ÝOKANÇ KESEL ÜÇIN ŞA-DA BIR, GEDA-DA...
Angliýanyñ mirasdüşer şazadasy Çarlz, premýer-ministri Boris Jonson, Monakonyñ şazadasy Albert II, başga-da birgiden syýasatçylar, Golliwudyñ käbir ýyldyzlary, meşhur futbolçylar... Koronawirus baý-garyp, tanymal-tanalmaýan, güýçli-ejiz diýenok - barmak büküp sanardan köp birnäçe döwlet işgäri, sungat işgärleri, futbolçylar, hatda lukmanlaryñ özü-de bu gorkunç duşmanyñ girisine düşdi. Emma güýçlileriñ we meşhurlaryñ puly köp bolandygy üçin olaryñ bejergi alma artykmaçlygy-da köp bolandygy sebäpli halas bolma mümkinçilikleri-de köp...
Görşüñiz ýaly, üns merkezinde bolmagyñam hemme zada çäre bolup bilmeýändigini taryhdaky mysallaryndan-da bilse bolýar. 1918-nji ýylda ilki Amerikada başlap, üç ýyl dowam eden ispan dümewi Ispaniýanyñ koroly Alfonso XIII, meşhur sosiolog we ykdysatçy alym Maks Weber, Zigmund Freýdiñ gyzy Sofiýa ýaly birnäçe tanymal şahsyýetleriñ ömür tanapynyñ üzülmegine sebäp bolupdy. Mustapa Kemalyñam Anadola geçmänkä bu kesele ýolugandygy, emma ýeñ bermändigi barada aýdýarlar. Çynmy, ýalanmy... ony welin, bilemok.
* * *
Gadymyýetiñ köpçülikleýin ýokanç keselleriniñ dünýä ilatyny palaç ýatyran ýaly ýatyrandygy taryhy çeşmelerden mälim. Çeşmelerde agzalýan iñ gadymy çuma epidemiýasy hettler döwründe Anadolyda bolup geçýär. Bu maglumata nemes žurnalisti K.W.Keramyñ "Tañrylaryñ watany Anadoly" kitabynda gabat geldim.
B.e.öñki 1300-nji ýyllarda hett taryhynyñ iñ belli patyşalaryndan Suppiluliumanyñ ölümünden soñ tagta geçen ogly Arnuwandas III hökümdarlygynyñ ilkinji ýylynda başlan köpçülikleýin çuma keseli ýolugyp aradan çykýar.
Onuñ ýerine patyşa bolan Mursili I-iñ bu beladan halas bolmak üçin çokunýan hudaýlaryna ýalbaryp okan bir täsin mynajaty bar. K.W.Keram muny adamzat medeniýetiniñ ilkinji edebi ýadygärlikleriniñ biri hasaplaýar, onuñ "ynsan ruhuny gurşap alýan beýan ediş güýjüne eýe" hasaplaýan bu uzyn doga-mynajatyñ bir bölegini siziñ dykgatyñyza ýetirmek isleýärin:
Eý Hettleriñ tupan hudaýy, meniñ hojaýnym,
Eý Siz, meñ hojaýnym bolan ähli hudaýlar!
Dogrudyr, adamlar güna edýärler.
Meniñ pederimem günä iş etdi.
Hettleñ tupan hudaýynyñ,
meñ Hojaýnymyñ sözüni diñlemedi.
Emma men, ýeke günä iş etmedim.
Dogrudyr,
Kakanyñ günäsi ogluna-da geçer.
…….
Hem indi men kakamyñ günäsine güwä geçýänim üçin,
Eý Hettleriñ tupan hudaýy, eý meniñ eýäm,
Eý Siz, meniñ eýäm bolan ähli hudaýlar!
Niýetleriñiz indi üýtgesin!
Indi meñ üçinem täzeden dostlukly zatlar oýlanyñ!
Hem indi çumany Hett ýurdundan kowuñ!
* * *
Bizde köpçülikleýin ýokanç keselleri ýaýranda aradan çykan tanymal şahsyýetlerimizden kimler barka diýip oýlandym. Düýpli barlag işleri geçirilse, ep-esli kişiniñ atlary ýüze çykyp bilerdi, emma meniñ ýadyma-ha häzirlikçe üç adamyñ ady düşdi. Birinjisi Hammamizada Ysmaýyl Dede ependi... Ömrüniñ ahyrky ýyllarynda ýurtdaky üýtgeşmelerden biynjalyk bolan bu beýik sazanda 1845-nji ýylda köpden bäri arzuwlap gelýän haj parzyny ýerine ýetirmek üçin patyşadan idin alyp, ýola rowana bolupdyr. Ýanyna-da saýlama şägirtlerinden Dellalzada Ysmaýyl, Mutafzada Mämmet ependi dagylary alypdyr.
Haja gitmezden öñinçä şägirtlerine: “Indi bu oýunyñ mazasy gaçdy” diýendigi rowaýat edilýär. Ahmet Hamdy Tanpynaryñ pikirine görä, Dede bu sözi bilen bir älemiñ gutarandygyny, bir zowkuñ, bir añlaýşyñ, bir ýaşaýyş-durmuş formasynyñ soñlanandygyny ýañzydypdyr. Şol sebäpli haj onuñ üçin bir wagtyñ özünde gaçmak üçin bahana bolupdyr.
Dede haj parzyny berjaý edenden soñ, şol wagt Hyjazda giñden ýaýran holera keseline ýolugyp, Minada könekiler aýtmyşlaýyn “irtihâl-i dâr-y beka” edipdir. Milady ýyl hasaby bilen 1846-njy ýylyñ 29-njy noýabry, hijri-kamary hasaby bilenrm 1263-nji ýylyñ Zülhiçje aýynyñ 10-y şol ýylyñ Gurban baýramynyñ birinji gününr gabat gelipdir. Zülhiçje aýynyñ 10-y Dedeniñ şol bir wagtda dünýä inen güni eken. Onuñ iñ soñky aýdymy sözlerini "Ýürük degirmenler kimin dönerler" goşgusyna düzen "Şehnaz" ylahysydyr.
Ýahýa Kemal bir rubagysynda Dede ependiniñ ölümüni şeýle suratlandyrýar:
“Taguna giriftar bolup Minada,
Jan berdi jähennem deý hummada.
Pany bolsa aýdymlaryñ hallaky,
Dogulmak, ýaşamak boşmuş dünýäde”.
Tewfik Fikretiñ ejesi Hatyja Refiýa hanym hem haj möwsüminde holera keseline ýolugyp aradan çykanlaryñ biridir. 1879-njy ýylda gyzy Sydykany-da alyp, agasy Hasan Nury beý bilen bile haja giden Refiýa hanyma sag-aman gaýdyp gelmek nesip etmändir. Şol ýyl Hyjazda dörän köpçülikleýin ýokanç keselde ilki Hasan Nury beý holeranyñ girisine düşýär we "Wadiü’l-Fatıma"-da jaýlanylýar. Refiýa hanymyñam Medinä bir günlük ýolda ölendigi we çölde depin edilendigi aýdylýar. Fikretiñ ýeke galan uýasyny Sürreýi Humaýunyñ emini (Osmanly halyfy tarapyndan Stambuldan Mekge-Medinä ugradylýan zatlara jogapkär gulluguñ başlygy -t.b.) tarapyndan Stambula getirilýär.
Fikret ejesiniñ ölümi zerarly çekýän gaýgy-hasratyny soñky ýyllarda ýazan birnäçe goşgusynda beýan edipdir. Bulardan “Hemşiräm üçin” goşgusynyñ başynda geleñsiz elleriñ ejesini gyzgyn çägelere gömendigini, şol wagtdan bäri haçanda gaýgy-hasrata gark bolup we çäresizlik bilen kybla ýüzüni öwürse, käbesini ilki düýäniñ üstünde hataba ýapyşyp barýan, soñra çägeleriñ arasynda perişan halda görýändigini, onuñ mazar yşaratynyñ belki bir tikenekli ösümlik, zyýaratçylarynyñ düýeler bolandygyny, hatda belki bularyñam ýok bolmagynyñ mümkindigini ýazypdyr.
* * *
Ýadyma düşen üçünji bir köpçülikleýin ýokanç keseliñ pidasy bolan şahs - bu gün edebiýaty öwreniji alymlardan başga az-az adamyñ tanaýan, emma Ikinji Meşrutiýet ýyllarynyñ meşhur şahyry, ýazyjy we edebi tankytçy Şahabeddin Süleýmandyr. Ol aýaly Ihsan Raif hanym bilen bile Şweýsariýa gidende, Dawos-Platz posýologynda 1919-njy ýylyñ başlarynda ispan dümewine ýolugyp aradan çykypdyr. Bu tragiki ölümiñ jikme-jikliklerini bilmek isleýän okyjylaryma Ýakup Kadriniñ "Ýaşlyk we edebiýat ýatlamalarynda" gadyrdan dosty Şahabeddin Süleýmandan söz açýan bölümi we Mehmet Öklüniñ "Hiç kime arz etmerin" ("Kimseye Etmem Şikâyet" (2013) atly dokumental romanyny okamagy maslahat berýärin.
Hawa, köpçülikleýin ýokanç keseller tanymaly-tanalmaýany, güýçlini-güýçsizi seljerip duranok. Şonuñ üçin ilkinji nobatda ätiýajy elden bermezlik we gowy günlere ýetmek üçin ellerinden gelen işi edýän jogapkär işgärlerdir ýörite hünärmenleriñ ündewlerine eýermek, duýduryşlaryna gulak asmak gerek.
Beşir AÝWAZOGLY,
besirayvazoglu@karar.com
12.04.2020 ý, "Karar" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Edebi makalalar