17:00 Sen maña biçäreligiñ suratyny çekip berip biljekmi? | |
SEN MAÑA BIÇÄRELIGIÑ SURATYNY BERIP BILJEKMI?
Publisistika
Gyp-gyzyl bolup duran, saýyrdyñ we iýeniñde janyña hoş ýakýan üljeleriñ aglanyny görüpmidiñ? Ýok-la, beýle zat bolup bilmez. Hem aglamalylar olar däl ahwetin... Ülje almak üçin larýoga gitdim. - Üljäniñ kilosy näden? - 130 lira. - Bir kile çeksene. Edil şol wagtam 75-80 ýaşly bir ýaşuly geldi. - Ýerli banan ýokmy? - Ýok, agam. Ýerli bananlar bir günde zaýalanýar. Diñe daşary ýurtdan getirilen bananlar bar. - Bäh, bolmandyr. Men şu ýerden taparyn öýdüpdim. Ýaşula gözümi aýladym. Üst-başy arassa. Gepi-sözi ýerinde. Gözlerinde bildirip duran gaýgy-ünji bar. Meniñ seredenimi bildi-de, sorag berdi: - Ülje alýañyz öýdýän. Näçeden eken kilesi? - 130 lira. Ol adam hiç garaşmadyk we köpden bäri görmedik garşylygymy berdi. Gözlerine gam çaýylan ýaşuly ýokarky dodagyny dişläp başyny ýaýkady. Iki-üç sekuntlap şeýdip duran ýaşulynyñ gözlerindäki ýagtylyk öçüp galdy. Elini kisesine saldy, şobada-da çykardy. Gapjygy ýa-da puly ýok bolmaly. Iki eli-de boş... Gaýtadan üljä we daşary ýurt bananlaryna seretdi. Yzyna öwrülibem gitdi. Ädimlerini zordan alýar. Eginleri çöküşipdir. Başy öñe egik. Hamana dek ýañy uly ýeñlişe sezewar bolan adam ýaly zordan yrgyldap barýar. Mundan öñ nähili ýöränini-hä bilemok. Arkamdan gelip sorag berýän pursatyna çenli beýle adamyñ ýaşap ýörendiginem bilemokdym... Häzirem onuñ bilen baglanyşykly düzüwli bilýän zadym ýok: 75-80 ýaşlaryndaky, intellektual görnüşli, ýüzi nurana, gepi-sözi ýerbe-ýer adam. Ýerli banan we ülje aljak boldy. Almady. Ýerli bananyñ ýokdugyny bilende gynandy. Üljäniñ bahasyny eşidende bolsa... * * * Ýaşuly gidenden soñ ýüregimiñ agralandygyny duýdum. Nähili akmak ekenim! Diñe özümi bilýän biderek adam ekenim! Oña daşary ýurt bananyndan we üljeden alyp berip bilerdim ahyryn. Emma almadym. Gylymam gymyldatmadym. Diñe onuñ bolşuna seredip oñdum. Alyp berjek bolaýamda-da, ol kabul edermidi? Beýtsem, ony has gynandyrmazmydym? Nätanyş biriniñ özüne gök önüm alyp bermegi? Özüne kiçilik bilmezmidi? * * * Birnäçe ýyl öñ supermarketde şeýle ýagdaýy başdan geçiripdim. Uzyn nobatda durkam öñümde duran 70 ýaşlaryndaky garry aýalyñ puly çykmady. Ilki hemme jübüsini sermedi, tapyp bilen ownuk pullaryny kassada goýdy. Ýetenokdy. Ýetmeýän pul ep-esli bardy. Görgülijigiñ ýüzi gyzardy. Jübüsindäki gapjygy çykaryp, içinden iki karty alyp barlady. Ikisinde-de tölemeli puluna ýeter ýaly pul ýokdy. Megerem, kartynda pul ýokdugyny özem bilýän bolmaly. Egnindäki eşiginiñ iñ arzan bahaly we köne eşiklerdigi şobada ünsümi çekdi. Gözünden boýur-boýur ýaş döküp, alan zatlarynyñ arasyndan nämeleri yzyna gaýtarsa, hasabyñ deñleşjekdigini pikir etmäge başlady. Ýöne bular ýaly pursatda, üstesine keýpsiz ýagdaýda bu hasaby dem salymda çykaraýmak mümkin däldi. Gözümiñ alnynda sözüñ doly manysynda uly tragediýa bolup geçýärdi. Men muny üns bilen synlap durdym. Yzymda nobata duranlaryñ hüñürdisi artyp başlady. - Bolsana, daýza! Hemmämizi garaşdyryp goýduñ. - Gyssansana, biraz! Her kimiñ işi-güýji bar. Dessine aýñaldym-da, hatda gödeñsilik bilen aýalyñ yzyna gaýtaran zatlaryny gaýtadan paketlerine salyşdyrdym we tölemeli puly özümiñ tölejekdigimi aýtdym. Muny şeýpe bir çalt etdim welin, aýal görgüli doñup galdy we dymdy. Özüni dürsänden soñ "bolmaz-a beýle" diýen ýaly hümürdemäge synanyşdy. Men dek ýañy özümi-de geñ galdyran gödeñsiligimden el çekdim-de, aýala jogap berdim: - Hiç zyýany ýok, daýzajan. Hemmämizde-de bolup biljek zat. - Emma men bulary alyp biljek däl-dä... Bu gysga jümläniñ soñundaky "...-dä" goşulmasynda ullakan biçäreligiñ alamaty ýagyp durdy. Öz söwdamy edip bolanymdan soñ seretsem, aýal şindizem paketlerini tertibe salyp durdy. Aýñalyp bilmeýändigi bellidi. Ýanyma golaýlaşdy: - Oglum, ömrüñ uzak bolsun, ýöne size bergimi bermesem bolmaz. - Berip bilersiñiz, kynçylygy ýok. - Nädip berip bilerin? Şu raýonda ýaşaýarsyñyzmy? - Hawa. Telefonymy beräýerin. Jañ edersiñiz. Bölek kagyza çem gelen sanlary ýazdym-da, aýala berdim. Hoşlaşybam gaýtdym. Ol ikilenç minnetdarlyk bildirende gözleri nemlidi. Adatdan daşary gussaly gülümsireme bilen utanýandygyny bukmaga synanyşýardy. Şol kartina elmydama göz öñümden gitmedi. Hemişe ýadyma düşdi ýördi. Bir gün şol pursatlary ýazaryn diýip ýördüm... Ýazsam we makalamyñ adyna-da "Biçärelik" diýip goýsam... * * * Hawa, "biçärelik!" Larýokdaly ýagdaýy-da şu söz bilen beýan etsem gerek. Ýaşulynyñ özünden garaşylmadyk hereket bilen dodagyny dişlemegi biçäreligiñ alamatydy... Biçäreligiñ... "Bular ýalam bolmaz-a..." nägileliginiñ... "Öýe muny äkidip bilmerin-ow" utanjynyñ... "Ne günlere düşdük" lapykeçliginiñ... Ýaşuly köçäniñ ahyrynda gözümden ýitip gitdi. Az salym öñem ony tanamokdym. Indem çaltlyk bilen gözümden ýitip barýar. Men bolsa elimde 130 liralyk ülje bilen gözümiñ alnynda bolup geçen tragediýa hiç zadam etmedik biri bolup öýüme girip barýan. Üljelerime seretdim. Günüñ şöhlesine ýalpyldap durdylar. Hatda çygjaryp durdy. Satyjy olar has gowy görünsin diýip, ýüzüne suw sepişdirip çykan bolmagy-da mümkin. Belki-de, dek ýañy gözümden ýitip giden adamyñ we birnäçe ýyl supermarketde duşan aýalyñ biçäreligine aglaýardylar. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 27.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |