16:01

Sen birine çalym edýäñ...

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 453 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Setirlem / Goşgular - 17.08.2024
Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024
Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024
Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024
Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024
Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024
Ýar / Goşgular - 12.12.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Salam, Ybraýym aga!
Bu goşgyñyz juda ýerine düşüp, şowly çykypdyr. Sag boluñ!

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Harp ýalñyşlaryna-da, gaýry nätakyk giden ýerlerine-de bir esawan etseñiz.

0
4 ibrahimbadakhshan  
694
Hawa, Türkmen keybord diňe el telefonymda bar. Başardygymdan ýalňyşlyklary düzetjek bolaryn. Sagja boluň!

0
3 Bagabat  
43
Werlibrde ýazylan goşgy, duýgy hem pikir gysbylygy bilen ýazylypdyr. Az setire, az söze kän duýgy, kän pikir, esasanam goltgy, hemaýat beriji, duýgudaşlyk, hemaýatdaşlyk, raýdaşlyk äheňi sygdyryljak bolup jan çekileni bildirýär.

Modern lirizmine mahsus üýtgeşijek, ünsüňi özüne "ilişdirýänje" aňlatmalar bar:

- "bütin tenin tiken gurşan giň jülgäniň göbeginde gül gözleýän gyz";
- "säherden öň ýüregiňde Gün dogmagy";
- "galamyň söz çogmagy" (şu ýerde galamy wulkana (ýanardaga) meňzedilen ýaly duýdum);
- "goçak ýigdiň gözlerindäki arzuwdan doly deňiz".

Şygyr tutuşlygyna şu aşakdakylara bagyşlanýar:

1. Ruhy özboluşlylygyňdan uýalmazlyk;
2. Ruhy raýdaşlyk - "Sen ýeke dälsiň! Çünki iň bolmanda men seni syzýan, duýýan, men saňa düşünýän! Diýmek biz iki sany BIMEŇZEŞ!" diýen ýaly manyda.
3. Ruhy doganlyk;
4. Meňzemezligiň - Bimeňzeşligiň gözelligi, özgeligi.

Bellikler:

1. Harp ýalňyşlyklary juda kän. Esasanam "ý, ş, ň" harplary türkmen elipbiýiniň harplary däl. Mümkin awtoryň ýazýan elektron enjamynda bu harplar elýeterli däldir. Şol sebäpden belki Ybraýym aga, siz, adminden ýa-da moderden haýyş etseňiz ol bu şygryňyzy redaktirläp, harp ýalňyşlaryny düzedip berer. Çünki harp ýalňyş kän bolsa, islendik çeper eseriň täsiriniň azyndan 70%-ni zaýalaýar diýip pikir edýärin.
2. "yşk yşygy dura çkip", "gam-gussany", "çalym edýň", "arzow", "magtymgula" ýaly jümlelerde ýalňyşlar gidipdir.
3. Diri adama "närse" diýip ýüzlenmek ýa-da diri adamy "närsä" deňemek dogrumyka? Türkmen dilindä-hä, beýle diýilmeýär. Närse - bu predmet, zat. Ýöne käbir ýerde adama "zat" diýilýändigine çeper eserlerde duşup gördümmikäm diýýän (şu mahal anyk ýadyma düşmeýär).
4. Setirleri hasam syntgylap artykmaç sözleri aýryp bolaýjak ýalymy, Ybraýym aga?! Mysal üçin:

Hiç kime meňzemeýäň,
meňzemeýäň hiç zada.
Ýollar ýolundan azaşýar,
seni görse.

Ýöne dünýäm,
birine çalym edýäň,
örän-örän?!

Buluda bürenen tümlükde (şu ýerde "asmanda" diýmek gerek dälmikä diýýän, sebäbi "bulut" diýilse, "asman" göz öňünde tutulýandygy öz-özündenem düşnüklimikä diýýän),
gülüp duran ýalňyz ýyldyz bolar-a,
güýzüň güni,
tenin tiken tutan jülgäň göbeginde,
gül gözleýän näzenin gyz bolar-a,...
we ş.m., we ş.m..

Umuman şowly çykan şygyr diýip hasaplaýaryn.
Galamyň ýiti bolsun, Ybraýym aga!

0
5 ibrahimbadakhshan  
694
Serdar aga, gowy hem ýerlikli bellikler edipsiňiz! Başardygymdan düzetjek bolaryn. Şu ýerde tekst bilen bilelikde sesýazgy hen goýup bolýan bolsady, belki bular ýaly formasy klassyky däl goşgular üçin gowy bolardy!?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]