12:54 Sygan bagşy /poema | |
SYGAN BAGŞY
Poemalar
Orazgeldi Ylýasowyň ýadygärligine 1. Ötdi kerwen Giň sährany terk eýläp. Giň sährany gözýaşyma gark eýläp. Ötdi kerwen, Geçdi kerwen çölümden... (Utulýan kän, Gutulýan ýok ölümden). Çöl şeýle giň, Göz ýetirip bolanok. Kerwen welin yza dönüp bilenok. Jahan çöldenem giň, Sähradanam giň — Ýyllary kerwenläp, Bir çetinden gir! Gorap, Gizläp Muň gowgadan bir başyň, Çekiber, Çekiber kerweniň başyn! Ýük agyr. Ýol uzak. Ýol uzak hem kyn. Pellehana bolsa şeýle bir ýakyn. Ýetersiň. Ýatarsyñ... Ötersiň şeýdip. Ýol uzak, Sähra giñ — Bolanok gaýdyp. Otuz üç ýyl. Gysga kerwen, eý aman! Pellehanaň ýakyn eken, Sygan jan!.. 2 O ýyllar men on dört ýaşly çagadym, Bardy meniň ýönekeý bir sagadym. Könedi. Mendenem dogupdy öñräk... Ýitirdim. Agladym. Gözledim eňräp. Özümden ulular soranda derdim: «Täzejedi, Gyzyldandy» diýerdim... O ýyllar men eýýäm ýigit çykypdym, Yşk dagyny gerdenimde çekipdim. Aýra düşüp wysalyndan lälämiň, Näçe ýyllap agtaranym nämälim. Obam, Ilim-günüm soranda derdim: «Aý jemally, Aýjemaldy» diýerdim... Sagadam edindim — Iň soňky moda. Söýgime-de duşdum — Bir ýanar oda... Birden elim maňlaýyma ýetirdim: Bu gün nädip, Nädip seni ýitirdim? ... Ötdi kerwen, Geçdi kerwen düzümden. Şeýdibem sen gaýyp bolduň gözümden. Sökeýin sährany, Gezeýin çöli, Ýarsyn dodagymy epgegiñ ýeli, Çapar bolup çar tarapa çapaýyn... Ah, nireden, Nädip seni tapaýyn?! Sygan bagşy. Juwan bagşy. Jan bagşy. Merdan bagşy. Soltan bagşy. Han bagşy. 3 Gülseñ gözüň süzüldi, Üstüňde jan ezildi. Ah, Garagöz, Garagöz, Gitseň, meýlis bozuldy. «Dur» diýende durduňmy? Durup, hile gurduňmy? Ah, Garagöz, Garagöz, Özgä köñül berdiñmi? Köşeşerden ir, gelin, Gabrystana gir, gelin. Aglasaň — gözýaşyňy Ýandak bilen syr, gelin! Ýuwaş-ýuwaş sowanyñ Çaklan eken Syganyñ. Soñam... Hoşlaşmak üçin Saklan eken Syganyň. Gözi düşüp durmasa, Agtarypdyr, ýoklapdyr. Seniň gara saçyña Gije diýip uklapdyr. Şol uklaşy. Galmady. Pelek, munyñ bolmady. Mukamsöýer türkmenim, Daragtyň boý almady!.. 4 Biz juda kän bardyk — Sazyňy sorap. Biz juda az bardyk — Halyňy sorap! Şeýdip, biz özümiz ýitirdik seni Biz seni özümiz bilmedik gorap! Diýerdik: «Howlukma, Dursana,Sygan, Pylany toý edýä, Ýörsene, Sygan..." Diýerdik ýagdaýñy görüp durbam: "Hany, Şujagazy ursana, Sygan..." Indem durus başujuñda yzlaşyp: "Bir göter başyñy, Tursana Sygan!.." Ötdi kerwen, Golda galdy dostlaryñ. Seni ýollap, Ýolda galdy dostlaryñ. Bu panyñ oýnuny görsene, Sygan! Bagyşla! Tursana!! Ýörsene, Sygan!!! 5 Aç gözüñi, Nazar aýla daglara - Olar seniñ dutaryñ deý dymyp dur. Güýz ýapragy Bilbil uçan bagyñdan Mahym gyzyñ gözýaşy deý dymyp dur. Garly daglañ awlagynda aw görüp, Öz ömrüñi haýsy awça awlatdyñ? "Aglama" diýip, Mahymjany diñdirip, Näme birden uly ili aglatdyñ? Garaganyň gara bagryn gan edip, Ýaş akdyryp Bäherdeniň gözünden, Şindem seniň sona boýlyň sallanyp, Hanha barýa Ýolöteniň düzünden. Ýeri, nirä gitdiň Bir gezek tutman Ýüregiňde arman goýan goşardan? ...Daş çyksam — Owazyň içerden gelýä, Öýe girsem — Ýañlanyp dur daşardan... 6 Ötdi kerwen, Geçdi kerwen çölümden... Hoş gal, sähram, Hoş gal! Bolanok gaýdyp. ...Hergiz namart keprüsinden ötmediň, Gark bolup derýada galdyňmy şeýdip? Labyrdan çykmagyň gümana eden Gümman derýa — Durmuş bolup çykdymy? Gazap edip, agdardymy gämiňi, Şeýdip, düýpsüz ummanyna, çekdimi? ...Gara dag dymyp dur — Gara dutar deý, Gara dutar — Gara dag deý dymyp dur. Ýüregmize bolsa ýalňyz owazyň Şerbet bolup, Melhem bolup damyp dur. Üstüniñ, şol gadym köprüsi bilen Akyp ýatyr seni gark eden derýa... Mertler — Şindem özün oklaýa suwa. Namartlar — Şindizem köprüden barýa... Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |