21:16 Žan-Pol Sartr: Hemişe resmi ýagdaýda tapawutlanmakdan ýüz öwürdim | |
ŽAN-POL SARTR: HEMIŞE RESMI ÝAGDAÝDA TAPAWUTLANMAKDAN ÝÜZ ÖWÜRDIM
Edebi makalalar
Žan-Pol Sartr özüne berlen 1964-nji ýylyñ edebiýat boýunça Nobel baýragyndan ýüz öwrüpdi / Fotosurat: Dominique Berretty-Gamma-Rapho Aslynda Žan-Pol Sartr edebiýat ugrunda mynasyp görlen 1964-nji ýylyñ Nobel baýragyndan ýüz öwürmeginiñ sebäbini şondan on dokuz ýyl öñ, ýagny 1945-nji ýylda ýazan makalasynda açyk-aýdyñ görkezipdi. Şonuñ üçin Sartryñ ýoldaşlary onuñ Nobel baýragyndan ýüz öwürmegine geñ galmandy: "Biz bolsa doly tersine, oýundan gaçyp bolmaýandygyna ynanýarys. Dilsiz bolsak, daş-damana ýaly sessiz dursagam, bu gymyldy-hereketsizligimiz ýene-de bir hereket etdigimizi añladardy... Şonsuzam diñe ýaşap ýörenligimiz, barlygymyz bilenem döwrümize täsirimizi ýetirýäris. Onda bu täsiri bilnikli we özümiz isläp ýetirmeli-dä... Ýazyjynyñ öz güýjüniñ we ukybynyñ mümkinçilik berýän möçberinde geljegi taýýarlamak gaýgysy bilen hereket etmegi seýrek gabat gelinýän ýagdaý däl. Emma näbelli, bulaşyk, düşünjeleýin geljek bar welin, bütin adamzady gyzyklandyrýar we ol hakda-da kän zat bilýändiris öýdemok". (Özdemir Inje "Näme etmeli", "Cumhuriyet" gazeti, 19.04.2019 ý). Prinsip, oñurga, ýürek, pozisiýa... sözleriniñ ýerine näme goýsañyz goýuñ. Žan-Pol Sartr hakyky ýazyjydan şony isleýärdi we käbirleri muny dogry, käbirleri nädogry hasaplap biler. XX asyryñ progressiw akymlarynyñ öñdebaryjylaryndan biri Nobel baýragyndan gös-göni ýüz öwürmek bilen, prinsipine ygrarlydygyny ýallakçylaryñ, burunlaryny goñur reñke boýamagy özüne dereje bilýänleriñ, galamyny ulanyp özüni satlyga çykaranlaryñ bäbenegine bazyrdadyp sokýardy. Hem bu tötänlikmi näme, Žan-Pol Sartrdsn tegelek 101 ýyl öñ şol ýurduñ manifestini azerbaýjanly dramaturg, ýazyjy, filosof, tankytçy Mirza Fethaly Ahundzada jar edipdi. Ol Stambula gelende diñe türkleriñ däl, tutuş Musulman Gündogarynyñ yzagalaklykdan halas bolmagy üçin sadrazam Keçejizada Mehmet Fuat paşanyñ dykgatyna ýetiren radikal teklipleri yzyna gaýtarylanda, işleýän ýeri Tiflise gelip, egindeşlerine we kärdeşlerine şu sözleri ýazypdy: "Osmanly ministrleri jemgyýetiñ pikirini edenok, özleriniñ pikirini edýär. Ömrümiñ ahyryna çenli şolara garşy göreşerin!" Jemgyýetçilik wakalaryndan bir gyra çekilen ýazyjy-şahyrlaryñ Ahundzadanyñ gözünde bäş şaýylyk gymmatynyñ bolmazlygy diñe Azerbaýjan üçin däl, Musulman Gündogary üçin hemmetaraplaýyn prinsip döreden bolsa, şondan kyrk ýyl soñ Mirza Ali Ekber Sabir bu prinsipi şeýle setirler bilen berkidipdi: Pula çokunýan şahyryñ bu gahbalygy Soñy bibat bolan eda däl-de, nämedir? Şu ýerde şahyr sözüniñ ýerine ikirjiñlenmän ýazyjy, suratkeş, kompozitor, aýdymçy, hatda žurnalist diýibem ýazyp bileris. Mundan 500 ýyl çemesi öñ "Salam berdim, para däl diýip almadylar" sözleri bilen Gündogarda rewolýusion öwrülişigi eden Muhammet Fuzulyny Ahundzadanyñ, Sabiriñ, Sartryñ atasy saýsak dogry bolmazmy eýse? Sartrdan kän öñ Nazym Hikmetiñ Ýakup Kadrä ýazan şu bentleri şol bir wagtyñ özünde özüni satlyga çykaran žurnalistsumak taýpasynyñ (mysal üçin Mirşahinleriñ, Rauflaryñ) ýüzüne malçyldadyp urlan gakylyk däl-de näme: Päheý, ýüzigara Ruhuñy hebeşi ýesir kimin çykardyñ bazara Küntihana öwrüpsiñ-ä kelläñ içini Penjeginiñ jübüsinden ogurlap ölüleriñ puluny Satyn aldyñ özüñe Şweýsar daglarynyñ howasyny! Baýrakdan ýüz öwrüp ýazan beýanatynda Žan-Pol Sartr Nobel baýragynyñ nämüçin ýazyhy Migel Angel Asturiasa (Gwatemala) we şahyr Pablo Neruda berilmändigini soramak bilen, Lui Aragonyñ näme sebäpden baýraga hödürlenmändigine gynanýar. Ýagny ol bir ýandan özüne berilen baýrakdan ýüz öwürýär, beýleki bir ýandanam çepçi pozisiýadaky ýazyjylara üns berilmeýändigini tankyt edipdir. Sartryñ bu beýanatyndan soñ Asturiasdyr Neruda hem Nobel baýragyna mynasyp boldy. Biz indi muña Sartryñ prinsipsizligi hökmünde baha berip bilerismi? Hiç haçan! Çünki Sartr baýragy öz adyndan we sebäplerini örän açyk-aýdyñ görnüşde orta atyp yzyna gaýtarypdy. Emma bu ýagdaý Sartryñ Nobel baýragynyñ doly ýatyrylmagyny isländigini añlatmaýar. Hem Nobel baýragyndan ýüz öwürmedik ýazyjylar Sartryñ gözünde ideaolaryna hyýanat eden adamlar däldi. Diñe indiwidual nägileligini bildiren Žan-Pol Sartr uly möçberli pul üçin adynyñ zaýalanmagyny islemändigi sebäpleri şeýdipdi. Nobel baýragyndan ýüz öwürmeginden dört ýyl soñ Fransiýadaky azatlykçy hereketleriñ öñüne düşen Sartry howpsuzlyk güýçleri tussag etjek bolanda, prezident De Goll "Sartr Fransiýadyr" diýip, munuñ öñüni alypdyr we kän wagt geçmänkä-de, wezipesinden el çekip obasyna gidipdi. Eýse biziñ günlerimizde akyldar ýazyjy Žan-Pol Sartr has hormatlanýan şahsyýetmi ýa syýasatçy Şarl de Gollmy diýip soralanda näme jogap berilýär? 94 ýaşan azerbaýjanly şahyr Neriman Hasanzada bir aýagynyñ gördedigine garamazdan şindizem prezident Ilham Aliýewi öwmek üçin has ýagly, sabynly, şampunly sözleri gözläp ýörjek bolsa, Žan-Pol Sartr Fransiýa bolmagynda galar elbetde! • Žan-Pol Sartr Nobel baýragyndan nämüçin ýüz öwürdi? Žan-Pol Sartr 1964-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Parižde şwesiýaly žurnalistlere beren "Baýrakdan nämüçin ýüz öwürdim?" atly beýanatynda şeýle diýýär: "Munuñ yzynyñ galmagala ýazandygyna gynanýaryn: baýragyñ berilendigi mälim edilenden soñ ondan ýüz öwrülýär. Sebäbi muña taýýarlyk görülýändigi barada meniñ öñünden habarly edilmänligim. 15-nji oktýabrda "Figaro Littéraire" gazetiniñ Stolgolmdan geçen habarynda Şwed akademiýasynyñ meniñ kandidaturamy oñlamaga meýillidigini, ýöne soñky saýlap-seçişiñ bolmandygyny okanymdan soñ ertesi gün akademiýanyñ ýolbaşçylaryna hat ýazdym. Men ýagdaýy gaýdyp şu meselä dolanyp gelmez ýaly üýtgedip bilerin öýdüpdim. Şol wagt men Nobel baýragynyñ ony geljekde almaly adamyñ pikirine sala salmazdan berilýändigini bilemokdym we munuñ öñüni alaryn öýdüp pikir edýärdim. Emma men Şwed akademiýasynyñ karar kabul etmeginden soñ indi ondan yza ädim ätmejegini gowy bilýärin. Akademiýa ugradan hatymda men baýrakdan el çekmegimiñ Şwed akademiyasy bilenem, Nobel baýragy bilen dahylly ýeriniñ ýokdugyny düşündiripdim. Bu hatda men iki dürli sebäbiñ bardygyny ýatladypdym: şahsy we obýektiw sebäpler". • Şahsy sebäpler "Baýrakdan ýüz öwürmegim öñünden oýlanylyp-ölçerilip edilen hereket däl. Çünki men elmydama resmi ýagdaýda tapawutlanmak nyşanlaryndan ýüz öwrüp gelen adam. Ikinji jahan urşundan soñ 1945-nji ýylda maña "Legion d'Honneur" medalyny teklil edenlerinde, hökümetde ýakyn dostlarymyñ bardygyna garamazdan medaldan ýüz öwrüpdim. Birnäçe dostumyñ maslahat berendigine garamazdan men "France" kolležinde-de hiç haçan çykyş edesim gelmedi. Bu pozisiýamyñ añyrsynda meniñ ýazyjykyk zähmetime degişli pikir-düşünjelerim ýatyr. Syýasy, sosial, medeni ugurda pozisiýasy bolan ýazyjy diñe özüne mahsus serişdeleriñ üstünden hereket etmeli. Ýagny trafaretden çykan (erkin) söz bilen. Berilme ähtimallygy bolan tapawutlylyk alamatlary ýazyjynyñ okyjylaryny meni ymtylmasyz hasaplaýan basyşymyñ astyna salýar. Ýönekeý Žan-Pol Sartr at-familiýasy bilen "Nobel baýragynyñ eýesi Žan-Pol Sartr" at-familiýasynyñ arasynda tapawut bar. Şular ýaly tapawutlandyrylmagy makullaýan ýazyjy şol bir wagtyñ özünde özüni tapawutlandyran jemgyýeti we guramany-da munuñ bilen baglanyşdyryp goýýar. Emma Nobel baýragynyñ eýesi Žan-Pol Sartr Wenesuela watan goragynyñ arkasynda durmaga synanyşmak bilen öz yzyna Nobel baýragyny berýän guramany-da tirkeýär. Şu mysalda görnüşi ýaly, hatda iñ mertebeli formalara öwrüläýende-de, ýazyjy özüni edara-guramalara bermeli däl. Meniñ şahsy pozisiýamyñ indi bu baýraga mynasyp bolanlatyñ at-abraýyna tankydy nazar bilen seretmeýändigi aýdyñdyr. Tanama bagty miýesser bolan birnäçe laureata çuññur hormatymyñ bardygyny aýdasym gelýär". • Obýektiw sebäpler "Häzir medeniýet frontundaky mümkin ýeke-täk göreş ýoly iki medeniýetiñ - Gündogar we Günbatar - parahatçylyk şertinde ýaşamak ugrundaky göreşdir. Men munuñ bilen medeniýetleriñ doganlaşmalydygyny aýtjak bolamok. Men bu iki medeniýetiñ garşy çykmagynhñ çaknyşyga öwrülmeginiñ gutulgysyzdygyna gowy düşünýärin. Emma bu garşy çykmagyñ edara-guramalar goşulmazdan adamlaryñ we medeniýetleriñ arastnda bolup geçmegi gerek. Men şahsy taýdan alanda bu iki medeniýetiñ arasyndaky çaprazlygy düýpden duýýaryn: meniñ özüm şeýle çaprazlyklaryñ miwesi. Meniñ simpatiýam gutulgysyz ýagdaýda sosializme we dogrusyny aýtmaly bolsa Gündogar blogyna ýakyn. Ýöne men buržuaz maşgalasynda doguldym we terbiýe aldym. Bu ýagdaý maña iki medeniýetiñ ýakynlaşmagyny isleýän islendik kişi bilen hyzmatdaşlyk etme mümkinçiligini berýär. Ýöne tebigy ýagdaýda men "iñ gowynyñ", ýagny sosializmiñ üstün çykjagyna ynanýaryn. Şonuñ üçin kanunydyklaryny bilýändigime garamazdan gündogarly we günbatarly medeni guramalaryñ baýragyny alasym gelmeýär. Ähli simpatiýamyñ sosializmiñ ýanyndadygyna garamazdan, men bardy-geldi hödürläýselerem, mysal üçin men edil şular ýaly edip, Lenin baýragyndanam ýüz öwrüp bilerdim. Men Nobel baýragynyñ özeninde Günbatar blogynyñ baýragy däldigini gowy bilýärin, ýöne baýragy Şwed akademiýasynyñ kontrolyndan çykjak hadysalaryñ bolup biläýjek ýagdaýyna getiripdirler. Ynha, şol sebäpli-de biziñ günlerimiziñ şertinde Nobel baýragy özeninde günbatarly ýazyjylar ýa-da Gündogaryñ "günälileri" üçin teklip edilýän baýrak manysyny añladýar. Mysal üçin, Günorta Amerikanyñ ajaýyp şahyrlaryndan Pablo Neruda baýraga hödürlenmändir. Bu baýraga doly mynasypdygyna garamazdan Lui Aragony hödürlemek hiç kimiñ kellesine gelmändir. Nobel baýragynyñ Şolohowa däl-de, Pasternaga berilmegi we baýragyñ berpen ýeke-täk sowet eseriniñ daşary ýurtlarda çap edilmegi we ýazyjynyñ öz ýurdunda gadagan edilmegi-de gynandyrýar. Sazlaşygy ekwiwalent hem bolsa garşylyklaýyn manyda žest bilen täzeden gurup bolýar. Alžir urşy döwründe men we beýleki ýazyjylar "121-ler manifestine" gol çekenimizde, bu baýragy minnetdarlyk duýgusy bilen kabul edip bilerdim. Çünki bu ýagdaýda diñe men baýraga mynasyp görülmän, eýsem ugrunda göreşen azatlyk işimiz baýraga mynasyp boljakdy. Ýöne bu bolmady we uruş gutarandan soñ maña baýrak berildi". • Azatlyk we pul "Şwed akademiyasy kararynyñ tutarygynda söz azatlygynyñ üstünde durlup geçilýär: bu sözüñ birnäçe manysy bar. Men barada aýdanda bolsa, men azatlyga konkret manyda düşünýärin - bir jübüt aýakgapdan has köp hak-hukuga eýe we işdäñe görä iýmek. Men baýrakdan ýüz öwürmegiñ howpunyñ ony kabul etmekden has az boljakdygyna ynanýaryn. (Baýragy) kabul etmegimi men "zyýanyñ obýektiw formada öwezini doldurmak" görnüşindäki ýagdaý hökmünde düşündirerdim. Men "Figaro Littéraire" gazetinde jedelli syýasy geçmişimi boýnuma günä ýüklemejegini" okadym. Men bu makalanyñ Akademiýanyñ pikir-düşünjesini añlatmaýandygyny bilýärin. Ýöne bu makala bir bölek sag gatlakda razylygymyñ nähili teswirlenjekdigini aç-açan orta goýýar. Geçmişde goýberen birnäçe ýalñyşlygymy öz ýoldaşlarymyñ arasynda boýun almaga taýýardygyma garamazdan men bu "jedelli syýasy geçmiş" meselesiniñ şindizem güýjüni ýitirmändigine ynanýaryn. Şol sanda men Nobel baýragyna "buržuaziýanyñ baýragy" diýjek bolamok. Ýöne meniñ gowy tanaýan gatlaklaryñ şeýle görnüşde "buržuaz düşündirişini" bermeginden gaçyp bilmezdim. Ahyrynda pully ýerini agzamaly bolýaryn: umumy at-abraýa uly möçberde pul hasabyny goşýan Şwed akademiýasy baýragyñ eýesiniñ eginperine agyr ýük urýat. Nu mesele maña azap berýärdi. Ýa baýragy alyp berilen puluñ möçberini tutumly işleri alyp barýan hereketleri we guramalary goldamalydym. Özüm-ä jynsaparazlyga garşy London Komitetini pikir edipdim. Ýa-da umumy prinsiplerden ötri baýrakdan ýüz öwrüp pula mätäçlik duýýan bu hereketi maddy goldawdan binesip goýmak. Ýöne men munun galp çykalga boljagyny pikir edýärin. Herniçik-de bolsa men 250 müñ frankdan gaça duranymy kem göremok, çünki resmi ýagdaýda Gündogara-da, Günbatar blogyna-da ýakyn bolup galasym gelýär. Emma munuñ ýany bilen 250 müñ kron üçin diñe meniñ däl, ýoldaşlarymyñam bilelikde öñe süren prinsiplerinden el çekmegi isläp bilmezler. Bularyñ barsy hem-ä baýraga mynasyp bolmagymy, hemem ondan ýüz öwürmek bilen jogap bermäge mejbur bolandygymyñ ýagdaýy meniñ üçin kyn pursatlary döretdi. Men şwed jemgyýetçiligine mähirli duýgularymy bildirmek bilen sözümi soñlasym gelýär". # Žan-Pol Sartr "Nämüçin baýrakdan ýüz öwürdim?" Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 03.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |