03:35 Kakama | |
Gurbansähet iñ uly doganymyz, hem-de atamyzyñ at dakylany bolany üçin, oña hemmeler Kaka ýa-da Kakam diýýärler. Ol ömür boýy diýen ýaly il içinden türkmen halk döredijiligini (aýdymlar, läleler, hüwdiler, …) ýygnap kitaplar neşir edýär.
Goşgular
KAKAMA Men ýaplandym ýapraga, Sen guşandyň gurşundan, Men ýagmyra söýendim, Sen ýyrtdyň-da bulutlaryň ýaşmagyn, Ýagtylygyň matasyn, Ördüň günüň erşinden. Aýlandyň oba-oba, Hödür etdiň ulus ile gün nurun, päk asmanyň arşyndan. “Al asman-a al asman, Ýyldyzlardan dol asman, Öýümiz çyrasyz galdy, Biz oba-da gel asman” Sen, saýradyň, men dymdym, Tas bolmankam uçurym, adamlaryň tokaýyna, Sen maňa, Diňlemegi öwretdiň, Wagtynda dymmagy, Oýa çümmegi, Sen maňa, Aňlamagy öwretdiň, Sen maňa, Goşgudan öň, Diňlemegi öwretdiň. Soň goluma ganat berdiň söýgüden, Ýekän-ýekän ýeleklerimi agartdyň, Hakydamda dürdäne deý sözleriň, Meň yzymda, aladaly gözleriň. Şol günler, Ak ganatly ak guşdum, Uçdum, uçdum, Asmanlara, alyslara, Deňizlere, daglara. Uçdum, Çaňa, tüme, buglara, Uçdum çaglara. Çöller aşdym, Gum gubary galdy garaklaymda, Tolkun ýadawlygyn deňizden aldym, Daglaň ýaralary dyrnaklarymda, Ýatlaň tikenleri aýaklarymda, Toz, Ýeleklerimde, Uzaklary aýlanyp, ýene geldim dolanyp. “mähirli gerşiňde başymy goýup, Gözýaş edip aglamasam ýar-ýar, Ganatymyň ýenjigin, Eliň bilen baglamasaň ýar-ýar, Sokur gözmüň garasyn, Demiň bilen çyglamasaň ýar-ýar” Diýip gonsam ýanyňa, Ýadawlygym ýeňiler, Gutarsyň sen derdimi, Şeýle eli emligi, Saňa Taňry berdimi!? “Hoz agaja, hoz agaç, Çalyp beräý sazjagaş, Sährama gargyş düşdi, Tokaýlara gyş düşdi, Seň gujagyň ýaz agaç. Tut agaja tudum bar, Saýa-seleň ýurdum bar, Jeňele gurçuk düşen, Meniň tudum sagdyn bar. Tut agajym paýradyň, Dutar bolup saýradyň, Türkmenleriň kalbynda, Aýdym, läleler bolup, Giň sährama ýaýradyň” Men bolsa öz tussakda, Adamlardan aýradym, Men ýaplandym ýapraga, Sen söýendiň topraga, Ýekeligme gaçdym men, Sen daýandyň köplüge, Men saz çaldym, Sazlaşygy seň özüňden öwrendim, Söz çalamda, Söýgülermi seň gözüňden öwrendim. Ýonup ýördüň, Ýonup ýörşüň ruhumy, Ýalňyşamda aňmasa-da ahyňy, Setirlermiň peltek sözün çolamda, Goşgularmyň kütek dilin çaldyň sen, Şygryýeti seň sözüňden öwrendim, Alyslary aýlandym, Bu gün dolanyp geldim, Ýöne ýene ýadaw men, Ýene çolanyk dilim. Setirlerime gyş düşdi, Ýüregme gargyş düşdi, Bir düşmesiz düşündi, Gözüme ýalňyş düşdi. Söýgi söýesiz galdy, Ilim iÿesiz galdy, Ýolun ýitirdi tolkun, Derýa gaýasyz galdy, Ýowuz boldy döwranym, Ýalňyş ýördi zamanam, Öýsüz, idegsiz galdy, Hatasy kän ynsanam. Salgy ber ynsanyň öýüni maňa, Salgy ber zamanyň teýini maňa, Köçe-köçe söýgi gözläp tapmadym, Salgy ber söýginiň köýüni maňa. Meň garaňky kalbyma, Meň garaňky oýuma, Meň garaňky ruhuma, Meň garaňky öýüme, Ýene bir Saçsana ýalkym, Kakam! Ybrahym B. 2004 | |
|
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||