19:45 Belki, gelersiň | |
BELKI, GELERSIŇ...
Goşgular
![]() Irginsiz güýz şemaly Hüwdüleýä ýaýlamy... Gije girýä gapymdan Şemal kakýa aýnamy. Ynanamok. Garaşýan. Gitdigiňmi, Ejebaý? Bagtym bolup deňimden Ötdügiňmi, Ejebaý? Öýmäň maňa ýat boldy, Gaýyp boldy keteniň... Bagtym diýip gol berdim, Gara bagtym ekeniň. Dolanarňa garaşyp, Aý-günümi sanadym. Towy ýatdy bireýýäm Dulda duran sagadyň, On iki gözi gapyda, Sen gideliň dymyp dur, Seň gelerňe garaşyp, On iki gözün ýumup dur. Şemal açýa aýnamy, Galgaşyp dur tutular... Bu synamyň ýarasy Gör, nämahal gutular? Nesibämden uzakda Gör, näçe wagt gezersiň?! Ynanamok. Garaşýan. Belki, bir gün gelersiň... Gam kölüniň düýbüne Leňňer bolup bataýyn. Müňläp ýol bar jahanda Haýsy birne bakaýyn?! Özge bilen ömrüňi Çatdygyňmy, Ejebaý? Ömrüzaýa ýyldyzym... Batdygyñmy, Ejebaý? Bagtym diýip gol berdim, Gara bagtym ekeniň... Galgaşyp dur tutular— Ýada düşýä keteniň... | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |