19:02 Iñ soñky žurnalist! | |
IÑ SOÑKY ŽURNALIST!
Publisistika
Haçanda uly konflikt ýa-da uruş bolsa, adamlara birtopar jypdyrma habarlardyr ýalan-ýaşryk toslamalary satýan täze "žurnalist" bolmaz diýip pikir edýäris, emma her gezegem tamamyz tala dañylýar. Eýsem näme üçin her gezek uly konfliktde şeýle žurnalistsumaklaryñ obrazy gaýtalanyp durýar? Elbetde, bu ýöne bir netije ýa sebäp däl. Bu ýagdaý adamlaryñ özlerini ynjaldyp biljek ýalñyş maglumatlary eşitme zerurlygyndan gelip çykýar. Şular ýaly ýagdaýlarda şeýle täze "žurnalist" orta çylýar we ýeñiş gözlegi bilen adamlaryñ duýgisyny manipulirleýär. Ol ähli şarlatanlyk ukyp-başarnygyny ulanýar we tama edilen zatlary ulaldýar. Uly şan-şöhrat we belki-de, ummasyz köp pul gazanýar. Sarsgyna salyjy ýeñliş gelil ýetende-de yza çekilýär. Sebäp şondan soñ oña edere iş galmaýar. Soñky uruşda ýene täze "žurnalist" orta çykýar... Ýagdaý şeýdip gaýtalanyp dur. Adamlar bular ýaly žurnalistsumaklaryñ orta çykmagynyñ we duýgularyna aralaşmagynyñ öñüni alyp bilerlermi? Belki-de, şeýle ýagdaýda žurnalistlik garaýşy we arzan propoganda bilen şygryýet we ritorikanyñ arasyndaky tapawut üýtgeýändir. Hakyky žurnalistlik ajy derman ýalydyr: hakykaty bolşy ýaly berer we diñleýjiniñ we okyjynyñ bulary başga reñke bürenmezden görmegini gazanar. Islendik düzediş, ýoýma we aldama käriñe we adamlara hyýanat etmek bilen deñdir. Muny düwnük keseline ýolugan näsaga onuñ sagdygyny aýdýan lukmanyñ hereketi bilen deñeşdirip bileris. Elbetde, janynyñ sagdygyny eşitmek näsagy begendirer we ynjaldar, ýöne düwnük ony barybir öldürýär. Näsaga dogry maglumaty bassyr-bussyrsyz aýtmak bolsa onuñ gutulmagyna ýardam edýär. Keseliniñ ýagdaýyny bilse gaharynyñ gelmegi, boýun alasynyñ gelmezligi mümkin, emma ajy hakykatyñ owadan ýalanlardan has gowudygyny biler. Ine, şonuñ üçinem bular ýaly şarlatanlar hakyky žurnalistikada üstünlik gazanyp bilmeýär, emma şü tetellilere çokunýan we bulary döredýän arzan žurnalistikada hemişe ýer tapýarlar. Nädogry maglumatlary aýdýandyklaryna üns bermelidirem öýtmeýärler, soñunyñ näme bilen gutarjagyna seretmeýärler, hiç hili jogapkärçilik duýmaýarlar. Gaýtam tersine, goraýandyrys öýdýän çagalarynyñ ganyna galýandyklary bilselerem, haýsydyr bir hünär we ahlak jogapkärçilik duýgusy bolmazdan has köp ýalan sözlemeklerini dowam etdirýärler. Olaryñ arkasynda durýan adamlar bolsa köplenç wakanyñ bolýan ýerinde daşda bolýar, şonuñ üçin olaryñ ütüklije arassa eşiklerine ýeke damja gan syçramaýar. Žurnalistikada ýalan sözlemek elmydama-da ýaramaz zat, emma uruş wagtlarynda ýalan sözlemek has ýaramazdyr. Çünki adamlar ýalñyş maglumatlara salgylanmagyñ öwezini şirin janlary bilen ödemeli bolýar. Käbir adamlar (köplenç durmuşda, ýöriteläbem žurnalistikada) sizi halamasa-da, sizi tankyt etse-de, hüjüm etse-de, size myjabat atyp ýalan sözläsleri gelse-de (bu hasam añsady) olara dogry maglumaty bermek gerek. Nämüçin ýapon, amerikan ýa-da iñlis "žurnalistiniñ" habar beriş serişdelerine çykyp, adamlaryñ pikirini bulaşdyrýan maglumatlary berýändigini göremzok? Jogaby düşnükli. Ilki bilen ady agzalan ýurtlarda toslama we ýalñyş maglumatlara goldanýan bular ýaly zatlary kabul etjek habar beriş serişdesi ýok. Kämahal toslama maglumatlary we ýalñyş habarlary ýazýan žurnalistler ýek-tük çykýar, emma bular hemişe paş edilýär we yzyndan işden kowulýar. Olaryñ işlän metbugat organy-da diñleýjilerinden we okyjylaryndan ötünç soraýar. Bular ýaly zat hemişe bolup durýar, iñ abraýly mediýa organlarynda-da ýalñyşlyk goýberilýär, yalñyş maglumatlar syzdyrylýar, süýji sözli gepe çeper aldawçylar habar beriş serişdelerine aralaşýar. Emma bular ýaly adanlar köpçüligiñ öñünde paş edilenden soñ ol ýerden gyrakladylýar. Mediýa serişdesi nämüçin şeýle hereket edýär? Sebäbi paş edilen žurnalist şol edaranyñ at-abraýyna, ygtybarlylygyna zeper ýetirýär. Ondan halas bolmak - iñ esasy zat bolan ygtybarlylyga ýetirilen zeperi düzetmek işidir. Ady agzalan ýurtlarda we abraýly mediýa organlarynda şarlatanlara duş gelmezligimiziñ ýene bir sebäbi-de, adamlaryñ žurnalistiñ rolunyñ özlerine düýp çeşmesinden dogry we ygtybarly maglumat bermekdigini görmekleri we özlerine ýalan sözlenmegini ýa-da hakykatlaryñ ýylmanyp berilmegini islemeýändiklerindedir. Başgaça bolanda, haýsydyr bir habar kanalyna seretmegiñ ýa-da gazet okamagyñ göwnüñize ýaran maglumatdan öñinçä göwnüñize ýaramadyk maglumaty almakdan başga näme manysy bolup biler? Syýasatçylar, ministrler, serkerdeler, kompaniýalaryñ hojaýynlary, klup başlyklary ýaşyrynlykda işlejek bolýarlar. Habar beriş serişdeleriniñ roly şol ýaşyrynlygy aradan aýyrmakdyr. Olar hakykatyñ bir bölegini aýdyp, galanyny gizleýärler, žurnalistlerem aýdylman galan bölegini halka aýan edýärler. Olar köpçülikleýin gatlaklary manipulirlemek üçin duýgulary ulanýar, žurnalistler bolsa şol duýgulary neýtralizirleýär we hakykary (mümkin boldugyndan) bolşy ýaly berýär. Žurnalistleriñ roly birdir we şonuñ üçinem olar halanmaýar. Köp kişiniñ gaharyny getirýärler. Çünki özlerini gyzyklandyrýan zatlara burnuny sokýar (käbirleri gyzyklandyrmaýan zatlara-da burnuny sokýandyklaryny aýdýandyrlar), emma olaryñ hünäri seljerilmäge we dezinformasiýa gerdejiklerini añsatlyk bilen ýuwtmazlyga baglydyr. Iñ uly problemasy žurnalistiñ ýalanlaryñ çeşmesi bolan ýagdaýynda ýüze çykýar. Sebäbi onuñ missiýasy munuñ doly tersini çaklaýar, ýagny başgalary çapraz görkezmeler we ýalñyş maglumatlar bulen ýüzleşdirmek hem-de olaryñ çaparyna öwrülmezlik, şahsy we intellektual meýillerini aradan aýyrmak we bulary käriñe aralaşdyrmazlykdan ybarat. Ady agzalan ýurtlarda din, magnawyýet, syýasat, maliýe ulgamlarynda aldawçylara kän gabat gelýänsiñiz. Bu dogry. Çünki bu ulgamlar dogry maglumata däl-de, halas bolmagy dinden, baýlygy barjamly adamlardan, nasionalizm duýgusyny we milli buýsanjy syýasatçylardan gözleýänleri yzarlamaga goldanýar. Adamlar bu ugurlara gözüni dañyp we çuññur duýguçyl mätäçliklere örklenen ýagdaýda girýärler. Şonuñ üçinem olary añsatlyk bilen manipulirleýän we olara hyýaly pikir-arzuwlary satýanlara köp duşýansyñyz. Emma hakyky we akyly-huşy ýerindäki žurnalistika mundan tapawutlydyr. Sebäp hakyky žurnalistika diñe dogry maglumatlary habar bermäge esaslanýar. Şol sebäpli-de, ugruny ýitiren şeýle kezzaplar käriniñ prinsiplerine ters gelýändigi üçin bu işde üstünlik gazanyp bilmez. Edil bir şarlatanyñ abraýly hassahanada işlemegine ýol berilmeýşi ýaly... Bular ýalylaryñ hökman üsti açylýar we syrtyna şakyrdak dakyp işden kowulýar. Çünki beýle adamyñ hassahanada galmagy näsaglaryñ ölümine sebäp bolýar. Şular ýaly kezzaplara diñe arzan bahaly saglyk öýlerinde özbaşdak işläp ýörkä gabat gelip bilersiñiz. Olar saglyk öýüne ýüz tutan garyp görgülileriñ puluny soýýarlar we olara keselini güýçlendirýän reseptleri ýazyp berýärler. Žurnalistikada-da şolar ýaly bolýar. Kezzaplaryñ köpelen arzan bahaly saglyk öýündemi (habar beriş serişdesindemi), ýa bolmasa hakykaty bolşy ýaly aýdýan düýpli hassahanada işläsiñiz geler? Size ýalan sözleýän we ýalñyş maglumat berýän biri gerekmi ýa-da içinde nämeleriñ bolup geçýändigini bilip, sizi hakykat bilen ýüzleşdirýän biri gerek? Okyjylaryñ we diñleýjileriñ hakyky žurnalistikanyñ roluna düşünmegi täze žurnalistsumaklaryñ we şarlatanlaryñ orta çykmagynyñ öñüni aljak iñ esasy zatdyr! Memduh MUHEÝNI, "Al Arabiya" telekanalynyñ başlygy. Şenbe, 04.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |