KUL-TEGINIÑ HATYRYNA ULY ÝAZGY
Ýokarda gök Asman gümmezi döräp,
Aşakda Ýer binýat bolandan bäri,
Şu iki aralykda ýaşap ýör adam kowmy.
Şol kowmy ilki bilen saklady Bumyn-kagan,
Soñra Istemi kagan onuñ işin etdi dowam.
Ähli Türk kaganlygynyñ kanunyn hem häkimligin
Olar berkitdi, gorady, başyn asmana göterdi.
* * *
Soñra häkimligi aldy olaryñ ýaş kowumlary,
Ilki-hä doganlary, soñ olañ ogullary.
Ýaş kowum jan çekmedi asyl kowumlar kimin,
Ädimlerem öñki dek däl, häkimligem öñki dek däl.
Atalar dek ýaşamany başarmaz ogullar herhiz -
Häkimligem öñki dek däl, ädimlerem öñki dek däl.
Kärsiz kagany çalyşdy ýene bir emelsiz kagan,
Akmak kabul eýledi bir samsykdan öz tagtyny.
Hem ähli kanunlary halka ýetirýän kimseler
Biri beýlekisi ýaly hem ejiz, hem kemakyldy.
Ähli begler, ähli ilat äsgermezden häkimligi,
Tagbaçlara berildiler - olañ aldaw-mekirligi,
Ýalan söz çemeçilligi aralaryn bozdy olañ.
Uly kiçä, kiçi ula ýagy boldy, duşman boldy,
Birek-biregi gaýgyrman, çapdy hemmeler hemmäni.
Bir türki agzala etmek başartdy tagbaçlara
Şeýdip kagan hiç kim boldy, hiç zat boldy ilat şeýdip
Erkek ähli tagbaçlara gul boldy,
Aýal ähli - eý-waýy-waý! - gyrnak boldy saýrylara.
Türküñ ähli beýikleri halkyn satyp, özün satyp,
Unutdylar at-abraýy, derejesin unutdylar.
Tagbaçlaryn adyn alyp, derejesin alyp olañ.
Ýarym asyr olara wepaly gul boldular,
Ýogsa ozal gündogara - böklüsleriñ üstüne,
Günbatara Temir-Kanyg üstüne
Goşun çekip giderdiler,
Indi bolsa tagbaçlara ähli närsesin berip,
Çagalaryn hem ýaşaýşyn - tutuş türk kaganlygyn
Ellerinden giderdiler.
* * *
Şonda üýşüp tutuş halky häkimlerne şeýle diýdi:
"Men ozal bir halkdym ahyr, - ençe duşmanlar ýeñen,
Galkdym, ýykdym şalyklary, tabyn etdim özüme.
Öñ men halkdym - ýeri, indi kim boldum?
Meñ öñ kaganym bardy, hany indi ol kagan.
Gara güýjüm, ak zähmetim indi kimge rowa bolar?"
Şeýle diýip, soñ bu halk tagbaçlara duşman boldy
Hem olaryñ kaganlarna ýagy boldy bu halk indi.
Ýöne duşman üstüne halk uruş yglan etmedi,
Sebäbi, tagbaçlara olaryñ güýji ýetmedi.
Ýene güýçlä boýun synyp, ejiz bolup galyberdi.
Boýun synyp, soñam diýdi: "Mundan artyk çydap bolmaz,
Munça güýç, munça zähmet, üstesine çagalarmy
Tagbaçlara berip bilmen, meger, indi öz-özüñi
Ýok etmegiñ wagty geldi, süpürlip ýeriñ ýüzünden..."
* * *
Ýöne ýokardan-a Asman, aşakdanam Ene Ýer
Türklere: "Siz ýer ýüzünden ýok bolmañ, ýok - diýdiler -
Elbetde, bu kowum ýaşar, ýok bolmaz bu halk" - diýdiler.
Şeý diýensoñ türklere Asman bilen Zemin ýene
Häkimlik ýaýyldy dünýä, merhemet ýetdi maña.
Men döwlete eýe boldum, häkimlik edip başladym,
Indi hemmeler üçürip Bilge-kagan boldum men-ä!
Ne baýlyga eýe boldum, ne-de bir şalyk tagta men,
Han boldum men bir emelsiz hemem tozan halka men.
Içinden aç, daşyndanam - ýalañaç.
Kömek etdi şonda maña edermen inim Kul-Tegin.
Tekrarladym men elmydam: "Uruşgan eždatlamdan
Meniñ türküme geçen, goý, at, şöhrat, aru-namys
çüýräp gitmesin" diýip, ýatmadym men gijelerne,
Gündizler alada bilen güýç-gaýratym gaýgyrmadym.
Kul-Tegin bilen bile söweşlere başladyk biz,
Ýaralandym, heläk boldum, tas ölüpdim men jeñlerde.
Ýeñlenleri mwn barybir oda-suwa taşlamadym,
Gaýta golaý tutup, olañ başyn bir ýere jemledim.
* * *
Biziñ kaganlygmyz gowşap, duşmançylyk, ýagyçylyk
Biziñ häkimligimizi haldan gaçyryp başlanda,
Izgil halkynyñ üstüne uly ýörişe ugradyk.
Şonda şöhratly Kul-Tegin Alp Şalçy diýen ak ata
Atlanyp, jeñ içinde naýza bilen duşman ýykyp
ýörkä, batyryñ astynda öldi daýaw Alp Şalçy,
Ýöne welin ýer ýüzünden ýitdi şonda izgil halky.
* * *
Tokuz-oguz halky meniñ öz-özümiñ eziz halkym -
Bizde bar zat garym-gatym bolandan soñra, ýene-de
Başlanda jeññi-jedel, uruş-dawa, ýagyçylyk,
Başlady öz dostlaryna - bize ýowuz duşman bolup.
Bir ýylda biz olar bilen bäş gezek söweş eýledik,
Döwdüleşdik, garpyşdyk biz ilki bilen Tog şährinde.
Ak bedew Azmany münüp, Kul-Tegin çapdy ýagysyn,
Sapyna girip olaryñ atdan agdardy altysyn,
Ýedinjisi çapdy soñra Kuşlagaknyñ etegine
Ýetişdik biz ýygyn toplap, indi edizler bilen
Agyr söweş başlandy - döwüş başlandy ýene.
* * *
Soñ gyşlaga gitdik Magy-gorgana,
Ýaz ýene oguzlar bilen dowam etdik söweşimiz.
Goşuna baştutan edip belledik biz Kul-Tegini,
Duşman merku-al bilen çozdy almaga düşlegmiz.
Ogsiz atly ak at münüp, galkdy doganym ýerinden,
Garpyşykda on ýagynyñ naýza geçirdi serinden.
Şeýdip düşlegi gorady batyr Kul-Tegin ýagydan.
* * *
Eý, ene-hatyn, hemem oñ yzyna eýgerýänler,
Gelnejelem, gyz jigilem - uýalam, aýal doganlam,
Tasdan bütin ömürboýy gyrnak bolup galypdyñyz,
Ölenler bolsa jaýlanman, çüýrejekdi Gün astynda.
Kul-Tegin bolmadyk bolsa, duşman sizi aparardy,
Kul-Tegin bolmadyk bolsa, ölerdiñiz ählijäñiz.
Ýöne Kul-Teginiñ özi - öldi, meniñ eziz inim,
Hasrat çekdim men ol diýip, ýokdy gamyñ çaky-çeni.
Kör bolaýdy birden-bire ýiti gözlerim meniñ,
Meniñ Weli paýhasym goýdy pikir dogurmany.
Dogan diýip agladym kän, çäksizdir hesretim meniñ.
Bize Asman ömür berýär, ýaşamaga pursat berýär,
Soñra ol adam kowmuna gitmäge-de rugsat berýär.
Men ol diýip gussa çekdim, gözýaşlarym saklatmady,
Ýüregimiñ agysynam diñdire gurbat tapmadym,
Hesret, ýene hesret çekdim, elwüdag meñ eziz inim!
Oýlandym men gam içinde: "Garyndaşlar, ogullar,
Telim taýpaly meñ halkym, Kul-Tegin mundan gidensoñ,
Kim şoñ wepaly bolsa, galkar, galkynar" diýip,
Ýene ýürek-bagrym ezip, gam-hasrata galyp boldum.
* * *
Biziñ edermen Kul-Tegin koý ýylynda gaýtdy mundan,
On ýedinji günde uçdy
Dokuzynjy aýyñ bolsa ýigrim ýedinji gününde
Aşyn-suwun berip ilim oñ bilen baky hoşlaşdy.
Üstüne kümmet galdyrdyk, gapdaly esgee heýkelli,
Nakgaşlap, daşdan sütün dikeltdik biz Bijin ýylnyñ
Ýigrim ýedilenji güni däp-dessury berjaý kylyp.
Söweş bilen, aza bilen şöhrata beslenen inim -
Laýyk kyrk alty ýaşynda gitdi biziñ Kul-Tegin.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 30.08.1991 ý.
Halk döredijiligi we rowaýatlar