14:08 Wirus awtoulaglarda! | |
WIRUS AWTOULAGLARDA!
Medisina
Sürýän awtoulaglarymyzda koronawirusa garşy öñüni alyş çärelerini geçirmegiñ hajaty barmy? Bir ildeşimiziñ beren bu soragyna "Hürriyet" gazetinde professor Derýa Uludüz şeýle jogap berýär: - Hawa, bar. Ilkinji nobatda awtoulagyñyza mümkin boldugyça az ýolagçy mündüriñ. Zol-zol säginip, münüp-düşüp durmañ. Münüp-düşüp durmak - awtoulagyñyza wirus aralaşdyrmak ähtimallygyny güýçlendirmek diýmekdir. Ýag-ýangyç guýujy beketlerde mümkingadar ýakynlaşman, aralygy saklap pul tölejek boluñ. Awtoulagyñyzda hökman spirt ýokundyly süpürgiçler bolsun. Spirt ýokundyly elsüpürgiçler ulanmak spreýlerden has amatlydyr. Spirt derejesi 60°-dan ýokarda bolsa has gowy. Awtoulagyñyza müneniñizde wirus ýolukmaga iñ ýakyn ýerler bolan gapynyñ içki tutawajyny, ruly, goluñ durýan ýerlerini, esasanam torpedony spirt ýokundyly süpürgiç bilen mazaly süpüriñ. Süpürip bolanyñyzdan soñ süpürgiji sellofan pakediñ içine salyñ we agzyny mäkäm dañyñ. Awtoulaglaryñyzdan düşen badyñyza pakedi zibil ýaşige oklañ. Awtoulagyñyzy sürüp barýarkañyz howalandyryjynyn deregne aýnañyzy açyñ. Düşeniñizden soñ aýnany birküç minut açyk goýuñ. Görşüñiz ýaly... Awtoulagyñyzy ýolagçylardan doldurjak bolup ýörmäñ... Koronawirusa garşy çäreler kem-kemden gowşadylyp, bu bela doly ýok bolup gidäýende-de, barybir şahsy awtoulaglarymyzda şular ýaly ýüregedüşgüç kadalary endige öwürmeli bolar. Çünki wirus mundan beýlägem biziñ söbügimizi sypdyrmaz. Muña “täze durmuş formasy” diýýärler. Häzirden taýýarlygymyzy göreliñ. Melih AŞYK, m.asik@milliyet.com.tr 28.04. 2020 ý, "Milliyet" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |