13:20 Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy | |
GÜN BIZE GEŇEŞMÄN DOGÝAR
Powestler
- Waý, ýuwaşrak, mynjyradýaň-la!.. - Söýýän, Güljahan, söýýän!.. Eşidýäňmi, söýýän! Ynanýaňmy, söýýän!.. - Eşidýän, ynanýan... Goýber... Dälireme, Şalar, dursana!.. Ah, meniň tolgunmadan ýaňa agzymdan çykyp barýan ýüregim, köp zatdan habarsyz gapyl ýüregim, türkana ýüregim, yňdarma ýüregim! Bolsa-da, sen bir zady aňan ekeniň: bu nagehan kapasa düşen bilbil mysaly iki ýana urunýan, simap deý sandyraýan bu göwräniň şu sapar elimden sypsa, dolanyp gujagyma dolmajagyny sen, bolsa-da, aňan ekeniň!.. - Eşidýäňmi, Şalar, goýber!.. Masgara borus beýtme, saňa diýýän!.. Gerek däl, Şalar!.. Meniň bolsa huşum bireýýäm başymdan uçupdy. Men bolsa ne özüme, ne-de başyna giden ellerime erk edip bilýädim. Bu mahal meniň dumanly serim edýän hereketlerime hasabat bererden ejizdi. ...Birahat durmuş deňzinde parahat ýüzüp ýören ömür salymyň küreklerini ikinji sapar elimdeň alan bu jadygöý duýgynyň soňunyň näme bilen gutarjagyny kim bilsin?! Ine-de serhet!.. Bozman geçmelimi ýa-da geçmän bozmalymy?.. Birden çep dulugyma ot basylan ýaly boldy. Doňdum. Doňňara daş boldum. Her haýsy çepiksije bir egni bürgütdenem gaýym tutup duran penjeler açylyp gitdi. Durun. Gymyldaman durun. "Bu näme, eý, taňrym, näme bu?.. Tyg ýarasyna guýlan bir gysym duzmy bu ýa-da bir käse şerebe atylan bir katra zähermi... Ah, men şu ýaşa çenli gözýaşyň beýle gyzgyn bolýandygyny bilmändirin!.. Bu Ýalňyz enäň näletimi ýa iliň-günüň gargyşymy - ne beýle agyr-la bu?! Goý,Taňryň bialaç bendesi, goý sesiñi? Gowusy - dişiňi gys, derdiň ýeňlär... Bu - seniň gara maňlaýyň. Bu - seniň ejiriň. Çekmelem borsuň. "A sen gözüňi giňräk aç, ýigit!" - Bagtygülüň patasy ýadyňdan çykdymy? Aç gözüňi giňräk! Bu - şarpyk... Berekella, otur. Bäşlik. Hawa, bu şarpyk. Kap dagyna galdyran göwnümizi ýene getirip, kül üstünde oturdan şarpyk. Has ýokarky şaha ymtylyp, ýerden üzlüp ugran göwrämiziň tüýs wagtynda aýagyndan çeken şarpyk. Bu -- halal şarpyk..." -- Sag bol, Güljahan. Taňry ýalkasyn... Ýarygijeki mazarystanda-da beýle eýmendiriji dym-dyrslyk bolýamyka? Göwnüme bolmasa, birmahallar han göçüniň agyr kerweninden galyp, şindi-şindem Garagumuň jansyz alaňlarynyň arasynda sümsünip ýörşüne zaryn-zaryn uwlaýan haýsydyr bir itiň nalasy gulagyma gelip duran ýaly... -- Bagyşla, Şalar!.. Häzir düşünersiň... Eşidýäñmi, bagyşla... Haýyş edýän.. Dolan, Şalar!.. Möňňürip özüni krowata oklan gyzam, agyň arasyndan zordan bölünip çykýan naýynjar sözlerem gapyň tutawajyna aýgytly uzan elimi yzyna çekip bilmedi... Koridorda öňümden çykan hiç zatdan bihabar Nazar lukmanyň içiňden geçip barýan nazaram meni saklap bilmedi... Ah, ol mahal seniň ýaňkyja duýdansyz şarpyk üçin däl-de, düýbünden başga zat üçin ötünç soranyňy men nireden bileýin, Güljahan?! *** Kemsinen kalbymmy, köýen arymmy, Şatlygymmy, hasratymmy, zarymmy, Wepadarymmy ýa jepadarymmy, Melhemimmi ýa merkimmi, Güljahan? Ýa depämde ýyldyz bolup dogdumy, Ýa bakjama hazan bolup degdimi, Ýa bogazym ahmyr bolup bogdumy, Gandarymmy, gurbanymmy, Güljahan? Men bilmedim, düýşe degmez huşummy, Men bilmedim, huşa sygmaz düýşümmi, Bagt guşummy ýa-da ýürek daşymmy, Derdimmi ýa dermanymmy, Güljahan? Yşk dagyna Perhat bolup gelmedim, Şaapbas deý oýnamadym, gülmedim, Matal gördüm -- çözgüdini bilmedim, Bagtymmy ýa armanymmy, Güljahan? *** - Bu näme etdigiň boldy, Hydyr? - Öz işiň bilen bolsan-aý!.. Azaryň ýetmesin maňa... Ynha-da, bar bolubilşi-dä deýýusyň. Näme diýip näme aýtjak muňa? Büý-ä gören ýere burnuny sokup adamlaň ýüregini bulap ýörmeli, menem öz işim bilen bolmaly. Munuň azar-a uly ile ýetmeli, özüne-de hiç kim azar bermeli däl. Hany onsoň gürleş-dä muň bilen adam şekilli! - Nämüçin beýtdiň diýýän-ow men saňa? - Näme, indi men seň öňüňde hasabat bermelim-äý, gidiber-dä öz ýoluň bilen!.. Oňly jogap almajagyma gözüm ýetdi. Şonuň üçinem çetine degäýjek sözler bilen içimi sowadyp gidibermekçi boldum: - Onsoň, nätdi, Sähet mirap arkaňa halat dagy ýapdymy ýa-da baggoýun dagy berdimi? Gahary gelendir öýdýäňizmi? Ýüzem üýtgemedi. - Beýle halady ýa maly kän bolsa, bir mysapyrja bende bilen guda bolsun-da, ogluny öýersin. Aýdaý şeý diý-de miraba... - Miraba-ha indi hiç zat aýtmazlygymam mümkin welin, ýöne saňa häzir bir zat aýdaýyn, özem seniň ojagaz garaja ýüregiňiň tä urmasyny goýynça, gulagyňda iňlesin dursun: Üz Güljahandan tamaňy! Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn. Şo gyzy elimden gidersem, meniňem adam bolmadygym! - Alaweri, how, dogan, nesip etsin! Gatnawerem şoñ ýanyna, söýewerem. Meň bir başymy agyrtma... Ol şeý diýdi-de, beýle ýanymdan aýlanyp, ýok bolaýdy. Menem birsalym durup-durup, aýaklarymyň burnuny keselhana tarap öwürdim... *** Prawleniýäň işigindäki telegraf sütüniniň, çür depesinde tumşugyny ýokary tutup, günbatara haýbatly garap duran reproduktordan ýaňlanýan Annaberdi Atdanowyň şirin owazy uzakly günüň halal zähmetinden soň aýagyny uzyn salyp, dynç alyp oturan posýologyň üstaşyry tolkun atyp, alyslara ýaýylyp gidýärdi: "...Şükür indi ýar mekany göründi, Gözüm düşdi sonam duran ýerlere..." Bizem gapymyzyň agzyndaky tagta sekiň üstüne bütin maşgalamyz bolup, agşam çaýyna ýygnandyk. Ondan-mundan mesawy gürrüňler edilip, çäýnekler sarkyryldy. Kitap-depderlerini goltuklaşyp, içki tama sümen jigilerimiň hersi öz ýerine geçip, öýe berlen ýumuşlaryň bir çetinden girensoňlar, ortadan saçagy ýygnan ejemem ýaňadan çaý demlemek üçin çäýneklerini alyp, jaýa ugrady. Ozal taýynlygy görlen bu ikiçäk gürrüň häzir başlanmalydy. Kakam rejelenip eplenen gazetiň bir bölejigini ýyrtyp, temmäki dolandy. Menem öňümde ýatan "Awroraň" birini ernime göwünli-göwünsiz gysdyrdym-da, Güljahanyň sowgat beren naşyja zažigalkasyny "şyrk" edip, kakama uzatdym. - Teýim etsen-äý, munyň näme? Mydam bir bolgusyz zat tapýaň-aý senem -- diýip, kakam otluçöpüni çakyp oturyşyna hüňürdedi. Gürrüňi nämeden başlajagymyzy bilmeýän ýaly, ikimizem ýaýdanyşyp, oýa batdyk. Temmäkiniň goýry tüssesiniň yzy bilen çykan sowal pikirimi böldi: - Nätdiň, dokumentleriňi tükellediňmi onsoň? - Hawa, hemmesi taýyn. - Haçan ibermekçi? - Aý, ýene birki hepde bar-la... - Ýogsa-da, haýsy ugurdan gitsem diýýäň sen? - Dil-edebiýata-ha bir synanyşjak... - Hawa, onsoň, bardy-geldi girip sag-aman alybam çykaýsaň, näme kärde işlemeli? Mugallym bolmalymy? Ýa Gurbanguly goturyň ogly ýaly eneň-ataňy bir şlýapa çalşyp, şäherde galybermelimi? Kakamy, aýratynam ejemi uly iňkise goýýan zat, ine, meseläň şu tarapydy. Şonuň üçinem men bu sowaly jogapsyz galdyryp, onuň göwnünden turaýjak başga bir sowal bilen özüne ýüzlendim: - Kaka, eger men okuwa gaýybana giräýsem... nähili görýäňiz?.. Ol birbada böwrüni diňlän ýaly etse-de, agras ýüzüne çaýylyp giden begenji onuň içki duýgusyny menden gizläp bilmedi. Sesi hem diýseň şadyýan çykdy: - Haý, bidöwlet, ýigrimi ýaşyň içinde ahyry bir sapar akylly-başlam gürlediň-ow!.. Nädip beýle döwletli pikir seň kelläňe gelip ýör? Ýa bir "emma- jygy" barmy, ä? - Ýogam däl kaka... - Aňýan, aňýan... Näme okuwyňy gutaryp gelinçäň gurüm-jürüm bolaýar öýdýäňmi... Ýa "gara saçly molla" küýsäp ugradyňmy?.. - Ýok-laý kaka, baý senem-ä!.. - Ýeri, ýeri, mysapyrsyraberme, oýun edýän... Dogrusy, ejeň ikimiz saňa şu maslahaty öňräkden bäri teklip etjek bolup ýördük. Tüweleme bolsa-da özüň ynsap edäýdiň. Senden tama-da şeýledi iner ogul, berekella!.. Ýok sen özüň bir pikir edip gör, sen biziň ýekeje oglumyz ahbetin. Toýa-tomga diýip, goňşy obalara gidip, bir gije öýe gelmeseň, ejeň görgüli, ne özi ýatýa, ne bizi ukladýa. Neneň onsoň bäş ýyllap... Her eline bir çäýnek alyp, içerden çykan ejemiň şatlyk uçganaklaýan gözleri ýeke ogluna minnettarlyk duýgusyndan doludy. -- Wah, "gaýybana" diýen diliñden aýlanaýyn, çagam! Şeýt-de eneň görgüliň ýüregini bir köşeşdir ahyry!.. Wah, adyňa döneýin, Jahan jan, gyzym, men biçäräň maňlaýyndan çykan bir perişdemidiň sen? Ýaşyň uzak bolsun, guzym, alnyň-bagtyň açyk bolsun!.. *** "Seniň çykyp gideniňe ýarym aý boldy, Şalar! Gaýdyp ýeke sapar meň gapymdan gelmediň, ýeke sapar ýolumy kesmediň... A men saňa, bilýäňmi, nähili garaşdym? Gündiz gapymy, gije penjirämi açyp, ýaşly gözlerimi ýoluňa dikip, bilýäňmi, näçe gün garaşdym? Gelmediň. Görünmediň. Sen keselhanañ gapdalyndanam geçmediň, Şalar! Meniň iň gorkan zadym bolsa, ine, şu nähak jezady. Nämeden gorksaň, şo-da başyňa düşýän eken... Saňa bu hatyň ýazylmagynyň esasy sebäbi, bilýäňmi, näme (ýok, seniň ýarym aýlap görünmäniň däl, düýbünden başga sebäp), seniň bilen ýüzbe-ýüz durup, görejiňe göni bakyp, bu aýtjak zatlarymy aýdyp bilmejegime gözüm ýetip dur. Seniň hiç bir müýnsüz, ýazyksyz parahat gözleriň meni ýerden alyp, ýere sokýar. Nämüçindir, seni görsem, etmedik hyýanatymyň, goýbermedik hatamyň günäsini boýun alýan-da, suwdan çykarylan balyga dönäýýän?! Eýsem, seniň öňüňde günäm barmy meñ, ýa aýybym barmy, Şalar? Eýsem Aşyryň yzy bilen gidip bilmedigim -- günämmi meniň? Eýsem, külli älemde ýalňyz aşygyma bagyş eden iň bir gymmat baha baýlygymyň deregine synamda onuň keşbini, durkuny, nusgasyny alyp galanym -- aýybymmy meniň?! Goý bolsun! Günä bolsa - öz günäm. Aýyp bolsa - öz aýybym. Ol "etmişim" üçin men hiç kimden utanamogam, çekinemogam. Onsaňam biziň söýgimiziň jyzlanyň ömründenem gysga boljagyny kim bilipdir öňünden?.. Ýok, Şalar, bu zatlary men seniň öňüñde özümi aklajak bolup aýdamok. Ýöne, ýuwaş-ýuwaşdan üstüne abanyp, ahyram seniň ýoluňda keseren garşylygyñ döreýşi bilen seni tanyşdyrmak isleýän... Seniň däli deňiz deý möwç urup, däli taý deýin çarpaýa galyp duran söýgiň neneň edip seni şunça günläp menden alysda saklap bildi? Eger seniň şol mukaddes sözleriň kiçi dilden bärde bolup, şol ajaýyp duýgularyňam ýasama bolsa, onda bu ýalançyda mukaddes zadam ýok, çyn zadam ýok. Onda bu dünýe durşuna boş kasamlardan ýalan peýmanlardan, galp duýgulardan we ýasama gözellikden ybarat. A meniň geçmişim bilen sen juda ir gyzyklanyp başladyň, ol bolsa seniň garaşyşyňdanam, çak edişiňdenem üýtgeşigräk bolup çykdy. Ol seniñ depäňden gaýnag suw guýan surat, ol seniň sussuňy basan hat meniň gysgajyk geçmişimiň ujypsyzja bölegidi, ýöne seniň yşk bazaryndan iki barmagyňy burnuňa sokup gaýtmagyň üçin şo-da ýeterlik boldy... Indi bolsa men onuň üstüni ýetireýin. Goý, meniň şu saňa ynanjak syrym, haçan-da bolsa birmahal, ,öz wyždanynyň öňünde hasabat berende, ýüzüň gyzarmaz ýaly, öz-özüňi aklamaga esasy bir tutarygyň bolsun... Aşyr ikimiziň durmuş toýumyza niýetlenen "Çagyryş biletleri" eýýäm paýlanypdy. Toý gününe bolsa bary-ýogy bir hepde galypdy. Indi biziň gelen netijämiziň amala aşmagyny bökdejek hiç bir güýç, päsgelçilik, garşylyk görünenokdy. Aňyrsy bir hepdeden tutuljak toýumyza garaşybam durmadyk... Biz bary-ýogy dört gün ýaşadyk. Söýgüden, hyjuwdan doly juwan ömrümiň iň soñky günlerinde men onuñ göwnüni ýykmanyma çigdiň gabygy ýalam müýnürgämok. Gaýtam oňa öz ykbalymy has irräk bagyşlap, ýowuz söýgimiziñ eşretini, hözirini has uzagrak görkezmänime ökünýän. Keşbi özgerip ugran synamy synlap, kimsi ýazgarýan, kimsi duýgudaşlyk bildirýän gözlere, käsi göwünlik berip, käsi "hyşy-wyşy" edýän dillere dişimi gysyp diýen ýaly dözüp, men ol perişdäni göwrämde dokuz aýlap göterip gezdim... Ýok, Şalar, ol çaga meniň paýlaşmaga adam tapman ýören derdim üçin däldi. Ol meniň bar baýlygymdy. Ol meniň geçmişimdi. Geljegimdi. Ol meniň gaýtadan direlip, o dünýäden gaýdyp gelen söýgimdi. Ol meniň galan ömrümiň manysydy. Maksadydy. Baýdagydy. Ol meniň jigeri dilim-dilim bolan yhlasymdy. Kebzesi agyr ýükli ykbalymdy. Ol çagany ýeke saparam ikirjiňlemän, ýaýdanman, nalaman bu jahana getirdim... Eý, durmuş! Sen meniň ýüregime baky ýitmejek bir tagman-a eýýäm basdyň. Gel, şu sapar bir meniň zaryma gulak as! Şu sapar bir meniň ýaraly kalbyma azda-kände melhemiň degsin! Öňde-soňda bir dilegim: synamda dünýäm deý göterip ýören zürýadym ogul bolsun... Sen meniň saýasynda bagtymy tapan çynarymy bir zarbada agdaryp taşladyň, ber indi onuň öwezini, eý, adalat, ogul ber!.. Dokuz aýlap, gije düýşümde, gündiz huşumda ýalbaryp eden nalyşymyň, bolsa-da bu gezek haýry degdi... Men ata mährini germedim, Şalar! Onuň men dogmankam gidişi... Nämüçindigini bir ejem bilýär, nirädigini bir Alla bilýär... Indi meniň bu suw ýaly çagany okuwymy gutaryp, alan bilimimi azda-kände ödeýänçäm, dogduk obamda ýekeje özi gününi tigirläp ýören ýumruk ýaly garry ejemden başga kime ynanaýyn?.. Obadan gaýdanda eliň çemedanly gaýdyp, geleňde-de gujagyň çagaly geläýmek aňsat däl eken. Şalar! Il-gün, goňşy-golam-a beýlede dursun, ýalňyz ejemem howludan ätlämde: "Waý, balam, gunça ýaljak ömrüňde bu pelegiň öňünde näme günä etdiň? "Bar gyzym, okuwa gidäý" diýemde, beýle-beýle günlere düşjegiňi bilmändirin, çagam!.." diýip, ýer ýumruklap ugrady. Ýer ýarylan bolsa elimdäki çagam bilen bile girerdim, Şalar... Biraz demi düşüşensoň, baryny bolşy ýaly gürrüň berdim.. Meniň elimde garaja gözlerini oýnakladyp ýatan çaga özüniň nämüçin gujagymdan gaş balyp alnanyndan, näzijek ýüzüne ýagyş bolup ýagýan şor damjalaryň uly ili bilen ses edip duran ejemiň gözýaşydygyndan bihabardy... Ene ýürek perzendiniň ýalňyşyny bagyşlady. Ene enäň günäsini ötdi... Temeni haltada gizläp bolmaýany saňa-da aýan, Şalar, maňa-da. Eger meniň bilen gatnaşygyň hiç birhili duýdansyzlyklaryň täsirine düşmän, öňküsi ýaly dowam eden bolsa, onda ikimiziň aramyzda syr galmazdy. Irde-giçde sen hemme zadyň magadyna ýeterdiň. Sen howlugdyň, Şalar, a men gorkdum... Ol ýitgiden soň gaýdyp erkek kişi goşarymdan tutmajak ýalydy. Bu zeminiň üstünde gezip ýören erkek göbeklileriň hiç birisem gaýdyp meň gözüme yssy görner öýtmedim. Göwnüme bolmasa, tä ömrüm ötinçä, betbagt seýgimiň ýasyny tutup, köýen arzuwlarymyň agysyny aglap geçäýjek ýalydym. Meniň üçin dogrusy, köçelerde maňa mylaýymja salam berip, hyrydarja göz bilen garaýan men diýen jahyllaram birdi, "Teke bazarynda" nas satyp oturan "pygamber ýaşyny" arka atan gojalaram birdi. Şeýdibem, ýyl ýarym gezdim. Şeýdibem, alnymda sen peýda bolduñ... Şalar! Seniň gara görmän ürküp gidişiň maňa şeýle bir ýokuş degdi welin, hiç diýip-aýdar ýaly däl. Meniň köne derdimi gozgady. Ýüzi gaýdyşyp ugran ýaramy dyrnaçaklady. Men ozalam göwün beren gülümi ysgamaga ýetişmänkäm hazan ýeli urupdy. Ýeri, indi bu näme diýsene... Ýüregiň daşdanmydy, oglan: ölüp-direlen ykbalyma erk edip, gapymy ýarym aýlap terk edip, bigünä gezlerimi ýaşa gark edip, iýenimi-içenimi merk edip ýörşüňe, ýüregnň, hiý bolmanda, bir sapar sarsmadymy? Ýüregiň çüýşedenmidi, oglan: bir gyzyp, bir sowany bilen çym-pytrak bolaýdymy?.. Sen nädip meniň bu ýüz-müñ gussaly gamgyn dünýäme aralaşyp bildiň, Şalar? Sen nädip meniň, göwnüme bolmasa, buz deý doňan ýüregimi gaýtadan eretmegi başardyň? Nämüçin sen meni söýdüň, nämüçin? Nämüçin sen kalbymyň ýaňy bitip ugran ýarasyny ýene dyrmap goýberdiň? ...Eýsem, men tä ömrümiň ahyryna çenli bir düşekde ýeke ýatyp bilermidim? Ony men, bardy-geldi, başaraýamda-da, dogry bolarmydy? Galyberse-de, şeýle netijä gelmegiñ hem ony amala aşyrmagyň geregi bir barmydy?.. Beýle-beýle oýlar saňa duşýançam, kelläme-de gelmändir. Saňa ilki gözüm düşende-de, señ ýüzüňe garap, ilkinji gezek ýylgyramda-da, meniñ bu "süýtden agzy bişen kalbym" saňa tarap owsun atar diýip, pikirem etmändim. Birdenem, "Içim gysýar, Şalar, gelip dur" diýenimi duýman galypdyryn... Sen ilkinji sapar "Kino gideli" diýeñde welin, men eýýäm ýedi ölçäp, birem kesipdim... Soñabaka men seniň bilen şeýle bir öwrenişdim, seniň didaryňy şeýle bir küýsedim, hatda meniň içki dünýämde öwsüp başlan mylaýym şemal köşeşmeg-ä beýle-de dursun, ýok, Şalar, gaýtam ol tupana, däli harasada öwrüldi. A men, bilýäňmi, Şalar, nämeden gorkdum? Seni ýitirerimden. Sensiz galarymdan. Men hakda şu okan zatlaryňy näçe ir bilen bolsaň, sen menden şonça-da daşlaşyp ötägitjek ýalydyň. Mende şeýle pikir etmäge-de doly esas bar, sebäbi sen ikimiziň söýgimiz barada "Zeleliň ýarsyndan gaýtmagam bir peýda" diýen nakyly ýerliksiz ulandyň. Ýok, "ikimiziň söýgimiz" diýmek bilen birjigem öte geçemok. Eger gürrüň sen hakda barsa, onda seniň maňa bolan päk duýgyňa we täk söýgiňe men çigit ýaljagam şübhelenemok. A özüm welin... Tukat kalbyma ýaňy bir şöhle çaýyp ugran yşk çyragymyň peltesine ýag damdyryp goýberenem Bagtygül, boldy, Şalar! Irde-giçde onuň bilen gepimiziň -- sözümiziň alşyp gitmegi geň zat däldi. "Bir gören -- tanyş iki geren -- garyndaş" diýen pikiri ilki ündän adam ol nakylyň yzyna "üç gören -- syrdaş" diýen jümlänem goşmaly eken... Adamyň aňynda gamly ýüz şadyýan ýüzden pugtarak galýar. Gülüp duran gözler ýaşly göze garanyňda tizräk unudylýar. Senem şo saparky koridorda öňüňden ýarym-ýaş bolup çykan Bagtygüli ýadyňdan çykaryp ýetişen dälsiñ. Ol seni söýüpdir ahyry, Şalar. Ýöne onuň söýgüsi gadymy türkmen obasynda ýaşan baý gyzynyň ýetim oglana bolan söýgüsi ýaly, nämüçindir, döreýşi ýalam ýüreginde ölüp galypdyr. A sen onuň gyz ýygralygyndan, çekinjeňliginden äzüňçe netije çykaryp, belli bir düýpli maksada aýgytly okgun etmänsiň. Şeýdibem ol durmuşa çykypdyr... Ýok, men saňa Bagtygülüň terjimehalyny gürrüň berjek bolamok, sen oňa menden gowurak beletsiň, ýöne men Bagtygül bilen baglanyşykly bir meselede seniň ýalňyşýanyňy aýdasym gelýär. Seniň göwnüňe bolmasa, onuň sende ary köýen ýaly. Seniň göwnüňe bolmasa, ol öňünden çykan bilen seniň gybatyňy edip ýör. Seniň göwnüňe bolmasa, Bagtygül seni nämedir bir zatda aýyplap, elmydam haýsydyr bir ahmyry ýerine saljak bolup ýör. Seniň göwnüňe bolmasa ol maňa-da sen hakda bar bilenini-bilmedigini ýygnap, bolşundanam bäş-beter edip ýetirdi... Eýsem, seniň şu gulluk edýän akylyň döwletli akylmy? Eýsem, seniň bu ýykgyn edýän ugruň adalatly ugurmy? Sen öňde-soňda, hiý bolmanda azda-kände, böwrüňi diňläp görmediňmi? Bagtygül saňa duşmançylykly göz bilen nämä esaslanyp garasyn? Ol näme üçin özüni ýigrendirsin, Şalar?.. Bilýäňmi, şo sapar ol nämüçin aglady? Aşyryñ suratyny görüp, Gurbanyňam hatyny okap, iki egninden basylan ýaly bolup, birmeýdan gözlerine ýaş aýlap oturandan soň, sen hakda sorady. Men oňa seň bilen juda öwrenişendigimi, saňa biperwaý göz bilen garap bilmeýänimi, seni görüp durmasam bikarar bolýanymy, iň soňunda-da öz gelejegimi sensiz göz öňüne getirip bilmeýänimi gürrüň berdim. Ol şonda ýene birsalym dymdy. Soň ýene aglap başlady. Şol sojap oturyşyna-da penjireden seniň gelýäniňi görüp, gapa okduryldy... Hawa, men söýýän seni, Şalar!.. Sen nämüçin geleñok? Garaşýan-a men... Gije penjirämi, gündiz gapymy açyp, ýaşly gözlerimi ýoluňa dikip, häzir-ä ýarym aý garaşýan, gerek bolsa ýarym asyram garaşaryn... Ýok, men özümi hödürlämok saňa! Men söýýän. Söýýän hem garaşýan... Men özümiň bu duýgymy hiç kimden gizlemekçi däl. Bagtygüldenem. Nazar agadanam. Hiç kimden... Bu söwdadan iki eliňi ýuwup çykmaga sende esas ýok, Şalar! Meniň ikinji sapar güýz asmany deý bulaşyp ugran dünýäme dolanyp gelmezlige seniň hakyňam ýok. Gel, düşündir maňa bar zady! Näme boldy? Nirä ýitirim bolduň? Nämüçin? Dolan, ýigit, gaýt päliňden. Ine, meniň gara başym ýalkasaňam, ýazgarsaňam -- ine, men. Aýt, näme meň ýazygym? Söýüp ýalňyşan bolsam -- düzet. Ýalňyşyp söýen bolsam, çal ýañagyma gurşun ýaly şarpygy -- goý, gözlerim günäli bolsa, ot çyksyn, bigünä bolsa ýaş çyksyn... Azaşan bolsam -- salgy ber. Aldanan bolsam -- göwünlik ber. Sen şunça günläp gelmän ýörsüň, janym, garaşýan-a! men!.. Isle gülüp gel -- gujagymy açaýyn. Isle gaşyňy çytyp gel -- ýüregimi açaýyn. Ýöne dolan... Isle ötünç sora -- ýazygyňy geçeýin. Isle ýazgar -- ötünç soraýyn. Ýöne dolan... Ozalam orta ýolda galan agyr ýükli ykbal kerwenimi isle öňe äkit, isle yzyna dola. Öňki ýerinde goýma... Dolan. Sensiz ýaşan günüm dogmajak ýaly. Sensiz dogan günüm ýaşmajak ýaly... Hawa, başky söýgiň şarpygyny men eýýäm dadyp gördüm, Şalar. Ýöne, o şarpygy aýlap-aýlap, gel-gel, saňa çalmaly bolaýdymmy? Bu hormatly hem-de jogapkärli wezipäň müñ bir çarkandakly ýoluna baş goýup, juwan ömrümiň egsilmez hyjuwy bilen ýapyşamda, ýüzläp ýürekleriň sagdyn hem-de kadaly urmagyna bar zehinimi, yhlasymy bagyş edip, her urgusynda "Güljahan, Güljahan!.." diýip duran bir ýüregi welin, gel, gel, öz elim bilen ýaralamaly bolaýdymmy? ...Üç göwre bir düşege sygmaz, onam bilýän. Şonuň üçinem Aşyryň suratyny men şeýle bir ýerde gizlärin, tä ahyrzaman gününe çenli oña bir adamyň gözi düşmez. Ol düşüner. Ol meni bagyşlar. Hökman. Men saňa ýarym aý bäri garaşýan, ýigit. Gerek bolsa ýarym asyram garaşaryn. Gelmeseň - ölinçäm garaşaryn. Ölmesem - gelinçäň garaşaryn. Gündiz gapym açyk, gije penjiräm. Gapym hemme kişä açyk, ýüregim saňa. Penjiräm hemme kişä açyk, gujagym diňe saňa. Garaşýan-a men, janym, dolan!.. Ýok, men ýalbaramok, men diňe söýýän. Söýýän hem garaşýan, garaşýan hem söýýän. Söýýän hem ynanýan. Ynanýan hem söýýän. Garaşýan..." *** - Salam, Güljahan... - Salam... - Günäkär men... Ine-de geldim. - A men saňa garaşdym, Şalar... Men saňa kän garaşdym. - Bilýän, Güljahan. Bagyşla... - Hatym gowuşdymy? - Hawa, ýaňyrak aldym.. Men barybir gelerdim Güljahan! - Men söýýän seni, Şalar, sensiz maňa giň jahan gabyr ýaly... - Aglama, Güljahan, haýyş edýän, goý!.. -- Nämüçin sen wagty bilen gelmediň? Nädip gezip bildiň munça günläp? Men hakda oýlandyňmy bir? Küýsediňmi bir? - Goýsana, Güljahan, aglama... Geldim-ä ine! Ýazgarmaga däl, ötünç soramaga geldim. Hemişelik geldim. Ömürlik geldim... Seni şunça günläp görmän, neneňsi çydap gezişime özümem haýran. Edil saňsar deýin gezdim. Gije-gündiz sen hakda pikir edip, seniň adyňy gaýtalap uklap, seniň adyňy samrabam oýandym. Ine-de geldim... Goý, ahyry, indi bir aglama! Önki döken gözýaşlaryňam besdir, eşidýäňmi? Bu durmuşda gözýaş paýyňy artykmajy bilen berdiň-ä sen. Şeýle dälmi, Güljahan?.. - Hawa, Şalar, hawa, ezizim!.. - Ah, Jahanjan! *** Obanyň ortasyny kesip geçýän kiçeňräk ýabyň boýuny dähädäm-dessemläp diýen ýaly syryp gelşime, keselhanaň gabadynda aýak çekdik. Biziň bilen häliräk klubdan çykyp gaýdan adamlar eýýäm ýassygy süsendirler. Kimiñ bir özi iki ýassyga baş goýandyr, kim iki bolup bir ýassygy paýlaşandyr... Kim bilýär, gör haçan gutarjak bu biziň sergezdançylygymyz? Gör, haçan biziňem öz dünýämiz, öz gapymyz, öz açarymyz, öz ýassygymyz boljak?! Irde-giçde boljagy bir çynmyka?.. Ýok men bu arzyly gujaga ömürlik dolmaga alňasamok. Ikimizi göze ilmeýän bir magnit deýin biri-birimize dartyp duran mukaddes, arassa duýgymyzy ýorganyň aşagyna dykyp bir gijede mynjyradyp taşlaýmaga asla howlugamok... Men nämedir başga bir zatdan ätiýaç edýän... - Güljahan, öňräkkini gaty görmäweri, men-ä nähili-nähili bolanyna düşübem bilmedim -- diýip gapynyň agzyna gelenimizde ýuwaşlyk bilen çekgämi sypadym. Bu meniň: "Maňa-da girmäge rugsat et" diýdigimdi. - Ýok, Şalar, sen karam edýäň. Mydam meň goýberen hatam üçin sen ötünç sorap ýörsüň! - Müň dürli, müň syrly näz bilen towlanjyrap, daşky gapyny açan gyz, ýüzüme bir ýylgyrdy-da, koridora siňip gitdi. -- Gaýtam sen meni bagyşla!.. Bu onuň: "Rugsat, sorap durma-da, gir ahyry, Şalar!" diýdigidi... Myhmanhana gelen ýaly otagyň gapysyny açyp, iç işikde saklandyk. Goşary ýukajyk "Raketaly" ap-akja gol raketa çaltlygynda gapyň çep tarapyndaky garaja nokada süýnende, ony ýetirmän, orta ýolda başga bir "Raketa" bilen ýyldyrym çaltlygynda kakyp aldym. Howsalaly nazaryny çalasynlyk bilen maňa tarap gönükdiren gyzyň göreji koridordan düşüp duran çyraň şöhlesindenem parran geçip, meniň gözüme sanjyldy. Burunlygyndan dartylan bugurçy ýaly, kän bir buýtar-suýtarsyz boýun egmek bilen boldum. Gyssagarada goýberen "günämi" ýuwmarlamak üçin hasyr-husur özüm çyrany ýakdym. Krowatyň, üstünde daşyna gyzyl mahmal çekilen ullakan albom ýatyr. (Bu meniň üçin täzelik). Bilesigelijilik göýä syçanyň penjejiklerine dönüp, kalbymy dyrçanaklap başlady. Eger şu mahal Güljahan haýsydyr bir iş bilen koridora ýa-da goñşy otaglaryň birine çykaýsa, albomy ellemän durup bilmezdim. Ýöne "behişdiň gadagan miwesine" göz dikip duranymy añan gyz ozalam rejeli duran düşegi düzedişdiren boldy-da, albomy usullyk bilen ýassygyň aşagynda gizledi. Öñem bükgüldisi ýetik ýüregim jigläp gitdi. Gursagymyň jümmüşinden haýsydyr bir şübheli duýgy bir tokga guryja düwne öwrüldi-de, bokurdagyma geldi. Men özümi şeýle bir oñaýsyz duýdum, (bu bolsa meniň üçin täzelik däldi), eger şo mahal girre gaharym gelmedik bolsa, hyrra yzyma dolanmaly bolardym... - Bu gizlin syrlardan, bu meniň içki dünýämi lerzana getirýen çylşyrymly tapmaçalardan, men-ä ýadadym, Güljahan!.. Dymýar. Göýä ýassygyň aşagynda albomy däl-de, dilini ýygşyran ýaly. - Geplesene, Güljahan, diý, ahyry bir zat!.. Näme diýseñ diý, ýöne dymma! "Söýýän" diý, "ýigrenýän" diý, "gaýdyp meň gapyma gelme" diý, "söýýänim bar" diý, "söýenim bar» diý, "içim gysan wagty göwnümi açdyň, sag bol" diý, iñ bolmanda "seni gurjak oýnan ýaly oýnadym, indem ýüregime düşdüň" diý, ýa bolmasa... - Şalar!.. Ýok, bu garşymda duran gyzyñ sesi däl. Bu edil gulagymyň düýbünde duýdansyz geçen tüpeňiñ sesi: - Neneň diliň barýa, Şalar!.. Ine, bu Güljahanyň sesi. Bu ses meniň halasgärim. Men häzir tomsuň diriligiňe gowrup barýan jokrama yssysynda surnugyp, özüni zordan teläre atan orakçy. Bu ses bolsa gulagyňa haýsydyr bir ýakymly, jadyly sözi pyşyrdap duran buz ýaly bir tabak düe çaly. - Sen şo zatlary neneň aýdyp bildiň, Şalar?! Bu sowal ýene bir sapar gaýtalansa, meniň aldym-berdimli jeň meýdanynda gylyjy iki bölünen esgere dönjegim bellidi... - Dagy men nädeýin, Güljahan? Dagy men näme diýeýin? Nämüçin biz biri-birimiziň gözümize göni garap bilemzok? Nämüçin hökman birimiziň ýüzümiz aşak bolmaly? Nämüçin men mydam köp zady çak bilen biljek bolup, içimi gepledip ýörmeli? - Şalar... - Ýok, dur entek, Guljahan, sen maňa şu sapar bar zady düşündir. Sen nämeleri ýaşyrýaň menden? Näme gizleýäň? Biz biri-birimiziñ geçmişimiz hakda näme bilýäs? Bagtygül ikiňiziň araňyzda näme syr bar? Nämüçin ol meniñ göwnüme sen hakda on esse, ýüz esse menden artyk bilýän ýaly bolup dur? Onuň men hakda-da bar bilýänini-bilmeýänini ýygnap, saňa ýetirenini men edil aýna sereden ýaly bilip durun... Näme, biziň öz dilimiz ýokmy ýa-da özara düşünişmäge mümkinçiligimiz, hukugymyz ýokmy? Eýsem indi biz biri-birimizi özge biriniň üsti bilen tanamalymy? Şu zatlara men düýbünden düşünemok, Güljahan!.. *** Gyzyl albom ýüregimden gülle sogrulan ýaly bolup, ýassygyň aşagyndan çykdy. Ony ýuwaşlyk bilen maňa uzadan gyzyň albomyň reňki çaýylan ýüzi bir gapdala sowuldy. Bilesigelijilik. Tolgunma. Peýda bolup biläýjek päsgelçilikden ýa-da ýüze çykaýjak şowsuzlykdan gorky... Daş agdaran ýaly edip, birinji sahypany açamda, garym-gatym bolan duýgularyň çalaja elimi sandyradýanyny aňdym. Ýüzler. Aglabasy -- şadyýan ýüzler. Gamgyn ýüzler -- azrak. Agras ýüzler -- hasam az. Hemmesi diýen ýaly ýylgyryp düşüpdir. Edil dil düwşen ýaly. Men bularyň birinem tanamok. Içimden hersi bilen keşbine göräräk salamlaşýan-da, indiki sahypa geçýän. Garagolluk edeni üçin çüňkde goýlan çaga deýin, aňyrsyna bakyp, açyk penjiräň agzynda sülmüräp duran gyza her sahypadan soň assyrynlyk bilen göz aýlaýan. Birdenem... Albomyň tutuş bir sahypasyny dolduryp duran ullakan bir portret. Güler ýüzünden nur ýagyp duran ýigit... Suratyň dört gyrasyna-da gara lenta çekilen... Ynsan bolsaň -- ynanar ýaly däl. Ezraýyl bolsaň -- dözer ýaly däl. Öz derdim şobada ýadymdan çykdy. Şol pursat meniň kalbyma şeýle bir gamgyn duýgular aralaşdy, Güljahana şeýle bir nebsim agyrdy, haýsydyr bir gara güýjüň şarpa kesen gül ömrüne şeýle bir haýpym geldi, dogrusy suratdan gözümi aýyrman, uly gaýga batypdyryn. Gapam açyk, penjire-de. Içeri welin şeýle bir dymyk, göwnüme bolmasa, dem almaga howa-da azlyk edýän ýaly. Şeýle bir ümsümlik, çekirtgeleň çyrryldysy gulagyňy deşip barýar... Gyz bärsine öwrülmese-de, göwnüme bolmasa, endamyna dag basyp barýan soragly görejimiň ataşyna çydaman, birhili günäkär ejizlik bilen düýrügip, bir gysym bolup duran ýaly. Meniñ bolsa şu güne çenli gol berip gelen ynamym, sejde edip gelen ýalňyz we mukaddes duýgym, baýdak edinip gelen maksadym, göýä düýbi çapylan jöwen palajy deý, yrgyn atyp ugrady... Elimi maňlaýyma diräp, gözümi aýrybilmän synlap oturan suratymyň üstüne içi hatly galyň bukja emaý bilen gondy. *** "Salam Güljahan! Giç oýanan wyždanym saňa şu haty ýazmaga meni mejbur etdi. Şonuň üçinem senden etjek ilkinj haýyşym: şu haty başdan-aýak oka... Bilýän, beýle etmek bilen men seniň heniz egsilmedik derdiňi ýene gozgaryn, bilýän, bu hat seniñ gözüňde gözýaş, kalbyňda gahar-gazap, ýüregiňde bolsa meniň bu ýazykly başyma gönükdirilen nälet, ýigrenç duýgularyny ýene-de täze bir güýç bilen örüzer, bilýän, men gargyşa-da, nälete-de mynasyp. Güljahan, şu haty okaman ýyrtma. Haýyş edýän, ýalbarýan -- oka. Goý, meniň günäm ýeňlemese-de derdim az-kem egsilsin... Şu haty irde-giçde ýazmak, Aşyryň nähili heläk bolanyny ozal bilýän bolsaňam, ýene bir sapar, öz dilimden saňa bolşy ýaly gürrüň bermek, juda giç hem ýerliksiz bolsa-da, senden ötünç soramak, seniň bagtly, parahat ömrüňi bulap, ynsan mertebesine mahsus bolmadyk bir haramzadaçylyk bilen seniň ýalňyz söýgiňiň ganyna galanymyň öwezini nähilem bolsa, azda-kände dolmak üçin, tä ömrüm ötinçä ýer ýumruklap geçmäge-de taýyndygymy duýdurmak -- meniň borjum... Men gaýgy-alada, ýetmezçilik diýlen zatlaryň nämedigini bilmän ösdüm, Güljahan. Şäheriň atly-abraýly bir edarasynda işläp ýören enem-atam meni hiç bir zatdan kemsitmän, kemala getirdi. Olar meniň diýenime däl diýmänsoň, dilimiň gürlän zadyna, göwnümiň küýsän zadyna elimem ýetdi. Beýle ýagdaýyň bolsa meniň terbiýämde özboluşly bir ters roly oýnandygyny men ýaşyryp biljek däl. Meni, on sekiz ýyllap iýdirip-içirip, höwes eden eşigimi geýdirip, üstümde elewräp gelen görgüliler bary-ýoguny jemläp, näçe ýylky zähmetinden artan-süýşenjelerini ýygnap, on sekizim dolanda suw ýaly "Moskwiç" alyp berdiler. Ol maşynyň meniň ömrüm üçin eşret däl-de, bela-beter bolup çykjagyny ol pahyrlar nireden bilipdir!.. Indi-indiler seredip otursam, men söýmäge-de, söýülmäge-de mynasyp däl ekenim. Emma meniň bilen bir maşgala gurup, meniň bilenem ykbalyny çatmaga taýyn gyzam bardy, Güljahan! Şol seniň bar maksadyňy, umyt-arzuwyňy, mukaddes söýgiňi puja çykaran gara gijäň betbagtçylygynyň şol gyzam bir şaýady-dy... Hawa, ol gyz şo gijeki pajygaly wakaň ýeke-tä bialaç şaýadydy, a men welin -- ol hadysaň ýeke-täk günäkäridim... Biziň o gijeki oturyşygymyz wagty bilen gutarmady. Onda-da ne oturyşyk! Ýygnananlaryň hemmesem özüm ýaly jübüsinden gapjygy, burnundan bolsa sümügi sallanyşyp duran bir süri "Muradikler" bilen ýere ýetip ýatan, aşagy ýokarysyndanam dar köýnegiň içinde yrgyldaşyp duran, gözleri gara äýnekli "Maralkalardy!.." "Ýaşasyn siwilizasiýa!", "Ýaşasyn emansipasiýa!.." Her bulgury şu tetelli bolgusyz tostlar bilen, tostlardanam bolgusyzrak "dostlar" bilen göterip, ýetjek derejämize ýetdik. Ilkibada, her bulgura elimi uzadamda: "Sen rulda ahyry, içme, saňa indi besdir, Gurban!" diýip ýalbarýan Göwherem soňabaka köşeşdi. Sebäbi men oña: "Biz bu gije maşyna münmeris, biz şu ýerde ýatyp, ertir gaýdarys" diýip, çyna berimsiz ýalan sözläpdim. Şo barmana-da çüňkdäki bufediň üstünde irkilip duran magnitofonyň duýdansyz çykan çirkin sesi ýogynly-inçeli ençeme bokurdagy syryp gaýdan "Ura!" bilen garyşyp gitdi.. Biziň o tansymyzy görende ýarygije ot ýakyp, birmahalky kerwen talaýan garakçylaryňkydanam eýmenç bir ses bilen jynssyz gygyryp, gabyrdan garaňky jeňňeli lerzana getirip, tans edýän ýarym-ýalaňaç ýabany papuaslaram toba edişip, dyr-pytrak bolardy, Güljahan! Meniň dumanly gözlerime bujagaz gopgun pessaýja bir hüwdi bolup göründi. "Başym aýlanýar, ýüregim bulanýar" ýaly biderek bahanalar tapyp, Göwheriň elinden tutup, daş çykdym. Işikde neon çyralaryň älemgoşar deý şöhlesine lowurdap duran maşynyma gözüm düşende, meni ruluň başyna geçirmän saklap biläýjek güýç bu jahanda ýok eken... Ozalam içinde ýelden başga zat ýok kelläni ýene ýelejiretmek isläp, şäheriň oklaw deý prospektlerinden, süýji uka batan ululy-kiçili köçelerinden iki-ýana okkesdirme geçip ýörşüme, gapdalymda oturan Göwher her sapar: "Ýuwaşrak, Gurban, eşidýäňmi, ýuwaşrak sür! Ana, gyzyl çyra ýanyp dur, sakla. Gurban!.." diýende, "Ah, meniň towşanjygym!" diýip, onuň çepiksije göwresini ýüzüme tarap bir elim bilem silkip, ýemşijek burnundan çalaja ogşap goýberýärdim. Meniň üçin çatrygam ýokdy, swetoforam. Meniñ maňlaýymdan, has dogrusy gara maňlaýymdan, ol gije GAI-niň nobatçy inspektorlaram, gözegçilik edip ýören nobatçy milisionerlerem, nämüçindir, wagty bilen maňa "ýüzüň üstünde burnuň bar" diýmediler. Ýolagçy gatnadyp ýören bolsam-a ýa-da kireý etmek uçin müşderi gözläp ýören bolsam-a, her çatrykda bir saklardylaram welin, nätjek, boljak işe çäre ýokdur-da... Stadionyň gapdalyndan geçýän ümsümje köçäni bat bilen kesip geçemde, bir üýtgeşik ses gulagyma ildi. Demir bilen çaknyşan demriň sesimi, ölüm bilen çaknyşan ömrüň sesimi, bada-bat akyl ýetirip bilmedim. Bar güýjüm bilen tormoza basdym. Tigirleri sakga doňan maşyn aýylganç bir ses bilen, asfaltyň ýüzünde iki zolak yz goýup, on-on bäş metr süýrenensoň, ahyry saklandy. Göwheriň "Waý, ony nädäýdiň, naýynsap!" -- diýip, sessiz gygyrýan howsalaly nazaryna göni garap bilmän, kabinadan çykdym... Elli-altmyş ädim yzda, ýoluň ortarasynda öň tigri pyrlanyp ýatan gyrmyzy "Ýawa" gözüm düşdi... "Öwür basymrak yzyňa, Gurban!.. Aýla tizräk, keselhana elteli!.." diýip ýalbarýan Göwheriň ýeňimden çekip duran elini kakyp goýberdim-de, ýene ruluň başyna geçdim. Ol bolsa eýýäm ýene gapdalymda: "Bolsana, öwürsene, Gurban, tizräk... Tizräk!.." Köçäň bir çetinde görünýän goşa çyradan gorkdummy, niredendir bir ýerden garaňky gijäni böwsüp çykan jürlewügiñ çirkin sesinden gorkdummy, bilmedim, Güljahan, ümzügini öňe atyp, süýnüp ugran maşynyň ruluny yza aýlamaga mejalym ýetmedi. "Sakla, namart... Sakla, bigaýrat!.." diýip, iki eli bilen bir egnimden, bir saçymdan penjeläp gygyrýan Göwherem ahyry ellerini ýüzüne tutup, uly ili bilen möňňürip başlady... Maşyny howla salyp, garažyň işiginde saklamda, Göwher eýýäm jaýymyzyň gapysyny ýumruklap durdy... Şonda kakamyň çalan şarpygy şindem çekgämi gyzdyryp dur, Güljahan... Ruluñ ýeňsesinde gazap donuny geýen kakam, gapdalynda galpyldap oturan Göwher, yzky orunda-da ýarym-ýaş bolup, ses edip oturan ejem bilen bu bolup ýören zatlaryň düýşdügine ýa-da huşdugyna akyl ýetirip bilmän, iki elim bilen kellämi tutup oturan men. Sag gözüniň okarasy garalyp duran maşyn gelen yzyny ýel bozmanka, getiren bela-beterini yzyna alyp, howludan zymdyrylyp çykdy... Meniň-ä dogrusy, o howludan şol çykyşym boldy, indem bir nesibeli gün dolanarys-da... Hawa, Güljahan, o gijeki etmişim üçin almytymy aldym. Ýöne bir ynsanyň gül ömri bilen deňäñde özüme berlen bu jezany juda ýeňil hasaplaýan. Aşyr neressäň ömür tanapyny üzüp, seniňem bal ýaly durmşyňa zäher gatanym üçin dünýede nähili agyr jeza bar bolsa, "wah" diýmän çekmäge taýyn men. Irde-giçde men seniňem öňüňde kellämi ýalaňaçlap, ýüzüm aşak salyp duraryn. Ana, şonda, gözümi ýeňsämden çekseňem, ýüzümi ýyrtyp goýberseňem, bu ýazykly başyma ynsan döräli bäri görlüp-eşidilmedik näletleri ýagdyrsaňam, meni enteklerem ýerden alyp, ýere sokýan günämi azda-kände ötüp, bagyşlasaňam, doly hakyñ bar. Wagty geler, Güljahan, meniň seň bilen paýlaşan bu derdimiň owadan jümleler, gury sözler ýa-da boş hyýallar däldigine göz ýetirersiň. Şowhunly geçmişimiň howply-howsalaly ädimlerinden degerli sapak alyp, ömrümiň iň bir jogapkärli bölegi bolan geljegimi ilim-günüm üçin, şu waka çenli men tarapdan gaýgy-aladadan başga zada ýüzleri düşmedik enem-atam üçin, daga-daşa ýüz tutup, ömrüm ötinçä nalyş edemde-de ötülmejek ýazygymy seniň, Güljahan, diñe seniň ötmegiň üçin, mahlasy öz ykbalym barada ymykly oýlanmak üçin mende entek ýeterlik wagtam bar, aýdyň netijelere gelmek üçin doly şertlerem bar... Müň dürli oýlardan ýaňa güwläp duran kellämden buýra saçlaryň sement pola topbak-topbak bolup gaçanyna ýedi-sekiz aý bolup barýa... Bilseň, bu gysgajyk möhletem meniň gözlerimi kän zada açdy, Güljahan! Men eýýäm esasy bir zada, ýagny kähalatlarda ýaşaýyş şertleri bilen bagly kanunlary şol kanunlara eýerip ýaşamagyň şertleri bilen garym-gatym edip, iň soňunda-da kelebiniň ujuny ýitiren adama durmuşyň şeýle bir oýun görkezýändigine, netijede bolsa adamyň, ejiz adamyň iň bir pes ýaraga ýapyşmaga -- öz-özüni ýigrenmäge mejbur bolýandygyna göz ýetirdim. A men bu şagalaňly, şowhunly dünýede öz paýyma düşen ömrüň iň bir gymmatly bölejigini jahan bazarynyň tozap ýatan çola künjegine elinje çykaryp, düme gawunyň pazyly deý saralyp ugraýança hyrydarsyz saklap ýatyşyma juda haýpym gelýär, Güljahan... Men özümden gaýry hiç kimi günäkärlämok. "Bu zatlar maňlaýymyň ýazgydydyr, teleýim ters gelipdir" diýip, nalamogam. Gysga-da bolsa, gopguny-gowgasy ýetik geçmişime göz aýlaýan welin, iň soňunda bu gelip çykan netijäň, gamgyn netijäň tebigydygy, kanunydygy görnüp dur... Hawa, Güljahan, görüp otursam, men diňe bir päk söýgä däl, eýsem çyn dostluga-da mynasyp däl ekenim... Şo gijeki "Göter Kurbançik, göter!.. O-o-o! Brawo, brawo, bis!..» diýip gygyrýan pyýadalañ birem halymdan habar alanok. Iň bolmanda, göwünlik beren bolup, birje hat ýazsadylar!.. Ýok, gerek del. Men olaryñ duýgudaşlygyna-da, göwünligine-de, hatyna-da mätäç däl. Hakyky dostlugyň nähili zatdygyna indi düşündim, şonuň üçinem diňe garabagyr enem-atamdan başga adamdan hat alamok diýip, kän bir kemsinibem duramok. Ýöne... Bu ýaraly synamda gaýdyp tapylmajak gymmatbaha bir ýitgiň yzasy welin, aýry gelip dur. Bilmedim, galan ömrümde Göwher ýaly gyz maňa duşarmyka?.. Ahmyr edeniň bilen, öküneniñ bilen, gynananyň bilen merhumy direldip bolýan bolsady! Bogazyma dykyn bolup duran bu duýgularyñ üssesine öz janymy hem bagyş edip, Aşyry seniň dünýäňe gaýdyp getirerdim, Güljahan! Men bilýän, düşünýän, her näçe çuň ýürekden çykýan hem bolsa, bu sözler meniň günämi azaltmaz, ýöne eger sen meniň bu hatymyň maksadyna dogry düşünip, bu beýan edilen duýgulaň çuň ýürekdendigine ynansaň, onda meniň bu agyr derdim azda-kände ýeňlärdi... Meniň bu hatym seniň nätanyş kalbyňda tä ömrüm ötinçä doňýürekli ganhor obrazynda galmazlyga meniň kiçijik bir synanyşygym. Eger meniň şu niýetim başa baran bolsa, onda meniň jahana täzeden indigim... Uly hormat goýmak bilen --Gurban" ...Ýap-ýaňy ekranda bolup geçen şeýle bir pajygaly, agyr wakalaryň şaýady bolan tomaşaçyny film gutarandan soňam ýerinden galyp bilmän, doňup oturyşy ýaly, menem bu haty okap, wagty bilen özüme gelip bilmedim. Ýene-de aýasy derläp ugran ellerim stoluň üstünde ýer tapman oturyşyma, albomyň indiki sahypasyny agdaryp goýberdim. Aşyr. Aşyr, ýene, ýene, ýene we ýene-de Aşyr... Bir suratyň aşak eteginde, ak köýnegiň üstünde owadan poçerk bilen ýazylan ujypsyzja bir ýazgy meniň gark bolup barýan pikir ummanymda ýapyşar ýaly ýekeje çöpem goýmady: "Ah, nämüçin şo gije men seni gujagymdan çykaryp goýberdim, Aşyr jan? Maňa sensiz ömür derwaýys däl... Nämüçin men o gije seniň bilen bile gitmedim? Gujagymdan çyksaňam ýüregimden çykmarsyň, meniň eziz Aşyrym!.." ...Ejizlemek bolýar. Aglamak bolanok. Ejizlik aýyp däl. Aglamak aýyp.. Ejizlemek mümkin. Aglamak gadagan. Gelşiksiz. Gapy açyk. Gije asuda. Hiç zatdan bihabar oba süýji ukuda parahat ýatyr. Imi-salalyk. Gözýaş şeýle bir gyzgyn... Gapy bolsa açyk... *** Seni görmänime iki hepde boldy, Güljahan! Tutuş iki hepde. On dört gün. Kararsyz geçen on dört gündiz. Ukusyz geçen on dört gije... Eýsem, bu indi pellehanamy? Bu eýsem şunça wagtlap ikimiziň gözümizi baglap, başymyzy aýlap gelen "ertekiniň" soñumy? Eýsem, bu näme adalatlymy? Indi men nädip baraýyn seň ýanyňa? Näme diýeýin saňa?" *** - Nämüçin ýeke oglumy öz islän gyzyma öýermäge hakym ýokmuş? Näme, gözümiziň öňünde kemala gelen obamyzyň gyzlary topar tutuşyp ýörkä, nähili maşgaladandyg-a beýlede dursun, haýsy welaýatdan gelendigem näbelli bir gyzy gelin edinäýmelimi? Gepiňe gulak asylyberse, senem halys öte geçäýýäň-ow, Lukman! - Dur entek, mirap, howlukma... Ýaman ir gyzýaň! Sen bir zada jogap ber: nämüçin sen beýle ýeke ogluň abraýyna çapýan bolsaň, ol öz saýlap-seçenine däl-de, seniň islän maşgalaňa öýlenmeli? Bolsa-da ol indi oglan-oglanjyk däl ahbetin! Tüweleme, ýigrimiden geçipdir. Agy-garany, ýagşy-ýamany saýgarýamyka diýýän... Menem bir zadyň aňyrsyna ýetmäm gürleýän däldirin, mirap, şu jelegaýda Jahan jana menden belet adam ýokdur. Bir Şalar bolaýmasa. Baý, senem bir ýeňsäňi gatatsaň, gep düşündir ýaly adam däl-äý, mirap, näme, indi maňa şu ýaşdan soň ant içirjek bolýamyň? Bilýäň-ä, Jahany men öz gyzym bilen des-deň görýän... - "Gyzym bilen deň gerýän" diýen bolup, baha kesjek bolýan-a dälsiň? Ýaman jan edýäň welin, bir bähbitjigiň-ä bolmaly seň... Señkem Sapar Kösäň nika gyýşyna barjak öýdýän... - Eňegiňi taýpy ýaly edip, sende-de oýun kän-ow, mirap. Beýle urup aglamaga ökdesiň öýdemokdym. Gaýtam özüň häliden bäri ogluňa baha kesip otyrsyň!.. Başga zad-a beýlede dursun, toýuň harajadynam deň paýlaşmaga kaýyl biz-ä... - Suw görmän tamman çykarybermesene, Lukman, häli bir nämäň-nämedigi belli däl welin, sen eýýäm toý tutup barýaň! Toýdan bärde-de gep gyt däl-le, näme ýüregiňi eliňe alyberýäň?.. Beýle toýa howlugýan bolsaň, Annadurdyňy öýerseň bolmaýamy, armyny sowup gelibem, ýassygyny gujaklap ýatyr... - Annadurdyň aladasyny etme sen, oň özi islänok. Ýene bir-iki aýdanam okuwa gidýä. Men-ä, näme, Hudaýa şükür, öz atalyk borjumdan gaçan adam däl. Märeke ýygnap, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, uly toý tutmasy meň bilen. Ýa indi çemedanymy süýräp, oba aýlanyp ýörşüme, baran öýümde hassa iki sany tabletka berip, yzyndanam gudaçylyk gürrüňini edeýinmi? Ýa-da keselhanamyzy süpürip ýören Hesel ejä hepdede bir köwüş äberip, sawçy bolup ber diýeýinmi? Özi tapsyn... "Gara saçly molla" küýsäberse, garagy akan ýaly tapar. Küýsänokmy -- gezibersin! - Eýsem, indi meň burny sümüklim özüne ömürlik ýoldaş tapaýypmy? Duşaýypmy indi şolar hakyt biri-birine? Basymrak başlary çatylmasa, ölüp-öçüp barýalarmyka? Ýeri, bu dogman geçene näme diýip, näme aýtjag-aý, geçiň öñ aýagy ýaly, nirä sokulýaň diýsene! Näme, şu obada senden başga jahyl gytmy ýa şo dogtardan başga obada gyz ýokmy? Äl, o biçäräňem edil biziň maňlaýymyzdan çykaýşyny!.. - Ýalňyşýaň, mirap. Mazalyja ýalňyşýaň. Jahan seniň beýle ýerliksiz, beýle esassyz igenjiňe mynasyp gyz däl. Ol perişde ýaly arassa maşgala... Onsoňam, ol ikisiniň arasyndaky gatnaşygam indi ýöne-möne bolmaly däl. Ýalňyşmaýan bolsam, olary biri-birine itekleýän güýjem çyn söýgiň edil özi. Wagtly-wagtynda biri-birini görüp durmasalar, atyny baýraga goýberen seýis ýaly, bir ýerde durup bilenoklar-a! Maksatlary bolsa tizräk birigip, biri-birine gowuşmak. Bu asylly maksada päsgel bermäge, meniň-ä, dogrusy bognum ysjak däl, sizem Abadan ýeňňe bilen görersiňiz-dä... - Abadan ýeňňäň işi aňsat-la... Oňa galsa-ha, şol ulalyp-oňalmadyk näme diýse, bitirmäge taýyn. Ýöne... nämedendir, meniň şu söwdadan göwnüm suw içmejek bolup dur. Göwnüme bolmasa, bu mesele entek çözerden çigräk ýaly. Bilmedim welin, Lukman seň şu kişmişiň bir çöpjagazy bar bolaýmasyn... Şu ýaşa çenli meni aldan ýeriň-ä ýokduram welin, birhili ýüregim syzlap dur-da... Eger menden bir zat ýaşyrýan bolsaň-a, aýt şu mahal?! Nazar aga dymdy. Bu ikisiniň arasynda meniň ykbalymy çözýän gürrüň gidip durka gürsüldäp agzymdan çykyp barýan ýüregim, Nazar aga dymandan urmasyny goýaýdymyka diýdim. Içerä şeýle bir ümsümlik aralaşdy, hatda häliden bäri gürrüňe goşulman, ik egrip oturan ejemiň uludan dem alanyny içki tamda diňşirgenip oturan ýerimden aýyl-saýyl eşitdim. "Howlukma, ezizim, gykylygyň ulusa indi turar... Bar ynanjym, daýanjym Lukman ikiňizdedir gaýratyňyzy jemläweriň..." Lukman bolsa şol aşak bakyp, keçäň gülüni dyrmalap otyr. Arada gizlin bir syryň bardygyny şobada aňan kakam gyşaryp ýatan ýerinden dikeldi-de, Nazar agaň ýüzüne çiňerildi: - Ýeri-ow Lukman, lak bolaýdyñ-la birden?... Diýseň-diýmeseň bir üýtgeşik gep-ä bar öýdýän? eýýäm ol ikisiniň boljagy bolup, boýasy synaýdymy? - Aý, ýok, üýtgeşik bir bolan zat ýok-la. - Onda näme çöp-çalama urup otyrsyň?.. Şü bidöwletden bäş wagt namazdan başga çykmajak zat ýokmuka diýýän. Näme bolgusyzlyk eden bolsa, aýdyber, Lukman!.. Ýogsa-da, hany şoň özüni çagyraly-la... Çykaýt bärik, doñuz diňini salyp durma-da!.. Ýasama parahatlyk gaty kyn düşýän eken. Hernäçe arkaýynsyran bolsaňam, çakdanaşa tolgunýan pursadyň syr bildirmän saklanaýmak her kimiň işi däl bolsa gerek. Men-ä, dogrusy, başarmazdym... Adam pahyr başyna bir söwda düşende, oturjagynam, durjagynam bilmez eken. - Hawa, ýigit, aýdyp otur, näme gep-gürrüň bar jahanda? Ýa indi men öz oglumyň edip ýören işlerinem pal atyp bilmelimi?.. Lukman-a ýöne häliden bäri "mus-mus" diýip oturandyr, belki, sen "Mustapa" diýersiň?.. Ýuwdunyp durşuma bar dilime gelenem şü boldy: - Men ol gyzy söýýän, kaka... - Ony biz eşitdik, hanym... Başga aýtjak zadyňam barmy ýa-da indi o maşgala hakda bilmeýän zatlarymy gidip özünden soraýynmy? Baryp oňa: "Hawa, keýgim, biz-ä seni gelin edinmekçi, ýöne heniz-ä seň adyñdan başga bilýän zadymyz ýok, bir özüňi dagyňy tanadaweri" diýeýinmi? Tagtaň öňüne çykarylan ikilikçi ýaly, haraý gözläp, bir Lukmanyň, birem ejemiň ýüzüne assyrynlyk bilen bakýan. Ene pahyr näme diýsin, görgüliň habary bolmasa näme Güljahanyň geçmişinden! Edip oturan işinem goýup, şol iki gözüni maňa dikip otyr... Nazar aganyň parahat nazary bolsa: "Aýdyber baryny bolşy ýaly, gorkma, men bar ahyry" diýýärdi. :Bar bolsaň, näme, sähet soraýaňmy, ýaşuly, özüňjik aýdaýmaly ekeniň-dä..." diýip, oýlananymam şoldy welin, Nazar agaň özi dillenäýdi: - Hany, sen, ýigit, häziriň özünde ugra keselhana! Bar-da, Güljahana aýt, ajyrak edip bir çaý demlesin. Aňyrsy ýarym sagatdan gaýyn ataň myhmançylyga geljek diý... Sen diýlenini ediber, näme gözüňi tegeläp dursuň, ýa bir zady köp gaýtaladaňda gowy bolýamy? Ugra hany çaltrak!.. Bu oslagsyz buýruga aňk-taňk bolan ejemiň, böwrüni diňläp, öňküdenem beter pikire çümen kakamyñ ýüzüne taýly gezek garadym-da, keselhana tarap at goýdum... Ganatsyzam uçsa bolýan eken. Ýöne... Ganatsyz bolubam, ganaty gyrlan bürgüde dönüp bolýan eken... Tolgunmadan ýaňa demimizi saklap, iki gözümizi penjirä dikip durşumyza, Lukmanyň ýeke özüniñ gelýänini görüp, ikimizem oturgyja lampa çökäýipdiris... Häliden bäri çäýnek-käseleri süpürişdirip, elewräp ýören gyz ýene birmahalky buz ýaly mermer heýkele öwrülip ugrady. Aýratynam edil şu pursat meniň goldawym oňa zerurdy. - Ýer-gök gapyşyp, bu ygrarsyz jahan lerzana gelse-de, men senden dönmen, Güljahan!.. Ol emaý bilen ýerinden galdy-da, göni alkymyma gelip, başyny döşüme goýdy. Gyzyň bu hereketi meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak minnetdarlykdy. ...Aňyrdan ardynjyrap gelşine gapyny açan Lukmanyň ýüzi biziň garaşyşymyzdan diýseň açyk, diýseň ýagty göründi. Indi biz nämäň-nämedigine düşünmän, biri-birimize soragly nazar bilen garap sessiz-üýnsüz gymyldaman durus. Onuň sesi bolsa hasam şadyýan eşidildi: -- Näme gözüňizi mölerdişip dursuňyz-aýt? Tanajak bolýaňyzmy?.. Ýogsa-da, haýsyňyz aýdyp biljek, ertir hepdäň näçinji güni? Bu sapar, ynha, gözümiz, dogrudanam, möleräýen bolsa gerek. Beýle oslagsyz sowal gözüň-ä beýlede dursun, agzyňam öweltjek!.. Lukman bolsa, şol ýylgyryp gelşine, herimiziň egnimize bir elini goýup, mylaýym äheñ bilen sowalyny gaýtalady: - Çagalar, haýsyñyz aýdyp biljek -- ertir hepdäň näçinji güni? Kim bilýän bolsa, elini galdyrsyn... - Ýedinji güni... - Zordan diýen ýaly jogap berdim. - Diýmek, dynç güni-dä? - Hawa. - Bu gezek Güljahan dillendi. - Onda, şaýyñyzy tutuberiñ, indiki dynç güni toýuñyz!.. Ýok, bu habaryñ çuññur manysyna birbada düşünäýmek, muña birbada ynanaýmak añsat däldi. Göwnüme bolmasa, bu zatlar ertekidi, Nazar aga bolsa şol ertekidäki ýedi ýyl bäri jebir-jepa çekip gelen aşyk-magşugy biri-birine gowşurýan jadygöý bir perişdedi. Güljahan saklanyp bilmedi. Edil kakasy bir aýlyk komandirowkadan dolanyp gelen çaga deý, ylgap baryp, Lukmanyñ boýnundan aslyşdy... Maña bolsa başga bir mesele, esasy mesele ynjalyk berenokdy. Onda-da gös-göni soraýmakdan çekinip, gepi daşrakdan aýladym: - Kakam nämüçin gelmedi, Nazar aga? - Ony häzir göni başlygyñ ýanyna ugratdym. Toý maslahatyny başlyk bilen ylalaşyp çözseň oňat bor ahyry, şeýle dälmi, gyzym? -- diýip, Lukman begenjinden aglap duran Güljahanyň her gözünden bir damjany elýaglygy bilen syryp durşuna, jogap berdi. Ýene az salym ýaýdanyp duranymdan soñ, ahyry ýüregime daş bagladym: - Onsoň, nememi, Nazar aga?.. Ol maña şobada düşündi. - Aýtdym, Şalar jan, aýtdym, oglum!.. Mirap daşyndan göräýmäge hernäçe gyňyr, hernäçe gyzma bolsa-da, onuňam ýüregi daşdan däl ahbetin! Abadan ýeññäni köşeşdirjek bolup, bir-iki sapar azm uran boldy welin, soňabaka görsem özüniňem bogazy dolup barýa... Şo barmana-da: "Isle biri baryp gaýtsyn, isle ikisem gitsin, ýöne indiki ýekşenbä çenli gelnimiziň öýlerine-de habar ýetsin" diýdi... Näderis, ýetişerismi? - Hek ederis, näme ýetişmän! -- diýip, Güljahan agzyny açyp ýetişmänkä, gözümem gyrpman, pert-pert jogap beremde, birmahalky awtobusyň üstündäki "Togsan köpük" diýenim güpbe ýadyma düşäýdi. -- Ýetişeris, Nazar aga, hökman ýetişeris -- diýip, Güljahanam ýuwaşlyk bilen dillendi. Ýöne ol bolsa-da, maňa görä ynsaplyrakdy, şonuñ üçinem: -- Köp sag boluň, Nazar aga, size tä ömrüm ötinçä minnetdar bolup gezerin -- diýip, sözüniň üstüni alkyş bilen ýetirdi... *** Ine-de garaşylan ýekşenbe! Ine-de ýekşenbedenem beterräk garaşylan toý! Onda-da nähili toý! Bir ýerde göreş, bir ýerde at çapyşygy, ýene bir ýerde bagşy. Hol bir gapdalda bir topar jahyl ýaglyga towussa, başga bir ýerde oglan-gyzlar garym-gatym bolup, halka gurap, "Küştdepdä" gyzypdyrlar... Obamyzyň kiçeňräk seýil bagy bu gün gadym rowaýatlardaky dertli ýüreklere teselli berýän Dilaram bagyna gaýra dur diýýärdi. Bagyň ortarasyndaky at gaýtarym meýdança ýazylan düşegiň üsti ir-iýmişden çaý-nahardan ýeňil-ýelpaý içgiden ýaňa gyzyl-ýaýyrt bolup ýatyr. Toý saçagynyň başyna agşamaralar ýygnanan märeke gezek-gezegine bada yzyna bada göterip, bize edibilen arzuwlaryny edişip, wag-berip otyr. Öz gezegine Bagtygülem gutlag baryny ýagdyryp, kolhoz prawleniýesiniň adyndan bize täze jaýyñ açary bilen bir kagyzjygy gowşurdy. Ýöne... Bagtygülüň gutlagyndan soň hiç kim el çarpmaga-da, bulgur götermäge-de ýetişmedi... - Ej-je!.. Duýdansyz ýaňlanan çaga sesine gözlerim garaňkyrap gitdi. Güljahanyň bir sekundyñ içinde ýedi ýuwlan ak esgä dönen ýüzi aşak egildi. - Eje!.. Çaga ylgap geldi-de, çalasynlyk bilen Güljahanyň dyzlaryna çykdy. Possujak elleri bilen onuň boýnundan gujaklady. Märeke dymdy. Märeke doňdy. Märeke agzyny açyp galdy. Kellämde nämedir bir zat güwläp, gözlerimiň öňüne perde tutulana döndi. Bu mahal, nämüçidir, ellerini galgadyp, gapdalyndakylara bir zatlar gürrüň berip, bize tarap ümläp oturan Hydyryň ýylgyrýan ýüzündeň başga zat gözüme ilenokdy... *** Agraslyk bilen ýerinden turan Nazar lukman böwrüni diňläp, ýere bakyp oturan millete bir göz aýlady-da, sag elini ýokary göterdi: - Halaýyk! Il-gün! Az salym sabyr ediň, häzir bar zada düşünersiňiz... Hawa, biz "temeni haltada gizlejek" bolduk. Bolmady. Onuň başa barmany bir tarapdan kemem däl. Öňi-soňy üsti açyljak syr, goý, şu gün -- toý güni açylsyn... Biz bu çagany iň bolmanda toý sowulýança gizläp saklajak bolduk. Ýöne, görşüňiz, ýaly, bu ýumruk ýaly çaga biziň -- bir süri sakally-sarmykly pyýadalaň goýberen uly ýalňyşyny ýüzümize duýdurman, geňeşmän, düzedip goýberdi. Berekella! Hawa, adamlar, biz ilkinji badany şu çaganyň saglygyna götermelidik. Onam başarmadyk. Dogrusy, synanybam görmedik. Özünden razyçylygam soraman, ony bu gün ýaşyrmak isledik. Ol bolsa, bizden razyçylygam soraman, edil günüň dogşy deý, toý saçagymyzyň başynda peýda boldy. Şeýtmek bilen ol, öz-özünden bihabar, biziň iki gözümizi ýumup, meýletin goýberen ýalňyşymyzy ýüze çykardy. Hany, aýdyň, şu oturanlaň içinde Jahan jany tanamaýanyňyz barmy? Ýokdur. Ýöne, onuň geçmişinden, häzir bagryna basyp oturan çagasynyň ykbalyndan, kimiň habary bar? Eýsem, Güljahanyň ozal bir toýunyň haýsydyr bir serhoş kelesaň zerarly ýasa öwrüleninden, bu ýumruk ýaly çagaňam ozal bir toýa ýetibilmän, kiçijik ýüreginde göze ilmeýän bir ahmyry göterip ýöreninden haýsyňyzyň habaryňyz bar? Zora zor diýmeli. Şalar är işini bitirdi. Ol şeýle bir ýowuz söwda baş goşup, hiç zatdan bihabar gezip ýörşüne, Güljahana aşyk bolup, ýolunda keýeren hiç bir kynçylykdanam, päsgelçilikdenem gaýtmady. Özüniň ýaş kalbynda möwç uran arassa hem sagdyn söýgüsi şujagaz ümbilmez çaga bilen duýdansyz pete-pet gelende-de, ol asylly maksadyndan dönmedi... Eger kimde-kim şu toýdan gaşyny çytyp ýa ýüzüni sallap gaýtsa, onda ol adamyň obamyzyň at-abraýyna, mertebesine göz-görtele kast etdigi bolar... Ine, şu badany bolsa, uly toýuň hojaýyny bolup oturan bu kiçijik ynsanyň, Güljahanyň, ony ösdürip, kemala getiren Merýem ýeňňäniň, Şalaryň, ony ösdürip, kemala getiren Abadan ýeňňäniň, ilerimizdäki gara dagdan gözbaşyny alyp, obamyza gaýdýan gara suwa onlarça ýyllap eýeçilik edip ýörşüne, näçe ýabyñ öñüne böwet basanam bolsa, iñ bir aýgytly pursatda ýalňyz perzendiniň ýalňyz maksadynyň öňüne böwet basmadyk Sähet mirabyň, Baýram başlygyň, Bagtygül gelniň saglygyna, umuman ajaýyp durmuşyň hem-de çyn söýginiň hatyrasyna götermegi teklip edýän!.. Lukmanyň güňleç sesine ýuwaşja titreşip duran şerabyny güjeňläp, ýeňiljek sandyraşyp duran bulgurlaryň biri galman, ýerden örki üzüldi. Kimiň nämäň hatyrasyna ýa-da kimiň saglygyna göterenini bilemok, ýöne, Güljahan ikimiz-ä häliden bäri limonaddan başga içgi garasyny görmedik bulgurlarymyza assyrynlyk bilen azajyk şerap guýup, assyrynlyk bilenem Nazar lukmanyñ saglygyna göterdik... *** Iňrik birkemsiz garaldy. Adamlaryň ýüzi bolsa birkemsiz ýagtyldy. Tasdan diýen ýaly arasy kesilen toý, ýene gyzdy. Ýaý berip oturan agyr märekäň ortarasynda aýbogdaşyny gurup, gapdalyndaky sazandalaryna göz gypyp, jadyly dutaryň goşa taryna şabram kakyp oturan ýigidiň Sygan bagşyňky deý mylaýymdan gelen ýüregiňi paralap barýan owazy toýa gyzan eziz obamyň päkize asmanynda bir pel-pelläp, soňam tutuş Bäherden welaýatyna ýaýrap-ýaýrap ötägidýän ýalydy: ""Ölmez, Güljahanym, saña ýar bolan, Gülmez, Güljahanym, saňa zar bolan..." Juwanlykda saňa griftar bolan, Şahyr ýüregimde soragyň seniň..." Soñy. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 10 | |||||||||
| |||||||||