16:57 Maýakowskiý: Poeziýa we rewolýusiýa kellämde birigen ýalydy | |
WLADIMIR MAÝAKOWSKIÝ: POEZIÝA WE REWOLÝUSIÝA KELLÄMDE BIRIGEN ÝALYDY
Edebi makalalar
Rus şahyry, dramaturg, kino we teatr aktýory Wladimir Wladimowiç Maýakowskiý (1893-1930) 1905-1909-njy ýyllarda Stambul uniwersitetinde okan azerbaýjanly dünýä belli dramaturg Hüseýin Jawid birinji jahan urşy başlandan soñ ýazan we Mämmedemin Resulzadanyñ eýelik edýän "Açyk söz" gazetinde çap edilen "Uruş we edebiýat" makalasynda ruslary urşa ýazyjy Lew Tolstoýyñ, nemesleri bolsa filosof Fridrih Nişsäniñ taýýarlandygyny ýazypdyr. "Men-özüm" atly ýatlamalaryny bölekler görnüşinde siziñ dykgatyñyza ýetirmegi özümize mertebe hasaplaýan şahyrymyz Wladimir Maýakowskiniñ 1917-nji ýylda Russiýada bolup geçen sosialistik rewolýusiýadan öñ okan şygyrlaryny öz sesinden diñlemek mümkinçiligini tapanlar mundan birem şübhelenmese gerek. Hawa, Kuba rewolýusiýasyny hasaba almanymyzda, umuman şu hakykat bilen garşylaşýarys: Rewolýusiýany şahyrlar amala aşyrýar, idealistler wagtlaýynça häkimiýeti ellerinde saklaýar, olaryñ yzyndan gelen bähbitparaz çemeçiller bolsa rewolýusiýanyñ ähli ideallaryny ýer bilen ýegsan edip, me azaplar bilen gurlan sistemanyñ bagtyny ýatyrýar. Azerbaýjanyñ garaşsyzlygy üçin ýatlamaga mynasyp derejede tagalla eden şahyr we alym Bahtyýar Wahapzadäniñ "Meniñ isleýän garaşsyzlygym bular ýaly däldi" diýen sözi bu hakykatyñ ajy boýun almalarynyñ ýekejesidir. Göwün beren zenanyna bildiren söýgüsine garaşýan jogabyny almandygy-da sebäp bolandyr welin, Maýakowskiniñ öz janyna kast etmeginiñ düýp sebäbi - amala aşmagy üçin ähli ukyp-başarnygyny orta goýan sosialistik rewolýusiýasynyñ bildiren tamasyny köp möçberde ödemänligidi. Eýse bular ýaly güýçli zehine, intellekte, güýje eýe şahyryñ SSSR-iñ başyndaky ylym-bilimden, intellektden, medeniýetdwn binesip Iosif Stalin bilen bir döwürde we bir ýurtda ýaşap bilmegi mümkinmidi? (Maýakowskiniñ öz janyna kast etmeginden iki ýyl soñ onuñ aýalyny öldürden Iosif Stalin bu terakty "öz janyna kast etme" wakasy hökmünde hasaba aldyrdypdy). Rewolýusiýanyñ ideologlaryndan Maksim Gorkiý ömrüniñ soñky on ýylyny dälirän ýaly geçiripdir. 1937-nji ýyla gelinende eýýäm ýazyjy-şahyrlaryñ, sungat adamlarynyñ, alymlaryñ öz janyna kast etmegine-de mümkinçilik berilmändir. Iosif Staliniñ ajal maşynlary diñe şol ýylyñ özünde bir million intelligenti 15 minut dowam edýän sud kararlary esasynda atuwa bermekden, Sibire sürgün etmekden gaýra durmandy. Ine, edil häzirem Staliniñ goýup giden şol ganly mirasyna öñki SSSR-iñ birnäçe respublikasy eýe çykyp, hatda şondanam has rehimsiz, has doñýürek formada dowam etdirýär. Wladimir Maýakowskiniñ bölek-bölek görnüşde dykgatyñyza ýetiriljek bu gündelik-ýatlamalary şol bir wagtyñ özünde şahyr dogruçyllygynyñ, arassalygynyñ, çynlakaýlygynyñ nyşanydyr... Tema Men - şahyr. Geñ ýerimem şunda. Şu barada-da ýazýaryn. Birem söz bilen gorap bolýan başga zatlar barada. Huş Burlýuk men hakda "Maýakowskiniñ huşy hemmeleriñ öz galoşyny goýýan Poltawanyñ ýoly ýaly" diýipdir. Ýöne men şahslary we seneleri ýadymda saklap bilemok. Diñe 1100-nji ýylda "dorýan" diýen kowmuñ bir ýerlere göçendigi ýadyma düşýär. Bu işiñ detallary ýadymda däl, ýöne düýpli iş bolsa gerek. Huşa girizmek barada aýdanda: "Bu, 2-nji maýda ýazyldy. Pawlowsk fontanlary" - hemmetaraplaýyn ownuk iş. Şonuñ üçin öz hronologiýamyñ içinde ine-gana ýüzýärin. Esasy ýeri-de 1894-nji ýylyñ 7-nji iýulynda doguldym (ýa-da 93-de, ejemiñ pikiri bilen kakamyñ iş bloknody biri-birine gabat gelenok. Haýsy bolanda-da şondan öñ-ä däl). Dogduk depäm Gruziýanyñ Kutaisi oblastynyñ Bagdady obasydyr. Maşgala agzalarymyz Kakam - Wladimir Konstantinowiç (Bagdady obasynyñ tokaý goragçysy), 1906-njy ýylda aradan çykdy. Ejem - Aleksandra Alekseýewna. Uýalarym - Lýuda, Olýa. Çakymça şulardan başga Maýakowskiý ýok bolmaly. Birinji pursaty Reñbe-reñ düşünjeler. Ýeri näbelli. Gyş. Kakam "Родина" žurnalyna abuna ýazylypdyr. Žurnalyñ satira bölümi bar. Gyzykly zatlary aýdýarlar we garaşýarlar. Kakam gelip-gidýär we hemişe okaýan "Alon zanfan de lýa her biri dörde" aýdymyny aýdýar. "Родина" žurnaly geldi. Açýaryn we şobada (surat bar) gygyrýaryn: "Nähili gülkünç! Daýy bilen daýza öpüşýär!" Güldüler. Biraz wagtdan soñ žurnalyñ satira bölümine ýetilende we hakykatdanam gülmeli ýerine gelinende ýañy meniñ üstümden gülendikleri belli boldy. Biziñ suratlara we satira bolan garaýşymyz şular ýaly tapawutlydy. Ikinji pursaty Poetiki düşünjeler. Tomus. Köpçülik gelýär. Uzyn boýly, gelşikli talyp B.P.Gluşkowskiý. Surat çekýär. Gaýyş jähekli depder. Ýalpyldawuk kagyz. Kagyzda aýnanyñ öñünde uzyn boýly türsüksiz adam dur. (belki-de örtünen ýagdaýda). Ol adamyñ ady Ýewgeniý Onegin. Borýanyñ uzyn boýly bolşy ýaly, suratdaky adamyñam boýy uzyndy. Açyk. Ine, men Borýany şu Ýewgeniý Oneginiñ hut özüdir öýdýärdim. Üç ýyllap şu pikirimde galdym. Üçünji pursaty Praktiki düşünjeler. Gije. Diwaryñ añyrsynda ejem bilen kakamyñ tükeniksiz pyşyrdysy. Roýalyñ üstünde gijäni uklaman geçirdim. Hemişe şol bir sözlem kellämi gorjalap durdy. Dañ atan badyna ylgama çykdum: "Kaka, tölegiñ uzaldylmagy nämäni añladýar?" Onuñ düşündirişi diýseñ göwnüme ýarady. Bolar-bolmaz endikler Tomus. Añkañy aşyryp taşlajak sandaky myhman. Doglan günleri dagy yzy üzülmän gelýär. Kakam meniñ ýatkeşligimi mazamlaýar. Her doglan gününde sebäpkäriñ şanyna goşgy okamagy haýyş edýärler. Kakamyñ doglan gününe bagyşlap ýörite goşgy ýazanym ýadyma düşýär: "Kabyladaş" dag topbagynyñ öñünde... "Kabyladaş" we "gaýalar" sözleri meni gyzyklandyrýardy. Olaryñ nämedigini bilemoldym, şu ýaşym bilenem meni garşylamak islänokdylar. Köp wagtdan aoñ men munuñ şahyrana sözlerdigine düşünenimzde sessizje ýigrenmäge başladym. Romantizmiñ kökleri Ýadyma gowy düşüp duran ilkinji iki gat jaý. Birinji gaty biziñki. Ikinji gatynda şerap öndürýän kiçijik zawod bar. Ýylda bir gezek üzüm arabalary. Ezýärdiler. Men iýýärdim. Olar içýärdi. Bularyñ barsy Bagdadynyñ golaýyndaky köne gruzin galasynyñ ýerleşen ýerlerdi. Galanyñ daş-töweregi diwarlar bilen gurşalyp alnandh. Gala diwarlarynyñ aşagynda top oklary bardy. Nillerinde däri. Top oklarynyñ añyrsynda käller. Tokaý källeriniñ añyrsynda şagallaram bardy. Tokaýlaryñ üstünde daglar. Ulaldym. Iñ belent daga tarap ylgaýardym. Demirgazyga gitdigiñçe daglar peselýär. Demirgazyk açyk meýdana çykýardy. Gidesim gelýärdi, ol ýerde Russiýa bardy. Ol ýer ynanyp bolmajak derejede meni özüne çekýärdi. Öwrenişilmedik Ýedi ýaşymdadym. Kakam meni tokaýda atly gezdirmäge äkitdi. Gädik. Gije. Ümür-dumandan ýaña göz gözi görenok. Darajyk ötelge. Megerem kakam tirsegi bilen guşburnynyñ şahasyny itdi. Şagalar guşburnylar bilen bile göni ýüzüme şarpyldap degdi. Azajyk iñländen soñ tikenleri çykardym. Ümür-dumanam, janymyñ awusy-da şobada sumat boldy. Ümüriñ açylyşmagy bilen aýagymyzyñ aşagy aý aýdyñ boldy. Atymyzyñ üstünde ýyljak gün şöhleleri düşdi. Asmana seredýärin we iñ ýakyn wagtda gaýdyp gelmek üçin howany tutuşlygyna içime süzýärin. Keýpi bilen edebiýat Hem-de... Maksadym - has ýaşkam düşegimden turmak we ýazgylarymy ýene dowam etdirmek. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 24.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |