13:37 Durmuş | |
DURMUŞ
Kimse barýar ot göterip bu ýoldan, Kimse ýeke gysym kül alyp barýar. Kim ýarag göterýär ýagşy net bilen Kim gara päl bilen gül alyp barýar. * * * Söýgi bir aýdym bolsa, Tarsyz tamdyraň näme? Söýgi bir güneş bolsa, Eliňde çyraň näme? Söýgi bahar-ýaz bolsa, Müň ýyllyk buzuň näme? Bir açyk ýara bolsa, Burç bile duzuň näme? Söýgi bir mizan bolsa, Wah, bitaý ýüküň näme? ...Eger-de söýen bolsaň, Gözüňde okuň näme? Eger näz edýän bolsaň, Eliňde daşyň näme? Eger aldaýan bolsaň, Gözüňde ýaşyň näme? Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |