12:30 Ýol başynda ene bilen / poema | |
ÝOl BAŞYNDA ENE BILEN
Poemalar
«Çyn derwüşler ýol diýp aglar» Zelili. Bu ýollaryň ne öñi bar, ne soňy. Kim eşdipdir çyn derwüşiň ahyny?! Duran ýeriň — başlangyjy bu ýollaň, Ýeten ýeriñ — bu ýollaryñ ahyry. Ýol diýeniň şöhrat ýaly bir zatdyr — Näçe çalt ýöreseñ, şonça tiz ýykar. Jeht edip gözleseň tapdyrmaz añsat, Tamañ ýolnansoňam öňüñden çykar. Ýol diýeniň aýal ýaly bir zatdyr — Ýüz-müñ syry bardyr, şonça-da aly. Uzak syýahatdan dolanyp gelseñ, Ol eýýäm göwnüñe seňki däl ýaly. Ýol diýeniñ ykbal ýaly bir zatdyr — Dogry barýan hemrasyny harlamaz. Menziliñe ýetir pes bolsa päliñ, Gedemligi, men-menligi halamaz. Dünýäñ müň bir ýoly ojakdan başlar. Haýsy ýene gaýdyp ojaga ýetir? Terk edip gidere müň sany ýol bar, Diñe müň birinji yzyňa getir. Gelersiñ başyňy etegňe salyp... Eneň bir ýylgyrar, gözleri gülmez. Ýat bolup ýadam däl, öňki mährem ýok. Gujaklabam bilmez, itibem bilmez. Ýat myhman gelende mal soýan atañ «Hoş, geldiňmi?» diýip, mellege siňer. Näçe ýyllap didaryňa zar bolan Naçar uýaň ne-hä aglar, ne diňer. Ne giň howla, ne-de öýe sygarsyň, Öwhüldäp özüňi urarsyň oba. (Tumşugyny göge tutup gideni Gökden inen şarpyk getirýä toba!) Gelmişege meňzäp syrarsyň köçe, Böwür berip çaga geçer deňiňden. Bir çak daban bilen gyzdyran ýerleň Çybyk deý ilişip, çeker ýeňiňden. Ber habarňy — darlyk eder oba-da! Säginmän çykarsyň iler çetine. Köne obaň harabasy ýatandyr Gar ýagdyryp ak geçmişiň petine. Göbek ganyň daman ýeri galandyr Buldozeriň zynjyrynyň teýinde. Otur indi — ýeke galan myhman deý Bir nätanyş obaň sowlan toýunda! Ýok, oturma — akar suwuň boýuny Syr-da, ugra Ekiz dagy nazarlap. Börme obasyny müň ýyla golaý Gandyryp gelýändir bu gadymy ýap. «Aýböwürden», «Dam-dam» çeşmäň deňinden Ýol syryp geçip git paýu-pyýada. Dyzyňy ep saýasynda söwütleň, Hem oýlan — näme bar ýoldan zyýada? Dogduk depe, ene-ata, dosty-ýar... Ýol dälmi duşurýan barysy bilen? Ilki Çary mürzäň Işandurdysy, Soňam Baýjyk agaň Çarysy bilen? Nirde bu gün Gadam şartyň Betdisi? Ataguly — jellewleriň ulusy? Şükür, Mämmetgurban otyr obada, Hem Anna synjowyň Sapargulysy. ... Seň şeýle bir dostuň kändir şäherde! Birinden gizlenseň, bäşisi tapar! Dünýäň düzüw wagty bary daşyňda, Emma... başa iş düşäýse bir sapar Gapdalyñda ýekesinem görmersiň. Öýüne barybam ýagjarmaz dişiñ. Aýal hüñürdisi bagryñdan geçer... Ýene oba gidip bitirsiñ işiñ. Şäher dili — çet ýurt dili ýalydyr, Diñe obañ düşer derdiñi aýtsaň. Oturansyň on gat jaýyň başynda — Aç öläýjek ýaly şäherden gaýtsaň! Ne mellegiň bardyr, ne-de bir howlyň, Çagalaryň zardyr çykmaga köçä. Eneň her gelende aglap ýalbarar: «Nä görgiň, jan ogul, obaňa göçäý. Ene dilin öwredeli çagaňa, Alty ganat ak öý dikip bereli. Oguldan-a ýylgyrmady dişimiz, Agtyklaň bir yhlasyny göreli!...» Wah, eje jan, Seýdide bir setir bar: «Ölçerme odumy. gozgama derdim». Göni bagta eltýän ýeke ýol tapsam, Eşege ters münüp, Şu gün giderdim! Seýdide ýene bir setir bar, käbäm: «Uçarga ganat ýok, gonarga perman». Arakmy, Çilimmi, Taksi, Restoran... Dert gyt däl şäherde. Gyt bärde derman. Iñ agyr keselden ýol eken derman, Halas edýär başyn alyp gideni. Ýene derman heläkläbem bilýändir Gereginden artyk kabul edeni. Iñ agyr keselem ýol eken, käbäm. Oña em tapamok şu güne deñiç. «Suw küýzesi suwda synar» diýleni, Menem ýolda «synaýmasam» ir-u-giç. Awara. Sergezdan. Galandar. Derwüş. Ýologly. Gezende. Mejnun. Diwana... Bulañ bary men ýanymda «balaja», Neneñ onsoñ sygaýyn dört diwara?! Gol gowşuryp, uzyn salyp aýagňy Otyr ýaly boldumy bu zamana?! Pir ýok paşmagyna ýykylar ýaly! Pygamber ýok. Dörejegem gümana. Dört-bäş sany boýny ýüpli «sopyny» Daşyna üýşürip, «pir men» diýýän kän. (Müñ ýyl namys üçin ar alan millet Ar üçin namysyn beräýjekmikän?) Kim kimden ar alýar? Biz nirä barýas? Şeýle ýoly saýladykmy indi biz? Eýsem, şu üç baýlyk umumy dälmi — Gara dag, ak çäge hemem gök deňiz? Ýene şeýdip, men ýurt söküp aýlanýan Ýeten ýerne aýagmyň hem pulumyň. Men düşünjek bolýan kimiň salanna Başymyza agzalalyk zulumyn. «Halkyň bagty üçin göreşýän» diýip, Kasamam edip bor, antam içip bor. «Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili» Bäş döwlete gulluk etse niçik bor?! Eýsem, bir aýagyň çykansoň ýoldan, Ikinji aýagyň özi çykmazmy? Bu gün goňşusyna daş atan nadan Erte-birgün öz öýüni ýykmazmy? Eýsem, ertir lal açmazmy, jan enem, Öz ene diline dodak çöwüren? Baýnarmy halkynyň düýnki gününe Nazaryny däl-de, syrtyn öwüren? Düşünmeýän zadym kän heniz, käbäm, Düşünýänler maňa kesek oklasyn. Dünýe gaýyk ýaly çaýkanyp durka Maral nädip meni öýde saklasyn! Dünýäni düzedip biljekmi, ýokmy — Barybir ýene-de men ýola çykýan. Ýolda heläk bolan Gurbannazaryň Başujuna baryp, dyzyma çökýän. Soñ ýatlaýan Annaberdi Atdany, Onuňam aýdymy ýolda kesildi... Wah, käbäm, seniñem şol köne heñiñ: «Otur öýde, beýdip ýörme, bes indi!». Oturmaýyn, ýol sökeýin, ezizim, Meýletin bir epmäýin men dyzymy... Göwnüme bolmasa, ýol ýitirdim men Azaşanam tapsa ýagşy yzyny! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |