22:48 Jynsy lukmançylyk -5 | |
On sekizinji bap
Medisina
Bu bapda şähweti güýçlendirýän däri-dermanlar we klizma beýan edilýär. Bu esasy ulanylýan usullardan biri bolup, käbir dermanlary we gerekli otlaryň üstünde işläp, klizma edilse ujyda şolbada güýç geler. Bu derman jyrjyr tohumyndan, lagb atly ösümlikden we pagta tohumyndan belli bar mukdarda owradylyp, jyrjyryň suwuna olary garyp ýasalar we ony ýanbaşa klizma ediler. Munuň netijesinde şol bada içi sürer. Mundan başga-da, klizma sakankür zemzeniniň iç ýagyndan biraz alyp künji ýagy bilen erediler. Ondan soň pagta çigidiniň maňyzyndan udulkahrdan we zenjebilden bir mukdar alyp owradyp garyşdyryp barmak şeklinde ýasalar. Jynsy gatnaşyk wagtynda ýanbaşa dykylsa, onuň peýdasy örän uludyr. Daş kekräni agaç şepbigini, arassa ary balyny, künji ýagyndan gowrup sowadyp derman ýasalar. Ony ýaksaň ujydy has-da güýçlendirýär. Mundan başga-da, biraz göknar tohumy suwda gaýnadyp we biraz pagta dolap ýanbaşa soksaň ujydy örän galdyrar. ■ On dokuzynjy bap Bu bapda şähwet güýjini artdyrýan melhemler beýan edilýär. Bu melhemler döli köpeldip islegi artdyrýar. Bu melhemden iki mysgalyny soganyň suwy we ýumurtgaň sarysy bilen üç hepde dowamynda yzygiderli iýilse az-da bolsa ujydy hereketlendirer. Haýran galdyrýan zatlaryň; Özüňi rahat duýmak isleseň, ujyda Kafur atly agajyň suwuny çalyp we bir owurt hem içmeli. Emma aýallaryň ulanmazlygyndan örän seresap bolmaly. Eger ulansalar, jynsy islegi artyp, gatnaşykda bolmak üçin adam gözlärler. Ýasalyş usuly; çopantelpek we sogan tohumyndan on mysgal, şalgam tohumyndan bäş mysgal, towuk ýumurtgasyndan on mysgal, darfülfülden alty mysgal, hubbetul huzradan gyrk mysgal, çörek otyndan üç mygal, hardaldan bäş mysgal pyrasadan on mysgal alyp ählisini sokuda döwüp, birazyny arassa bal bilen garyşdyryp melhem ýasarlar. Kyrk serçäni öldürip, sap etini melhem bilen bilelikde zeýtun ýagda gowurylýar. Soň ýasalan sokudaşynda un ýaly bolýança döwüler. Ondan soň Hulunjandan we dalçydan her haýsyndan bäş mysgal goşular we bularyň ählisine ýüz dirhem agramyndan arassa bal garyp melhem ýasalar. Her gezek gatnaşykda bolnanda bir mysgal ulanylsa şähweti örän güýçli bolar. Ökde lukmanlaryň seýrek ýasaýan melhemleri örän güýçli bolýandyr. Bu melhem şähwet güýjini hem-de döli artdyrýar. Eger iki mysgalyny soganyň suwy we ýumurtgaň sarysy bilen garyp üç gün yzgiderli peýdalansa, her gije gatnaşygy küýseder. Ondan peýdalanan adam bir gijede on bäş gezek jynsy gatnaşykda bolmaga gurby ýeter, ujydy haýallamaz we alýan keýpi hem pese düşmez. Eger şol melhemden üç hepdeläp üznüksiz peýdalanylsa, ujyt has-da güýjäp, şol adamyň bedeni göýä ýyrtylýan ýaly bolup bitagat bolar. Jynsy gatnaşykda bolanlarynda bu melhemden bir dirhem agramynda ulanylar. Biraz güýç bermegi üçin bir günläp, iň bolmanda bir sagat töweregi ol melhem sakgyç ýaly agzynda çeýneler. Çeýnelen wagtynda gulaklara pagta dykylyp ysyny ysgalar. Şondan soň ýere basman düşege girip söýgülisi bilen oýnaşyp belli bir wagt ýatylandan soň, islegi artyp ujydy galyp göbegine ýeter. Jynsy gatnaşykda yzly-yzyna üç gezek bolandan soň ujydyny çykarar. Emma her gezek boşanda ujydy çykaryp süpürer we ýene-de jynsy gatnaşykda bolandan soň bir salym dynç alar. Şol wagt biraz kafury alyp gül suwy bilen eredip, ýüzüne serpip biraz hem içenden soň ujyt maýşgak bolup rahatlar. Bu melhemi atlara berseler şähwetleri gelip baýtal gören badyna burnyna ýel alyp bir ýerde durmaz. Eger atyň garnyna we gasygyna sowuk suw sepseň, şähweti aýyrylyp ýuwaşar. Bu melhemi aýallaryň ulanmagyndan seresap bolmaly, agyzda sakgyç ýaly çeýnelýän dermandan hem aýallar daşda durmaly, sebäbi jynsy meýli artdyryp öz akyllaryna eýgertmän esrän düýe ýaly erkekleriň üstüne ylgarlar. Bu gürrüňini edýän melhemimiziň Ýasalyş usuly; çopan telpekden on mysgal, göknardan bäş mysgal, darfülfülden sekiz mysgal, anis otundan ýigrimi mysgal, sarymsak tohumyndan on bäş mysgal, towşan keleminiň erkeginden on mysgal Akbyr otundan alty mysgal, gara burçdan dört mysgal, hubbetul huzradan gyrk mysgal, pagta çigidiniň maňzyndan alty mysgal, kedr hozundan on mysgal, Hindistan sümmülinden iki mysgal, ak künjiden bäş mysgal, Hindistan şitrejden ýedi mysgal, gwozdikadan (karanpyldan) on mysgal, gara halyladan ýigrimi mysgal, prasa tohumyndan on mysgal, Kermanda ýetişän tmin atly ösümlikden dört mysgal, söwüt agajynyň tohumyndan sekiz mysgal, farfiýundan iki mysgal, ýüzärlikden bäş mysgal, meýdan käşirinden on mysgal, dalçyndan iki mysgal, razwent tawylyň , batarsalýunyň we meýdan käşiriň her haýsynyň kökünden alty mysgal, zagpyrandan bäş mysgal, dalçyndan on mysgal, ajy badam pissesiniň ýagyndan on mysgal, erigiň maňyzyndan alynýan ýagdan alty mysgal, ananas ýagyndan alty mysgal, balzam ýagynda on mysgal, zambak ýagyndan sekiz ban murtafigdan üç mysgal, çakjagunduzyň ýagyndan dört mysgal, arassa zeýtun ýagyndan sekiz mysgal, ýönekeý ýagdan sekiz mysgal. Bu agzalan ösümlikleri soky daşynda döwüp ýaňky ýaglar bilen ýugurmaly. Segsen mysgal arassa baly belli bir kada getirilenden soň ýygnalyp goýylýar. Birnäçe wagt geçeninden soň ony alyp iýilse, aýdan peýdalarymyzyň köpisi hasyl bolar. ■ Ýigriminji bap Bu bapda agzy tutmak, şähwete artykmaç güýç berýän däri-dermanlar beýan edilýär. Bu derman sakgyç pisintli bolup, Şeýh Abdulagyz Deruny Müsüriň şasy Ikun üçin oýlap tapypdyr. Bu derman esasan araplara degişli bolup, jynsy gatnaşyk wagtynda agyzda saklanylsa şol bada gatnaşyga täsir edip şähweti artdyrýar. Agzynda saklamagy bilen ujydyň ýatmaýanlygynyň sebäbi; Balawryň gabygyny gaýçy bilen bölekläniňden soň on dirhem agramynda alyp, Akgünlikden hem on dirhem agramynda alyp ikisini birlikde bir gabyň içine salmaly. Onuň üstüne mesge ýagyny guýup aramlyk otda sakgyç ýaly bolýança bişirmeli. Belli bir derejä gelenden soň, agramyna deň owradylan lihmug guýylar. Ony çüýşäniň içine salynyp saklamaly. Gerek bolanda bir dirhem agramynda alyp sakgyç ýaly edip çeýneler. Onuň üýtgeşik täsin bir tagamy bolup, çeýnän wagtyň birdenkä ýuwudylaýanda hiç hili zyýany ýokdyr. Emma bilgeşleýin ýuwutmaly däl. Bu sakgyç agzyňda duran wagty ujyt ýatman dursa otuz dirhem agramynda naze şirugan , otuz dirhem agramynda şeker, on dirhem agramynda owradylan akgünlik we ýarym dirhem agarmynda kafury alyp bularyň ählisini gaýnatmaly. Bu dermandan bir dirhem alyp ulanylsa ujydy gowuşar. Lebbaneýi, ahyr günlik mustaki we lisan usfury bularyň her haýsyndan ýedi mysgal we on dört mysgal, burç alyp bular ählisini bir gapda owradyp süýdüň ýagy we gülüň ýagy bilen demir gabyň içinde erediler. Ondan soň içine bir mysgal zamky arabi ahmar we bir ýarym dirhem agramynda gülsuwy guýyp pessejik otda bişirip ýuwaşlyk bilen bulamaly. Soň oduň üstünden aýyryp içine bir mysgal owradylan günlik we bir mysgal hozyň maňzyny goşup garmaly. Sowandan soň bir dirhem agramynda tenekar (tabletka) ýasap birini agyzda saklanar. Ony islese ýuwdar ýa-da çykaryp agzynda dörän tüýküligi ýuwdar. Emma her nähili hem bolsa, bedenleri çygly adamlar dermany ýuwtsalar hem zyýany ýokdyr. Haçanda jynsy islegi güýçli täsir etse täsirini pese düşürmek üçin süýji we turşy zatlary garyp iýmeli ýa-da naryň şerbetini içilse ujyt pessaýlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |