01:45 "Edilen işiñ bizden soñ ýa has gowsy ýaşaýar ýa has erbedi..." | |
"EDILEN IŞIÑ BIZDEN SOÑ ÝA HAS GOWSY ÝAŞAÝAR ÝA HAS ERBEDI..."
Edebi makalalar
Goşgulary elliden gowrak dile terjime edilen we eserleri köp sanly baýraga mynasyp bolan türk şahyry Nazym Hikmet Ran / Fotosurat: Nazym Hikmet adyndaky Medeniýet we sungat fondy Sowet şahyrlary Nazym Hikmetiñ türmeden boşadylmagy üçin kime ýüz tutupdylar? Şemsetdin Günaltaý hökümetine ýüzlenilen bu hat 13 ýyl öñ 1937-nji ýylda Stalin despotizminiñ intelligensiýanyñ bir million wekilini 15 minutlyk sudlar bilen oka düzen, uzak wagtlaýyn türmelerde saklan we Sibire sürgün eden döwründe ýazylypdyr. Sowet häkimiýetiniñ gullugyndaky bu ýazyjy-şahyrlaryñ türk hökümetine ýazan we türmede açlyk yglan eden Nazym Hikmetiñ boşadylmagyny talap edýän hata "öz gözüniñ pohuny görmän, başganyñ gözündäki gyly görýär" kategoriýasynda baha berip bolar. Haty maña iberen XXI asyryñ dünýä möçberindäki iñ güýçli taryhçylaryndan professor Jemil Hasanly agama minnetdarlygymy bildirýärin. Nazym Hikmetiñ Moskwadaky durmuşy we işleri hakdaky arhiw maglumatlaryna esaslanýan barlaglaryñ türk edebiýatçylary tarapyndanam öwrenilmegi peýdaly bolar. Onuñ bilen türmede ýedi ýyl bile ýatan, oña surat çekmegi öwreden ýoldaşy Ybraýym Balaban maña hut şeýle diýipdi: - Ol türmeden çykansoñ ýazjak goşgularynyñ hökümeti skoworodkadaky balyk deýin gowurjagyny aýdýardy. Nazymy RHP häkimiýeti däl, Menderes hökümeti bagyşlapdy. Türmeden çykanyna kän wagt geçmänkä gaýygyñ biline atlanyp Garadeñiziñ üsti bilen ýola düşdi. Moskwa baran gününiñ ertesi SSSR-iñ radio-telewideniýesi boýunça döwlet ministri bilen duşuşanda haýyş eden ýekeje zady "Radionyñ türk dilinde berilýän gepleşiklerinde hepdede bir gezek bir sagatlyk Nazym Hikmet programmasydy". Emma Anadolyda ýiti täsir döretmeginden gorkandyklary üçin onuñ haýyşyny bitirmediler. Nazym şahyr radionyñ türk dilinde berilýän gepleşiklerine meýletin redaktorlyk edipdi. Ine, görüñ, size "watan dönügi"... Haýsy şertde we konýunkturada ýazylandygyna garamazdan, döredijilik adamlarynyñ arasyndaky raýdaşlygyñ nusgasy bolan bu hatyñ 1950-nji ýylda Şemzetdin Günaltaý hökümetine ýetiren ullakan täsiri bolmasa-da, hat taryha giren kiçijik bellik bolandygy üçin juda möhüm ähmiýete eýe. Şu aýratynlygyny göz öñüne tutubam, okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirmegi makul bildik. * * * "Türk halkynyñ şan-şöhratly ogly, parahatlyk ugrunda ýadawsyz göreşiji, tutanýerli şahyr we demokrat Nazym Hikmeti Türkiýäniñ hökümeti 12 ýyl bäri tussaglykda saklap gelýär. 1938-nji ýylyñ awgustynda harby suduñ karary bilen Nazym Hikmet 28 ýyl 4 aý azatlykdan mahrum edildi. Türk despotlarynyñ Nazym Hikmeti gözenegiñ añyrsyna dykmaga getiren günäsi näme? Şahyr şeýle diýýär: "Ýeke günäm - halkymy we watanymy jandan söýmegim". Ine, şeýlekin sönmeýän söýgi Türkiýäniñ halk şahyrynyñ eserlerinde aýdyñ şuglalar saçyp, alawlanýar. Nazym Hikmetiñ şygyrlary halkyñ gyzgyn söýgüsini gazandy. Şahyr bilen hasaplaşmak üçin türk polisiýasy oda-köze düşüp bahana gözleýärdi. Ahyrynda ol bahana hem tapylypdy: Nazym Hikmetiñ şygyrlar kitaby Türkiýäniñ Harby-deñiz uçilişesiniñ kursantlarynyñ ýanyndanam tapyldy. Harby tribunalyñ hileli höküm çykarmagy üçin şu subutnama ýeterlik hasaplandy. Türmäniñ gapysyndan aýak basan 37 ýaşoy Nazym öz ömrüniñ çärýek asyrdan gowragyny garañky zyndanda geçirmelidi. Türk despotlary bihaýalyk bilen begenýärdi. Olar Nazymyñ türmeden diri çykmajagyndan hiç hili şübhelenmeýärdiler. Olar gozgalañçy ruhly şahyryñ tepbedini okandyklaryny, onuñ bilen düýpli hasaplaşandyklaryny pikir edýärdiler. Emma ýalñyşdylar. Türme, kösençlikler we demir gözenek şahyryñ güýjüni syndyryp bilmezdi. Nazym Hikmet döredijilihini dowam etdirdi, onuñ täze şygyrlary halkyñ arasynda dilden-dile geçip ýaýrady. Her bir namysjañ watansöýüjä ýüzlenýän şahyr güýjüni zähmetkeşleriñ bagtly durmuşy, parahatçylyk we demokratiýa ugrundaky göreşe sarp etmäge çagyrýardy: Men ýanmasam, Sen ýanmasañ, Biz ýanmasak, Kim ýagtyldar tümlükleri? Nazym Hikmetiñ türmede ýazan bu setirleri Türkiýäniñ ähli namysjañ adamlarynyñ kasamy bolup ýañlanýar. Türme künçlerinde geçiren agyr günleri şahyryñ saglygyny bozdy. Nazym Hikmet agyr keselledi. Geçen mart aýynda aklawjysynyñ üsti bilen türk hökümetine ýüz tutan şahyr gyssagly türmeden boşadylmagyby talap etdi. Talabyndan ýüz dönderilen ýagdaýynda açlyk yglan etjekdigini aýdyp, häkimiýete haýbat atdy. Nazym Hikmetiñ amnistiýa talaby boýunça Mejlisiñ garamagyna berilen teklipnama-da yzyna gaýtaryldy. "Zafer" gazetiniñ ýazmagyna görä, Nazym Hikmet 8-nji aprelde açlyk yglan etdi. Ol diñe iýmegi däl, suw içmegi-de bes etdi. Türkiýede we ýurduñ daşynda Nazym Hikmeti goramak maksady bileb başlanan giñ gerimli protest demonstrasiýalaryndan gorkan türk hökümeti jemgyýetçiligi aldamagyñ kül-külüne düşdi. Şahyry türmäniñ hassahanasyna ýerleşdiripdirler, konsultasiýa beren türme lukmanlary "Nazym Hikmetiñ jan saglygy boýunça howply ýagdaýyñ ýokdugyny" mälim etdiler. Häzir türk hökümeti Nazym Hikmeti türmeden boşatmajak bolup janhowluna müñ dürli bahana gözleýär. Nazym Hikmeti açlyk yglan etmäge mejbur eden türk hökümeti ony türmeden boşatmasa, Türkiýäniñ söýgüli halk şahyrynyñ açlykdan ölmegine sebäp bolsa, öz üstüne yzyny ýitirip bolmajak masgaraçylykly tegmil düşürer. Siwilizlenen dünýä bardy-geldi şahyr türmede aradan çykaýsa, onda Türkiýäniñ häzirki hökümetini hiç wagt bagyşlamaz. Biz Sowet Soýuzynyñ şahyrlary bolup Günaltaý hökümetinden Nazym Hikmetiñ haýal etmän boşadylmagyny talap edýäris. N.Aseýew, M.Bažan, Ý.Bukow, A.Wentslowa, Samat Wurgun, N.Gribaçow, I.Grişaşwili, M.Tursunzade, M.Isakowskiý, S.Kirsanow, Ýakup Kolas, A.Prokofýew, M.Rylskiý, K.Simonow, A.Sofronow, Ýan Sudrabkali, A.Surkow, M.Tank, A.Twardowskiý, W.Tihonow, P.Tıçina, S.Şilaçew. 20.04.1950 ý". * * * Görlüşi ýaly, türmede oturan Nazym Hikmetiñ saglygyny alada eden sowet ýazyjylarynyñ Şemsetdin Günaltaý hökümetine ýüzlenen hatynda türmede açlyk yglan eden şahyryñ dessine boşadylmagy talap edilýär. Hata gol çekenleriñ arasynda dürli halklaryñ wekiliniñ bardygyna garamazdan, olaryñ umumy aýratynlygy - sowet ýazyjysy bolandyklary. Şol gol çekenleriñ biriniñem öz halkynyñ edebiýatyna Nazym Hikmetiñ türk edebiýatynyñ ösmegine goşan goşandynyñ ýarsyny-da goşup bilmeýişleri ýaly, dünýä edebiýatynyñ taryhynda olaryñ ýekesiniñem yzyny-tozuny göremzok, ýöne Nazym şahyr welin gün geçdigisaýy öz ornuny güýçlendirýär. Bu hatda goly bolan häzirbegjanly şahyr Samat Wurgunyñ Moskwada Nazym bilen birnäçe gezek duşuşandygyny bilýäris. Ýöne olaryñ çeper edebiýata bolan garaýyşlary biri-birinden aýry. Her näme bolanda-da, netijede dünýä edebiýatynyñ taryhynda her kim galdyryp bilen yzyça we şol yzyñ hiline görä saklanyp bilýär. XX asyryñ ikinji çärýeginden bärki döwre baha berilende, eserleri bilen birlikde berk we ygrarly duran pozisiýasy bilenem döredijilik dünýäsine nusga bolan Nazym Hikmete deñäp boljak şahyr juda az. Mikail Refili Şol az şahyrlaryñ birem Nazymyñ 1924-nji ýyldan başlap Moskwanyñ "Krasnyý proletariý" institutynda bile okan häzirbegjanly kursdaşy Mikail Refilidi. Ýigriminji ýyllaryñ soñunda häzirbegjan poeziýasyna getiren täzelikleri bilen göze ilen Refili şol bir wagtyñ özünde edebiýat teoretigi we daşary ýurt edebiýaty boýunça hünärmen hökmünde gymmatly ylmy-barlag işlerini ýazýan wagty, onuñ yzyna eýerio bilmeýän kärdeşleri şugullamalar, golsuz arzalar bilen Refilini Nazymyñ Türkiýede tussag edilmeginden bir ýyl öñ - 1937-nji ýylda tussag etdirmäge synanyşypdylar. Şol wagt ýurduñ başynda oturan despot Mir Japar Bagirow bilen duşuşyp bilen Refili aman sypmagy başarypdy. Emma aýratynam Mir Jelalyñ we Mübariz Alizadeniñ şugullygy bilen metbugatda ýazýan töhmetçilikli makalalary bilen gününe goýulmadyk professor Mikail Refili kyrkynjy ýyllaryñ soñlaryndan başlap hemişe türmä salynmak howpuny başdan geçiripdir. Şeýle howsalaly durmuş talyplary üçin bahasyna ýetip bolmajak mugallymynyñ saglygyny zaýalapdy. Nazym Hikmet bilen hemişe gatnaşyk saklan Mikail Refili 1958-nji ýylda ýañy 53 ýaşyndaka aradan çykanda, ýaşlyk dostunyñ galamyndan depe saçyñy syh-syh edýän şygyr çykypdy. Nazym Hikmetiñ şol şygryny okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetirmek bilen pikir-düşünjeleri sebäpli adamlary tussaglykda saklaýan ähli sistemalary ýene bir gezek näletleýärin: Deñ-duşlañ ýapragy tänip başlady, köpimiz gyşa ýetmerisem. Dälä döndüm Refili, habaryñy alan bada... ne diýjekdim... ýadyñdamy, Mikail... ýöne indi aklyñ ýok, burnuñ, agzyñ, gözleriñ ýok, gardaş, süñk üýşmegi bolup galansyñ-da Bakudaky gonamçylykda. Ne diýjekdim... Moskwada, bizde, Täze ýyl agşamy, saçagyñ başynda, düýbünde bezelen ýolkanyñ ullakan jäjegi yalydyñ lowurdap duran. Uçganaklap duran gözüñ saçy düşen kelläñ, hormatly göbegiñ. Daşarda gijä bürenen sümme tokaý. Saña bakyp pikir edýärdim: Köne meý çelegi ýaly keýpli, hezret, Köne meý çelegi ýaly sagdyn. Menden kän soñ öljek. Yzymdan birem makala barsyny ýazar, bir şygyr ýa-da: "Nazym bilen Moskwada 24-de tanşypdym, pylan". Ýogsa-da, Mikail, şahyram bolup bilerdiñ-ä, professor bolduñ. Ýöne mesele munda däl. Edilen işiñ bizden soñ ýa has gowsy ýaşaýar ýa has erbedi. Seniñki ortatapdy öýdýän, meniñki-de şeýle. Ýagny, sesimiz şu aýtymda galar diýen tesellimiz ýok. Men öz paýyma gynanamok muña, tesellisiz ýaşamagy oñardym, oñararyn tesellisiz ölmesini-de, seniñ kimin Refili. Nazym HIKMET. 05.06.1958 ý. Praga. Maýis ALIZADE Ýekşenbe, 22.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |