22:52 Fantastiki edebiýatyñ muşdaklaryny ikä bölen edebi çekişme: "Ýüzükleriñ hökümdarymy" ýa "Garri Potter"? | |
Fantastiki edebiýatyñ muşdaklaryny ikä bölen edebi çekişme:
Mistika we fantastika
▶ "ÝÜZÜKLERIÑ HÖKÜMDARYMY" ýa "GARRI POTTER"? Bu deñeşdirme mahal-mahal gereginden artyk$ çekişmeleri döredýänem bolsa, hemişe diýen ýaly şüweleñli bolýar. Iki eseriñ hem muşdagy hökmünde, söhbetimizi obýektiw nukdaýnazardan dowam etdirip, gozgajak bolýan meselämiziñ üstünde durup geçeliñ. "ÝÜZÜKLERIÑ HÖKÜMDARY" Eser "Hobbit" ady bilen 1937-nji ýylda ýazylan wagtynda ýokarsyna "Dokuz ýaşdan ýokary çagalar üçin" diýen ýazgy goýlup satylypdy. Eser kitabyñ awtorynyñ meýilleşdiren giñ gerimli epopeýasynyñ başlangyç bölümi bolandygy üçin we kitapdan gelýän girdejiniñ barha artmagy bilen on ýedi ýyla çeken döredijilikli zähmet 1954-nji ýylda soñky soñky nokady goýlup satuwa çykaryldy. Şol wagt tankyt topuna tutulanam bolsa, ýigrimi ýyla golaý wagt geçensoñ, gymmatyna düşünilen eseri öwüp, ýerde-gökde goýman başladylar. Eser "özü-de bilmän" çeper edebiýatyñ fantastiki žanrynyñ kerpijini goýdy we süribaşysy boldy. Biziñ "özü-de bilmän" diýen sözi goşa dyrnaga almagymyzyñ sebäbi bar. Çünki Tolkien ony "fantastiki çeper eser bolsun we fantastiki žanrynyñ başyny başlasyn" diýen pikir bilen ýazmandyr. Fantastiki žanrda eser döredýän häzirkizaman ýazyjylarynyñ arasynda Tolkieniñ eserlerinden täsirlenip ýazmaýan ýazyjy ýok diýsek, öte geçdigimiz bolmazdy. Trilogiýanyñ esasynda düşürilen adybir çeper kinofilmleri hem kino sungatynyñ iñ kämil eserleri diýip bolar. "GARRI POTTER" 1997-nji ýylda ilkinji kitaby kiçijik oglanjygyñ başdan geçirmeleri ýaly başlanan we ýokarsyna "Çagalar üçin" diýen ýazgy goýlup satylan eser aslynda onuñ awtorynyñ meýilleşdiren giñ gerimli epopeýasynyñ başlangyç bölümidi. Eseriñ kitap satuwynda öñdeligi eýelemegi awtory on ýedi ýyllyk (üns beriñ!) döredijilikli zähmete iterdi. Netijede ilkibaşda "çagalara niýetlenip" başy başlanan eseriñ her täze soñky kitabynda personažlaryñ ýaşy, beýan edilýän wakalaryñ çylşyrymlylygy, tümlügiñ goýraslygy, beýan ediliş stili hem ösdürile-ösdürile "ähli ýaşdakylara niýetlenen" görnüşe geldi. "Ýüzükleriñ hökümdaryna" togap etjek derejede Tolkiene meñzejek bolup çytraşýan ýazyjylaryñ fantastiki žanry garañkylyga büräp, şobir duran ýerini depip duran döwründe Tolkiene öýkünmezden birnäçe ýerde ondanam ozduran kämil pikirleri we "dünýä içre dünýä" konsepti bilen žanry halas etdi. Žoan Rowlingiñ saýasynda iki-üç tapgyr nesil çeper fantastiki žanryñ janköýerine öwrüldi. Belkäm, Rowling Tolkieniñ toslap tapan "Orta dünýäsi" ýaly özünden soñky ýazyjylara kerwenbaşylyk etmese-de etmez welin, eýýämden "her gezekde has garañky bolsun we üns berilsin" diýen ýörelgä eýerilip ýazylan kitaplar we ekranlaşdyrylan çeper kinofilmler üçin nusgalyk görkezijä öwrüldi. Indi bu ýörelgä eýerilip ýazylýan her bir eser "Garri Pottere" öýkünmekde aýyplanýar. Mahlasy, "Garri Potter" özbaşyna döredijilik mekdebini döretdi. "Garri Potteriñ" kinofilmleri bütin dünýäde görlüp-eşdilmedik tomaşaçy gatlagyny edinendigine garamazdan, beýan edýän hekaýatlary onuñ kitaplaryna garanda has ýöntem gelýär. Tolkieniñ we Rowlingiñ bu iki eseri ýazylan döwründe çeper fantastika žanrynyñ birinji belgili görkezijisine öwrüldi. Şonuñ üçinem bu eserler ähli beýleki eserleriñ arasyndan saýlanyp fantastika žanrynyñ iñ söýlüp okalýan eserlerine öwrüldi. Çeper fantastika žanrynyñ muşdaklarynyñ käbiri "Ýüzükleriñ hökümdary" eserindäki ýaly dartgynly epizodlaryñ, ganly sahnalaryñ, mertlik-namartlyk garpyşyklarynyñ, gylyç jarkyldylarynyñ sesiniñ ýoklugy üçin "Garri Potteri" soñuna çenli okamaga ýa tomaşa etmäge sabyr-takat etmän biler. Ýöne erte olaryñ çagalary bolanda, özi öýde "Ýüzükleriñ hökümdary" bolsun diýse, çagasy "Garri Potter" diýip jikirdejegi gümansyzdyr. Ynha, iki ajaýyp eseriñ arasyndaky iñ uly tapawut hem şu ýaş tapawudyndadyr. Belki-de, bugünki gün "Ýüzükleriñ hökümdary" eseriniñ janköýerleriniñ "Garri Pottere" ernini gyşardyşy ýaly, häzirki körpe garripotterçilerimiz hem gelejekde täze döredilýän eserlere gabagynam galdyrmaz we çagalykdan söýüp okan "Garri Potterleriniñ" üstüne siñek gondurmaz. "Garri Potteriñ" "Ýüzükleriñ hökümdary" bilen deñeşdirende ýekeje kemçiligi bar. Olam onuñ 50 ýyllyk geçmişiniñ we kitabyñ dik mañlaýynda "klassyky eser" diýen ýazgysynyñ ýoklugy. Häzir onuñ geçen ýollaryndan XX asyryñ 50-nji ýyllarynda "Ýüzükleriñ hökümdary" geçýärdi. Ömründe iñ bolmanda ýedi kitaby okap görmek isleýänler üçin "Garri Potter" iñ gowy mümkinçilik bolsa gerek. Ömründe iñ bolmanda sekiz sany çeper kinofilme tomaşa etmek isleýänler üçinem ýene-de "Garri Potter" iñ gowy saýlaw boljakdygyna kepil geçip bileris. Muny başaryp bilmeýänlere bolsa, diýjek sözümiz ýok... | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||