21:53 Köpbilmişiñ başyna / intermediýa | |
KÖPBILMIŞIÑ BAŞYNA
Satiriki hekaýalar
- Wa-ýeý kakasy, ýüzüñ-gözüñ nähili? Ýedi ýuwlan ak esgä dönüpdir-le? Ýa gorkup dagy etdiñmi? - Gorkan bolsam gowy bolardy-la. - A, onda näme boldy? - Gygyrdylar. Gök garga ýaly gagyldap gargadylar. - Kim ol päli azan? - Ho-ol obañ ilersindäki Amaşyñ aýaly. - O heleýiñ seniñ bilen näme işi barmyş? Paýlaşybilmeýän zady näme? Ýa-da suw diýenini eltmediñmi? Näme beýle jany çykyp barýarmyka, eltiler-dä, artyp... - Wah, eltdim-le... - Onda näme? Wiý, indi bildim: O heleý kireýjiginj bermejek bolup kişñändir. Bir köpük üçin her hili şermendelikden gaýtjak heleý däl-ä, aýdyşan. - Kireýden geçen-le, kireýi başyny iýmiş. "Dünýäñ zadyny harama çykardyñ" diýip gygyrdy. - Harama çykar ýaly näme zatmyş ol beýle? - Halys aldyñ-aý, sorag baryny berip. Uny, how uny. - Näme, uny? - Hawa haw, hawa. Uny. - Nähili uny? - Un bolanda, un bolar-da. Dükanlarda, awtolawkalarda satylýan un, çörek bişirilýän un, pişme bişirilýän un, börek bişirilýän un, unaş edilýän un. Düşündiñmi indi nähili undygyna? Pekgeligiñem halys gözüni çykaraýýañ-aý... - Ýok düşünemok. Hany düşnükliräk aýt ýa-da sen oña çörek bişirip berjek bolup unyñy zaýaladyñmy? - Sen, heleý, agzyñy ugruna goýberiberme. Näme diýýäniñi bilýäñmi? Men indi oña çörek... - Onda düşnükliräk aýt-da. Ýöne mus, mus diýdiñ durduñ. - Gürlemäge maý bermeseñ näme. Ol gün suw diýensoñ, öten agşam giçlik şony eltdim. Ýatansoñlar turzup durmaýyn-la diýdim-de, maşynyñ suwuny hemişeki boşadýan gabyma döküp gaýtdym. - Oñarypsyñ-da. Indiki nämemiş olañ... - Oñaranym gursun. Olañ indikisem asyl şol suw gabyñ içinde on-ýigrimi halta un bolsa nätjek. - O ýerde un näme işleýär? - Wah, gepem şonda-da, heleý jan! Är-heleý un gytlajakmyşyn, gymmatlajakmyşyn diýen myş-myşa ynanyp alypdyrlar alyp bilen unlaryny. Özem suw gapda dursa uzak wagtlap bitlemeýärmişin diýip. Şeýdipdirler. A meñ o zatlardan habarym bolmasa näme... - Asyl ol-a bolaýypdyr. Ilden artyk köpbilmişsireseñ, boljagyñ şoldur. Näme, il aç ölüp, olar tohumlyk galaýaryn öýtdülermikä. Ol är-heleý tebehedi göçen diýerler. Edenleri şo bolsa, özlerinden görsünler. Señ näme günä bar bu ýerde. Aşyrmuhammet HUDAÝBERDIÝEW. "Tokmak" žurnaly, 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |