21:43 Kompýuter urşy | |
KOMPÝUTER URŞY
Ylym we tehnologiýa
Ylmyñ we tehnikanyñ gün geldigiçe ösýändigi, kämilleşýändigi her birimize aýan bolsa gerek. Hatda bu ugurda asyrymyzyñ başyndadyr ortasynda ençeme adamlaryñ heniz hyýallarynda hem bolmajak derejelere ýetildi, uly-uly üstünlikler gazanyldy. Olaryñ üsti bilen geljege seredip, gadymyýete aralaşyp bilindi. Ynha, şolaryñ iñ meşhurlarynyñ biri-de kompýuter tehnikasydyr. Ýöne bu tehnikanyñ beýlekilerden artykmaç tarapy hakykaty, takyk zatlary gözläp tapmakdyr. Elbetde, hakykat rüstemdir, belentdir we beýikdir. Onuñ nirede we haçan-da bolsa, her bir päsgelçiligi böwsüp orta çykjakdygy belli zat. Häzir hut şol döwür gelip ýetdi we özüniñ netijesini hem görkezdi. Edil häzirki wagtda sekuntda millionlarça amallary ýerine ýetirip bilýän super kompýuterler döredildi. Ol kompýuterleriñ üsti bilen biri kosmos giñişligine aralaşyp bilýän korabllary dolandyrsa, ýene biri onuñ üsti bilen goja zeminiñ çuñluklaryndaky nebitdir gaz, altyndyr kümüş ýataklaryny tapyp bilýär. Ýene biri onuñ üsti bilen uzaklardaky, ýagny ýeriñ aýagujyndaky mähribanyny görse, ýene biri oña tamdyra çörek ýapdyryp, nahar bişirdýär. Ýöne her bir zadyñ öz ýagysy bar diýleni... Biz bu ýerde janly-jandarlardyr jansyz barlyklaryñ derdinden däl-de, eýsem ýokardaky gürrüñini eden, has dogrusy, tarypyny ýetiren kompýuterlerimiziñ uçraýan dertleriniñ üstünde gürrüñ etmekçi. Ol hem ýañy-ýakynda millionlarça adamyñ içini juwladan, kompýuterleriñ gutulgysyz belasy bolan wirus keselidir. Bu kesel janly-jandarlarda bolşy ýaly, ýuwaş-ýuwaşdan däl-de, eýsem birnäçe sekundyñ içinde kompýuterlere uly zyýan ýetirýär, hatda işlemez ýaly getirýär. Ine, şeýle wiruslar hem adamzat we haýwanat dünýäsinde gabat gelýän beýleki käbir keseller ýaly, hut adamyñ öz eli bilen döredilýär. Şeýle wiruslaryñ döredilip, internet arkaly dünýä ýaýradylmagyna kompýuter urşy ("siber savaş" - t.b.) diýip baha berse bolar. Şeýle etmek bilen, käbir adamlar başgalardan öç almagy maksat edinse, käbirleri özleriniñ rüstemligini görkezmek isleýär. Häzire çenli kompýuter wirusynyñ iñ elhençleriniñ biri-de taýwanly Çen Ing-Hau tarapyndan döredilen "Çernobyl" wirusydyr. ▶ ÇERNOBYL WIRUSYNY DÖREDEN TAÝWANLY ÇEN ING-HAU BÜTIN DÜNÝÄDEN ÖTÜNÇ SORAÝAR "Çernobyl" wirusy bilen ýüz müñlerçe komýuterdäki maglumatlary bozan we onuñ içindäki käbir möhüm enjamlary ulanylmaz hala getiren Çen Ing-Hau öz döreden programmasynyñ munuñ ýaly uly zyýan getirjekdiginden bihabar bolandygyny aýdyp, bütin dünýäden ötünç sorady. Öz ýurdunda Derñew býurosy tarapyndan sorag edilen Çen asyl maksadynyñ ýöntem antiwirus programmasyny satýan firmalardan öç almakdygyny aýdýar. Bütin dünýäde ýüz müñlerçe kompýuteri işlemez hala getiren Çen polisiýa işgärlerine beren beýannamasynda bu wirus programmasyny heniz talypka döredendigini habar berdi. Habarlaşma inženeri bolan 24 ýaşly Çen şu wagt hökmany harby gullukda. Çekinjeñ häsiýetli Çen wirus programmasyny Tating tehnologik instututynda talypka döredendigini, emma ol wirusyñ ýetiren zyýanyna diýseñ gynanýandygyny aýdýar (ynanar ýaly zatmy?.. - t.b.) Polisiýa işgärleri bolsa geçiren sorag işlerinden soñ: "Ol jenaýatçy däl, çünki, häzire çenli hiç kim onuñ üstünden arz etmedi. Eger günäli bolsa, arz ederdiler. Biziñ-de bu wirus bilen baglanyşykly bilýän zatlarymyz daşary ýurt agentlikleriniñ berýän habarlary" diýip, Çeniñ günäsizdigini öñe sürýärler (diñe şunuñ özi-de sizi iñkise giderse gerek... - t.b.) Emma Çen wirusy internet arkaly bilgeşleýin ýaýradanlygy üçin hem günäkärlenýär. Bu jenaýat işiniñ jezasy bary-ýogy 3 ýyl. Taýwanda wirusyń ýetiren zyýanlary bilen baglanyşykly polisiýa ýekeje arza hem gowuşmandyr. 1986-njy ýylda bolup geçen Çernobyl pajygasynyñ bolan gününe gabat gelýän 26-njy aprelde öz güýjüne giren wirus ätiýaçlyk çärelerini geçirmedik ýurtlara ýaramaz täsir etdi. Hytaý, Hindistan, Günorta Koreýa, Bangladeş we Orta Gündogar ýurtlary göçürme ýazgylaryñ giñden ýaýran we antiwirus programmalarynyñ kän bir ulanylmaýan ýerleri hökmünde tanalýar. "Çernobyl" wirusyny döreden Çen haýsydyr bir şikaýat esasynda günäkärlenmeýändigi üçin Taýwanda ony sorag etmek bilen çäklenilse, mundan birnäçe aý ozal ABŞ-da "Melissa" wirusyny döreden Dawid Simiç derrew göz astyna alyndy. Sorag edilmegi dowam edýän Simiçiñ günäkärligi belli bolsa, 40 ýyl tussaglykda saklanar. ▶ "ÇERNOBYL" WIRUSY HAÝSY DÖWLETLERE NÄÇERÄK ZYÝAN ÝETIRDIKÄ? ■ Hytaý: Resmi maglumatlara görä 100 müñden gowrak kompýuter wirusyñ täsirine uçrapdyr. ■ Günorta Koreýa: Belli bir resmi maglumat ýok. Emma wirusyñ 250 müñ şahsy kompýutere täsir edendigi we 250 million dollarlyk zyýan ýetirendigi çaklanylýar. Komýuterlerdäki bahasy hiç bir zat bilen ölçenilip bilinmejek gymmatly maglumatlar bolsa diýseñ kändir. Sud işlerine degişli käbir delilleriñ we tutaryklaryñ şol wirus zerarly ýok bolandygy hem habar berilýär. ■ Hindistan: 30 müñden gowrak kompýutere zyýan ýetipdir. Olaryñ içinde industriýa pudaklaryna, banklara we maliýe guramalaryna ummasyz zyýan ýetendigi ýörite hünärmenler tarapyndan habar berilýär. ■ Türkiýe: Banklar, howpsuzlyk gullugy, harby mekdepler, TRT (Türkiýäniñ döwlet telewideniýe we radioýaýlymlar birleşigi), resmi we hususy guramalardyr şereketler-de wirusdan öz "paýlaryny" aldy. Anyk we resmi maglumat ýokdugyna garamazdan, onuñ 300 müñe ýakyn komýuteriñ içindäki maglumatlary ýok edendigi çak edilýär. ■ Birleşen Arap Emirlikleri: Ýurtdaky kompýuterleriñ 5-10 prosentiniñ zyýan çekendigu habar berilýär. ■ ABŞ: Ýurduñ käbir sebitlerine öz täsirini ýetiripdir. Onçakly uly bolmasa-da, biziñ ýurdumyzdaky komýuterleriñ-de ýüzlerçesi "Çernobyl" wirusyndan "paýyny" aldy. Bu wirusyñ beýleki wiruslardan tapawutly tarapy kompýuterlere internetiñ üsti bilen girip, öz bellenilen wagty gelip ýetýänçä, güýje girmän, gizlenip ýatmagydyr. Ol kompýuterlerdäki sagat programmasyna görä taýýarlanyp, 26-njy aprelde sagat 00:00-da güýje girdi. Şonuñ üçin-de bu wirus giren kompýuterine edil şol wagt açyk duran-da bolsa, öçürilgi-de bolsa öz täsirini ýetirdi. "Adalat" gazeti, 1999 ý. Hanguly GULLYN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |