18:51 "Gazetleri okamandygyna begenýärdi..." | |
"GAZETLERI OKAMANDYGYNA BEGENÝÄRDI..."
Edebi makalalar
ýa-da "Doktor Žiwagonyñ" awtoryny Nobel baýragyndan el çekmäge nädip mejbur etdiler? 1956-njy ýylyñ 25-nji fewralynda Kommunistik partiýanyñ gurultaýynyñ ýapyk ýygnagynda birinji sekretar Nikita Hruşýowyñ Iosif Stalin döwrüniñ "şahsyýet kultuny" ýazgarmagyndan soñ Sowet Soýuzynda "maýylganlyk döwrüniñ" başlandygyna ynanylypdy. Hruşýowyñ çykyşyndan soñ 1937-nji ýylda atylyp öldürilen intelligentleriñ aglaba böleginiñ aklanmagy bilen ölmän galanlar GULAG-dan we Sibirden gaýdyp gelipdi. Döredijilik adamlary az-kem-de bolsa arkaýyn dem alarys öýdenem bolsalar, biraz wagt geçenden soñ bolýan zatlar sowet sistemasynyñ häsiýetiniñ asla üýtgemändigini görkezdi. 1957-nji ýylda Moskwada italýan žurnalistine interwýu beren meşhur ýazyjy Boris Pasternak "Doktor Žiwago" atly romanyny žurnaliste berip goýberdi. Şol ýylyñ güýzünde eser italýan we iñlis dillerinde çap edildi. Bu täzelik "Doktor Žiwago" romanyna Nobel baýragynyñ beriljekdigi baradaky gep-gürrüñleri-de özi bilen alyp geldi. Hamana öz ýurdunyñ raýatyna Nobel baýragynyñ beriljegini öñünden duýan sowet hökümeti garşylyklaýym hüüme geçmegi meýilleşdirip goýupdy. 1958-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Şwesiýanyñ Nobel komiteti edebiýat boýunça şol ýylky baýragyñ Boris Pasternaga berilendigini mälim eden badyna Kommunistik partiýa hüjüm meýilnamasyny aýan etdi: - Pasternagyñ Beýik Oktýabr rewolýusiýasyny amala aşyran sowet halkyna we SSSR-de sosializmiñ gurluşyna töhmet atýan romanyna Nobel baýragynyñ berilmegi ýurdumyza garşy duşmançylyga geçilmegi we "sowuk urşuñ" gyzyşmagyna gönükdirilen halkara reaksiýa hökmünde baha berilsin. "Правда" gazetinde satiriki äheñde makala çap edilsin we Pasternagyñ romanyny berk ýazgarylsyn. Şol bir wagtyñ özünde Pasternaga Nobel baýragynyñ berilmegi boýunça buržuaz metbugatyñ ýöredýän duşmançylykly kampaniýasynyñ maksady paş edilsin. Görnükli rus ýazyjylarynyñ çykyşlaryny guramak we makalalaryny çap etmek arkaly Pasternaga berilen Nobel baýragynyñ "sowuk urşy" gyzyşdyrmak maksadynyñ bardygy jemgyýete düşündirilsin. Boris Pasternak Nobel baýragyna mynasyp bolan ikinji rus ýazyjysydy. 1933-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Iwan Bunin Fransiýada sürgünde aradan çykypdy. SSSR-iñ çäklerinde ýaşaýan ýazyja ilkinji gezek Nobel baýragy berilýärdi. Hruşýow hökümetiniñ SSSR-e getirendigi aýdylýan "maýylganlyk" syýasatynyñ Boris Pasternagyñ Nobel baýragyny oñyn garamak bilen garşylajakdygyna umyt edilýärdi. Şol umytly adamlaryñ başynda Pasternagyñ özi we maşgala agzalary hem bardy: "Şol günüñ agşamy kakama Nobel baýragynyñ berilendiginiñ habary Moskwa gelip ýetende biz ýakymsyzlyklaryñ yzda galandygyna, baýragyñ berilmeginiñ Stokgolma gidip çykyş etme manysyny berýändigine begenipdik. Munuñ özi nähili owadan we manyly aýdylypdy. Biziñ öñümizde doly we ajaýyp ýeñiş bardy. Ertesi irden gazetleriñ çykmagy biken biziñ umytlarymyz ýer bilen ýegsan boldy we depgilendi. Utanmakdan we gynançdan ýaña ýere giräýjek bolýardyk. Biz Peredelkino (Moskwanyñ eteginde ýazyjy-şahyrlara berilen döredijilik öýleriniñ ýerleşen posýology) gitdik. Gazetleri okamandygyna begenýärdi we hiç zatdan gorkmaýandygy üçin gözleri uçganaklaýardy. Özüni diñe bu kampaniýanyñ onuñ ýagdaýyna täsir edip-etmejegi gyzyklandyrýardy. (Ogly Ýewgeniý Pasternagyñ 2008-nji ýylda "Знамя" žurnalyna beren reportažyndan) 25-nji oktýabrda SSSR-iñ Stokgolmdaky ilçisi Nobel komitetine ideologiki sögünçlerden doly hat ýollady. SSSR-iñ Kompartiýasynyñ Merkezi Komiteti bolsa öz ýurdunyñ ýazyjysy Boris Pasternaga garşy alnyp baryljak ideologiki uruşyñ dïwmesine bireýýäm basypdy. Merkezi Komitetiñ beren beýanatynda intelligentleriñ, işçileriñ, zähmetkeşleriñ Boris Pasternaga Nobel baýragynyñ berilmegini ýazgarýandygy we "sowet halkhnyñ Mihail Şolohowy Nobel baýragynyñ eýesi hökmünde görmek isleýändigi aýdylýardy. "Men ony bagyşlamajaklaryny, oña garşy köpçülikleýin ýanamalaryñ taýýarlanandygyny añdym. Zoşenkony, Mirskini, Benedi, Liwşitsi öldürişleri ýaly ony-da tä öldürip dynýança depgilejekleri bellidi. Kellämi bir bolgusyz pikir geldi: onuñ şsýle agaç gyýçaklaryndan halas edilmegi gerekdi. Ýeke çykalgasy bardy: ertesi ir bilen Fursewiñ (şol wagtyñ SSSR KP-niñ sekretary we Syýasy býuronyñ agzasy) ýanyna gidip, ýazyjynyñ daşynda turan sykylyklardan biynjalyk bolýandygyny, "Žiwagonyñ" daşary ýurda öz razylygy bilen berlendigini we umuman alanda Merkezi Komitetden daşda durasynyñ gelmeýändigini, romanyndan mazaly girdeji gazanandygyny we eseriniñ daşyndan syýasy galmagal turzan hülgentleri asla halamaýandygyny oña aýtmagy gerekdi. Boris Leonidowiç (Pasternak) aşak düşende meniñ teklibimden ýüz öwürdi, ýöne öz ýalñyş hereketini düşündirmek üçin Fursewa hat ýazmagy makul bildi. Ýokaryk çykdy we on minutdan soñ Fursewa ýazan haty bilen geldi: hamana ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrmak üçin bilgeşleýin edilen hereket ýaly boldy. "Başymyñ üstündäki güýçler maña bolmalysy ýaly hereket etmegimi buýurýar we maña berlen Nobel baýragynyñ ähli sowet ýazyjylaryny begendirmezligi mümkin däl bolşy ýalu bu problemalary paltalap çözüp bolmaz". Haty diñlän basyma men dowla düşdüm. Ýazylmaly hat beýle däldi". (Ýazyjy Korneý Çukowskiniñ 27.10.1958-nji ýyl seneli gündeliginden). Dünýä edebiýatynyñ görnükli iñlis ýazyjylarynyñ birnäçesi 1958-nji ýylyñ 30-njy oktýabrynda SSSR-iñ Ýazyjylar soýuzynyñ başlygyna hat ýazyp, Nobel baýragynyñ eýesi Boris Pasternaga garşy başlanan ýekirmw kampaniýasynyñ durzulmagyny isledi: "Biz dünýäniñ iñ beýik şahyrlaryndan we ýazyjylaryndan bolan Boris Pasternagyñ ykbalyny tüýs ýüregimiz bilen aladalanýarys. Biz onuñ "Doktor Žiwago" romanyna syýasy eser däl-de, ruhy lezzet beriji şahsy şaýatlyk hökmünde baha berýäris. Arkañyzdaky beýik rus edebiýatynyñ asylly ýörelgeleriniñ adyndan bu ýörelheleri siwilizlenen dünýäniñ hormat goýýan ýazyjysyny ýanamalara sezewar etmek arkaly at-abraýdan düşürmezlige çagyrýarys. Tomas Eliot, Somerset Maugham, Graham Grin, Bertran Rassel we başgalar". Sowet hökümeti edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan ýazyjysyna garşy "ähli ugurlarda alnyp barylýan hüjümleriniñ" depginini şeýle bir güýçlendirdi welin, Komsomol guramasynyñ Merkezi Komitetiniñ başlygy Wladimir Semiçastnyý (1961-1967-nji ýyllarda SSSR-iñ howpsuzlyk gullugy KGB-nyñ başlygy bolubam işledi) 1958-nji ýylyñ 30-njy oktýabryndaky çykyşynda Boris Pasternaga "doñuz" diýmekdenem çekinmedi. Pasternak bolup geçýän zatlara "SSSR-iñ çäginden çykarylmaga taýýarlyklar" hökmünde baha berdi we Kommunistik partiýanyñ birinji sekretary Nikita Hruşýowa şu haty ýazdy: "Ýoldaş Semiçastnynyñ sözünden men hökümetiñ ýurdumy taşlap gitmegime päsgel bermejekdigine düşündim. Munuñ özi meniñ üçin mümkin däl. Men Russiýada doguldym. Men bu ýurda durmuşym, eden işlerim bilen örklenen adam. Men öz ylbalymy ýalñyz başhma we Russiýasyz göz öñüne-de getirip bilemok. Ýalñyşlarymyñ we säwliklerimiñ derejesi nähili bolanda-da, adymyñ Günbatarda alnyp barylýan syýasy kampaniýanyñ ortasynda boljagyny asla pikirem etmändirin. Muña göz ýetirenimden soñ men Nobel baýragyndan meýletin ýüw öwürýändigimi Şwed akademiýasyna mälim etdim. Watanymyñ çäginden daşyna çykmak meniñ üçin ölüme deñdir we mundan ötri maña garşy beýle ýowuz karara gelmezligiñizi haýyş edýärin. Elimi ýüregimiñ üstünde goýup, men sowet edebiýaty üçin bir zatlar edendigimi we mundan soñam edip biljekdigimi aýdýaryn". Hawa, sowet ýurdunda ilkinji gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan ýazyjy häkimiýetiñ eden akla-huşa sygmajak basyşlarynyñ netijesinde meýletin ýagdaýda baýrakdan ýüz öwürmäge mejbur bolupdy. Sosialistik režimiñ ýören düýpli lobbiçilik propogandasy netijesinde "Ýuwaş Don" romanynda "Graždanluk urşy ýyllarynda rus halkynyñ başdan geçiren taryhy geçiş döwrüni dogruçyl beýan edýändigi üçin" 1965-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp holan Mihail Şolohowa bolsa sowet hökümeti baýrak gowşuryş dabarasynda geýjek eşiklerini almak üçin 3 müñ dollar pula çenli beripdi. Ýagnu "sosialistik realizm" teoriýasynyñ awtoryna. 1970-nji ýylda Nobel komiteti bu gezek baýragy "Iwan Denisowiçiñ durmuşyndan bir gün" powesti üçin birnäçe ýyllap türmelerde we sürgünde bolan ýazyjy Aleksandr Solženysine berende, sowet hökümeti ýene "etmişli ýazyjynyñ" baýragy almaga gitmegine rugsat bermändi. 1974-nji ýulda Stokgolma gitmegine rugsat berilen Solženysin sowet raýatlygyndan çykarylandygy üçin çykyş edip bolansoñ ABŞ-na uçmaly bolupdy... Çeper edebiýatda eden işlerinden ötri 1972-nji ýylda sowet raýatlygyndan çykarylyp, Awtsriýa kowlan Iosif Brodskiý bolsa az wagtdan soñ ABŞ-na göçüpdi ww 1987-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolupdy. Sowet hökümetiniñ akla-huşa sygmajak basyşlary netijesinde Nobel baýragyndan ýüz öwürmäge mejbur edilen Boris Pasternak bolsa 1960-njy ýylyñ 30-njy maýyndan öýken düwnügi zerarly aradan çykdy. 1958-nji ýylda mynasyp bolan Nobel baýragy 1989-njy ýylda ýazyjynyñ maşgalasyna berildi. Ýagny Nikita Hruşýowyñ "ýumşama we maýlama" syýasatynyñ dilujy güýje girmeginiñ üstünden dört ýyl geçensoñ Stalini küýsetmejek derejede basyş metodlarynyñ amala aşyrylmagy netijesinde. 2015-nji ýylda Nobel baýragyny apan Swetlana Aleksiýewiç bolsa SSSR-de doglandygyna garamazdan, eýýäm Belorussiýanyñ raýatydy. Diktator Aleksandr Lukaşenka garşy berk garşy çykan ýagdaýynda Aleksiýewiñem Belorussiýadan çykaryljak günleriniñ daşda däldigini bilip goýaýyñ... Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 20.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |