniň bilen iş bitäýenok. Söýgüde “Sen bolmasaň, Senemjan” ýok, eger Ferzaneden başgasyna öýleneniň bilen ýürek ýaraň bitýän bolanlygynda kim oňa aýralyk diýjek? Herhal Keýmir diş gysyp, parhlylyk-geçirimlilik edýär: “Şunuň ýaly dawada akyllysy günäkärmiş. Günä meniň özümde. Ikiňem ýeňsäňi tüňňerdip, dymşyp otursaň, oňa duşmançylyk diýler-dä, oňa nädip dostluk diýjek? Duşmançylykda adamyň pis taraplary göze dürtülip, dostlukda gowy taraplary görnüp ugraýar. Her edeýin-hesip edeýin, gelnim bilen aramy sazlamaga dyrjaşaýyn. Il-gün eşitse, näme diýer? Bize gelişjek zat däl bü”. Garaz, herki işde jan edip, ugruna ýykylsaň, netiň-päliň şowuna-da düşäýýär, üstesine, olaryň garaýyşlarynyň tötänden şeýle-de gabat geläýýän çagtlaram tapylýar, hawa, göwnese, Şaperiniň Keýmir bilen ýürekdeş wagtlaram bar arasynda, daşyndan allanäme diýdirýär, edil, gözüňe sürme edäýmeli, öz atasyöýündäki wakalaram aýdyşasy gelýär: “Biz-ä gaty garyplykda ulaldyk. Kakamyz çölden alty aýda bir gelerdi öýe, bir gezek çölden gaýdanda, ýolda bazara sowlup, bize bir goşawuç nogul süýji getirip berdi, ejem görgüli süýjüni günde her çagasyna ýekejeden paýlardy, bizem şol nogly iýýän ýaly edip, ýygnap goýardyk. Ejemiň nogullary gutaranda “Wah, size näme bersemkäm diýip, töwergine elewrände, hälki üýşürip-ýygşyryp goýan düwünçejigimizi çykaryp, ejemize bererdik “Ynha, kakamyz çölden ýene öňki ýaly nogul iberipdir” diýip. Ejemem begenip, alardy düwünçejigi, sada-da, çölde nogluň bolmajagy kellesine-de gelenok”. Bagt üçin owadanlyk ýeterlik däl. Çendanlar gelni şeýdip, gül-gül açylanda Keýmirem şol mahallar özüni gaty bagtly duýýar. Ýanýoldaşyň bilen bir heňden, bir perdeden gopsaň – dünýe toşap, ýaşadygyňça, ýaşasyň gelýär. Ömrüň ahyryna deňiç ýag bilen ýüpek deý ýaşasaň-da. Onda bäri-bärilerde ajalam golaýyňa ýanaşmaz. Bagtlylaryň janyny almaga Ezraýyl perişdäniň eli galmaz. Şaperem näme, arman, uzakçyl däl, ýene Keýmiriň çetine degip, heşelle kakýar: “Baý, gowy bolaýyn diýseň, gowy bolýaň-a, seni hol ýanyňa gelýänleriň ýanynda göräýmeli”. Görüň ediberişini, äri özüne zor salyp, gowusyrasa-da, ýene erkek günäkär. Keýmir bu ýagdaýa-da düşünýär “Hakykatdanam, ezelden boýna goýluşy şeýle, aýaly näme etse-de, näme diýse-de, hemişe erkegi günäkär, erkegi jogapkär, elbet-de, bir ebgarrak-ahmalrak tarapym bardyr-da, ýogsa Şaperi meniň bilen daňlyşyp durmazdy ahyry. Jübütleşip maşgala gurmak nätanyş saz guralyňda öň bilmeýän sazyňy çalmagy öwrenen ýaly bir zat”. Maşgala diýilýäniň, hojalyk diýilýäniň öz öňüňde bentligini, aýagyňa duşaklygyny Keýmir duýup ugrady. Herkança çytraşsa-da, maşgala meselesi kelleden aňsat çykanok, gaýly gün tolkunlaryň kenara zol-zol urluşy kimin. Ol ýene tükeniksiz oýlara çümýär, aýalyňy duşman bolup däl-de, dost bolup, diňe söýüp, ýeňip bolar. Ýok, ýeňmek hökmanmy? Aýaldan ýeňlip bolýar-da, ýeňip bolanok, dünýäniň ýasalyşy şeýle. Eger juda ýeňesiň gelse-de, diňe ýeňlip, ýeňip bilýärsiň. Uly adamyň çagajyk bilen tutluşanda basylan kişi bolşy deý ýeňlensiremeli. Aýaldan, çagadan ýeňilseň – ýeňdigiň! Şol seniň güýçlüligiň! Her et, hesip et – dostlaş! Dostdan dosta näme gerek? Hemaýat gerek! Şaperiniň esasy agsaýan tarapy aşa gaharjaňlygy-gagallygy. gaharjaňlygy şeýle bir hetde ýetdi, Keýmir näme gürlese, kakyny tutdy. Köşeşdirjek bolsa, “Hudaýa şükür, aklym hojalygyma-maşgalama ýetýär, öýüme ýetýär, ondan aňryny siz çözüň. Maňa zat aýtma!” diýýär. Ýeri, oňa nädip hemaýat bermeli? Gahar-gazabynyň öňüni nädip almaly? Aýal nähili ýagdaýda ýalňyşýar – öz ýanýoldaşynyň kimligini tanamadyk ýagdaýynda! Bagtyndan gowy adam çyksa-da, beýleki adaty adamlar ýalydyr öýdüp, äri bilen gidişip, sanaşyp, dawalaşyp gezýär. Onuň ýaly gadry bilinmeýän ýagşyzada dürr-ü bigymmat diýilýär. --Men seň ýaly medresäni gutaryp gelen molla däl, ýöne öz aklym özüme ýetýär, maňa zat öwredeniň gerek däl, bir siz akylly-da, uly il akmakmy?” --Dünýäniň gurluşyna, ýapyna-ýagdaýyna düşünmeseň, döwlet gurup bolanok, bir özüň düşüneniň ýeterlik däl, senem, halkam bilmeli şol zatlary. Ýogsa türkmenler döwletsiz ýaşar ýörer, itiň art aýagyndan suw içip. Men etmesem, ol etmese, kim bu işigaýdan milletiň gaýgysyny eder, düşün-ä, Şaperi! Şaperi Keýmiri diňlemedi, özüniňkä tutdy: --Sen amanat ýaly, öz maşgalaň işine topulaňok, özgeleriň işine ilgezik. Onuň bu aýdýany biçeme-de däl, Keýmir hiç haçan özi üçin başga birine ýüz tutup başarmaýar, il üçin gerek bolsa welin, öňe düşýär. Ýene ýaňka-da-ýaňka. Her kimiň göterýän ýüki bar, götermeýäni bar, muny Keýmir aňsat tapawutlandyryp başarsa-da, Şaperi bilenok, nirä degse, şoňa degsin edip, diline gelşiçe morta bir gepini aýdyp goýberýär – “Degse – bäş, gegmese – ýigrimi bäş!” diýilýäni. --Il bilen işim ýok, men seniň halkyňam bilemok, Watanyňam bilemok. Şu öýüň-maşgalaň watanyňdyr-da, öýüň-hojalygyň bilen boluber, iliň-günüň, Watanyň meselesini-ykbalyny çözýänden bolduňyz meniň başyma, ondan-a är boljak bolsaň, çagaňa gyş eşigini alyp ber, agzyny açyp gyş gelýär. Sen ýurduň gaýgysyny edýäň, deregine näme gelýär saňa? Şu pişäňden pul düşmejek bolsa, biriň ikä ýetmejek bolsa, nämä gerek şeýdişip ýörmek? Ýaňy ýeňmek-ýeňilmek hakda gürrüň çykdy, ýene bir mysal – şol düşünjäniň şerhi: Özüniň öň kän kömek eden, duz-çörek iýşip, syr alşyp-berşip ýören golaý dostlarynyň biri, adyna Ödeguly diýýärler, Keýmiriň ýeňsesinden gaty erbet ýamanlyk edipdir, içden çykmaz ýaly. Keýmirem ony bilmezlige salaýypdyr. Dostam şol kasty bilnen däldir öýdüp, öňküsi ýaly Keýmiriň töwereginde “Aga jan-aga jan!” diýip, güles-ýalas edip, içine-daşyna geçip, geziberipdir. Emma onuň güni-durmuşy birden bulaşyp, göreni görgi, edeni bergi bolup ugrapdyr. Ýalňyz bäbejigi emedekläp baryp, guýa gaçypdyr. Hasratyndan aýalam aglap-aglap ölüpdir. Döwletiň götin gaýdyp ugranda – durnanyň üstüne urna, özem arada durup, süýthordan başga bir dostsurap ýören gurrumsaga ummasyz pul karz alyp beripdir. Pul alanam bezirgenlik kyljak diýen bahana bilen ýurtdan çykyp, gaçyp gidensoň, bergisem öz boýnuna galypdyr, göterimine pul beren süýthoram “Bir seni bilýän, alanyňy dola!” diýip, üstüni alyp durmuş. Ödegulam “Pul alan ol, beren sen, ikarada men näme?” diýip, syrtyny kese atyp, ýatmanam özüne binamyslyk bilip, “Men gutaranam bolsam, edil beýle derejede gutaran däldirin” diýip, ilk-ä şol gaçyp giden gurrumsakdan uç-derek tapyşjak bolupdyr. Soňam ol pişeden netije çykmansoň, bergini öz boýnuna alypdyr. Ony üzmek üçinem maldan-emläkden çykypdyr. Başga-da kän başyna düşen işler, sanap tükederden kän. Boýna düşýän gowgalaryň bujurygy hasam artansoň, onuň sebäbini göwnüne getirip, ol Keýmiriň ýanyna boýun sunup gelipdir: --Dost, edil ýyldyza ýöräne döndüm, men Alla jana näme ýamanlyk etdimkäm? Näme üçin ol maňa tükeniksiz gazabyny inderýär? Edenim ters. Dynmadym-a, aga jan! Ýörän ugrum – petik. Hudaý ýoluna sadaka-da berdim tapanjamdan, başyma düşýän muşakgatlaryň teý yzy gelenok, amanat puluň bergisini üzmek üçin malymdan-mülkümden çykdym. Nädip bu belalaryň ýoluny kesip bilerin? Keýmir, aga jan, saňa halatly kişi diýýärler. Maňa bir maslahat ber? --Dostluk – biri-biriňe janyňy ynanyşmak. Hany, sen eden-goýanlaryňy bir laý ýatla, bilmezlikde, ähdiňi syndyryp, dostluga hyýanat-beýleki eden-ä dälsiň? Dosta edilen hyýanaty dostuň özi geçirse-de, Alla geçirýän däldir. Ýaňky dostunyň ýüzi gyzaryp gidipdir: --Sen bilmeýärmikäň öýdüp, öz göwnümi alty-bäşden kökläp, arkaýyn ýaşap ýörüpdirin. Keýmir, seniň öňüňde ýüzüm garadyr, gabahat ýalňyşlyk kyldym, dost, iýen duzuma kast eden dowzahy men. “Göz gorkak, el batyr” diýilýär, kindiwan çaga gol salgasa-da, göz gyrpylýar, siziň üýşmeleňlerden Hywa hany heder edýär. Hywa hanynyň il içindäki jansyzlary-çawuşlary tarapyn gizlinlikde sorag-idege çekilemde, özgeler deý bilemok müň belany sowar edäýmän, senem, kakaňam döwlete garşy işleýär diýip, aýtmadygyňyzy aýtdyrdym, Hywa hany ikiňizem zyndana taşlap, çüýreder ýaly ýamanladym, töhmet atdym. Many bilmez çaga-da däldim şol wagtlar welin, zandymda bardyr-da namartlyk, gara başymdan gorkyma etdim, özümi palçyga buladym, belany öz üstümden sowmak üçin. Ýagşam bir sowupdyryn! Hawa, sowupdyryn – öz üstüme. Gazan çukuruma, ýakan oduma özüm düşdüm, aga jan, bedenimden ragbatym gaçdy, men indi ýörämok – entirekleýän. Öz miletiniň naýbaşy ogullaryny ýamanlap-satyp, gün görüp ýören şol çawuşlar ýeri gelende Hywa hanynyň özüni bir tine satmaýarmy? Olaryň kesbi-käri şol. Ilki Keýmiriň ýanyna gelip: --Seni dostsumaklaryň biri ýamanlap, ýazmaça görkezme berdi, kimligini aýdaýynmy? – diýdi, Keýmirem iki elini daldalap, oňa garşy çykdy: --Ýok, eger maňa ýagşylyk üçin aýdýan bolsaň, saklan, aýtma, meniň diňläsim gelenok. Kimdir biriniň meniň gözümden düşenini islämok. Her kim eder-eder özüne eder. Kimligini tanamaýynam, köýmäýinem, üstesine ol meniň dostum bolsa, onuň syryny açmak maňa gerek däl, öňki gatnaşygymda gezibereýin. Keýmir diňlemese-de, ýaňky jansyz “Menden eşideniňizi hiç ýerde agzyňyzdan sypdyrmaň! Han siziň daşyňyzdan aýlanyp ugrandyr, onuň neti gowy däl. Keýmiriň ekiztaýy deýin tirkeşip ýören söwer dostudyram welin, Ödeguly diýilýän ýeksyrundanam juda seresap bolsun! Ol dogran ejesinem bazara çykaryp, satmaga taýyn kezzap” diýip, Hojanepes batyra usullyk bilen duýduryp gitdi, şondan bularyň köplenç duşuşyklary eýlede-beýlede däl-de, galaba öz öýlerinde geçirýänleriniň sebäbi. --Gyzgyny bilen ötünç sorap, öýňüze geläýjekdim, oňa-da gaýratym çatmady hemem küslügim bilinmän galar öýtdüm. --Senden sorag edenleriň biri öýe gelip, kakama aýdyp gidipdir, olam maňa duýdurdy, näme kakaňa “Maňa aýtma, dostum hakda ýaramaz zat eşdesim gelenok” diýip bolýarmy? Onsoňam sen düşün, Ödeguly, olar ilki nämüçindir seniň daşyňa aýlanypdyrlar, senden suwytly kem tapmansoňlar, özüňi biziň üstümize küşgüripdirler, bize-de gelip duýdurmaklary, garşyňa öjükdirip, sen hakda gepletmek üçin. Eger bizem sen hakda öz edişiň ýaly edenligimizde, seni ala dagdan aşyrardylar, düşünýäňmi şu aýdýanlaryma? Emma biz dostuny satyp, gün görýänlerden däl. Ol jansyz başga-da “Pylanam-pylanam” diýip, ýene üç-dört sany seniň ýaly adamyň atlaryny aýdyp gidipdir. Olaryň kimlerligini dilime çolasym gelenok. --Görýäňmi, aga jan, men şol öz milletini satanlarça-da bolmandyryn. Men harap-a öz dostumy, duzuny iýip ýören hojalygymy satýan, olaram Hywa hanyna aýtmaga derek, gelip, özüňize duýduryp gidýär. Şundan soň men kim? Ýöne ýere özüme süňňiharamy diýemok, arassa ýerden çykan adam meniňki deý peslik edermi? Sen bilmezlige salsaňam, Ýaradan bilýär eken, üstümden guýuberdi lomuladyp emsiz-melhemsiz derdi-belalary. Şükür, siziň-ä başyňyz aman, meniň günüm welin – waý! Dostuny satan adamy gylyç bilen kerçäp-kerçäp öldürseňem azdyr, ýöne meni Hudaý yrdy, Hudaý urany urmagyň geregi ýok. Meniň süňňüm haramy, Allanyň haky üçin bagyşlaweri? Indi meniň barara gapym ýok, ýene Perwerdigär bilen saňa ýykylýan, aga jan, öteweri dagdan agyr günämi?! Öň-ä bu jahanda ýalňyz ýapyşalgam – dostlugym bardy, onam özüm satdym, indi mende ne dost bar, ne hemdem. --Herhal, ýalňyşanyňa ahyr düşünipsiň. Ýogsa şeýle iş eden muhannese “Dostuňy satmak, töhmet atmak gabahatçylyk” diýip, kyrk ýylda-da öldür düşündirip bilmersiň, gaýta “Men saňa ýagşylyk etdim” diýer, sebäbi düşünjek adam beýle hyýanaty etmez. Dostlugy sen satsaňam, men satamok. Saňa dostlugym öňküsi ýaly durandyr, Ödeguly! Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bersem, onda meniň ýamandan parhym näme? Keýmir “Doňzy batgada basjak”, “Hä, itim ýaly bolup ýene geläýdiňmi?” diýip, onuň üstünden heşelle kakjak bolmady. Beýle etmegi ol ýeňiş hasaplamaýar. --Men-ä öňem kitüw saklamok. Hudaý bagyşlasyn! Herniçikdir boýun aldyň, indi çyndan toba gelseň, Alla bagyşlaram. “Toba müň belany sowar” diýen gürrüň bar. Herhal, sen-ä, garaz, toba geldiň, ýöne ölinçä toba gelmeýän muhannesler bar, ine, şol ýaman, olary etmişiniň üstünde tutup, şeýdipsiň diýip, utandyryp bilmersiň, olar elmydama öz şyltagynam dogry edýärler. Päliňden gaýdan bolsaň, işleriň düzlenýänçä bizde boluber, ýaşar ýaly boş jaý taýynlap bereris, biziň öýümizde bişýän tagamda seniňem paýyň-ryskyň bolar, seniň derdiň meniň derdim, dost, şol gürrüňi indi agzamaly, gömeli. --Aga jan, öňüňde ýatyp, dükge düşüp, aglasym gelýär. Är kişiler ýamanlyga ýagşylyk edýändir. --Adam ölende şeýdip aglanýar, a sen welin häzir täzeden doguldyň. Hakyky ýeňiş – baryp, tutup, günäsini ýeke-ýeke ýüzüne bazyrdadyp basyp, jezasyny berip, edenini on edip, yzyna gaýtaryp, haklaşanyňda däl, özi gelip, ötünç soranda, ýalňyşanyny boýun alanda, aman dilände! Ynha, şeýdip, çyndan toba gelmegi hakyky ýeňiş! Seniň utandyranyňdan, gahar-gazabyňdan, zoruňdan, jezaňdan eýmenip däl-de, merdi-merdanalygyňdan, adamçylygyňdan uýalyp, boýun sunup gelsinler-le gaşyňa. Senem öz gezegiňde daş bilen urany, aş bilen urup, entäni goldap bilseň, ana, şol hakyky-barypýatan ýeňiş. Sen bagyşla, hökman Hudaýam seni bagyşlar! Keýmirlere oturmaga gelýän-üýşýänlerem üýtgeşiksiz edil özleri ýaly bir töwra adamlar, olaryň gürrüňlerem Eýran, Horasan, Turan, Çyn-Maçyn, Isgender Zülkarneýin, Oguzhan, Mahmyt Gaznawy, Çingiz han, Teýmir leň... bäri-bärlerini tozadanoklar. Türkmeniň şanlay geçmişi bar, oguzlar, günhanlar, seljuklar, belki-de, geljek diýilýän geçmişdir, çünki, adam ölüp, geçmişe gitmeýärmi näme??? Birde imisala söhbet edişip otyrlar, birde-de girýärler jedele. Sesler gähi ýognaýar, gähi inçelýär. Wagtyň nädip geçenini, näçe geçenini bilýän ýok. Bir gezek ikiçäk galan çaglary Şaperi Keýmire “Heý, bu gürrüňleriň soňy gelmezmi? Şol salşyp-geýdirilişip, gidişip otyrsyňyz, bir gün däl, iki gün däl. Gopgunyňyzdan meniň ýüregim çaşýar.” Aşa owadan peri-peýkeriň gyňyrlygy-hötjetligem şonçarak bolýar eken. Nätjek, gülüň tikeni bar, tikeniňem awusy. Eger sen jenanyň görk-görmegine eýe çyksaň, keçjallygyna-da çydamaly. Atasöýüne görme-görşe gidende goňşularynyň şeýtana sapak beren köpbilmiş aýallarynyň biri Şaperä maslahatam berdi: “At tezegini guratman, öýüňe dökülip duran bolsalar, sen olaryň öňlerinde itiň iýmejek tagamsyz naharyny goý, duzuny köp at, çig bişir, usuly gytmy? Soň olaryň hiçisem gaýdyp işigiňden ätlemez, biz-ä köp gelýän ýüregedüşgünç myhmandan şeýdip dynaýýarys”. Ýöne Şaperi boýuň bilen gyzyl bereli diýselerem, beýle hyýanaty asla edip bilmez. Ol näme etjek-goýjak bolsa, göni eder, saman astyndan suw goýbermez, mamlamy-bimamlamy onuň ýüregindäkiler dilinde. Onda assyrynlyk-bukynlyk ýok. Keýmir bigänäniň agzyndan eşitmejek sözüni gelninden eşdensoň, näderini bimän, ýöne dymyp oňaýdy, ýöne şol dymmaklykdan kalbyňda çökündi galýar, üýşüp-üýşübem ahyry bir gün partlap ýarylýar. Hawa, Keýmir, ýuwdundy, dymdy, käte, ýeri gelende dymyp, berlen jogap iň ylaýygydyr. Adam dyman çagy öz-özi bilen gepleşýär, Keýmir ýeke galan wagty Pelek bilenem sessiz dymyp gepleşýär, onuň şu gezek Pelek bilen gepleşmeginiň özüne ýetesi sebäbem bar. Gije düýşüne Ferzane giräýipdir, edil Keýmiriň öňüne geçip dur: --Owadan gelniň bar eken. --Dünýäniň bar owadanlygyny jemläniňde seniň gözleriňe taý gelip bilmez, Ferzane jan Lagly Badahşan! Arman, Pelek şol dideleri bir gözi batyla rowa görmedi-dä. Bagyşla, men seni ugradybam bilmedim. Öňüňde ýalançy-şermisar men, gepimde tapylyp bilmänime hemişe puşman edýän. --Ýok, beý diýme, seniň ýiten çagajygy gözläp, daga gidenligiňi aýtdylar, men bu edişiňe begendim-guwandym. Sen hakyky il ogly, öz bähbidiňden iliňkini öňde goýýaň. --Meni ýadyňdan çykarmansyň-ow. --Sen meniň ýüregimdesiň, kalbymda göterip ýörendirin seni... Wah, düýşleriň iň süýji ýerinde adamyň oýanaýmasy bar-da. Keýmir ahmyr bilen Pelege ýüzlendi: --Meni Ferzane jan Lagly Badahşandan aýryp, Şaperä sataşdyryp, näme utduň, Pelek? Näme gazandyň, Pelek? Ol ikimizi ýok güne sokup, özüňem hil bir iş bitirnden bolup, çämeniň synyndan çekişdirip, pyrlanan bolup ýörmüň, Pelek? Pelegiňem adam oglundan gep alyp galasy gelenok, Keýmir ikisiniň özara düşünişýän dilinde-sözsüz jogap berdi, ýöne onuň dymmasyny Keýmir eşidýär. --Hawa, Ýerde öz işiňizi oňarman-bulaşdyryň-da, Pelegiň üstüne atyberiň! Men pakyryň bar işi siziň işiňize gatyşyp ýörmekmi, başga derdim ýokmy? Özüňiz alaç tapyň! --Ikimizem ýumruk ýaly çaga halymyza näme çäre tapaly? Ferzane bilen näme edip bilerdik şonda? --Men Pelegem bolsam, bilemok. “Kün!” diýildi, döredim, “Aýlan!” diýildi aýlanyp durun, tä “Peýkun!” diýilýänçä, şol ulug permandan maňa-da çykma ýok. Men bir aýlaw sanyny ýitiren düňle, başy çaşan dünýe. Ýeriň üstündäki melamatlaryňyzyň alajyny özüňiz göreweriň? -- “Dünýäniň soňy puç, onsoň galan zatlar hakynda gürrüňem ýok” diýýärler, belki, dogrudyr. Ýöne çyn söýginiň soňy puç däldir, ine, men Ferzane jan Lagly Badahşana gowuşmasam-da, oňa bolan söýgim kalbymda ýaşar. Özüm dünýeden ötenimden soňam jesedimden çykmaz, ýüregimde galar. Mazarymda diňe süýeklerim galar, haýsydyr bir zaman olaram topraga öwrülip giderler, emma söýgim welin gabrymyň içinde köz bolup, ýaldyrap ýatar... Ýa-ha ýaradylyşyndan, ýa-da ýaşynyň kiçiliginden, demrindenmi-kömründenmi bellisi ýok, Şaperiniň düşünjesiniň Keýmiriňkiden parhlylygy-tapawutlylygy mese-mälim, ikisi, teý, alşyp gidiberenok. Ýogsa Şaperi içerini-daşaryny arassa saklaýar, gül pürkülen deý, geýim-gejimler tämiz, bişirýän naharlary bal ýaly. Ertirden-agşama çenli öý işi, bir bäbejikleri bar, ony naharlajak-içirjek. Hojalyk üçin gaty laýyk adam, onuň dünýäsem öýi, hojalygy, äri, çagasy, gaýynlary, şol öýden girip-çykýanlar bilen garyşyp gatyşyp ýör. Kä günler bäbejigini ýanap, uklatjak bolup, sallançak üwräp, bütin gijesi bilen ýatanok. Ýöne Keýmiriň töweregine adam üýşürmesini halanok, boş lagyr-lagyrdan peýda ýok hasaplaýar. Ondan-a bir düşewüntliräk käriň başyny tutup, köpräk gazanç edenini gowy görýär, näme hojalygyň sowgudy gytmy? Näçe gazanjyň bolsa, artykmaçlyk etjek däl. Keýmiriň gelninde halamaýan-ýaman görýän häsiýeti “siz-biz” diýip, aýrylap, bölüp gürlegiç. Ol diýildigi nämäni aňladýar? Bigäneligimi? Dagy näme? Kesekileriň bir-birlerine ulanýan sözü-dä! Näme özi şu tünegiň adamy, şu ojagyň eýeleriniň biri dälmi? Indi hemişelik ýaşajak hojalygy dälmi bu taýy? Şaperiniň kaksy görgüli ýogalypdy, şol pakyryň belli gününde Keýmir menem bararyn diýse, “Körüň ýok şol taýda! Sen görünme bizde! Geregimiň ýaragy däl!” diýip, juda gödek gürledi. Dogry, edil şol mahal ol ikisi öýkeleşiklidi, ýöne her näçe kitüwli bolaýanyňda-da, toý-ýas ara düşeninde, wagtlaýynça-da bolsa, kineler unudylaýjak ýaly. Onsoň Keýmir näme üçin nadyllyk etmesin: “Heý, jany-jana gatanyňdan soň, siz-biz diýmek bormy? Är-aýal bir bitewilik dälmidir, maşgala dälmidir? Ýa entägem göwni bölekmikä menden?” Gelni ýönekeýje zatda-da çaknyşjak bolup dur. Keýmir nahar alnan saçagyň başyna geçdi: --Naharly tabagy getiripsiň-de, çemçäni ýadyňdan çykarypsyň? --Getireris-dä! --Ne beýle azymly gepleýäň, ýöne “Bor” diýäýmell-ä! --Diýjek däl! -- Maňa sataşyp bir gezegem bolýar diýmediň. Näme bor diýmäni öwretmedilermi saňa? --Men seniň ýaly okuwly-terbiýeli molla däl, bolşum şü... Şaperä degirmende doglan syçan, ýagny, ganygyzgyn hojalykda ýetişendir, gopgunyň içinde ulalandyr diýibem aýdar ýaly däl, ol öz aýaldoganlary bilen-ä garagadyr, üýşüp, gezmäge gelen çaglary uzynly gün doýman, gepleşip-aýdyşyp bilýärler. Ýekeje sözleri dagam ters düşenok, äbe-de-jüýbe, agzybir oturyp, asyl aýrylyşaslary dagy gelenok. Keýmir welin öz doganlary bilen juda beýle däl. Olar ýaly hezil edişip gürleşip başaranoklar. Özünden uly agasy Eýmir bilenem, ol-a asylam ýekemenräk, öýli-işikli bolansoň-a hasam. Öz hojalygy-günemasy bilen başagaý. A inisi Wekil bilenem beýle bir ysnyşyp bilenok. Arada bir serhet bar. Keýmir gaýta il bilen gowy gürleşýär. Wekil jahyl çyksa-da, entek çagalyk endiklerinden doly saýlanmandyr, ol bir ýerde uzak eglenip bilenok, özi ýalylar bilen nirädir bir ýere ýitirim bolýar, ýatan wagty göräýmeseň, öýde kän tapylanogam. Onuň diňe öýleneninden soň, aýagy duşalyp, maşgala diýilýän deňziň düýbüne labyryny taşlamagy mümkin. Onuňam Zybagözel diýip, bir obadaş gyza göwün berýänlig-ä, hosdarlarynyň, garaz, gulaklaryn-a degdi, ikisi, hatda, gürleşýärmişlerem. Kän bir ýygrylyp-edibem duranok: “Eje, haçan sähet alýaňyz-aý?” diýip dur. Ejesem ondan pes oturanok “Çelpek ýapyljak, pişme bişjek günüň ertesi! Guda bolman, sähet alnar oguşýa, öňki ogullarym-a seniň ýaly ýüreklerini eline almandy, sen-ä bir yşarat bolup dörediň” diýip, jogap berýär. Altyntäçdir Hojanepes batyr Wekilem sag-aman toý tutup, gözli-başly edip bilseler, onsoň bu maşgalada ene-atalyk parzlarynyň esasysy bitýär, gyzlary Äşänem ýerlediler – oba içine, durmuşy gowy, gelip-gidip ýör. Indi uzak takdyrly, uly durmuş çagalarynda, agtyklarynda başlanmaly. Döwletmämmet Düýegöziň hanlyk edişiniň üýtgeşik tarapy, ol öýünde däl-de, jigitleri bilen özi obalara aýlanyp, ýakyn-daş diýmän, adamlaryň üstüne baryp, halky diňläp, hanlyga degişli ýüze çykýan meseläni ýerinde çözýär. Ol “Meniň her baran obam meniň paýtagtym” diýipdir. Bu usul halk üçinem amatly, aýagyňy süýräp, ýol sökmeli däl. Baranyň bilen han tapyljakmy? Ol bir ýerde aýagyny uzyn salyp oturyp bilýärmi? Boýnuna uly taýpanyň garamaty düşen adam-da. Han aga dawaly mesele bolsa, iki tarapam öňünde oturdyp, diňleýär, tereziniň haýsy tarapy agyr gelse, çözgüdi hem şol tarapda. Günleriň birinde Hojanepes batyrlara Döwletmämmet Düýegöz han geläýdi, hem-ä gyzy Altyntäçden habar almaga, hemem olaryň maşgalasy bilen görme-görşe. Şu töwerekde dörän meselelerem çözer. Ýöne bu gezek onuň ýene bir etjek işi bar eken. --Keýmir, indi sen meniň garamagymda işe dur, hanlyk işine okuw-sowat zerur. Ylymly adamyň düşünjesi giň bolýar. Hemem öwrenersiň, köp zatlary. Bizem öz gezegimizde senden öwreneris. Sen maňa kömekleş, galan wagtyňam şu öz obaňyzyň töwereklerinde hanlygyň adamy bolup, tabşyrykarymyzy berjaý edersiň – diýdi. Külli tekäniň hanynyň aýdanyndan çykyp bolýarmy? Keýmir hoş diýen manyda baş atdy. Edil şol mahalam han aganyň huzuryna goňşy obalaryň birinden Ýagşymyrat aga diýen biri arza geldi, ýanynda-da üç-dört adam dagy bar. Olaryň arzy şundan ybarat: Iki goňşy hiç oňuşmaýarmyş: “Öldirin-de-öldirin” diýşip, biri – beýekisine zol topulşyp duran. Olary aralamak-saklamak goňşy-golamlaryna iş-dert. Ýaraşdyrjak bolup, kän synanypdyrlar. Abraýly ýaşululary üstlerine eltip, töwella-da etdiripdirler. Garyndaşlary bu dälilgiň ugry däldir-dä hernä diýşip, porhana eltip, molla-da okadyp görüpdirler, däri-dermanam içiripdirler. Emma olary ylalaşdyrmaga hiç alaç tapylmandyr. Han aga Keýmire ümledi: --Ine saňa ilkinji ýumuş hem ilkinji synag, häziriň özünde şularyň öňüne düşüp git-de, ol biçärelere ýardamyňy berip gaýt! Keýmiri dawagärleriň köçesine eltseler, hakykatdanam adam köki üýşip, iki goňşyny tutup-saklap, köşeşdirmäge synanyp durlar. Keýmir olaryň has dyzmajynyň golundan tutup, düşünişmek üçin öýüne saldy. Özüniň şu uzaga çeken dawany Düýegöz hanyň adyndan çözmäge gelenini aýtdy. Baş dawagärem başyna düşen ýagdaýyny jan-dilden gürrüň berdi: --Toý tutup, gelin edindik. Gelnimiz heniz kürtesini taşlamanka howlymyzyň içine çyksa, haram goňşy oňa kesek zyňyp lak atyp durmyş. --Lak atyp, näme diýipdir? --Aýdýan zady ýok, keseklese, lak atdygydyr-da. --Ýok, lak atdygy däl, sen entek diňe kesekledi diýip aýt. --Hawa, gelnimizem “Daşaryk çyksam, goňşy maňa kesek zyňyp dur” diýip, aýalyma aýdypdyr. Aýalymam bu ýagdaýy maňa aýtdy: “Gyýw, öň bir belanyň üstünden eltäýmäýin diýip, saňa aýdyp bilmän ýördüm, şu gapdaldaky goňşy öň-ä meni, indem gelnimizi häli-şindi kesekläp durmuş”. Sen han adamy bolsaň aýt, özüň şu güne düşseň, näderdiň? Pyçagyňy daşa çalyp, idermiň üstüne ýa-da binamyslyk edip, öýüňden çykman bu masgaraçylyga çydap oturarmyň? Keýmir gutarnykly jogaba howlukmady: --Hany, men ol goňşy bilenem gepleşip geleýin, garaş, gürrüňimizi soň dowam ederis, eger oňa jeza bermeli bolsa, saňa ýetirmerin, ýöne ilki düşünişmeli, anygyna ýetmeli, şunuň ýaly meselede howluksaň, ýalňyşýarsyň. Köplenç ýalňyşlyk şular ýaly dawanyň üstünden eltýär. --Näme kesekledi diýip, töhmet atýandyr öýdýärmiň? Beýtmek meniň nämäme gerek? Abraýymamy şol? Näme üçin aýdýanlaryma ýalňyşýan bolaýma diýip, gümansyradýarsyň? --Ýok kesekläni çyndyr, ýöne oňa düşünişiň ýalňyş bolmagy ahmal. --Kürteli gelniňe, aýalyňa haýatdan aşyryp, kesek zyňlar-da, oňa başgaça nädip düşünersiň? --Şonuň üçin ikimiz howlukmaly, anygyna ýeteli diýýärin-dä, tagapyl et, häzir bulutdan Aý çykan ýaly bolar, “On dördüne tüýnükdenem görner” diýilmeýärmi näme? Keýmir beýleki goňşynyň öýüne gitdi. Ol goňşam öz delillerini getirdi, olam agzyndan ot syçradýar, onuň aýtmagyna görä, dawa ilki mellek ýeriniň üstünde başlapdyr: --Mellegime şaly ekýän, goňşym “Sen meniň serhetime geçipsiň” diýip tutdy ters dawany, eken şalymyzyň maýsalygyna birgidenini sogrup taşlady, dawamyzyň başy şol. Şunça ýüp çekip, ölçäp, düşündirjek bolýan welin, eger-eger, ýöne gaýşyp dur. Ahyry mellek alanymyzda serhetimizde bellik üçin gömlen küli çykaryp görkezdim, biziň obalarda şeýle däp bar, goňşy aralykda serhetiň belligi ýitmez ýaly, dyz boýy çukur gazlyp, kömür ýa kül gömülýär. “Külüňi çykararyn” diýen gürrüňem şondan gaýdan. Onsoň, özüm iş edinip, goňşy ikara adam boýundanam ýokary haýat galdyrdym. Emma indem onuň towuklary haýatdan biz tarapa geçip, ekinlerimi çokalap-zaýalap dur. Menem haýata mündügi kesekläp, towuklaryny yzyna kowýan, ine, bar edýänim, goňşam “Bizi kesekleýäň” diýip, ölüşjek bolup dur. Şunda, heý, meniň çigidiň gabygy ýaly günäm barmy? --Seniň zyňýan kesekleriň haýatdan aşyp, olaryň gelinlerine degipdir, olaram ony ýamanlyga ýorupdyrlar. --Ýok-haw, toba estagpurylla, bu nireden tapylan, nähili gürrüň? Heý, men iliň gelnine kesek zyňarynmy? Onda-da goňşymyň. Men beýle azgyn, haramzada, eşek däldirin. --Sen onda otur öýüňde, men häzir gelýän – diýip, Keýmir ýene birinji goňşynyň ýanyna baryp, eşdenlerini gürrüň berdi ýeke-ýeke. Ol goňşam bu dawanyň anygyna ýetip, üstünden dag aýrylan ýaly bolup, uludan demini alypdyr: --Belanyň körügi özümizde oguşýa. Indi onuň gözüne nädip görnerin? Ile nädip çykaryn? Men goňşymdan ötünç soramagy özüme kiçilik biljek däl. Ýör, bile baraly! Iki goňşy gujaklaşyp, ýaraşdylar-ylalaşdylar, bir-birekden ötünç soradylar. --Öň aýdaýmal-a! --Aýtmaga goýduňmy? Aňrydan çişip gelşiňe gulagymyň düýbüne şelpelini gonduryp. Birinji goňşy: --Şu dawadan öz bizarymyzam çykdy, uly ile-de iş bolduk, eger unasaňyz, başbozar towuklarymyzy öldürip, goňşy-golamlarymyzy çagyryp, kiçiräjik toý etjek. Ikinji goňşy: --Sag-aman açlyşanymyza menem az begenemok. Towugy senden bolsa, tüwüsi menden, goňşy jan. Toýy bile tutaly. Ýöne öňürti ikimiz dogan okaşaly, dawakeşligimizi ile peçan edip bildik, nähili gadyrly doganlygymyzam halka görkezeli. Bir ene-bir atadan bolan süýtdeş doganlaryň bize gözi gitsin! Gel, gujaklaşyp, dogan okaşaly! --Gel onda ýene bir gujaklaşaly! Ýöne dogan okaşylanda näme etmelidigini bilemok. Barmakdan gan soruşmaly diýýärler welin, häli-şindi urşup, birek-biregiň ganyny içişip-ä dogan bolup bilmedik, Ýagşymyrat aga: --Siz bilmeseňizem, Keýmir bilýändir, ol medresäni gutaryp gelen ylymly adam. --Onda bize doganlyk dogasyny okap ber, bu dünýäd-ä bir, ýöne o dünýäde-de aýrylyşmaz ýaly et. Dogan okaşanlaryň bu şatlykly toýundan duz datmak Keýmire-de nesip etdi. Ony il bolup ugratdylar, goňşularam “Haçanlardan bäri garpyşyp ýören iki duşmany sähel salymda kyýamatlyk dogana öwürdiň” diýip, alkyş okadylar. Hoşlaşyk mahaly Ýagşymyrat aga Keýmiriň başam barmagny çalarak gysyp, sorag berdi: --Hydyr at-a dälsiň-dä? Buça bolanyna görä, indi olary nädip ýaraşdyryşyňam aýdyp ber? Munda nähili syr bar? --Eger dawagärleriň hersi bir zat diýýän bolsa, ýaraşdyrmak, mesele çözmek aňsat, ýöme dawagärleriň iksem bir zat diýýän bolsa, şonda kyn, bularyňky şolaryň soňkusy, galanyna özüňiz düşüniberiň! – diýip, Keýmir jogap beripdir. Şondan soň Orazmämmet ogly Döwletmämmet Düýegöz han Keýmiri öz ýany bilen alyp gidip, ýüze çykan meseläni bile çözüp başlady. Keýmiriň öz barmaýan ýerine ady-çawy baryp ugrady, dogry ol öňem tanalýan adam, ýöne indi has giň ýaýrawda. Keýmir nirä barsa, arzylanýar, hemmeler daşynda egele. Täk öz obalarynda däl, beýleki obalarda-da ony tanaýanlar kän, märekede-üýşmeleňde, hamala, işan-pir gelen ýaly, ony iň hormatly törde oturan ýaşulylaryň ýanyna geçirýärler, onuň indiki aýtjak sözüne garaşýarlar. Hasam sowal-jogaply gürrüňçilik gyzykly. Orta atylýan sowala Keýmiriň berýän jogaplary köpçüligiň göwnüne makul. Ediýän gürrüňem hemmeleri gyzyklandyrýan wajyp mesele barada – häzir kesekiniň ýurdunda bosgunlykda-tabynlykda otyrlar, her gün diýen ýaly bir muşakgat başlaryndan inderilýär, munda millet nädip başyny çaramaly? Aslynda, şeýle etmek mümkinmi beri? Iň gowusy öz ýurduňa eýe çykmak. Keýmiriň janyndan syzdyryp aýdýanam şol barada. Watan, halk hökmünde birleşmek, türkmen döwleti, şol ýurduň geçmişi-geljegi. Ine, häzirem Keýmiriň öýünde jemlenişip, urýarlar maslahaty, edýärler geňeşi. Parhy ýok, kim aýtsa-da, hakykat elmydama hakykatdyr. Öýe ýygnananlaryň içinde dutaryň ýokarky kirşi ýaly holpugrak-lagyrdaprak gürlegen, her geplejek bolanda-da burnunyň ujy gijäp, süýem barmagynyň ters ýüzi bilen yhlas bilen tiz-tizden sürtegen Kepban aga diýilýän ýaşulyrak biri söz arasyna böwşeňlik düşeninden peýdalanyp, Keýmire sorag berýär: --Sen ilim diýip, şol sürüp otyrsyň, Keýmir inim, ony asmandan asyp, gözüňe sürme edäýjek bolýaň, meniň tanaýanlarymyň içind-ä alga alyp, bergä berer ýalysam, ýeke şaýa degmeýänem bar. Il diýeniň içine adam dykylan mähnet ganar. Içine merd-u namartaýlardan dykalanan dürüşde, onsoň il nädip, gowy bolýarmyşyn? Adamlar nähili bolsa, ilem şonuň ýalydyr-da! --Il adamlaryň jemlenmesi däl, il maksatlaryň jemlenmesi. Türkmenlerimiziň hemmämiziň maksadymyz öz ýurdumyza eýe bolmak, öz döwletimizi gurmak. Döwletsizligimiz-dä biziň çekýän şu hunabalarymyzyň başy. Eger ählimiz şu matlaba eýersek, onda biz millet-halk bolup bilýäris. Hojanepes batyram söze goşuldy: --Türkmende döwlet bolmandyr diýip, basyp oturmalyň-haw, hany-begi bolupdyr-a hemişe-de. Han diýlenem şa diýlen ýaly bir zat-da. Hansyz wagt-a bolmandyr şunuň. Oturanlaryň hersi öz bildiginden gep atýar. --Ýogsa näme, batyr aga! Döwlet diýilýän zat gerekdir, mysal üçin üstüňe ýagy abananda. --Döwlet bolmasa-da Çingiz hana, Teýmirleňe garşy çykyp döwşüpdirler-ä. --Ýeňlipdirler. Döwüşdigiňmi şol? --Aý, olar tutuş adamzadyň başyna inen belalar, men diýen döwletlerem olaryň öňünde dyza çöküpdir. Baryny kül-peýkun edip, otladylar. --Çingiz han, Buharanyň, Hywanyň hanlary bar näme olar döwlet dälmi? --Özem bizde hanlyk nesilden nesle geçenok-da, halk tarapyndan saýlanýar. Türkmenlerde halkyň unan, bellän-saýlan adamy han bolýar. Başga näme gerek saňa? Kepban aga: --Aý, wagty-möwriti gelse, şu aýdýanlaryňyz şeýle-de, öz-özündenem amala aşar-la. Dymyp oturan Keýmir söze goşuldy: --Möwriti gelende-de özüň garyňa galmasaň, wagt duşuňdan geçip gidiberýär. Soň gijä galýarsyň. --Türkmeniň hany şa bolýan bolsa, hany onuň köşgi, diwany, arz jaýy, hany täji-tagty? Şol zatlarsyz nädip şa boljak? --Biziň hanlarymyzyň köşkem, täji-tagtam halkyň içnde, oba-oba, şäher-şäher aýlanyp, olar mydam halkyň üstüne özleri barýar, meselänem ýerinde-üstünde çözýär. Şol gowy dälmidir eýsem? --Dogry aýdýaň, seljuk soltanlaram ümmülmez ýurdy dolandyranlarynda üç aý Maryda, üç aý Maşatda, üç aý Yspyhanda, üç aýam Töwriz ýakalarynda gezip, döwlet tarapdan garalýan meseleleri şol ýerlerde çözän ekenler. --Döwlet boljak bolsaň, hiç-ýok ýaragly goşun bolmaly, hany hanlarymyzyň goşuny nirede? --Türkmeniň herhaýsynyň elinde gylyjy, aýagynyň aşagynda aty, gerçekleriň her haýsy ona taý. Goşunda şol. Häh diýeniňde – mäh! Pikiriniň soňy nirä degse, şoňa degsin diýip, gürlegiç Kowus-Kyýas diýilýän ekizleriň biri söze goşuldy: --Döwlet diýilýäni ýurduň üçin belli-belli adamlaryň edenini etmek üçin peýdalanylýan zat. Gerkm-aý şol bize? Ekizleriň ikinjisem alyp göterdi: --Düýp Watan diýip sürüp oturan ýerimizde gyşyna aýazmyş, tezegiň bilen doňduryp duran, tomsuna-da ýakyp-eredip gelýärmiş, höwes eder ýaly zat ýok diýýärler. Kowus sözüň yzyny ýetirdi: --Osmanly döwletine giden türkmenlerem oýnamaga gidenok-a. Bar, gör, behişt ýaly döwletleri bar. Olary sürüp äkiden ýok-a, özleri gidipdir-ä, hezil edip ýaşap ýörler, şolar biziň öz garagöz türkmenlerimiz-dä. Keýmiriň ýüreginiň töründe milletden aňyrda adamzat bar. Adama söýgi adamzada söýgüdir. Arzuwlarda mesgen tutan ýurt hakda agzy gyşardylyp, aýdylýan söze ol çydam etmez: --Arap syýahatçylarynyň biri “Garagumda Uzboý derýasynyň ugry boýunça atarabaly bir menzile gidenimde depämden gün düşmedi” diýip, kitabynda ýazypdyr. Keýmiriň bu aýdan sözi ýaňky aýdylanlara jogap. Ol ýene gürrüňini dowam etdi: --Biziň üç ýüz ýyl bäri şunça hupbatly ýollary geçip, şu ýerlere ýetip gelmegimiziem bir agza garap bilýänligimizden-bitewiligimizden. Biziň halk derejesine galanlygymyzyň alamaty şol. Biz dagap, başga milletlere öwrülip, dilimizi-dinimizi ýitirip gidäýmändiris. Ine, şu wagtam jemligimizi saklap otyrys. Biz mundan beýlägem şu ýolumyzy dowam etmeli. Şeýdibem Watana aşmaly. Sözüne biraz dyngy berip, Keýmir ýene dowam etdi: --Eger halk sözüň doly manysyndaky halk bolýan bolsa, onda ol etjek işinem biler. Halk diýmek bir bitewilikdir, pytraňňylyk däldir, baş-başa-da-jan-jana adamlar halk bolup bilmeýär. Halk bolmak üçin hemmäň bir çukura tüýkürip bilmeli. Eger şol halkyň içinde kimdir biri ynjasa, galany şonuň daşynda demir gala öwrülmeli. Biriň köpe öwrülmegi däl-de, köpüň bire öwrülmegi halkdyr! Dym-dyrslyk. Her kimiň gulagy Keýmirde. --Adam diýeniň hil-hil, içinde ederini bilýän bar, ederini bilmeýän bar. Halk diýeniň welin elmydama ederini-goýaryny, nireligine ýöreýänini bilmelidir. Eger ederini bilmeýän bolsa, onda ol heniz halk däldir! Seniň milletiň halk derejesine ýetenmi-ýetmedikmi – ony bilesiň gelse, haýsy ýoldan barýanyna seredäýmeli. Öňemi-yzamy? Gülläp ösýärmi ýa garyplaşýarmy? Bolçulykmy-gytçylyk? Başga-da kän taraplary boýunça bilmek mümkin. Ony biljek bolmak her kesiňem borjy, halkdan üzňe ýaşamak ýok. Ol nähili bolsa, senem şol hili. “Iliň güýji – siliň güýji”, siliň güýji öňündäki bir giden zatlary agdar-düňder edip, akdyryp, weýrançylyk edýär, bibereketçilik getirýär. Emma ony dogry ýoldan akdyryp-ugrukdyryp başarsaň, ondan peýdalanybam bolýar. Beýle etmek üçinem ol güýjüň başynda akylly-başly, öňden görüji, parasatly adamlar oturmaly... Halk içinde Keýmiriň ady-abraýy barha artma bilen, arman, diňe öz gelniniň ýanynda onçakly gadry ýok. Keýmir oý-pikirlerinde dünýä bilen, Pelek bilen gidişip ýören adam, bir ýerde oturmaýar. Bir ýerlere gidýär, adam köküni yzyna tirkäp, öýe getirýär. Kakasyna çekipdir-dä, Hojanepes batyram hatda dostunyň öýüne barmagam garalla bilýär, öz gapysynda üýşülenini kem görenok. Bagşy hemme aýdymy aýdyp bilmeýär, öz sesine ýaraşalaryny saýlaýar, bir adam hemme käri başarmaýar, Şaperem öz adams-a baýaky, öçlerine ýygnanýanlaryň ähli sözüniň manysyny doly düşünmeýär, onuň gulagyna tenha gopgun eşidilýär. Keýmir gelnini öz derejesine deňiç galdyryp bilmejegine gözi ýetip, kätä özi gelniniň derejesine deňiç peselibem görýär. Şaperi welin netikaza eglişik eder ýaly däl. Onsoň Keýmir teninem gatadyp gördi, bir gezek-ýarym gezek gelni bilen dikleşmelem boldy, ýene kakasy-ejesi ylgap gelip, ogularyna käýäp, gelniniň arkasyny alyp, ikisinem köşeşdirip, oňuşdyrmaga çalyşdylar. Hojanepes batyryň sözi hemişe-de gysga: --Senem gowy görýäs welin, çagaň bilen gelniňi sendenem gowy görýäs. Şonuň üçin, hanym, bir diş yza gaýt, aýp bolar. Iki sany pyçak çeneşip oturan goňşyny dostlaşdyryp, kyýamatlyk dogan edip gaýdan kişi indi öz nikaly gelni bilen dil tapyşyp-oňşup bilmezmi? Il-gün “Biziň Keýmir diýip, öňe tutup, hil bir adam edip ýörenimiz-ä bärkisi öz gelni bilenem oňuşman ýören maňlaýygara betbagt eken-ä” diýse, abraýyňamy? Galyň bendäniň bizden-senden tamasy uludyr, halkyň ynamany syndyrmaly, oglum! Altyntäç gelni bilen ikiçäk galdy, düşündirdi: “Ilkinji gezek şu öýe düşenimde menem geň galdym bularyň bolşuna, soň öwrenişip gitdim, ýogsa özümem han gyzy, bizde-de şeýleräk ýagdaý bardy, ýöne bularyňky halys ýürekden, bularyň gaýgysy, ýurduň, milletiň gaýgysy, olara gygyryşýandyrlar ýa sögüşýändirler öýtme, düşünişjek bolýarlar, häzir salarlar dawany, yz ýanam ala-ýazdyrlar”. Adam häsiýetini üýtgetmek gaty kyn, hatda, mümkin däl diýen ýaly. Dünýädäki adamlaryň içinde sen diňe bir adamyň häsiýetini üýtgedip bilýärsiň, olam – özüň. Ýöne ýalňyz öz häsiýetini üýtgetmegem hemme kişi başardaýanok. Keýmire-de gelnine görä öz häsiýetini üýtgetmek üçin köp wagt gerek. A dünýädäki ençeme adamlar welin beýle etmegi başarman, bütin ömürlerinde maşgalalarynda oňuşman ýaşaýarlar. Öýüň içinde Keýmir bilen Şaperi. Keýmir-ä kakasydyr-ejesiniň aýdanlaryny berjaý edip, gelnine hiç hili gaýtawul bermän, sessiz otyr. Şaperi welin äriniň ümsüm oturmasyny öz rüstemligi hasaplap, gylaw alyp, beterine tutmasa, peseljege meňzänok, bokurdagyna agram salyp, sesine kem-kemden bat berýär: --Öňem ýok, soňam ýok, şol ýaňkalaşyp otyrsyňyz, utanaňyzogam, meniň ýüregime dökülýär, men bu ýagdaýda ýaşap biljek däl, nähili adamlar siz, men halys bizar boldum. Bir aýdanym bitmezmi indi bu tünekde? Adam üýşürme gapa! Kakaňa näme gerek, uly adama meňzeş däl, otursyn-da öýünde. Kakaňa, ataňa, Watana at dakylsa, söz atylsa, çydap bolýarmy? Keýmir “Sen indi kakamy öz öýünden kowjak bolýaňmy, şu oturan ýerimiz kakamyňky dälmidir?” diýip, gaýtawul beräýsem diýdi-de, ýene kibtini gysdy, içini gepletdi: “Diýsin, özi aýdar, özi goýar, günleriň biri ahyry düşüner”. --Haýsy üýşmeleňe barsaňyz, bir kakaň ikiňiz lagy-lagy edip otyrsyňyz, sesiňiz alaňdan aşýar, başga adamdan ses çykanok, uly il dymyp otyr. Men-ä gorkýanam şu gürrüňleriňizden, bilip goýuň, Hywa hany eşidäýs-ä, eýgiligiň üstünden eltmez sizi, ýüregim syzyp dur, birden öldürdip ýa zyndana zyňdyraýsa, bizi kime taşlap gitjek? Heý, şol barada oýlanýaňmy? --Biziň gürrüňlerimizi Hywa hany eşidäýende-de, edil çagasy düşäýmez, biziň onuň bilen işimiz ýok, biz öz Watanymyza eýe çykmagyň gabgysyny edýäris. Şaperi ýanýoldaşy bilen dawalaşmagyň hasabyny alan-da, kakasyna degilse, ärine gaty çümýänini bilip, gürrüňiň ugruny diňe Keýmire tarap öwürdi: --Tutuş il akmak-da, bir sen akyllymy? Ilem şuny hil bir adamdyr öýdýär, muny özüniň ýnyna oturmaga gelenleriň ýanynda göräýseň, allanämesiräp. Awuly sözleri islese, Keýmirem tapýar. Ýöne ol Şaperä dözenok, ol welin Keýmire gözýär: --Men seniň üstüňe atalap gelemok, göwnüň ýetmeýän bolsa, myrtaryňy aşyryp, barmaly däl ekeniň-dä gapymyzdan, goşa kelle, kör ýerçeken! Şaperi teni-tene gatsa-da, demi-deme gatsa-da, gany gana gatanok, öz adamsyna gezek gelende bir hili ýekemenräk, ýabanyrak, münüş öwrenmedik at ýalyrak, hamana, zor bilen ýa aldanyp berlen ýaly düşünýär, aslynda welin, meýletinlik bilen öýlendiler-ä. Durmuş diýilýän bedewiň üstünde ynjalykly-ezber oturmagy öwrenmeseň, öz iň golaý adamyň bilenem igeşikli ýaşamaly edäýýär. Maşgala durmuşyň ala-gowur-gohmy – onda günä özüňde. Buzuň üstünde turan tozan tüýs bolmajagyna tutup, ýaşaýyşdan eliňi sowadyp, dünýeden doýurýar. Ýok-ýok, Şaperem şony şomluga ýazdyraýyn diýip edenok, ýöne Şaperiniň tapýan gepleri Keýmire ýaranok, Keýmiriňkilerem Şaperä. Aýlandy-dolandy-da, Keýmir ýene-de öňki zol-zol gaýtalangyç bir pikirine gaýdyp geldi: “Belki-de, men ony selki tutýandyryn? Agyz ölçegiňi aldyraýmagyn diýip, şu bela sargasalaram, gulak salmadym-da.” Ol öz sowalyna özi jogap berdi: “Aý, ýok-la, söýşüp gurmadyk durmuşyňy, urşup gurup bolmaz!” Ol bir sowalyny inkär etse, ýene biri döreýär: “Belki-de, gelnimiň jilwesine, näz-kereşmesine düşümeýän tünt bolaýmaýyn? Haçan görüpdirin gyz-gelniň baz-u kereşmesini?” Şu pikir-ä öňem birki gaýra gelipdi serine, ýöne her gezegem jogapsyz galypdy, häzirem ol sowala taýyn duran jogap ýok. Her iş gopsun, günäli-bigünäligine seretmezden, Keýmir mydama belanyň körügini özünden gözlegiç, sebäbini özüňden agtarsaň, köplenç bir uşlyp tapylýaram. Şaperi Keýmiriň degnasyna degdi, çydap bolmaz derejede, bir gezek iki gezek däl, ýöne herki zadyň öz hetdi bar. Aýallygyny etdi, kör diýip sögdi. Näme onuň körlügini görmän geldimi? Ýa ol şol körlük belasyny başyna satyn aldymy? Başyňa düşse, etjek alajyň näme? Keýmirden bar tapýan aýby – bir gözüniň körlügi – Şaperem şol göze söz bilen çiş dürtýär. Herhal, Allatagalanyň adamy iki gözli ýaradanam bir gowy zat, biri gapylsa, ikinjisi görýär. Keýmir, megerem, ýeke gözi bilen iki gözli Şaperiden köp zat görýändir. --Kör gözüme urma-da, Şaperi? Öňem şol gözümiň derdi ýetik. Senem görüp, gelensiň-ä körlügimi! Goşakelle bolsam, ilki duşanyňda görensiň-ä kellämi. Şaperiniň ýene bir ýaragam – agy. Agynyň arasyna salyp, diýibermeli diýjegiňi: --Düzüw zat bolsaň, maňa ýetdirmezdiň, ardap ýatan ýerçeken! Ah, ejemden boldy-da, şol gaty sylagly ýerler, razy bol-aý, gyzym, diýip duransoň, geldim, beýle boljagyny men näbileýin. Wah, garagym gapylypdyr-leý, dilimi Gara molla baglapdyr-da şol wagt. Bir çak içiňe depip gitmelidim, ejemden boldu-da, “Oňuşjak bol, düzeler” diýse, şeýlemikä öýtdüm, indem gitjek, aýrylyşjak. Bu durmuşymdan ýeke ýaşanym müň paý gowy! Gerdenim bilen odun çekip günümi görerin welin, görerin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |