14:35

Diñe ýekeje mysal

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Категория: Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk | Просмотров: 306 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Jeksparro  
405
Çaýdanam ep-esli girdeji gelýär eken-ow... Bizde öndürilýärmika çaý!?

0
2 Moderator  
1471
Çaý hakynda bu ýazgyny okandan soñ şeýle pikirler serden geçdi:
Biziñ ýurdumyza daşary ýurtdan ýylda näçeräk çaý import edilýärkä? Ýylda adam başyna näçe kg çaý sarp edilýärkä? Biziñ pikirimizçe bizde çaý içmek medeniýeti türkleriñke garanda has ösen bolmaly. Biz çaýhon, kän çaý içýän halk. Diýmek çaý sarp edişligi-de olaryñka garanda artygrak bolmaly. Ýa-da bizde çaý importyny azaltmaga mümkinçilik barmy ýa ýokmy? (Meselem, biziñ daglarymyzda öñ "çaý oty" diýilýän ösümlik bardy we bu oty köplenç çopanlar ulanýardy. "Çaý oty" demlenip taýýarlanýan çaý reñki bilenem, dermanlyk häsiýeti bilenem tapawutlanýar. Bu çaý otuny çaý importyny azaltmak üçin ulanyp bilerismi, çaý otuly plantasiýalary döretme mümkinçiligimiz barmy ýa-da bu çaý otyny diñe dermanlyk maksatlary üçin çäkli möçberlerde ulanmalymy? Daglarymyzyñ hem ownuk mülkdarlar tarapyndan eýelenip mellek ýerlerinden we daçalardan ýaña aýak basmaga ýer galmandygy üçin bu ösümlik häzirem ösýärmi ýa ýitip-ýok bolup gitdimi?)
Ýa bolmasa dogrudanam soñky döwür paýtagtymyzda (beýleki şäherlerimizi bilemok) "Starbuck" merkezlerine meñzeş köpelýän kofehanalara (kafeteriýalar) makalada gozgalýan pikirleriñ çäginde baha berip bolarmy? Restoranlaryñ we göçme restoronlaryñ agzynda - toýlar we beýleki üýşmeleñler geçirilende soñky wagtlar köp göze ilýän kofeçi butkalaryñ peýda bolmagyna-da şunuñ bilen baglanyşyklylykda baha bermelimi? Kafeteriýalaryñ türkmeniñ çaý medeniýetine we çaýhana tradiýasiýasyna ýetirýän zyýany näçeräk? Çaý we çaýhana medeniýetini ýitirmezlik üçin nämeleri etse bolar?

* * *

Ýa-da käbirlerimiz tarapyndan ir säher bilen haçan iñ soñky gezek köke-kemputjykdyr böwürslen mürepbejigine ýanap ajy gök çaý içendigi ýadyna düşmejek derejede ýogyn içegesi görnüp duranam bolsa, soñky döwür "kofe içmegi" hil bir artykmaçlyk ýaly mazamlaýan ýeñles goşgulary we şol "goşgularda" ýasama "kofebaz" obrazyny görkezjek bolup arrygyny gynaýşyna näme diýmeli?..
Bilip-bilmezden nämeleri, nähili gymmatlyklary opuryp, ýerine nähili pöwhe we ýuwan pikirleri doldurjak bolup ýörendigimizden habarymyz beri barmyka?

0
3 Money  
1834
Çaýlaryň içinde köp bolmasa-da, halaýanlarym bar. Emma kofe içmäge şeýle lýubitel. Ýöne maňa şu "Starbucks" üýtgeşik zat däl, sebäbi muny Moskwada, Hytaýda içip gördüm. Ýurdumda içip göremok. Maňa üýtgeşiklik duýulmady, gaýta tersine kofeni halaýanym üçin öýde öz islegime görä çalşyryp-çalşyryp alýan kofelerim ýanyndan goşýan cofemate garyndylarym has gowy. Adamlaryň içinde bar - starbuckslara, KFC we macdonaldslara köp barýanlara aýratyn garaýan, emma maňa tonnasy bir köpük. Aslynda starbucksa goşulýan kofeni öndürýäne starbucks gymmat düşýär.
Çaý barada pikirimi aýtsam, bizde-de çaýy uly mukdarda sarp edilýärmika diýýän. Çaýsyz hojalyk we her hojalykda azyndan üç wagtyna demlenýär. Hususy ýa döwlet edaralarynyň ofislerinde garaz adam bar ýerde çaýsyz ýer ýok. Hatda goňşym Eýrandan çaý getirip satýar. Aýda azyndan 2 TR gelýär. Ýöne biziň bu zatlarymyz barada gyzyklanýan ýazyp paýlaşýan ýog-a. Çaý, et, un iň köp sarp edilýän zatlar bizde. Zawudyň çykarýan dürli görnüşli ýaglary we sogan (biziň sogansyz naharymyz barmyka) hem iň köp ulanýanlarymyzdan.

0
4 Moderator  
1471
"Ýöne biziň bu zatlarymyz barada gyzyklanýan ýazyp paýlaşýan ýog-a..."

* * *

Dogry. Ýazybermeli. Ýazjaga, pikir etjege diñe şu saýtda berilýän materiallaram ýeterlik çelgi bolup bilerdi. Gynansak-da, "gyzyklanýanam, ýazyp paýlaşjak bolýanam ýok". Gaýtam, gyzyklanýanyñ, paýlaşýanyñ edýän işinden ters many çykarýarlar.

* * *

Kän zatlar barada ýazsa bolar. Ýazjaga, iş oñarjaga tema kän. Meselem, global klimat üýtgeşmeleri netijesinde suw ýetmеzçiliklеri zerarly geljekde suw köp talap edýän şaly, kakao, kofe ýaly oba hojalyk ekinleriniñ ýitjekdigi we bular esasynda öndürilýän önümleriñ hem gytaljakdygy aýdylýar.
Geljekde gytaljakdygy görnüp duran önüme - kofä, kakao (şokolada) we ş.m. daşardan import edilýän önümlere bolan garaşlylygy azaldyp, olaryñ deregni tutup biljek ýerli önümleri (meselem, kişde, kak, çaý we ş.m.) bolaltjak we ünsi çekjek bolmaly.

0
5 pezzek  
1631
Edil şu wagt türklerde çaý gytçylygy döräpdir, has-da gök çaý. Türkde okaýan garyndaş oglanym öýlerindäkilere gök çaý ugradyň diýipdir. Puluňa-da tapdyranok diýýär.

0
6 Moderator  
1471
Dogrudyr.
Muny aýdanyñyzda başga bir zat ýadyma düşdi. Öñler daglyk etraplarymyzda iýun aýlarynda ýetişýän ülje Ahal, Balkan welaýatlarynyñ şäherlerini, paýtagt Aşgabady doly üpjün edip - kompot, mürepbe ätiýaçlygyny kanagatlandyrmaga ýeterlik bolardy. (Häzirem şeýle). Ülje ýetişdirýän hojalyklar hem önümini satyp hojalyklaryny aýlardylar. Soñky dört-bäş ýyllykda daşoguzly garyndaşlaryñ hem ülje plantasiýalaryny ýetişdirendigi aýdylýar. Elbetde, dag ýerinde ýetişen üljeleri hiç zat bilen deñär ýaly däl. Emma adamlar bularyñ parhyny seljerjek bolup duranok. Bazarlarda (indi köplenç supermarketlerde) Daşoguzyñ himiki dökünler bilen ýetişen arzan üljesi görnen badyna 5-10 kg alyp, kompot-mürepbesini ýapýar-da dynýar. Yzýany bilen tebigy şertlerde ýetişen dagyñ hakyky üljeleri bolsa alyjysyz galýar. Alma-armyt ýaly holodilnikde goýup, iýip ýörmeli zadam däl, bir çykanda işiñi bitirmeli. Geçen ýyl ýerinde 2-3 manat boldy. (Hakynatutma günlükçilerem kg-ny 2 manada ýygyp berýär). Bahalar düşensoñ, çykdajysy girdejiden köp bolansoñ, geçen ýyl käbir hojalyklar üljesini ýygasy-da gelmedi. Agajynda gatap galdy....

* * *

Öñräk ülje barada bir makala okapdym. Makalada aýdylyşyndan Türkiýede ülje gymmat. Hemmeler ony satyn alyp, iýibem bilmeýän eken.
https://kitapcy.ru/news....7-30621
Biziñ üljelerimiz olaryñkydan kän tapawutly, süýji. Eger döwletimiz we hususy telekeçilerimiz Türkiýä ülje eksport etmegiñ gaýgysyny etse (Meselem, Daşoguzyñ ülje hasyly tutuşlygyna Türke we ülje gerekleýän beýleki ýurtlara ugradylsa), bir ugur-ýoluny tapsalar, daýhanlarymyzyñam biri gelip egninden galdyran ýaly bolardy, diñe ülje satybam baýardylar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]