13:09 Hytaý üçünji jahan urşunyñ öñüni alýar | |
HYTAÝ ÜÇÜNJI JAHAN URŞUNYÑ ÖÑÜNI ALÝAR
Publisistika
Hytaý nämüçin dünýäni täze global uruşyñ sahnasyna dönderjek garañky senarileri aradan aýyrdy? Ýewropanyñ jümmüşindäki uruş birnäçe aý bäri surnukdyryjy we rehim-şepagatsyz görnüşde dowam edýär. Geçen asyrda bolup geçen jahan uruşlarynyñ hasratly ýatlamalaryny gaýtadan ýada salýar. Bu urşuñ dünýäni üçünji jahan urşuna iterjegini aýdýanlar bar. Emma şular ýaly howatyrlanmalara esaslanýan çaklamalar geçmişiñ tragediýalarynyñ gaýtalanmagy ýaly hakyky gorky ýa-da syýasy sebäpler bilen çişirilýär. Heläkçiligiñ erñeginde durandygymyz hakdaky çaklamalary okadygam, eşitdigem. Ýöne praktiki sebäplerden ötri şeýle zat bolmaz. Aslynda urşuñ turmagynym öñüni alýan bir ýurt bar, olam - Hytaý. Global möçberdäki urşuñ turmagy diñe öñüni almasy mümkin däl äpet harby güýjüñ dünýäni basyp almaga hyýallanmagy bilen bolup biler. Mysal üçin, nasistler jahan urşunda şeýtdi. Olaryñ bet pyglyny soñlandyran has uly güýç ýa-da güýçler bileleşigi gelmezdenem hiç kime ýeñilmediler. Öñler Russiýanyñ Ýewropany basyp aljak, ilkinji uçgunlaryny syçradyp biljek we geçmişiñ garabasmalaryny dolap getirjek ýurtdugyndan gorkýardyk. Ýöne Russiýa düzümine birikdiren ýerleri-de goramakdan ejizdigini görkezdi. Günbataryñ Kiýewe yzyny üzmän edýän ýarag kömegi bolsa-da, Russiýa üçinem dogrudygyna şübheleriñ artýan urşunda rus güýçlerininiñ turuwbaşdan geleñsizdigini we morallarynyñ çökendigini görkezdi. Ähli şowsuzlygyna garamazdan Pekin uruşda Moskwanyñ tarapynda durup gatnaşmagy makul bilen bolsady, onda üçünji jahan urşunyñ gara kölegesi şumadam üstümizde durardy. Russiýa-Hytaý bileleşigi, gürrüñsiz, dünýäni dowzaha döndererdi. Hytaý ýolbaşçylygynyñ dünýäni tanklar bilen däl-de elektron çipler bilen basyp almagy meýilleşdirýändigi üçin Hudaýa şükür edeliñ. Ol uly sowukganlylyk we rasionallyk görkezip, dünýäni gorkunç beladan halas etdi. Ýakyn wagtda Hytaýyñ Daşary işler ministri Russiýanyñ Daşary işler ministri Lawrowyñ täze jahan urşunyñ golaýlaşýandygy baradaky aýdan sözleriniñ döreden ünjülerini gidermek maksady bilen hiç kimsäniñ täze jahan urşuna giresiniñ gelmeýändigini aýtdy. Hytaýlylar iki tarapdanam oýuna getirilmäge dyrjaşyldy. Bu taraplardan birinjisi içerki syýasat we täzeden saýlanma arzuwy bilen ruhlanan günbatarly syýasatçylar. Nensi Pelosi muña mysal. Pelosi Pekini aljyradyp we ony Russiýa bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edip, dünýäniñ öñi alynmaga degişli has uly howp hökmünde görkezmek üçin meçew berijilikli hemle bilen Taýwanda resmi saparda bolupdy. Ikinji tarap bolsa, Russiýa. Daşary işler ministri Lawrow diplomatiki we suhangöýlük ukyplaryny ulanyp, bu meselede köp tagalla etdi. Bileleşik döwresini giñeltmek we Pekini Günbatar bilen garşyma-garşy getirmek maksady bilen birnäçe gezek Hytaýda resmi saparda boldy. Hernä ol emelleriniñ birine-de ýetip bilmedi. Ruslar Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasynyñ ýygnanşygyndan öýlerine dolananda gymmaty peselen diplomatiki wadalar bilen geldi. Ýogsa-da, Hytaý nämüçin dünýäni täze global urşa iterjek garañky senarileri aradan aýyrdy? Hytaýly diplomatlar nämüçin urşuñ öñüni almagyñ we parahatçylygy berkitmegiñ gymmatynyñ gürrüñini edýär? Munuñ sebäpleri praktiki we äşgär. Moskwanyñ bilelikdäki harby türgenleşikleri we liderleriñ özara ýygnanyşyklaryny geçirmek arkaly Hytaý bilen bir hatardadygyny görkezme synanşyklaryna garamazdan hakykatlar başgaça. Hytaý bilen Ýewropanyñ we ABŞ-nyñ arasyndaky söwda dolanşygy 26% bolsa, Russiýa bilen arasyndaky söwda dolanşygy bary-ýogy 2%. Pekin bu söwda gatnaşyklaryny howp astyna salyp bilmez. Tersine, dowamly diýen ýaly günbatarly hökümetlere hytaý harytlaryna salynýan salgydy ýatyrmaga çagyrýar. Hytaýyñ Russiýa ýakynlaşmagy ony sanksiýalara duçar edip biler. Muny Hytaýyñ ukrain we taýwan konfliktlerinde oýlanşyksyz ädim ätmeýändigindenem görüp bolýarm Amerikan we ýewropa bazarlaryna girmek, ýewropa tehnologiýasyndan peýdalanmak Hytaý üçin şumat hemme zatdan wajyp. Hytaý ynanyp bolmajak derejede ykdysady üstünlige eýe boldy. Baýlygy bilen tanalýan Guandun prowinsiýasynyñ gaýry sap ýurt boýunça düşýän girdejisi 1,8 trillion dollar barabar. Munuñ özi tutuş Russiýañkydan (1,5 trillion dollar) köp! Şol sebäpli Hytaýyñ maýa goýumlaryny goýýan häzirki dünýä düzgüninden peýdalanmaga dyrjaşýandygyny we bu düzgüni uruşlardyr ýaragly çaknyşyklary goldap, ýerleri basyp alyp üýtgetmäge synanyşmaýandygyny görýäris. Şonuñ üçinem öñe sürülýän ähli garañky çaklamalara garamazdan, Pekin ýokarda agzalyp geçilenleriñ tersine bir karar kabul etmedik ýagdaýynda öñümizdäki ýyllarda täze jahan urşuna şaýatlyk etmeris. Memduh MUHEÝNI, "Al Arabiya" telekanalynyñ başlygy. Şenbe, 17.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |