20:35 "Araçäkleri petiklenen öli mekan - şemal öwsenok, ýaprak gymyldanok..." | |
"ARAÇÄKLERI PETIKLENEN ÖLI MEKAN - ŞEMAL ÖWSENOK, ÝAPRAK GYMYLDANOK..."
Edebi makalalar
Ýazyjy, dramaturg, žurnalist Jelil Mämmetgulyzada (1869-1932) • Dünýä romanynyñ iñ kämil nusgalaryndan biri ýüz otuz ýaşady... Dünýä edebiýatynyñ taryhynda geljegiñ diýdimzor hökümet režimini iñ kämil formada suratlandyran ýazyjy hökmünde hemişe Jorj Oruell görkezilýär. Hawa, onuñ 1948-nji ýylda ýazan "1984" romanynda megerem SSSR-iñ kyrk ýyldan soñky döwlet dolandyryşyny edebi ussatlyk bilen suratlandyrmak bilen biziñ günlerimiziñ we indiki diýdimzor režimleriniñem üýtgemejek hem-de hamana kategoriki ýagdaýa öwrüljek taraplaryny janlandyrypdy. Asly hindistanly iñlis ýazyjysy Jorj Oruell diñe öz döwrüniñ däl, geljegiñ diýdimzor hökümet formalarynyñ anatomiýasyny ýazypdyr ýazmasyna, ýön öz döwrüniñ şeýle gorkunç şertleriniñ içinde hut özi ýaşap ýazan eserlerinde tire-taýpadyr feodalistik metodikalar bilen dolandyrylýan jemgyýetleriñ 130 ýyl soñky geljegine çyra tutan başga bir ýazyjy bar. Oña Jelil Mämmetgulyzada diýilýär. Jelil Mämmetgulyzadanyñ asly häzirki Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinde ýerleşen Hoý şäherinden. Onuñ ata-babalary soñra Nahçewan oblastyna göçüpdir. Osmanly imperiýasy Nahçewam oblastynyñ demografiki gurluşyndan howatyrlanýandygy üçin (ermeni-kürt ilaty) şol wagtlar gajarlaryñ golastyndaky Eýranyñ dürli künjeklerinden Nahçewanyñ käbir myntykalaryna (etraplaryna) türki maşgalalaryñ getirilmegine hut özi goldawyny gaýgyrmady. Muña başga bir mysal hökmünde Şatagty myntykasyna Töwrizden göçüp gelen, Şark frontynyñ komanduýuşisi Kazym Karabekir bilen ýakyn dost, 1937-nji ýylda "pantürkistlikde" aýyplanyp Sibire sürgün edilen we 1941-nji ýylyñ 5-nji dekabrynda sürgünde ömrüni soñlan meşhur şahyr we dramaturg Hüseýin Jawidi görkezip bileris. Jelil Mämmetgulyzada ýazyjylyk işinde-de, žurnalistikada-da ömrüniñ ahyryna çenli Eýranyñ azeri türkçesini ulanan bolsa, 1905-1909-njy ýyllarda Stambul uniwersitetinde bilim alan Hüseýin Jawid bolsa osmanly türkçesinden aýrylmady... 1869-njy ýylda Nahçewanda doglan Jelil Mämmetgulyzada Gürjüstanyñ Gori şäherinde açylan Pedagogiki institutyny 1888-nji ýylda tamamlady we Nahçewan obalstyndaky Nehrem obasyna mugallymçylyk etmäge gitdi. Mekdep üçin oba kethudasynyñ öýi kireýine alnypdyr we ermeni kärdeşi Nurs obasyndan Nehreme sygyr getirdipdir. Her gün irden hut özi sygyr sagyp süýdüni içen mekdep müdiri Mämmetgulyzada biraz wagtdan soñ sygryñ süýdüniñ azalýandygyny we ýene biraz wagtdan soñ doly kesilendigini görensoñ, ýagdaýy anyklamak üçin dañ atmanka tursa, mekdep jaýynyñ eýesi Timur aganyñ sygyry ogrynça sagýandygyny görüpdir. Şonsuzam çüýrän feodal batgalygynda çagalara ýokary hilli bilim bermäge dyrjaşýan Mämmetgulyzada bu wakadan soñ obada gören-eşden zatlaryny ýandepderçesine belläp goýupdyr we 1894-nji ýylda "Danabaş obasynda bolan wakalar" ("Danabaş Köyünün Olayları") atly romanyny ýazypdyr. Terjimeçi Ildeniz Kurtulanyñ türk diline terjime eden romany 1999-njy ýylda "Cumhuriyet" respublikasynda çap edildi. Sýužeti we kompozisiýany emele getirme ukyby, aýratynam her jümlesinde endişäni we dartgynlylygy artdyrmagy taýdan "Danabaş obasynda bolan wakalar" romany Dostoýewskiniñ "Jenaýat we jeza" romanyny ýatlatmak bilen (öldürme wakasynyñ ýokdugyna garamazdan) Dostoýewskiniñ romanynyñ içinde belki-de on romanlyk waka bolan jolsa, Mämmetgulyzadanyñ romanynda azyndan üç romanlyk wakalar bar: Eserde kakasyndan miras galan mal-mülke garyndaşlary tarapyndan el urulmagyndan soñ aşa garyp düşen Muhammethasan karz-kowal edip eşek satyn alýar we Kerbela zyýarata gitmäge taýýarlyk görýär. Jelil Mämmetgulyzada barsy gözüniñ öñünde bolup geçen bu wakalaryñ üstüne hiç zat goşmazadan we elmydama dramatiki stilde beýan edýär. Rus häkimiýetiniñ kethuda bellän çinownigi Hudaýýar Muhammethasanyñ eşegini "häkim bilen görüşjek" bahanasy bilen alyp, şähere gidýär. Onuñ maksady başga. Ol aradan çykan äriniñ yzynda dul galan Zeýnebi we onuñ baýlygyny eýelemek isleýär. Pul üçin bedibagt dul aýal Zeýnebi kethuda Hudaýýara beren kazynyñ aktiw çykyş bu bölüminde eýesiz galan aýalyñ, onuñ ogul-gyzynyñ başdan geçirýän tragediyalary iniñi düýrükdiriji epizodlaryñ üsti bilen okyja ýetirilýär. Romanyñ iñ soñky bölegini şu gysga sözbaşynyñ ahyrynda okajakdygyñyz üçin dünýä edebiýatynyñ we žurnalistikasynyñ iñ güýçli wekilleeinden bolan Jelil Mämmetgulyzada hakda ýene birnäçe jümle ýazmagy makul bilýäris. Nahçewanda her gün görýän nadanlyklaryny hiç hili çekinmän-etmän kagyz ýüzüne geçiren Jelil Mämmetgulyzadanyñ dünýägaraýşynyñ kemala gelmeginde XIX asyryñ togsanynjy ýyllarynda Russiýanyñ "Новое время", "Российское ведомости" gazetleriniñ Stambuldaky wekili bolup işlän Muhammet aga Şahtahtinskiniñ tomus aýlarynsa Nahçewana gidende aýdyp beren zatlarynyñ ýiti täsiri bolupdyr. Stambuldaky işinden soñ Şahtahtinskiý Tiflisde "Şarky-Rus" ("Rus Gündogary") atly gazet çykarmaga başlapdyr, soñra gazetini başga birine satyp, Eriwan oblastyndan Russiýanyñ parlamentine agza saýlanypdyr. Syrkaw aýalyny Tiflise bejertmäge getiren Mämmetgulyzada şol ýerde Şahtahtinskiý bilen duşuşypdyr. "Howuzly" restoranynda nahar iýmäge başlamazdan, Mämmetgulyzada Nahçewanda täzeçillige garşy çykýanlaryñ edebi-çeper dildäki ajaýyp suratlandyrmasy bolan "Poçta ýaşigi" hekaýasyny Şahtahtinskä beripdir. Ýatlamalarynda Mämmetguluzada şol pursatlary şeýle beýan edipdir: "Muhammet aga Nowruzalynyñ poşta ýaşigine hat oklaýşy barada okap bedende, Nowruzalynyñ akmaklygyna we nadanlygy şeýle bir gülýärdi welin, ýene bir gýkse howuzdaky balyklaram özlerini suwdan daşyna ataýjak ýalydy. Hamana balyklaryñam Nowruzalynyñ akmaklygyna we nadanlygyna gülkisi tutýan ýalydy". Şahtahtinskiniñ teklibi bilen Tiflisde galyp "Şarky-Rus" gazetinde işlemäge başlan Mämmetgulyzada iki ýyldan soñ işdeşi Omar Faik Numanzada bilen bileleşip "Nowruz" gazetini çykarmaga başlapdyr. Rus patyşasy Nikolaý II-niñ 1905-nji ýylyñ 17-nji oktýabrynda gol çeken azatlykçy kanunlary habar beriş serişdeleri dünýäsine örän oñyn täsirini ýetirdi. Jelil Mämmetgulyzada we Omar Faik bu amatly pursatdan peýdalanmagy başarypdyr. Ýatlamalarynda Jelil Mämmetgulyzada şol döwri şu sözler bilen beýan edýär: "Bir gün köçede gürji çagajygyñ "Kukureki" žurnalyny satyp ýörendigini gördüm. Žurnalda Nikolaý patyşanyñ kellesi horaz şekilinde çekilen eken. Žurnaly şobada garbap alyp çaphanamyza ylgadym-da: "Faik ependi, nämä dursuñ, millet patyşanyñ suratyny horaz şekilinde çekýär. Durmagyñ wagtymy häzir?" diýdim we şol ýerde şobada "Molla Nasreddin" žurnalyny çykarmagy makul bildik. "Molla Nasreddini" wagtyñ özi döretdi, tebigatyñ özi orta çykardy". Mämmetgulyzadanyñ şol döwürden soñky bitiren işlerini aýdyñlandyrmagy häzirlikçe bir gapdala süýşürip (aşakda gezekli-gezegine ýazma şerti bilen elbetde) "Danabaş obasynda bolan wakalar" romanyna gaýdyp geler bolsak, ýazyjynyñ 1909-njy ýylda ýazan we şeýle-de Nahçewan-Nehrem-Danabaş sebitiniñ wakalaryny suratlandyrýan "Ölüler" tragikomediýasyny we ahyrynda 1927-nji ýylda ýazan hem-de şu günüñ Azerbaýjanynyñ bire-bir kartinasyny öz içine alýan "Däli sürüsi" tragikomediýasyny agzamak bilen 1894-nji ýylda ýazylan "Danabaş obasynda bolan wakalaryñ" şu günün Nahçewanynyñ we Azerbaýjanynyñ döwlet dolandyryş formasy bilen nähili baplaşýandygyny birki agyz söz bilen aýdyp geçeliñ. 1894-nji ýylda ýazylan "Danabaş obasynda bolan wakalar" romany aslynda Nahçewanyñ Nehrem obasynda garawsyz we biçäre adamlara garşy rehim-şepagatsyzlyk bilen edilen hudaýsyz basyşyñ edebi metodikasy we stildäki ajaýyp beýan edijiligi bolmak bilen birlikde dünýäniñ hemme ýerinde bolup geçýän bular ýaly rehim-şepagatsyzlyklara, hudaýsyzlyk mysallaryna garşy okuwly-bilimli adamyñ bildiren nägileligidir. Ine, bu romanda başga nähili artykmaçlyk bar diýip sorasañyz, belki-de köpiñizi geñ galdyrhak başga bir jogaba duş gelersiñiz: - Hawa, "Danabaş obasynda bolan wakalar" romanynyñ ýazylmagyndan tegelek 101 ýyl soñ Türkiýe bilen serhetdeş Nahçewan Awtonom respublikasynyñ parlamentiniñ başyna ikinji bir Hudaýýar beg bellendi ("parlament" sözüniñ kagyz ýüzünde bolandygy üçin ulanýarys) we Wasif Talibow ýigrimi ýedi ýyllap oblasty Hudaýýar begiñ düzgünlerinden has rehimsiz, has zalym, has berk düzgünler bilen dolandyryp, "Han" titrini almaga hukuk gazandy. Aslynda muña Bakudaky Aliýewiñ diktaturasy ýol beripdi. Çünki diýdimzor gurallary has çalt we täsirli görnüşde güýje girizip bilmek üçin Bakuwa laboratoriýa gerekdi. Talibow 27 ýyllap başynda oturan Nahçewanynda şol laboratoriýany gylyny gymşatman döredişmäge talaş etdi. Ol muña meýiljeñ bolansoñ, 1894-nji ýylda Nahçewanyñ obasynda Hudaýýar begiñ praktikasy esseme-esse güýçlendirilip Azerbaýjanyñ hemme ýerinde amal edilmäge başlandy. Gelip ýetilen sepgitde azerbaýjan jemgyýetiniñ munuñ aşagyndan çykyp bilen ölendigini, öldürilýändigini mesaña görüp durus. "Danabaş obasynda bolan wakalar" romanyna edebi taýdan seljerme berende, merhum halypamyz, bir döwür bile işleşen alymymyz professor Ýaşar Karaýew şeýle ýazypdy: "Danabaş obasy araçäkleri petiklenen öli mekan - şemal öwsenok, ýaprak gymyldanok". (1976). Hem-de uniwersitetde mugallymym bolan, awtoulag heläkçiliginde aradan çykyp bizi elmydama bu gynançda gezer ýaly eden professor Inaýet Bektaşynyñ öýünde maña aýdyp beren wakasyny hiç ýadymdan çykaramok: - Jelil Mämmetgulyzadanyñ doglan ýylynyñ 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada Nehrem obasyndan gelen birine-de söz sözlemek gezegini bermek makul bilindi. Oña obasyna bilim we ösüş getirendigi üçin Mämmetgulyzadanyñ hormatyna minnetdarlyk bildirmek ynanylypdy. Emma münbere çykan adam şeýle diýdi: "Biz Mämmetgulyzada ebedilik duşmandyrys, oña hiç haçanam minnetdarlyk bildirmeris. Çünki ol bizi bütin dünýä masgara etdi". Ine, 130 ýyl öñ ýazylan "Danabaş obasynda bolan wakalar" romanynyñ awtory Jelil Mämmetgulyzadanyñ näme sebäpden dünýä belli ýazyjy bolmagyny şol obalynyñ hut özi aýdyp durmanmy näme? Mämmetgulyzadanyñ suratlandyran kethudalygy 130 ýyl öñ Nehremde Hudaýýaryñ obrazynda basyş guraly bolan bolsa, häzir ol gural mysal üçin Ýazyjylar soýuzynyñ 37 ýyllyk başlygy, 87 ýaşly Anar Ryzaýewiñ obrazynda işini dowam etdirýär. Galyberse-de, Jelil Mämmetgulyzadanyñ döredijilik mirasy boýunça hünärmendigini aýdyp magtanýan professor Usa Habibbeýliniñ Azerbaýjan Ylymlar akademiýasynda guran kethudalygy 1894-nji ýylyñ hutma-hut nusgasy bolmagynda galjak bolsa, Mämmetgulyzada diñe azerbaýjan jemgyýetiniñ gözünde däl, dünýä edebiýatynda-da iñ ýokardaky ornuny nädip gün geçdigisaýy berkitmesin? Mämmetgulyzadanyñ ezizden eziz ýagty ýadygärliginiñ öñünde hormat bilen egilmek bilen "Danabaş obasynda bolan wakalar" romanynyñ ýazylmagynyñ 130 ýyllygy mynasybetli dünýäniñ hakyky edebiýatçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn we romanyñ iñ soñky bölegini okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirmegi borjum hasaplaýaryn: "Zeýnep Hudaýýar begiñ öýünde alty ýarym aý galdy. Şu geçen alty ýarym aýyñ dowamynda Zeýnebiñ enesinden emen süýdi burnundan ikli gan bolup geldi. Zeýnebe ezýet bermek bilen onuñ ýeke-täk maksady bardy: Hudaýýar begiñ niýeti Zeýnebiñ we ýetim çagalaryñ mal-mülküne eýe bolandan soñ ony köçä kowmakdy. Zeýnebiñ özem muña turuwbaşdan düşünipdi. Zeýnep bir alajyny tapyp ondan dynmagyñ ýoluny gözleýärdi. Ýöne bu niýetine ýetmek üçin Hudaýýar begiñ nädereje köseýändigine, urup-sögýändigine garamazdan hemme azap-süteme döz gelen Zeýnep Hudaýýar begiñ edýän tekliplerini hiç bir ýagdaýda kabul edenokdy. Ahyrsoñy ýagdaý Hudaýýar begiñ Zeýnebi çuw-ýalañaç halda ýumşar umydy bilen garañky atýataga gabaýança we aç-suwsuz goýýança bardy. Daşy-da şeýdip gysymlasañ ýumşaýarmyş. Ahyrynda Zeýnep ýumşady. Şeýdip Hudaýýar beg ähli göwün islegine ýetfi. Emma Zeýnep bu basyşyñ netijesinde ýeke-täk şert bilen razylyk berdi. Ol şert hem pullara eýe bolandan soñ Hudaýýar begiñ Zeýnebiñ talagyny bermegidi. Hudaýýar beg ylalaşdy. Doly göz ýetirmegi üçin Zeýnep Hudaýýar begi Gurhandan ant içirdi. Hudaýyar beg elini Gurhanyñ üstünde goýup ant içdi". # Jelil Mämmetgulyzada / "Danabaş obasynda bolan wakalar" Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 10.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |