12:57 Gözleg / sonetler çemeni | |
GÖZLEG
Poemalar
I. Göýä aýsyz gije azaşan ogry — Oýlar jeňňelinden yz çalyp barýan. Ne jogap, ne sebäp görünýä oňly, Bir melgun sowala müň gapan gurýan. Bu ýowuz «nämüçin», ýalňyz «nämüçin» Gulagymda şarpyk bolup ýaňlanýa... Kän eşitdim jany bir diýp gämiçiñ, Deňiz bolsa «doýmadym» diýp hiňlenýä. Asman aglar her ýyldyrym çakanda. Ýeller pellehana bilmezler ýetip... Bu sapaly, bu jepaly jahanda Her kimiň öz derdi özüne ýetik. Çöküp «nämüçinleñ» öñünde dyza, Terk eden ýyllarma dolandym yza... 2 Terk eden ýyllarma dolandym yza. Seýle çykdym «Ýatlamalar bagyna»... Söýgi derýasynda gark bolan gyza Gol uzatdym... Telim sapar sagyna. Telim sapar doňdum mähir deregne, Nämüçindir, nämedendir — çekindim. Ahyr bir gün daş bagladym ýüregme... A soñ bolsa telim sapar ökündim. Telim sapar «geler» diýip garaşdym. (Göz ýola kän baksa, dolmazmy ýaşdan?) Gaşyn çytsa, «güler» diýip garaşdym, Wah, bilmedim, ýürek, buzdanmy, daşdan... Daş deý doñup, buz deý eränim dogry. Garaşanym dogry, garanym dogry. 3 Garaşanym dogry, garanym dogry. Çyplaň hakykaty nädeýin gizläp! Meň bir söýgim bardy — daşy gundagly, Gezdim hüwdi gözläp, sallançak gözläp. Kökenekler boldum, gerip döşümi. Nämeden goradym? Gabandym kimden? Terk etdim dost-ýary, deñi-duşumy, Ýekelige öwrenişdim kem-kemden. Açýa gözleriňi kän zada söýgi, Söýgi gözleriňi gapybam bilýä. Bu mejnun kalbymda şeýle bir duýgy: «Diňe sen, diňe sen, diňe sen — dünýä!» Sygyndym, gol berdim ýeke-ýalňyza — Öýkesi näzinden agdygrak gyza. 4 Öýkesi näzinden agdygrak gyza Keramata garaşan deý garaşdym. Ýok, men ýalbarmadym, çökmedim dyza. Maksadymy baýdak edip göreşdim. Düýrme gyljym — ynam, galkanym — yhlas «Alla!» diýp atlandym arzuw atyna... Hiý, onsoň siňermi bu ullakan ýaş Geçmiş kitabynyň çaňly gatyna? Ynamym, yhlasym, arzuw-maksadym Serhoş humar berdi dumanly sere. Söýgi köşgüm serbaz bolup sakladym. Bolmady. Naýzamy taşladym ýere. Bagtym bilen tanşyp bilmedim içgin, Gujagma buz bolup gireniň üçin. 5 Gujagma buz bolup gireniň üçin Sallahyň öýi deý sowady kalbym. Oklukirpi giren bakjamyň içi Eňňere bolansoň... silkinip galdym. Suw bolsa bireýýäm seňrikden agan, Ne böwet galypdyr, ne-de bir kenar. Haýyn hyýanaty juda giç añan Söýgim ne gül açdy, ne tapdy kemal. A men welin ýaragsyzam göreşdim, Ýüzüne tüýkürdim bialaçlygyñ. A men öňküdenem beter garaşdym, (Ýola bakyp, ýolda geçdi ýaşlygym). Ejizlik perdesin ýüzümden syrdym, Ojagňa ot bolup, göz ýumup girdim. 6 Ojagňa ot bolup, göz ýumup girdim, Soňam çykdym tüsse bolup, kül bolup. Gury ýandak bilen gözýaşym syrdym — Ahmyr baýyň gapysynda gul bolup. Misli käkiligiň çülpeleri deý, Dyr-pytrak arzuwlam gitdiler dagap. Doňdum — göýä gaýa daňlan Prometeý, Doňdum. Gaýa döndüm. Birleşdim daga. Ähmiýetin bilip, gymmatyn bilip, Döküp bilseň — bu maňlaýlaň deri kän, Arman, kör yhlasyň bagryňy dilip, Öz aýagňa palta salýan ýeri kän. Bu ajy hakykat — kanuna ýakyn. Göz ýetirmek añsat. Ylalaşmak kyn. 7 Göz ýetirmek añsat. Ylalaşmak kyn, (Aýbymyz açylsa, dilimiz gysga). Güli görmeli biz guwanmak üçin, Oňaýamzok ony diñe bir ysgap. Gül — öýüñ bezegi, tekjede goýýas, Lälik çaga deýin idedýäs ony. Ol lowurdap dursa, ýeňillik duýýas, Hem biraz gamlanýas sülleren güni. Nämedenkä, gussa çekýäs azajyk, Nämedenkä, günämizi gizleýäs. Aladalar meýdanynda azaşyp, Müñ ýodadan bir dogrusyn gözleýäs. A men bolsa ýalňyşdym — ýat güli tirdim, Men bolsa gussadan bireýýäm irdim. 8 Men bolsa gussadan bireýýäm irdim, Nediriň Keýmirden irişi deýin. Gussa guýusyna gowasyz girdim, Ýeri, mundan aňryk nirä gideýin? Nakyl bar: «Müň gaýgy bir iş bitirmez». Maňa welin ýeke gaýgam ýeterlik. (Mümkin, başga biri özün ýitirmez, Şu-da, neme, barypýatan ýeserlik). Ne söwda baş goşsaň bu giñ jahanda Gaçara, kowara maý bolsa ýagşy... Bir görseň diş yrgyldap dur dahanda, Bir görseň artypdyr maňlaýyň «nagşy». Gizlän ýaşym gabaklarym ýelledi, Ýyllar möhrün maňlaýyma ýelmedi. 9 Ýyllar möhrün maňlaýyma ýelmedi. Ine, saňa iň ýakymsyz alamat! ...Ýok, doganlar, başky söýgim ölmedi, Gursagymda gürsüldäp dur salamat -- ... Ýok, göwrämem entek ejizlän däldir, Öçen däldir görejimiň uçguny. Bu däli serimde gara saç kändir, Giden däldir jahyllygyň göçgüni! Ýöne, ýyllar zor geläýýä göwreden. Sorag belgisine dönderýä ony: «Aýt, ýogsa-da, näme berdiň döwre sen? Ah, sorag belgisi, jogabyň hany?» ... Aýsoltandan ýeňlen Görogly deýin, Kör düýämi başga köprä ideýin. 10 Kör düýämi başga köprä ideýin, Ýa çöle siňeýin derwüşler ýaly. Heleýden utulan Kör bagşy deýin, Gaçaýyn, gopýança atymyň naly. Bir sapar aldyrýa körem hasasyn, (Gözli körden iki, üçem alarlar!) Ölmedik söýgimiň tutaýyn ýasyn, Belki, ýyllar dolanarlar, gelerler. Juwanlygym dönsedi — bar geregim, Hem «Şo barýan başky söýgiň» diýsedi! Eýsem, nädeýin men — awçy ýüregim Gaýry dagyň tez maralyn küýsedi... Jeren bolup, biziň daga galmadyň. Kyn günümde, gyz günüňde gelmediñ. 11 Kyn günümde, gyz günüňde gelmediň. Ter gunça isledi şeýdaýy göwnüm. Ganat bekläp, al-asmana galmadyň, Söýgim, bogazymda ömürlik düwnüm! «Aýby ýok azaşan yzyny tapsa», Diňe yhlas edip gözleseň bolýa!.. Bir gün gözýaş söýgiň garagyn gapsa, Söýgi kör bolanok — ol şo gün... ölýä. Başky söýgim bilen baky hoşlaşdym Seniň welin ahmal dolanaýmagyň. Zöhre ýyldyzymdyň. Indi daşlaşdyň — Dolan Aý bolsaňam, dolanaýmagyn! Perdesiz, gapaksyz bir dutar deýin, Gül günümde, dul günüňde nädeýin?! 12 Gül günümde, dul günüňde nädeýin, Ykbalymyz aýry, ýolumyz aýry. Jezadan soň ýuwlan bir günä deýin, Jepamyň söýgime degmedi haýry. Bir jadygöý duýgy gözlerim baglap, Suwdan alyp, oda saldy şo gezek. (Ýetim galan çaga «emme» diýp aglan, Soňam emzik sorup, gülmese gerek!..) A biz tanyşmanam bilerdik oňup, A bu gün parhy ýok — kim kimi saýlan. Telim sapar daş deý, buz deýin doňup, Ahyr ereýşime özümem haýran. Bir görseň dogram-da, şeýle-dä, hawa: Iki körüň ýoly düşmezmiş sowa. 13 Iki körüň ýoly düşmezmiş sowa. Bu ýagty ýalançyň tümlügne bakman, Müň ýodaly ýollar döndi oklawa, Olary pete-pet getirmiş hökman. Dymarmyşlar, durarmyşlar az salym, Soňra hersi äz ýoluna gidermiş... Şeýdip duşýa ymgyr çölden ýol salyp, Agyr kerwen bilen ýeke-täk derwüş. Gaýtadan duşuşmak ikimize kyn, (Bu netijä doly esas bar bu gün). Söýgimiz düýş bu gün birimiz üçin, A birimiz üçin — köýen ar bu gün. Hemme kişä ýetmek ýokmuş arzuwa. Süýtde agzy bişen üflärmiş suwa... 14 Süýtde agzy bişen üflärmiş suwa. Sözüm ýok; birkemsiz gözümem ýetdi. Owsun atdym hol ýokarky arzuwa, Ol bolsa ondanam ýokaryk gitdi. Sülleren güllerme aglamok hergiz, Gül beren günlerme agyrýa nebsim... Yşk serhedim bozup geçäýse bir gyz Okum bu sapar bir kükrekden degsin A häzir gezeýin derdimi gizläp, Jogap gözläp sansyz «nämüçinlere». A häzir gezeýin bir ýoda gözläp, Oýlar jeňňelinden çykyp gidere. A häzir .... Ädimläp bilemok dogry, Göýä Aýsyz gije azaşan ogry. MAGISTRAL Göýä Aýsyz gije azaşan ogry — Terk eden ýyllarma dolandym yza. Garaşanym dogry, garanym dogry Öýkesi näzinden agdygrak gyza. Gujagma buz bolup gireniň üçin, Ojagňa ot bolup, göz ýumup girdim. Göz ýetirmek aňsat. Ylalaşmak kyn. Men bolsa gussadan bireýýäm irdim. Ýyllar möhrün maňlaýyma ýelmedi: Kör düýämi başga köprä ideýin. Kyn günümde, gyz günüňde gelmediň, Gül günümde, dul günüňde nädeýin? Iki körüň ýoly düşmezmiş sowa... Süýtde agzy bişen üflärmiş suwa... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |