18:38 Kissinžer... Nikaply kommunist we uruş jenaýatkäri | |
KISSINŽER... NIKAPLY KOMMUNIST we URUŞ JENAÝATKÄRI!
Publisistika
Kissinžere gönükdirilen agyr tankydyñ sebäbi, real syýasatynyñ aç-açanlygy we onuñ ötünç soramaýan häsiýetiniñ barlygydy Kissinžeriñ obrazy wagtyñ geçmegi bilen syýasy şeýtanyñ obrazyna öwrüldi. Aldawçy, pyrryldakçy, ikitaraply jansyz... Bular onuñ obrazyny garalaýan sypatlaryñ diñe käbiri. "Simpsonlar" ýaly multifilmlerem Kissinžeri bihaýaçylykly meýilnamanyñ soñky retuşlaryny etmek üçin münbere çykan erbet adam edip görkezýär. Ilkibaşda beýle däldi. Ol özüneçekiji parlak ýyldyzlaryñ biridi. Onuñ suraty "Time" žurnalynyñ daşky sahabyny on bäş gezekdenem köp bezäpdi. Emma soñanaka hemme zat tersine boldy we jady awy başlady. Kissinžeriñ ýatlamalarynyñ awtory meşhur taryhçy Niall Fergýuson Kissinžeriñ sag gatlagyñam, çep gatlagybam aýyplamalaryna uçrandygyny aýdýar. Ekstremistik sagçylar ilki Hytaý, soñra SSSR bilen baglaşan şertnamalary sebäpli Kissinžeri kommunistlikde aýyplady we KGB-niñ "Bor" lakamly jansyzydygy hakda myş-myşlar ýaýratdy. Başga bir awtor Kissinžeriñ Wýetnamdaky urşy köpe çekdirip, ABŞ-nyñ ysgyndan gaçyrmak maksady bilen Ak Tama aralaşandygyny aýdýar. Başga bir aýyplamada bolsa "Kissinžeriñ amerikan halkyny Kremle baglamaga synanyşýan rus jansyzydygy" öñe sürülýär. Şeýle-de, edil häzir Bill Geýtsiñ täze görnüşli koronawirusy (kowid-19) ýaýratmakda aýyplanyşy ýaly, Kissinžeriñ dünýäde barha köpelýän ilaty azaltmak isleýändigi üçin AIDS keselini ýaýratmagyñ inisiatory bolandygy öñe sürülýär. Bular entek subut edilmedik ýangynly aýyplamalar bolsa-da, Kissinžer nyşana alynýan we özi hakda komplimasiýa teoriýalary düzülýän adama öwrüldi. Has köp täsire eýe çepçi gatlagyñ komplimasiýa teoriýalary ekstremistik sagçylaryñ boş sözlerinden has rasionaldy we mantyklydy. Kissinžer Çilide uly amerikan kompaniýalarynyñ bähbitlerine hyzmat edýän syýasaty goldamakda aýyplandy. Kinorežissýor Oliwer Stoun "ABŞ-nyñ gizlin taryhy" ("The Untold History of America") atly kinofilminde ony psihopat hökmünde sypatlandyrdy. Başga bir žurnalist ol hakda "Kissinžer... Ahyr nemes şiwesi we öñe seredýän gözleri bilen güýç piramidasyndaky gowşak ýerde duran we oña dyrmaşmaga synanyşýan şeýtan" doýdi. Meşhur iñlis ýazyjysy Kristofer Hitçens Çili, Argentina, Bangladeş ýaly uzyn sanawy emele getiren ýurtlarda adamzada garşy jenaýatlary etmekde aýyplady. Hitçens Kissinžeri suduñ zalynda dikmek üçin jan edýärdi. Sud edaralaryna Kissinžeriñ fotosuratyny alyp gidip, onuñ tussag edilmegini talap edýärdi. (Hitçens Gandi, Tereza ene ýaly şahsyýetlere-de hüjüm etmek boýunça ussat ýazyjy!). Kissinžeriñ üstünden ähli jenaýat, kast edişlik, tussag etme musallatlaryny inderen uzyn aýyplama we jedelkeş sanaw.... Gysgaça aýdanda, munuñ özi wagtyñ geçmegi bilen giñeýän, bir adamyñ adyna ýapyşýan, şahsyýetini öldürýän, at-abraýyny ýere sokýan komplimasiýaçy düşünjedir. Taryhçy şeýle sowaly orta atýar: - ABŞ birnäçe ýurda goşun saldy, birnäçe ýurduñ içerki işlerine goşuldy. Nämüçin Kissinžerden başga amerikan şahsyýetleri hakda aýdylýan hekaýatlary eşidemzok? Taryhyñ dürli döwürlerinde ýaşap geçen şahsyýetleriñ başyna şular ýaly ýagdaý düşýär. Olar hakda ýalñyş maglumatlara esaslanýan rowaýatlar we hekaýatlar toslanýar hem-de olardan halkyñ añyny manipulirlejek hekaýat döredilýär. Halkyñ komplimasiýa hekaýatlary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýatdan çykaramzok. Bu işiñ ýene bir bölegi agitasiýadyr. Ýaramaz jansyz we uruş jenaýatkäri Kissinžeriñ ady ummasyz girdeji getirýän düşewüntli işe öwrüldi. Syýasy ýazyjy Ýozef Ioffeniñ "Kissinžer" kitabynyñ awtory Uolter Aýzeksona beren jogabynda Kissinžeriñ üstüne eñterilip durlan hüjümiñ sebäbi hakda başga bir garaýşy görýäris. Ioffe Aýzeksonyñ "Kissinžeriñ ilki asyñ, soñ sud ediñ!" diýen ýaly sözüniñ bardygyny aýdýar. Kitapda Aýzekson göni Kissinžere ýüzlenip: - Genri, maña seret. Indi sen hakyky amerikalysyñ. Biz Metternihdir Bismarkyñ ýerine Tomas Jeffersony, Wudro Wilsony isleýänimiz üçin Ýewropadan gaçdyk - diýýär. Bu teýeneli gepde gizlin haýynlykda aýyplama ãheñi duýulýanam bolsa, Kissinžeriñ nemes gelip çykyşyna yşarat edýär. Awtor "real syýasaty" däl-de, "ideal syýasaty" isleýändiklerini aýdýar. Ioffe bolsa özüne şeýle jogap berýär: Nämüçin Jefferson däl-de, Bismark? Ikinji jahan urşunyñ yzyndan ýekeligi soñlanandan we dünýä ýurtlarynyñ arasyna goşulandan soñ ABŞ-nyñ indiden beýläk "real syýasata" bil baglamakdan we dürli halkara güýçler bilen gatnaşyk açmakdan başga çykalgasy galmandy. Sowet Soýuzy ýaly ullakan duşman tarapyndan abanýan howp bardy we hiç kimse okeanlary Britaniýa imperiýasy ýaly gorap bilenokdy. ABŞ muny hökman edäýmelidi, şonuñ üçinem prezident Ruzwelt Gitleri ýok etmek üçin Stalin bilen güýç birikdirdi. Kissinžere gönükdirilen agyr tankydyñ sebäbi, real syýasatynyñ aç-açanlygy we onuñ ötünç soramaýan häsiýetiniñ barlygydy. Ýurduñ içi kanunlar we ideal gymmatlyklar, daşarsy bolsa döwletleriñ arasyndaky güýç deñagramlylygy bilen dolandyrylýar. Şu nukdaýnazardan Kissinžeriñ Ukraina konflikti boýunça Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskini we onuñ egindeşlerini gaharlandyran düşünjesiniñ çykyş nokadyny görýäris. Kissinžer idealizmiñ däl-de, realizmiñ iñ gowy çözgütdigini öñe sürýär. Žurnalist Semir Ataullah makalasynda Kissinžeriñ eserleriniñ diñe gysgaça mazmundan ybaratdygyna ünsi çekdi. Nikson Kissinžeri saýlap alanda prezident Eýzenhaueriñ Kissinžere garşy halamazçylygyny paýlaşan saýlama awtordan güýçli beýanat... Eýzenhauer Kissinžeri wezipä belländigini eşidende Niksona şeýle diýipdi: - Ýöne Kissinžer professor ahyryn?!. Professordan gowy ylmy işlere garaşsañ garaş, ýöne ony bular ýaly zat üçin jogapkärli wezipä belleme! Memduh MUHEÝNI, "Al Arabiya" teleýaýlymynyñ başlygy. Ýekşenbe, 05.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |