12:27 Daýanç nokady / publisistik poema | |
DAÝANÇ NOKADY
Poemalar
Dostum Annadurda Salam, gardaş. Myhman bolup gapyňdan Ýene geldim ençe ýyly ötürip, Dogandan ýakyndyk. Ýat bolup barýas — Sen obada, Men şäherde oturyp. Öýüňde barmykaň, Ýa bir ýerlere Gitdiňmikäň diýip gaýgy edemok. Şükür, Her gelemde çykýaň öňümden, Bir gezegem tapman, yza gidemok. Alaň-açyk derwezäňem, Gapyňam, Saçagyň, ýüregiň, Ýüzüňem açyk. Myhman bolup iliň öýne gideňok Öz öýüňe gelen myhmandan gaçyp. Ertesi gün işe baryp diýeňok: «Owf!.. Agşam öýe bir myhman döküldi! Çagalar ýatmady daňdana çenli, O-da hiç, how, — Öýde çilim çekildi!» Myhmanhana baryp, Myhmanyň üçin Boş otag diläňok boýnuňy burup. Salam berip ogluň ýaly satyja, Kolbasa alaňok nobata durup. Giň howlyň çüňkünde irkilip duran Bir tokly ýa çebiş pyçaga münýär... Geň zat: Dost ýygnaňda saçak başyna, Ne gybat edýän bar, Ne-de öwünýän. Özem şeýle sada, Açyk oglanlar, Içi-daşy mahrum ýasamalykdan. Aýdym-sazdyr goşgy tapsa geçerler «Terbaşdan», «Çemenden», «Ýasmansalykdan». Olar pul bukanok aýallaryndan, Adres ýa telefon ýaşyranoklar. Garanoklar depesinden şägirdiñ, Halypaň ýanynda «ýaşynanoklar». Enesi-agasy segsenden geçip, Bilin büküp, bolanynda bir gysym, Olar tabşyranok «pansionata» Köpi ötüp, azy galan garrysyn. Tüweleme, Ogul-gyzyň ýerbe-er, Ýelden-günden, Gözden-dilden goraýaň. «Näç-äý şular? Ýedimi ýa sekizmi?» — Degşen bolup aýalyňdan soraýaň. Tüweleme, Biri tabak daşap ýör, O biri dur gaçjak bolup tabaga. «Eýdiň-beýdiň» diýip, söz zaýalaňok, Düşünýärler göze, gaşa, gabaga. Tüweleme, Geregi ýok sözlügiň, Öz ene dilinde jedir-de-jedir. Hemmesiniň «piri» tokarja gyzyň Jigilerne uýadyr hem ejedir. Kän bir gynanybam oturan dälsiň Instituta girip bilmedi diýip. Ol bilýänem däldir ýaşap bolýanyn Işlemän-ä iýip, Gazanman geýip. Ol görenem däldir, Eşdenem däldir — Ýalan hem kör duýga örtenip, bişip, Käbir ulugyzyñ gelin bolmanka Ene bolaýýanyn aldawa düşüp. Bilýän däldir bikanun hem bigünä Çagañ taşlanýanyn bäbekhanada. (Besdir, gezibildik gözümiz ýumup, Ýeterlik üns bermän şeýle halada!) Ýöne, haýyş edýän, darykma, dostum, Tapsa öz ornuny durmuşda her kim — Ol gowy zat, Ýöne hasam gowusy: Ynsan zemin bilen baglasa örkün. Şükür, Obalarda iş gytlygy ýok, Iş kän bolýar asfaltyň az ýerinde. Aýagyn topraga dirän adamyñ Boş alada bolýan däldir serinde. Ykbaly topraga baglanan adam, «Bu gün nirä gitsemkäm» diýip ýaýdanmaz. Başujunda sagat goýup ýatmaz ol, Enesinden ir turmaga ýaltanmaz. Ol hiç haçan demikdirip topragy, Asfalt çalyp çykmaz agyz-burnuna. Dynç almaga putýowkasyn galgadyp, Başga birni goýup gitmez ornuna. Onsoňam, seň çölüň bar-a, byradar, Çykaýmaly öýe sygmadyk wagtyň. Gaýnadyp bolýar-a bir taňka çaýy — Palta salman injigine daragtyň! Bilýäň, Mert ojaryň, Ýa boz jereniň, Kastyna gezelen palta ýa tüpeň — Köçede duran bir owadan gyzyň, Baryp köýnegini ýyrtan bile deň. Jennetiň waspyna köp söz gerek däl: Bu sähra syn etse, Lal aýdym aýtjak! Gara niýet bilen barýan ýolagçam Bu çölden bir geçse, Pälinden gaýtjak. Iň esasam, topragyň bar, gadyrdan, — Dabanyň astynda daýanç nokadyň. Goý, bolsun diplomyň başga ugurdan, Ýer ylmynam «ikiliksiz» okadyň. Durmuş atly mugallymyň elinde Okamadyň agşamna ýa gaýbana. Kime zemin gerek — goýmaga başyn, Kime asman gerek — ganat ýaýmaga. Bir otagda, Bir saçagyň başynda Ýaşapdyk paýlaşyp bir döwüm nany... Bu gün Aşgabatda kök urdy dostuň, Sen mekan tutundyň Türkmengalany. Herimiz bir ýoldan ýöredik şeýdip, Herimiz bir zatdan gözledik rysgy. Herimiz tereziň bir tarapynda — Içeriň has ýyly. Kalbyň has yssy. Demir-betondan däl diwary öýüň, Potologa eliň ýetip duranok. Iň uly güýmenjäň — Iň kiçi ogluň, Çagalaň bagtyndan uly baýlyk ýok. Hawa, dogan, seň ýaşaýan ýeriňde Çörek hasaplanýar bar zadyň başy. Köçe-köçe, Gapy-gapy gygyryp, Aýlanyp ýörenok süýt satýan maşyn. Oňa derek Köçeleri sarsdyryp, Ýeriň demir hossarlary geçip dur... Bu sahy topragyň ortarasynda Babadaýhan maňlaý derin saçyp dur. Ol gabanýar, Gysganýar seň wagtyňy, Ol çagyrýar seni ala meýdana. Meň bilenem telpek bulap hoşlaşýar: «Besdir, ýigit, Gaýdaý senem mekana!» Sag bol. Ýene galýaň meni ugradyp. Ýola dolap berýäň tegelek nany. Sebäbi sen bu topragyň eýesi Sebäbi, men bu topragyñ myhmany. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |