03:16 Karantin günlerinde okamak we ýazmak... | |
KARANTIN GÜNLERINDE OKAMAK we ÝAZMAK...
Edebi makalalar
Häzirki kynçylykly karantin günlerimizde iñ bagty çüwenler, megerem, işlerini öýde oturan ýerlerinden edip bilýänler bolsa gerek. Biz žurnalistleri-de şolardan hasap etse bolar, adaty günlerde eýe bolup bilmedik boş wagtymyz bar - pursatdan peýdalanyp bizem diñe okamaga we ýazmaga çalyşýarys. “Ýazmaga çalyşýarys” diýdim, çünki koronawirus (Kowid-19) ýokanjynyñ adamzadyñ depesinden inderen urgusy, ertirki günümiziñ nämälimligi, ýakynlarymyz we dost-ýarlarymyz bilen görşüp-duşuşyp bilmezligimiziñ döredýän agyr gussasy, belli bir derejede azatlygymyzyñ çäklendirilmegi - islesek-islemesek adam pahyry howatyrlandyrýar. Käte kompýuterimiñ başynda ýeke söz ýazyp bilmän birnäçe sagatlap oturýaryn. Düýnem ýazmakdan halys tamamy üzüp, şahsy kitaphanamda syýahata çykdym, ençe wagtdyr elime almadyk kitaplarymy waraklap, ep-esli "gezim" etdim. Tekjeleriñ yzky hatarynda okalmagyna garaşylýan, gözden yrak galandygy üçin ýadymdan çykan birgiden kitabym bar bolsa näme! Diñe yzky hatarlarda däl, öñki hatarlarda-da... Hususanam ýerinden gozgap almasy-da aýratyn güýç talap edýän prestiž kitaplary barada gürrüñ etmek aýratyn makalamyñ temasy. Prestiž kitaplaryny gözden geçirenimde "İBB Kültür AŞ" neşirýatynyñ on ýyl öñ neşir eden bir kitaby ünsümi çekdi: "Adolf Talassonuñ ýazan Fausto Zonaronuñ suratlandyran Dersaadeti. Sagadat gapysy Stambul" (2009). Kitabyñ çapdan çykan wagty okap, bu barada birem makala ýazypdym. Mazmunyna göz aýlanymda "Remezan gijesi" bölümine gözüm düşüp “Tamam” diýdim, “Bu hepde birwagtky Stambul remezanlarynyñ lewantenleriñ* gözünde nähili görnüşini ýazaýyn-la!” * * * Adolf Talasso (1855-1919) Stambulda doglup kemala gelen we bilimini Parižde alan lewantenlidir... XIX asyryñ başlarynda Stambul-Pariş aralygynda gidip-gelmeli durmuşda ýaşan we Osmanlyda şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, teatr sungaty ýaly ugurlar boýunça ýazan bu täsin adam Zonaronuñ-da ýakyn dosty bolupdyr. Onuñ dostlarynyñ arasynda Parižde Wiktor Gýugo, aktrisa Sara Bernar, Stambulda Namyk Kemal, şazada Abdylmejit ependi ýaly belli şahsyýetler bar eken. Talassonuñ 1885-nji ýylda çap edip başlan "Le Revue Orientale" öz döwrüniñ sungat we çeper edebiýat dünýäsini diýseñ gowy şekillendiren žurnaldyr. Namyk Kemal, Ebüzziýa Tevfik, Rejaizada Mahmud Ekrem er Ryza Tewfik ýaly ýazyjylar bu žurnalyñ esasy ýazyjylary bolup çykyş edipdirler. Ýazyjy Talasso Stambulyñ we Parižiñ intelligensiýa gatlagynyñ arasynda giñden tanalýan, çuññur hormatlanylýan bolsa-da, aslynda seredilende iki paýtagtda-da "gelmişek" saýylypdyr. Bogem (göçhä-göçlükli we durnuksyz) durmuşda ýaşandygy üçin ömrüniñ soñky ýyllarynda ýoksullygyñ we garyplygyñ laýyna batan Talassonyñ üç kitaby bar. 1906-njy ýylda neşir edilen "Les Premiers Salons de Peainture de Konstantinople" (Stambuluñ ilkinji şekillendiriş sungaty salonlary"), 1908-nji ýylda neşir edilen "Déri Sé’adet ou Stamboul: Porte du Bonheur" ("Dersaadet. Sagadat gapysy: Stambul") we senesi görkezilmedik "L’Art Otoman" ("Osmanly sungaty"). Parižde çap edilen "Déri Sé’adet" kitabynyñ surat bezegi “Ressamy Hezreti Şehriýarî” Fausto Zonaro tarapyndan ýerine ýetirilendigi üçin aýratyn gymmaty bar. Bary-ýogy ekzemlpýar tiraž bilen çap edilen kitapda Talassonyñ "Şäher we durmuş", "Zenan", "Söýgi" bölümlerinde bir ýere jemlän ýigrimi dört makalasyna goşmaça Zonaronyñ kyrk dokuz makalasy-da ýerleşdirilipdir. Makalalar-da, suratlar-da iññän nepis... Talassso, kitabyna manzum bir “Doga” bilen başlaýar: “Eý Stambul, soltanlar şäheri! Eý Stambul, sagadat derwezesi! Sen altyn buýnuza asylan açaryñ bilen Ýewropa hem Aziýa açylan goşa ganatly Bosforyñ kenarlarynda Sagadat derwezesisiñ! Şan-şöhrat, öwgüler saña bolsun! Sen Allanyñ iki jahana birlijde basan möhürisiñ! (...) Eý Stambul! Salam bolsun saña! Saña hormat goýýaryn we köñlümi bagyş edýärin! Metjitleriñe we minaralaryña, aşyk men namaza çagyrýan müezzinleriñ sesine, aşyk men seniñ dar köçeleriñe, haremhanalaryñ gözenekli penjirelerine we halkyna, dini aýdymlardan we ýagtylyklardan doly bagtyýar günleriñe. Seni ýaradana hamdy-senalar bolsun! Ol seni bize niçiksi haoslardan, gara günlerden geçirip getirdi! Omyn.” Doganyñ yzyny Zonaronyñ taryhy ýarymadany Gün dogup durka şekillendiren suraty we Talassonyñ "Stambul Gün doganda" atly ýazgysy dowam edýär. Soñra Zonarodan Stambulyñ dini we tasawwuf durmuşyny janlandyrýan üç figuratiw surat (meselem tüýdük çalyp duran mewlewi) we Talassodan "Ertir namazynyñ azany"... Yzyndan köne Stambulyñ balykçylary, tulumbajylary (ot söndürijiler), arzuhaljylary (puluna hat, arz-şikaýat ýazyp berýänçiler), gezende sertaraşlary we başgalary, Remezany, baýram günlerini, Hederlezi (gagauzlaryñ milli baýramy), baýram ýerleri, çaýhanalary, dar köçeleri, agaç jaýlary, hanalary, hammamlary, bazarlary bilen bilen bir bitewi Stambul durmuşyny janlandyrýar. *** Zonaronyñ çotgasy-da, Talassonyñ galamy-da orýantalizmden doly saplanmandyr, emma olar toslama "Gündogary" ýa-da hyýaly "Stambuly" däl-de, içinde ýaşap ýören, janlary ýalu söýýän, özleriniñ bir bölegi hasaplaýan şäherlerini beýan edýärler. Kitaby çapa taýýarlan Ömer Faruk Şerifogly Talassonyñ orýantalizmine tankydy bellik derejesinde şu sözleri ýazypdyr: “Birnäçe suratkeş zenanlaryñ başyna ýapynja, erkeklere saryk oturdyp, Gündogar manzaralaryna mahsus minaralary-da ilteşdirip, hakyky türk durmuşyny janlandyrýandyrys öýdýärler (...) Şol suratlarda şekillendirilenler türkleriñ ýurdy bolan Türkiýe däldir. Hakyky Türkiýäni çekip bilmek üçin Gün dogup gelýärkä şapagyñ şuglasyny, ýakyp-ýandyryjy öýle wagtlaryny, altyn Günüñ şöhlesini we batyşyny görmeli, munuñ üçin uzak ýyllap şol ýerde ýaşamaly. Onuñ yşygtny, kölegeleriniñ, urp-adatlarynyñ we özboluşly halkynyñ ruhuny duýmak we beýan edip bilmek gerek.” * * * Dersaadetdäki makalalardan biri-de “Remezan gijesi". Talassonyñ nurana Remezan gijelerini joşgunly dil bilen teswirleýän bu ýazgysyny okanymda, öz görüp ýören we tagamyny alyp bilmeýän “Mahzun Remezan” günleri ýadyma düşdi. Gijeleri-de mahzun, gündizleri-de... Remezan aýy şol bir wagtyñ özünde ýaraşma, öýke-kineleri unutma, jebisleşme, paýlaşma, arkalaşma, dost-doganlaşma aýydyr. Ynha, şeýle, şahsy kitaphanamy gözden geçirenimde, Adolf Talassony täzeden açdym. Aslynda meniñ maksadym onuñ "Remezan gijesi" makalasyndan söz açmakdy, ýöne oña ýerim galmady. )) ____________________________________ * Lewanten - Osmanly döwletiniñ çäklerinde ýaşan fransuz-italýan asylly katolikler. Beşir AÝWAZOGLY, besirayvazoglu@karar.com 03.05.2020 ý, "Karar" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |