09:09 Terrorizmiñ iñ howply ýedi düşündirişi | |
TERRORIZMIÑ IÑ HOWPLY ÝEDI DÜŞÜNDIRIŞI
Publisistika
Ukudan oýanan badyna, köçä çykyp bigünä adamlary öldürmäge başlan ýeke terrorçy gördüñizmi? Bir terrorçylykly aktdan has howply zat - onyñ yzy bilen berilýän ýalñyş düşündirişlerdir. Olaryñ howpy meseläni içgin öwrenmeýänligi we çaltlyk bilen kimdigi belli terrorçylara añ we mantyk taýdan tutalga berýän subutnamalara öwrülýär. Eger sypaýylyk etsek, bularyñ ýagşy niýetli düşündirişlerdigini aýdyp bileris, emma howplaryny şobada duýmak üçin şübheçi we intellektual taýdan eserdeñ bolmaly. Belli bir derejede sagdyn ynamsyzlyk bulary gaýtalaýanlaryñ käbirleriniñ faktora düşündiriş berme we analizleme gözleginde däldigini, diñleýjileriñ pikirini bulaşdyrmak we ünsüni sowmak isleýändigini añşyrmagymyzy üpjün eder. Ganly Moskwa teraktynda we has owalky teraktlarda-da hut şeýle boldy we gürrüñsiz geljekde-de şeýle ýagdaý gaýtalanar. Her gezek bolup geçýän terrorçylykly hadysadan soñ dowamly ortada gaýmalaýan ýedi howply düşündiriş barada aýdaýyn. Bularyñ gaýtalanmazlygy üçin mantyklarynyñ doly çüýredilmeginiñ derwaýysdygyny pikir edýärin. Birinji düşündiriş - terrorizmiñ sebäbiniñ garyplykdygyny aýdýar, emma terrorizmiñ ýolbaşçylary barjamly we maddy taýdan gurply adamlardyr. Olaryñ arasynda lukmanlardan, inženerlerden, maddy hemaýatkärlerden, biznesmenlerden düzülen dürli kärli adamlar bar. Terrorçylykly toparlara goşulmaklarynyñ sebäbem hökman pula bolan mätäçlikleri däl-de, akyl-paýhaslary we ugrunda pidakärlik edýän missiýasyna bolan doly ynançlarydyr. Eger bu düşündiriş dogry bolsa, onda garyplyk derejesindenem pesde ýaşaýan millionlarça adamyñ ganhor we öz janyna kast edýän bombaçy bolandygyny görerdik. Käbirleri garyplygyñ terror toparlaryna goşulmaga sebäp bolan faktorlaryñ biri bolup biljegi aýdyp biler. Bu faktor belli bir derejede dogry hem bolup biler. Emma ekstremistik ideologiýa bolmasa, ýeke garyp-gasaram adamlary gözüni gyrpman öldürip bilýän ganhora öwrülmezdi, olar ogrulara ýa-da şahsy hasabyna pul geçirýänlere öwrülerdi we müñlerçe agzasy, meýil bildirýäni bolan toparlar däl-de, diñe ýeke hereket edýän ýa-da çäkli talañçy bandalar görnüşinde bolardy. Emma ekstremistizmi öñe sürýän ideologiýa olaryñ baş motiwasion güýji bolýar. Hemme zatda garyp-gasarlary günäkärlemek, olary aýyplamak nähili gynandyryjy we masgaraçylyklydyr. Esktremizm we terrorizm baýlaryñ oýnudyr we gynansak-da munuñ agyrysyny garyplar çekýär. Ikinji düşündiriş bolsa, terrorizmiñ ýaşlaryñ günbatarly (ýa-da rus) jemgyýetlere uýgunlaşyp bilmeýänliginden gelip çykýandygy, aýratynam şeýle marjinal günäsizleriñ iñ elýeterdäki ýük awtoulagyny ogurlap, bazarlarda adamlary basgylap geçýändigi görnüşindedir. Birnäçe topar we şahs ala tutulýar, göwnüçökgünlige uçraýar, emma ganhor bolmaýar. Aklyndan azaşyp, depressiýa girip ýa-da öz janyna kast edip bilýärler, emma başgalary öldürmeýärler. Nämüçin ala tutulan hytaýlynyñ Günbatar ýurdunda terrorçylykly akt amala aşyrandygyny eşidemzok? Nämüçin hindistanly YŞYD toparynyñ adamlaryñ kellesini kesýändigini göremzok? Munuñ sebäbi belli ýaly bolup görünýär. Añlaryna musallat bolan medeniýet olary muny etmäge itermeýär ýa-da ýüreklendirmeýär. Şeýle-de ala tutulmagy protest etmegiñ başga ýollary-da bar. Bularyñ dünýäden izolirlenmek, oña nägilelik bildiemek, ony tankyt etmek, hakykaty üýtgetmäge synanyşmak ýaly ýollary bar, adamlaryñ kellesini kesmek çykalga däl. Üçünji howply düşündiriş - terrorizmiñ Günbataryñ öýlerimizi harby we medeni taýdan basyp almagyna we terrorçylaryñ edýänleriniñ Günbatar medeniýetiniñ tradision jemgyýetlere hüjüm etmegine garşylyk hasaplanmagydyr. Bu howply düşündirişe beriljek ýönekeýje jogap şular ýaly bolmaly: Onda terrorçylar nämüvin beýlekilerden has köp musulmany musulman ýurtlarda öldürýärler? Nämüçin ýaş juwan özüni ekläp-saklan ejesini öldürýär? Aýdaly, ejesi Günbatar goşunlarynyñ hasabyna jansyzlyk edýärmiş we olaryñ musulman ýurtlary basyp alma meýillerini añsatlaşdyrýarmyş. Ýagdaý şeýle bolsa, bu ýaş jihatçy ejesiniñ janyny alybermelimi? Agzalýan basybalyjylyk Gündogar bilen Günbatary harmanlaýan medeni bitewileşmedir. Munuñ netijesinde köçede täze medeni kimligi emele getiren ýüzlerçe milleti we dini görersiñiz. Aýdylýan basybalyjylyk kämahal Günbatarda ýaşaýan ekstremist wagyzçynyñ wagyzlarynda, konferensiýalarynda, minaly nutuklarynda mobilizasiýa we meçew berme guraly hökmünde ulanýan etmişe öwrülen medeni çig maldyr. "Komplimasiýa", "eksplutasiýalaşdyrma", "basyp alma", "çozma", "modernizasiýa" ýaly adalgalary ulanýar. Bu sözleri her eşideniñizde kelläñiz agyrýar. Ilkibaşdaky düşündirişler medeni, dördünjisi bolsa medisina häsiýetli düşündirişdir. Tutaryklandyryjy psihoterapiste öwrülýär we terrorça däli ýa-da ruhy näsag diagnozyny goýýar. Bu ýalñyş düşündirişdir, çünki tutuş terrorizm meselesini şahsy-fiziki saglyk problemasyna öwürýär. Muña görä, terrorçynyñ añy bilen baglanyşykly meselesi bar we şonuñ üçin akyl-huşy ýerinde adamyñ etmejek zatlaryny edýär. Etmişli dälilikdir, şol sanda medeni günäsizlikdir. Çykalgany hassahanalardan, dermanhanalardan tapmagymyzy, terrorizme garşy göreş dermanlaryny satyn almagymyzy, terrorçylary psihoterapistleriñ düşegine ýatyryp, olary diniñ adyndan çykyş edýän professional ganhorlara öwren basyrnyp ýatan çagalyk arzuw-hyýallaryny gürrüñ bermegine garaşylýar. Akylly hem-de öz-özüñi aldamakdan başga zada ýaramaýan düşündiriş. Bäşinji düşündiriş syýasy häsiýetlidir. Şonsuzam käbirleriniñ pikirine görä terrorçylar azatlygyñ we demokratiýanyñ goragçylarydyr. Olar syýasy basyşlara ee parlamentlere bildirýän meýli sebäpli gahar-gazaplaryny bigünä adamlaryñ bedenlerinde partladýarlar. Syýasy atmosferany açsañyz, agressiýanyñ awtomatiki ýagdaýda gowşajakdygyny aýdýarlar. Zewahiriden Bagdadä çenli terrorçylygyñ we gandöküşligiñ ganojak serdarlary söz sözlänlerinde Tomas Jeffersona, Aleksis de Tokwile salgylanýan bolsa, aýal-gyzlaryñ we erkekleriñ öldürilmegi üçin aç-açan çagyryşlary etmedik bolsalar, beýle pikire ynansagam ynanardyk. Altynjy düşündiriş kriminologik düşündirişdir. Terrorçylaryñ jenaýatkär hasaplanmagy ullakan ýalñyşdyr. Jenaýatkär bilen terrorçynyñ arasynda tapawut barsye. Jenaýatkäriñ terrorçylar ýaly edýän işini kanunylaşdyrýan ideologiki gollanmasy ýok. Ol ekstremist tarapdarlar ýaly ogurlyk ýa-da zorlukly ogurlyk edip Hudaýa ýakynlaşjak bolmaýar. Jenaýarkär diýlende, ähli mesele kriminal röwüşe girýär we çözüp bolmaýar. Çünki jenaýatkärler dünýäniñ ýaradylan gününden bäri bar we kyýamata çenli-de biziñ bilen bile ýaşarlar. Jenaýat edýänleriñ düşündirişleri dini ynançlardan däl-de, şahsy özüni alyp barşyndan ýa-da ýetişdiriliş terzinden syzlyp çykýar. Iñ howplusy bolan ýedinji we soñky düşündiriş bolsa, gaýtalanyp duran ýeke sözde añladylýar: "Aýtjak ýeke sözüm ýok!" Duýguçyl aljyraññylygyñ alamaty hökmünde aýdylýar, emma bu otrisatel we islege bagly eglişikdir. Howpy bolsa, bigünä adamlaryñ ganynyñ käbir hyýallaryñ hatyrasyna dökülmegi üçin aldawçylaryñ myş-myşlary we ýalñyş tutaryklary ýaýmagyna şert taýýarlaýanlygyndadyr. Ekstremizm terrorizmiñ ilkinji düşündirişidir we soñky düşündiriş bilen bir zatdyr. Heý, öñ radikallaşmadyk ýeke terrorçynyñ bardygyny eşitdiñizmi? Ukudan oýanan badyna, köçä çykyp bigünä adamlary öldürmäge başlan ýeke terrorçy gördüñizmi? Munuñ jogaby gürrüñsiz "ýok" bolar. Emma syýasy häsiýetli yslam toparlary tarapyndan döredilen ekstremistik medeniýet eýerijileri tarapyndan entek kämillik ýaşyna ýetmedik wagtyndan başlap añlaryna guýlup, olar partlama derejesine ýetirilipdir. Ähli çagalar süýt ýaly ak, arassadyr. Emma (ýaş terrorçylarda bolşy ýaly) duşmançylykly medeniýetiñ içinde ulalmalaryna ýol berilse, olar hapalanarlar we mahluga öwrülerler. Olar jenaýatkär bolmazdan öñ sözüñ doly manysynda gurban bolýarlar. Dini hoşniýetliligi we adamy ynsanperwerçilikli agzybirligi öñe sürýän üýtgeşik gurşawda we medeniýetee dünýä inendiklerini göz öñüne getiriñ. Şonda olar bigünä adamlary öldürmek, damagyny çalmak we olary rehim-şepagatsyzlyk bilen gara ganyñ içinde taşlap gitmek üçin añsatlyk bilen ulanylman, hökmany suratda doly tapawutly durmuşda ýaşardylar we il-halk üçin peýdaly işleri ederdiler. Memduh MUHEÝNI, "Al Arabiya" telekanalynyñ başlygy. Şenbe, 30.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |