18:56 Kazandan öñ Aşgabat repetisiýasy | |
KAZANDAN ÖÑ AŞGABAT REPETISIÝASY
Publisistika
Beýik şahyryñ doglan ýylynyñ 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen halkara forum nädip birdenkä "harby-geosyýasy" öwüşgine bürendi duruberdi? Türkmen klassyky edebiýatynyñ kerwenbaşysy Magtymgulynyñ doglan ýylynyñ 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyñ aslynda öñümizdäki 22-24-nji oktýabrda Tatarystanyñ paýtagty Kazanda geçirilmegi meýilleşçirilen BRICS ýygnanyşygynyñ soñky taýýarlygynyñ bir bölegidigi bellidi. Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin üçin Magtymguly bahana. Onuñ üçin wajyp zat - Päkistanyñ we Ermenistanyñ prezidentleri bilen birlikde Orta Aziýa ýurtlaryny dolandyrýan adamlary GDA-nyñ Moskwa ýygnanyşygyndan bary-ýogy üç gün soñ täzeden bir ýere jemlemek artykmaçlygyny görkezmegidi. Aşgabatda geçirilen halkara foruma «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» diýip at berilmegi siwilizasiýanyñ taryhynyñ iñ täsin ýagdaýlarynyñ biri bolsa gerek: Orta Aziýada we Türkmenistanda "siwilizasiýalaryñ arabaglanyşygyny, dünýäniñ we ösüşiñ binýadyny" Päkistanyñ, Mongoliýanyñ, Orta Aziýa ýurtlarynyñ, Ermenistanyñ döwlet ýolbaşçylary bilen pikir alyşmak. Eýran Yslam Respublikasynyñ prezidenti Mesut Pezeşkiýanyñ adyny umumy sanawyñ daşynda tutmagymyzyñ sebäbi-de, Wladimir Putin üçin Aşgabat duşuşygynyñ ähmiýetiniñ Pezeşkiýan bilen ikiçäk duşuşygynda bolmagydy. Moskwanyñ aýtmagyna görä, Russiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge synanyşandygy üçin ABŞ tarapyndan türmä saldyrylan öñki premýer-ministr Imran Hanyñ gönüden-göni syýasy arenada ýokdugyna garamazdan, Kreml Yslamabat bilen gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrma hemlelerinden el çekmeýär. Asif Ali Zerdariniñ ýörite çakylyk bilen çagyrylmagynyñ-da "siwilizasiýalaryñ arabaglanyşygyny" tegelek stolyñ başynda ara alyp maslahatlaşmak däl-de, Russiýa-Päkistan gatnaşyklaryny janlandyrmak maksady bardy. Orta Aziýa sebitini öñki bolşy ýaly häzirem öz täsiri astynda saklamak nukdaýnazaryndan Kremle hiç bir tarapdan bökdençlik ýokdugy üçin Aşgabat forumynda ol ýurtlaryñ gatnaşmagynyñ Moskwa üçin mugallymyñ mekdepde okuwçylaryñ ýetişigini barlamak ýaly manysy bardy. Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisiniñ başlygy Numan Kurtulmuşyñ foruma gatnaşmagyna bolsa, rus metbugaty şondan iki gün öñ BRICS-iñ Kazan forumynda Wladimir Putin bilen Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyñ arasynda meýilleşdirilen duşuşygyñ taýynlygy ýaly baha berlipdi. Belki-de, uzagrak görülmegi mümkin bu girişiñ maksady türkmen klassyky edebiýatynyñ kerwenbaşysynyñ 300 ýyllyk ýubileýi bahana edilip, Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin üçin wajyp ähmiýeti bolan Eýranyñ prezidenti bilen duşuşyp, ýurdunyñ Orta Aziýa boýunça täsiriniñ uludygyna ynanýandygyny dünýä ýurtlaryna görkezmekdi. Indi bolsa, Wladimir Putiniñ Mesut Pezeşkiýan bilen haýsy maksat bilen gyssagly duşuşmak isländigi barada gysgaça aýdyp geçeliñ. Mesut Pezeşkiýan bilen birinji duşuşygynda el gysyşandan soñ Wladimur Putin şeýle diýdi: - Biz halkara arenada bileleşip birnäçe ugurda işleşip gelýäris. Dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeler boýunça pikirlerimiz hem köplenç gabat gelýär. Mesut Pezeşkiýanyñ beren gysgaça jogany "Kommersant" gazetiniñ 25 ýyldan bäri Wladimir Putin barada ýazyp gelýän aýratyn temalar boýunça korrespondenti Anddeý Kolesnikow şeýleräk görnüşde ýazdy: "Sebitdäki ýagdaý agyr. ABŞ we Ýewropa bu ýerlerde ýagdaylaryñ durnuklaşyp gidibermegini islänok. Ysraýyl hem bu sebitde ähli kada-kanunlary bozdy". Şu ýerde Wladimir Putin öz metbugat sektetary Dmitriý Peskowy tapmak maksady bilen saga-sola ýaltaklady. Protokola laýyklykda Eýranyñ prezidenti sözüni jemlemelidi. Emma Wladimir Putin dowam edip duran duşuşygyñ habar beriş serişdelerininiñ çekişmeli temasyna öwrülmegini islänokdy. Eýranyñ prezidenti tejribesizligi sebäpli gönüden-göni şol wagt çyny bilen bir zatlary aýdyp bilerdi. Jenap Peskow öz işini etdi. Soñly "YSraýyl sözünde" otagda habar beriş serişdeleriniñ işgäri galmandy diýen ýalydy. Kolesnikowyñ bu edişi Putin-Pezeşkiýan duşuşygynyñ añyrsynda Eýran bilen Ysraýylyñ arasyndaoy dartgynlylygyñ düýpli ara alyp maslahatlaşylandygyny we Russiýanyñ prezidentiniñ bu boýunça daşaryk çykmagyny islemeýändigunu görkezýär. Hawa, halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabadyñ Eýranyñ 31-nji iýulda kasam içip işe başlan Mesut Pezeşkiýan bilen duşuşyk ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy rus prezidentiniñ nukdaýnazaryndan birnäçe simwoliki manysy bardy. Özem bularyñ başynda Russiýa bilen Eýranyñ aýratynam soñky bir asyrda Hazar deñzinde ýakyn hyzmatdaşlyk edip gelmegidir. Esad hökümetiniñ BMG-nyñ Howpuzluk Geñeşine ýüzlenmeginden soñ 2015-nji ýylyñ 30-njy sentýabrynda Siriýa girendigine garamazdan Russiýa Eýran bilen birlikde Ýakyn Gündogarda özüne ýakyn hasaplaýan güýçlede ýarag kömeginiñ bir bölegini Hazar deñziniñ üstünden geçirýär. Hazarýaka ýurtlaryñ forumy-da 2022-nji ýylyñ 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilipdi. 2021-nji ýylyñ sentýabrynda Türkiýäniñ Harby-deñiz güýçlerine degişli käbir harby bölümleriñ Hazar deñzinde geçiren ownuk türgenleşigine berlen jogabam 2022-nji ýylyñ 29-njy iýunyndaky Aşgabat forumyndan çykypdy: hiç bir daşary ýurduñ harby güýjüni Hazar deñzinde we kenarlarynda görmek islämzok. NATO-nyñ agzasy Türkiýä garşy gelinen bu kararyñ ýeterlik hasaplanmandygy sebäpli 2022-nji ýylyñ 1-nji iýulynda ýene şol NATO-nyñ agzasy Türkiýäniñ Azerbaýjana açylan ýeke-täk garaýol gümrük nokady (Nahçewan) ýapylypdy. Ine, şundanam Aşgabatda geçirilen 2024-nji ýylyñ 11-nji oktýabryndaky taryhy forumyñ esasy maksadynyñ Magtymguly bolmagyna onçakly üns berip oturasy iş ýok. Ol ýerdäki esasy maksadyñ Putin-Pezeşkiýan duşuşygy we iki ýurduñ mundan soñ Ysraýyla gatşy ýöretjek bilelikdäki syýasaty boljakdygyny çaklamak mümkin. Eýranyñ Ysraýyla atan 181 sany raketasynyñ nyşana alynan obýektlere nädereje degendiginiñ gürrüñini etmek beýlede dursun, Tähran režiminiñ gurup ulaldan Liwan "Hizbullagynyñ" başsyz galmagy, Yrak-Siriýa-Liwan üçburçlugynda kesgitlenen "Gaýtawul okunyñ" geljeguni sorag astyna alypdy. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda gaýtawuly janlandyryp biljek iki sany güýjüñ biri Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasy, ikinjisi bolsa Ýemen husileri bolup, rus prezidentiniñ eýranly kärdeşi bilen bu meseleleri tegelek stolyñ başynda ara alyp maslahatlaşmagy wakalaryñ tebigatyna çapraz bolardy. Şu ýylyñ 14-nji aprelinde Eýranyñ raketa atmagyndan ýigrimi bäş gün öñ, ýagny BMG-nyñ ýarag sanksiýasyny ýatyran badyna şol wagtyñ Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen birlikde russiýaly ygtyýarlylar Tährana bakan ýelk ýasapdy we ABŞ-nyñ duýduryş berendigine garamazdan ýarag söwdasyny başlapdy. Rus tarapynyñ ýene bir maksady Eýranyñ günorta sebitlerinde işjeñligi artdyrmak. Munuñ bir manysy Ýemen husileri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegem bolup biler. Husi wekilleriniñ geçen iýun aýynda Moskea gelip gitmeginiñ sebäbi "10 million dollarlyk konwensional ýarag satyn almak" hökmünde mälim edilenem bolsa, muña diñe ynanhak bolsa gerek... Ine, bütin şu zatlardan sebäp türkmen şahyry Magtymgulynyñ 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni çäräniñ "harby-geosyýasy duşuşyklara" öwrülmegini Russiýa-Eýran hyzmatdaşlygy taýdan bolaýmaly zat hökmünde kabul etmeli. Bu duşuşyk iki ýurduñ aýratynam Ýakyn Gündogardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek taýdan uly ähmiýetiniñ barlygy bilen birlikde, 22-24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyñ düzümindäki Tatarystan Awtonom Respublikasynyñ paýtagty Kazanda geçirilen BRICS forumynyñ öñüsyrasyndaky soñky esasy repetisiýa ähmiýetini saklaýar. BRICS forumyna garaşmazdan şu ýagdaýa ünsi çekmegiñem peýdaly boljakdygyny pikir edýäris: Aslynda Russiýanyñ prezidenti soñky iki ýarym ýyldaky halkara forumlaryñ hemmesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiñ mümkinçiliklerini gözleýär. Şonuñ üçin türk syýasatynyñ ýatdan çykmajak aktýory Nejmetdin Erbakanyñ meşhur sözi bilen aýdanda, Moskwa üçin bular ýaly forum-sorumlar "faso-fisodyr", gadyrdan... Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 13.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |