19:14 Pudak aganyň daragty | |
PUDAK AGANYÑ DARAGTY
Edebi makalalar
Iliň adamsy, hormatlaýany toý-tomgularyň, duşuşyklaryň ýaraşygy. Özüniň ýürekden syzdyryp ýazýan goşgulary bilen göwünleri awlaýar. Özem seniň bilen deň hörpden gopup, garyşar-gatyşar oturar. Belki, çeper sözüň ussatlary şahyr halkynyň hemmesi şeýle bolmalydyram. Sebäbi olar köpüň begenjine begenýän, buýsanjyna buýsanýan, gynanjyna gyýylýan märeke adamsy, onda-da söýülýän adamsy. Megerem, Pudak aga-da oňa Ilmyrat adyny dakanda şeýle ýörelgä eýerendir. Ynha, onuň bereketli saçagynyň başynda otyrys. Ol gojalandygyna, gözleriniň kütelendigine garamazdan, kalbynyň joşgunyna bäs gelip bilýän, döreden şygyrlaryny saňa uzadar-da şelaýyn ýylgyryp: — Agşam ýatman şu goşgyny tasladym, Hany, bir tankydy nazar bilen okap çyk, bellikleriňi ýüz görmede aýt diýer. Maslahatyňam kabul eder. — Ilmyrat aga, siz döredijilik ýoluna haçan başladyňyz? Döredijilik işgärlerine berilýän bu adaty sowala, ol uzak oýlanyp oturman goşgy setirleri bilen jogap gaýtardy: On dördümde tisgindirdi ykbalym, Ilki likbez, onsoň mekdep mugallym, On dokuz ýaşymda gazeta geldim, Ugrum tapdym gazet atly ýolda men. Kakam pahyr otuz ikinji ýylda dünýäden ötdi. Ol ýyllar açlykdy. Biz gadymy Gökdepeden. Tejeniň Gowkyzereň obasyna göçüp gitdik. Ol ýerde mamam pahyryň garyndaşlary bardy. Tejenli ýerden bereket tapdyk. Şol obadaky mekdepde 2-nji klasda okaýarkam Türkmen edebiýatynyň altyn fonduna giren, il-halkyň söýgüli eseri << Zöhre-Tahyr >> dessanyny göçürip aldym. Bu eseri toý-tomaşalarda, hatda özümiziňkilere-de öýde ýagny, ejem, mamam pahyr ýary gijä çenli un üwänlerinde yzygiderli okap bererdim. Olar uly höwes bilen diňlärdiler, lezzet alardylar. Galyberse-de, meniň partadaşym türkmeniň beýik ogly, ussat ýazyjy, şahyr Berdi Kerbabaýewiň jigisi bolupdy. Ol çagalyk mähri bilen, ýöne uly adam ýaly öz agasy barada gürrüň bererdi. Megerem, ýalňyşmaýan bolsam, meniň döredijilik ýoluna gadam basmagyma şu iki zat täsirini ýetiren bolmaly. Galyberse-de, bu ugra bolan höwesim, yhlasym, çäksiz söýgüm maňa medet berendir. 1935-nji ýylda biz ýene dogduk obamyz, göbek ganymyň daman ýeri Gökdepäniň Nowa obasyna göçüp geldik. 4-nji klasda okuwymy dowam etdirip başladym. Şol wagt ene dili we edebiýat mugallymy Mülki Mürşidow goşgy düzmegiň kadalaryny öwrederdi. Ol çagalyk, soňra ýetginjeklik ýelgini bilen ýazan goşgularymy gözden geçirerdi. Bolmaýan ýerlerini düzederdi, maslahat bererdi. Şeýlelikde, meniň ilkinji goşgularym mekdebiň diwar, soňra << Kolhozçy sesi >> etrap gazetinde peýda bolup başlady. 7-nji klasa geçenimde men likbez mugallymy bolup işe başladym. Şeýlelik-de, meniň durmuş hem döredijilik ýolum 1938-nji ýyldan başlanypdy. Beýik Watançylyk urşunyň dowam edýän 1943-nji ýylynda öz okan mekdebimde ene dili we edebiýatdan hem-de harby tälim sapagyndan okuwçylara bilim berdim. Ine, şol ýylda bu gandöküşli urşa bagyşlap ýazan << Gitleriň >>, << Nälet Gitlere >>, << Gahryman Gyzyl Goşun >> diýen goşgularym etrap gazetinde çap edildi. Şondan soň bolsa meniň kesbimden kemal tapdyran gazeta jogapkär sekretarlyk wezipesine işe çagyryldym. Şol döwürlerde oňa-muňa duşuşyklara çagyrylamda başky goşgymy okap bererdim. Onuň bir bendi häzir hem ýadymda: Üç aýda aljakmyş bizi hyýaly, Gaýtam özün tutdy betniýet päli, Ýykyljak arabaň seslenşi ýaly, Seslenýär agansoň saly Gitleriň. << Gunça >>, << Mukamlar >> diýen kitaplarda goşgularym çap edildi. Şeýle-de, okyjylar köpçüligi, diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanylan << Gök deňiz >> aýdymy bilen baglanyşykly goşgular kitapçam çapdan çykdy. Çap edilen bu eserler meniň döredijilik ruhumy has-da çarpaýa galdyrdy. Şondan soň köpsanly goşgular, şygyrlar bilen bir hatarda türkmeniň saz sungatynyň ägirdi, ruhy sütünleriniň biri Çary Täçmämmedowa bagyşlap ýazan << Barmak barada ballada >>, << Ýaşlygyma syýahat >>, << Garry Nohuryň beýik çynar ogly >>, << Üç hokga >> poemalarym metbugatda çap edildi. Çary Täçmämmet pahyr baradaky poemamy ýatlamda bir zat ýadyma düşdi. Gökdepe etrabynyň häzirki << Türkmenistan >> daýhan birleşiginde, ýagny, gadymy Gyýryň kärizi adyna eýe bolan obasynda şol wagtky kolhoz başlygy Mämmetgylyç Atagylyjowyň oglunyň durmuş toýuna onuň bilen bile barmak nesip edipdi. Şonda şirin-şeker mukamlara melul bolan adamlaryň aňyrsy-bärsi ýokdy. Çary şonda << Şirin-şeker >>, << Hajygolak >> ýaly halk sazlaryny yzyny üzmän çalýardy. Şol pursat ara maý düşende märekäniň içinden maňa ýüzlendi. — Ilmyrat şahyr, Çary barada ýazan << Barmak barada balladany >> bir okap ber. Häzirki pursatda ol tarypnamaň hasam ýerine düşjek diýdi. Men Çaryň ýüzüne seretdim. Ol ýylgyryp << okap beräý diýip yşarat etdi. Soňra garaşylmadyk bu sowala az hem tolgunyp, balladamy başdan-aýak okap çykdym. Märeke üns berip diňledi. Şondan soň Çary sazanda << Keçpelek >>, << Gökdepe mukamyny >> şeýle bir labyzly çalyp berdi welin, oturan halk gozgalaň tapyp, << Elleriňe güller bitsin >>, << Kesbiňden kemal tap, ussat >> diýişip, yzly-yzyna suňşuryp aýdylan alkyşly sözler häzirem gulaklarymda ýaňlanyp duran ýaly. — Ilmyrat aga, dile geldi, bile geldi, şol balladaňdan birküç bendini ýatlaýsaň! ... On barmagny oýnadyp, Ýüreginde gaýnadyp, Çalanda << Bal Saýady >>, Bal akyp gelýän ýaly, Hemranyň han Saýady, Gaş kakyp gelýän ýaly, Çalsa << Şirin-şekeri >>, Şekerdenem süýjeýär, Süýji owaz bermekde, Külbikäňem güýji bar. On barmagny oýnadyp, Ýüreginde gaýnadyp, Çalanda << Keç pelegi >>, Täç geýdirýär pelege, Çalsa << Hajy golagy >>, Gol bitirýär golaga, Mukam bulagy gaýnap, << Sen dur diýýär >> bulaga, Külbikäňem owazy Hoş ýakyp dur gulaga... ... Mahlasy külbikede, Öz dört agasy bilen, Gül ekýär her ýürekde, Emma oňa erk edýän, Çyn sazanda gerek-dä, Çary Täçmämmet gerek-dä... — Ýaşuly sen külli türkmeniň edebiýat meýdanynyň beýik ogly Kerim şahyra dostum, oglanlyk dostum diýýäň weli, ol hakykatdan hem şeýlemi? Sowaly berýänimiň sebäbi Kerim şahyr Garagumuň ileri eteginde Ýylgyn obasynda ýaşan bolsa, siz Erek dagyň gaýra eteginde Nowa obasynda ýaşapsyňyz. Onuň bilen dostlugyň, tanyşlygyň, haçan başlandy? Şahyryň döredijilik täsiri size-de ýetdimi? — Bu sowallaryň soňkusyndan başlaýsak göwnejaý bolsa gerek. Ynha, << Ömür >>, hem-de << Ýedi ýaprak >> atly eserleri. Al, onuň öz eli bilen ýazan ýazgylaryny oka. Senem eşit, menem. Şonda bary düşnükli bolar. Kitabyň başky sahypasynda şeýle ýazgy bardy: << Meniň köne dostum, täze dostum Ilmyrada uzak ýaş diläp, şu << Ömri >> baky ýadygär berýän. Awtordan. << Ýedi ýaprak >> kitabyndaky ýazgy şeýledi: << Meniň wepadar dostum, Nowanyň beýik ogly Ilmyrada! Awtordan, goly 7-nji maý 1986-njy ýyl >>. Ine, žurnalist hökmünde nukdaýnazaryňdan özüň aýt. Şeýle ýazgy galdyryp, aramyzdan ir giden ajaýyp adama onsoň << dostum >> diýmän bolarmy? Elbetde, ýok. Döredijilik täsiri barada ýatlanymda aýdara zat kän. Goşgularyma analiz bererdi, talapkärçiligi ýokary bolansoň kemçiligini ýüz görmän aýdardy. Kem-käs ýerlerini düzedişdirerdi, maslahat bererdi. Şu ýerde ýene bir zat aýtmakçy. Türkmen edebiýatynyň läheňleri Berdi Kerbabaýew, Çary Aşyrow, Beki Seýtäkow, Gara Seýitliýew, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow hem-de ussatlaryň ussady Sahy Jepbarow ýaly gerçekler bilen-de Kerim şahyryň üsti tanyşdym. Olaryň hemmesi bilen diýen ýaly şu öýde, şu saçagyň başynda duz-emek bolupdym. Ýeke bular hem däl, Anna Kowusow, Ýazmyrat Mämmediýew, Abdylla Myradow, Öde Abdyllaýew, Kaýum Taňrygulyýew, doganlar Arapdyr Täşli Gurbanowlar, ýazyjy žurnalistler Döwlet Esenow, doganlar Kakaly, Annaly Berdiýewler... ýaly Türkmenistanda belli adamlar bilen-de tanyş eden Kerim şahyrdyr. Bu waka 1953-nji ýylda bolupdy. Ol wagt men partiýa mekdebiniň diňleýjisidim. Ikimizem jahyl, diýen wagtymyzdy. Ol umumy ýaşaýyş jaýyma gelip, wäşiligi bilen jak-jaklap güldi-de: << Ilmyrat, ýoldaş bolsaň ýetim oglan öz göbegini özi keser etmeli boljak. Ýaňgala obasynda daýymlara gezmäge gidenimde çagalykda bileje oýnan Ata işanyň gyzyna pisindim oturýar. Onuň özem razy. Ýöne ata-enemi razy et diýýär. Ynha, onsaň ýanymda galam hakyndan düşen 600 manat pulumam bar. Munam süýt haky diýip bereris. Sen onuň ata-enesine söz aýtmany boýun alsaň, ýola düşübersek hem bolýar >>. Ol şeýle diýdi-de ýene jykyr-jykyr güldi. Soňra sözüni dowam etdirdi: << Ynha, oktýabr aýy. Işler şowlap noýabr aýyna sähet alyp bilsek, senem 1943-nji ýylyň noýabr aýynda öýlenipdiň. Onsoň bu seneleriň gabat gelmegi-de dostlugymyzdan bir nyşan bolar >>. Soňra Ilmyrat şahyr sawçylyga gidişlerini, Kerimiň toý tutup öýlenişini, hezil edip ýekän-ýekän gürruň berdi. Şahyr Ilmyrat Pudakow tä 1986-njy ýyla çenli, ýagny, hormatly dynç alşa çykýança << Kolhozçy sesi >>, << Gyzyl baýdak >>, << Leninizm ýoly >> etrap, etrapara gazetlerinde habarçylykdan başlap, redaktoryň orunbasarlygyna çenli wezipelerde işledi. — Ilmyrat aga, siz, tüweleme, tegelek alty müçäni arka atdyňyz. Bu ýyl bolsa 73 ýaşaýarsyňyz. Şonuň 43 ýylynam, aýdyşyňyz ýaly, gazete bagyşlapsyňyz. Žurnalistlik, şahyrçylyk batynda köp işler bitiripsiňiz. Ýöne göwnüme bolmasa türkmen halkyna Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk nur çaýyp başlaly bäri siz has öndemli işleýän ýaly. Şu dogrumy? — Ýerlikli sowal. Saparmyrat Türkmenbaşynyň akyl-paýhasy netijesinde gazanylan Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň sergin şemaly gojalýan göwnüme ganat bekläp, meni ýigdelen ýaly etdi. Döredijiligime goltgy berdi. Aýdym üçin döreden goşgularymyň sany 80-den geçdi. Aýdym barada aýdanymda bu ýola düşmegime türkmeniň aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy Sahy Jepbarow (<<Maral sen>>, <<Sagymçy gyz>>) bilen Çary Täçmämmedow (<<Seniň saýaňda>>, <<Jeýhunym>>) sebäp boldy. Sanasaň sogaby bar diýlişi ýaly, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Tugur Berdinyýazow <<GAZ-51-im>>, <<Döwleti bardyr>>, Türkmenistanyň halk artistlary Baýram Hudaýnazarow <<Pöwrüze>>, Mämi Çaryýew <<Türkmeniň>>, Dörtguly Durdyýew <<Garrylyk çagy>> diýen aýdymlary döretdiler. Döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Daňatar Hydyrow meniň sözlerime <<Aýdaky aýdym>> aýdymyny döretse, oglum Kakadurdy Ilmyradowdyr kompozitor Myratdurdy Saparowyň her biriniň döreden aýdymlarynyň sany 10-a barabardyr. Garaşsyzlyk barada aýdymda bolsa men özümi goja şahyr hökmünde parlak döwrümiň garaşsyz aýdymçysy hasaplaýaryn diýsem öte geçdigim bolmasa gerek. Sebäbi, şeýle ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymlarymyň 22-si efirde, ekranda, toý-dabaralarda aýdylyp gelinýär. Ýaşuly bilen hoşlaşmakçy bolanymyzda onuň ömürlik hemrasy Annanabat daýzamyz türkmen zenanynyň zannyna ýugrulan adamkärçiligi, sypaýyçylygy, myhman söýerligi bilen bälçiklige salyp şeýle diýdi: — Şeýdip gelip duraweriň. Biri gelse hezil edýär, göwni açylýar. Ýogsam gije-gündiz kagyz-galama bulaşyp oturandyr. Arasynda dynç al diýseňem gulak asanok. Garaşsyz döwrümiziň şaýady bolan garrylaryň döwletli, şahandaz maşgalasy bar. Döwletli diýmegimiň sebäbi olar bäş ogul, dört gyzy kemala getirip, olary öýli-işikli, bilimli sowatly edip, il hataryna goşdular. Garrylaryň şatlygyna-şatlyk goşýan 31 agtygy, birem çowlugy bar. Bu hakykatdanam döwletliligiň, bagytlygyň nyşany. Şahandaz diýmegimiň manysy bolsa ogullarynyň hemmesiniň-de aýdym-sazdan başy çykýar. Bu belent sungata sarpa goýýarlar. Uly ogly Kakadurdy kompozitor bolup, köp sanly aýdym döreden bolsa, etrabyň medeniýet bölüminiň müdiri Annanyýaz Türkmen döwlet uniwerstitetinde okap ýörkä bu ýerdäki <<Güneş>> ansamblynyň döredilmegine gatnaşyp, okuwyny tamamlaýança onuň hatarynda akkordionda saz çaldy. Milisiýanyň maýory Öweznyýaz hem şu okuw jaýynda okap ýörkä häzirki belli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa akkordionda sazandarlyk edipdir. Çarynyýazam şol okuw jaýynyň daşary ýurt dili bölümini tamamlan-da bolsa, ol hem agalary ýaly aýdym-sazdan oňat baş çykýar. Körpeleri Bäşim Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynyň ahyrky kursunda okamak bilen, birnäçe aýdym döretdi. Ol şu günler kakasynyň sözlerine Prezidentimiziň mähriban käbesine bagyşlap <<Gurbansoltan eje-mähriban ene>> diýen aýdymynyň üstünde işleýär. Ilmyrat agadyr, Annanabat daýzanyň gyzlary, Aýnabat, Aknabat, Bahar mugallymçylyk edip, garaşsyz döwrümiziň bagtyýar çagalaryna bilim-terbiýe, edep-ekram berýän bolsalar, Amandursun şepagat uýasydyr. Sözümiň ahyrynda 73 ýaşan ilhalar şahyra uzak ömür, jan saglyk, döredijilik üstünligi arzuw edýän. Aşyrmuhammet HUDAÝBERDIÝEW. "Ahal durmuşy" gazeti, 28.07.1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |