20:28 Folkner: Dünýäni parahatçylykly we howpsuz hala getirmekçi bolsak, garşylyk görkezip bilmeli | |
UILÝAM FOLKNER: DÜNÝÄNI PARAHATÇYLYKLY WE ADAMLAR ÜÇIN HOWPSUZ HALA GETIRMEKÇI BOLSAK, GARŞYLYK GÖRKEZIP BILMELI
Edebi makalalar
Fotosurat: Courtesy of Special Collections Library / UVA Oksford uniwersitetiniñ talyplarynyñ öñünde eden çykyşlary we nutuklary Nobel baýragynyñ eýesi Uilýam Folkneri iñ köp begendiren "işleriñ" başyny çekýärdi. Hawa, ýurdy günorta ştatlaryñ hak-hukuklaryny diñe proza eserlerinde däl, şol bir wagtyñ özünde amerikan kongresine ýazan hatlarynda we habar beriş serişdelerinde ýer alan makalalarynda arman-irmän öñe süren Folkner terjime edip siziñ dykgatyñyza ýetiren bu çykyşynda liseýiñ uçurymlaryna "indiwidual taýdan garşylyk görkezmegi" ündeýär. Garşylyk berip bilmeýän adam indiwidual bolup bilmeýär, indiwidual bolup bilmedik adamam asla azat bolup bilmez. Bu nutukda iñ bärkije hakykat iñ ýalañaç ýagadaýynsa ýene bir gezek iñ sagdyn görnüşde beýanyny tapýar: Jemgyýetleriñ geljegini ýazyjy-şahyrlaryñ öz garynlaryna eýe çykyp bilme erk-ygtyýary kesgitleýär. • Oksford uniwersitetiniñ düzümindäki liseýiñ uçurymlaryna ýüzlenme: "Ýaşlar näme etjegini bilse, garrylar iş edip oñarsa..." Birnäçe ýyl öñ entek siz dogulmankañyz akly-huşy we ýaşy goýalşan bir fransuz şeýle diýipdi. Biz bu sözleriñ manysyna şular ýaly düşünýäris: Ýaşka seriñden gelip-geçen ger zady etmäge güýjüñ bolsa-da, näme etjegiñi bileñok. Soñam garraýañ - tejribe we gören-eşden, başdan geçiren zatlaryñ saña kän zat öwresýär, ýöne munuñ hiç hili parhy ýok. Ýadapsyñ, hemme zatdan çekinýäñ we diñe özüñe azar berilmezligini isleýäñ - saña göni degilmese adalatsyzlyklaryñ ýasyny tutmaga ne güýjiñ, ne-de islegiñ galýar. Häzir şu zala we şunuñ ýaly dünýäniñ müñlerçe zalyna jemlenen ýaş oglan-gyzlaryñ nämäni we nädip etmegiñizi bilen ýagdaýynda dünýäni üýtgetmäge, ebedilik uruşdan, adalatsyzlyklardan, bela-beterlerden doly halas etmäge güýji bar. Fransuz gojanyñ aýdyşy ýaly ýaş bolsañyz we entek näme etjegiñizi bilmeýän bolsañyz, muny size häzir öñüñizde duran saçyna ak giren adamyñ aýdyp bermegi gerek. Emma megerem ol saçynyñ agyna seredip garry we goýalşan saýyp boljak derejede däl. Häzirki bolşy bilen-ä ol size ýüzleý jogap berme ýagdaýynda-da däl. Ýöne öz pikirlerini aýtmaga taýýar. Häzir bize gorky howp salýar. Gürrüñini edýänim atom bombasy we hatda şol bombanyñ garşysyndaky gorky däl. Çünki häzir Oksfordyñ depesinden oklanan ýagdaýynda (şol bomba) bizi we hemme zady ýok ederdi, bu bolsa gaty köp zat däl. Ýok edilen ýagdaýynda üstümizdäki gorka daýanýan we biziñ çeke durýan häkimiýetizden mahrum bolardy. Ýok, biziñ üçin howp bärde däl. Biziñ üçin howp adamy indiwiduallykdan, magnawyýetden mahrum goýjak bolýan dünýä güýçleriniñ gorkyny ulanmagydyr. Sadaka we howp abandyrmak bilen ony düşünip bolmaýan gatlak derejesine indirýärler. Öz gazanmadyk azygyny oña mugtuna berýärler. Der döküp gazanmadyk hümmetsiz pullaryny beren bolýarlar. Özlerine nähili at dakandyklaryndan we Amerikadamy, Ýewropadamy, Aziýadamy, nirede gurulmagyndan asylman-etmän ähli bu ykdysady, ideologiki, syýasy sistemalar, öz gopbamlygynyñ we güýç-kuwwatlarynyñ şanyna ýa-da öz aljyraññylygyndan we adamyñ batyrgaýlygyndan, çydamlylygyndan, ukyp-başarnygyndan, özüne bolan ynamyndan gorkýandyklary sebäpli adamy uýgunlaşyjy gatlaga öwürmäge taýýarlykly. Ine, şol sebäpdenem dünýäni parahatçylykly we adamlar üçin howpsuz hala getirmekçi bolsak, garşylyk görkezip bilmeli. Adamy köpçülikleýin gatlak halas edil bilmeýär. Hudaýyñ amatyna garan görnüşinde haýyry şerden, haky nähaksan aýyrma ukyby we islegi bilen ýaradylan hem-de bu artykmaçlyklary bilen özüni halas etme güýjüne eýe adam özümi halas etmeli: Adamda, şahsyýetde hiç wagt özüni aldamak, gorkuzmak we sadaka bilen diñe öz hak-hukuklaryndan däl, şol bir wagtyñ özünde adalaty adalatsyzlykdan, erkekligi gorkaklykdan, pidakärligi açgözlükden, kösençligi men-menlikden aýyrma borjy bolmaly. Diñe eden-etdiliklerden, açgözlükden, ýalandan halas bolma hakyna elmydama ynanmagyñ ýany bilen adalatyñ ýerini tapmagyna, hakykatyñ we merhemetiñ üstün çykmalydygyna ynanmak hem adamyñ borjy. Şonuñ üçin hiç wagt gorkmañ. Hiç wagt sesiñizi wyždanyñ, hakykatyñ we merhemetiñ şanyna haksyzlyga, ýalana, açgözlüge garşy beýgeltmekden gorkmañ. Diñe häzir şu zala ýygnanan siz däl, dünýäniñ her ýerindäki müñlerçe şular ýaly zallara üýşenler ertirem, bir hepdeden soñam muny topar ýa-da toparlar ýaly däl-de, şahslar, erkekler, aýallar bolup etseñiz, dünýäni üýtgedip bilersiñiz. Şeýdende adamy gula öwürmek üçin gorkyny we açgözlüligi ulanyl gelen we ýene-de ulanjak ähli Napoleonlar, Gitlerler, Sezarlar, Mussoliniler we häkimiýete kowalaşýan karýeristlerdir adamlaryñ öz öñünde egilmegine teşne ähli tiranlar, syýasatçumaklar, "hameleonlar", şahsyýetini ýitirenler, garañky we züwwetdin adamlar - olaryñ barsy bir nesilden soñ ýeriñ ýüzünden ýitip-ýok bolup giderler. Uilýam Folkner, 1951". Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 02.06.2024 ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |