12:58 Koronawirusly henekler | |
KORONAWIRUSLY HENEKLER
Degişmeler
Hemme zadyñ henegi bar. Koronawirusyñky bolup bilmezmi? Geliñ, onda biraz henek atyşalyñ... Uzak wagtdan soñ şu gün ilkinji gezek zir-zibilleri zyñyp gelmäge daşary çykýaryn. Begenjime haýsy eşigimi geýjegimi bilemok. * * * Dellekhanalar ýapyk diýip, herkes saçyny nädäýipdir, edil ýöne spartaly serdaryñ kellesi ýaly. * * * Oturýan otagyma Izmir, aşhanama Ankara, ýatýan otagyma-da - Stambul dakdym, şäherme-şäher aýlanyp ýörün. * * * Taryhda ilkinji gezek bütin dünýäniñ aýallary ärleriniñ nirdedigini bilýärler. * * * Odekolon çüýşesini kir ýuwujy serişde bilen, kir ýuwujy serişdäniñ gabyny odekolon bilen, odekolon çüýşesini sirke bilen ýuwýaryn. Däliremegime az-owlak wagt galdy. * * * Asyryñ hekemi (worzakony) korona. Dünýäde näçe kafe-bar, pawilýon, kazino, meýlishana, humar oýnalýan ýer bolsa, bir özi ýapdy oturyberdi. * * * Ýer titrejekmiş, öýe giräýmäñ. Wirus bar, öýden çykaýmañ. Bu näm boluş, abraýy bilen sag-aman ölüp dynaýsak... * * * Öýdeçi gyz gözleýänlere buşluk, indi gyzlaryñ hemmesi öýdeçi! * * * Öñler kompýuterlerimize wirus degäýmesin diýip gaýgy edýärdik, indi özümize degäýmesin diýip gaýgyda. * * * Tomus ýakynlaşýar - güneşläp hezil ederin durkam, öýde porsap galmaly boldum. * * * Maşgala agzalarymyz üýşüp balkonda çaý içdik, kakam: "Wagt boldy, indi öýe gaýdalyñ" diýdi. * * * - Allahym, dünýäni gezmegi arzuwlandygym üçin öt günämi, ýaşaýan ýerimiñ töwereginde gezsemem razy! * * * - Pis ekeniñaý, korona! Bizi öýe gabap goýduñ, özüñem dünýäni gezip ýörsüñ. Utanç dälmi bu? Melih AŞYK, m.asik@milliyet.com.tr 02.05.2020 ý, "Milliyet" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||