13:48 "TikTok" jansyzlyk ulgamymy? | |
"TikTok" JANSYZLYK ULGAMYMY?
Publisistika
Iki tarapyñ arasyndaky uruşda "TikTok"-yñ bahana we kart hökmünde ulanylmagy-da şol bir sebäpden Her üç ABŞ-lynyñ biri "TikTok" ulgamyny ulanýar. Soñky ilat ýazuwynyñ berýän maglumatlaryna görä ýüz milliondan gowrak ABŞ-lynyñ telefonynda "TikTok" ulgamy bar. Şolar ýaly giñden ýaýrandygyna garamazdan Waşingtondaky syýasatçylar we beýleki Günbatarly hökümetler bu ulgamy gadagan etjekdigini aýdyp haýbat atýar. Döwlet edaralarynda "TikTok" ulanmak gönüden-göni gadagan edildi. Belli ýokary okuw jaýlarynyñ umumyýaşaýyş jaýlarynda we kitaphanalarynda ulanylmagy çäklendirildi. Aslynda munuñ özi syýasy teatrdan başga zat däl. Emma muny iki sebäp bilen dogry görkezýärler: Birinjisi: ulgamyñ ulanyjylardan maglumat çöplemek üçin ulanylmagy we aýratynam döwlet howpsuzlygyna howp abandyrýan jansyzlyk operasiýalarynda ulanylmagydyr. Ikinjisi: hytaý hökümeti tarapyndan ýalñyş maglumat ýaýratmak we saýlawlara goşulmaga rugsat bermek üçin ulanylmagydyr. Hödürlenen iki argumentem ýerliksiz we anyk faktlara esaslanmaýar. Gaýtam tersine, diñe syýasy şantaž üçin we Pekin bilen Waşingtonyñ arasyndaky halkara çaknyşygyñ çäginde hytaýlylary käbir eglişiklere gitmäge mejbur etmek üçin ulanylýar. Birinji argument maglumat toplamakdyr. Diñe TikTok däl, eýsem Facebook, Twitter, Instagram ýaly ähli sosial ulgamlaryñ edýän zady şol. Şu ulgamlaryñ barsynyñ edýän zady sizi mowzuk bilen üpjün etmek we emeli añyñ özüñizi alyp barşyñyzy, siziñ halaýan, saýlap alan zatlaryñyzy okamagy üpjün edip, şoña meñzeş mowzuklary dykgatyñyza ýetirmekdir. Jansyzlyk aýyplamasyna barada aýdanda bolsa, häzire çenli hytaý hökünetiniñ ulgamy amerikan ýa-da Günbatar hökümet edaralaryna jansyzlyk etmek ýa-da aralaşmak maksady bilen ulanylandygy barada ýeke subutnama orta atylmady. Bütin bularyñ barsy nämüçin başga hiç bir sosial ulgamda däl-de, diñe "TikTok"-da bolýar? Nämüçin bu üstünlikli ulgam "pişik awlama" kampaniýasynyñ ünsüne düşýär we gozgalýan aýyplamalar nädogudygyna garamazdan gadagançylyga, çäklendirmelere uçraýar? Aşa sagçy ýa-da çepçi ganatlardan däl, hut "Ak Tamdan" we prezident Jo Baýdeniñ, ondan öñki Trampyñ sözi bilen ýaýran "McCarthy almyty" kampaniýasy näme sebäpli şindizem dowam edýär. Jogap ýeke söz bilen: Hytaý. Ulgam ilki Şwesiýadan ýa-da Awstriýadan çykan bolsa, şeýle ýowuz kampaniýa şaýatlyk edermidik? Elbetde, ýok!.. "TikTok" urşy ABŞ-nyñ, Günbataryñ, Hytaýyñ arasyndaky halkara uruş baglanyşygynda gelýär. Täsirlilik, akyl-paýhas, kalp eýeleme urşunda öñe saýlanmak üçin ähli ýaraglar ulanylypn ähli aýyplamar ýöñkelip, ähli bahanalar öñe sürlüp bilner. "TikTok" kampaniýasyna doly we dogry düşünenimizde, koronawirus (Kovid-19) ýokanjy sebäpli Pekine garşy alnyp barylan kampaniýa hem düşünip bileris. Ýokanç keseliñ bir laboratoriýadan çykandygyna ýa-da bilkastlaýyn edilen işdigine degişli ýeke subutnama ýokdugyna garamazdan, amerikan hökümetinden gazetlere we hatda metbugat beýanatlaryna yzygiderli syzan maglumatlar hytaý hökümetini kyn ýagdaýa düşürmek maksady bilen keseliñ laboratoriýada taýýarlandygy hakdaky toslamany faktlaşdyrmaga dowam edýär. Käbirleri Tramp hökümetiniñ bu aýyplamalary subutnama we tassyklama bolmasa-da gaýtalap durandygyny aýdýar. Emma Baýden hökümeti-de gatnaşyklarynda hiç zady üýtgetmedi. Eýse näme sebäpli? Iki tarapyñ arasyndaky uruşda "TikTok"-yñ bahana we kart hökmünde ulanylmagy-da şol bir sebäpden. "TikTok" ulgamyna eýelik edýän "ByteDance" şereketi iki ýyllap üstünde işläp giñelden teklibini amerikan hökümetine hödürländigine garamazdan ulgamy ulanmahyñ howpsuzdygyny mälim edip, aýyplamalara garşy çykdy. ABŞ-ly ygtyýarlylardan garaşylan jogap, muny görmezlige salmak we şol öñki aýyplamasyny gaýta-gaýta ýanjap durmak boldy. Içerki amerikan arenasy ýaly partizan we garalanan syýasy arenada Hytaý we şunuñ bilen baglanyşyklylykda "TikTok" boýunça her mantykly aýdylan dogry söz ejizlige öwrülip biler we syýasatçy saýlawlarda goragynyñ öwezini agyr ödemeli bolar. Şarlaryñ hekaýatynda-da şeýle bolupdy. Baýden olaryñ jansyzlyk däl-de, kontinentleri synlaýan şarlardygyny anyk bilýänem bolsa, ýakynlaşyp gelýän saýlawlarda respublikan garşydaşlary tarapyndan gorkaklykda aýyplanmak islemändigi üçin olary gymmatbahaly raketalar bilen urup düşürmegi makul bilipdi. Munuñ ýeke-täk ýoly "TikTok", Kovid-19, şarlar ýa-da Pekin bilen baglanyşykly islendik zat hakda obýektow sowallary beren islendik kişini dönüklikde aýyplamakdan geçýär. Häzirki atmosferada haýsydyr bir hytaýla garşy howatyr-howsala döretmek we syýasy taýdan ar almak ruhy höküm sürýär. Ýazgynyñ sözbaşysyndaky "TikTok jansyzlyk ulgamymy?" soragyna jogap bermeli bolsa, elbetde, ýok! Bu diñe hemmeleri gaýtalamaga razy edilen syýasy ýalandan başga zat däl. Memduh MUHEÝNI, "Al Arabiya" teleýaýlymynyñ başlygy. Şenbe, 25.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||