17:46 Köpelip barýar | |
KÖPELIP BARÝAR
Goşgular
Aklym haýran bu pelegiñ oýnuna, Gün-günden bet işler köpelip barýar. Ýa-ha girdikmikäk şeýtan goýnuna, Ygrarsyz, imansyz köpelip barýar. Özlerine dost bilip pany dünýäni, Zamanañ üstüne ýükläp günäni, Gaş kakyp, göz gypyp eder zynany, Bihaýa asylar köpelip barýar. Tañry gullarynyñ azypmy päli, Dogry ýol tapsalar gitmezler häli, Nikasyz çagany dogurýar loly, Bedasyl haramhor köpelip barýar. Gybat, töhmet boldy sözüñ dogrusy, Uzak ýola gider gepiñ egrisi, Sanardan köp kezzaplary, ogrusy, Mugt iýen parahor köpelip barýar. Baýlyk toplamaklyk her kesiñ derdi, Şagal arslan boldy, tapylmaz gurdy, Ar-namys ugrunda azalyp merdi, Muhannes tilkiler köpelip barýar. Aýdar Mämmet Salyh, ýazdym bu haty, Ýatdan çykardylar goja hormaty, Ýere degdi ene-atañ gymmaty, Gaýynsyz obalar köpelip barýar. Mämmet SALYHOW. "Balkan" gazeti, 1992 ý. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |