11:54 Gurhana Puşkin hem haýrandy... | |
"GURHANA" PUŞKIN HEM HAÝRANDY
Edebi makalalar
Rus poeziýasynyñ parlak ýyldyzy hökmünde tanalýan Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniñ "Kuran" hakynda ýazan şygryny okap, Yslama bolan höwesi artmajak, ýüreginiñ töründe oña bolan gyzyklanma döremejek edebiýatçy, belki, ýok bolsa gerek. Yslam bilen içgin gyzyklananlaryñ birisi-de "Uruş we parahatçylyk" romanynyñ awtory Lew Nikolaýewiç Tolstoýdyr. Hakykatdan-da Tolstoý çyn ýürekden yslamyýeti öwrenmek isläpdir we bu niýet bilen Osmanly döwletiniñ patyşasy Abdulhamyt Han döwründe Stambula hat ýazypdyr. "Doganlar Karamazowlar", "Jenaýat we jeza" ýaly birnäçe meşhur eserlerini giñ okyjylar köpçüligine hödürlän we dünýä romançylary tarapyndan lider hökmünde saýlanan, beýleki meşhur rus ýazyjysy-da Dostoýewskidir. Ol hem jigisine ýazan hatynda "Maña "Kurany" we Kantyñ "Sagdyn akylyñ tankydy" kitabyny iber" diýndigini köpiñiz eşiden bolsañyz gerek. Biz nu makalamyzda "Kurana" bolan uly gyzyklanmasy we söýgüsi bolan Tolstoýyñ ýa-da Dostoýewskiniñ däl, eýsem bu iki ýazyja-da täsir eden başga bir şahyryñ üstünde durup geçmekçi. Ýagny Dostoýewskä: "Her güni üçin özüne bir küýze altyn tölenýär diýdiren Puşkiniñ gürrüñini etmekçi. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin 1799-njy ýylda Moskwada dünýä inýär we kakasynyñ täsiri bilen, diýseñ gowy bilim we terbiýe alýar. Heniz çagaka onuñ ukyp we başarnygy her kesiñ dykgatyny özüne çekýär. Kän wagt geçmänkä-de il arasynda "bütin Russiýanyñ iñ talantly şahyry" diýlen derejä ýetýär. "Puşkiniñ on ýylda rus edebiýatyna goşan goşandyny, ondan öñki edebiýatçylar ýüz ýylda-da goşup bilen däldirler. Onuñ döreden we ösdüren edebiýaty özünden ozal döredilen bütin rus edebiýatyna deñdir" diýip, edebiýaty öwrenji alym Olga Tarakanowa nygtaýar. Beýik rus kompozitorlaryndan Çaýkowskiý, Glinka we Rahmaninow dagy hem Puşkiniñ şygyrlaryna diýseñ gymmatly sazlar ýazypdyrlar. Puşkiniñ eserleri her ýyl 15-20 million töweregi nusga bilen neşir edilse-de, ýene okyjylar köpçüliginiñ islegini doly kanagatlandyryp bilmeýär. Puşkiniñ eserleri häzire çenli daşary ýurt dilleriniñ 104-ne terjime edilip, 157 million 208 müñ nusgalykda çap edildi. Puşkin 1824-nji ýylda Mihaýlowskiý obasynda gözastyna alynýan wagtlary "Kurany" olamak we ony ýakyndan öwrenmek mümkinçiligini tapýar. Pygamberimiz Hezreti Muhammede (s.a.w) iberilen, öýkünilip bilinmejek uslyby bilen arap şahyrlaryny dyza çökeren, dogrusy "beýle bir eseri ynsan ogly hiç haçan aýdybam, ýazybam, beýan edibem bilmez" diýdirip, olara Allanyñ öñünde sežde etdiren "Kuran", hakyky geniý Puşkini-de dabanyndan beýnisine çenli sarsdyrýar. "Kurany Kerimi" arapça asyl nusgasyndan okap bilmese-de, okan terjimesi onuñ şahyr ruhuny heýjana getirýär. "Kuran" aýatlarynyñ beýan edýän pikirleri we gözellikleri ony jadylaýar. Ruhy duýgulardan püre-pür bolan köñli, ylahy gözýetimlere sary ganat ýaýyp, uçmaga başlaýar. Iñ soñunda nur damjalary halynda ýagan ylham ýagmyrlary oña poema ýazdyrýar. Puşkiniñ "Kuranyñ täsiri bilen" atly bu kasydasy, onuñ mukaddes kitabymyz hakyndaky düşünjeleriniñ şahyrana galyba guýlan şekilidir. Diller, milletler, ýurtlar we döwürler üýtgese-de, ynsan ýene şol ynsanlygyna galýar. Pygamberimiziñ zamanynda ýaşap geçen bir arap şahyrynyñ "Kurany" okanynda alýan täsiri bilen, ondan 13-14 asyr soñ ýaşap geçen bir rus şahyrynyñ duýýan duýgulary kän bir tapawutly däldir. Puşkiniñ ol poemasyndan okan böleklerimiz bize bu hakykaty ýatladýar. Bu dünýeden gaty ir giden, ýagny 38 ýaşynda aradan çykan rus poeziýasynyñ parlak ýyldyzy bu beýik adamyñ ömri orta ýolda kesilmän dowam etsedi, onda ol "Men musulman" diýermidi, diýmezmidi belli däl. Emma bir zady bilýäris, ol hem 70 ýyldyr slawýanofil toparlaryñ Puşkiniñ Yslam we "Kurandan" söz açýan şygyrlaryny iliñ ýüzünden gizlemegine garamazdan, bu hakykatyñ ahyry gömülgi ýerinden çykarylyp, ynsanýetiñ nazaryna hödürlenjekligidi. Allaha şükür, aga ak, gara bolsa gara diýiljek ol garaşylýan günlere hem ýetdik. Ynha, Size şol kasydadan bölek hödürleýäris. ■ "Kuranyñ täsiri bilen..." Sarsmaz, ýer ýüzi sarsmaz, Göklee bolsa gupba-gupba... Sensiñ, Eý, Beýik Ýaradan! Erki ýeten her bir hökme... Deñiz bolsa ýeri basmaz, Gury ýer-de hopmaz deñzi... Tolkun-gomlaryñ içinde Özüñsiñ goraýan bizi... Sensiñ, sensiñ, eý Rehimdar, Gula hem soltanlyk beren... Hem Nurlar saçan "Kurany", Ol Muhammede iberen. Bizem topar-topar bolup, Ol nura baralyñ hökman: Gözlerimiziñ öñünden Goý, syrylyp gitsin duman... Taýýarlan: Hanguly GULLYN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||