13:09 Jynsy lukmançylyk -15 / soñy | |
• Güýçlendirijiniň ýasalyş usuly: Şeker 10gr, Ýumurtga sarysy 1 sany, Süt 50 gr. Ilki bilen süýdi gabyň içine guýup gaýnadylýar. Ýumurtgaň sarysyny bulap gaýnap duran süýdiň üstüne az-azdan guýulýar. Ýagşy sowanyndan soň şekeriň üstüne guýulyp içilse bedeni biçak güýçlendirer. ______________________________________ Annaby – ýapraklary kiçiräk öwüşgünli görksiz daragt gülleri owunjak sary reňkli boýy 4-6 metre çenli ösýär. Onuň miwesiniň tagamy biraz süýjümtik bolup şänikli bolýar. Agy agajy – gyzgylt ýa-da ak gülli insiz ýaprakly elmydama gök gyrymsy günorta ösümligi. Anbussagleb – gara it üzümi. Basbas – bisbasa – raziýanada diýilýär. 1) Onuň ýapraklary derek agajyna meňzäp gülleri ak ýasemin ýaly hoşboý ysly ösümlik. 2) kaşa. Burany – tüwi, gatyk, ysmanak we gök önümli nahar. Bezersoum – sarymsak tohumy. Balsam – balzam. Ban murtafig – beýik agaç bolup günorta - gündogar we Afrikanyň demirgazygynda ýetişýär. Gülleri sary ýa-da ak bolýar. Ihtikan – ganyň ýöremegi bir ýere birikmegi şpris bilen suw almak. Batarsalýun – ösümlik. Ban (Maringa - želtofoil) – 1) Aziýanyň tropiki yklymlarynda we Afrikanyň demirgazygynda ýetişýän ýapraklary guşuň guýruk ýelegine meňzeş içinde damarlary geçen gülleri salkym görnüşde miwesinden yssyz ýag alynýan agaç. 2) Söwüt. Bakla – ýaşyl çybykly iri däneli ösümlik. Basur – babasil – ýogyn içegede we ýanbaş büzmegiň töwereginde gara gan damarlarynyň çişmeginde we käwagt sujarmagynda ýanbaş büzmeginiň içinde we daşynda owunjak dürtükleriň döremegi bilen büzmekden gan we iriň geler. Günllik – likwidamber. Şireli ambra agajy. Dehnihurug – çakçagunduz. Darfülfül – gündogar Hindistan adalarynda ýetişýän ýabany ösümlik bolup çyrmyşyk şahalydyr. Müwesi 6 sm-den 7mm aralygynda konus görnüşli (konus aşagy ýaýbaň bolup ýokaryk inçelip gitmek) garamtyl reňkli ýiti işdäaçardyr. Demmulehweýn - Orta Amerikada ýetişýän gyzyl ýaprakly bolup agajyndan we miwesinden gyzyl reňkli sakgyç ýasalýar. Jyrjyr – noýbalar maşgalasyndan däneli ösümlik. Jyrjyr – noýbalar maşgalasyndan bolan däneli ösümlik. Jewzibewwa – ananas. Zambak – liliýa – 90-100 sm beýikliginde owadan iri gülleri bolan köp ýyllyk ösümlik. Zeýt – zeýtun ýagy. Zernih – zernik – sary zenjebil. Zagpyran – ysly sary agaç. Ihtikan – ganyň bir ýere toplanmagy. Istiwan – ýumurtga. Kakula – zenjebil maşgalasyndan bolup yssy ýurtlada ýetişýän hoş boý ysly ösümlik bolup tohumy ulanylýar. Kasny – uçlary ýiti bolup 50sm – den 1m-re çenli ösýär gülleri ak gök reňkli bolýar. Kafur – uzak gündogarda ýetişýän lukmançylykda ulanylýan aňsatlyk bilen döwülýän güýçli ösümlik. Kantran – wasilýok – daşkekre. Kesir – ak geben – göwen 1) Böwürsleme meňzeş köp we inçe şahaly agaç. 2) Daglyk ýerlerde ýetişýän, sakgyç ösümligi alynýar. Küzeden ýetişdirilen uzyn çybykly inçe we kiçi ýaprakly ösümlik. Karabil – Owganystanyň günortasynda ýetişýän derman ýasalýan ösümlik. Kabeli – gara halila. Kemmun – tmin. Kalýe – gowurlan et bölegi. Kendus – ak çemerissa – kondoş - ujy ýiti ýaprakly gülleri süwse görnüşli zäherli ösümlik. Lagbe – käbir ýerlerde ýetişýän Surunjan maşgalasyndan bolan ösümlik. Merzenjoş – narpyz käkilik oty lawanda oty ýaly hoşboý isly bitişik ýaprakly ot. Makalýahudy – musaýylaryň oýlap tapan hoşboý ysly şiresi. Mersin oty – mirt ak gülli gyrymsy ösümlik. Müşk – müşk – Aziýanyň beýik daglarynda ýaşaýan keýik goçunyň garny bilen hamynyň aralygynda ýerleşýän bardadan alynýan ýakymly ys. Nilufer – zambak - liliýa – 90-100 sm beýiliginde owadan we iri gülleri bolan köp ýyllyk ösümlik. Narsis – nerkes. Narsis – nerkes ak gülli dekoratiw ösümlik. Serdalu – erik. Sakankur – Afrika Ýewropa we Aziýada ýaşaýan uzynlygy 25sm ýetýän garny ak zemzen. Sezab – sedef oty – porsyja. Suw teresi (Nasturium officiale) – turplar maşgalasyndan bolup suwuň gyrasynda ýetişýär. Kirsalat ösümligine meňzeş köp ýyllyk otjumak ösümlik. Pahek – ajy zeýtun. Pembe – pagta. Tebabil – narpyz, burç, dalçyn, karanpyl ýaly nahara goşulýan ot – çöplerdendir. Hubbul sanuber – ýapraklary lukmançylykda ulanylýar. Agaç tomsuna gyşyna ýaşyl bolup durýar. Boýy 30-40 m çenli ösýär. Hardal (Brassica nigra) - garçissa – turp maşgalasyndan 100 – 150sm beýikliginde sary gülleri bolup endama degende awuşadýan tohumy lukmançylykda ulanylýan tagamy ajy bir ýyllyk ösümlik. Hums – turşy we kekre ýaly bolmaklyk. Helýun – guş gonmaz – zambak - liliýa maşgalasyndan bolup uçdaky şahalary ýaprak gönüşinde bolup ýeriň aşagynda biten täze kökleri iýilýän ösümlik. Hardal – içdä açar. Hulunjan – galgan. Hajybekdaş duzy – kwars duzy. Hubbetul huzra – sedene we menewşe sakgyçlyk agajynyň imişi. Hatmi – onuň tohumyny lukmançylykda ulanylýar. Bu ösümligiň baldagy uzyn ýapraklary aşak gül görnüşinde ösýän ösümlikdir Eýranda ösdürülip ýetişdirilýär. Hubbetul huzra – sedene we menewşe agajynyň miwesi. Harmal – ýüzärlik. Farfiýun – yssy we sowuk däl ýerlerde ýetişip ösümligi döweniňde ak süýt çykýar. Bedeniňe çalanyňda awuşadýar. Fitil – hurma agajynyň gabygyndan ýasalýan derman pelte. Fenjegeşt – bäş barmak ösümligi. Raftdan – çala bişen ýumurtga. Çörek oty – künjiň bir görnüşi. Çam pystyk (fistaşka) – kedir hozy – sosna maşgalasyndan pürli agaç. Şakakyl – meýdan käşiri.Şaf - klizma Şap –1) şire, şebbik. 2) Zäk. Şetrej – boýy 30sm – dan 1m 2sm – re çenli ösýär. Bu ösümligiň aýry – aýry ballaklary bolup şahalary çyrmaşyk ösýär. Bu ösümlik Ýewropanyň Eýranyň, kiçi Aziýanyň käbir ülkelerinde we demirgazyk Afrikada ýetişýär. Bu ösümligiň ýapraklary uly we uçly bolýar. Olar ýygrylanlygy sebäpli, görnüşi kiçi bolýar. Onuň şahalarynda menewşe reňk bolýar. Şaf – klizma. Şebbewi – turplar maşgalasyndan ýakymly ysly inçe ýaprakly dürli reňklerde gülleri bolan köp ýyllyk ot jumak bezeg ösümligi. Şakakyl – teke sakgaly diýip atlandyrlýar. Bu ösümligiň ak reňkli köki bolup iýilýär. Ysyrgan oty – krapiwa. Enginar – çogdym gülli aşak tarpy ýognas ot çumak ösümlik Ebuljehil garpyzy – kädiler maşgalasyndan bolup alma ululygynda içi sürýän ösümlikler. Oňa ajy hyýar, ajy alma, it hyýary hem diýilýär. Udul kakr – Hindistanda ýetişýän aloe meňzeş agaç bolup ýakaňda ajaýyp ys çykýar. Susam – 1) Künji. 2) Sowsan. Ladan – dini dessurlar geçirlen wagtynda ýakylýan ýakymly ysly şepbeşik jisim. Zeýt – zeýtun ýagy. Akhardal – sarymtyl gülli ýaprakly turpa meňzeş ýöne ondan kiçiräk onuň dänelerinden sirke ýa – da suw garyp hamyr edip ýapgy edilýär. Şol ösümligiň tohumyndan ajy huruş (garçissa) taýýarlanýar. Zenjebil (Imbir) – Hindistandan getirilýän ýakymly ysly ösümlik. Ud – alaý agajy kalambok. Inzurut – tagamy ajy, tikenli agaçdan ýasalýar. Katran – (smola) gara ýag. Mesteki – ösümlik. Sudan agyr bolup, tohumy ulurak açyk sary reňkli we öwüşgünlidir. Onuň ysy we tagamy ýakymly bolup, 108 gradusda ereýär. Ony çeýneseň diliň aşagyny ýymşadýar we onuň birnäçe görnüşi bolýar. Çam – arça. Zar – (Kuporus) – demir kuporus mis kuporus. Gyzyl boýag – çöpboýa onuň kökünden sary reňkler alynýar. Sabr – Aloe. Kaseni – bu ösümlige kaşeni hem diýilýär. Boýy 50sm 1metre bolýar. Ol goňur reňkli ösümlik bolup şahalary çyrmaşyk bolýar. Medisinada gyzgynlyga (temperatura) garşy ulanylýar. Esasanda Ýewropada we Aziýa ýurtlarynda ýetişýär. Keşenj – ýada kesenj. Bu ösümlige Lazuryt güli hem diýilýär. Jyrjyr – noýbalar maşgalasynda däneli ösümlik. Ýylan ýassygy – 1) Suwlu çygly ýerlerde ýetişýän köküniň ujunda süýt görnüşinde awuşadýan we ajy suwy bolan züherli ösümlik. 2) Ýylan gowy. Aga sogany – zambak maşgalasyndan bolup derman hökmünde peýdalanýan birnäçe maddalardan ybarat köp ýyllyk ösümlik. Basbaýij (basbaýik - mnogonožki) – 1) Köp aýakly möjejik. 2) köp ýyllyk kokoratnik ösümligi. Zamk – akassiýa. (owunjak ýaprakly salkym görnüşinde ak gülli agaç) kitre, sewudek ýaly käbir agaçlaryň ýapraklaryndan akyp doňýan reňksiz ýa – da sary gyzylymtylyrak reňkde amorf maddasydyr erginini ýelim hökmünde ulanylaýr. Syçan oty – ýorunja meňzeş otjumak ösümlik. Mamiran – mermiran – göknar maşgalasyndan bolup boýy 30 – 80 sm töwereginde bolýar. Diwar we harawalykda ýetişýär. Ýapraklary çyzylsa içinden gülgüne reňkli ýiti we ajy madda çykýar. Düzüminde alkogoliki bolup irki döwürlerde rak keseliniň öňüni almak üçin ulanylýan eken. Çülnar – jülnar – naryň güli. Megas – köki lukmançylykda ulanylýar. Neşa – krahmal. Enzut – enzrut sarhakolin tagamy ajy tikenli agaçdan alynýar. Burçak – bakla maşgalasyndan bolup haýwanlara iýmit hökmünde ulanylýar. Muhalleb – tüwi ununyndan taýarlanýan şekerli bulamak. Surunjan – (bezwremennik). Kust – zenjebil maşgalasyndan bolup, 15 görnüşi bar. Ýapraklary galyň gülleri çibagynyň içinden çykyp reňki ak bolup ysy owadan bolup tebibçilikde zäheriň garşysyna ulanylýar. Mustaki – sakgyç agajyndan alynýan madda. Bir dirhem – 3, 2075 (3gr, 2075mg). Şap – kwasy himiki madda. Merdesenk – 1) Mejemegiň bir görnüşi. 2) Däneli ösümliklerden bolup noýba meňzeş ýöne azyrak kiçiräk. Kuşka – zapram we sandaly owradyp ýasalýar. Sandal – ýakymly ysly ösümlik bolup miwesi suwly bolýar. Okara agajyndan mebel ýasalýar. Baldyran – baldyrgan. Zebdul bahr – deňiz pekasy, oda çydamly içi öýjük-öýjük ýeňiljek miniral. Kakula – kakkla. Zenjebiller maşgalasyndan yssy ýurtlarda ýetişýän hoşboý ysly ösümlik, we onuň nahara atylýan ösümlikler ýaly ulanylýan tohumy „kardamon” Kuzbiret – kişniş – koriýandyr – tohumlarynda efir ýaglaryny aklanýan bir ýyllyk ösümlik. Udul kahr - aloe meňzeş Hindistanda ýetişýän ýakaňda ýakymly ys çykýar. Husnilýusuf - badamjan maşgalasyndan 100-150sm beýikliginde ontropin diýip atlandyrylýan zäherli derman ýasalýan porsy ysly köp ýyllyk otjumak ösümlik. Hamyra- şerabyň maýasy. Lagbe – goýy gant siroby. Hatmi – alteý malywa maşgalasyna degişli bir ösümlik bolup 12 dürli görnüşi bar. Ony lukmançylykda we weterinariýada ulanylýar. Ýewraziýada ýetişýär. Ansun – hoşboý ysly ösümlik bolup 50sm çenli ösýär owunjak miweleri bolýar. Bork – selitra (kaliý, natriýa, amonny, bariý we, ş m.) azot turşy duzlarynyň ady. Zenjefre – 1) Demire gaýnadylanda suwuň ýüzüne çykýan hapa köpük. 2) Demir poslamazlygy üçin zenjefra boýagy çalynýar. Zufa – çölde ýetişýär baldagy dört burçly bolýar. Suwda gaýnadylyp içilýär. Şeýle hem gakylygy aýyrmak üçin derman ýasalýar. Hamama – wolowik lekarstwenniý – öküz dili. Ysyrgan oty – krapiwa. Şehdaniç – kendir – kenep. Ban – söwüt. Serhes – ajy inçelip gidýän ösümlik. Irsa – ak liliýa – sowsan. Basbaýij – besbask - polipode. Ýapraklary göni bir şahada bitýän bir ýyllyk ösümlik. Eýranyň Mezardaran, Gürgen, Giýlanda ýetişýär. Mazu – serbi agajy maşgalasyndan bolup agajyň töňňesi göni we töňňäniň dübünde başlap şahalary bolan bezeg agajy. Munuň gozasyny tabak ýerine ulanylýar. Sagt – ballagy we ýapragy nejilýat otlaryna meňzeýär. Onuň bir görnüşini sogan ýaly iýilýär. Syt – syperus – köp ýyllyk ösümlikleriň maşgalasynda bolup örän seýrek bir-iki ýyllyk otlar maşgalasyndan hasaplanýan 300 – den gowyrak görnüşi bolup, öňki SSSR ýurtlarynda 14 görnüşi ýetişip käbirleri tüwi we pagta meýdanlaryndan haşal ot hökmünde gabat gelýär. Çawşir –(Opopanah chironium) petruşka maşgalasyndan bolup lukmançylykda uklanylýar. Kyrat – karat – gymmat bahaly çekilýän ölçeg. 1 karat, 2 grama deň. Bozidan – tilki ýumurtgasy, semzek oty ýa-da goç oty diýip atlandyrylýan derman hökmünde ulanylýan otjumak ösümlik. Bugrylja – gapdaly fasola meňzeş ösümlik. Gudrat halwasy - dürli ösümlikleriň suwuny guradyp alynýan melhem bolup, lukmançylykda iç sürdürmek üçin ulanylyar. Soñy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |