16:52

Hemingueý: Realda ýazmak añsat, diñe maşynkanyñ öñüne geçip ganyñy akdyryp başlaberýäñ

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 250 | Добавил: Gökböri | Теги: Maýis Alizade | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Money  
1834
Moderator aga, komentariýa ýazaýmasam başga näme etjegmi bilmedim. Okasaňyz, şu ýere jogap beräýiň haýyş etýän. Registrasýa eden poçtama-da girip bilemok, ýogsa jogaby şoňa ýollasaňyzam bolardy welin.

Moderator sizden bir haýyşy bar. Ýagny men bir romanmy powestmi bilenok, mazmuny şeýleräk zat gözleýän. Özi şu ýerde okan bolmaly. Kimiň ýazanyny we adyny ýadyma salyp bilemok. Mazmuny: 1 oglan bilen 1 gyz söýüşýär. Ýalňyşmasam mekdep döwründen söýşüp başlaýalar. Biri-birine çalt göwün berip oglan mekdep döwründe söz aýtýar. Gyz oňa bir zat aýtmalydygyny aýtýar we birnäçe wagtdan aýtýar. Gyz özüni oglana berilmejegni aýtýar. Sebäbem oglan tarapyň tiresi gul bolanlygy üçin. Şonda-da oglan tarap guda barýar we gyzyň kakasy siz gul bolanyňyz üçin berjek däl diýýär. Oglanyň kakasy özlerini gul diýip kemsitmezligini we özleriniň halal adamlardygyny gyzyň kakasyna aýtýar. Oglan gyzy öz maşynynda alyp gaçýar daňdan. Onda-da uly ýabyň gyrasynda maşyny öçýär. Olara oglanyň dosty sataşýar we daň agarmanka gyzy öýlerine ugratmagyny maslahat berýär. Eýýäm gyzyň gaçanlygyny öýi bilýär. Soňra oglany kakasy ejesi bilen bilelikde gyzyň kakasy çagyrýar. Gyzyň kakasy gyzyndan sorag edende, oglana özünden el çekmegini haýyş etýär. Gyzy başga birine berýärler. Oglanam başga birine öz klasdaşyna öýlenýär. Öýlenen gyzy oglanyň şol gyz bilen söýüşenini bilýär. Şonda-da bagtly etjek bolup elinde baryny etýär. Ýalňyşmasam oglanyň guran maşgalasy dagaýaram öýtýän. Şeýleräk zat bolmaly. Kimiň şeýle powestmi romanmy bir zady barmy ady kimiň ýazany ýadyma düşenok-da.

0
8 Ependi  
284
https://kitapcy.ru/news....1-30299 Şu linke gir dost, ýitigiňi taparsyň öýdýän.

0
9 Money  
1834
Aý sagja bol-a, "Ýatlamalar" bölüminde eken-ä. Teswirlerden soň her bölüminde owadan gyzyň suratlarynyň bardygam ýada düşüpdi. Romanlar, powestler, poemalar, detektiw proza bölümlerini 5-6 gezek gördüm. Minnetdar, gardaş.

0
2 Money  
1834
Moderator jogap ýokmy?
Moderator däl başga kim şeýleräk mazmuny zadyň awtoryny we şonuň adyny aýtsa hem bolýar

0
4 Moderator  
1471
Bilmedim. "Powestler" we "Romanlar" bölüminde bar bolsa, gözden geçirip bilersiñiz.

0
6 Money  
1834
Görüp çykdym-a. Tapmadym. Ady bilen awtory ýadyma düşenok. Şonda halk arasyndaky tiresine "gul" diýilýänlere gul tiresiniň näme üçin olara şeýle diýilýäni düşündirilýär. Şonda oglanyň kakasynyň dilinden düşündiriş berilýär. Özem şeýle düşünikli we aç-açan.

0
3 merdan18  
1808
Başgaçarak şoňa meňzeş wakaly powest bar Ogulsenem Taňňyýewa "Bagtym hem ýyldyzym "atly. Başga bilmedim men-ä...

0
5 merdan18  
1808
Ýaman gyssaga düşdüň gerek @Money, başga-da has gyzykly roman powestler bar-a saýtda...

0
7 Money  
1834
Hawa birnäçe gün bäri mazmun ýadyma salyp awtoryny we powestmi romanmy hemem adyny ýadyma salyp bilmän ýörün.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]