08:18 Korona daýy | |
KORONA DAÝY
Jemgyýetçilik tankydy
"Aý, ynha, uruş turaýsa men başga ýurda gaçyp giderin. Ýadro urşy tursa ýerasty gaçybatalgalara girerin. Yklymara bozulmalar artyberse, bol suwly ýurda göçerin. Meniñ pulum kän, men baý. Meniñ ýurdumyñ goşunlary güýçli, şonuñ üçin men özümi arkaýyn duýýaryn. Siziñ goşunlaryñyz ejiz. Siziñ howpsuzlygyñyz pes. Pylan-pysmydan..." Bularyñ barsy şindi agzy boşuñ gury samahyllysy bolup galdy. Korona daýy dünýä taryhynda täze sahypany açdy. Puly we gara güýji ýer bilen ýegsan etdi. Hemmelere deñ ölüm gorkusyny paýlady. Garry enem häzir diri bolan bolsa, şeý diýerdi: “Oglum, her işde bir haýyr bardyr.” Bu koronawirus işinde-de bir (hatda müñ) haýyr bar. Tebigatyñ genleri bilen oýnadygymyzça, tebigy durmuşdan ýasama durmuşa geçdigimizçe, howany, suwy, topragy hapaladygymyzça, tebigy deñagramlylygy sazlaýan mör-möjekleri ýok etdigimizçe, tebigy gaz-nebit baýlyklarymyzy ýeriñ bagryndan sorup aldygymyzça, endamymyzda bir synamyzyñ bozulma netijesinde rak keseline uçraýşy ýaly, tebigatam raklaşýar, bu günki gün wirusy, ertirki gün kim bilip dur nämäni depämizden inderjek... Korona daýy az wagtda köp zady düşündirip berdi: - Adam başynyñ ölümlidigini... - Ylymdan başga sygynmaga gapymyzyñ ýokdugyny... - Dünýäde hemmeleriñ bir gämide ýatyp-turýandygyny... - Kim bolsañ şo bol, puluña, ýaragyna buýsanyp ertiriñe arkaýyn bolmaly däldigini ýatlatdy. Gepiñ keltesi, Korona daýy şeýle diýdi: - Dünýä nygmatlaryny deñ paýlaşyñ. - Bir-biriñizi öldürmäñ, hakyny iýmäñ, ezmäñ, horlamañ. - Tebigata sazlaşykly, oýlanyşykly, ylyma sarpa goýup ýaşañ. - Ýogsam men sizi ilki öýñüzden çykmaz ýaly ederin, soñam baryñyzy tükgerderin - diýýär... Melih AŞYK. 14.03.2020 ý, "Milliyet" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |