10:27 Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy | |
GÜN BIZE GEŇEŞMÄN DOGÝAR
Powestler
Demir ýol platformasynda alty wagon şulhamyz dur. Ygtyýarymyzda-da dört sany maşyn. Bir bölegimiz gidip, aňyrdan ýüklemeli, galanlarymyzam bärde düşürmeli... Hars uramyzda-da agşama çenli gutaryp bilmejegimize gözüm ýetip dur. Her edip, hesip edip, bärde galmaly... Baýram aga garşysyndaky pyýadalary ýene bir sapar gözden geçirdi-de brigadirimize ýüzlendi: - Onda, men-ä, arkaýyn bolaýjak, Hydyr! Gaýrat edeweriñ, ýaňy stansiýa naçalnigi jaň etdi. Ertir irden platforma eýýäm boş durmaly diýýä. Eger juda ýetişmeris öýtseňiz, habar ýetiräýiň, kömekçi gözläýmeli bor-da. - Özümizem bir zat ederis-le, Baýram aga! -- diýip, Hydyr gepini tassyklatmakçy bolýan ýaly, bize seredip ýylgyrdy. Oglanlar ýerli-ýerden dillendiler: - Hawa-la, oň ýalyjak işi şu gün gärmeli däl ahyry!.. - Men-ä, dogrusy, ýuwdunyp beýläme bakaýdym. "Ýetimiñ agzy aşa ýetende burny ganar". Ýetmenkä-de ganajak bolup dur-a!.. Päsgelçiligiň nämahal döräp, haýsy öwrümde çykjagyny biler ýaly däl. Durmuşyň ownukly-irili hyllallalary sähel ahmal bolsaň, silterlejek bolup dur. Biliň mydam guşalgy, ýeňleriñ mydam çyzgalgy bolmaly. Her bir hereketiň, her bir ädimiň üçin öz-özüňe hasabat bermeli. Adaty hem-de seýrek duş gelýän her hili hadysalaryň täsirinden çykarýan netijeleriň ýerliklidigini hem-de haýsydyr bir asylly maksada eýerýändigini subut etmeli. Diýmek, ýene göreşmeli-dä? Hawa. Hökman. Başga ýol ýok. Göreşmeli. Penjeleriň mydam täleýiñ bokurdagynda bolmaly. Başarmasaňam -- tersine bolýar, ýagny takdyr seniň bokurdagyňa ýapyşýar. Ony islemeseňem baş üstüne, ine, saňa görnüp duran hem-de göze ilmeýän garşydaşlar -- dikleşiber! Bu zatlar -- ýaşaýşyň mazmuny, ömrüň manysy. Öz ykbalyňa sähelçe-de, ujypsyzja mukdarda-da sowuk-sala garasaň, öz-özüňe igenen, käýinen, nälet okan ýeriň, hatda öz-özüňi ýigrenen ýeriňem köp bor. Durmuşda haýsydyr bir kiçijik, göräýmäge ähmiýetsiz bir detalyň ullakan ömre täsir edýän ýeri hem az däl. Hiç haçan öz münüp barýan atyň uýany özgäň elinde bolmasyn... Onsoňam, "Aglamadyk oglana emme ýok". Ine, häzir Hydyr bizi ikä bölüp dur: alty oglan gitmeli, dördümiz bärde galmaly. Senem şol altyň içinde. Sesiňi çykarmasaň, gidersiňem! Seň içiňi ýyrtyp barýan aladaň bilen kimiň ne işi? Kolhoz üçin seň Güljahandan aljak bir posaňdan (o-da alaýsaň!) bir gysym şulha on esse gymmat. Onda nämä ýaýdanýaň, gijä galaýma, Şalar! Ýoldan-a yza öwrülip bolmaz... Ikirjiňläp duranyma gözi düşen brigadir maňa tarap gaýtdy. Häzir durmuş frontunyň nobatdaky kiçijik bir çaknyşygy bolup geçer. Ýa-ha ýumrugyňy düwüp dur, ýogsa-da çekgäňi taýynla... - Sen, näme, pyýada gitjekmi ýa göterip mündürmelimi? - Men bärde galaýyn-la, Hydyr! - Näme boldy? - Aý, hiç-le, ýöne bir işim bardy-da... - Beýle zerurmy? - Öwlüýä kessin... - Mydam bir zat tapýaň-aý, senem!.. Häliden, näme, diliň ýokmudy? Başga bir wagt bolan bolsa, beýdip, üstüme heňkirtmejegim-ä bilýädim welin, häzir dişimi gysdym. Hydyram elini silkdi-de, ýerime bärki oglanlaň birini alyp, maşyna garşy ýöneldi... *** Stansiýa bilen obamyzyň arasy bary-ýogy on-on iki kilometr. Dört sany suw ýaly maşynam edil Ýumak gatnadýan ýaly. Çilimiňi söndüreriňe mähetdel, elesläp gelýändir... "Hawa! Şu ýyl gatnanyňyz-gatnanyňyzdyr, indiki ýyl-a üstüňizde eli çarşakly Şalar görünmez. Indiki ýyl, nesip bolsa, iň agyr işim institutyň basgançagyndan münüp-düşme bor... ýöne, haýsyna maňlaýymy diresemkäm? Belli bir ugurdan alyp-ýolup barýan zadymyzam-a ýok. Goşgujyk-dagy ýazanam bolýan welin, o-da ne ýazyş! Her bendiniň yzyndan "Haý, läle jan" goşsaňam bolup dur, "Huwwa-huw" goşsaňam. Ýogsam dil-edebiýat ugurdan gitsem maňa beýlekilerden aňsadrak düşjeginem bilýän, sebäbi onda fizika, himiýa, has beterem matematika ýaly iň kyn görýän ekzamenlerimiň birem ýok... Aý, görerin-dä, hany, ilki bärki ekzamenden bir geçeli. Bir ejemi razy etjek bolsaňam, bäş-alty professorlara ekzamen berençe bar. Onsoňam... meniň bu galagoply dünýäme ýene bir adam assyrynlyk bilen aralaşyp gelýär... Güljahan. Eýsem-de bolsa bu gyz meniň kalbym öýüne gelen bäş günlük myhmanmyka ýa-da ýüregime ymykly girip, gapyny içinden gulpladymyka? Kalbymda duýdansyz peýda bolup, baş çykarardan çylşyrymlyrak görünýän bu duýgy eýsem, nämekä? Hoşlaşykmyka? Duşuşykmyka? Eýsem bu gaýgysyz, aladasyz geçip barýan ýetginjeklik döwrüm bilen ömürlik hoşlaşykmyka ýa-da kitaplardan kalbyma siňip, kinolardan aňyma ornan beýik söýgi bilen duşuşykmyka? Eýsem, bu nämekä?.." Bir hakydama gelsem, boşan kuzowyň düýbüni çarçagym bilen gazap durun. Sakga durup, kellämi göterdim. Hol beýleräkde ýylgyryşyp oturan oglanlar eýýäm çilim otlanypdyr. Kabinaň gapdalynda bolsa şofýor maňa seredip birhili gamgynlyk bilen başyny ýaýkaýar... Gün ýaşyp, iňrik garalyp ugrady. Dogrusyny aýtsam, meniňem dünýäm daralyp ugrady. Aňyrda ýene iki wagon garnyny gäberdip dur. Aňyrsy ýarym sagatdanam kolhozymyzyň çaklaňja klubunyň tutuş bir diwaryny tutup duran ekranda Aşyr aga özüniñ mekirligini hem-de hötjetligini görkezip başlar... Belki, maňa Aşyr agadan öňürti Güljahanyň hötjetligini ýa-da mekirligini görmek miýesser eder. Eger şeýle bolaýsa, janymyň ýangynyna galan maşynlaň ählisini ýeke özüm düşirin. Ýöne... Wagt geçip dur, indi her niçigem bolsa, bir esaslyja bahana tapyp, oglanlardan rugsat almaly. Çarşagyň sapyny döweniň bilen "Bar, gaýdyber" diýilýän bolsa, hezil-le, kuzowyň düýbüne ilteşdirip, bir silkip goýbersem, nädersiñ gapdalymda gara dere batyp, itinip duran Hally keriň gulagy açylaýsa!.. Ýagdaý o diýen öwerlik däldi. Eger oglanlar biline hötjetlik guşagyny guşansalar, menem mekirlik donunyň ýeňini çyzgamalydym. Nobatdaky maşynyň üstüni ýylan ýalan ýaly edip, skladyň diwaryna arkamyzy ýaplanymyzdan, mysapyrsyran bolup, hüjüme geçdim: -- Oglanlar, sizden ýekeje bir haýyş bar... Azajyk ýadawlyk çyg görnüşinde ýüzlerine çaýylyp ugran ýigitler birbada üşerilişdiler. "Siz indi gaýdyberiň, galanyny özüm bir zat ederin" diýmejegim-ä belli. Şonuň üçinem bu pyýadalaň böwrüni diňleşip oturmagyny gaty kanuny zat hasap edýän... Assyrynlyk bilen syn edip, biriniň dillenerine, "Hawa, bitir ýaly haýyş bolsa, aýdyber" diýerine demimi saklap diýen ýaly garaşýan... Edil şeýle aýgytly pursatda-da zehin paltam janyýangynlyk daşyna degip, özümi lampa ýere goýberýän: -- Haýdar, Kakowyň motoryny näçä satjak diýeni ýadyña düşenokm-aý? Bu -- Hally ker. Onuň beýle etmäge doly haky bar. Ol seniň haýyşyňam eşidenok, paýyşyňam. Özüne gerek zady islän wagty sorap bilýä. Nähili pynhan gürrüňiňem bolsa, gizlin haýyşyňam bolsa gulagyna gygyr. Ýogsa-da ondan zady gaty görme... Haýdar gürlände çiliminiň tüssesi bölünip-bölünip çykýar: -- Hawa, näme haýyş? -- Men bir-iki sagatlyk bir ýere gidip-gelmeli... Okum nyşana degmän, beýle gapdalyny tozadaýdy öýdýän, ara ýene ümsümlik aralaşdy. Hol beýleräkde çaý gaýnadynyp ýören skladyň garawuly Atalyk agaň çalaja hiňlenýän aýdymy gulagyma aýyl-saýyl eşidildi. Dogrusy, o mahal rugsat berilse, berilmese, gitmegi pugta ýüregime düwüpdim, ýöne aňrujy ylalaşyp bolsa, boýnyýogynlygyň geregi ýokdy... -- Tarladyp ýörenine-de dört-bäş ýyl bolaýdy öýdýän?.. Bu -- ýene ker. Gaýrarak çekilip, bar güýjüň bilen ker gulagynyň düýbüne doňduraýasyň gelýä. Bolanok. Isläniñi edilýän zamanadan bireýýäm oba göçüpdir... Aý, men-ä şeýle zamana bolandyram öýdemok. Hiç haçanam adamlar göwnüne gelen zadyň ählisini amala aşyryp bilen däldirler. Hemme zadyň çägi bar. Güýjüñem. Şöhratyňam. Beýikligiñem. Dabarasy dag aşyp, güýji ýer ýaryp geçen şahsyýetleriň hem bu ýalançy bilen ahmyrsyz hoşlaşany ýokdur. Karun. Isgender Zülkarneýin. Rüstem Zal. Çingiz han... Hany, şu pyýadalaň haýsysy armansyz geçendir öýdýäñiz? Eýsem, Görogly deý gerçek goç ýigit perzentsizlikden nalamanmy? Baýram hany nätjek? Hindistan ýaly ajaýyp ülkede şa gyzyna öýlenip, harby çaknyşyklarda görlüp-eşidilmek edermenlikler görkezip. Mübärek han diýen bir wenezzyna ýeňsesinden gelip, pyçaklanda, ýagty jahandan iki gözüni açyp gitmedimi?.. Onsoňam bu ýerde kän bir ahmyr edip, arman çekip durar ýaly Hally keriň aýdan uýtgeşik zadam ýok-la , ker diňe kerligini edýär-dä. Ondan nämäni gaty görjek. Ine, häzirem, görgüli, iki sowalynyňam jogapsyz galanyny geň görüp, herimiziň ýüzümize taýly gezek bakýar-da, çarşagyny süýräp, ýaňy gelen maşynyň bortuny açmaga ugraýar. "Häliden şeýt-de, gümüňi çek-dä!.." *** Öýe baryp, eşik çalşyryp ýörmäge wagt ýok. Şonuñ üçinem... Niredesiň uly iliň derdine derman, meni welin dermansyz derdim - keselhana! -- Salam, Güljahan!.. Nämüçin iş eşigimde gelenimi düşündirip durmaga-da wagt ýok... Jübimden hersi bir apbasylyk iki sany gökje kagyzy göýä uly bir ähmiýetli taryhy dokument ýaly, dabara bilen çykardym: -- Ine, Güljahan!.. Gyz maşgala mahsus az-kem çekinjeňlikden, ikirjiňlenmeden soň, biz görgülä mahsus birnäçe haýyşlardan, "Öwlüýä kessinlerden" soň, gurjak ýaly bezenen gyz bilen ýagyrnysy bugaryp duran köýneginiñ ýeňinden, ýakasyndan şulha sallanyşyp duran pyýada klubuň işiginde peýda bolýar... Eýýäm çyralary öçen zalda žurnal gidip dur. Bu biziñ üçin kemem däldi. Çünki men öz gadyrdan ildeşlerime diýseň beletdim. Ýuwaşlyk bilen yzraga geçip, boşlaw hatarlaryñ birinde ornaşdyk. Şükür, ümsümlik. Göze ilmän geçipdiris. Güljahan bilen bilelikde ýaňy bir aýak basyp ugran ýodamyzda garaşylmadyk bir päsrelçilik ör-boýuna galdy... Keýplerini çakdanaşa köklän iki ülpet niredendir gelip, edil öňümizdäki hatarda çökdi. (Ertesi bu ikisine bilet beren kassire, bulary zala goýberen kontrolýora berk käýinç beriljeginden, ikisiniňem prawleniýäň jaýynda ýüzlerini sallaşyp durjagyndan Baýram agaň igenjiniň köp başlary agyrtjagyndan, garaz, içenine ökünmeselerem, kluba gelenine ökünjeginden şo mahal olaryň özem habarsyzdy. Bularyň kino tomaşa edip, lezzet almajagam, özgelere aldyrmajagam bellidi... Ekranda haýsydyr bir daşary ýurt respublikasynyň prezidenti görünse, bärki ikisiniň arasynda özara pikir alyşma başlanýar: -- Çaryş, bu kim-äý, tanamadym-la?.. -- Seň şony tanamaýanyňam bir gowy zat. Sähetgulyşga... Şo bende-de, seň tanşyň bolsa, o derejä ýetmezdi... Men ýaly... -- Ýak, alýaň-aý, Çaryşka, kak onda bäşi! Kemineden soñ biri dörejek diýýärdiler welin, sen bolaýma şol?! -- Kemine kim-äý, gel-gel, meň bilen deňär ýaly? Ömründe bir gep halta bilen ýyrtyk içmekden başga zada gözi düşüpmi oň. Maňa-ha, dogrusy, müň sany içi gepli ullakan haltadan ýekeje içi pully kiçijik halta müñ esse gowy... Näden bolýan? Ýok, bular bogazyna sygdygyndan gygyryşanoklar, gaýtam şu arkaýyn, özara, mesaýy gürrüň edişip oturyşlaryna, kämahal biri beýlekisine "Hüşş!" edenem bolýar. Sabyr takat pyýalasynyňam gyrasy bar, çägi bar. Bularyñ jedeli bolsa gyzsa gyzjak, emma sowajak däl. "Il aglak bolsa, doňuz depä çykar" diýen nakyl ýadyma düşdi. Daş-töweregime ser saldym. Iki-ýeke gözüni alardýan bolaýmasa ýa-da ondan-mundan çawup gidýän gazaply hem-de ýazgaryjy "hyşy-wyşylar" bolaýmasa, kän bir pitiwa edýänem ýok. Meňki dogrumy, nädogrumy, biljek däl, ýöne ilki başda: "Aý, kör boluñ, özüniz terbiýelänsiňiz, kemala getirensiňiz, özüňize-de nesip etsin. Bu wagt pyşyrdaşyp oturandan, wagtynda şahyna kakmaly ekeniňiz" diýip, içimi gepledip oňaýdym... Soňra yzky apparatdan ekrana uzaýan mawy şöhläň, yşygyndan peýdalanyp, Güljahana göz aýladym. Şol bir wagtky Bäherdenden gelýän awtobusyň üstündäki doňup oturan gyz güpbe ýadyma düşdi. Edil gapdalymda, ýanaşyp oturan Güljahan göwnüme bolmasa häzir şeýle bir uzak, şeýle bir sowuk, şeýle bir keseki bolup göründi. Meňki dogrumy, nädogrumy, biljek däl, ýöne men uludan dem alyp, ýene dişimi gysdym... Ine, indi bolsa kyrk köpüklik sigaretiñ bir köpüklik tüssesi haýbat bilen çar tarapa owsun atyp, girere deşik gözläp başlady. Gök tüssä boglup oturan Güljahan üsgürmän zordan saklandy. Men welin saklanyp bilmedim: -- Çary, söndür çilimiňi! -- diýemde, sesim diýseň dözümlije ýañlandy. -- Sähetguly, bu niräň milises-äý, tanamadym-la?.. -- Ses-ä Şalaryň sesine meňzeýä... O haçan beýle medeniýetleşip ýörkä? -- Töwerekden ýuwaş-ýuwaş kinaýaly sözler ýagyp ugrady. -- Utançsyzlar! -- Bihaýalar! -- Bulara bilet beren adamda kelle ýok! -- Kim zala goýberen bolsa, çykarsynam ýok edip!.. Lentaň arasy kesilip, zalda çyra ýandy. Biri galman aýak üstüne galan milletiň barynyñ gözi biz tarapdady... Aşyr aganyň mekirligini synlamaga gelen sakgaldaşlarynyňam, Gurbanyň tutanýerliliginden sapak almaga gelen deň-duşlarynyňam, Oguljanyň bagtly eýýamdaky päk söýgüsini teswirleýän "Şatlyk" walsyny diňlemäge gelen boýdaşlarynyňam, gelnalyjyň gelerine şowhunly sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan çagalaryňam... näletden doly gözleri bu iki ulalyp-oňalmadyga dikildi. Menem ýetjek derejäme ýetäýdim öýdýän. Aýasy derläp ugran penjämi yraň-daraň edip, ýerinden galan pyýadañ, egnine ykjam goýup: -- Gowulyk bilen aýdýan, çykyň ikiňizem klubdan! -- diýemde, sesimiň üýtgäp gidenini aňdym. Bir kinoň arasy kesilip başlanan başga bir kinoñ soñunyň näme bilen gutarjagy belli däldi, ýönee Çaryň agasy Garýagdy bilen kolhozymyzdaky komsomol guramamyzyň sekretary Atabaý ikisi wagtynda ara düşäýdi. Olaryň hersi bir başbozaryň çigninden tutup, däli çebiş äkiden ýaly südenekledip, gapydan çykardylar... *** Iki "artist" klubdan çykyp gidenden soň, Güljahanyň ýüzi açylyşyp, meniňem biraz demim düşüşipdi. Öňküje ornumyzda jaýlaşdyk. Indi biz zalyñ garalyp, ekranyň ýagtylaryna garaşýas. Seredip dursak, biderejik garaşypdyrys. Öňdäki hatarlaň birinden Baýram agaň medeniýet baradaky orunbasary Bagtygül turup, göni bize tarap gaýtdy. Şu oturgyjyň üstünde bir gara öküz ýalmanyp oturanam bolsa, beýle geň görmezdi: Bagtygül: Şalar?! Men: (içimden) Ýigrimi ýyl bäri Şalar, şu gün görýänsiň... (daşymdan) Hawa? Bagtygül: Sen bu ýerde näme işleýäň? Men: (içimden) Şulha düşürýän, ýene näme? (daşymdan) Aý, kinojyk gören bolýas... Bagtygül: Hany sen işde bolmaly dälmi näme? Men: (içimden) Senden başga şu kolhozda ýolbaşçy ýokdur, gaýrat et! (daşymdan) Bolmaly öz-ä... Bagtygül: Ýa gutardyňyzmy işi? Men: (içimden) Men kakamyň öňünde beýle hasabat beremok, seňki näme diýsene! (daşymdan) Aý, ýok, ýene bir azajyg-a galypdy. Ýöne men... Oglanlardan soraşyp gaýtdym, rugsat aldym şolardan... -- Ertir onuň anygyna ýetäýeris, irden edara bararsyň -- diýdi-de, ol öz hataryna tarap ugrady. Menem sesimi çykarman, aşak oturyp, çygjaryp ugran maňlaýyma elimi ýetirdim. "Wah, seň edaraňa şu gije bar diýseňem, barjak-la, ýöne häzir bir azar berme, keýgim, bulama bujagaz günümi..." Otursamam-a oturdym welin, kän bir ekran bilen serim bolmady. Ömrümiñ dogduk obamda geçen ýigrimi ýylynyň içinde bütin süňňüm, kalbym, durkum bilen şäher küýsedim. Obadan pylan ýeri gowy ýa-da pylan zady artyk diýip aýdyp bilmesemem, şäheriň ululygy, giňligi, ýaşaýan ilatyň obadaka garaňda onlarça, ýüzlerçe köplügi, göripligiň, bahylçylygyň, bilesigelijiligiň, biri bilen synlap, beýlekisi bilen ýazgaryp duran gözleriň obadaka garanda onlarça, ýüzlerçe azlygy meni, nämüçindir, bu sapar has mäkämräk özüne çekdi. "Eý, meniň ýalňyz mekanym, eziz obam! Sen meni ösdürdiň, ulaltdyň, kemala getirdiň. Ýöne sen meniň günämi öteweri, kämahal mejbury ýagdaýda men saňa-da igenip başlaýýan... Men neneň igenmäýin!? Hamana, meniň gapdalymda Güljahan däl-de, Güljemal han oturan ýaly, bütin zalyň gözi bize dikilgi. Ýerimden turup: "Ah-ow, doganlar, ekran aňry tarapda!.." diýip zowladybereslerim gelýär. Galyberse-de... Bagtygül, bir partada bile oturyp, näçe ýyl bile okan Bagtygül... Ýedinjide -- ilkinji söýgim -- Bagtygül. Sekizinjide -- ilkinji posam -- Bagtygül. Dokuzynjyda -- ilkinji şarpygym -- Bagtygül. Onunjyda - ilkinji ýitgim - Bagtygül. Bu gün saňa näme boldy, Bagtygül? Bu näme etdigiň boldy? Sen gabandyňmy, Bagtygül? Sen ar aldyňmy, Bagtygül?.. *** - Eýsem, sen şeýle boljagyny bilmediňmi? Güljahan mamla, ýöne sorag ýerliksiz. Onsuzam meniñ ýüküm ýetik. Onsuzam bu şowsuz agşamyň göze ilmeýän günäsi goşa egnimden goşa dag bolup basyp dur... Ot düşen kalbyma suw deregine nebit guýup barýan gyzyñ nähili çaltlyk bilen gabadyna geçip, iki goşaryndan ýapyşanymy duýman galypdyryn. -- Men, näme, bilgeşlin şeýtdimmi, Güljahan?.. Ine, şeýle boldy-da, indi men nädeýin?.. Goşarlar goşa balyga öwrülip, golumdan sypdy. -- Gijäň rahat, Şalar!.. *** Şol gezekki ýaly "rahat" geçen gijeler soňam näçe sapar gaýtalandy. Bir hepdeläp keselhana aýak sekilen däldir. Ýöne, şo hepde maňa gaty agyr degdi. Dogrusy, horlandymam. Ýene bir aý dagy şeýdip, içimi hümledip, çaý-nahardan tumşugymy sowup gezen bolsam, walla, ýyrtyk jorapdan barmaklaň çykyşy ýaly süñklerim hamymdan çykyp ugrarmyka diýdim. Öňem biri: "Yşgyň ody ýaman eken, waý, janlarym!" diýip, garaçyny bilen bagyran eken. Bagyrtjak bü... Pyragynyñ: "Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, gök titreýip, çekebilmez bu derdi" diýen setirleri-dagy ýadyña düşýä welin, edil iniň dyglaberýär... Onsoňam, adam pahyr şü ýitgi diýlen zat bilen öwrenişibilmän geçjek eken. Baý, onuň her sapar agyr degäýşini! A ýitgiler hil-hil bolýar. Biri bar, ujypsyzjadyr -- diňe gaşyňy çytdyrýar, ýene biri bar, eslijedir -- agladýar... Käsi ýer ýumrukladýar. Käbiri saçyňy agardýar. Käbiri bolsa o dünýä ugradyp goýberýär... Erkimi elimden alan bu täsin duýgynyň çyn söýgüdigine ýaňy bir gözüm ýetip ugran wagty yşk dagynyň çür depesinden kelemenläp gaýdyp, ahmyr deresiniň düýbüne çym-pytrak bolup düşmek howpy üstüme gara bulut bolup abanan pursady, gepiň gysgasy, Güljahan atly ullakan bir materigiň meniň dünýämden bölünip, Näbellilik okeanynyň däli gomlarynyň astynda ýitjek bolup duran mahaly, özi umytdan, kürekleri ynamdan ýasalan ýeke-täk gaýygymy akymyň ugruna kaýyllyk bilen, has dogrusy, haýynlyk bilen kowup goýbermegi men-ä başarjak däl... Ýogsa-da, beýle ýagdaý hemme kişide-de bolýarmyka: şeýle gyzyň şu ýalançyda bardygyny bilmänem, ýigrimi ýyl ýaşapdyryn. Indi welin oňa bir hepde gözüm düşmedi welin, ertire-de çykmajak ýaly... Irde-giçde dolanjagymam-a edil aýna seredilen ýaly. Şonuň üçinem wagty biderek ýitirmän, hut şu gün agşam baraýyn. *** Işden gelip, hasyr-husur ýuwnup, sakgalymy syrdym. Oňatja geýnemsoň surata düşjek ýaş şahyr ýaly aýnaň öňünde-de eýläme-beýläme öwrülip, ýüzümi dagymy her hili edip, ýarym sagat durdum. Ýarty çüýşe atyram guýdum depämden wagladyp. Ejemiň gapdalyndan geçip, daşky gapa ýönelemde, görgüli, eli bilen burnuny tutup, zordan gürledi: -- Şalar jan, nirä oglum? Keýpimiziñ galyp ugran wagty biziň jogabymyzam näme, ýeke söz-dä: -- Gudaçylyga!.. Añk-taňk bolup galan biçäre yzymdan elewräp çykyp, howlyň agzynda nirä barýanymy synlap durandyr diýip, gümanam etmämsoň, enaýyja sykylyk atyp, Nazar Lukmanyň depesi gyrmyzy baýdakly "köşgüne" tarap ýola rowana boldum. Keselhanaň gapysyndan ätlänimem şoldy welin, Güljahanyň otagyndan çykyp gelýän Bagtygül bilen tas çakyşypdym. Gapdalymdan şowurdap geçen gelniñ ýüzüne gözüm kaklyşanda welin, ýüregim "jig-g" edip gitdi... "Eý, Hudaý, bu nämäň alamatyka? Ýeri, muňa näme bolduka?" Dogrusy, men birbada gözlerime ynanmadym. Bu gabaklary ýellenip giden gara gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, çykyp barýan gelin, dogrudanam, Bagtygülmi?.. Meni bir agyr sürini harasatly çölde taşlap gaýdyberen çopandanam bäşbeter ýazgaryp, "Kolhozyň zerur işinden özbaşdak boýun gaçyrany üçin berk duýduryş berilmegini teklip edýän" diýip, komsomol ýygnagynda üstüme abanyp durany üç-dört günlükde dälmidi? Adamsy Amanmämmet bilen klubuň işiginde kinoň başlaryna garaşyp, iki-ýana gezim edip ýöreni öten agşam dälmidi? Kabinetinde diwar gazetini redaktirläp, ýylgyryp oturany ýap-ýaňy dälmidi?.. -- Şalar, kän durjakmy indi şeýdip koridorda? Duýdansyz sowaly bilen pikirimi bölen Güljahanyň ýüzi diýseň aladaly göründi. -- Hä, Güljahan?.. Aý, ýok-la!.. Men ýöne... Salam. Otagda ýüzbe-ýüz durus... Bagtygülüň ýaňagyndan syrygýan damjalar göýä meniň beýnime damyp duran ýaly. Men özümiň nämüçin gelenimi ýadymdan çykardym. Gyzyň galagoply gözlerine soragly nazarymy dikip, näçe duranymy bilemok... -- Bagtygüle näme bolupdyr, Güljahan? Beýle dartgynly pursatda biçak parahat ýaňlanan jogap meni uly iňkise goýdy: -- Urup aglamasan-a, Şalar... Saňa gelşenok... Kimde-kim geň galmagyň çägi bar diýseler ýakasyndan tutup, göni meniň ýanyma alyp gaýdyberiň. "Galat aýdýaň, şepe!" diýip, göni dikleşäýerin! Jenaýatda aýyplanýan bigünä ýaly, ýöne gözlerimi tegeläp agzymy açyp dursam näme! Bir şahyr aýtmyşlaýyn, öňem bir agaçdan gaýyp gelýän ýaprajyk özi bilen oýun edilýändir öýdüp, "Meni ýene-de öňki şahama gaýtaryp eltsene!.." diýip, şemala ýalbaranmyş... Galyberse-de, durmuşda özüňe zor salyp mejbury ýylgyrylýan pursatlaram ýeterlik bolsa gerek, ylalaşaýyň!.. -- Aý, oýun edýänsiň-le, Güljahan!.. Şeýle dälmi? -- Mümkin... Ýöne, bu meniň söýgim ýaly owsun atyp duran şar gara saçyň ujuny meniň umydym ýaly inçejik barmaga sarap bir doňup, bir eräp, penjirä garap duran gyz oýun edýäne meňzänokdy. -- Seniň gara çynyň ýaly-la, Güljahan? -- Mümkin... Kelebiň ujy ýitip ugrady. ...Bu agşamyň näme bilen gutarjagy belli däldi, ýöne bir seretsem işikde Daňatar mugallymyň on-on iki ýaşly dogmasy sümügini çekip dur... Güljahanyň ýüzüne seretdi-seretdi-de, ady ýadyna düşmedimi, nämemi, maňa ýüzlendi: -- Şalar, kakam kelläm agyrýa diýýä, sitromon bersin diýýä... Janyñ ýanyp durka, muň ýaly zat dagy artykmaç degjek eken. -- Şo derman bilen oňýamy ýa baryp operasiýa-da edip gaýdaýynmy?.. -- Şalar! Gyzyñ sesi ýuwaşragam bolsa, meňkiden dözümliräk ýañlandy. Bir mahallar şeýdip, seretmesiz ýerlere tiñkämi dikiberemde, edil şu hili ses bilen rus mugallymamyz gygyrardy... Ýañky gözagyrysy gözhakyny alyp, gelşi ýalam sessiz-üýnsüz sumat bolansoň, goýberen biedepligimi tasa getirjek bolup, hüjüm edilmänkä, goraga geçdim: -- Dogry-da walla, kellesi agyrýamyş... Sitromon gerekmiş. Öňler-ä her kim özünde näme keseliň bardygynam bilmez eken welin, bu zamanyň syrkawy haýsy dermanyñ gerekdigine çenli bilip dur. Olaň kellesi köpbilmişlikden agyrýandyr... - Mümkin... Kelebiñ ujy ýitdi. Bu gysgajyk, buz ýaly "mümkinler" meniň başymy-gözümi aýlady. Mümkin, bu arada gizlin bir syr bar, mümkin, üýtgeşik bir gep bar... Mümkip, dogrudanam, belaň körügi mendedir? Mümkin, men bu sapar ýalňyşyp, ýat işigi kakyp, bimahal çak garaşylmadyk myhmandyryn?.. Gyzgyn gyz gujagyndan tamamy üzüp, gijäň salkyn gujagyna özümi oklamda, öňümden ýene bir derdini goltuklap gelýän bende çykdy... *** Gara ýeriň gözüni ak gara zar edip, bu gyşam geçip gitdi. Käbir ülkeleriň tomsuna gaýra dur diýibiljek gyş saparam janly-jemendä ýüzüň üstünde burnuň bar diýmedi. Arly gyşy köýnekçe diýen ýaly geçiren adamlar indi öz gezeginde baharyñ, näme hokga çykarjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp ugradylar. Uzak garaşmaly bolmady. Bu gün özüniň üç ýüz altmyş bäş dürli donunyň iň bir ýukadan ýakymsyzyny geýen tüçjar tebigat alabaharyň owurdyny sowujak şemaldan dolduryp, alan galaň özüňki diýip goýberdi. Aşakda eliň tersi bilen ýol ugruna zyňlyp goýberilen çilim gaplary, kimden gaçyp, nirelerde çykanyny özlerem bilmeýän müň dürli kagyz bölejikleri, agajyndan aýra düşenine ahmyr edip ýer bagyrtlap ýatan ýapraklar... girere deşik tapman, ters aýlanlanyp ugrasalar, ýokarda ykmanda bulutlar täze bir nätanyş ýaýlaga sürlüp barýan goýunlar ýaly, göwünli-göwünsiz süýşüşip başlady... Meniň awara kalbymda gopýan harasat welin bujagaz şemalyň çaky däldi. "Eýsem, men indi şeýdip, bu ýalançydan içimi gepledip geçäýmeli bormukam? Çeňňegini kenarda taşlap tylla balygy eli bilen tutjak bolup ýören balykçy ýedi yklymda menden başga-da barmykan? Meniň şujagaz günümi kän görýän ýaly, Bagtygülüň hokgasy näme diýsene! Ýeri, giden bir respublikanyň iň uly wuzunda gaýybana okap ýörsüň, abraýlyja işde işläp ýörsüñ gül ýaly maşgalaň, şarňyldap duran howluly köşk ýaly öýüň bar, senem şeýdip, ýarym-ýaş bolup ýörseñ biz dagy onda ömrümizi uwlap ötüräýmeli... Ýeri, Güljahana näme diýjek? Ol-a göni gözüň içine seredip: "Bagtygüli sen agladýaň" diýip durandyr. Goýaweri keýgim, biziň-ä ozalam günämiz ýetik, munyñ artykmaç. Bagtygül ikimiziň biri-birimizi agladýanymyz, bilýäňmi haçandy?.. Men entek Bagtygüli öz ugruna kowaýyn... Şemalyň garşysyna gaýdyrylyp goýberilen ýukajyk tagta ýene gaýdyp öňki zyňylan ýerine düşýär. Eger Bagtygül şo saparky, nähak şarpyk iýen bigünä çaga gözýaşy deý damjalaryň alma ýaňaklardan syrygyp gaýdanyny menden görýän bolsa, ahyry bir gün gabat garşyma geçip, maňa-da içini döker. Ana, şonda, belki, ýene Bagtygül aglar, belki, meniň gäzlerime ýaş aýlanar, belki-de seniň okara deý gara gözleriňden düzüm-düzüm monjuklar paýrap gider, Güljahan!.. A häzir... Men diňe ikimiziň aramyzdaky duýgudan belli bir netije çykarmak isleýän. Bu meseläni men soňa goýup biljek däl. Hatda ertire-de. Mümkin soňra giç bolar, mümkin, puç bolar... Kim bilýä ...Häzir sagat dokuzyň ýary. Daş işigiňde ýaltaklap, garalyp duran penjiräňe göz dikip duranyma ýarym sagat bolup barýa... Gör, sen bu mahal haýsy bir dertli bendäň başujuny alyp, alada batyp oturansyň, a men bolsa bärde özümiň ýalňyz derdimi doga edip dakynyp, seniň huzuryña zyýarata gelip durun..." Özüniň kesgirje dili bilen gulak-burnuňy, ýaňaklaryñy irginsizlik bilen ýalap duran mysapyrja şemal wagtal-wagtal buz ýaly elini, garagol çaga deýin, ýakaňdan sokaýjak bolýar. Sowuk. Mart aýyna meňzeş däl. Beýdip, işsiz-pişesiz bir ýerde gazarylyp duranymdan bolsa gerek, ýanwarda-da beýle üşänimi bilemok... Dogrusy, yssy howa bilen onuşýan. Kyrk-elli gradus ýylaýsyn, piňime-de däl, ýöne sowuga welin duranja ýerim... Bir zada güýmenseň ýene ýagşy, wadalaşyp garaşsañ hasam ýagşy... A men ýöne durun: Edýän işimem ýok. Çagyrylybam gelemok. Dilleşibem... Ine şu gün Güljahan bilen bellisini edäýmesem, göm-gök bolup gatap galsamam, gitmejegim çynym. Bu mähek daşy deý syr saklap, meniň gözüme özi bir Tutuş syra öwrülip giden gyza beýdip, juda ynamly garaşyp, ikimiziň aramyzdaky gatnaşyk barada beýle-beýle pikirler öwrüp durmaga eýsem, meniň hakym bir barmy? Beýle etmäge mende esas bir barmy? Ilki bilen özüme şo sowaly bir berip görmelidigim kelläme-de gelenok... Dogrusyny aýtsam, bu gaty kyn sowal... Ýok, munuň jogaby kyn däl, gaýtam ýeke agyz söz. Ýöne, beýle jogap bilen ylalaşyp bolýamy näme?! Şo zeiilli ýakymsyz, murdar sowallar başga-da gyt däl. Ine, olaň biri: Kim sen? Ýyly ýorgan ýapynyp düýşüňde dary görüp ýatmaly halyňa beýdip, garaňky gijäň gara şalyny ýapynyp, bir maşgalaň işiginde eýesiz it ýaly gagşap durarça, kim bolupsyň sen? Ýeri, göterişseň göterişipsiň-dä çemedanyny! Öňräk Hesel ejäň dükandan alan bir halta ununy göterişip, öýüne-de eltdiň-ä, görgüli "Taňry ýalkasyn" diýip ýetişmänkä, yzyňa garaman, ökjäni göterdiň. Hawa, bir sapar kino gitdim diýjek bolýaňmy? Hally kerem onça ýalbaran bolsan, leksiýa diňlemäne giderdi. Iň esasy tutarygyňam gyzyň: "Içim gysýa, käwagt, gelip dur" diýen haýyşy. Bar, diýäýenem eken-dä! Görgüli, näbilsin seň beýdip, öýüňden-öwzaryňdan geçip keselhana garawul bolaýjagyňy! Diýenine puşman etdiräýmeli däl ahbetin!.. Onda näme dursuň? Indi näme dursuň, ýigit? Men -- aşyk. Men Güljahany söýýän. Söýginiň, mukaddes söýginiň, dört ýaşly çaga kalby deý arassa söýginiň müň bir ýodaly, şirin hupbatly ýalňyz ýoluna gadam goýanyma ymykly gözüm ýetýär... Bu sowujak şemala buýra saçlaryny ykjadyp duran garabaş öz ulaşan ýowuz söwdasyna gurban bolsun. Ýöne... Ah, şu "ýöneler" gurasyn. Olar bar ukybyñy, gaýratyňy jemläp, ýaňy bir çylşyrymly meseläni çözüp, uludan dem alarsyň welin, ýaňyja dynan aladañyñ eşigini çalşyrar-da, başga bir sypatda getirip, ýene öňüňe oklar... Bolýar. Sen aşyk bolupsyň. Kalbyňdaky gyzgyn söýgiñ mährinden ýaňa eräp-akyp barýaň. Gözüň aýdyň. A gyz, gyz! Onuň sen hakda näme pikirler edip, neneňsi netijä gelip ýöreninden habaryň bir barmy? Ýok. Habarym ýok. Emma bu meniň günäm däl. Gowşak taraymam däl. "Çemçe naharda gerek" Başga wagt ol hiç kimiň ýadyna-da düşenok. Herki zadyň öz wagty bolup, şol wagta ýetmegiň bolsa öz degişli şertleri bar. Güljahan men hakda näme pikir edýär? Ol meniň bu mukaddes duýgyma haýsy jähtden garaýar? Ine, şu gün, hut şu agşam, bu sowala jogap gözlemegiň wagty geldi diýip, hasap edýän. Hawa, men bu gapa hut şu maksat bilenem geldim... Ine, gardaş, men nämüçin geldim! Ine, men näme üçin durun!.. Eger-de kimde-kim çyn söýgiň gülälekli, tikenekli meýdanynda sergezdan bolup, dumanly seri arşa ýetip duran Yşk dagynyň etegine gelip, onuñ üstüne çykmak üçin özünde ýeterlik derejede tutanýerliligiň, gujuryň, ynamyň hem-de yhlasyň ýokdugy sebäpli ol dagyň öwrümli kötellerine, uçutly kemerine gözi düşüp, başy aýlansa, onda ol bende gorkudan dörän derini hem ejizlikden emele gelen gözýaşyny gury ýandak bilen syryp, göni yzyna dolanaýsyn!.. Yhlas paltam şowsuzlyk daştya degip, ondanam taýyp, aýagyma degende-de, men bu ýoldan dönmen... Men bu gün durşum bilen ynam. Durşum bilen hyjuw. Men -- takat. Men bu gün guzynyň bokurdagyndan ýapyşan möjegiñ bokurdagyndan ýapyşan goýun iti. Men bu gün -- "Ýar ýolunda her ne bolsam bolaýyn, hazan uran gül dek solsam solaýyn" diýip, ýola çykan Şazada. Bu gün men -- "Almaý gitmez demir donly bu ýerden" diýip, ýer depip duran Görogly. "Mejnun kibi çölde gezen, saýyl bolup, ilde gezen, aşyk bolup, ýolda gezen" Garyp men! Bu gün men -- Seýitnazar Seýdi: "Ýa alar, ýa öler, merdana begler!" *** Garaşmagyň lezzeti ejirinden, ejiri lezzetinden güýçli. Aýratynam, munuň ýaly hyrsyz asmanyñ gap-gara bolup üstüňe abanyp duran pursady. Gagşap durşuňa ýüz-müň hyýala baş urýaň, şol bir wagtyñ özünde-de belli bir pikiriň başyny jemläp bolanok. Öz-özüňe göwünlik beren bolýaň, gyjalat beren bolýañ, wagtyň tizräk geçmegi üçin ýok zatlaryň başyny agyrdyp, az wagtlygam bolsa ünsüňi başga zada sowan bolýañ. "Şu mahal biri depämden bir bedre sowuk suw guýaýsa..." Ine şu bolup durşuma, meniňem kelläme gelýän zat. Bu göräýmäge biderek, boş pikire öz ýanyndan ýylgyranymam şoldy welin, beýle gapdalymda pişik basyşyny edip gelýän bir gara gözüm düşdi. Serhedi bozup geçen gaçakçy ýaly, üsti çyraly sütüniňem hol beýlesinden aýlanyp, keselhanaň agzyna gelen pyýadaň ýüzüne çyraň öçügsi şöhlesi çaýylyp gidende, depämden bir bedre sowuk suw, dogrudanam guýlaýdymyka öýtdüm... Bu Hydyr ýaly-la!.. Edil özi. Ýeri, muňa näme gerekkä?.. Bolup gelş-ä näsaga meňzonok. Muň ýalt-ýulty nämekä?.. Ýagtyň düşmeýän ýerinde, diwara gysylyp durun. Hernäçe ýaltaklasa-da, Hydyryň maňa gözi düşmedi öýdýän. Ol ýuwaşlyk bilen Güljahanyň penjiresiniñ öňüne baryp, aýnany çalajadan üç-dört gezek tyrkyldatdy. Ses-üýn ýok. Bu mahal, göwnüme bolmasa, şemalam ýatyp, bu zatlaň soňy näme bilen gutararka diýip, bir gapdalda synlap duran ýalydy... Hydyr ýene aýnany kakdy. Ýene ümsümlik. Üçünji saparky tyrkyldy dözümlije çykdy... Men saklanyp bilmedim: -- Hawa, giriber, han, giriber! Görgüli, tas, dogrudanam, giripdi. Penjire açyk dagy bolsa duýdansyz çykan sesden gorkup, allaniçigsi bolan ýigit göni otagyň içine özüni zyňýady, bolsa-da saklandy... Özüm Hydyryň ýerine bolan bolsam, mümkin, onça-da bolmazdym, ýöne biziň iñ bir utýan tarapymyz şo-da, ýagny, biziň içimizdäkin-ä hiç kim bilenok, özümizem öläýsegem aýtjak däl, onsoň il bendäň arasynda gomparyşan bolup, gezişip ýörüs-dä. Şonuň üçinem öz ýanymdan: "Aý, towşan bol-a, zaňňar!.. Bujagaz ýüregi bilen munuň baş goşup ýeren söwdasyna bir serediň-ä" diýen bolup, bukulyp duran ýerimi gaty arkaýyn taşladym-da, galpyldap duran brigadirimiň gapdalyna geldim: - Ýeri-ow, gardaş, ýaman gyssanmaç görünýäň-le, derdiň gaty agyr öýdýän?.. Melgunyň ruhy ýaly bolup, garaňkydan zompa çykan pyýadanyň mendigini gören Hydyr, biraz özüni ele aldy: -- Senm-äý, öwlüýä kessin?.. Al-arwahsyň äýdüp, tas bokurdagyňa ýapyşypdym... "Gördük-le nämä ýapyşýanyňy... Ondan ýöne "Lukman agasyň öýdüp, tas ýazzyny beripdim" diý-de, göniňden geläý-dä... -- Näme, krowatdan ýykyldyňmy ýa bir ýakymsyz düýş gördüňmi, eýgilik bol-a? -- Aý, ýok-la, diş heläk edýä. Halys uklatmady. Heý, bir haýry degäýjek tabletkajyk dagy tapylmazmyka diýip, gaýdyberdim... "Keselimiz-ä bir eken, gardaş, hany göreli haýsymyz öň gutularkak... Ikimiz biri-birimizi bejermeli bolaýmasagam ýagşy". -- Be, şeý diýsene... Aý, şu dişagyry gurasyn, gaty erbet zatdyr. Sogurdyp dynaýmasaň, hezil bermez... Haçandan bäri azar berýä? -- Düýn başlady-laý... Dört-bäş sany şänik döwen bolaýypdym-da. "Düýn bolsa ýagşy-la, biziňk-ä Güljahan geleli bäri ynjalyk berýän däldir. Meniň-ä, dogrusy, Güljahany şol ilki göremde agzyma şänik atyşym. Şu günem şony döwmäge geldim..." -- Hawa, menem ýaňyrak geldim. Ýakymsyz bir zat iýipdirinmi, nämemi, içimden bir zat tutup, halys ýatyrmady. Dogtarlaram bir ýere gyssagly çagyrylypdyr öýdýän, hijisem ýok eken. -- Aý, bolmasa ertire çenli çydaýmaly bor-da hany ýene bir uklajak bolup synanyşaýyn, irkilip bolmazmyka... Gitdim onda men-ä... "Gitseň git welin, gulagyňda iňlesin dursun, ömrüñ ötinçä-de çydamaly bormukañ diýýän. Dogry aýdýañ, sen gowusy git-de, arkaýyn irkiljek bol. Ýöne, näbileýin, indi ikimize ine-gana uky haram bolaýmasa..." Durmuş kä halatlarda adamdan adatdan daşary sowukganlylygy talap edýär. Müňkürlik, janyýangynlyk, gahar-gazap, aý, garaz şu tetelli bolgusyz duýgular käte adamyň haý-waýyna-da garaman, onuň erk ygtyýaryny elinden alyp, öz hökümini ýöretjek bolup durlar. Ýaňy dagy Hydyr bilen gürleşemde duzly-şerebeli, otly-ýalynly sözler bogazymda dykyn urup dur welin, näme, sypaýyçylygam gerek. Ätiýajam elden bermeli däl. Gepiň gysgasy, şindem durun. Göwnüme bolmasa, keselhanaň garalyp duran jaýy tutuşlygyna "Hydyr nämüçin gelip gitdi" diýen ullakan bir jümlä öwrülip, özümem şol jümläniň yzyna ýelmenen sorag alamatyna meňzäp durun. Göwnüme bolmasa, häliden bäri görünmän durup, indem niredendir bir ýerden peýda bolan ýyldyzlaram iki hatara düzülip, Güljahanyň ilki adyny eşidemdäki güpbe ýadyma düşen Gara Seýitliň beýhuş ediji iki setiri tutuş asman giňişligine lowurdap duran harplar bilen ýazylan ýalydy: "Ölmez, Güljahanym, saña ýar bolan, Gülmez, Güljahanym, saňa zar bolan..." Sagat onuň ýary. Güljahanyň gyýma gaşlaryna çalym edip ugran ýarym Aý ýüzüne bulutlardan tutunan nikabyny emaý bilen bir gapdala syryp, ýüzüniň alysda galan aşygy Zemine eda bilen gözüniň gyýtagyny aýlady. Böwedini ýaran däli suw ýaly bir ýerde bir deşik bolsa sümlüp çykan harsydünýe şemalam ýoldan-yzdan ýygnan gerek-ýaragyny öňüne salyp, bireýýäm owarradan çykdy... Asmandaky ýarym Aýdan maňa haraý ýok. Men Zemindäki dolan aýa garaşýan. Men öz ýalňyz aýyma, yşk mülkünden paýyma, gara gaşy ýaýyma, nesip etse taýyma, zalym agalarynyň nejis pygyllarynyň bialaç pidasy bolup, iki gözi oýulyp, guýa taşlanan Hemranyň ýalňyz uýasy Güljemiläniň gözlerinden ganly ýaşyň umyt asmanyndan gudrat buludynyň dirilik çabgasy bolup, öz üstüne dökülmegine garaşyşy deý garaşyp durun..." Gelýär! Kellämdäki pikirler edil oturan agajyna daş atylan serçeler ýaly, dyr-pytrak boldy. Gulagyma gapyñ deşiginde iki tarapa çabalanýan açaryň şykyrdysy bilen ýüregimiň gürsüldisinden başga zat ilenok. Girip öz otagynyň çyrasyny ýakýança, zordan saklandym. Koridory sarsdyryp barýan aýak sesim gelýäni kimdigini oňatja düşündiripdir öýdýän, işigi iki sapar kakyp-kakmankam, gapy usullyk bilen açyldy.. Bir ädim. Bary-ýogy bir ädim. Gyz ýere bakýar. Ikimizi bölüp duran bir ädim serhet bozulmaly. Men ony bozýan hem-de Güljahanyñ iki egnine emaý bilen elimi ýetirýän. Birhili naýynjar, şol bi wagtyň özünde-de howsalaly göreçler meniň gözlerime dikilýär... ýüregime daş baglaýan: -- Güljahan... Okarasyna ýaş çaýylan gara gözler bagrymdan parran geçýär. Titräp duran gyz göwresi maňa tarap owsun atýar. -- Goýsana, Şalar!.. Haýyş edýän... Bu çepiksije göwre meniň gujagymy giden bir dünýä bolup doldurýar. Men gözlerimi ýumýan. Bu zatlar göýä düýş ýaly, göýä gezlerimi açaýsam bu meniň kükregime başyny goýup, gyzgyn gözýaşy bilen ýakamy ezip, hossarsyz çaga deý gysmyljyrap duran gyz gaýyp bolup ätägitjek ýaly, iki gözümem ýumup durşuma, peýkam deý kirpikleriň arasyndan syzylyp, aşaklygyna syrylyp gaýdan ýalňyz damjanyñ yzyny dodaklarym bilen yzarlap gaýtdym. Damja şol syrylyp gelşine tirpildäp duran teşne dodagyň üstünde bir säginen mahaly welin, ony gaty çalasynlyk bilen garbap aldym. Soňky gelen goşa damjanyň öňünden çykyp durmadym, olara şol dodaklaryň üstünde garaşyp, şol ýerde-de kabul etdim. -- Güljahan!.. Bu ýeke söz meniň ýarylara gelen gursagymdan, giden bir goşundan bir özi galan agyr ýaraly esgeriň iňňildisi deý, şeýle bir ysgynsyz, şeýle bir pessaý çykdy. Beýhuş ediji ümsümligi bölen başga bir owaz welin has ýuwaş, has zaryn ýaňlandy: -- Ah, Şalar!.. Huşumyzy başymyzdan uçuran haýsydyr bir melgun duýgy, haýsydyr bir syrly güýç bizi dälilik katdyna ýetirip, ikimizem göteräge-de, ýalňyz ýassygynyň üstüne nepis nagyşly enaýyja ýaglyk ýapynyp, gapdalda galpyldap duran insizje krowadyň üstüne palçyldadyp oklaýarly göründi. Ygtyýary giden ellerim bolsa bu lowlap duran bedeniň has gyzgyn ýerlerine ymtylyp başlady... Bilmedim, gulplanmadyk işikmi, bilmedim, ýanyp uran çyramy, bilmedim, başga bir gorkumy, gorkudan gözi açylan pähimmi, yzyna dolanan paýhasmy, garaz, torumdan sypan tylla balyk bir görsem penjiräñ agzynda aňyrsyna bakyp dur... Hyrra yzyna öwrülip, göni gözüme seredäýen bolsa, duran ýerimde ýere girerdim. Henize çenli öz-özüme şeýle gahar edip, öz-özümi şeýle ýigrenen ýerim ýokdy. Meniň üçin ol häzir aglap duranam bolsa, müň esse gowy bordy, bolmanda ýene elimi egnine goýup, göwünlik beren bolardym. Ýöne, ýañky demi demiňe ýetmän, elewräp duran gyzdan nam-nyşan ýokdy. Oňa derek penjiräň agzynda mermer daşyndan ýasalan buz ýaly heýkel sessiz-üýnsüz doňup durdy. ...Begençmi-gynançmy, şatlykmy-gaýgymy bilemok, garaz, garym-gatym düşnüksiz duýgulardan ýükümi tutup, öýe geldim-de, şol durşuma krowata gyşardym... *** -- Öten agşam nirelerde otlap-suwlanyňy bilip bolmazmyka, ýigit? Hamana, bu sowal seredip oturan "Tokmagynda" ýazylgy ýaly, kakam jurnaldan gözüni aýyrman maña ýuzlenýär. Ejemiň ýüzem hemişekisinden aladaly. Çynlakaý hasabatyň soraljagy görnüp dur. Işden ýadap gelibem, agşamky çaýyň başynda edilmeli bu adatdan daşary hem nobatdan daşary resmi gürrüň meniň çetime degjek bolýar. Başardygymdan arkaýynlyga salyp, parahat äheňde jogap berýän: -- Kinoda boldum. -- Eger dogrujaňdan gelseň? -- Kakamyň sesi öňki sowala garanyňda azajyk güýçlendi. -- Hany, gowuja ýadyňa saljak bol. -- Meň entek kelläm ýerinde, kaka! -- Ýeňsämiň gyzyp ugranyny aňýan -- Ýadyma salyp-salmaz ýaly otuz ýyl geçenok, öten agşam klubda boldum. -- Seň kelläň ýerinde däl-ow, bidöwlet! Buýtar-suýtar bilen sypjagyňy, sypmajagyňy bileňokmy indi? Birinjiden-ä, sen kluba aýagyňam sekmänsiň. Ikinjidenem, on biriň ýarynda klub ýapyldy. Men senden biriň ýaryna çenli nirede bolduň diýip soraýan! Köneje tegelek äýnegiň aňyrsyndan gozgalaňly garaýan ene gözleri "Dogryňdan geläý, oglum, kakaň ähli zatdan habarly" diýýärdi. Käsämiň düýbünde somalyp duran boýçyny synlap oturyşyma, uly iňkise gitdim. "Bu zatlar kime gerekkä? Hydyramy? Bagtygülemi? Eýsem, Lukman agamy? Belaň körügi Hydyrda bolmaly... Ýok, gardaş, munyň-a däl seň. Gep gezdirip, gybat edip döwlet tapan enteg-ä ýok, indem bolmazmyka diýýän. Güljahandan tamaň edil tala daňlan ýaly bolaýsyn. Seniň bujagaz gazan çukuryňa gaçmajag-a borun, şepe. Başarsam, bat alyp, böküp geçerin, başarmasam, hol beýleräkden aýlanyp geçerin, arkaýyn bol, içine ýykylman. Ah, ýylan! Ah, alahöwren!.." -- Ýene bir sapar soraýan, öten agşam sekiziň ýaryndan biriň ýaryna çenli nirelerde kaňkadyñ, han ogul? "Sen suwçy bolman sülçi bolmaly ekeniň, ýaşuly..." -- Sen ony menden gowurak bilýän ýaly-la, kaka!.. -- Men saňa ene-ata bilen nähili gürleşmelidigini görkezerin, bihepbe! -- Ol käsesini ýerde goýup tirsegine galandan, jigilerim ýeke-ekeden içki otaga süzüberdi. Ejem bu saparam saklanyp bilmedi: -- Gaharlanmasan-a, mirap, ýaş oglandyr-da... -- Senden zat soralanok, ediber eliňdäki işiňi! "Ýaş oglan, ýaş oglan" diýib-ä, başyna goýberdiň! Ýykyk öwlüýäň müjewüri ýaly bolup, uzyn gije bir naçaryň gapysyny garawullap, uly ile gürrüň bolup ýören boýnyýogynyň nämesi "ýaş oglanmyş?" Obada, onda-da gözüň alnynda şeýdip, ýarygijä çenli bolgusyz ýerlerde syňsyraklap ýör, şäherde dagy näder Öýdýäň? -- Bir zat diýjek bolup, agzymy açanyma mähetdel, al-petimden aldy. -- Kes sesiňi, bidöwlet! Gulagyñda iñlesin dursun: dagy-duwara şoñ ýaly biderek ýerde sümsünip ýöreniñi göräýsem ýa eşidäýsem, men saña şeýle bir şäher görkezerin, hol ergenekden añryk bir ädimem ätmersiñ... Beýle ölüp-öçüp barýan bolsañ, aýt, Ahalda adyñy tutan maşgalañy getirip, ýorganyňa dykaýyn... Utanmadyňmy, uýalmadyňmy, men-ä saňa başga näme diýjegimi bilemok. Sakalymy sallap, iliň gybatyny diňläp ýörmek maňa-ha gaty ýokuş degýä, han ogul... Indi bir zat diýsem, gopgunyň ula sapjagy bes-belli. Şonuň üçinem özüme zor salyp, dişimi gysdym. Elbetde, bir tarapdan seretseň, kakamyňky dogram. Öz ýüreginden ĺnen perzendiň ne söwdalara baş goşup ýörenini öz agzyndan däl-de il-günden eşitmegi hiç kimem halamaz. Galyberse-de oňa wakalaryň bolşundanam bäş beter edilip ýetirilendigi görnüp dur. Onsaňam, kim bilýä, turuwbaşdan gaňňamy garnyma alman, her sowala ýazykly ýüzümi aşak salyp, ýer dyrmap jogap beren bolsam, belki, gürrüň başga, sypaýyrak bir ugra syrygardy... Beýdip, özümden hasabat soralmagyna diňe Hydyr günäkär diýip, hasap edýän. Dur, gardaş, senem edil şeýdipjik, meniň öňümde hasabat berersiň!.. *** Dogrusyny aýtsam, ozallar men göreşip ýören adam däldim. Toý-tomgularda uly märekäň öňüne çykyp, bir büräň ganaty ýaly "ýelýyrtan" üçin derini sarkdyryp, eňki agýança iteleşip-çekeleşip ýören oglanlara-da kän bir pisindim oturmazdy. Atly pälwanlar başga mesele. Olaňky halal. Garşydaşyny islese ýekedyza mündürip, islese ýanbaşa alyp, iki aýagynam ýerden üzäge-de, aýlap-aýlap edil sallançaga çaga salan ýaly edip goýýar welin, synlap duran ýeriňde üstüň çägesini kakyşdyryberesiň gelýär. Olara guwanmagyň, sejde etmegiň aýby ýok. Olaň arasynda heniz arkasy ýere degmän göreşip ýörenlerem bar, minneti garşydaşlarynyň gorkusyndan hem ätiýajynden çekip, göreşmän baýrak alyp ýörenlerem bar. Elbetde, beýle pälwanlar juda seýrek, köp bolsa her obada biri, kähalat iki, üç obada biri, garaz, bar-da, nädeýin gepi uzaldyp!.. Meniň başga zada janym ýanýar: iki-eke toýlarda iki-eke pälwanlar iki-eke baýragy nähak alaýýar. Näme sebäpdendiginem hiç bilip bolanok. Injikleri çomuç ýaly pyýada ýaý berip duran märekäň ortasynda şol aýlanyp ýör, jarçy görgülüň gygyryp-gygyryp, bagazy guraýar... Ahyram o pyýada heniz seçegi bozulmadyk ullakan bir ýaglygy çygy çykmadyk maňlaýyna degirýär-de, zym-zyýat bolaýýar. Haýsy toýdadygy ýadyma düşenok, ýöne bir ýaňky ýaly pälwanyň-a keýpine sogan dograp, burç sepipdim. Orta çykan ýigide görä baýrak ulurakdy. Oña bolsa wagty bilen bäsdeş tapylmady. Ol eýýäm baýragy aldym edip, bilindäki guşagy çözüp ugrady. Bilmedim, haýsy güýç meni itekläp goýberdi, bilmedim, haýsy ynam bilime guşak daňdy... Onuň bilindäki guşak nähili daňlanda-da maňa kän bir tapawudy ýokdy-la, ýöne onda-da göz üçin çilişdiren bolup, barlap gördüm. Tutluşamyzda-da bilgeşlin äwmezlige salyp, özümi gaty arkaýyn alyp bardym. Syr bildirmänem ýazylyşdyk. Hawa, ber indi habaryňy! Iň bolmanda, bir emel bir bilsem-ow! Onda dagy bolsa-bolmasa, şol bir emeli etjek kişisiräp, o bendäni irizibem aljak-la... Bar bilýän emelim -- garşydaşymy golaýa getirmezlik. Öläýsesem dikleşmeli däldim. Dikeldigim, gaýdyp ýazylmajagyma, ýazylaýsamam ýere ýazyljagyma gözüm ýetip dur. Şonuň üçinem gabadymdaky tüýlek injiklerden iki gözümi aýyrman, doňuz diňini salyp durun. Yza ýörese -- yzyna düşýän, öňe ýörese -- öňüne. Bir ätse bir ädýän, iki ätse -- iki. On ätse, edil sanapjyk on ätjegimem gaty çyn. Aýlaw giň, hezillik, aýlanyp ýörmeli. Märeke dagaýança şeýdip durmalam bolsa, men taýyn... Garşymdaky pyýada meniň niýetimi aňaýdy öýdýän, biraz tijenip ugrady. Bu bolsa maňa düýbünden gerek däldi. Toý sowulýança dursagam, meň hüjüme geçmejegime anyk göz ýetiren ýigit biraz arkaýynlaşdy. Soňam yz-yzyna üç-dört mertebe gazaply silkindi-de, öňküdenem aşak ýapyryldy. Dünýäm daralyp ugrady. "Bir zad-a etjek bolýar!.. Aýagymy ýerden üzüp, dolap goýberjekmikä ýa iki bykynymdan göterip, üstaşyr zyňaýjakmyka? Onsoňam... bu ýaman arkaýyn ýazyldy-la, gel, menem içimde janymyň bardygyny duýduraýyn muňa... Degse-hä bäş, degmese-de ýigrimi bäş..." Bar güýjümi jemledim-de, özüme garşy bir silkip, yza çekildim weli, menden beýle-beýle zada garaşman duran görgüliň bir dyzy ýere degäýdi. (Sadagasy boldugym, türkmen göreşine-de özüñiz belet!) Neresse bir "wah!" diýdi... Ahmyrlyja galdy welin, men nädeýin?! Baýraga ýene bir köşekli düýe goýulsa-da, ikinji gezek çykmajagym edil aýna sereden ýaly. Dogrusy, öňki çykanyma nätjegimi bilmän durdum... Şol menden ahmyrly galan pälwan -- Hydyrdy... Nämüçin şeýtan pygylly adamlaryň şeýtan sypaty ýok? Nämüçin şeýle adamlaryň ýüzündäki göräýmege nurly perde il-günüň gözünde däl-de, haçanda olar özleriniň garaňky gije deý gara pälleri bilen ýüzbe-ýüz galan mahallary syrylýar?.. *** -- Söýgümi? Göräýmäge ýeke agyz söz. Sowalam düşnükli. Men welin müňkürlik bilen böwrümi diňläp otyryn. Ýaýbaň stoluň üstüne ýapylan ýaşyl örtgini dyrman bolup, içimi gepledýän: "Saňa gönimden gelip, öz içimdäki mukaddes duýgymy, enem-atamdan gizläp ýören ýalňyz syrymy seň öňüňde açmak, eýsem meniň borjummy?.." -- Dogrudanam, söýgümi, Şalar? -- Hötjetlik bilen gaýtalanan sowal pikirimi şobada böldi. Bir göwnüm-ä "Näme bolanda saňa näme, bäş ýyl mundan öň nirdediň?" diý-de kabinetden çykyp ötägidem diýdi. Ýene bir göwnüm bolsa "Ah, Şalar, dörüp goýbersene aryň öýjügini!.. Kim bilýä, ýene ýeri gelermi! gelmezmi?" diýip, kalbymy dyrçanaklap başlady. -- Mümkin. Bagtygül... Ýöne... Başky söýgi-hä dälmikä diýýän... Üzüm ýaly gelniň alma ýaly ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Men welin öz aňrymda çigdiň gabygy ýaljagam müýn göremok. Ýazyksyz görejimi göni Bagtygülüñ, nämüçindir, öňündäki telefona gönükdiren gözlerine dikip, özüme mahsus bolmadyk bir parahatlyk bilen nobatdaky sowala garaşyp otyryn. Ara düşen dymyşlyk oňa biraz özüni dürsemäge pursat berdi. -- Başararyn öýdýäňmi?.. -- "Kör hasasyn bir aldyr..." -- Bes edäý indi, Şalar, şunça ýyllap kine saklap, gyşarylyp ýöreniň bilen yzyna dolanjak zat ýok ahbetin!.. Duz bilen ýara bejerip boljagyny-bolmajagyny senem bilýäň, menem. Ylaýta-da ýürek ýarasyny. Onsoňam... seniň bar günäni maňa ýöňkejek bolmagyň dogrumy? Ikimiziňem ýüzümizi ýuwarlygymyz ýok bolsa gerek. Bu biderek gürrüň meniň sabyr käsämi dolduryp, beýnime gozgalaň salyp başlady. "Saňa menden näme gerek, Bagtygül? Kalbymyň iň bir çuňňur gatlagynda birmahal gömüp goýan ýowuz hem ýalňyz derdimi bu gün nämüçin gozgaýaň sen?.. Bilseň men bu kiçijik ömrümiň kiçijik garşylyklaryndan şeýle bir irdim, olar meniň hut bizarymy çykardy, Bagtygül!.. Nazar Lukmanyň her sapar gabat gelemizde müňkürlik bilen garaýan şübheli gezlerinden, bir zadyň aňyrsyna ýetmän, galyň agzyboşuň gybatyndan özüçe netije çykaryp ýören yňdarma kakamyň nähak şarpykdanam ýokuş sözlerinden, birmahallar çybykdan aty artlaşyp çapyp ýören, garagol başyna sähel bir iş düşende meni agtaryp tapyp ýören, bu gün bolsa, dönüklik bilen meniň yşk heseri uran başyma ýok myjabatlary ýapyp ýören Hydyryň gat-gat perdeleriň aňyrsynda hil-hil öwsüp duran ýüzlerinden, ynansaň, Bagtygül, it ýaly irdim... Ine, indem sen meniň eýýäm gamaşyp duran asmanymda üýtgeşik bir ýyldyz bolup, täzeden dogýaň. Bu sowallaryň aňyrsynda näme ýatyr? Nämüçin sen meniň geçmişime öwrülip, geljegime biperwaý garap ýören halyňa, birden meniň şu günüm bilen beýle içgin gyzyklanyp başladyň?.. Eýsem, sen meni kabinetiňe Güljahany, hakykatdanam, söýýänimi ýa-da oňa başga bir maksat bilen ytylýanymy bilmek üçin çagyrdyňmy? Belki, bu meniň gözýetimimde hiç bir esassyz täzeden peýda bolmak üçin seniň bolgusyzja bir synanyşygyňdyr... Belki, bu seniň birmahal terk eden dünýäňden has uzaga daşlaşmak üçin iň soňky, aýgytlaýjy çaknyşygyňdan... Belki-de..." Guýrugyna basylan pişigiňki ýaly duýdansyz çykan telefonyň çirkin sesi oýlar asmanynda gaýyp ýören kalbymy ok degen guş deýin, patladyp ýere gaçyrdy. - Hawa... Salam. Senmi, Güljahan? (Çalaja tisgindim). Hawa-la, iş wagty gutaraýmasa, işe gutarma ýokdur-la... Gaýtmakçy öz-ä... Bor, bor, ýüzümiň ugruna sowlup geçäýerin, özümiňem kiçiräk bir gürrüňim bardy. (Bu göz diýlen zadyň gudratyny! Kämahal gözüň çalasynlyk bilen çalaja aýlanan gytagy dikanlap bakan nazardan güýçlüräk täsir edýän eken.) Bolýa, bolýa... Hökman... Kim?.. Wiý, ol-a, ynha otyr!.. Hawa-la!.. (syçrap galanymy duýman galypdyryn.) Bor, aýdaryn... Bilemok, özünden sorarsyň-da... Mümkin... Ýok, ýok, aňyrsy on-on bäş minutdan barýan... Hökman... Emaý bilen ryçagyň üstüne goýberilen trubka bilen bilelikde oturgyja çökdüm... Matal, matal bu dünýe durşuna! Çar ýanyň tapmaça!.. Bu hum ýaly çişip, güwläp duran kellä ýene bir sowal kürsäp girdi. Ýeri, bu näme? Kiçijik açar bilen stolunyň tahyllaryny ýapyşdyryp duran Bagtygül müýnli ýylgyrýar. -- Güljahan salam aýdýa, Şalar... -- Iberenem, getirenem sag bolsun -- diýip, güýz gününiň howasyndanam tutuk ýüzümi bir gapdala sowup, ýerimden turdum. -- Kyn görmese, gelip-gitsin diýdi... Başga bir zerur işiň bolmasa-ha, ýör, menem şo tarapa gitjek. -- Barjak bolsam, ýolumy tapman duramok, azara galyp ýörme! -- diýsemem-ä diýdim welin, öteräk geçenimi aňyp, biraz ýumşaşmaga öz-özümi mejbur etdim. -- Mendenem salam aýt... Bir obada goňşy diýen ýaly ýaşap, bir-biriňe salam iberip ýörseňem boljak eken... Baran ýeriňden çakyňy bilip gaýtsaň ýagşy. Çagyrylyp geldim diýip, kowlup gitjek bolup durmak hökman däl. Şonuň üçinem, gözlerim jaýyň içine çalasynlyk bilen gysgajyk marşrut boýunça aýlanyp çykýar: Bagtygül -- telefon -- Bagtygül -- gapy Bagtygül... -- Başga aýtjak-sorajak zadyň bolmasa men-ä kluba gitjek, Bagtygül... Ol meniň gabat garşyma geçýär-de, göni görejime gözüni dikip, pessaýja ses bilen: -- Ikimiz bu tema ýene bir dolanmaly borus, Şalar -- diýýär. -- Bir zady garşy-garşy gorjap duraňda gowy bolýamy? Men-ä düşünişilmän galan zat göremok... Gapyny daşyndan gulplap duran gelniň iň soňky jumlesi ömrylla-da ýadymdan çykmasa gerek. -- A sen gözüňi giňräk aç, ýigit! Bu bolup ýörşüňe düşünmedik zadyň köp bormuka diýýän... *** "Tilkiň müňde bir sapalagy bar, iň gowusy -- görünmezlik". Hydyram özüni tilkiden kem görenok öýdýän. Meniň bilen adamsyz ýerde pete-pet geläýmejek bolup, elinde baryny edýär. Ýöne ol özüni tilki hasaplasa, menem özümi gurulgy ýatan gapandan pes göremokdym. Ahyry düşjegine gözüm ýetip dur... Ýok, ol bardy-geldi gabat geläýende-de, meň gyzyl ýumruga giriberme niýetim ýok-la, daş etsin, ýöne, diñe bir iki agyz "mylaýymja" söz bilen taryna kakyp göräýjek bolýan. Men ýöne özümiň piliň gulagynda-da, pi:liň gulagynda-da uklap ýörmänimi oña çalaja duýduraýsam diýýän. Dogrusy, meniň-ä nähak ýerden çekgäm gyzyp dur. Goý, olam öz halalja şarpygyny datsyn-da!.. *** 6x9 möçberinde kelleýalañaç aldyrylan dört sany suratym daşynyň dokuz gat dolagy bilen, abituriýent dünýäsiniň "bissimillasy" bolup, çaklaňja çemedanyň düýbünde wagtlaýyn mekan tutdy. Sabyr-takat gaçyrylyp, köňül guşy uçurylyp, telim gözden geçirilip, gaýta-gaýta göçürilip, rektoryň adyna arza-da ýazyldy. Oba sowetinden alnan sprawka, Baýram agaň "keramatly" goly çekilen gül ýaly harakteristika, garaz, 286 nomerli medisina sprawkasyndan başga gerekli dokumentleriň hemmesi şojagaz çemedana jemlendi... Kabinetiň işiginden ätlämde Nazar Lukman iş stolunyň başynda haýsydyr bir žurnala nämedir bir zatlary belleşdirip otyrdy. Eline kütüräk bir kitaby alan Güljahan bolsa çüňkde duran açyk şkafjygyň içindäki rejelenip goýlan preparatlara göz gezdirip durdy. - Salawmaleýkim!.. "Waleýkim" nokady goýulýança garaşdym. Şu iki arada Güljahan şkafjygy hem-de elindäki kitaby usul bilen ýapdy-da, çalaja ýylgyryp, işige ýöneldi. Gapydan çykyp barşyna sülük ýalyjak barmaklary bilen, duýdansyz, sag golumdan çümmükläp goýberdi welin, tas dik ýokaryk zyňypdym. Begenjimden demim-demime ýetmän durşuma, yzyndan okdurylyp, gabyr-gubur bagryma basaýmakdan zordan saklandym... -- Waleýkim! -- Ruçka patlap, žurnalyň üstüne düşdi. -- Gurgunçylykmy, Şalar? Taplar ýagşymy? -- Şükür... -- Hawa, onsoň, bi... ýuwaşrak ýöräp bolanokmy, dükürdiň dagyň nähili? Men-ä Garahan döw gelýämikä diýipdirin... Dogrusy, bu sowal meni hasam aljyratdy. Näme diýjegimi bilmän, bolgusyzja ýylgyryp oňaýdym. -- Be-e, sen-ä, asyl, soňky wagtlarda tanar ýaly bolmansyn, bir döw-ä urupdyr saňa!.. Hany, otur! Ýa syrkawlap-dagy ýörmüñ?.. Ýeri, gürlesene, näme toýdan kowlan ýetim ýaly, ýüzüňi sallap dursuñ? Maňa-ha bir sprawkajyk gerekdi, Nazar aga... O-how!.. Eýgilik bol-a, o nämäň sprawkasy? Adam, onda-da ýaşy bir çene baran adam bir zadyň añyrsyna ýetip durubam, bilmezlige salan bolup ugrasa, meniñ-ä tüýs ýeňsedamarymdan tutulýar. Ýöne häzir Güljahanyň çümmüklänje ýerini çep elim bilen tutup durşuma, kalbymda dyňzap duran şatlygymyň üstüne kölege salmajak bolup, özümi juda giň alyp bardym. - Hol öňräk kakam bilen maslahat edipdiňiz-ä... - Hä-ä, okuwa girmäge diýsene!.. - diýip, Lukman aga ýadyna salan boldy. - Ony men birmahal taýyn edip goýupdym. Dilini tapyp, alybilseň, sprawkajygyň Jahanda bolmaly... "Haý, diýseňem-ä, sen kän zatdan habarlymykañ diýýän, ýaşuly!.. Bolsa-da, oýun-a kän sende." Hamana, ýyldyrym çaltlygynda kelläme gelen bu pikiri tassyklaýan ýaly, ol ýerinden turup, çynlakaý äheňe geçdi: - Mirap bileň özüm gürleşerin, Şalar, oň dilini özüm taparyn... Häli günortan, gök çaýyň başynda, onuň özi maňa geñeş saldy... - Aý, näbileýin-dä, Nazar aga... - Sen, ýigit, maňa gulak as! Mirabyň meň sözümden çykmajagyny özüň bilýänsiň. Ýöne arada, haýsydyr bir müsginsokar gowy edip, oň ýüregini çişiripdir... Zyýany ýok, indikiňe bekräk bolaýarlar... Bu sözleri diňläp durşuma, iki gapdalymdan goşa ganat bitip barýamyka diýdim. Yşk humaryna düşen perwana kalbym goňşy otaga telwas edip ugrady. - Nazar aga, sprawka, dogrudanam, Güljahandamy? Lukman äwmezlik bilen ýerinden turdy: - Meň maslahatymy alsaň-a, okuwa gaýybana gir, Şalar. Şeýtseň, kolhoz üçinem, içeriňiz üçinem, ikiňiz üçinem oňat bor. Geňeşip gör welin, Jahanam iki elläp goldasa gerek meň şu pikirimi. Galanynam özüň bil... - Bor, Nazar aga, bor... Göreris, entek wagt bar! Atylyp gapydan çykdym. Dowamy bar >> | |
|
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||