23:28 Jynsy lukmançylyk -7 | |
Ýigrimi bäşinji bap
Medisina
Bu bapda jynsy gatnaşygyň täsirini has-da artdyryp küýsedýän däri-dermanlar beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, bu bapda gürrüň berjek dermanlarymyzdan peýdalanyp jynsy gatnaşykda bolsa iki tarapyň hem alýan lezzeti bir esse artar, tarypyny etmek mümkin däldir. Emma alan tejribämize görä beýan edeliň. Dermanlaryň ýasalşy; ananas, burç, akyr karha, zenjebil sümmül, müşk, galgan bularyň her haýsyndan bir mysgal alyp owradylar. Onsoň zenjebil meýdan käşir mürebbesini bal bilen garyp jynsy gatnaşykda bolnan wagty ujyda çalynsa örän ýakymly lezzeti bolar. Başaga bir derman bolsa, jynsy islegi güýçlendirip lezzet berýär. Onuň ýasalşy; zenjebil, akyrkarha, dalçyn bularyň hemmesinden deň mukdarda alyp owradylýar. Olary täze ukrop suwy bilen ýoguryp tenekar (tabletka) ýasalýar. Onsoň ol tenekarlary kölegede guradyp, birini zambak ýagy bilen garyp ujyda çalynýar. Şeýdilen ýagdaýynda aýal hem örän güýçli lezzet alar. Akyr karha, kundus, harhaldan bularyň herbirinden deň mukdarda alyp owradylar. Ony ujyda çalyp jynsy gatnaşykda bolunsa, ajaýyp duýgylary oýarar. Mundan başga-da, biraz zenjebil owradyp zambak ýaly bilen garyp, ujyda çalyp jynsy gatnaşyk bolunsa, iki tarapa hem çaksyz lezzet berer we duýgylaryny güýçlendirer. Umuman aýdylanda bu dermanlardan peýdalanyp jynsy gatnaşykda bolunsa aýal hem has güýçli keýp alar. Belli bir wagtlap jynsy gatnaşykdan uzakda durmak üçin dermanyň Ýasalyş usuly; Makal ýahudy ýanan şap, şeýh ermeni mersaky, gowrulan ukrop, ýakylan sary zenjebil, ýakylan doňuz süňki, eger beýlekilerden iri bolsa sokudaşynda gowy edip döwüp ukrop suwy bilen nohut ulylygynda tenekar (tabletka) ýasap ujyda çalynar. Derman guranda ujyt galar, soň jynsy gatnaşykda bolnar, munuň tarypyny etmeklik örän kyndyr. Munuň keýpi tejribede geçirilendir. ■ Ýigrimi altynjy bap Bu bapda ujydyň galmagyna ýardam berýän dermanlar beýan edilýär. Käwagtlar jynsy islegi artdyrmakçy bolnanda säwlik bilen çaga galan ýagdaýynda ozal şol ýagdaýa uçranlardan we şonuň bilen gyzyklanýan adamlaryň ulanýan dermanlaryndan peýdalanmaly. Zürýatlyk hasratyny çekýänler. Bu dermanlary ulanyp arzuwlaryna etýärler. Mälim bolşy ýaly, hamylalyk üçin ulanylýan dermanlaryň aýallaryň aýbaşy ganynyň gelmeýän wagtynda ýagny, arassa wagtynda peýdalanmalydyrlar. Jynsy gatnaşykda aýalyň näzik bedenini gujaklap, ogşap, islegi güýjände özüne rahat tarapdan ýaryna golaýlaşyp gujagyna girip aýalyň jynsy agzasyna ujydy sürtmeli, emma ujydy içine salmaly däl. Haçan-da aýalyň gözleri süzülip herekedi gowşar. Aýalyň jynsy agzasynyň içine ujydy sokmagy küýsäniňde aýalyň bilinden tutup, aýaklaryny açyp, kellesini başaşak sallap şol ýagdaýdaka ujydy aýalyň jynsy agzasyna salyp döli döküler. Bu usulda gatnaşykda bolnanda aýal hökman hamyla galar. Has ýerliklisi erkek dölüni dökjekdigini aňanda aýaly biraz sag tarapa dogry gyşardar. Şeýle edilen ýagdaýynda çaga owadan bolýarmyş. Jynsy gatnaşykdan soň turup hapa ýerlerini süpürip otyrar. Erkek adam sowuk suw bilen ujydyny ýuwyp ýylamaka derrew jynsy gatnaşykda bolsa, ujyt aýalyň ýatgysyny sowadany üçin çaga galmaz. Emma iň ýerliklisi bolsa; bir sagat gatnaşykda bolandan soň jynsy gatnaşykda bolmaly däl. Aýal hem jynsy agzasyny sowuk suw bilen ýuwman gatnaşykdan soň süpürinip ýatyp dynjyny almaly. Bu usula görä, etmeli işleri ýerine ýetirilende hamyla galmasa geljekde gürrüňi etjek serişdelerden peýdalanylar. Dermanyň ýasalyş usuly; makal ezrek, çarşir, balzam tenekary (tabletka) bularyň her haýsyndan deň mukdarda alyp aýry-aýry owradylar olaryň üstüne biraz şerap guýyp ujyda çalnyp, gurandan soň jynsy gatnaşykda bolunar. Boşamazdan öň ýaňky melhemler eräp aýalyň ýatgysyna girip çaganyň galmagyny çaltlaşdyrar. Bu dermandan başga-da, piliň peşewini aýal häli-şindi jynsy agzasyna çalsa jynsy gatnaşykda bolan dessine hamila galar. Önelgesiz aýal we erkege bu derman täsir etmez. Olar ýaly önelgesiz bolanlaryň çagasy hiç haçan bolmaz. Ýagny belli bir wagt çagasy bolmadyk aýalyň dogurmazlygy anyklamak üçin ol aýal aç garnyna eşiklerini çykaryp ortasy deşik kürsüniň üstünde oturyp, daş-töweregini ýapynja bilen örtüp kürsüniň aşagynda ot ýakyp günlük we asylbent, müşk we ud ýaly ösümlikleri bir gabyň içinde kürsiniň aşagynda gaýnadyp bugardylar. Emma bu zatlary etmezden öňünçä aýalyň agzyny we burnuny ýaparlar. Eger ol aýalyň agzyndan we burnundan biraz tüsse we ys gelse aýal dogurmazak däldir. Aýbaşy gany keslenden soň derrew hamyla galmagy üçin däri-dermanlar içiler. Ol agzalan ösümlikleriň ysy aýalyň agzyndan gelmese onda aýal dogurmazakdyr. Lukmanlar önelgesizleri sukut agajyna meňzedipdirler. Fiziki hereketiň tarapdarlary hem-de erkekleri bejerýän lukmanlaryň maslahat berýän seresaplylyk çäreleri hem çagalary bolmaýanlara peýda etmeýär. Biziň edýän gürrüňimiz düýbinden önelgesiz bolman näbelli sebäpleri görä hamyla galmaýanlar peýdalydyr. Göwreli aýalyň göwsünden gan akýan bolsa, göwsüniň ujuna gan alynýan çüýşe ýapylsa, gan akmagy kesiler. Göwreli aýalyň garnyndaky çaga öli bolsa, gunduzyň ýumurtgasynyň ýarsyny alyp mynjarydyp şeraba garyp içse dessine çaga düşer. Lukmanlar öli çykan çagany „Soň” diýip atlandyrýarlar. Eger çaga düşmese onda sygyryň ödüni geçiň iç ýagy bilen garyp bir bölek ýüňe siňdirip aýalyň jynsy agzasynyň içine dykylsa şol bada çaga düşer. Bir aýalyň göwreli bolup-bolmadygyny anyklamak üçin bir diş sarymsagy arassalap bir gysym ýüňiň içine salyp aýalyň jynsy agzasyna agşam ýatmanka dykylar. Ertir ir bilen turanda agzyndan sarymsagyň ysy gelýän bolsa onda şol aýal gowrelidir. Emma bu emi etmezden ozal iki gün öňünçä sarymsak iýmeli däldir. Munuň sebäbi sarymsagyň ysynyň gelip–gelmeýändigini mälim etmek üçindir. Är–aýalyň haýsynyň ýarawsyz bolup önelgesizligini anyklamak üçin olaryň her haýsynyň peşewini aýry–aýry gaba alyp içine marulyň köküniň uçlaryny mynjyradyp atarlar. Aýal we erkegiň peşew gabyna bellik goýup olary hem günüň aşagynda goýlar. Bir gün durandan soň serediler. Olaryň haýsysy gurap reňki solan bolsa, şol hem näsag we önelgesizdir. Başga bir usul bolsa, aýalyň we erkegiň dölüni aýry-aýry sowly gabyň içinde goýýarlar haýsynyň döli suwyň ýüzünde galsa şol hem önelgesizdir. Sebäbi sagat adamyň döli suwuň düýbüne çöker. Bu usula görä, barlagdan geçirip haýsy tarapda näsaglygyň barlygy anyklanyndan soň, hamyla bolmadyk ýagdaýynda onuň hamyla galmagyna ýardam berýän däri-dermanlar içmäge başlanylar. Dermanyň Ýasalyş usuly; behmen çakyry, akdewen, sakankur, sygryň ödi we ukrop bularyň her haýsynda iki mysgal, merjimek we galgan bularyň her birinden bir mysgal, owradylan göwher, akburç, akhardal bularyň her birinden ýarym mysgal alyp bularyň ählisini mazaly owradyp bulara ýetäýjek mukdarda arassa bal goşup derman ýasalar. Onuň bir owurt mukdary bir dirheme we bir mysgala deňdir. Bu usul, üç günläp dowam edilip häli–şindi dermandan kynlyk bilen içilse hem netijede peýdasy deger. Hurma çigidiniň duzundan derman ýasalar. Ol derman aýalyň jynsy agzasyna çalmaly, şeýle edilen ýagdaýynda aýal göwreli galar. ■ Ýigrimi ýedinji bap Bu bapda aýalyň hamyla galmagyna ýardam berýän serişdeler beýan edilýär. Köp aýaly bolanlar. Çakdan aşa jynsy gatnaşykda bolmaklykdan özüni gorapdyrlar. Munuň sebäbi bolsa, çagalaryna terbiýe bermekde ýetmezçiligiň ýüze çykmagyndan gorkandyklary sebäpli, göwreli bolmaklyga garşy dermanlar içipdirler. Esasanda bedeni güýçli aýaly bar bolsa, gatnaşykda bolan wagty boşamazdan öň ujydy daşyna çykarmagy has ýerlikli bolar. Munuň sebäbi bolsa, göwreliligiň öňüni almakdyr. Şol sebäpli ol ýere boşamazdan öň ujydy çykaryp soň hem hamylalyga garşy däri-dermanlardan peýdalanmaklyk has ýerliklidir. Esasanda lezzeti has-da gyzgalaňly wagtynda ujydy çykarmagyň ýerine, geljekde gürrüňini etjek usulymyza görä, mähir bilen gujaklap lezzeti doly almak iň ýakymlysy we ýerliklisidir. Mälim bolşy ýaly, hamyla bolmaklygy islenmeýän bolsa geçen baplarda agzap geçişimiz ýaly göwreli galmaklygana kömek edýän gatnaşyk şekilleriniň tersine jynsy gatnaşykda bolunar. Mysal üçin gapdallygyna ýatyp ýa-da aýak üstünde gatnaşykda bolmaly. Eger ol şekiller hem ýerliksiz hasaplanylsa, onda häzir gürrüňini etjek däri-dermanlardan peýdalanylar. Göwrelilige garşy eçilýän dermanlar, eger göwreli bolsa içindäki çagany düşürýar. Kasnini sezabyň suwy we täze güşneş suwy bilen garyp jynsy gatnaşykda bolnanda ony ujyda çalynar. Soň ondan ujydyň kellesine bir damja çalyp jynsy gatnaşykda bolunsa aýal hamyla galmaz. Mundan başga-da aýal zebdelbahrdan doýýança iýse göwrede çaga galmaz. Bu aýdylan maglumatlar ozal synagdan geçirilen. ■ Ýigrimi sekizinji bap Bu bapda jynsy islege güýç berýän esasy demanlar beýan edilýär. Mälim bolşuna görä esasy mowzuklary göz öňünde tutman bu bapda hususanda täsirini artdyrýan serişdeler gürrüň beriler. Bularyň iň esaslarynyň biri möjegiň ujydyny tamdyrda bişirip, bir bölegini agyzda çeýnelse jynsy gatnaşyga bolan ymtylyşy has-da güýçlendirer. Ýene bir esasy emleriň biri hem; itiň guýrugyny, derisini, süňkini ýakyp külüni alyp, güýçli ajy çakyr bilen garyp inege (taşşaga) çalynsa jynsy gatnaşyga bolan höwesi bir esse artar. Munuň täsirini düşindirmek mümkin däl. Inekdaki (taşşakdaky) dermany ýuwman jynsy gatnaşykda bolup boşasa ikinji gezek ýene-de jynsy islegi dörär. Asarun döli köpeldýär. Erbesa köki künji köki bolup, döli köpeldýär we adamyň ihtilam bolmagyna (dölüň öz – özünden akmagyna) sebäp bolýar. Oňa „El haýrehul sirgane” diýip atlandyrylýar. Esasan-da künjiniň köküni ujyda çalynýar. Onyň täsiri utryj agajy bilen deňdir. Emma ol agajyň öte turşysy jynsy islegi gowşadýar. Sakankur zemzeninden alynýan duzyň islegi artdyrşy ýaly eti hem artdyrýar. Hususanda zemzeniň göwegine we böwregine golaý agzalary täsirlidir. Soganyň köki jynsy islegi artdyrýar. Behlin ösümligi döli örän köpeldýär. Bütin guşlaryň ýumurtgasynyň agy esasynda, serçäň ýumurtgasy, bozidan we Bat diýip atlandyrylýan gazyň ýumurtgasy jynsy islegi güýçlendirip, döli artdyrar. „Baklatul hamka” semzek otydyr. Semzek käbir adamlaryň jynsy islegini asgynladýar. Masurho atly lukman bolsa tersine semzegiň jynsy islegi artdyrýandygyny aýdypdyr. Bedeni gyzgynly adamlar ilki bilen berz soň fenjgoşt onsoň igde iýmelidirler. Jalisun atly tebibiň aýtmagyna görä, häli-şindi adam (adamyň döly öz-özünden akýan) ihtilam bolýan bolsa ýokarda agzalan ösümlikleri hemişe iýseler hiç haçan ihtilam bolmazlar (döli öz–özünden akmaz). „Bezer” zygyryň tohumydyr. Jalisunyň aýtmagyna görä, baly burç bilen iýimeklik, hoz we ekme käşir jynsy islegi artdyrýar, emma meýdan käşiri beýle däldir. Jyrjyr, süteresiniň tohumy peşewi köpeldýändigi sebäpli, jynsy meýli artdyryp, ujydy güýçlendirer. Esasanda bu ösümlikleriň tohumy iýilenden soň bişirilen jüýjäniň etinden biraz iýilse, döli köpeldip şähwet güýçlendirýär. Edil şolar ýaly, darfülfül hem jynsy islegi artdyrýar. „Helýuna” türki dilinde „Guş gonmaz” diýip atlandyrylýar. Bu ösümlik döli köpelýär. Zagpyran hem jynsy islegi artdyrýar. Türk dilinde oňa „Egir” diýip atlandyrylýarlar. Zagpyranyň mürebbesini ýa-da göklügine iýilse, gatnaşyga hyjuwlandyryp bedeni gyzdyrar. „Hendkok” ösümligi „Kara ýorunja” bolup onuň özüni we tohumyny iýilende jynsy ymtylyşy çaksyz güýçlendirýär. Ol hubbus sene we hubbulleziz atly ösümlikleriň maşgalasydan bolup döli artdyrýar. Gyzyl çakyr jynsy islegi güýçlendirýär. Hususan–da gyzgyn demir sokulyp sowadylan bolsa täsiri has–da güýçlidir. Hubbul senuber hem-de arça maňyzy şähweti artdyrýar. Eger künjini, şekeri, baly peýnir şekeri bilen iýilse döli köpelder. Düýe eti jynsy meýli artdyryp, ujydy güýçlendirýär. „Hubbetul huzra” sakgyç agajynyň miwesidir. Tarhun we Kerfes jynsy küýsegi artdyrýar. Kerire Kuşenşiň miwesi we kaky jynsy islegi peseldýär. Luk ýylanyň gowy bolup şerap bilen iýilse jynsy höwesi artdyrýar. Leben süt diýmekdir. Süýdiň turşysy jynsy meýli güýçlendirýär. „Keras” , prasadyr, „Lebeni Oguz” oguz süýdi bolup bularyň ikisi hem jynsy islegi artdyrýar. Sowuk suw adam üçin zyýanly bolup adamyň dölüni azaldýar. Banan we mekge önümleri döli köpeldýär. Maluhýa belli bolşy ýaly döli we süýdi emele getirýär. Narpyzyň çyglylygy we ýakymly ysy jynsy islegi artdyrýar. Surunjan şähweti artdyrýar. Esasanda ilki zenjebil bilen kemmun iýip soň hem sezab iýilse döli guradyp jynsy gatnaşyga bolan meýli ýok eder. Balygy gyzgynlygyna iýilse, döli artdyrýar. Fülfül burç diýmekdir. Burç döli guradar. Rubýany estikoz döli artdyrýar. Şenç balyň mumýasy bolup jynsy gatnaşygy ýygjamlaşdyryp. Dölüň akymyny ýeňilleşdirýär. Şakakyl (meýdan käşiri) bolup, meýli artdyrýar. Täsiri bozidan bilen deňdir. Göknaryň tohumyny bal bilen iýilse, döli köpeldýär. Hardal bolsa jynsy küýsegi artdyrýar. Owradylan hardaldan biraz alyp ýag bilen garyp ujyda çalynsa, örän güýçlendirýär. It üzümi çygly bolany üçin jynsy ymtylyşy oýarýar. Galgan bil we böwrek agrylary üçin peýdaly bolup jynsy islegi güýçlendirýär. Işdäaçarda peýdalanylýan marulyň tohumy döli guradyp, jynsy gatnaşygy peseldýär we häli-şindi hapalanmagyň öňüni alýar. Emma onuň ýapragynyň täsiri tohumyndan gowşakdyr. Huh şetdaly bolup, bedeni gyzgynly we gurak adamlaryň şähwetine täsir edýär. Bir az nohudy we kişmişi suwa ýatyryp soň hem gaýnadyp süzüler. Onuň gaýnan suwyny birnçe gün içilse ujydy çaksyz galdyrar. Esasanda aw itiniň gulagyndaky Agurşagy alyp iýseler şol bada jynsy islegi oýanar. Hususanda (hersek) aw itiniň ýumurtgasyny kölegede guradyp soň hem owradyp gül ýagy bilen garyp jynsy gatnaşyk wagtynda aýalyň jynsy agzasyna çalynsa aýal başga adamlar bilen gatnaşykda bolmaga küýlenmez. Eger ýumartgany duzlap içseler jynsy islegi has–da güýçlendirer. Mundan başga–da, keýigiň ujydyny we ýumurtgasyny guradyp iýilse, ujydy çaksyz galdyrýar. „Fejil” turpdyr. Turp jynsy gatnaşygy güýçlendirýär. Esasanda ony bal we ýag bilen iýilse kuwwatlandyrýar. Onuň ýapragyny iýilse özünden has-da güýçli täsir eder. (Aýy üzümi) it üzümi ýaly däldir. Ol gyzgyn, çyg we ýelli bolany üçin jynsy islegi artdyrýar. „Edmigatul Esafar” serçäniň beýnisi diýmekdir. Serçäniň beýnisi huşy güýçlendirip döli köpeldýär. „Lisanul Asafir” guş dili diýmekkdir. Onuň öz boluşly aýratynlyklary bolup, jynsy gatnaşyga bolan höwesi artdyrýar. Ýakymly ysy keýpiňi göterýär. Pars tebipleriniň aýtmagyna görä Müşkden biraz alyp şebbewi ýagy bilen garyp ujydyň ujyna çalynsa köp gatnaşykda bolmaga mümkinçilik döredýär. „Erzýun nerkes” diýip atlandyrylýan meşhur saryja nerkes güldir. Ony owradyp bilden aşak çalynsa ujydy güýçlendirip hereketlendirýär. Haýran galaýmaly zatlaryň biri hem, gyzyl reňkli misden maýmyn şeklini ýasadyp arka tarapynyň ortasynda deşik deşerler. Ol deşikden hem bir bölek gaýyşy geçirip daňarlar. Bu şekli gatnaşyk wagtynda iki budunyň arasynda goýarlar we täsin duýgylary başdan geçirerlar. Serçe gaz, melj we guzynyň beýnisini duz we jyrjyr tohumy zenjebil bilen iýilse döli köpeldip jynsy islegi biçak güýçlendirýär. ■ Ýigrimi dokuzunjy bap Bu bapda jynsy islegi artdyrýan atlar, jadyly sözler we aýallar hakynda beýan edilýär. Jadyly sözler ; Bir adam bu jadyly sözleri bir bölek altynyň üstüne ýazdyryp diliniň aşagynda saklasa geplemäge mümkinçiligi bolmagyny sebäpli jynsy gatnaşykda ejizlär. Şol sebäpli güýçlendirmek üçin şu ýazgyny (arapça hat ýazylmaly ) ýazylar. Başga bir täsin usul bolsa, bir adam mähriban aýaly bilen gujaklaşyp jynsy gatnaşykda bolan wagty aýalyň jynsy agzasy dar, gyzgyn we örän ajaýyp bolany üçin keýpini doly berendigi üçin tiz wagtda boşar. Eger tiz boşamak islemeýän bolsa ýa-da jynsy gatnaşykda bolanda derrew boşaýan bolsa şonda käbir atlary aýtsa giç boşar. Tä injalýança gatnaşykda bolandan soň boşamak islese okamagyny bes etse, şol bada boşar. Aýdylýan atlar şulardyr; „Eş, Eş, Der baş, Saş, des, des, desas, desas. Bu sözlere aýdan adamyň özi hem bu sözleri ulanýar. Bir adam bu ýazgyny ujydyň üstüne ýazyp jynsy gatnaşykda bolsa örän erjil çemeleşer we esli wagtlap dowam eder. Hatyň ýazlyşy şeýledir (arap ýazmaly) Buny synan adamlaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, bir adam jynsy gatnaşykda bolmakçy bolanda bu ýazgyny eliniň aýasyna ýazyp soň hem ýalasa, jynsy gatnaşykda has-da güýçlener aýal hem ondan hoşal bolar. ■ Otuzynjy bap Bu bapda dürli şekiller arkaly bolunýan jynsy gatnaşyklar aýdylyp her adamynyň özüne görä aýratyn bir ynjalma usulynyň we halaýan içgileriniň bardygy beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, her adamynyň jynsy küýseginden dörän söýgi we mähirlilik duýgusy tapawytlydyr. Käbir adamlar aýal-gyzlaryň owadan jemalyna üns bermän onuň gymmat bahaly bezeg şaýlaryna we derejesine boýun bolýarlar. Käbirleri bolsa, ýalançy wezipesine üns bermän, derrew açgözllik edip gymmat bahaly şaýlaryna we at-abraýyna göz gyzdyrýalar. Käbirleri bolsa ýalan abraýa kowalaşman gönümel onuň owadan jemalyna hyrydar bolýarlar. Käbirlari bolsa jynsy gatnaşyga bolan hyrsy aklyndan üstün çykyp, owadan ýa-da gelşiksiz diýmän kokan (porsy) hyzmatkär gyrnagy bar bolsa onuň bilen hem gatnaşykda bolýar. Käbirleri bolsa jynsy duýgysy gowşak bolany üçin at, goç we tawus guşyny bakyp ýetişdirmäge höwesli bolýarýar. Käbileri bolsa, döwre görä hereket etmän „Mert bolsaň merdanalar bilen bile gez-ýöre” sözüni eýerip, näzenin dilberler bilen ülpet bolup, söz sözlemegi oňarýan ýaş zenanlar bilen söhbet gurap oturmagy saýlaýarlar. Käbirleri juwan we ajaýyp gözelleriň intizarynda we söýgüsinde bolarlýar. Emma jynsy gatnaşykda bolman ýarym göwünli söýülen lebzine eldegmedik gözele muhabbet myhy has dogrusy söýgi çüýi kakylmanka güýçli söýgi diýmeklik ýerliksizligi bu beýt arkaly mälim bolýar. At-abraýly we güýçli söýgi diýilermi? Eger söýgi çüýi kakylmadyk bolsa. Esasanda jynsy gatnaşygyň lezzetli bolmagy üçin üç şerti bar. 1) Bi nika gatnaşykda bolanyňda aýalyň jynsy agzasynyň dar bolmagy. 2) Aýaly örän gyzgyn bolmagy. 3) Orta çyglykda bolmaklygy. Bu ätiýaçlyklar elden gidermeli däl. Sebäbi bu aýdylanlar ýanbaş büzmegine degişldir. Tetiler bilen gatnaşykda bolandan aýaly özlerine laýyk görüpdirler. Käbirleri bolsa onuň bilen hem kanagatlanman, gözel ýaryň astynda ýa-da, üstünde bolup iki keýpiň lezzetinden ganyp, näzenin juwan ýar bilen wagtlaryny hoş geçiripdiler. "Ne ýary aşagyma aldym, Ne-de ony üstüne aldym Maňa nesip etmedi ýar bilen togalaşmak” Emma käbileriniň jynsy islegleri öte güýçli bolup, ujytlary sus bolup hereket etmändigi üçin dölleri çürik we zaýa bolýar. Ol adamlar tetileşip ýanbaşdan keýp almaga başlar we jynsy gatnaşyga degişli wakalar eşitseler, olar derrew götlerini ýere oýkap başlarlar. Olara „opna” diýip atlandyrylýar. Olaryň şähwetleri oýananda özlerine bir zat edilmedikçe boşap rahatlamaýarlar. Umuman aýdanyňda birnäçe adamlar nebisleriniň ugryna gidip, bu işlerden keýp alyp rahatlaýanlar her gün diýen ýaly eýesine bararlar. Bu ýerde birinji bölüm tamamlandy. Häzir bolsa ikinji bölüm beýan edilýär. Bu kitabyň ikinji bölümi aýallara degişli ýagdaýlar beýan edilýär. Bölüm otuz bapdan ybarat. ___________________________________ *Akyr karha - *Zenjebil – Hindistanda getirilen ýakymly ysly ösümlik. imbir *Müşk – Aziýanyň beýik daglaryndaýaşaýan goç keýigiň garn bardasyndan alynýan ýakymly ys. *Zambak – Liliýa 90 – 100 sm beýikliginde owadan gülleri *Kundus – kundiş ujy ýiti ýaprakly, gülleri sübse görnüşli zäherli ösümlik. *Hardal – şiräaçar, gorçissa. Musaýlaryň oýlap tapan hoşboý ysly şiresi. *Şap - *Şeýh ermeni - *Mersaky - *Ezrek - *Çarşir - *Gümlük - *Asypbent - *Müşk - *Ud - *Sukut - *Marulyň – kelemiň ýapraklary ýaly ýapraklary bolup işdäaçarda ulanylýar. *Akdewen – şahalary inçe we köp agaçlar bolup böwürsleme meňzeş. *Sakangur – zenzen Afrika, Ýewropa, Aziýada ýetişýär. *Boýy 25 sm garny ak. *Merjimek – däneli (sary reňkli) ösümlik bolup ondan çorba bişirilýär. *Hardal – turp maşgalasynda 100-150 sm beýikliginde, sary gülleri bolup, endama degende gowşadýan, tohumy lukmançylykda ulanylýar. Tagamy ajy bir ýyllyk ösümlik. 2) goçissa. *Kasnini – uçlary ýiti bolup 50sm – 1m çenli uzap gülleri ak we gök reňkli. *Sezabyň – sedef oty porsyja. *Güşneş - *Zebdelbahr - *Asarun – kedi oty *Utraj - *Behlin – turpa meňzeş we “kawza köki” diýip atlandyrylan ot. *Bozidan – tilki ýumurgasy, semsek ýa – da gök otösümlikden derman ýasalýar. *Berz - *Fenjegoşt - bäş barmak atly ösümlik. *Jyrjyr – noýbalar maşgalasyndan däneli ösümlik. *Suteresi – turplar maşgalasyndan suwy gyrasynda ýetişýän, kirsalat ösümligine meňzeş, köp ýyllyk otjumak ösümlik (Nastirium offisiale) *Darfülfül – gündogar hindistan adamlarynda ýetişýän ýabany ösümlik bolup, çyrmaşykdyr. Miwesi 6sm 7mm aralygynda konus görnüşli, garamtyl reňkli ýiti tagamly işdäaçar. *Heýlun – Guşgonmaz zambak maşgalsyndan bolup uçdaky şahalary ýaprak görnüşinde bolup ýeriň aşagynda biten täze kökleri iýilen ösümlik. Küýzede ýetişdirilýän uzyn çybykly inçe we kiçi ýaprakly ösümlik. Liliýalar maşgalasynda bolup otjymak ösümik. *Hubbul senuber – ýapraklary lukmançylykda ulanylýar. Agaç tomsuna we gyşyna ýaşyl bolýar. 30-40 metre çenli ösýär. *Hebbetul huzra – sedene we melewşe sakgyçlyk agajynyň iýmişi. *Tarhun – duzly oty lukmançylykda ulanylýar ýakymly ysy bar. *Kuşenşiň - *Luk - *Keras - *Maluhýa - *Surunjan – bezwremmenik. *Zenjebil – hindistanda bitýän ýakymly ysly ösümligiň önümi (imbir). *Kemmun - tmin *Sezab - porsuja *Rubýany – krewetk deňiz leňňeçleriň bir görnüşi. *Şakakyl – teke sakgaly diýip atlandyrlýar. Bu ösümligiň ak reňkli köki bolup iýilýär. *Bozidan – tilki ýumurtgasy, semzek we goç oty diýip atlandyrylýan we lukmançylykda ulanylýan ot. *Melj – gara agaç diýip hem atlandyrýar hrasanda ýwtişýär. *Jyrjyr – noýbalar maşgalasyndan däneli ösümlik. *Zenjebil – Hindistanda ýetişýän ýakymly ysly ösümlik. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |