KINDIWANJA ÝÜREGIMI KIME BERSEMKÄM?
Meniň bir kiçijik, örän kindiwanja ýüregim bar. Enem: «Adamyň ýüregi boş bolmaly däldir» diýerdi. Şonuň üçin köpden bäri ýüregimi kimdir birine bereýin diýip pikir edip ýörün. Adamlaryň iň gowusyna, iň mähribanyna ýüregimden ýer bereýin. Muny nädip aýtjagymy hem bilemok. Bir owadanja öý ýaly, kindiwanja ýüregimi juda-juda eý görýän adamyma bereýin. Ýa men kimiň muňa mynasypdygyny bilip bilmezmikäm?! Meniň örän kiçijik, päk ýüregimiň içinde orun tutmaga kimiň hukugy barka? Dogrudanam, ony nädip tapsamkam?! Kakam: «Ýürek adamlaryň iki-üç sagatlyk ýa-da iki-üç günlük bolup gidýän myhmanhanasy däldir. Ýürek baharda ýasalyp, güýzde şemalyň äkidýän serçe höwürtgesi hem däldir» diýýär. Ýüregiň nämedigini dogrudan-da bilemok, emma onuň örän gowy adamlaryň ornudygyny welin, anyk bilýän. Köp wagt pikir edenimden soň, ýüregimi ejeme bereýin diýip niýet etdim. Sebäbi oňa şondan başga adamy mynasyp görmedim. Ony şeýle hem etdim. Haçan-da ýüregime seredenimde, mähriban ejemiň onuň içinde ýer alandygyny we örän rahatlanandygyny gördüm. Ýöne ýüregimiň ýarysy ýene-de boş galypdyr. Indi men ýene bir zada düşündim. Men ýüregimi ejeme we kakama bermelidim. Muny şeýle-de etdim. Soň näme bolandygyny bilýäňizmi?! Seretsem, ýüregimiň içinde ýene-de azajyk boş ýeriň galandygyny gördüm. Şol boş ýeri dessine juda eý görýän adamlaryma bermegi niýet edindim. Muny hem amal etdim. Ýüregimden uly agama, uýama, inime, atama, daýyma we kakamyň erkek doganyna ýer berdim. Indi-hä ýüregimiň içinde ýer galan däldir öýtdüm. Bu adamlaryň hemmesi şeýle kiçijik ýüregimiň içine gowuja ornaşdymyka beri?! Emma oňa seredenimde, bilýärsiňizmi nämäni gördüm? Bu adamlaryň hemmesi ýüregimiň ýarysyna ýerleşipdir. Dogry ýarysyna. Olar rahat gürleşýärdi, gülüşýärdi. Dar ýere ýerleşendiklerinden asla närazy däldiler. Soň kimlere nobat ýetdi diýseňizläň? Ýüregimiň galan ýerini, ýagny boş galan bölegini töweregimde ýaşaýan gowy adamlaryň ählisine — dogan-garyndaşlaryma, dost-ýarlaryma, çagalary gowy görýän mugallymlara berdim. Bilýärmisiňiz? Bu kiçijik ýere hemmeler nädip ýerleşip bilýärkä diýýänsiňiz? Ýöne ýerleşýär eken. Kindiwanja ýüregiň nähili uly bolup bilýändigine ýuwaş-ýuwaşdan düşündim.
Häzir meniň ýüregim bir uly şäher ýaly boldy. Oňa mekdepler, keselhanalar, esger ýatakhanalary, köçeler, etrapçalar, şaýollar, metjitler ýerleşdi, şonda-da ýene bir dünýälik boş ýer galdy. Indi ýüregime saljak adamlarymy saýlabam duramok. Meniň ýüregim hemmeleriňki, Ýer ýüzündäki gowy adamlaryň ählisiniňki. Häzir ýüregimiň bir burçunda örän kiçijik ýer bar. Bilýärsiňizmi, ol ýeri kimler üçin goýdum? Eger erbet adamlar dogry ýola düşseler, erbetlik etmeseler, olaryň hemmesini şol ýere ýerleşdirjek. Erbet adamlar ýagşy işler edip, kalplaryny arassa saklasalar, olaryň hem meniň ýüregimiň bir çüňkünde öýjagaz edinmäge haky bar. Şundan soň hem ýüregimde ýene-de azajyk ýer galar diýip pikir edýän. Ol ýer çöller, guşlar, balyklar, keýikler, daglar we beýleki köp zatlar üçin bolar. Geň galýan, hakykatdan-da, bu kindiwanja ýürekmikä ýa-da deňiz? Ýürek kiçijik hem bolsa, hiç wagt dolmaýarmyka?! Bu sorag, belki, maňa degişli hem däldir. Ulalamda munuň näme üçin şeýledigine düşünerin. Emma häzir ýüregimde orun barka, ol ýeri akgöwünli, mähriban adamlara bagyşlamagym gerek. Aslynda, ýürek şonuň üçin gerekdir, başga näme üçin bolsun?!
Nader IBRAHIMI, eýranly ýazyjy.
Pars dilinden terjime eden: Dünýägözel HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy. "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy
Hekaýalar