12:52 Artykmaç şaýatlar / poema | |
ARTYKMAÇ ŞAÝATLAR
Poemalar
1. Ýüz göwräni kerçäp, Ýüz başy kesip, Müňün oda ýakyp, Ýüz-müňün asyp, Ol dünýäň deň ýaryn edipdi tabyn, Ol dünýäň deň ýaryn alypdy basyp. Azyndan ýüz gezek ugrapdy jeňe, Ýüz gezegem ýeňiş bilen gelipdi. Gör, näçekä asmandaky ýyldyzlar? — Şonça ömrüň tanapyny ýolupdy. Gara suw bu dünýäň üçden ikisi — Döküpdi ol şonçaragam gara gan. Ak saçyň başyňda näçeräk, enem? — Ol şonça şäheri edipdi weýran. Näçeräkkä bu deňizleň balygy? Şonça bardyr ol zerarly baş goýan... Zalym şadan hyryn-dykyn Taryha Girmek üçin gözlemändir başga ýol. 2 Ol kimiň daşyny zer edýän eken, Ol kimiň başyny şer edýän eken, Basyp alan, Asyp alan, Kesip alan ýurdunda Demir hökümlerin ýöredýän eken, Öz ýanyndan jahandaky ýaşaýşy Hamana täzeden döredýän eken. Ol şeýle bir eýmenç seredýän eken, Nazaryñ kaklyşsa eredýän eken. Gazap bilen galdyranda gabagyn, Epeý pyýadalar gagşabir eken, Naýza bolup sanjylanda nazary, Naçarlañ çermegi gowşabir eken... Şeýle bir şa ýaşan. Şeýle bir zalym. Ne-hä deñi bolan, Ne-de bir taýy (Eý, ygrarsyz şöhrat Kyrkemjek şöhrat, Kyrk birinji emjegiň ne enaýy?! Dogrusyny aýtsam, Juda kän, şöhrat, Ugrunda saralyp. Ýaprak deý gaýýan. Dogrusyny aýtsam, Entegem gyt däl Sana kowalaşyp balaksyz galýan...) 3 Ýeniş bilen şa dolandy yzyna. Oň bu gelşi ýüz birinji gezekdi. Şol gara gün ýüzügara şöhratyn Gara ýüzün görmäge göz gerekdi! Nije garda gan siýdirip gelen şa, Nije ýurda ýas geýdirip gelen şa, Ençe günläp öz ýurdunda toý beren, Şonça günläp şehitlere meý beren, Öý-öwzarsyz ýetimlere öý beren, Zyndanlardan ýesirlerin goýberen. Soňra Dabarasy arşa galan şa, Ýeñiş badasyndan serhoş bolan şa Çola otagynda giden bir köşgüñ Pidasy bolupdyr biwepa yşgyñ. Onuñ näçe aýalynyň bolanyn Ne adamlar bilen, Ne taryh bilen. (Aý jemally, Ýaý-kemanly gözeller Barybir, Barybir şu köşge gelen). Iñ bir eý görýäni, Iň ýaşy eken Şanyň şo gijeki gözüne ilen. Diňe saçy bilen örtüp tenini Titräp duran gelin ýorgana giren... Şa meýmiräp, Süzüp ýadaw gözlerin, Gyşarýa Ýassanyp janly ýassygy. Birdenem, (Eý, alla!), Daşyny alýa Adamlaryň münder-münder maslygy Terslin-oňlyn ýatan ganly göwreler Birden-birden göz öñünde dikelýä. Ýangynlaň ýalnyna gyzaran gözler Ýanyp barýan şäherlere dikilýä, Sönup barýan şäherlere dikilýä. Şanyň sansyz leşgeri deý pikirler Giriberýä ýorganyň bir çetinden. Uzak ýoluň, Argynlygyň azary Süňke ýetiberýä geçip etinden. (Janam bir süýji zat, gadryn bilene, Eýsem, kimiň gelenokmyş ýaşasy?) Garyp al şeraba uky dermanyn Başyna çekipdir şalaryň şasy. 4 Ajal, Seniň näçe sany donuň bar, Jan almagyň näçe usulyn bilýäň? Häzire çenl-ä ýok, saňa garaşan, Sen bolsa barybir, Barybir gelýäň! Kimiň kükreginden ok bolup girip, Kesel bolup ýykýaň ýene birini. Bendäm nädip sebäp bolýa bendäme? Ýa müň bir lybasyň bu-da birimi? Kimiň otuz ýaşda ganyna galyp, Kime berýäň ak saçyny altmyşyň. (Belki, bugün maňa gahar edýänsiñ, Beýle bolsa Gaýtmyşym meň, Gaýtmyşym...) Garyp ol şeraba uky dermanyn Çekipdir başyna şalaryň şasy... Şeýdip, Dabarasy arşa galan şa, Ahyr bolan bir kemçiniň pidasy!.. Öz ýanyndan şo gününem az görüp, Eýe bolmak isläp üýtgeşik bagta, Öz ärin elinje zäherlän heleý Haram oýnaşyny çykarýa tagta. Ata çykan göge tutsa tumşugyn, Nämäni geň görjek tagta çykandan? Maksada ýeten şa gelýä netijä: «Dynan ýagşy minnetini çekenden..» Şa halkynda ygrar bamy onsoňam, Şalar diňe şalygyna daýanýa! Zenan gudratyndan gözi gorkan şa Artykmaç şaýadyň ýoguna ýanýa. 6 Şeýle agyr jenaýatda aýplanyp Şiriň kapasyna zyňylýa naçar. Şir bolsa... Şir bolsa dört günüň ajy, Onsoň, ýaňky naçar näçeräk ýaşar?.. Ýap-ýaňam Adamlaň soltany bilen Geçirlen gijeleň ýatlap ençesin, Aglap duran gelniñ, näzik tenine Haýwanlaň soltany urýa penjesin. Ýap-ýaňja-da şanyň ýassanyp uklan Ak göwsünden ganly agzyn saldy şir (Ujuňyzda şa barmagnyň yzy bar, Titräp duran, Hudaý uran goşa nar!..) Bir silkende goşaňyzam ýoldy şir. Ah, zalym şir, Sorup ýatyr ganyny Zalym şanyň balyn soran göwreden. Gysga ömrüň yrga sallançagyny Şir bu gezek Ezraýyla üwreden. 7 Zalym şanam, Zalym şirem bireýýäm wagt asyrlaryň çaňyna garan. Bu wakalaň köne şaýatlaryndan Diňe köşkler bilen Ezraýyl galan. Kimiň döwi deňmiş Ezraýyl bilen? Ezraýylyň oýny çakyndan ýeser Galaba şaýadyň soňuna çykan Ezraýyl köşkleňňem başyna ýeter. 8 Ajal, Seniň näçe sany donuñ bar, Jan almagyň näçe usulyn bilýäň? Ýogsam, Dünýe döräp, Senem bar welin, Ölmeg-ä däl, Gaýtam garraman gelýäň! 9 ...Bu wakalaň köne şaýatlaryndan galan diňe köşkler bilen Ezraýyl... ...Köpelmese Ezraýylyň lybasy Adamlar, Men sizden müňde bir kaýyl!.. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |